Küşt kyssasy (No­wel­la)

Küşt kyssasy (No­wel­la)

Stefan SWEÝG,
awstriýaly ýazyjy

Gi­jä­niň ýa­ryn­da NýuÝork­dan Bue­nosAý­re­se sa­ry ug­ra­jak mäh­net gä­mi­de, ýü­zü­şiň soň­ky da­ky­ka­la­ryn­da he­mi­şe bol­şy ýa­ly, hy­syr­dy­ly gaý­dagaý­ma­la­şyk hö­küm sür­ýär­di.

Ug­rat­ma­ga ge­len­ler gür­mek mä­hel­lä­niň ara­sy bi­len çar ta­ra­pa it­ni­şip geç­ýär­di; de­mir pa­pa­jyk­la­ry­ny ýe­ser­lik bi­len bir gap­da­la çüm­rüp ge­ýen te­leg­raf ça­par­la­ry ýo­lag­çy­la­ryň at­la­ry­ny tu­tup gy­gyr­ýar­dy­lar; goşgo­lam­dyr gül­ler ge­çi­ril­ýär­di; bas­gan­çak­lar­dan bi­le­si­ge­li­ji ça­ga­lar yl­gaş­lap ýör­dü­ler, gä­mi­niň pa­lu­ba­syn­da bol­sa üf­le­nip ça­lyn­ýan saz gu­ral­lar­dan dü­zü­len or­kestr dy­nuw­syz saz çal­ýar­dy…

Men özü­miň ül­pe­dim bi­len pa­lu­ba­da şu gaý­dagaý­ma­la­şyk­dan yrak­da dur­dum. Bir­de­nem bi­ziň edil go­laý­ja­gy­myz­da su­ra­ta dü­şür­ýän en­jam­da­ky mag­niý iki­mi ýada üç sa­par­my ýylp et­di: ça­ky ýo­lag­çy­la­ryň ara­syn­da meş­hur ki­şi­ler­den bi­ri bar bor­ly, me­ge­rem, iň soň­ky pur­sat­da al­nan söh­bet­deş­li­giň ýa­ny bi­len onuň su­ra­tyda ge­rek bo­lan­dyr. Gap­da­lym­da­ky dos­tum şo ta­ra­pa se­ret­dide, ki­na­ýa­ly gür­le­di:

— Si­ziň bi­len bir gä­mi­de te­bi­ga­tyň ýa­ra­dan tä­sin gud­ra­ty — Çen­to­wiç bar­ýa.

Ol bu adyň ma­ňa hiç zat­dan ha­bar ber­me­ýä­ni­ni ýü­züm­den aň­şy­ryp, gür­rü­ňi­ni ug­ruk­dyr­dy:

— Mir­ko Çen­to­wiç — küşt bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­ny. Ol ýapýa­ňy Ame­ri­kaň äh­li küşt­çü­si­ni paý­hyn­la­dy, hä­zi­rem şoň ýel­gi­ni­ne — ýe­ňiş­le­ri­niň hö­zi­ri­ni gör­mä­ge Ar­gen­ti­na bar­ýa.

Edil şu ýer­dede küşt tä­ji­ne my­na­syp bo­lan ju­wan ýi­gi­diň di­ňe bir ady däl, eý­sem, onuň ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da be­len­de gö­te­ri­li­şi­niň kä­bir jik­mejik­lik­le­ride ýa­dy­ma düş­di. Dün­ýä­niň ga­zetžur­nal­la­ry­ny ma­ňa gö­rä has dyk­gat­ly yzar­la­ýan ül­pe­dim ol ba­ra­da bir­nä­çe ýo­mak aý­dyp be­rip, bil­ýän mag­lu­mat­la­ry­my­ňam üs­tü­ni ýe­tir­di.

Bir ýyl tö­we­re­gi mun­dan ozal Çen­to­wi­çe ba­dabat Ale­hin, Ka­pab­lan­ka, Tar­ta­ko­wer, Las­ker, Bo­gol­ýu­bow ýa­ly küş­tüň par­lak ýyl­dyz­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­mak ba­şart­dy. 1922nji ýyl­da NýuÝork­da­ky ýa­ryş­da ýe­di ýaş­ly do­ga­bit­di ze­hin­li Re­şews­ki­niň peý­da bo­la­ly bä­ri, döw­rüň aja­ýyp küşt us­sat­la­ry öz ha­tar­la­ry­na şo­nuň ki­bi şow­hun tur­zup gi­ren hemde tu­tuş dur­ky bi­len ün­si özü­ne gö­nük­dir­me­gi ba­şa­ran baş­ga ýe­ke­jede bi­ri­ni bil­me­ýär­di. Çen­to­wi­çiň kü­tek aňy ony şeý­le be­lent de­re­je­le­re gö­te­rer di­ýip kel­lä ge­ti­rer ýa­ly däl­di. Ba­sym onuň se­pem açyl­dy: dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň hiç bir dil­de ýal­ňyş­syz, hat­da bir­nä­çe sö­zide ýa­zyp bil­me­ýä­ni aýan bol­dy, onuň ja­ny­ýan­gyn­ly gar­şy­daş­la­ry­nyň bi­ri­niň ýaň­sy bi­len bel­leý­şi ýa­ly, «ol hem­me­ta­rap­la­ýyn na­dan­dy».

Bir gi­je Du­naý­da gat­na­ýan ýük gä­mi­si ga­raň­ky­ly­gyň için­de onuň ka­ka­sy­nyň — pu­ka­ra ýu­gos­law ga­ýyk­çy­sy­nyň kin­di­wan­ja gä­mi­si­ni gark edip­dir. Şol wagt ýa­ňy on iki ýa­şan ýe­tim og­lan­jy­ga ço­la ýer­dä­ki oba­la­ryň bi­ri­niň ýü­re­gi ýu­ka ru­ha­ny­sy ho­wan­dar çyk­dy. Açyk gö­wün­li adam okuw eý­gert­me­ýän dik­düş­di, pel­tek, dar­maň­laý og­lan­jy­gyň aňy­na mek­dep bi­li­mi­ni guý­jak bo­lup tap­dan düş­ýär­di.

Ýö­ne ru­ha­ny­nyň bar yh­la­sy pu­ja çyk­ýar­dy. Mir­ko bi­ma­ny na­za­ry­ny gaý­tagaý­ta harp­la­ra dik­sede, ola­ry hiç ýat­da sak­lap bil­me­ýär­di. Onuň kü­tek aňy ýö­ne­keý­je zat­la­ry tut­ma­gyda ba­şar­ma­ýar­dy. On dört ýa­şyn­da ol he­ni­zem bar­mak­la­ry­ny bü­küp sa­na­ýar­dy, ki­tap­dan ýada ga­zet­den çak­laň­ja bö­le­gi oka­ma­gam gü­zap ba­ry­ny ber­ýär­di. Ýö­ne oňa bi­per­waý ýada aý­dy­lan­lar bir gu­la­gyn­dan gi­rip, beý­le­ki gu­la­gyn­dan çyk­ýan ça­ga di­ýi­bem bo­la­nok­dy. Ol äh­li buý­ru­lan ýu­muş­la­ry ber­jaý ed­ýär­di: suw da­şa­ýar­dy, odun aýyr­ýar­dy, meý­dan iş­le­rin­de der dök­ýär­di, aş­ha­na­ny ýyg­naş­dyr­ýar­dy. Oňa bil bag­la­mak müm­kin­di; is­len­dik tab­şy­ry­gy ir­degiç­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­di, ýö­ne ha­ýalýa­gal­ly­gy, äw­me­zek­li­gi we­lin sa­byr kä­sä­ňi pü­re­pür­led­ýär­di. Ýö­ne açyk gö­wün­li ru­ha­ny­ny bar zat­dan be­ter gy­nan­dyr­ýan bir ýag­daý bar­dy: keç­jal, dik­düş­di ja­hyl dün­ýä­dä­ki äh­li za­da bi­parh ga­ra­ýar­dy. Ol buý­ruk bol­ma­sa hiç ha­çan hiç bir işiň ba­şy­na bar­ma­ýar­dy, özi ýa­ly deňduş­la­ry bi­len oý­na­ma­ýar­dy, tä nä­me et­me­li­di­gi­ni aýd­ýan­ça­lar işiň ug­ru­na çyk­ma­ýar­dy. Öýüň iş­le­ri­ni gu­ta­ran­dan soň Mir­ko ota­ga ge­çip otur­ýar­dy, otu­ry­şam bir geňtaň­dy, parh­syz göz­le­ri­ni so­nar­lap ýö­ren goý­nuň­ky ýa­ly, alys­la­ra di­kip, daştö­we­rek­de gop­ýan wa­ky­ýa­la­ra bir­jikde baş gal­dyr­ma­ýar­dy. Ag­şam­la­ry­na ru­ha­ny­nyň žan­darm wah­mist­ri bi­len en­di­ge öw­ren üç döw küşt oý­na­ýan ma­ha­ly agym­tyl sa­ry saç­ly ula­lypoňal­ma­dyk og­lan ses­sizüýn­süz oýun­çy­la­ryň gap­da­lyn­da or­naş­ýar­dy, gü­be­rip du­ran ga­bak­la­ry­ny gal­dyr­ma­nam, oýa­lyuku­ly, bi­parh gör­nüş­de owa­dan küşt tag­ta­syn­dan na­za­ry­ny sow­ma­ýar­dy.

Gyş ag­şam­la­ry­nyň bi­rin­de, iki şe­pä­niň eý­ýäm öz­le­ri­niň ada­ty oýun­la­ry­na gy­zy­gan ma­ha­ly pen­ji­rä­niň aňyr­syn­dan düw­me­le­riň jyň­ňyr­dy­sy eşi­dil­di. Öýe ta­rap çak­gan­lyk bi­len garara­ba­sy — sa­ni ýa­kyn­la­şyp gel­ýär­di. Tel­pe­gi­ni gar ba­san daý­han alak­jap ota­ga gir­dide, eňek atyp ýa­tan eje­si­ne iň soň­ky pa­ta­sy­ny ber­mä­ge ýe­ti­şe­ri ýa­ly, müm­kin bol­du­gyn­dan onuň ýa­ny­na tiz­räk git­mek üçin ru­ha­na al­dy­gy­na ýal­bar­ma­ga baş­la­dy. Ru­ha­ny oýur­ga­nyp otur­maz­dan, der­hal onuň yzy­na düş­di. Py­ýa­la­syn­da­ky ça­ýy do­ly içip ýe­tiş­me­dik wah­mistr azow­lak otur­dy, so­ňam içi sü­tük­li uzyn gonç­ly ädi­gi­ni aýa­gy­na sok­ma­ga çe­me­le­nip du­ran ma­ha­ly bir­den Mir­ko­nyň gu­ta­ryl­man ga­lan döw­li küşt tag­ta­sy­na gö­zü­ni aýyr­man se­re­dip du­ra­ny­ny gör­di.

— Nä­me, dö­wüň yzy­ny oý­naý­sam diý­ýäň­mi? — di­ýip, wah­mistr de­giş­mä sa­lyp gür­le­di. Ýog­sa ol ke­le­saň­rak ýig­dek­çä­niň küş­tüň gö­çüm­le­ri­nide bil­me­ýä­ni­ne do­ly ynan­ýar­dy. Ja­hyl ynam­syz­lyk bi­len onuň ýü­zü­ne äňet­di, ýö­ne ma­kul­laý­jy­lyk bi­len baş at­dy hemde ru­ha­ny­nyň ýe­ri­ne geç­di. On dör­dün­ji gö­çüm­de wah­mistr ýe­ňil­di, özem utul­ma­gy­nyň se­bä­bi­niň haý­sy­dyr bir at­dan­lyk­da goý­be­ri­len säw­li­giň ne­ti­je­si däl­di­gi­nide bo­ýun al­ma­ly bol­dy. Ikin­ji dö­wem şo­nuň ýa­ly ta­mam­lan­dy.

— Waa­lyň eşe­gi bola! — di­ýip, yzy­na öw­rü­lip ge­len ru­ha­ny haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa haý­ky­ryp goý­ber­di, so­ňun­da­nam Mu­kad­des Ki­ta­ba on­çak­ly be­let bol­ma­dyk wah­mist­re dü­şün­di­riş ber­di: iki müň ýyl mun­dan ozal şu ky­bap gud­rat ýüz be­rip­dir, öm­rü­niň dur­ku­na dil­sizagyz­syz bo­lan jan­dar — eşek bir­denbi­re gür­lä­be­rip­dir, özem ýö­nemö­ne däl, ha­kyt akyl­lybaş­ly dür sa­çyp­dyr.

Wag­tyň gi­ji­gen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, açyk gö­wün­li ru­ha­ny özü­niň ça­la­so­wat şä­gir­di bi­len dar­kaş gur­man du­rup bil­män­dir. Mir­ko onam öň­ki ýa­ly ýe­ňil­lik bi­len utup goý­be­rip­dir. Ol kel­le­si­ni küşt tag­ta­syn­dan ýe­ke sa­pa­ram gal­dyr­maz­dan, al­ňa­sa­man, ha­ýal­jak­dan göç­ýär­di, ýö­ne oý­naý­şy we­lin berk­denberk­di, dürs­di. Şon­dan soň­ky gün­ler­dede ne ru­ha­ny, nede wah­mistr ony ýe­ke sa­pa­ram utup bil­me­di.

Şä­gir­di­niň tünt­li­gi­ne il­den go­wy be­let ru­ha­ny özözü­ne so­wal ber­di: şu bir­ta­rap­ly, üýt­ge­şik ze­hin has çyn­la­kaý sy­na­ga döz ge­lip bi­ler­mi­kä? Oba del­le­gi Mir­ko­ny bir­ne­me gel­şik­li gör­nü­şe ge­ti­ren­den soň, ru­ha­ny ony garara­ba­syn­da goň­şy şä­her­ji­ge äkit­di. Şu ýe­riň küşt sö­ýü­ji­le­ri şä­her­ji­giň esa­sy meý­dan­ça­syn­da­ky çaý­ha­na üý­şer­di, olar ru­ha­ny­dan kän go­wy oý­na­ýar­dy­lar, mu­ňa ru­ha­ny ozal öz tej­ri­be­sin­de ma­za­ly göz ýe­ti­rip­di.

Ýa­ny sa­ry­me­ňiz, al ýa­ňak ja­hyl­ly ru­ha­ny­nyň peý­da bol­ma­gy äh­li ki­şi­ni gy­zyk­dyr­dy. Mir­ko­ny en­tek küş­tüň ba­şy­na ça­gyr­man­ka­lar ol ýü­zü­ni sal­lap otyr­dy, iç­me­gi­ni, uzyn gonç­ly ço­pan ädi­gi­ni çy­ka­ra­ýy­nam di­ýe­nok­dy. Ol il­kin­ji dö­wi ut­dur­dy, çün­ki sa­da ru­ha­ny hiç ha­çan si­si­li­ýa go­ra­ny­şy­ny ulan­ma­ýar­dy. Şä­he­riň iň güýç­li küşt­çü­si bi­len oý­nan in­di­ki oý­ny deň­medeň gu­tar­dy. Em­ma Mir­ko üçün­ji, dör­dün­ji hemde soň­ky döw­le­ri yz­lyyzy­na ut­ma­gy ba­şar­dy.

Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň we­la­ýat şä­her­jik­le­rin­de üýt­ge­şik, tol­gun­dy­ry­jy wa­ka­lar ga­ty seý­rek duş­ýar. Şon­dan öt­ri oba çem­pio­ny­nyň ba­dabat zo­ru­ny gör­kez­me­gi özü­ne göw­ni ýet­ýän adam­la­ryň ara­syn­da go­wur ba­ry­ny dö­ret­di. On­soň ola­ryň ba­ry­syda bir çu­ku­ra tüý­kür­di: ýa­şa­jyk ze­hin er­tir ir­den küşt gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te ýyg­na­ny­şy­gy gur­nal­ýan­ça şä­her­de ga­laý­ma­ly. Şon­da küş­tüň öle­me­ni, go­laý­da­ky ga­la­nyň eýe­si go­ja graf Zim­çis onuň bi­len güýç sy­na­ny­şyp bi­ler. Ru­ha­ny­nyň kal­byn­da iki duý­gy dar­kaş gur­ýar­dy — şä­gir­di­ne bo­lan buý­sanç hemde borç duý­gu­sy, şol borç duý­gu­syda ony yzy­na, oba, ýek­şen­be yba­da­ty­na ça­gyr­ýar­dy. Borç duý­gu­sy rüs­tem gel­di. Ýö­ne ru­ha­ny Mir­ko­ny mun­dan beý­läk­ki sy­nag­lar üçin şä­her­de go­ýup git­mä­ge ra­zy­lyk ber­di. Küşt­çü­ler ýa­şa­jyk Çen­to­wi­çi myh­man­ha­na­da ýer­leş­dir­di­ler, şol ýer­de ol öm­rün­de il­kin­ji ge­zek hä­zir­ki za­man ha­jat­ha­na­sy­ny gör­di.

Dynç gü­ni öý­län küşt ota­gy ag­zybur­ny bi­len dol­dy. Mir­ko dört sa­ga­dyň do­wa­myn­da küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da gy­myl­da­man, ag­zyn­dan ýe­ke sö­zem ga­çyr­man, ga­bak­la­ry­ny gal­dyr­man otu­ry­şy­na gar­şy­daş­la­ry­ny ýe­kän­meýe­kän dar­gad­ýar­dy. Ahy­ry oňa bir zar­ba­da­ky köp­çü­lik­le­ýin oý­ny tek­lip et­di­ler. Mir­ko­nyň bir­ba­da bir­nä­çe küşt­çi­niň gar­şy­sy­na oý­na­ma­ly bol­jak­dy­gy­ny oňa dü­şün­dir­mek üçin ýoň­suz wagt ge­rek bol­dy. Özün­den nä­me is­le­nil­ýä­ni­ne aň ýe­ti­ren ba­dy­nada, ol müň tü­ýün­den bir tü­ýü­nide gy­myl­dat­man işe gi­riş­di hemde agyr, ýag­lan­ma­dyk ädi­gi bi­len ha­ýal­jak ädim­läp, ol stol bi­len bu sto­luň ara­ly­gyn­da ýö­räp ug­ra­dy. Iň so­ňun­dada se­kiz döw­den ýe­di­si­ni ýeň­di.

Şun­dan soň çyn­la­kaý mas­la­hat baş­lan­dy. Dog­ry­ny dog­ry aýt­ma­ly, tä­ze çem­pion bu şä­her­de do­gupdö­re­män­di, bu bol­sa ýer­li adam­la­ryň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­na agyr tä­sir et­di. Em­ma kar­ta­dada bar­dy­gyýok­du­gy nä­bel­li ki­çi­jik şä­her­ji­giň ahy­ryn meş­hur ki­şi­niň wa­ta­ny diý­lip ady­nyň tu­tul­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­räp­di.

Ýer­li ser­ker­de­ler hu­mar­ha­na­sy­ny de­giş­me aý­dym­jyk­la­ry­ny aýd­ýan ze­nan­lar­dyr ba­le­ri­na­lar bi­len üp­jün­le­ýän Kol­ler at­ly imp­re­sa­rio küşt oý­nun­dan ma­za­ly ba­şy çyk­ýan We­na­da­ky tan­şy­na ja­hy­la küşt­den sa­pak ber­me­gi­ni gur­na­ma­gy, so­ňy bi­len özü­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň üs­tü­ni ýap­mak şer­ti bi­len, ýaş Mir­ko­ny bir ýy­lyň do­wa­myn­da ek­läpsak­la­ma­gy boý­nu­na al­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şert­na­ma graf Zim­çis gol goý­dy. Alt­myş ýyl bä­ri her gün küşt oý­nap gel­ýän graf öm­rü­niň dur­ku­na şeý­le ök­de gar­şy­daş bi­len dar­kaş gu­rup gör­män­di. Şol gün­den baş­la­bam du­naý­ly ga­ýyk­çy­nyň og­lu­nyň haý­ran gal­dy­ry­jy de­re­je­dä­ki ýo­ka­ry gö­te­ri­li­şi baş­lan­dy.

Küşt til­sim­le­ri­niň äh­li syr­la­ry­nyň ma­ga­dy­na ýet­mek üçin Mir­ko ba­ryýo­gy al­ty aý ge­rek bol­dy; em­ma bir zat­da we­lin ol kem­ter gaý­dyp­dy. Bu küşt sö­ýü­ji­le­re bir­ne­me soň­rak bel­li bo­lup­dy hemde ola­ra ki­na­ýa ok­la­ma­ga ba­ha­na öw­rül­di. Çen­to­wiç oý­nan döw­le­ri­niň hiç bi­ri­nide ýa­dyn­da sak­lap bil­me­ýär­di — us­sat küşt­çü­le­riň di­li bi­len aý­da­nyň­da, aňy bi­len küşt oý­na­ma­gy oňar­ma­ýar­dy. Onuň öňün­de hök­ma­ny su­rat­da ak­lyga­ra­ly alt­myş dört öý­jük­li dört­burç tag­ta hemde otuz iki sa­ny küşt çö­pi du­raý­ma­ly­dy. Hat­da ady ar­şa gö­te­ri­len meş­hur ki­şä öw­rü­len­den so­ňam, ol is­len­dik ma­ha­ly özü­ne ze­rur bo­lan aja­ýyp bir dö­wi gör­ne­tin su­rat­lan­dyr­mak üçin ýada özü­ni gy­zyk­lan­dy­ran me­se­lä­ni çöz­mek üçin he­mi­şe ýa­ny bi­len jü­bi küş­tü­ni gö­ter­ýär­di.

As­lyn­da, bu kem­çi­li­giň ul­la­kan bir äh­mi­ýe­tem ýok­dy, ýö­ne şon­dada mu­nuň özi onuň aky­ly­nyň kem­ter­li­gin­den ha­bar ber­ýär­di. Şeý­le ýag­daý küşt sö­ýü­ji­le­ri­niň ara­syn­da go­wur ba­ry­ny dö­red­ýär­di. Şu­nuň ýa­ly go­wur­lar, my­sal üçin, saz sun­ga­ty bi­len iş sa­lyş­ýan­la­ryň ara­syn­da ady dün­ýä do­lan meş­hur sa­zan­da­nyň ýada di­riž­ýo­ryň ýat­dan, no­ta­syz saz ça­lyp ýada di­riž­ýor­lyk edip bil­me­ýän ma­ha­ly dö­re­ýär. Dog­ru­sy, bu nog­san­lyk Mir­ko­nyň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­ne aýak­ba­gy bo­lup bil­me­di. Eý­ýäm on ýe­di ýa­şyn­da ol her dür­li on­lar­ça baý­ra­gy eýe­le­me­gi ba­şa­ryp­dy, on se­kiz ýa­şyn­dada Weng­ri­ýa­nyň çem­pio­ny, ahyr­ky ne­ti­je­dede ýig­ri­mi­sin­de dün­ýä çem­pio­ny bol­dy. Na­po­leo­nyň äti­ýaç­ly Ku­tu­zo­wa, Gan­ni­ba­lyň — Fa­biý Kunk­ta­to­ra gar­şy du­rup bil­meý­şi ýa­ly — as­lyn­da, Li­wi­niň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, Kunk­ta­to­ryň aň­syz­ly­gy ba­ryp ça­ga döw­rün­de ýü­ze çy­kyp­dyr — akyl ba­bat­da, ba­tyr­gaý­lyk­da Mir­ko­dan, gür­rüň­siz, rüs­tem gel­ýän oýun­çy­lar onuň berk, so­wuk­gan­ly pi­kir ýö­re­di­şi­ne gar­şy du­rup bil­me­di­ler. Sa­ýyr­dyň küşt­çü­le­riň saý­lant­gy to­pa­ry­nyň ha­tar­la­ryn­da akyl zäh­me­ti­niň her dür­li pu­dak­la­ry­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri — da­na ki­şi­ler, ma­te­ma­ti­ka­çy­lar, sun­ga­ta üşük­li, oý­lap ta­pyş­la­ra ukyp­ly, hat­da dö­re­di­ji­lik ug­run­dan ze­hin­li adam­la­ram bar­dy, şo­la­ryň ara­sy­nada bü­tin­leý ke­se­ki bi­ri — tu­tuk­sy, dym­ma, na­dan oba ýi­gi­di süm­lüp gir­di otu­ry­ber­di. Iň ýe­ser žur­na­list­le­rem onuň ag­zyn­dan ýe­ke sö­zide çe­kip alyp bil­me­ýär­di­ler, ýog­sa şo­lar ýe­ke söz­de­nem aňk edi­ji bir zat çyr­şa­ma­gy ba­şar­jak­dy. Ga­zet­ler şeý­le müm­kin­çi­lik­den ga­tu­myt­dy, ýö­ne Çen­to­wiç ba­ra­da ýo­mak kö­ki dö­räp, dil­dendi­le geç­ýär­di, şo­la­ram met­bu­ga­tyň sa­hy­pa­la­ry­ny be­ze­ýär­di. Küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da oňa taý tap­dy­ra­nok­dy, ýö­ne küşt sto­lun­dan tu­ra­ýan ba­dy­na hök­man gül­ki ýas­sy­gy­na öw­rül­ýär­di, tas mas­ga­ra­ba­zyň de­re­je­si­ne ýet­ýär­di.

Bir­kem­siz pen­jekba­la­gy­na, döw­re­bap gals­tu­gy­na hemde çen­de­na­şa iri dür bö­le­gi otur­dy­lan san­ja­gy­na, yh­las bi­len hy­na­la­nan dyr­nak­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ozal nä­hi­li bo­lan bol­sa şon­lu­gy­nada — ýapýa­ňy­la­ram ru­ha­ny­nyň aş­ha­na­sy­ny ar­dyp ýö­ren dar çäk­li, gö­rüm gör­me­dik ýi­git­li­gi­nede ga­lyp­dy. Ol öz ze­hi­nin­den hemde şöh­ra­tyn­dan peý­da­la­nyp, müm­kin­ga­dar köp­räk pul ga­zan­ma­ga ça­lyş­ýar­dy, mu­nuň üs­te­si­nede, ju­da ow­na­ýar­dy, aramaram gy­syk­ly­gyň gö­zü­ni çy­kar­ýar­dy. Özem mu­ny hiç bir gy­pynç­syz, açaçan ed­ýär­di, şeýt­mek bi­le­nem kär­deş­le­ri­niň ja­ny­ny ýak­ýar­dy, ola­ryň yzy­gi­der­li ki­na­ýa­la­ry­nyň oja­gy­na öw­rül­ýär­di. Şä­her­den şä­he­re sy­ýa­hat edip ýör­şü­ne ol iň ar­zan myh­man­ha­na­lar­da düş­le­ýär­di, özü­ne hakheş­dek tö­le­mä­ge döw­ta­lap is­len­dik klu­buň haý­ry­na oý­na­ma­ga ra­zy­lyk ber­ýär­di, sa­byn çy­kar­ýan kär­ha­na­nyň ho­ja­ýy­ny­na bel­li bir tö­le­ge ma­ha­bat bil­di­riş­le­rin­de öz su­ra­ty­ny ýer­leş­dir­mä­ge yg­ty­ýar be­rip­di, özü­niň idi­li iki sö­züň ba­şy­ny ça­typ bil­me­ýä­ni­ne ga­ty be­let gar­şy­daş­la­ry­nyň ýig­renç bi­len seň­rik­le­ri­ni ýy­gyr­mak­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ol haý­sy­dyr bir çe­me­çi ne­şir­ýat­çy­nyň bu­ýur­ma­gy esa­syn­da ga­li­si­ýa­ly bir pu­ka­ra ta­ly­byň ýa­zyp be­ren «Küşt oý­nu­nyň fi­lo­so­fi­ýa­sy» at­ly ki­ta­by­nyda öz adyn­dan çy­kart­dy.

Köp­lenç şeý­le pi­sint adam­lar­da bol­şy ýa­ly, Çen­to­wiç­dede bü­tin­leý gül­ki da­ma­ry ýok­dy, küşt tä­ji­ni alan­dan soňa ol özü­ni dün­ýä­dä­ki iň bir ket­de adam­la­ryň bi­ri ha­sap­lap ug­ra­dy. Äh­li akyl­lybaş­ly, aňdü­şün­je­li, ge­pe çe­per adam­lar­dan, ýa­zy­jy­lar­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şa­ran­dy­gy, üs­te­si­ne, olar­dan köp ga­zanç ed­ýän­di­gi ba­ra­da­ky dü­şün­je onuň ozal­ky ýaý­dan­jaň­ly­gy­ny per­waý­syz ge­dem­li­ge öwür­di.

— El­bet­de, ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, aň­sat­lyk bi­len ýe­ti­len şöh­rat boş kel­läň ba­şy­ny aý­la­dy — di­ýip, dos­tum ne­ti­je çy­kar­dy hemde Çen­to­wi­çiň tüýs ça­ga­nyň­ky ýa­ly aň bi­len jem­gy­ýet­de nä­hi­li orun al­ma­ga ym­ty­ly­şy ba­ra­da bir­nä­çe jaý­dar my­sal ge­tir­di. — Eý­sem, nä­me üçin ýig­ri­mi bir ýaş­ly ýi­git çen­sizçak­syz şöh­rat­pa­raz bol­ma­ly däl­miş? Ol küşt tag­ta­syn­da çöp­le­ri eý­läkbeý­läk gö­çüp, bir hep­däň do­wa­myn­da tu­tuş obaň aýyl­ganç gü­zap­ly şert­ler­de tu­tuş bir ýy­lyň do­wa­myn­da to­kaý ça­pyp ga­zan­ýan ha­kyn­da­nam köp ga­zan­ýar ahy­ry! On­so­ňam özü­ňi be­ýik adam saý­ma­gyň ýö­ne­keý se­bäp­le­ride bar. Ha­ça­nam bol­sa bir wagt ýag­ty ja­han­da Remb­randt, Bet­ho­wen, Dan­te, Na­po­leon ýa­şap ge­çip­dir di­ýen dü­şün­je beý­ni­ňe ag­ram sal­ma­ýan ma­ha­ly, dün­ýä tä­ji­ne ýe­tip, dö­şü­ňe kak­ma­jak gü­ma­nyň bar­my?! Onuň da­ra­jyk aňyn­da di­ňe ýe­ke­je pi­kir hö­würt­ge­le­ýär­di: in­di köp aýyň do­wa­myn­da ol bir dö­wem ut­du­ryp gör­män­di. Dün­ýä­de küşt­dür pul­dan baş­ga äh­mi­ýet­li zat­laň bar­dy­gy­ny hiç hi­li göz öňü­ne ge­ti­rip bil­män­soň, onuň özözün­den göw­nühoş bol­ma­gy­ny, özözü­ne aşyk bol­ma­gy­ny geň gö­rüp otu­ra­sy iş ýok.

Dos­tu­myň gür­rü­ňi, el­bet­de, bi­le­si­ge­li­ji­lik da­ma­ry­my tir­pil­det­di. Me­ni tu­tuş öm­rü­miň dur­ku­na bir pi­ki­riň kö­ýün­de kel­le­si­ni al­dy­ran­la­ryň dür­li gör­nüş­dä­ki­le­ri gy­zyk­lan­dy­ryp gel­ýär­di. Bu ky­bap adam­la­ry ýe­ketäk dü­şün­je gur­şap al­ýar­dy. Çün­ki yn­san özü­ni çäk­len­dir­ýän çyg­ry nä­çe da­ralt­dy­gy­ça, ol şon­çada çäk­siz­li­giň ke­re­bi­ne ço­laş­ýar. Hut şu­nuň ýa­ly, me­ger, dün­ýä­dä­ki äh­li za­da parh­syz adam­la­ram, mis­li, ga­ryn­ja­lar dek, nä­hi­li­dir bir aý­ra­tyn «çig mal­dan» öz şah­sy, hiç bir za­da meň­ze­me­ýän, öz­le­ri­niň göz öňü­ne ge­tir­ýän äle­mi­niň ki­çel­di­len kys­my dün­ýä­ji­gi­ni er­jel­lik bi­len gur­ýar­lar. Şo­nuň üçi­nem men öz ni­ýe­ti­mi — Rio çen­li on iki gün­lük sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da ju­da bir­ta­rap­ly, çäk­li ze­hin pa­ýy ber­len bu şah­sy­ýet bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga ça­lyş­mak­çy­dy­gy­my dos­tum­dan giz­läp otur­ma­dym.

— Häý, nä­bi­le­ýin şeýt­mek si­ze ba­şar­daý­sa — di­ýip, söh­bet­de­şim duý­dur­dy. — Ma­ňa bel­li bol­şu­na gö­rä, on­dan nä­hi­li­dir bir çol­py­ňa iler ýa­ly — he­ňe gel­ýän pi­kirga­raý­şy çeň­ňe­gi­ne il­di­ren ýok. Özü­niň öte dar dü­şün­je­si­ne ga­ra­maz­dan, bu me­kir­je daý­han gow­şak ta­rap­la­ry­ny ýa­şyr­ma­ga ge­zek ge­len­de ga­ty akyl­ly. Onuň usu­ly ýö­ne­keý: Çen­to­wiç ar­zan ba­ha­ly myh­man­ha­na­lar­da du­şuş­ýan oba­daş­la­ryn­dan, üs­te­si­ne, öz tö­we­re­gi­niň adam­la­ryn­dan öň­ňe kim­dir bi­ri bi­len gür­rüň­çi­li­ge gir­mek­den ga­ça dur­ýar. Öňün­de aňdü­şün­je­li ada­myň du­ran­dy­gy­ny du­ýan ba­dy­na ol der­hal ba­lyk­gu­lak de­ýin özü­niň çaň­ňa­la­gyn­da giz­len­ýär; şon­dan öt­ri hiç kim on­dan nä­hi­li­dir bir bol­gu­syz gep eşit­dim di­ýip mag­ta­nyp bil­mez, onuň na­dan­ly­gy­nyň tu­tuş öý­jü­gi­ne ba­ha ke­sip bi­le­nem tap­dyr­maz.

Ül­pe­dim mam­la bo­lup çy­kaý­dy öýd­ýän. Sy­ýa­ha­ty­my­zyň il­kin­ji gün­le­rin­de Çen­to­wiç bi­len ta­nyş­lyk aç­mak eý­gert­me­di, ýü­züň­den utanç per­de­si­ni sy­ryp, bi­ha­ýa­çy­lyk­ly he­re­ket et­seň, bel­ki, ba­şar­dar­dam. Ýö­ne men beý­le usul­la­ryň ta­rap­da­ry däl. Kä­wagt­lar ol pa­lu­ba­da gö­rün­ýär­di, şo taý­dada el­le­ri­ni ar­ka­sy­na tu­tup, edil Na­po­leo­nyň bel­li su­ra­tyn­da­ky ýa­ly, pi­kir der­ýa­sy­na gark bo­lup gez­me­le­ýär­di. Ýö­ne ge­ze­lenç ma­ha­ly ol he­mi­şe al­ňa­sak he­re­ket eden­soň, mak­sa­dy­ma ýet­mek üçin onuň yzyn­dan ýor­ga­lap çap­ma­ly bol­ýar­dym. Ol hiç ha­çan myh­man otag­la­ry­na, ba­ra ýada er­kek ki­şi­le­riň ýyg­nan­ýan ja­ýy­na bar­ma­ýar­dy. Men gä­mi­niň hyz­mat­çy ýi­gi­din­den Çen­to­wiç ba­ra­da yg­ty­bar­ly mag­lu­mat­lar al­dym. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ol gü­nüň ag­ram­ly bö­le­gi­ni öz aý­ra­tyn otag­jy­gyn­da ge­çir­ýär. Şol ýer­de uly küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da oý­na­lan döw­le­ri der­ňe­ýär ýada küşt me­se­le­le­ri­ni çöz­ýär.

Üç gün ge­çen­den soň, Çen­to­wi­çiň go­ra­nyş tä­ri­niň ebe­te­ýi­ni ta­pyp onuň bi­len ta­nyş­lyk aç­mak is­le­gim­den güýç­li çyk­ma­gy me­ni ke­jik­di­rip ug­ra­dy. He­ni­zebu gü­ne çen­li gör­nük­li küşt­çü­ler bi­len du­şuş­mak mi­ýes­ser et­män­di. Şu kys­my adam­la­ra her­nä­çe dü­şün­mä­ge çyt­raş­samda, adam beý­ni­si­niň tu­tuş­ly­gy­na alt­myş dört sa­ny ak­lyga­ra­ly dört­burç­lu­ga bö­lü­nen çak­laň­ja gi­ňiş­lik­de jem­len­me­gi ma­ňa aky­la syg­ma­jak bir zat bo­lup gö­rün­ýär­di. Bu «pa­ty­şa­lar oý­nu­nyň» syr­ly ýe­sir edi­ji ow­su­ny, gud­ra­ty ma­ňa öz tej­ri­bäm­de­nem mä­lim­di. Ol adam­za­dyň oý­lap ta­pan oýun­la­ry­nyň ara­syn­da tö­tän­lik ýag­da­ýy­na bag­ly bol­ma­dyk, di­ňe paý­ha­sy ýada, has dog­ru­sy, aň ze­hi­ni­niň aý­ra­tyn, üýt­ge­şik gör­nü­şi­ni gül tä­ji bi­len be­ze­ýän oýun­la­ryň ýe­ketä­gi­dir. Ýö­ne «oýun» di­ýen dar kes­git­le­me küş­te şek ýe­ti­ril­di­gi bo­laý­ma­syn? Em­ma ol ne ylym, nede sun­gat, has ta­ky­gy, Mu­ham­met py­gam­be­riň ta­by­dy­nyň as­man bi­len ze­min ara­ly­gyn­da ger­lip dur­şy ýa­ly, şu iki dü­şün­jä­niň ara­ly­gyn­da ger­lip du­ran or­ta­lyk bir när­se. Bu oýun­da iň bir gap­magar­şy dü­şün­je­ler ut­gaş­ýar: ol hem ga­dy­my, he­mem mü­di­mi tä­ze; küşt düý­biteý­ka­ryn­da he­re­ket­li gur­luş, ýö­ne di­ňe pi­kir­le­niş uky­by güýç­lä ýe­ňiş ge­tir­ýär, geo­met­ri­ýa gi­ňiş­li­gin­dä­ki çyg­ry gys­by, dar — şo­nuň bi­len bir­lik­dede emelpi­rim ba­bat­da çen­sizçäk­siz; üz­nük­siz, yzy­gi­der­li ös­ýär — bü­tin­le­ýem önel­ge­siz; ne­ti­je­siz pi­kir, çöz­güt­siz ma­te­ma­ti­ka, eser­siz sun­gat, bi­na­syz yma­rat. Ýö­ne şon­dada bu oýun äh­li ki­tap­la­ra, yn­sa­nyň dö­re­den­le­ri­ne ga­ra­nyň­da, wagt sy­na­gy­na has go­wy döz gel­di. Ol äh­li halk­la­ra, äh­li eý­ýam­la­ra de­giş­li ýe­ketäk oýun­dyr, gamgus­sa­dan sap­lan­mak, aňy­ňy jöw­her­len­dir­mek, gö­wün gö­ter­mek üçin ony ze­mi­ne ge­ti­ren yla­hy­nyň ady hiç ki­me mä­lim däl­dir. Onuň ba­şy ni­re­de, so­ňy ni­re­de? Bu oý­nuň ýö­ne­keý­je düz­gün­le­ri­ni her bir ça­ga öw­re­nip bi­ler, hö­wes bil­dir­ýän her kes küşt­de güý­jü­ni sy­na­ýar, şo­nuň bi­len bir wagt­dada onuň da­ra­jyk öý­jük­le­rin­de hiç kim bi­len de­ňäp bol­ma­jak us­sat­lar — di­ňe küş­te ukyp­ly ze­hin­li adam­lar dö­re­ýär. Olar ze­hi­ni daş ýar­ýan saý­lant­gy ki­şi­ler­dir, adat­ça, ma­te­ma­ti­ka­çy­la­ra, şa­hyr­la­ra, kom­po­zi­tor­la­ra hy­ýal­bent­lik göç­gü­ni, er­jel­lik, ta­kyk us­sat­lyk mah­sus­dyr, ýö­ne küşt­çü­le­riň­kem şo­la­ryň­ky­dan gyl­tyz däl­dir, em­ma olar baş­ga­ça ut­gaş­ma­da, baş­ga­ça­rak gö­zük­me­de saz­laş­ýar. Fi­ziog­no­mi­ka der­ňew­le­ri bi­len gy­zy­gyp ýö­ren ma­ha­ly haý­sy­dyr bir Gall, il­kin­ji no­bat­da, ze­hi­ni daş ýa­ran küşt­çü­le­riň beý­ni­si­ni bar­la­ma­ly eken, şon­da ol onuň beý­ni­sin­dä­ki çal ji­sim­de aý­ra­tyn eg­ribug­ry ga­syn­la­ryň bar­dy­gy­nyýok­du­gy­ny, şo taý­da nä­hi­li­dir bir üýt­ge­şik küşt ner­wi­niň ýada küşt dü­wün­ji­gi­niň bar­dy­gy­nyýok­du­gy­ny kes­git­lär­di. Fi­ziog­no­mi­ka­çy­da Çen­to­wiç ýa­ly üýt­ge­şik şahs nä­hi­li hö­wes, gy­zyk­dyr­ma oýa­rar­dy­ka, dag jyn­syn­da­ky har­saň­da giz­le­nip ga­lan ýe­ketäk al­tyn gat­lak my­sa­ly, onuň bü­tin­leý el deg­ril­me­dik hemde gow­şak, ys­gyn­syz beý­ni­sin­de şeý­le uçur­syz ze­hin hö­würt­ge­läp­dir ahy­ry! Umu­man, bir za­daha gö­züm ýe­tik­di: el­bet­de, oýun­la­ryň ara­syn­da şu­nuň ki­min ýe­ketäk gö­zel, aja­ýyp gör­nü­şi hök­man özü­ne my­na­syp gul­luk­çy­la­ry­nyda dö­re­däý­me­li. Ýö­ne ma­ňa se­ri du­ry, şo­nuň bi­len bir­lik­dede öz dün­ýä­si­ni çak­laň­ja akga­ra gi­ňiş­lik­de çäk­len­di­ren hemde küş­tüň otuz iki sa­ny çö­pü­ni eý­läkbeý­läk gö­çüp, dur­muş­dan lez­zet al­ma­gy ba­şar­ýan ada­my­nyň keş­bi­ni göz öňü­ne ge­tir­mek we­lin, dog­ru­sy, tas müm­kin däl di­ýen ýa­ly­dy. Men py­ýa­da­ny dälde, aty gö­çüp, özü­ne şöh­rat ge­ti­rip bil­jek­di­gi­ne ynan­ýan hemde küşt oý­ny bo­ýun­ça okuw gol­lan­ma­la­ryn­da gys­ga­ça orun alyp, dün­ýä­de ebe­di gal­jak ada­myň ru­hy dün­ýä­si­ne dü­şü­nip bi­le­mok, tel­be dälde, pä­himpaý­has­ly ki­şi­niň on, ýig­ri­mi, otuz, kyrk ýy­lyň do­wa­myn­da zolzol özü­niň äh­li aky­ly­nyň güý­jü­ni bol­gu­syz pi­şä — agaç pa­ty­şa­ny çyrçy­tyr agaç tag­ta­nyň bur­çu­na ga­ba­ma­ga sarp edi­şi­ne akyl ýe­ti­rip bi­le­mok.

Ine, ahyr­so­ňy öm­rüm­de il­kin­ji ýo­la ju­da go­laý­ja­gym­da, bir gä­mi­de, ba­ryýo­gy al­ty sa­ny ki­çi­jik aý­ra­tyn otag­jyk ara­ly­gyn­da gör­lüpeşi­dil­me­dik üşük­li şeý­le ki­şi­le­riň bi­ri bar­ýar, bel­kide, ol üýt­ge­şik ze­hin­li­dir, bel­kide, geň, syr­ly sam­myk­dyr, yn­sa­nyň iç­ki dün­ýä­sin­dä­ki tap­ma­ça­la­ry çöz­mä­ge bo­lan hö­weshy­juw men maň­la­ýy­ga­ra­ny ha­lys waswas­ly­ga, ölüpöçüp bar­ma­ga çen­li ge­tir­sede, onuň bi­len ta­nyş­ma­gyň tä­ri­ni ta­pyp bil­me­ýär­dim. Her dür­li alhi­le­li emel­le­ri oý­lap tap­ýar­dym: bir gör­seň, onuň şöh­rat­pa­raz­lyk da­ma­ry­ny gor­jap, on­dan ab­raý­ly ga­zet üçin söh­bet­deş­lik gur­na­ma­gy ha­ýyş et­mek­çi, bir gör­se­ňem, aç­göz­lük neb­si­ni oduk­dyr­mak üçin bäh­bit­li ta­ra­py­ny gör­ke­zip, Şot­lan­di­ýa sa­pa­ra git­mä­ge tek­lip et­mek­çi bol­ýar­dym. Iň so­ňun­dada aw­çy­la­ryň gur­ýan pi­ri­mi kel­lä gel­di. Aw­çy­lar to­kaý guş­la­ry­nyň mu­hab­bet­li jür­kül­di­le­ri­ne öý­kü­nip, ola­ry al­da­wa sal­ýar­dy­lar. Bel­ki, özü­ňi küşt­çi sa­ýan­sy­rap, küşt us­sa­dy­nyň ün­sü­ni çek­mek ba­şar­dar?

Men küş­ti ürç edip oý­na­ýan çyn­la­kaý küşt­çi däl, ol me­niň üçin güý­men­je, şon­dan baş­ga zat däl. Eger kä­ýa­rym bir sa­gat­jy­gy­my küş­tüň ba­şyn­da ge­çir­ýän bol­sam, on­da mu­ny beý­nä ag­ram sal­mak üçin dälde, gaý­tam ter­si­ne, dart­gyn­ly aň işin­den soň bi­raz ün­si sow­mak, ýa­zyl­mak üçin ed­ýär­dim. Men küş­ti şol sö­züň do­ly ma­ny­syn­da «oý­na­ýar­dym», şol bir wag­tyň özün­de ha­ky­ky küşt­çü­ler we­lin — be­ýew­bar şu sö­zi ulan­mak müm­kin bol­sa — yba­dat ed­ýär­di. Küş­tem edil aşykmag­şuk­lar my­sa­ly jü­bü­ti ta­lap ed­ýär, men we­lin gä­mi­de şu oý­nuň yş­ky­na dü­şen­le­riň ba­ry­nyýo­gu­ny he­niz anyk­la­ma­gada ýe­tiş­män­dim. Ola­ry sü­ren­le­rin­den yşa­rat bi­len çy­kar­mak üçin er­kek ki­şi­le­riň üýş­ýän ýe­rin­de ýö­ne­keý­je du­zak gur­dum. Küş­tüň ba­şy­na al­da­waç hök­mün­de özüm bi­len bir­lik­de aýa­lym geç­di. Ol men­de­nem be­ter gow­şak oý­na­ýar­dy. Ýa­ňy­bir bir­nä­çe gö­çüm eden ba­dy­my­zada eý­ýäm ýo­lag­çy­la­ryň bi­ri ýa­ny­myz­da sä­gin­di, soň­ra ýe­ne bi­ri oý­ny gör­mä­ge eja­za ber­me­gi­mi­zi so­ra­dy, kän­bir uzak­laş­ma­nam, iki baş küşt dik­me­gi tek­lip eden ar­zy­ly gar­şy­da­şam ta­pyl­dy.

Ol Mak­Kon­nor di­ýen bir kim­se­di, ýer­li­gi şot­lan­di­ýa­ly­dy, dagmag­dan in­že­ne­ri­di. Onuň Ka­li­for­ni­ýa­da ne­bit ýa­tak­la­ry­ny bu­raw­lan­dy­gy­ny hemde şo taý­da ýoň­suz baý­lyk top­lan­dy­gy­ny eşit­dim. Mak­Kon­nor ýa­ňak­la­ryn­dan gan da­ma­ýyn di­ýip du­ran gu­jur­ly py­ýa­da­dy, äň­le­ri dört­burç­dy, diş­le­ri sag­dyn­dy. Joz­zuk ýü­zi, gür­rüň­siz, şer­be­ti çäk­siz kän iç­ýän­di­gin­den ha­bar ber­ýär­di, päl­wan­sy­pat ki­şi­niň ýa­sy egin­le­ri oýun ma­ha­ly sa­ňa ýa­kym­syz tä­sir ed­ýär­di. Çün­ki Mak­Kon­nor özün­den göw­ni bi­tin, dur­mu­şy gül­le­ýän adam­la­ryň hi­lin­den­di, ol is­len­dik ýeň­li­şi, hat­da iň bir ýö­ne­keý, ze­lel­siz ýa­ryş­da­ky ýeň­li­şide kem­sit­me ha­sap­la­ýan­lar­dan­dy. Äh­li za­dy di­ňe özi urupýar­ýan, tu­tan ýe­ri­ni go­par­man goý­ma­ýan bu deş­li ada­my­nyň şeý­le­bir özü­ne göw­ni ýet­ýär­di we­lin, sä­hel­çe päs­gel­çi­li­gi edil şah­sy­ýe­ti­ne dil ýe­ti­ri­len saý­ma­sada, ba­dy­ma ka­ky­lan di­ýip dü­şün­ýär­di. Ol baş­ky iki dö­wi ut­du­ryp, ýü­zi çy­tyl­dy hemde eger tö­tän­lik­den säw­lik goý­ber­män­li­gin­de beý­le ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­ly däl­di­gi­ni hö­küm­li äheň­de jik­mejik dü­şün­dir­mä­ge baş­la­dy. Üçün­ji ge­zek utu­la­ny­nada ba­ha­na tap­dy, ol mu­ny goň­şy otag­da­ky gy­ky­ly­gyň üs­tü­ne at­dy. Yz­lyyzy­na ut­dur­sada, «Ýy­ky­lan gö­reş­den doý­ma­zy­ny» ed­ýär­di. Il­ki onuň öý­ke­lek­li­gi gö­hü­mi ge­tir­ýär­di, ýö­ne soň­ra beý­le ýag­da­ýyň, gür­rüň­siz, mak­sa­dy­ma ýet­mä­ge — dün­ýä­niň çem­pio­ny­ny küşt tag­ta­sy­nyň ýa­ny­na ge­tir­mä­ge kö­mek et­jek­di­gi­ne dü­şü­nip, mu­nuň bi­len öw­re­ni­şip git­dim.

Üçü­len­ji gün ni­ýe­tim, do­ly bol­ma­sada, ga­raz, ba­şa bar­dy. Bel­kide, ol bi­ziň küşt ba­şyn­da otu­ra­ny­my­zy gä­mi­niň ýo­kar­ky pa­lu­ba­sy­na çyk­ýan je­bis ýa­pyl­ýan te­ge­lek aý­na ar­ka­ly gö­ren­dir, bel­kide, er­kek ki­şi­le­riň üýş­ýän ýe­ri­ne keý­pi­ne şä­rik de­gip geç­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wen­dir, ge­piň kü­le ýe­ri, dün­ýä tä­ji­niň eýe­si öz sun­ga­ty­nyň çä­gi­ne öw­ren­je­le­riň ara­laş­ma­ga het ede­ni­ni gö­ren ba­dy­na, biyg­ty­ýar, go­laý gel­di, epes­li ara­lyk­da sä­gi­ni­bem, küşt tag­ta­sy­na syn­çy na­za­ry­ny dik­di. Gö­çüm Mak­Kon­nor­dan­dy. Bi­ziň öw­ren­je ta­gal­la­my­zyň özü­ni bü­tin­leý gy­zyk­lan­dyr­ma­ýa­ny­na ba­dabat dü­şün­mek üçin Çen­to­wi­çe gar­şy­da­şy­myň ýe­ke gö­çü­mi ýe­ter­lik bol­dy. Adat­ça, ki­tap dü­ka­nyn­da ýa­ra­maz de­tek­tiw eser tek­lip edi­len ma­ha­ly, hat­da onuň ga­tam ag­da­ryl­man, ar­kan ser­pi­li­şin­dä­ki ýa­ly, küşt tä­ji­niň eýe­sem per­waý­syz­lyk bi­len ýeň­se­si­ni tüň­ňer­dip, içe­ri­den çy­kyp git­di.

«Oý­nuň ür­kü­zen gur­ba­ga­ňa deg­me­ýä­ni­ne der­rew dü­şün­di öýd­ýän» — di­ýip oý­lan­dym. Onuň hon­dan­bär­si, so­wuk na­za­ry ja­ny­ma deg­män dur­ma­dy. Kim­dir bi­rin­den ga­ha­ry­my çy­ka­ra­sym gel­di, on­soň Mak­Kon­no­ra te­ýe­ne­li ýüz­len­dim.

— Gör­ýän we­lin, si­ziň gö­çü­mi­ňi­ze dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň pi­sin­di otur­ma­dyk bor­ly!

— O nä­mäň dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­miş?

Ýapýa­ňy bä­rik gi­re­niň hemde bi­ziň oý­nu­my­za ju­da seň­ri­gi­ni ýyg­ryp çy­kyp gi­de­niň küşt bo­ýun­ça dün­ýä tä­ji­niň eýe­si Çen­to­wiç­di­gi­ni oňa dü­şün­dir­dim. Onuň ge­dem­li­gi­ne keý­pi­ňi bo­zup otur­ma­gyň ge­re­gi­niň ýok­du­gy­nyda sö­zü­miň üs­tü­ne goş­dum: pu­ka­ra­lar üçin te­me­gi­ňi gö­ge tut­mak — ba­gyş­lap bol­ma­jak el­peşel­pe­lik. Her­nä­çe geň gal­samda, şu tö­tän­den ag­zym­dan syp­dy­ran söz­le­rim­den ýa­ňa Mak­Kon­nor serp­me­den gaý­dan ýa­ly bol­dy. Ol ba­dabat yn­ja­lyk­dan gaç­dy, şöh­rat­pa­raz­ly­gyň hy­ýa­ly­na mü­nü­bem, iki­mi­ziň oý­nu­my­zyda unut­dy. Ol Çen­to­wi­çiň ýo­lag­çy­la­ryň ara­syn­da­dy­gy­ny gü­ma­nam et­me­ýän eken. Çem­pion hök­man özi bi­len küşt di­käý­me­li! Oňa dün­ýä tä­ji­niň eýe­si bi­len ýe­ke ge­zek oý­na­mak mi­ýes­ser ge­lip­dir, olam çem­pio­nyň bir­ba­da kyrk sa­ny küşt tag­ta­syn­da otu­ran­la­ryň gar­şy­sy­na ýe­ke özü­niň oý­nan ma­ha­ly, ýö­ne hat­da şol dö­wem ga­ty gy­zyk­ly bo­lup­dyr, Mak­Kon­nor tas­da­nam utan eken. Küşt tä­ji­niň eýe­si bi­len ta­nyş­ly­gyň bar­my? Ýok, ony ta­na­mok. Ony biz bi­len küşt dik­mä­ge ha­ýyş edip bil­men­mi? Özü­me mä­lim bol­şu­na gö­rä, Çen­to­wi­çiň tä­ze ta­nyş­lyk­dan ga­ça dur­ýan­dy­gy­na sal­gy­la­nyp, on­dan bo­ýun ga­çyr­dym. On­so­ňam biz ýa­ly üçün­ji de­re­je­li küşt­çü­ler bi­len oý­na­mak küşt tä­ji­niň eýe­si üçin gy­zy­gy bo­lup bi­ler­mi?

Mak­Kon­nor ýa­ly şeý­le özü­ne göw­ni ýet­ýän ada­myň ady­nyň gap­da­ly­na üçün­ji de­re­je­li küşt­çü­le­riň ýa­nal­ma­gy, dog­ru­sy, ar­tyk­maç bol­dy. Ol ga­har bi­len kür­sä ar­kan ga­ýyş­dy hemde gyz­ma­lyk bi­len Çen­to­wi­çiň edepter­bi­ýe­li ki­şi­niň ça­gy­ry­şy­ny ret edip bil­je­gi­ni as­la göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ýä­ni­ni aýt­dy. Mu­nuň ug­ru­na özü­niň çyk­jak­dy­gy­nyda tek­rar­la­dy. Onuň ha­ýy­şy bo­ýun­çada dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň öz­bo­luş­ly, üýt­ge­şik hä­si­ýe­ti­ni gys­ga­ça su­rat­lan­dy­ryp ber­dim, şun­dan soň Mak­Kon­nor, gu­ta­ryl­ma­dyk oý­ny owar­ra­ma sa­lyp, gä­mi­niň ýo­kar­ky pa­lu­ba­syn­dan Çen­to­wi­çiň göz­le­gi­ne gys­san­dy. Şu ýer­dede şeý­le kuw­wat­ly, ger­den­lek ki­şi­niň bar­dygel­di bir za­dyň hy­ýa­ly­na mün­se, on­da ony sak­la­jak bol­ma­gyň bü­tin­leý müm­kin däl­di­gi­ne ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­dim.

Men el­denaýak­dan çy­kyp, sa­byrta­ka­ty­my ýi­ti­rip ga­raş­ýar­dym. On mi­nut da­gy geç­di, Mak­Kon­no­ram yzy­na öw­rü­lip gel­di, göw­nü­me bol­ma­sa, keý­pi­ne so­gan dog­ra­lan ýa­ly­dy…

— Ýe­ri, ni­çik? — di­ýip, on­dan so­ra­dym.

— Siz mam­la eke­ni­ňiz — di­ýip, Mak­Kon­nor la­py­keç­lik bi­len jo­gap ber­di. — Ýa­kym­ly je­naba däl eken. Sa­lam be­rip, özü­mi ta­nat­dym, ol hat­da eli­nem uzat­ma­dy. Men oňa ýo­lag­çy­lar, ba­ry­myz — eger ol biz bi­len bir­ba­da küşt oý­na­ma­ga ra­zy­lyk ber­se — hemä be­ge­ner­dik, he­mem buý­sa­nar­dyk di­ýip dü­şün­dir­mä­ge çyt­raş­dym. Em­ma ol meň bi­len çak­da­na­şa res­mi gür­leş­di, her­nä­çe gy­nan­sada, sy­ýa­ha­ty­ny gur­nan imp­re­sa­rio bi­len bag­la­şan şert­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ge­ze­lenç ma­ha­ly küş­ti di­ňe pul­ly oý­na­ma­ga borç­ly edi­len­di­gi, özü­niň iň pes göz­ha­ky­nyňda bir döw üçin iki ýüz el­li dol­lar­dy­gy­ny ýaň­zyt­dy.

Men gü­lüp goý­ber­dim.

— Ak öý­jük­den ga­ra öý­jü­ge çöp süý­şü­rip — ana, şo­nam gir­de­ji çeş­me­si­ne öw­rüp bol­ja­gy­ny hiç ha­çan oýu­ma ge­tir­män­di­rin. Si­zem edil özi ýa­ly, onuň bi­len ho­şa­maý­ja hoş­la­şan­sy­ňyz di­ýip pi­kir ed­ýän.

Ýö­ne Mak­Kon­no­ryň we­lin ga­raçy­ny­dy.

— Oýun er­tir sa­gat üç­de şu ýer­de geç­ýä. Bi­zi em­gen­mez­den paý­hyn­lap bi­lerä öý­de­mok.

— O nä­hi­li? Siz oňa iki ýüz el­li dol­lar be­räý­di­ňiz­mi? — di­ýip, men haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa gy­gy­ra­ny­myda duý­man ga­lyp­dy­ryn.

— Nä­me üçin ber­me­li däl­miş? C’est son me­tie. Be­ýew­bar di­şim agyr­sa, gä­miň üs­tün­dede diş luk­ma­ny bar bol­sa, ol di­şi­mi mug­tu­na so­gur­maz ahy­ry. Nä­çe is­le­se, şon­çada go­par­ma­ga onuň ha­ky bar. Hem­me ýer­de şeý­le. Is­len­dik kär­dä­ki us­sat, ök­de hü­när­men he­mi­şe aň­ry­baş te­le­ke­çi bol­ýar. Dog­ru­sy, özümä aras­sa şert­le­şi­giň ta­rap­da­ry. Oňa «gaý­rat et» di­ýip ýal­ba­ryp du­ra­nym­dan, so­ňun­da­nam üs­tü­ne min­net­dar­lyk kö­kü­ni ýag­dyr­ma­gy borç­ly du­ýa­nym­dana, si­ziň Çen­to­wi­çi­ňi­ze pul­ja­gaz em­lä­ni­mi has ena­ýy gör­ýän. Özü­mi­ziň klu­by­myz­da bir ag­şa­myň do­wa­myn­da iki ýüz el­li dol­lar­da­nam köp­räk ut­dur­ýan ge­zek­lem­mem bo­lup­dy, ýö­ne ma­ňa küşt tä­ji­niň eýe­si bi­len oý­na­mak mi­ýes­ser gel­män­di ahy­ry. «Üçün­ji de­re­je­li» küşt­çi­niň Çen­to­wi­çe ut­du­ra­ny bi­len ýü­zi gyz­maz.

Di­li­miň ug­ru­na syp­dy­ryp goý­be­ren «üçün­ji de­re­je­li oýun­çy­lar» di­ýen sö­züň Mak­Kon­no­ry yn­jy­da­ny­na gö­hüm gel­ýär­di. Ýö­ne özü­miň gy­zyk­lan­dyr­ma bil­dir­ýän ki­şim bi­len ta­nyş­lyk aç­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek gym­mat­ja to­ma­şa­nyň muz­du­ny Mak­Kon­nor tö­län­soň, se­si­mi çy­kar­ma­ny­my go­wy gör­düm.

Biz küş­te hö­wes­li ýe­ne bir­nä­çe ada­ma gel­jek­ki üýt­ge­şik oýun ba­ra­da ha­bar ber­mä­ge al­ňa­sa­dyk hemde beý­le­ki ýo­lag­çy­lar­dan bo­laý­ma­gy äh­ti­mal päs­gel­çi­lik­ler­den ga­ça dur­mak­dan öt­ri olar­dan oýun üçin di­ňe bir bi­ziň sto­lu­my­zy däl, eý­sem, goň­şy stol­la­ryň äh­li­si­nide eýe­läp goý­mak­la­ry­ny ta­lap et­dik.

Şol gü­nüň er­te­si la­ýyk bel­le­nen sa­gat­da bi­ziň şä­rik­deş­le­ri­miz do­ly ha­tar­da jem­len­di. Esa­sy orun, küşt tä­ji­niň eýe­si­niň gar­şy­syn­da­ky orun, el­bet­de, Mak­Kon­no­ra ro­wa gör­lüp­di. Onuň al­jy­ra­ýa­ny da­şyn­da­nam gör­nüp dur­dy.

Küşt tä­ji­niň eýe­si dog­ry on mi­nut irik­gä edip ga­raş­dyr­dy (ül­pe­di­miň gür­rüň­le­ri­ni ýa­dy­ma sa­lyp, şu­ňa meň­zeş nä­hi­li­dir bir hok­ga­la­ra, dog­ru­sy, öňün­den ga­raş­ýar­dy­mam), beý­le ýag­daý onuň peý­da bol­ma­gy­nyň pa­jar­ly­ly­gy­ny ha­sam da­ba­ra­lan­dyr­dy. Ol ar­ka­ýyn hemde pa­ra­hat gör­nüş­de sto­luň ba­şy­na gel­di, sa­lam­la­şa­ýy­nam diý­me­di. Me­ge­rem, onuň sy­pa­ýy­çy­lyk­syz­ly­gyn­da: «Meň kim­di­gim si­ze mä­lim, si­ziň kim­di­gi­ňiz bol­sa me­ni bü­tin­leý gy­zyk­lan­dy­ra­nok» di­ýen ma­ny bar­dy. Ol so­wuksa­la, iş­jeň äheň­de özü­niň şert­le­ri­ni aýt­ma­ga dur­dy. Bir­to­par adam bi­len bir­ba­da oýun ge­çir­mek üçin gä­mi­de ýe­ter­lik möç­ber­de küşt tag­ta­sy­nyň ýok­lu­gy se­bäp­li, ol bi­ziň özü­ne gar­şy üý­şüp oý­na­ma­gy­my­zy tek­lip et­di. Gö­çüm edi­bem, bi­ze mas­la­hat­laş­ma­ga päs­gel ber­mez­lik üçin ota­gyň beý­le­ki ta­ra­py­na geç­jek­di­gi­ni aýt­dy. Biz bol­sak, jo­gap gö­çü­mi­ni ede­ni­miz­den soň, jaň­ja­ga­zyň ýok­lu­gy se­bäp­li, çaý çem­çe­si bi­len bul­gu­ry şar­kyl­dat­ma­ly. Eger gar­şy­lyk ýok bol­sa, her gö­çüm üçin on da­ky­ka­dan köp pi­kir­len­mez­li­gi tek­lip et­di. Biz, ýöw­sel şä­girt­ler my­sa­ly, onuň äh­li şert­le­ri­ni ka­bul et­dik. Çen­to­wi­çe ga­ra mal­lar düş­di; ol dik du­ran ýe­rin­den il­kin­ji jo­gap gö­çü­mi­ni et­di, ba­daba­dam yzy­na öw­rül­di, şert­le­şi­len ta­ra­pa git­dide, şo taý­da ýal­ta­lyk bi­len kür­sä çö­küp, su­rat­dan do­ly žur­na­ly wa­rak­la­ma­ga dur­dy.

Bu dö­wi su­rat­lan­dy­ryp otur­ma­gyň ha­ja­ty ýok. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, bu oýun­da biz lüt utul­dyk, özem ýig­ri­mi dör­dün­ji gö­çüm­de. Küşt tä­ji­niň eýe­si­niň, aý­dy­ly­şy ýa­ly, çep eli bi­len oý­nap, al­ty sa­ny or­ta­tap, bü­tin­leý gow­şak oýun­çy­la­ryň kü­lü­ni ka­ka­ny­ny hiç bir weç­den geň­läp otur­ma­ly däl. Ýö­ne Çen­to­wi­çiň em­gen­me­siz­den pe­ti­gu­ly­my­zy be­re­ni­ni gözgör­te­le duý­du­ryp, özü­ni ulum­sy, ge­dem alyp bar­ma­gy ba­ry­my­zyň jy­kyr­jy­gy­my­zy tut­dur­dy. Her sa­par küş­tüň ba­şy­na ge­len­de tag­ta­nyň üs­tü­ne ýüz­leý, bil­geş­le­ýin­den per­waý­syz na­zar aý­la­ýar­dy, bi­ze bol­sa düý­bün­de­nem üns ber­me­ýär­di, ha­ma­la, onuň üçin bi­zem küş­tüň agaç çöp­le­ri ýa­ly­dyk. Öý­süzöw­zar­syz ygyp ýö­ren itiň, hat­da ýü­zü­nede se­ret­män, öňü­ne süňk ok­la­ýan ýa­ly­dy. My­la­kat­ly­lyk­dan, sy­pa­ýy­çy­lyk­dan sä­hel­çe düş­nük bar bo­lan­ly­gyn­da, ol säw­lik­le­ri­mi­zi gör­kez­me­li­di ýada hoş söz­ler bi­len bi­ze gop ber­me­li­di di­ýen pi­kir beý­ni­mi dör­je­läp git­di. Hat­da oý­ny gu­ta­ry­bam, küş­tüň «heý­ke­li» jyň­ky­ny çy­kar­ma­dy. «Ýat­dy­ňyz» diý­dide, sto­luň ýa­nyn­da sars­man du­ru­ber­di, ça­ky, bi­ziň ýe­ne bir döw küşt di­ke­si­mi­ziň gel­ýä­ni­nigel­me­ýä­ni­ni bi­le­si ge­len bor­ly. Men ýe­rim­den tu­ra­ýyntu­ra­ýyn di­ýip dur­dum. Zoň­tar gö­dek­li­giň bar ýe­rin­de he­mi­şe sa­byr kä­säm pü­re­pür­len­ýär­di.

Özümä ha­saphe­sip me­se­le­si gu­ta­ran­ja ba­dy­na bi­ziň ta­nyş­ly­gy­my­zyň so­ňu­na no­kat goý­lan­dy­gy­ny uly hö­wes bi­len yşa­rat et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp dur­dum. Em­ma içi­ňi ýa­ka­ýyn di­ýen ýa­ly, edil şo pil­le ýa­nym­da otu­ran Mak­Kon­nor bo­guk ses bi­len: «Ýe­ne bir döw!» di­ýäý­di.

Mak­Kon­no­ryň gö­re­şe ça­gyr­ýan se­sin­den ha­ýy­gyp git­dim. Ol edepek­ram­ly ki­şi­ni dälde, aý­gyt­laý­jy zar­ba­ny in­der­mä­ge taý­ýar boks­çy­ny ýa­da sal­ýar­dy. Bel­kide, Çen­to­wi­çiň gö­wün syn­dy­ry­jy yşa­ra­ty ga­ny­ny gyz­dy­ran­dyr, bel­kide, mu­ňa mer­te­be­si­niň yn­jy­dyl­ma­gy se­bäp bo­lan­dyr, her­hal, nä­hi­li bo­lan­ly­gyn­dada, hat­da Mak­Kon­no­ryň daş keş­bem bü­tin­leý üýt­ge­di. Onuň sa­çy düý­bü­ne çen­li gy­zar­dy, bur­nu­nyň ýel­pe­ze­gi ýel­len­di, maň­la­ýyn­da der dam­ja­la­ry gö­rün­di, diş­lemdiş­lem eden do­da­gyn­dan öňe çy­kyp du­ran haý­bat­ly äňi­ne çen­li ýy­gyrt ba­ry ýaý­rap git­di. Onuň göz­le­rin­dä­ki möwç ur­ýan göç­gün­li­li­giň uç­gun­jy­gy­ny gö­rüp, bas­ga düş­düm, şeý­le ah­wa­lat, köp­lenç ha­lat­da, hu­mar­ly oýun­da üý­şen pul bir­sy­dyr­gyn ar­typ gi­dip ug­ran­dan soň bas­syr al­tyýe­di sa­par bi­je­si düş­me­dik ma­ha­ly kel­le­si gy­zan adam­lar­da ga­bat gel­ýär­di. Men in­di bu ser­den ge­çen ada­myň Çen­to­wi­çiň gar­şy­sy­na äh­li em­lä­gi­ni goý­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny, tä, iň bol­man­da, ýe­ke­je dö­wi ut­ýan­ça, baş­da goý­lan pu­la ýada goş­ma­ça goý­lan pu­la er­tir­den ag­şa­ma çen­li oý­na­ma­ga taý­ýar­dy­gy­na göz ýe­tir­dim. Bar­dygel­di Çen­to­wiç şu işe çy­ny bi­len ýa­pyş­sa, Mak­Kon­nor onuň üçin du­ran­ja bir süýt­li sy­gyr bo­lup bil­jek­di, göz­ýe­tim­de Bue­nosAý­res peý­da bol­ýan­ça dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň ki­se­si­ne bir­nä­çe müň dol­lar dü­şüp bil­jek­di.

Çen­to­wiç en­tä­gem sars­man dur­dy.

— Baş üs­tü­ne — di­ýip, ol sy­pa­ýy­çy­lyk­ly gür­le­di. — In­di, je­nap­lar, ga­ra mal­lar bi­len siz oý­na­ma­ly bor­su­ňyz.

Ikin­ji dö­wem bi­rin­ji­den kän­bir ta­pa­wut­lan­ma­dy, di­ňe bi­ziň to­pa­ry­myz tä­ze ge­len to­ma­şa­çy­la­ryň ha­sa­by­na bi­raz art­dy, oý­nam şü­we­leň­li git­di. Mak­Kon­nor, ha­ma­la, küşt mal­la­ry­ny ja­dy­la­jak hemde ola­ry öz er­ki­ne bo­ýun eg­dir­mek is­le­ýän ýa­ly, küşt tag­ta­syn­dan gö­zü­ni aýyr­ma­ýar­dy. Onuň bi­ziň özü­ni ju­da ar­ka­ýyn alyp bar­ýan gar­şy­da­şy­my­zyň ýü­zü­ne: «Ýat­dyň, gar­daş!» di­ýip he­zil edip gy­gyr­mak üçin hiç bir gy­pynç­syz müň dol­lar eçil­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aň­dym. Geňtaň gö­rül­sede, şeý­le­di — Mak­Kon­no­ryň yn­ja­lyk­syz tol­gun­ma­sy aky­la syg­ma­jak de­re­je­de bi­ziň ba­ry­my­za geç­di otu­ry­ber­di. In­di her bir gö­çüm öň­kü­den has göç­gün­li­lik bi­len mas­la­hat­la­şyl­ýar­dy, Çen­to­wi­çe «göç siz­den» di­ýip duý­du­ryş ber­mez­den bu­run, biz iň soň­ky se­kun­da çen­li je­del­leş­ýär­dik. On ýe­din­ji gö­çü­me ýe­te­ni­miz­de, biz şeý­le gö­räý­mä­ge özü­miz üçin ju­da amat­ly ýag­da­ýyň dö­rän­di­gi­ne haý­ran­lar gal­dyk: biz «с» öý­jü­gin­dä­ki py­ýa­da­ny iň soň­ky­nyň öň ýa­nyn­da­ky çä­ge çen­li sür­me­gi ba­şa­ryp­dyk, in­di nä­me et­me­li­di­gi­miz besbel­li — şol py­ýa­da­ny öňe — «с1»e sü­räý­mek ga­lyp­dy. Şon­da iki per­zi­li bol­ýar­dyk. Ýö­ne biz beý­le ar­ka­ýyn­laş­man­dyk: ut­mak üçin özü­miz­de, ha­ky­kat­da­nam, şeý­le gör­ne­tin müm­kin­çi­li­giň dö­rä­ni­ne yna­na­sy­myz ge­le­nok­dy. Ba­ry­my­zyň böw­rü­miz­de bük­gül­di bar­dy. Ha­wa, şeý­le se­re­de­niň­de ar­tyk­maç­lyk ga­za­nyp­dyk. Ýö­ne mu­ny oý­nuň gi­di­şi­ni kän gö­çüm öňün­den bil­ýän Çen­to­wi­çiň gu­ran du­za­gyn­dan baş­ga hiç zat däl­dir öýd­ýär­dik. Her­hal, biz nä­çe mas­la­hat­laş­sakda, ýag­da­ýy äh­li ta­rap­la­ýyn sel­jer­sekde, pyr­ryl­da­gyň nä­me­den yba­rat­dy­gy­ny çö­züp bil­me­ýär­dik. Ahy­ry tas on da­ky­ka ge­çeň­kir­lä­be­ren­de, tö­wek­gel­li­ge sa­lyp, şu gö­çü­mi et­me­giň ka­ra­ry­na gel­dik. Mak­Kon­nor py­ýa­da­ny iň soň­ky öý­jü­ge göç­mek üçin ony el­le­jek bo­lan­dy­ram we­lin, kim­dir bi­ri­niň eli ony sak­la­dy hemde ýu­waş­ja, ýö­ne hö­küm­li gür­le­di:

— Bi­ri­ba­ryň ha­ty­ra­sy­na şu­ny göç­mäň!

Ba­ry­myz, biyg­ty­ýar, öw­rül­dik. Yzy­myz­da kyrk bäş ýaş çe­me­si bir adam dur­dy. At ýüz­li bu adam özü­niň reň­ki­niň üýt­ge­şik sol­gun­ly­gy bi­len ge­ze­lenç ma­ha­ly öňem bir ün­sü­mi çe­kip­di. Bi­ziň ara­my­za, ça­ky, ýapýa­ňy go­şu­lan bor­ly, no­bat­da­ky gö­çü­miň mas­la­ha­ty­na oýa ba­ta­myz­soň, onuň ýa­ny­my­za ge­le­ni­ni duý­man­dy­ry­sam. Ba­ry­my­zyň özü­ne çi­ňe­ri­lip du­ra­ny­my­zy gö­ren­soň, ol al­ňa­sak­lyk bi­len gür­rü­ňi­ni do­wam et­dir­di:

— Eger siz py­ýa­da­ňy­zy per­zi çyk­sa­ňyz, ol ony der­hal pi­li bi­len alar, si­zem şo pi­li at bi­len alar­sy­ňyz. Ol bol­sa şon­da özü­niň py­ýa­da­sy­ny per­zä çy­kar­man «d7»ä sü­rer hemde si­ziň ru­hu­ňy­za howp sa­lar. Bar­dygel­di at bi­len küşt be­rä­ýen­li­gi­ňiz­dede, ba­ry­bir, oý­nu­ňyz as­gyn­lar. Do­kuz ýada on gö­çüm­den so­ňam ýa­tar­sy­ňyz. Edil şu­ňa meň­zeş öw­rü­mi — pi­ri­mi 1922nji ýyl­da Ale­hin Pest­ýen­dä­ki küşt ýa­ry­şyn­da Bo­gol­ýu­bo­wyň gar­şy­sy­na ula­nyp­dy.

Öwe­lip ga­lan Mak­Kon­nor py­ýa­da­ny elin­den syp­dyr­dyda, bi­ziň ba­ry­myz ýa­ly, üs­tü­mi­ze as­man­dan inen ha­las­gär pe­riş­dä haý­ran gal­mak bi­len dil­sizagyz­syz na­za­ry­ny dik­di. Çün­ki do­kuz göç­den soň ýat­ýa­ny­my­zy di­ňe ýo­ka­ry de­re­je­li küşt­çi, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ýan oýun­çy öňün­den kes­git­läp bi­ler­di — bel­kide, olam Çen­to­wiç ýa­ly şol ýa­ry­şa bar­ýan­dyr hemde dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­ne da­laş et­jek­dir? Nä­hi­li bo­lan­ly­gyn­dada, onuň duý­dan­syz peý­da bol­ma­gy, iň bir jyg­bajyg­ly ýag­daý­da oý­na go­şul­ma­gy bi­ziň üçin nä­hi­li­dir bir adat­dan da­şa­ry ýag­daý bo­lup gö­rün­di.

Il­ki bi­len Mak­Kon­nor özü­ne gel­di.

— On­da siz nä­me mas­la­hat ber­ýä­ňiz? — di­ýip, ol tol­gun­mak bi­len py­şyr­da­dy.

— Hä­zir­lik­çe py­ýa­da­ny öňe sür­mäň. En­tek on­dan ga­ça du­ruň. Il­ki bi­len pa­ty­şa­ny howp­ly zo­lak­dan — «g8»den «h7»ä çy­ka­ryň. Şon­da si­ziň gar­şy­da­şy­ňyz, me­ge­rem, hü­jü­mi beý­le­ki gap­da­la ge­çir­se ge­rek. Em­ma şol hü­jü­mi, ru­hu­ňy­zy «c8»den «c4»e süý­şüp, ser­pik­di­rip bi­ler­si­ňiz. Şeý­le ýag­daý­da ol iki dep­gi­ni hemde bir py­ýa­da­ny, üs­te­si­ne, äh­li ar­tyk­maç­ly­gyda ýi­ti­rer. Şun­luk­da, iki ta­rap­dada per­zä çyk­jak py­ýa­da ga­lar, eger siz ta­kyk go­ran­sa­ňyz, dö­wi de­ňe­çer gu­ta­ryp bi­ler­si­ňiz. Siz üçin iň oňat ýag­daý şu.

Biz ýe­nede doň­ňa­ra­da­şa dön­dük. Onuň ha­sap­la­ry­nyň dürs­lü­gi hemde çak­gan­ly­gy haý­ran gal­dyr­dy. Ol gö­çüm­le­ri ki­tap­dan oka­ýan ýa­ly­dy. Onuň oý­na go­şul­ma­gy ga­ra­şyl­ma­dyk öw­rüm et­di. Küşt tä­ji­niň eýe­si bi­len deň­medeň oý­na­mak — mu­nuň özi ju­da özü­ne çe­ki­ji­di! Bi­ziň ba­ry­myz, ha­ma­la, dil­le­şen my­sa­ly, onuň küşt tag­ta­sy­na ma­za­ly se­re­de­ri ýa­ly, bir gap­da­la çe­kil­dik.

Mak­Kon­nor gaý­ta­lap so­ra­dy:

— Diý­mek, pa­ty­şa­ny «g8»den «h7»ä göç­me­lidä?

— El­bet­de. Hä­zir iň esa­sy zat — bir gap­da­la so­wul­mak.

Mak­Kon­nor bo­ýun syn­dy, bi­zem on­soň çem­çe bi­len bul­gu­ra kak­dyk.

Çen­to­wiç ada­ty ha­ýal ýö­rüşi bi­len gel­dide, bi­ziň nä­hi­li gö­çüm ede­ni­mi­ze se­ret­di. So­ňam, bi­ziň syr­ly kö­mek­çi­mi­ziň öňün­den aý­dy­şy ýa­ly, pa­ty­şa ta­rap­da­ky py­ýa­da­ny «h2»den «h4»e sür­di.

Syr­ly nä­ta­nyş bol­sa, in­di how­sa­la­ly py­şyr­da­dy:

— Ru­hy öňe göç, ru­hy «c8»den «c4»e göç, şon­da ol il­ki py­ýa­da­ny go­ra­ma­ly bor. Ýö­ne bu oňa kö­mek et­mez. Onuň per­zi çyk­jak bo­lup du­ran py­ýa­da­sy­na üns ber­män, «c3»dä­ki at bi­len «d5»i alyň, şon­da ýag­daý deň­le­şer. Go­ra­ny­şa de­rek hü­jüm ediň.

Onuň nä­me diý­ýä­ni­ne dü­şü­nem­zok­dyk. Ol şeý­dip biz bi­len hy­taý­çada gür­le­şip bi­ler­di. Mak­Kon­nor, mis­li, ow­su­na dü­şen dek, hiç hi­li oý­lan­maz­dan, özü­ne nä­me buý­rul­sa, şo­nyda göç­ýär­di. Biz ýe­ne bul­gu­ra ka­kyp, Çen­to­wi­çi ça­gyr­dyk. Ol bu ge­zek küşt tag­ta­sy­na dyk­gat bi­len se­re­dip dur­şu­na, il­kin­ji ge­zek gö­çü­mi­ni ha­ýal­lat­dy. Özem nä­tan­şyň öňün­den aňan gö­çü­mi­ni et­di. Çen­to­wiç git­jek bo­lup eý­ýäm yzy­na öw­rü­lip­dem, ýö­ne edil şu ara­lyk­da üýt­ge­şik, gör­lüpeşi­dil­me­dik ýag­daý ýüz ber­di: ol ga­ba­gy­ny gal­dy­ryp, bir­laý bi­zi syn­la­dy. Onuň, hiç bir şekşüb­he­siz, ara­myz­dan özü­ne şeý­le berk gar­şy­lyk gör­ke­ze­niň kim­di­gi­ni bi­le­si ge­len­dir.

Bi­ziň bük­gül­di­miz da­ky­ka­sa­ýyn art­ýar­dy. Baş­da uta­rys di­ýen hiç hi­li ta­ma­myz ýok­dy, in­di Çen­to­wi­çiň buz ýa­ly ge­dem­li­gi­ni syn­dy­ryp bil­je­gi­miz ba­ra­da­ky pi­kir ru­hu­my­zy gö­ter­ýär­di. Bi­ziň tä­ze ta­py­nan dos­tu­myz bol­sa, bir­jikde wagt ýi­tir­män, no­bat­da­ky gö­çü­mi sal­gy ber­di. Çen­to­wi­çi oý­ny do­wam et­dir­mä­ge ça­gy­ryp bol­jak­dy. San­dy­rak­lap du­ran elim bi­len çem­çä­ni bul­gu­ra ur­dum, şu ýer­dede bi­ziň he­şel­le kak­ma­ly wag­ty­myz gel­di: mun­dan ozal dik du­ran ýe­rin­den oý­nan Çen­to­wiç kürt­dür­dide, ahyr­so­ňun­da, kür­sä çök­di. Kür­säde ha­ýal­lyk, kyn­lyk bi­len özü­ni goý­ber­di, mu­nuň özi — goý, ol, hat­da şu sö­züň gösgö­ni ma­ny­syn­da bol­sa bo­laý­syn — bi­ziň ahy­ry «deň de­re­je­dä­ki» oýun­çy­la­ra öw­rü­len­di­gi­miz­den ha­bar ber­ýär­di. Biz, iň bol­man­da, da­şyn­dan ony özü­miz bi­len deň de­re­je­de gör­mä­ge mej­bur edip­dik. Ol dyk­gat bi­len küşt tag­ta­sy­na se­re­dip hemde gö­çü­mi oý­la­nyp, sars­man otyr­dy; onuň agyr ga­bak­la­ry göz­le­ri­ni tas ýa­paň­kyr­lap­dy. Çuň­ňur oýa ba­tan­soň, ag­zy bi­raz açy­lyp­dy, mu­nuň özi onuň keş­bi­ni sam­syk­laj­rak edip gör­kez­ýär­di. Çen­to­wiç bir­nä­çe mi­nut pi­kir­len­di, so­ňam gö­çüp, ýe­rin­den tur­dy.

Bi­ziň dos­tu­my­zam der­hal py­şyr­da­dy:

— Pat. Go­wy ta­py­lan gö­çüm. Ýö­ne onuň di­ýe­ni­ne git­mäň. Çal­şy­ga gi­diň. Hök­man ça­lyş­ma­ly. Şon­dan soň de­ňe­çer ýag­daý dö­rär, onuň et­jek ala­jy bol­maz.

Mak­Kon­nor diý­le­ni et­di. Oýun­çy­la­ryň iki­si­ni­ňem soň­ky emel­le­ri (biz in­di bir­çak­dan bä­ri ýö­ne bir ses­sizüýn­süz to­ma­şa­ça öw­rü­lip­dik) biz üçin çöp­le­ri eý­läkbeý­läk süý­şür­mek­den baş­ga zat däl ýa­ly gö­rün­di, ýe­ke gö­çü­mede dü­şü­nem­zok­dyk. Ýe­di göç­den soň, Çen­to­wiç bi­raz oý­la­nyp, ga­ba­gy­ny gal­dyr­dyda, bi­ze: «De­ňedeň» diý­di.

Bir pur­sat­lyk do­ly asu­da­lyk ara­laş­dy. Bir­de­nem ba­dabat hem deň­ziň, hem goň­şy otag­da­ky ra­dio­nyň se­si, he­mem gä­mi­niň ýo­kar­ky pa­lu­ba­syn­da gez­me­läp ýö­ren­le­riň her bir aýak se­si, hat­da pen­ji­re­le­riň çar­çu­wa­la­ryn­da­ky şe­ma­lyň ça­la­ja şuw­wul­dy­sy­na çen­li eşi­dil­di. Biz gy­myl­da­ma­gada het edip bil­me­dik. Ba­ry­sy şeý­le­bir duý­dan­syz bo­lup geç­di we­lin, dog­ru­sy, ýü­re­gi­mi­ze ýel dü­şüp­di: ni­re­den bä­rik güt­läp dü­şen­di­gi nä­mä­lim bir kim­se, tas ut­du­ry­lan oýun­da, küşt tä­ji­niň eýe­si­ni öz er­ki­ne kö­ker­me­gi ba­şa­ryp­dy. Mak­Kon­nor ulu­dan dem al­dyda, göw­nü­hoş hal­da «ähä!» di­ýip yza gaý­şa­ryl­dy. Men ýe­ne dyk­gat bi­len Çen­to­wi­çiň ýü­zü­ne se­ret­dim. Hä­li oý­nuň ahy­ryn­da onuň reň­ki öçen ýa­ly bo­lup gör­nüp­di. Em­ma in­di küşt tä­ji­niň eýe­si özü­ne erk et­me­gi ba­şar­dy. En­te­gem parh­syz gör­nü­şi­ni sak­lap dur­şu­na, ol gu­jur­ly go­ly bi­len küşt tag­ta­syn­da­ky mal­la­ry syr­dyda, şeý­le diý­di:

— Je­nap­lar, üçün­ji dö­wi dik­mä­ge meý­li­ňiz bar­my?

So­rag pa­ra­hat­lyk bi­len, çyn­la­kaý äheň­de ber­lip­di, küşt tä­ji­niň eýe­si­niň Mak­Kon­no­ra bü­tin­leý bar­my­sy­ňam diý­män, bi­ziň ha­las­gä­ri­mi­ziň ga­ra­gy­na tiň­ke­si­ni di­kip dur­ma­gy geň zat däl­di. Ýa­by­nyň tä­ze ça­pyk­su­wa­ryň tej­ri­be­li­di­gi­ni üs­tü­ne ynam­ly otu­ry­şyn­dan ta­naý­şy ýa­ly, Çen­to­wi­çem özü­niň ha­ky­ky, ýe­ketäk gar­şy­da­şy­nyň kim­di­gi­ni aň­dy. Onuň yzy­sü­re biz, biyg­ty­ýar, nä­tan­şyň ýü­zü­ne na­za­ry­my­zy dik­dik. Em­ma ol ag­zy­ny açyp ýe­tiş­män­kä, Mak­Kon­nor şöh­rat­pa­raz göç­gün­li­lik bi­len, da­ba­ra­ly haý­kyr­dy:

— Gür­rü­ňi ýok, hök­man di­ke­ris! Ýö­ne bu sa­par şu je­nap oý­nar. Onuň ýe­ke özi Çen­to­wi­çiň gar­şy­sy­na.

Şu ýer­dede gör­lüpeşi­dil­me­dik ýag­daý ýüz ber­di. He­ni­zem bo­şa­dy­lan küşt tag­ta­sy­na düş­nük­siz dart­gyn­ly­lyk bi­len se­re­dip du­ran nä­ta­nyş bu çürtke­sik gür­rü­ňi eşi­dip, gal­pyl­dap git­di. Äh­li na­za­ryň özü­ne gö­nü­ge­ni­ni gö­rü­bem, utan­jy­na ýyg­ryl­dy.

— Ýok, je­nap­lar, ma­ňa oý­na diý­mäň — di­ýip, ol ha­lys bas­ga ga­lyp, sa­ky­nyp gür­le­di. — Bu müm­kin däl… Men­siz oň­ma­ly bor­su­ňyz… Küş­tüň ba­şyn­da otur­ma­ny­ma eý­ýäm ýig­ri­mi, aý, ýok, hat­da ýig­ri­mi bäş ýy­lam ge­çen­dir. Bi­rug­sat si­ziň oý­nu­ňy­za go­şu­lyp, sy­pa­ýy­çy­lyk­syz he­re­ket ede­ni­me di­ňe şu wagt dü­şün­dim. Öte ge­çe­nim üçin ba­gyş­la­ma­gy­ňy­zy ha­ýyş ed­ýän. In­di si­ze päs­gel ber­men.

Haý­ran gal­mak­dan özü­mi­zi dür­säp ýe­tiş­män­käk, ol yzy­na öw­rül­dide, içer­den çy­kyp git­di.

— Ýö­ne bu müm­kin dälä! — di­ýip, gyz­ma Mak­Kon­nor sto­ly ýum­ruk­lap dur­şu­na gop­gun tu­ruz­ýar­dy. — Ýig­ri­mi bäş ýyl­lap küşt oý­na­man­ly­gy bü­tin­leý bo­lup bil­jek zat däl! Ahow, ol her bir eme­li, her bir gar­şy­lyk­la­ýyn he­re­ke­ti pe­sin­den bäşal­ty gö­çüm öňün­den gör­di ahy­ry! Mu­ny tos­lap ta­pyp bol­maza. Bu bir aky­la syg­jak zat däl, dog­ry däl­mi nä­me?

Mak­Kon­nor soň­ky so­wal bi­len, biyg­ty­ýar, Çen­to­wi­çe ýüz­len­di, ýö­ne dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň şol bir so­wuk­gan­ly­ly­gy­dy, pa­ra­hat­ly­gy­dy.

— Şu ba­bat­da nä­me diý­je­gi­mi bi­le­mok. Ýö­ne şol je­na­byň oý­nun­da bir üýt­ge­şik, gy­zyk­ly zada bar; şo­nuň üçi­nem oý­ny is­leý­şi­çe alyp gi­de­ri ýa­ly, oňa bil­geş­le­ýin­den müm­kin­çi­lik ber­dim.

Ol şo pur­sa­dyň özün­de äw­mez­lik bi­len ýe­rin­den tur­dyda, go­ma­lyp gür­le­di:

— Bel­kide, şol je­nap ýada siz, je­nap­lar, er­tir ýe­nede bir ýo­la küşt dik­mek is­lär­si­ňiz — on­da sa­gat üç­de men si­ziň yg­ty­ýa­ry­ňyz­da bo­run.

Biz ça­la ýyl­gy­ra­ny­my­zy giz­läp bil­me­dik. Çen­to­wi­çiň özü­mi­ziň nä­bel­li tan­şy­my­zy ýö­ri­te­läp ut­ma­dyk­sy­ran­dan bol­man­dy­gy­ny her bi­ri­miz ga­ty go­wy bil­ýär­dik. Onuň özü­ni ak­la­jak bol­şy ju­da gö­mel­teý­di, şon­dan öt­ri biz bu tum­şu­gy ýo­ka­ry ge­de­miň ha­sam gu­tar­nyk­ly mas­ga­ra bo­la­ny­ny gö­re­si­miz gel­ýär­di. Bi­zi, bi­kär sy­ýa­hat­çy­la­ryň ba­ry­ny bir­den el­henç şöh­rat­pa­raz göç­gün­li­lik gur­şap al­dy. Bi­zi gä­mi­niň üs­tün­de, açyk de­ňiz­de çem­pio­nyň elin­den tä­ji ka­ky­lyp al­nar hemde bu wa­ka­ny te­leg­raf agent­lik­le­ri tu­tuş dün­ýä ýaý­ra­dar di­ýen pi­kir ma­ýyl ed­ýär­di. Üs­te­si­nede, bi­zi ha­las­gä­ri­mi­ziň syr­ly peý­da bol­ma­gy oduk­dy­ryp­dy, özem iň jyg­bajyg­ly pur­sat oý­nu­my­za go­şu­lyp­dy, ol het­de­na­şa utan­jaň­dy, şo­nuň bi­len bir­lik­de ju­da özü­ne göw­ni ýet­ýän oýun­çy­dy, buda geň gal­dy­ry­jy gap­magar­şy­lyk­dy. Eý­sem, bu nä­ta­nyş kim­kä? Bel­ki, gö­zü­mi­ziň al­nyn­da mun­dan ozal mä­lim bol­ma­dyk uçur­syz küşt ze­hi­ni tö­tän­lik­de dün­ýä açy­lan­dyr? Ýada ol haý­sy­dyr bir se­bä­be gö­rä öz ady­ny aý­da­sy gel­me­dik meş­hur us­sat­my­ka? Biz şeý­le ýag­da­ýyň her bi­ri­ni al­dy­gy­na mas­la­hat­la­şyp, kel­lä­mi­zi gö­çür­ýär­dik. Onuň düş­nük­siz çe­kin­jeň­li­gi­ni ýat­lap hemde ga­ty köp ýyl bä­ri küşt oý­na­man­dy­gy ba­ra­da­ky duý­dan­syz ag­zyn­dan syp­dy­ran ge­pi­ni gözgör­te­le us­sat­ly­gy bi­len deg­şi­rip gö­ren ma­ha­ly­myz bi­ziň üçin in­di iň bir aky­la syg­ma­jak çak­la­ma­la­ram geň däl­di. Ýö­ne bir zat­da we­lin pi­ki­ri­miz deň gel­ýär­di: her­hal, ýa­ry­şyň do­wam et­me­gi­niň ga­my­ny iý­me­li. Biz er­tir nä­tan­şy Çen­to­wi­çiň gar­şy­sy­na oý­na­ma­ga yr­ma­gy hemde mu­nuň üçin äh­li ta­gal­la­la­ry bi­rik­dir­me­giň ka­ra­ry­na gel­dik. Mak­Kon­nor çyk­da­jy­la­ry tö­le­me­gi üs­tü­ne al­dy, me­ni bol­sa il­de­şi hök­mün­de — biz şu ara­lyk­da nä­tan­şyň awst­ri­ýa­ly­dy­gy­ny gä­mi­niň hyz­mat­çy­syn­dan eşi­dip­dik — umu­my ha­ýy­şy­my­zy oňa ýe­tir­mek üçin we­kil edip iber­di­ler.

Ony ag­tar­mak üçin köp wagt der­kar bol­ma­dy. Ol ýo­kar­ky pa­lu­ba­da­ky şez­long­da uza­nyp, ki­tap okap otyr­dy. Beý­le ýag­daý ony iç­gin syn­la­ma­ga ýol ber­di. Ol ýas­sy­ga di­re­nip ýa­tyr­dy, daş sy­pa­tyn­dan ga­ty ýa­daw ada­ma meň­ze­ýär­di. Gö­räý­mä­ge ýaş, me­semä­lim ýüz keş­bin­de düý­bün­den reňkpe­tiň ýok­du­gy haý­ran gal­dyr­dy. Çek­ge­le­ri bü­tin­leý apak­dy. Nä­me üçin­di­ginä bi­le­mok, ýö­ne men­de ol duý­dan­syz, bir­den gar­rap­dyr di­ýen duý­gy dö­re­tdi. Ýa­ny­na go­laý ge­len ba­dy­ma, ol edep bi­len ýe­rin­den tur­dyda, özü­ni ta­nat­dy. Onuň aý­dan ady kö­ne Awst­ri­ýa­da uly hor­mat goý­lan maş­ga­la de­giş­li­di. Şu maş­ga­la­nyň ag­za­la­ry­nyň bi­ri­niň kom­po­zi­tor Şu­ber­tiň ýa­kyn dos­ty bo­lan­dy­gy­ny, beý­le­ki bi­ri­niň go­ja im­pe­ra­to­ryň köşk luk­ma­ny bo­lan­dy­gy­ny ýa­dy­ma sal­dym. Çen­to­wiç bi­len küşt dik­mek ba­ra­da­ky ha­ýy­şy­my­zy onuň dyk­ga­ty­na ýe­ti­re­nimde dok­tor B. haý­ran gal­dy. Ol ady ja­ha­na do­lan dün­ýä tä­ji­niň eýe­si­niň gar­şy­sy­na küşt di­ke­ni­ni, üs­te­si­ne, go­wy oýun gör­ke­ze­ni­ni gü­ma­nam et­me­ýän bol­sa nä­me. Şu jik­mejik­lik­ler on­da aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­dy. Ol gar­şy­da­şy­nyň, ha­ky­kat­da­nam, hal­ka­ra baý­rak­la­ry­nyň eýe­si­niň bo­lan­dy­gy­na özü­miň yna­my­myň bar­dy­gy­nyýok­du­gy­ny gaý­ta­lapgaý­ta­lap, ne­kirt­läpne­kirt­läp so­ra­dy. Şeý­le ýag­da­ýyň tab­şy­ry­gy­my ga­ty ýe­ňil­leş­dir­ýän­di­gi­ne ba­sym dü­şün­dim. Em­ma örän sy­pa­ýy hemde edepter­bi­ýe­li adam bi­len iş sa­lyş­ýa­ny­ma gö­züm ýe­tip du­ran­soň, onuň utu­la­ýan ýag­da­ýyn­da çyk­da­jy­ny Mak­Kon­no­ryň çek­je­gi­ni ýat­lap dur­maz­ly­gyň ka­ra­ry­na gel­dim. Dok­tor B. bi­raz ikir­jiň­le­nen­den soň, oý­na­ma­ga ra­zy­lyk ber­di, ýö­ne özü­niň ukyp­la­ry­na çak­da­na­şa uly umyt bil­dir­mez­lik­le­ri­ni dost­la­ry­ma duý­du­ryp goý­ma­gy­my ha­ýyş et­di.

— Mu­nuň se­bä­bi­nem aý­da­ýyn — di­ýip, ol üýt­ge­şik ýyl­gy­ryş bi­len sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. — Dog­ru­sy, äh­li düz­gün­le­re la­ýyk oý­nap bil­je­gi­mibil­me­je­gi­mide bi­le­mok. Çyp­ba­kaýçy­nym, gim­na­zi­ýa­da okap ýö­ren dö­wür­lem­den bä­ri, ýag­ny ýig­ri­mi ýyl­da­nam gow­rak wagt bä­ri küş­tüň ba­şy­na ba­ra­mok di­ýem­de bol­gu­syz sy­pa­ýy­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na aýt­man­dym. Hat­da şo wagt­la­ram küşt­çi hök­mün­de alyp bar­ýan ga­lam ýok­dy.

Mu­nuň özi şeý­le­bir ha­lys ýü­rek­den aý­dyl­dy we­lin, men onuň söz­le­rin­de jin­nek ýa­lyda ýa­la­nyň ýok­du­gy­na bir­jikde ikir­jiň­len­me­dim. Ýö­ne, her­hal, şon­dada oňa gar­şy çyk­man du­rup bil­me­dim, onuň her döw­rüň çem­pion­la­ry­nyň oý­nan döw­le­ri­niň iň bir uşa­jyk jik­mejik­lik­le­ri­ne de­ňiç nä­de­re­je­de ta­kyk sal­gy­la­nyp bil­şi me­ni haý­ra­na go­ýup­dy. Ça­ky, ol küş­tüň düý­biteý­ka­ry­ny der­ňe­mä­ge köp wag­ty­ny sarp eden bor­ly.

Dok­tor B. ýe­nede syr­ly ýyl­gy­ry­şy­ny et­di:

— Köp wagt gi­de­ren­si­ňiz diý­di­ňiz­mi? Ýo­kar­da Hu­daý bar, şola çyn. Küş­te ju­da köp wag­ty­my ba­gyş et­dim. Ýö­ne bu üýt­ge­şik, nä­hi­li aýt­sam­kam, ju­da seý­rek duş gel­ýän ýag­daý­lar­da bo­lup geç­di. Mu­nuň özi diý­seň çyl­şy­rym­ly wa­ka, ol bi­ziň ajap eý­ýa­my­myz ba­ra­da­ky kys­sa­nyň gör­ne­tin my­sa­lam bo­lup bi­ler. Bel­ki, siz ýa­rym sa­gat çy­da­ma­ga ka­na­gat eder­si­ňiz?..

Ol şeý­le di­ýip gap­dal­da­ky şez­lon­ga üm­le­di. Onuň ça­ky­ly­gy­ny hö­wes bi­len ka­bul et­dim. Daştö­we­rek­de ynsjyns ýok­dy. Dok­tor B. äý­ne­gi­ni aýyr­dy, ony gap­da­lyn­da go­ýu­bam, gür­rü­ňe baş­la­dy:

— Meň ady­myň as­ly­ňyz we­na­ly bo­la­ny­ňyz üçin özü­ňi­ze ta­nyş­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ňiz. Ýö­ne il­ki ka­kam iki­mi­ziň, so­ňam bir özü­miň eýe­lik eden hu­kuk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş alyp bar­ýan eda­ra­myz ba­ra­da eşi­den däl­si­ňiz. Biz met­bu­gat sa­hy­pa­la­ryn­da gohgal­ma­gal dö­red­ýän iş­le­riň ba­şy­na ba­ram­zok­dyk, tä­ze müş­de­ri­ler­de­nem ýö­ri­te­läp ga­ça dur­ýar­dyk. As­lyn­daha, biz ada­ty hu­kuk tej­ri­be­si bi­len meş­gul­la­nam­zok­dykda, eý­sem, hu­kuk mas­la­hat­la­ry­ny ber­mek hemde baý ke­şiş­ha­na­laň em­läk­le­ri­ni do­lan­dyr­mak bi­len meş­gul­lan­ýar­dyk, ka­ka­myň ke­şiş­ha­na­lar bi­len ýa­kyn­dan bag­la­ny­şy­gy bar­dy, ol kle­ri­kal par­ti­ýa­nyň de­pu­ta­ty bo­lup­dy. Mun­dan baş­gada — hä­zir mo­nar­hi­ýa döw­ri ta­ry­hyň ga­ty­na si­ňip gi­den­soň, bu ba­ra­da açaçan gür­läp bol­ýar — bi­ze hö­küm­dar­lar maş­ga­la­sy­nyň kä­bir ag­za­la­ry­nyň ma­ýa­sy­ny do­lan­dyr­ma­gam yna­ny­lyp­dy.

Maş­ga­la­my­zyň köşk hemde ki­li­se bi­len ara­gat­na­şy­gy (aga­la­ry­myň bi­ri hö­küm­da­ryň köşk te­bi­bi­di, beý­le­ki­si — Zaý­tenş­tet­ten­de ki­li­se baş­tu­ta­ny­dy) ozal­ky ne­sil­le­re ba­ryp di­re­ýär; bi­ze di­ňe şu gat­na­şyk­la­ry sak­la­mak hemde do­wam et­dir­mek gal­ýar­dy. Müş­de­ri­leň yna­my bi­ze mi­ras bo­ýun­ça ge­çip­di, ynam bi­len bir­lik­de beý­le bir çyl­şy­rym­ly bol­ma­dyk, azar­syzbi­zar­syz borç­la­ram ge­çip­di. Biz­den, esa­san, sa­ly­hat­ly­lyk hemde we­pa­dar­lyk ta­lap edil­ýär­di — şeý­le hä­si­ýet­ler ka­ka­ma do­ly mah­sus­dy. Di­ňe ka­ka­myň äti­ýaç­ly­ly­gy bi­len, hüm­met­siz­lik ýyl­la­ryn­da hemde ag­da­ry­ly­şyk­dan soň, bi­ziň müş­de­ri­lem­miz öz­le­ri­niň gym­mat­ly zat­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi­ni sak­lap gal­dy­lar. Soň­ra Ger­ma­ni­ýa­da hä­ki­mi­ýe­ti Git­ler eýe­län ma­ha­ly ki­li­se­leň hemde ke­şiş­ha­na­laň em­läk­le­ri al­nyp baş­la­nan­da, iň bol­man­da, goz­gap bol­ýan em­läk­le­ri be­ri ha­las et­mek üçin ýur­duň da­şyn­dan kä­bir ädim­ler ädil­di. Gep­le­şik­ler bi­ziň üs­tü­miz­den al­nyp ba­ryl­ýar­dy, im­pe­ra­tor öýi bi­len Wa­ti­ka­nyň ara­syn­da­ky hiç ha­çan se­pi bil­di­ril­me­jek yla­la­şyk di­ňe iki­mi­ze mä­lim­di. Eda­ra­myz bü­tin­leý gö­ze gör­ne­nok­dy, hat­da ga­py­myz­da ýaz­gam as­man­dyk, hö­küm­dar to­par­la­ryn­dan bil­geş­le­ýin çe­ke dur­ýar­dyk, şu­lam bi­zi iri­zi­ji so­rag­lar­dan go­ra­ýar­dy. Awst­ri­ýa hö­kü­me­ti şu ge­çen ýyl­laň do­wa­myn­da hö­küm­dar maş­ga­la­sy­nyň giz­lin ça­par­la­ry­nyň özü­mi­ziň dör­dün­ji gat­da­ky kän­bir gö­ze ilip bar­ma­ýan eda­ra­my­za adat­dan da­şa­ry wa­jyp hat­la­ry ge­tir­ýä­ni­ni hemde ola­ra jo­gap­la­ry alyp gid­ýä­ni­ni gü­ma­nam et­me­ýär­di.

He­niz mil­let­pa­raz jeň­baz­lar öz leş­ger­le­ri­ni tu­tuş dün­ýäň gar­şy­sy­na sür­mez­le­rin­den kän öň olaň Ger­ma­ni­ýa bi­len goň­şy döw­let­leň äh­li­sin­de ki­ne­li, ýe­ki­ri­len, nä­gi­le adam­lar­dan berk düz­günter­ti­be sal­nan hemde har­by­laş­dy­ry­lan za­bun to­par­la­ry dö­re­dip baş­lan­dyk­la­ry bel­li­dir. Her bir eda­ra­da, her bir kär­ha­na­da öz­le­ri­niň gu­ra­ma­jyk­la­ry bar­dy, olaň Dol­fu­syň hemde Şuş­ni­giň şah­sy re­zi­den­si­ýa­la­ry­ny goş­mak bi­len, äh­li ýer­de iça­ly­la­ry­dyr şu­gul­çy­la­ry bar­dy. Bi­ziň gö­ze ilip dur­ma­ýan eda­ra­myz­dada şo­laň jan­sy­zy bar­dy, haýp, ony ga­ty giç du­ýup­dy­ryn. Ol na­la­je­de­ýin, kü­tek emel­dar­dy, ony bir ru­ha­ny­nyň ara­du­rar­lyk et­me­gi bi­len işe alyp­dym, şeýt­mek bi­le­nem eda­ra­my­za ha­ky­ky, çyn­la­kaý gu­ra­maň gör­nü­şi­ni ber­mek is­läp­dim. Oňa di­ňe iň ýö­ne­keý­je ýu­muş­la­ry tab­şy­rar­dyk: ol te­le­fon jaň­la­ry­na jo­gap be­rer­di hemde ka­gyz­la­ry ça­tar­dy — el­bet­de, ol ka­gyz­laň bü­tin­leý äh­mi­ýe­ti ýok­dy. Oňa hat­la­ry aç­ma­ga eja­za be­ril­me­ýär­di. Iň wa­jyp hat­la­ry elin özüm çap ed­ýär­dim — özem di­ňe ýe­ke­je nus­ga­da. Äh­li wa­jyp mag­lu­mat­la­ry öýüm­de sak­la­ýar­dym, giz­lin gep­le­şik­le­ri bol­sa, ke­şiş­ha­na jaý­la­ryn­da ýada aga­myň luk­man ota­gyn­da alyp bar­ýar­dym. Şeý­le äti­ýaç­lyk çä­re­le­ri­niň gö­rül­me­gi se­bäp­li, bi­ze goý­lan iça­ly su­wyt­ly bir zat aňyp bil­jek däl­di. Me­ge­rem, tö­tän­li­giň oý­ny bu şöh­rat­pa­raz adam­jy­gyň gö­zü­ni açan bor­ly, ol özü­ne yna­nyl­ma­ýa­ny­na, ar­ka­syn­dan her jü­re iş­leň gaý­ryl­ýan­dy­gy­na aň ýe­tir­di. Müm­kin, meň ýok ma­ha­lym ça­par­laň bi­ri ge­leň­siz­lik ze­rar­ly şert­li «ba­ron Bern» diý­mä­ge de­rek, «onuň aly­hez­ret­le­ri» di­ýip di­lin­den syp­dy­ran­dyr. Mel­gu­nyň bil­dirt­män hat­la­ry açan bol­ma­gyda äh­ti­mal. Ga­raz­haý, nä­hi­li bo­lan­ly­gyn­dada, en­tek nä­me­dir bir za­da müň­kür­lik et­män­käm, ol eý­ýäm bi­zi aň­ta­mak ba­ra­da Mýun­hen­den ýada Ber­lin­den buý­ruk alyp­dyr. Has soň­rak, eý­ýäm tus­sag as­ty­na al­nam­dan soň, il­ki ýal­ta hemde sö­li­te bo­lan bu ki­şiň bir­denbi­re soň­ky aý­lar­da üýt­ge­şik yh­las­ly­lyk gör­ke­zip baş­la­ny­ny ýa­dy­ma sal­dym: ol he­mi­şe meň hat­lam­my: «Ge­tir, özüm ibe­re­ýin!» di­ýip alypýo­lup bar­ýar­dy. Bo­ýun ala­ýyn, se­re­sap­ly­ly­gy gol­dan be­rip­di­rin, ýö­ne, eý­sem, yn­ha, Git­ler bi­ziň döw­rü­mi­ziň ta­ny­mal dip­lo­mat­la­ryn­dan, ge­ne­ral­la­ryn­dan öňe geç­me­gi hemde ola­ra hi­le sal­ma­gy ba­şar­ma­dy­my nä­me?

Ges­ta­po me­ni do­wam­ly yzar­la­ýar­dy — yn­ha, mu­ny şu ýag­da­ýam gör­ne­tin tas­syk­la­ýar­dy: eses­çi­ler me­ni ag­şa­ma­ra, Şuş­ni­giň öz de­re­je­sin­den ýüz öw­ren gü­ni, Git­le­riň We­na gir­me­zi­niň bir gün öň ýa­ny tus­sag et­di­ler. Her­nä, ra­dio bo­ýun­ça Şuş­ni­giň hoş­la­şyk sö­zü­ni eşi­dip, iň wa­jyp hat­la­ry ýak­ma­ga ýe­tiş­dim, beý­le­ki­le­ri, şo­nuň ýa­lyda, da­şa­ry ýurt­lar­da­ky hemde ke­şiş­ha­na­lar­dyr iki sa­ny ers­ger­so­ga de­giş­li bo­lan gym­mat­ly ka­gyz­la­ra dil­ha­ty­la­ry kir­li eşik­li se­be­diň için­de giz­le­dim, ola­ryda we­pa­ly hyz­mat­kär ze­na­ny­myz aga­myň öýü­ne äkit­di. Bu­laň ba­ry iň soň­ky pur­sat­da ber­jaý edi­lip­di, şo­nuň yz­ja ýa­ny git­ler­çi­ler eý­ýäm öýü­me zo­map gi­rip­di­ler.

Dok­tor B. gür­rü­ňi­niň ara­sy­ny kes­di. Şon­da men dok­to­ryň ag­zy­nyň sag burç­ja­ga­zy­nyň dar­ty­lypdar­ty­lyp gid­ýä­ni­ni gör­düm. Men bu do­wam­syz, ça­la bil­dir­ýän dar­tyl­ma­ny oza­lam bir aňyp­dym, dar­tyl­ma her ikiüç mi­nut­dan gaý­ta­lan­ýar­dy hemde onuň ýü­zü­ne çak­da­na­şa yn­ja­lyk­syz­lyk çaý­ýar­dy.

— Siz, me­ge­rem, kö­ne Awst­ri­ýa ta­rap­dar­la­ry­nyň äh­li­si­niň kon­sent­ra­sion la­ger­le­re taş­la­ny­şy, ola­ryň şol ýer­ler­de je­birje­pa­la­ra, gy­na­ma­la­ra, kem­si­dil­me­le­re se­ze­war edi­li­şi ba­ra­da gür­rüň be­re­ri­me ga­raş­ýan­sy­ňyz. Beý­le zat­la­ra bü­tin­leý du­çar bol­ma­dym. Me­ni şeý­le tä­le­ýi ters ge­len bet­bagt­laň ha­ta­ry­na goş­ma­dy­larda, aý­ra­tyn to­pa­ra de­giş­li et­di­ler. Git­ler­çi­ler ol bet­bagt­lar­dan äh­li usultär­ler ar­ka­ly ah­myr­ly ýig­renç­le­ri­ni çy­kar­ýa­dy­lar; me­ni bol­sa çak­laň­ja adam­laň to­pa­ry­na goş­du­lar, mil­let­pa­raz­lar biz­den pul ýada wa­jyp mag­lu­mat­la­ry sy­kyp al­ma­ga bil bag­la­ýar­dy­lar. Ady bel­li ki­şi­ler­den bol­mam­soň, el­bet­de, ges­ta­po­nyň ün­sü­ni çe­ker ýa­ly men­de hiç hi­li zat ýok­dy, em­ma olar ka­kam iki­mi­ziň baş­ga bi­ri­niň ýe­ri­ne otur­dy­lan şahs­dy­gy­my­zy, öz­le­ri­niň ga­nym duş­man­la­ry­nyň em­läk­le­ri­ni go­rag­la­ýan, şo­laň yna­my­na gi­ren adam­lar­dy­gy­my­zy gü­man ed­ýär­di. Olar me­ni ke­şiş­ha­na­laň per­de­si­ni syr­ýan res­mi­na­ma­la­ry ber­mä­ge mej­bur et­jek bol­ýar­dy­lar, so­ňam ma­ýa­la­ry ýa­şyr­mak­da ke­şiş­ha­na­laň gar­şy­sy­na gü­nä ýöň­ke­jek bol­ýar­dy­lar; pa­ty­şa öýü­niň hemde pa­ty­şa düz­gü­ni­niň ta­rap­dar­la­ry­nyň äh­li­si­niň gar­şy­sy­na res­mi mag­lu­mat­la­ry al­mak is­le­ýär­di­ler. Bi­ziň eli­miz­den ge­çen gaz­na­laň ag­ram­ly bö­le­gi yk­jam ýyg­şy­ry­lan­dy hemde olaň kast ede­rin­den daş­da­dy, şon­dan öt­ri olaň şüb­he­le­ri esas­sy­zam däl­di. Hut şu se­bäp­den il­kin­ji gü­nüň özün­de me­ni tus­sa­ga ga­bap­dy­lar, sy­nag­dan ge­çen usul­la­ry ula­ny­bam, ge­rek­li mag­lu­mat­la­ry al­mak­çy­dy­lar.

Şo­nuň üçi­nem ma­ňa meň­zeş adam­lar kon­sent­ra­sion la­ge­re ibe­ril­män­di, biz­den pul ýada wa­jyp res­mi­na­ma­la­ry sy­kyp al­ma­ly­dy. Me­ge­rem, ýa­dy­ňyz­da­dyr, bi­ziň kans­le­ri­miz, şo­nuň ýa­lyda, ba­ron Rot­şild ti­ke­nek­li de­mir si­miň aňyr­sy­na taş­lan­man­dy, çün­ki olar bu­laň ga­ryn­daş­la­ryn­dan mil­lion­lapmil­lion­lap pul sag­ma­ga umyt ed­ýär­di­ler; gaý­tam, ter­si­ne, olar üçin aý­ra­tyn şert­le­ri dö­ret­di­ler: olar «Met­ro­pol» myh­man­ha­na­syn­da öz­baş­dak otag­lar­da ýer­leş­di­ri­lip­di, ges­ta­poň ka­rar­gä­hide şo taý­da­dy. Hiç za­dyň al­nyn­dan bol­ma­sa­mam, ma­ňada şeý­le hor­mat bil­dir­di­ler.

Myh­man­ha­na­da öz­baş­dak otag — gö­räý­mä­ge, yn­san­per­wer­li­giň aň­ry­ba­şy ýa­ly­dyr, şeý­le ge­rek? Ýö­ne, yna­na­ýyň, adam­kär­çi­lik­li şert­le­ri dö­ret­mek olaň kü­ýün­dede ýok­dy. Bi­zi, «ta­ny­mal ki­şi­le­ri» ýig­ri­mi adam­lyk otag­ly buz öwüs­ýän agaç jaý­la­ra ga­ba­ma­ga de­rek, myh­man­ha­na­nyň ýyl­jak otag­la­ryn­dan orun ber­di­ler, ýö­ne şeýt­mek bi­len ga­ty aňyr­dan aý­la­ýar­dy­lar. Olar biz­den ge­rek­li mag­lu­ma­ty ada­ty urupýenç­me­ler, gy­na­ma­lar ar­ka­ly dälde, eý­sem, has in­çe je­za­la­ry — do­ly çet­leş­dir­me je­za­sy­ny ula­nyp, al­ma­gy ni­ýet edin­ýär­di­ler. Bi­ze hiç za­dam ede­nok­dy­lar. Di­ňe boş­lu­ga, go­walç­ly­ga dyk­dy­lar, olar ýal­ňyz­ly­gyň ada­myň beý­ni­si­ne güýç­li tä­sir ed­ýä­ni­ni go­wy bil­ýär­di­ler. Bi­zi daş­ky dün­ýä­den do­ly gy­rak­la­dyp, iç­ki dart­gyn­ly­ly­gyň aýaz­dyr gam­çy­dan has çalt gür­le­mä­ge mej­bur eder di­ýip ga­raş­ýar­dy­lar.

Şeý­le se­re­deň­de me­ni ýer­leş­di­ren otag­la­ry ýa­kym­syz tä­sir gal­dy­ra­nok­dy: o taý­da ga­py, stol, ýa­tal­ga, kür­si, elýüz ýu­wul­ýan, gö­ze­nek­li pen­ji­re bar­dy. Ýö­ne ga­py gün­di­zem, gi­jede ýa­pyk­dy; sto­luň üs­tün­de — ne ki­tap, ne ga­zet, ne ga­lam, nede ka­gyz bar­dy; pen­ji­räň öňün­de — ker­piç di­war; özü­mem, be­de­ni­mem boş­luk­da­dy. Bar za­dy­mam elim­den gaň­ryp­dy­lar: wag­tyň nä­çe­di­gi­ni bil­me­zim ýa­ly sa­ga­dy­my, ýa­zyp bil­me­zim ýa­ly ga­la­my­my, hat­da çak­gy­my hem alyp­dy­lar. Gö­rüp bil­ýän ýe­ketäk yn­san di­ýen jan­da­ry­mam tür­me gö­zeg­çi­si­di, em­ma oňa meň bi­len gür­leş­mek, so­wal­lam­ma jo­gap ber­mek ga­da­gan­dy. Ne adam­laň ýü­zü­ni gör­ýär­dim, nede adam­laň se­si­ni eşid­ýär­dim, er­tir­den gi­jä, gi­je­den er­ti­re çen­li gö­züm üçin, gu­la­gym üçin, beý­le­ki duý­gu­lam üçin hiç hi­li ru­hy çeş­me ýok­dy. Özözüm bi­len hemde azow­lak dil­sizagyz­syz zat­lar — stol, ýa­tal­ga, pen­ji­re, elýüz ýu­wul­ýan bi­len ýek­meýek­dim. Men laljim, tüm ga­raň­ky um­ma­na goý­be­ri­len ba­tis­fe­ra­da­ky guw­was de­ýin ýal­ňyz­dym, üs­te­si­ne, ha­las edi­ji ur­ga­nyň üzü­len­di­gi­ne, in­dem hiç ha­çan şu düýp­süz çuň­luk­dan çy­ka­ryl­ma­ja­gy­na gar­ja­şyk ah­wa­lat­da dü­şün­ýän adam ýa­ly­dym…

Men hiç zat ede­mok­dym, hiç zat eşi­de­mok­dym, hiç zat gö­re­mok­dym. Aý­ra­ty­nam, gi­je­le­ri­ne. Bu bir wagt­syz, gi­ňiş­lik­siz boş­luk­dy. Bir burç­dan beý­le­ki bur­ça ýö­re­mek bol­ýar­dy, şon­da pi­kir­leň­ňem my­da­ma yzy­ňa düş­ýär­di. Zolzol aňyr­dan bä­rik, bär­de­nem aň­ryk… Ýö­ne, hat­da pi­kir­le­ri­ňede nä­hi­li­dir bir da­ýanç no­ka­dy ge­rek­di, ýog­sa olar öz tö­we­re­giň­de bi­ma­ny per­waz urup baş­la­jak­dy: ola­ram boş­lu­gy gö­te­rip bil­me­ýär. Ir­den­den ag­şa­ma çen­li nä­me­dir bir za­da ga­raş­ýaň. Em­ma hiç zat bo­la­nok. Ga­raş­ýaň, ga­raş­ýaň — hiç za­dam bo­lup ge­çe­nok. Yn­ha, şeý­dip şol ga­ra­şyp dur­suň, ga­ra­şyp dur­suň, tä çek­gäň agy­ryp baş­la­ýan­ça, şol pi­kir edip dur­suň, pi­kir edip dur­suň, pi­kir edip dur­suň. Şol bir heň. Sen he­ni­zem ýal­ňyz. Ýal­ňyz. Ýal­ňyz…

Şeý­le ýag­daý iki hep­de­läp do­wam et­di. Men wagt­dan üz­ňe, dur­muş­dan üz­ňe ýa­şa­ýar­dym. Eger uruş baş­lan bo­lan­ly­gyn­da, men mu­ny öm­ryl­la bil­mez­dim: meň dün­ýäm stol, ga­py, ýa­tal­ga, elýüz ýu­wul­ýan, kür­si, pen­ji­re, di­war­lar bi­len çäk­len­ýär­di. Her sa­par di­war ka­gy­zy­nyň na­gyş­la­ry­na se­re­den ma­ha­lym, göw­nü­me bol­ma­sa, kim­dir bi­ri olaň eg­ribug­ry şe­ki­li­ni po­lat kes­giç bi­len beý­nim­de gaý­ta­la­ýan ýa­ly­dy.

Ahy­ry so­rag­lar baş­lan­dy. Duý­dan­syz­lyk­da ça­gyr­ýar­dy­lar — men muň gün­diz bol­ýa­ny­nam, gi­je bol­ýa­ny­nam bi­le­mok­dym. Bir­nä­çe in­siz­je dä­liz­ler ar­ka­ly nä­mä­lim bir ýer­le­re git­me­li bol­ýar­dy. So­ňam ni­re­de­di­gi nä­mä­lim ýer­de ga­raş­ma­ly. Ahy­ry sto­luň öňün­de sö­mel­ýäň, onuň aňyr­syn­da har­by ly­bas­da iki ki­şi otu­ran­dyr. Sto­luň üs­tün­de içi mag­lu­mat­ly toptop ka­gyz ýa­tyr — olaň maz­mu­ny­ny bil­jek gü­ma­nyň ýok; soň­ra so­rag­lar baş­lan­ýar; ge­rek­li­sem bar, ge­rek­me­je­gide, gö­nü­dengö­nü­le­ride bar, ug­ruk­dy­ry­jy­la­ryda, hi­le­li so­wal­la­ram bar, du­za­ga meň­zeş­le­ride. Ola­ra jo­gap ber­ýän ma­ha­lyň ke­se­ki ki­şiň ni­ýe­ti ýa­man bar­mak­la­ry ka­gyz­la­ry wa­rak­la­ýar, se­nem şo taý­da nä­me­ler ýa­zy­la­ny­ny bi­le­ňok, ke­se­ki ki­şiň ýa­man ni­ýet­li el­le­rem si­ziň gör­kez­me­leň­ňi­zi ýaz­ýar, se­nem, as­ly­ýe­tin­de, onuň nä­me­ler ýaz­ýa­ny­ny bi­le­ňok. Ýö­ne şu so­ra­ga çek­me­ler­de özüm üçin iň aýyl­gan­jy meň eda­ram­da nä­me­ler ama­la aşy­ry­la­ny ba­ra­da hut ges­ta­po üçin eý­ýäm nä­me­leň mä­lim­di­gi­ni, olaň men­den ýe­ne nä­me­le­ri aň­mak is­le­ýä­ni­ni bi­le­mok­dym, asyl bil­jek gü­ma­ny­mam ýok­dy. Iň soň­ky pur­sat­da iň wa­jyp hatpe­tek­le­ri aga­ma ber­mek üçin hyz­mat­kär ze­na­na gow­şu­ran­dy­gy­my hä­lem bir si­ze ýaň­zy­dyp­dym. Şol hatpe­tek­ler aga­ma ýet­di­mi­kä be­ri? Şu­gul­çy gul­luk­çym nä­me­le­ri anyk­la­dy­ka? Ol haý­sy hat­la­ry alyp ýe­tiş­di­kä? Olar bi­ziň ke­şiş­ha­na­laň bi­ri­niň iş­le­ri­ni alyp bar­ýan haý­sy­dyr bir tünt­räk ru­ha­ny­syn­dan os­mak­la­dyp, nä­hi­li syr alyp bil­di­ler­kä?

Bu­lar we­lin zol so­ra­ga çek­ýär­di­ler, üz­nük­siz so­ra­ga çek­ýär­di­ler. Haý­sy­dyr bir ke­şiş­ha­na üçin nä­hi­li gym­mat­ly ka­gyz­la­ry sa­tyn al­dyň di­ýip so­ra­ýar­dy­lar. O tü­ki­ni ýada bu tü­ki­ni bil­ýän­mibi­le­mok? Bank­laň haý­sy bi­ri bi­len ara­gat­na­şyk sak­lap­dy­ryn? Şweý­sa­ri­ýa bi­len hemde Hu­daý bil­sin baş­ga nä­jü­re ýer bi­len hat al­şyp­dy­ryn­my? Olaň eý­ýäm nä­me­le­ri dör­je­läp aňyr­sy­na ýe­ten­dik­le­ri­ni öňün­den du­ýup bi­le­mok­dym, şon­dan öt­ri her bir jo­ga­bym meň üçin ölüm howp­lu­dy. Olaň ma­ga­dy­na ýet­me­dik bir zat­la­ry­ny bo­ýun alyp, hiç bir ha­jat­syz kim­dir bi­ri­ni pi­ti­ge mün­dür­me­gim ah­mal­dy; äh­li zat­la­ry ret edi­bem, özözü­me zy­ýan ýe­tir­ýär­dim.

So­ra­ga çe­kil­me­ler en­tek wiýç­jik­di. So­rag­lar­dan soň boş­lu­ga — şol bir stol­ly, şol bir ýa­tal­ga­ly, şol bir elýüz ýu­wul­ýan­ly, şol bir di­war ýü­zü­ne ka­gyz çe­ki­len ba­ýa­ky ota­ga öw­rü­lip bar­mak on­dan has be­ter ejir ber­ýär­di. Ten­hatäk özüm ga­lam­soň, men ba­dabat so­ra­ga çe­kil­me­de nä­me­ler bo­lup ge­çe­ni­ni aňym­da aý­lap baş­la­ýar­dym, akyl­ly­rak jo­gap be­rip bi­läý­jek ýe­ri­mi öl­çe­ripdök­ýär­dim, özü­miň oý­la­ny­şyk­syz bel­li­gim ze­rar­ly, şüb­he­le­ri ba­şym­dan sow­mak üçin in­di­ki sa­par nä­me aýt­ma­ly­dy­gy­my sal­dar­lap gör­ýär­dim.

Şo­laň ba­ry­ny aňym­da aý­la­ýar­dym, sül­çä aý­dan her sö­zü­mi çint­ge­ýär­dim, her­ta­rap­la­ýyn öl­çer­ýär­dim, onuň so­wal­la­ry­ny­dyr özü­miň jo­gap­lam­my ýa­dym­da di­keld­ýär­dim. Gör­kez­me­lem­miň haý­sy bö­le­gi­niň bel­li­ge alyn­ýa­nyn­dan baş alyp çyk­jak bol­ýar­dym, ýog­sa şu­la­ry düý­bün­den ha­sap­la­ma­gy­ňam, kes­git­le­me­gi­ňem müm­kin däl­di­gi­ne ga­ty go­wy dü­şün­ýär­dim. Boş­luk­da täk özüm ga­lan­ja ba­dy­ma, beý­ni­de tä­zetä­ze çak­la­ma­lar dö­räp, pi­kir­ler kel­läm­de dy­nuw­syz at sal­ma­ga baş­la­ýar­dy, hat­da şo­lar uky­nyda ha­ra­ma çy­kar­ýar­dy. Her sa­par ges­ta­po­da­ky so­ra­ga çe­kiş­lik­den soň özü­miň oýhy­ýal­lam re­him­siz­lik bi­len işe gi­riş­ýär­di; olar so­rag­laň je­birje­pa­la­ry­ny hemde ez­ýethor­luk­la­ry­ny ýe­ne gaý­ta­dan di­keld­ýär­di­ler; muň özi, dog­ru­sy, ha­sam eý­menç­di, se­bä­bi sül­çiň ýa­nyn­da bu, bol­man­da, bel­li bir wagt­da gu­tar­ýar­dy, ýapýa­ňy gö­ren gör­gü­lem­miň aňym­da gaý­ta­lan­ma­gy­nyň we­lin öňiar­dy gör­ne­nok­dy, içi­ňi by­jyk­la­dyp alyp bar­ýan ýal­ňyz­ly­gam muň üs­te­si­ne. Aý­ryl­maz hem­ram, ozal­ky­la­ry ýa­ly, stol, elýüz ýu­wul­ýan, ýa­tal­ga, di­war ka­gy­zy, pen­ji­re. Ün­sü­ňi so­wup bil­jek zat ýok­dy, ne ki­tap bar­dy, nede žur­nal, ne del adam ýü­zi bar­dy, nede nä­me­dir bir zat bel­leş­di­rer ýa­ly ga­lam bar­dy, nede bar­mak­laň­da aý­lar ýa­ly ot­lu­çöp, hiç zat, bü­tin­leý hiç zat ýok­dy.

Yn­ha, hut şu ýer­dede myh­man­ha­na­da­ky ýe­ke adam­lyk ga­za­mat düz­gü­ni­niň nä­hi­li şeý­ta­ny oý­lap ta­py­jy­ly­gy bi­len, yn­san ru­hy­ýe­ti­ne nä­hi­li in­çe­den yzar­la­nyl­ýan be­let­lik bi­len ma­za­ly öl­çe­ri­len­di­gi­ne do­ly dü­şün­dim. Kon­sent­ra­sion la­ger­de, gür­rüň­siz, tä aýak­laň ga­tap gal­ýan­ça, gan­ja­ran ga­bar­çak­ly el­le­ri­ňi pak­gar­dyp, gal­tak­da daş çek­me­li bor­dy, dy­myl­jyk, so­wuk öý­ja­gaz­da özüň ýa­ly ýig­ri­mä ýa­kyn bet­bagt bi­len ýa­şa­ma­ly bor­dy. Em­ma şo taý­da — daştö­we­re­giň­de yn­san keşp­le­ri, gi­ňiş­lik, gal­tak, da­ragt­lar, ýyl­dyz­lar bar­dy ahy­ry, o ýer­de na­za­ry­ňy eg­lä­re zat bar­dy… bär­de we­lin gap­da­lyň­da hiç ha­çan hiç zat üýt­gä­nok­dy, ba­ry­sy kel­lä­ňi üýt­ge­der de­re­je­de öň­kiöň­kü­si ýa­ly­dy. Oýhy­ýal­lam­dada, ýü­re­gi­ňebag­ry­ňa dü­şüp bar­ýan, iri­zi­ji pi­kir­lem­dede, het­de­na­şa ha­saphe­sip­lem­dede üýt­ge­ýän zat ýok­dy. Ola­ra ge­re­gem şu­dy: olar oýhy­ýal­lam­myň me­ni bo­ga­ry­ny, tä de­mi­gip baş­la­ýan­çam bo­ga­ry­ny is­le­ýär­di­ler. Şon­da bia­laç yla­laş­mak­dan hemde bo­ýun syn­mak­dan, ola­ra ge­rek zat­laň ba­ry­ny bo­ýun al­mak­dan, adam­laň hemde hatpe­tek­leň üs­tü­ni aç­mak­dan baş­ga çy­kal­ga gal­ma­ly däl­di.

Ýu­waşýu­waş boş­lu­gyň aýyl­ganç ba­sy­şy ne­ti­je­sin­de el­denaýak­dan çy­kyp bar­ýa­ny­my du­ýup ug­ra­dym. Muň nä­hi­li ha­tar­ly­dy­gy­na dü­şü­nem­soň, men bar güý­jüm bi­len er­ki­mi ti­je­ýär­dim, bü­tin­leý aky­ly­my ýi­tir­mez­lik üçi­nem, nä­hi­li­dir bir pi­şe bi­len meş­gul­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­dym. Goş­gu­la­ry ses­li oka­ýar­dym, ha­ça­nam bol­sa birma­hal ýat tu­tan zat­lam­my — halk aý­dym­la­ry­ny, ça­ga ýyl­la­ry­myň goş­gu­la­ry­ny, gim­na­zi­ýa­da okan döw­rü­miz­de öw­re­nen Go­me­ri­mi, ra­ýat ka­nun­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň bö­lek­le­ri­ni — ha­ky­da­ma ge­tir­mä­ge çyt­raş­ýar­dym. Soň­ra arif­me­ti­ka me­se­le­le­ri­ni çö­züp ug­ra­dym, aňym­da her dür­li san­la­ry goş­ýar­dym hem böl­ýär­dim, ýö­ne boş­luk­da meň aňy­ma ýa­py­şal­ga, tu­tal­ga ýok­dy. Men in­di hiç zat­da ün­sü­mi jem­läp bi­le­mok­dym. Beý­ni­de ýe­ketäk, şol bir pi­kir dö­re­ýär­di hemde ok­gun­ly­lyk bi­len iş­läp baş­la­ýar­dy. Olar nä­me­le­ri bil­ýär­kä? Düýn nä­me diý­dim, in­di­ki sa­par nä­me diý­me­li bo­run?

Aý­dypdü­şün­di­rip bol­ma­jak şeý­le ýag­daý dört aýa çek­di. Dört aý — mu­ny ýaz­mak itiň aň­sa­dy, ba­ryýo­gy al­ty harp; di­liň­de aýt­ma­gam şoň ýa­ly aň­sat — ba­ryýo­gy üç bo­gun­lyk jüm­le; bu ses­ler dem sa­lym­da da­han­dan şag­lap çy­kar: dört aý! Ýö­ne ne döw­ri, ne gi­ňiş­li­gi bol­ma­dyk şu wag­tyň nä­hi­li tü­ke­nik­siz uza­ga çe­ke­ni­ni kim gal­lap hem öl­çäp bi­ler? Daştö­we­re­giň di­ňe boş­luk bo­lan ma­ha­ly, boş­luk hemde şol bir stol, şol bir ýa­tal­ga, şol bir elýüz ýu­wul­ýan, şol bir di­war ka­gy­zy, şol bir sesse­lem­siz­lik, ga­bak­la­ry­ny gal­dyr­man ga­py­dan na­har uzad­ýan şol bir gul­luk­çy, tä aňy­ňy ýi­tir­ýän­çäň gi­je­le­ri­ne gü­nü­ňe goý­ma­ýan şol bir pi­kir­ler ada­my­ny he­läk ed­ýär­di, ýal­ňyz­lyk ony san­dan çy­kar­ýar­dy, mu­ny dil bi­len aýt­mak, söz bi­len be­ýan et­mek, hiç ki­me dü­şün­dir­mek müm­kin däl.

Kä­bir ow­nuk ala­mat­lar bo­ýun­ça beý­ni­miň ka­da­ly iş­le­me­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip, tas ýü­re­gim ag­zym­dan çy­kyp­dy. Il­kiil­ki­ler so­ra­ga çe­kil­me­le­re bü­tin­leý du­ry beý­ni­li bar­ýar­dym. Pa­ra­hat­lyk, se­re­sap­ly­lyk bi­len gör­kez­me ber­ýär­dim hemde özü­miň nä­me­le­ri aýt­ma­ly­dy­gy­my, nä­me­le­ri aýt­ma­ly däl­di­gi­mi anyk bil­ýär­dim. In­di bol­sa, bar oňar­ýan za­dym — ýö­ne­keý­je jüm­le­leňde sa­ky­nypsa­ky­nyp ba­şy­ny çat­ýar­dym, çün­ki gör­kez­me­lem­mi al­dy­gy­na ka­gy­za ge­çi­rip du­ran per ga­lam­dan gö­zü­mi aý­ryp bi­le­mok­dym, öz söz­lem­miň yzyn­dan ýüw­rüpýüw­rüp gi­di­be­re­sim gel­ýär­di. Özözü­me erk edip bil­män baş­la­ny­my duý­dum. Ba­şy­my gu­tar­mak üçin bil­ýän­lem­miň ba­ry­ny, bel­kide, şo­lar­dan ar­tyk­ma­jy­nyda aýt­jak pur­sa­dy­myň go­laý­la­ýa­ny­ny syz­ýar­dym. Şu de­mik­di­rip bar­ýan boş­luk­dan dyn­mak üçin men on iki ada­myň se­pi­ni aça­ryn, özüm üçin jin­nek ýa­ly bäh­bi­dim bol­maz­dan, olaň sy­ry­ny paş ede­rin, şeý­de­nim üçi­nem, ga­ty git­se, sä­hel­çe wagt ide­me­le­ri­ni go­ýar­lar.

Gün­ler­de bir gü­nem iň soň­ky çä­ge ba­ryp ýe­ten­di­rindä, tür­me gö­zeg­çi­si na­har ge­ti­ren ma­ha­ly şeý­le­bir la­py­keç­lik ka­kynsil­ki­nim tut­dy we­lin, bir­den onuň yzyn­dan gy­gy­raý­dym:

— Sül­çiň ýa­ny­na el­tiň! Ba­ry­ny bo­ýun al­mak­çy. Ola­ra hatpe­tek­dir pul­laň ni­re­de­di­gi­ni aýt­jak! Ba­ry­sy­ny aýt­jak! Ba­ry­sy­ny!

Her­nä, bag­ty­ma, ol se­si­mi eşit­me­di ýada eşit­mez­li­ge sal­dy.

Yn­ha, şu­nuň ýa­ly ju­da çyk­gyn­syz ýag­daý­da gör­lüpeşi­dil­me­dik wa­ka ýüz ber­di. Gu­tul­ma­gyň ça­la­rak ujy gö­rün­di, wagt­la­ýyn bol­sada, her­hal, şol der­di­mi gu­tar­jak­dy. Iýu­lyň ahy­ry­dy, gö­ze­dürt­me ga­raň­ky, ýa­gyş­ly gün. Şu­laň ba­ry jik­mejik­li­gi bi­len ýa­dym­da, se­bä­bi dä­liz bi­len so­ra­ga alyp bar­ýan ma­hal­la­ry ýa­gyş dam­ja­la­ry pen­ji­rä­ni şa­byr­dad­ýar­dy. Men sül­çiň ota­gy­nyň öňün­dä­ki da­lan­da ga­raş­ma­ly bol­dum. So­ra­ga çe­kiş­li­giň öňü­sy­ra­sy my­da­ma köp ga­raş­ma­ga mej­bur ed­ýär­di­ler. Şeýt­mek olaň düz­gü­ni­ne gi­rip­di. Il­ki gi­jäň için­de duý­dan­syz ýer­den ça­gy­ryp, iki aýa­gy­ňy bir gon­ja sok­ýar­dy­lar, soň­ra özü­ňi dür­säp, sy­na­ga taý­ýar bo­laň­soň, er­kiň hemde aňyň gar­şy­lyk gör­kez­mä­ge hä­zir bo­lan­so­ňam, ýa­pyk ga­pyň öňün­de bir sa­gat­lap, iki sa­gat­lap, üç sa­gat­lap ga­raş­ma­ga mej­bur ed­ýär­di­ler. Bu bi­ma­ny böw­şeň­lik se­ni sur­nuk­dyr­ma­ga, ru­hu­ňy syn­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nil­ýär­di. Şol pen­şen­be­de, 27nji iýul­da — şu gü­ni ma­za­ly ýa­dym­da sak­la­ma­gy­myň aý­ra­tyn se­bäp­le­ri bar — olar me­ni ga­ty köp sak­la­dy­lar; sa­gat iki ge­zek za­ňy­ny kak­dy, men bol­sam da­lan­da şol dik du­rup ga­ra­şyp dur­dum. Ma­ňa otur­ma­ga rug­sat be­ril­me­ýä­ni özözün­den düş­nük­li, on­soň iki sa­ga­dyň için­de aýak­lam bü­tin­leý saň ga­ty bo­lup gi­dip­di. Ga­ra­şyp du­ran ota­gym­da se­ne­na­ma asyl­gy dur­dy. Nä­hi­li­dir bir çap edi­len, nä­hi­li­dir bir ýaz­gy­ly za­dy gö­re­si­miň ge­lip ölüp bar­ýa­ny­my si­ze dü­şün­dir­mek kyn düş­ýär, şol se­bäp­den, mis­li, ja­dy­la­nan dek, şol san­la­ra hemde harp­la­ra tiň­kä­mi di­kip du­run — «27nji iýul». Ola­ry gö­züm bi­len iýäý­sem diý­ýär­dim. Soň­ra ýe­ne ga­raş­ýan, ga­pa ga­rap, ha­çan açy­lar­ka di­ýip şol ga­ra­şyp du­run. Ja­nal­gyç­lar bu sa­par nä­hi­li so­wal be­rer­kä­ler di­ýi­bem kel­läm­de öl­çe­ripdök­ýän, ýö­ne olaň özü­miň taý­ýar­lyk gö­ren jo­gap­lam­myň düý­bün­den ter­si­ne nä­hi­li­dir bir baş­ga zat­la­ry so­ra­jak­la­ry­nyda ga­ty go­wy bil­ýän. Şon­dada, hiç za­da ga­ra­maz­dan, bu je­bir be­ri­ji nä­mä­lim­li­gede, sü­tü­ni­miň süýn­me­gi­nede şü­kür ed­ýär­dim: men öz ota­gym­da dälde, baş­ga bir otag­da­dym! Bu otag meň­ki­den sä­hel­çe ulu­rak­dy, bir pen­ji­räň ýe­ri­ne iki­si bar­dy, ýa­tal­gada, elýüz ýu­wul­ýa­nam, se­kirt­mek­dä­ki mil­lion sa­par gör­len jaý­ryk­lam­mam ýok­dy. Ga­pyň reň­ki baş­ga­dy, di­wa­ryň ýa­nyn­da baş­ga kür­si dur­dy, çep ta­rap­da ka­gyz­lar üçin yş­gap­jyk hemde asa­waç bar­dy, asa­waç­dada ma­ňa je­bir be­ri­ji­leň üç­mi ýa dört­mi şi­ne­li sal­la­nyp dur­dy. Öňüm­de nä­hi­li­dir bir tä­ze — bir­sy­dyr­gyn­lyk­dan aran göz­lerim üçin üýt­ge­şik to­ma­şa bar­dy, ma­ňa şon­dan doý­ma ýok­dy.

Men şi­nel­ler­dä­ki her bir epin­ji­ge de­ňiç göz­den ge­çir­ýär­dim; yn­ha, ol ýa­ka­laň bi­rin­den dam­ja­jy­gyň sal­la­nyp du­ra­ny­ny gör­düm — bu si­ze, me­ge­rem, ga­ty gül­künç eşi­di­ler — he­mem, ahyr­so­ňun­da, şu dam­ja üzü­lip, aşak sy­ry­gar­my­ka ýada ýe­riň dar­tyş güý­jün­den rüs­tem ge­lip, du­ran ýe­rin­de sak­la­nyp bi­ler­mi­kä di­ýip bi­ma­ny how­sa­la bi­len ga­raş­ýar­dym. Çyp­ba­kaýçy­nym, bir­nä­çe da­ky­kaň do­wa­myn­da, ha­ma­la, şu dam­ja öm­rüm bag­la­nan ýa­ly, de­mi­mi al­man, şon­dan gö­zü­mi aýyr­ma­dym. Dam­ja ahy­ry to­gar­la­nyp gi­den­soň, şi­nel­ler­dä­ki ilik­le­ri sa­na­ma­ga gi­riş­dim — bi­rin­de se­kiz, beý­le­ki­sin­dede — şon­ça, üçün­ji­sin­de — on sa­ny ilik bar­dy. Soň­ra ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şan­la­ry­ny de­ňeş­dir­dim. Bu sam­syk­laç, ge­rek­me­jek, äh­mi­ýet­siz maý­daçüý­de­ler özü­mi nä­hi­li güý­me­ýän­di­gi, olaň bu go­laý­da del za­da na­za­ry düş­me­dik göz­lem­mi gy­jyn­dy­ry­şy hemde gan­dy­ry­şy ba­ra­da aý­dy­bam otur­ma­ýyn. Bir­den duý­dan­syz ýer­den bü­tin­leý üýt­ge­şik za­dy gör­düm, şo­lam me­ni gu­tar­nyk­ly ja­dy­la­dy. Şi­nel­le­riň bi­ri­niň gap­dal jü­bü­si­niň ça­la­rak gü­be­rip du­ra­ny­ny aň­dym. Men ýa­kyn­rak süýş­düm. Ki­se­dä­kiň gö­nü­burç­ly su­du­ryn­dan çen tu­tup, onuň ki­tap­dy­gy­ny gü­man et­dim. Dyz­lam saň­ňyl­dap git­di. Ki­tap! Yn­ha, in­di dört aýyň içi­dir, elim­de ki­tap sak­lap gör­män­dim, şon­dan öt­ri söz­leriň se­tir­le­re dü­zül­ýän­di­gi, se­tir­leň­ňem sa­hy­pa­la­ry, çap ka­gyz­la­ry, ahy­ryn­dada ki­ta­by eme­le ge­tir­ýän­di­gi — şol ki­tap­da­nam mun­dan ozal özü­me bel­li bol­ma­dyk, geňena­ýy, gy­zyk­ly pi­kir­le­ri ta­pyp hemde ýat bek­läp bor­dy — bu ba­ra­da­ky pi­kir­leň ba­ry hemä duý­gu­lam­my dör­je­le­ýär­di, he­mem me­lul ed­ýär­di.

Men, do­gaja­dy edi­len my­sa­ly, gü­be­rip du­ran ki­sä, içi ki­tap­ly ki­sä şeý­le­bir hy­juw bi­len se­red­ýär­dim we­lin, ha­ma­la, öz ot­luk­ly na­za­rym bi­len şi­ne­li çü­rüş­di­rip, de­şäý­jek ýa­ly­dym. Ahy­ryn­dada ha­lys sa­byrta­ka­ty­my ýi­tir­dim. Ki­ta­by iň bol­man­da şi­ne­liň da­şyn­dan el­läp gö­rüp bil­je­gim ba­ra­da­ky pi­kir hy­ýa­ly­ma ge­len­de, el­lem saň­ňyl­dap gi­dip­di. Nä­me ed­ýä­ni­mi özü­mem bil­män, ha­sam öňe süýş­düm.

Her­nä, bag­ty­ma, tür­me gö­zeg­çi­si özü­mi alyp bar­şy­myň üýt­gä­ni­ne ün­sem ber­me­ýär­di; me­ge­rem, ol iki sa­gat­lap aýak üs­tün­de dik du­ran ada­myň di­wa­ra di­re­ne­si­niň gel­ýä­ni­ni ada­ty bir zat hök­mün­de ka­bul edäý­di öýd­ýän. Ine, in­di men şi­ne­liň edil go­laý­ja­gy­nada bar­dym. Oňa bil­nik­siz el de­gir­mä­ge ýag­daý dö­ret­mek üçin eli­mi ar­ka­ma aý­la­dym. Jü­bi­ni da­şyn­dan ser­me­leş­dir­dim, onuň için­de, ha­ky­kat­da­nam, gö­nü­burç­ly, gy­şar­ýan, ça­la şa­tyr­da­ýan za­dyň — ki­ta­byň, ki­ta­byň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­dim! Bir­de­nem beý­ni­mi bir pi­kir ço­ka­lap git­di: «Ki­ta­by çil. Bar­dygel­di şeýt­mek ba­şart­sa, on­da sen ony öz ota­gyň­da giz­läp bi­ler­siň he­mem okap, okap, okap, soň­ra ýe­nede gaý­ta­lap okap bi­ler­siň!». Şu pi­kir ýa­ňy­bir kel­läm­de peý­da bo­lan­da, onuň awu­ly güý­ji ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da tä­sir edip ug­ra­dy. Gu­lak­lam şaň­la­dy, ýü­re­gim tar­syl­da­ma­ga baş­la­dy, do­ňan bar­mak­lam di­ýen et­me­jek bol­ýar­dy. Ýö­ne baş­ky saň­sar da­şy­na öw­rü­lip du­ran ýag­da­ýym­dan aý­ňa­lam­soň, duý­dan­syz şi­ne­le gy­syl­dym, tür­me gö­zeg­çi­sin­den ýe­ke pur­sa­dam gö­zü­mi aýyr­man, ar­ka­ma aý­lan el­lem bi­len ki­ta­by jü­bü­den ýo­kar­ly­gy­na it­mä­ge dur­dum. Ýo­ka­ryk, ýo­ka­ryk, ýe­ne ýo­ka­ryk, so­ňam bir­den sil­kip goý­ber­dim — se­re­sap­ly­lyk hemde ýe­ňil­lik bi­len çek­dim, ana, şon­da eli­me çak­laň­ja ki­tap­jyk il­di.

Şu ýer­de eden işim­den ýa­man gork­dum. Ýö­ne in­di yza ýol ýok­dy. Men­de baş­ga alaç gal­man­dy. Ki­ta­by bi­lim sak­lar ýa­ly ar­ka ta­rap­dan ba­la­gy­myň içi­ne dyk­dym, ýu­waşýu­waş­da­nam ony by­ky­ny­ma süý­şür­dim. In­di el­lem­mi har­by­lar­ça gy­syp, ki­ta­by du­ran ýe­rin­de sak­lap bil­ýär­dim. Sy­nag edäý­mek ga­lyp­dy. Asa­waç­dan iki ädim, üç ädim ýö­re­dim. Gül ýa­ly! Eger by­ky­ny­my berk gys­sam, on­da ki­ta­by ga­çyr­man ýa­nyň bi­len alyp git­mek müm­kin­di.

Soň­ra so­rag­lar baş­lan­dy. Ol adat­da­ky­lar­dan has köp güý­jü­mi al­dy: so­wal­la­ra jo­gap be­rip dur­şu­ma öz jo­gap­lam­ma ün­sem ber­me­ýär­dim, ki­ta­byň sy­paý­ma­gyn­dan äti­ýaç edip, äh­li güý­jü­mi şo­ny sak­la­ma­ga gö­nük­dir­dim. Her­nä, bag­ty­ma, bu ge­zek so­rag­lar uza­ga çek­me­di, on­soň ma­ňa ki­ta­by öz ota­gy­ma sagaman elt­mek ba­şart­dy. Jik­mejik­lik­le­ri bi­len si­zi ýa­da­dyp dur­ma­ýyn: di­ňe yzy­my­za in­çe­jik dä­liz bi­len bar­ýar­kak ga­ty ha­tar­ly ýag­da­ýyň ýüz be­re­ni­ni di­le ge­ti­rä­ýe­ýin: ki­tap bi­lim­den ba­la­gy­ma gaç­dy, ana, şon­da üç ep­le­nip, ki­ta­by ýe­ne bi­li­miň aşa­gy­na sok­mak üçin tü­ke­nik­siz üs­gü­le­wü­ge tut­du­ryp, jö­gü­lik et­me­li bol­dum. Ony dow­za­hy­ma ge­ti­rip, ahy­ry ýe­ke özüm ga­lan pur­sa­dym­da­ky be­gen­ji­mi aý­dypdi­ýer ýa­ly däl­di. In­di men ýe­ke däl­dim.

Siz, me­ge­rem, bar ar­zu­wy­myň ha­syrhu­sur ki­ta­ba ýa­py­şa­ga­da, ony göz­den ge­çir­mek, oka­mak di­ýip pi­kir ed­ýän­si­ňiz. Ýok, beý­le däl. Il­kin­ji no­bat­da ony go­la sa­la­ny­myň keý­pi­ni gör­mä­ge baş­la­dym; uzakuzak wagt­lap süýt kö­lü­ne ba­ta­sym gel­ýär­di — her­nä ogur­lan ki­ta­by­myň harp­la­ry ow­nuk, sü­resü­mek bol­sa­dy, içi harp­lar­dan ýa­ňa dy­ky­lypdol­du­ry­lan bol­sa­dy, ony müm­kin­ga­dar uzak wagt­lap oka­rym ýa­ly sa­hy­pa­jyk­la­ryda ýu­ka­jyk­danýu­ka­jyk bol­sa­dy. Onuň oka­nym­da kes­gir aky­ly ta­lap ed­ýän, oý­lan­dyr­ýan ki­tap bo­la­ry­ny is­le­ýär­dim — ma­ňa ýe­ňilýel­paý, war­raýşar­raý ede­bi­ýat der­kar däl­di. Eger onuň için­den nä­me­dir bir za­dy — aý­da­ly, şy­gyr­la­ry ýat tu­tup bol­ýan bol­sa, ýag­şy bor­dy. Bar­dygel­di ki­tap — ar­zuw ke­mi ýok­dur! — Go­me­riň­ki ýada Gýo­täň­ki bol­sa da­gy, nä­hi­li go­wy bo­lar. Ahy­ry özü­miň aç­göz bi­le­si­ge­li­ji­li­gi­me erk edip bil­me­dim. Bir­den tür­me gö­zeg­çi­si duý­dan­syz ga­py­ny aça­ýan­ly­gyn­da, on­da şüb­he dö­re­me­zi ýa­ly, ýa­tal­ga­nyň üs­tün­de süýn­dümde, bi­lim­den ki­ta­by çy­kar­dym.

Ýü­zü­ne se­re­den­je ba­dy­ma la­pym keç bo­la­nyha hiç we­lin, dog­ru­sy, myr­ry­hy­my tut­dur­dy; ol­jam oň­ma­dy, ýog­sa ogur­ly­ga baş go­şup, kel­lä­mi ete­gi­me sa­lyp­dym, iň ýo­kuş deg­ýän ýe­ri şo ki­tap men­de umyt uç­gun­jyk­la­ry­ny oýa­ryp­dy, ar­man, ol bel­li küşt us­sat­la­ry­nyň oý­nan ýüz el­li sa­ny dö­wü­niň ýy­gyn­dy­sy bo­lup çyk­dy. Daştö­we­re­gim di­war­dyr de­mir gö­ze­nek­ler­den ga­bal­ma­dyk ýag­da­ýym bo­lan­ly­gym­da, ka­ky­nym tu­tup, bu ki­ta­by pen­ji­re­den zy­ňyp goý­bär­dim. Ha­ny, aý­dyň, beý­le ugur­syz zat­dan ma­ňa ne peý­da, dog­ru­da­nam, ne peý­da? Gim­na­zi­ýa­çy­laň ga­la­py­ny ýa­ly, men wagt ge­çir­mek üçin ga­ty seý­rek küşt oý­nar­dym. Ýö­ne muň ýa­ly küşt düz­gün­le­ri­ni der­ňe­ýän war­sa­ky nä­mä­me ge­rek?

Küş­ti özözüň bi­len, hasda be­te­ri, küşt tag­ta­syz, çöp­süz oý­nap bol­ma­ýar. Men ki­tap­dan haý­sy­dyr bir okar ýa­ly — nä­hi­li­dir bir gi­ri­şi ýada dü­şün­di­ri­şi ta­pa­ryn di­ýen ni­ýet bi­len ony ga­ny­gyz­gyn­ly­lyk bi­len wa­rak­la­ýar­dym. Ýö­ne us­sat­laň döw­le­ri­ni özüm üçin nä­mä­lim ala­mat­lar bi­len aň­la­dy­lyp gör­ke­zil­ýän gö­ni dört­burç jed­wel­ler­den baş­ga hiç zat tap­ma­dym; «a2 – a3», «f1 – g3» hemde şo­la­ra meň­zeş. Bu­laň ba­ry meň üçin al­geb­raik kes­git­le­me­le­re ça­lym­daş bir när­se­di, men­de ola­ry çöz­me­giň tä­ri ýok­dy. Di­ňe du­raba­ra «a», «b», «c» harp­laň dik ha­tar­la­ry aň­lad­ýa­ny­na, «1» — «8» san­la­ry­ny­ňam ke­se ha­tar­la­ry aň­lad­ýa­ny­na, olaň her bir aý­ry çö­püň hä­zir­ki pur­sat­da­ky ýag­da­ýy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ne dü­şün­dim. Diý­mek, bu aras­sa gra­fi­ki diag­ram­ma­lar nä­me­dir bir zat­dan ha­bar ber­ýär­di.

«Kim bil­ýä — di­ýip, men oý­lan­dym. — Eger küşt tag­ta­sy­na ky­bap bir zat ýa­sa­ma­gy oňar­sam, bel­kide, ma­ňa bu döw­le­ri oý­na­mak ba­şar­dar». Dü­şe­gi­miň üs­tü­ne ýa­zy­lan gö­ze­nek çyz­myk­ly ma­ta ma­ňa ýo­kar­dan sal­la­nan peş­geş bo­lup gö­rün­di. Ony kes­git­li de­re­je­de ep­le­dim, şeý­le­lik­de, alt­myş dört öý­jük çy­zy­lan meý­dan­ça eme­le gel­di. Ki­tap­dan bir tag­ta go­pa­ryp al­dymda, özü­ni dü­şe­giň aşa­gyn­da ýyg­şyr­dym. So­ňam çö­re­giň maň­zyn­dan pa­ty­şa­ny, per­zi­dir ga­lan çöp­le­ri (ne­ti­je­si, el­bet­de, gül­künç­di) ýa­sa­ma­ga gi­riş­dim he­mem ahyr­so­ňy tü­ke­nik­siz kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip, ma­ta­nyň ýü­zün­de ki­tap­da ge­ti­ri­len küşt oýun­la­ry­nyň bi­ri­ni gör­kez­me­gi ba­şar­dym. Ýö­ne tu­tuş dö­wi oý­na­ma­ga çyt­ra­şam­da, «ak çöp­ler­den» beý­le­ki çöp­leň ýa­ry­sy­na çaň çyr­şam­soň, şol ga­ra mal­la­ry aň­lat­ma­ly bet­bagt çöp­ler meň mak­sa­dy­ma bü­tin­leý ýa­ram­syz bo­lup çyk­dy. Il­kin­ji gün­ler oý­na de­rek dur­şy bi­len bu­lambu­jar­lyk dö­re­ýär­di, men gaý­tagaý­ta tä­ze­den baş­la­ýar­dym, bäş, on, ýig­ri­mi sa­par «küşt dik­ýär­dim». Da­şy­my gur­şap alan boş­lu­gyň ýe­sir­li­gin­de meň­ki ýa­ly bir­gi­den ar­tyk wagt baş­ga kim­de bol­sun diý­se­ne?! Özü­niň­ki­ni gö­gert­mek üçin şeý­le er­jel­lik hemde çy­dam­ly­lyk baş­ga kim­de bo­lup bi­ler?

Döw­leň bi­ri­ni ahy­ry­na çen­li ýal­ňyş­syz alyp git­mek üçin ma­ňa al­ty gün ge­rek bol­dy. Se­kiz gün ge­çen­den soň, küşt mal­la­ry­nyň dü­zü­li­şi­ni ýa­dym­da sak­la­mak üçin dü­şe­güs­ti ma­ta­ny di­ňe ýe­ke­je sa­par ulan­dym, ýe­ne se­kiz gün­den soň onuň ge­re­gide çyk­ma­dy. «a1», «a2», «с3», «g8» ýa­ly umu­my aň­lat­ma­lar meň aňym­da ta­kyk öl­çeg­dä­ki gör­nü­şe gi­rip bar­ýar­dy. Şeý­le öw­rü­li­şik hiç bir kyn­çy­lyk­syz ama­la aş­dy; öz aňy­myň güý­ji bi­len küşt tag­ta­sy­ny, çöp­le­ri hy­ýa­lym­da jan­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýar­dym hemde berk kes­git­le­nen düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da küş­tüň is­len­dik pi­ri­mi­ni ba­dabat göz öňü­me ge­ti­rip bil­ýär­dim. Muň özi, us­sat sa­zan­daň no­ta ça­la se­re­dip, her bir saz gu­ra­ly­nyň hemä aý­ra­tyn­lyk­da­ky se­si­ni, hemde bi­le­lik­dä­ki owa­zy­ny eşi­dip bil­şi ýa­ly bir zat­dy.

Ýe­ne iki hep­de­den soň, men ki­tap­dan her bir dö­wi hiç bir kyn­çy­lyk­syz aňym bi­len ýada küşt­çü­leň di­li bi­len aý­daň­da, gö­zü­mi ýu­mu­bam oý­nap bil­ýär­dim. Men di­ňe şon­da kel­lä­mi ete­gi­me sa­lyp eden ogur­ly­gy­myň özü­me ni­çig­si sow­gat bo­la­ny­na do­ly dü­şün­dim. Goý, bi­ma­ny, bi­mak­sat bol­sada, güý­men­je ta­py­lyp­dy, şol güý­men­jede daştö­we­re­gim­dä­ki boş­lu­gy dol­dur­ýar­dy. Us­sat­laň oý­nan ýüz el­li dö­wi bi­len ýa­rag­la­nyp, men in­di gy­sypgow­rup bar­ýan bir­sy­dyr­gyn­ly­gyň hemde al­da­jy boş­lu­gyň gar­şy­sy­na gö­re­şip bil­ýär­dim.

Şon­dan bä­ri tä­ze duý­gy­nyň ýe­sir edi­ji­li­gi­ni sak­la­ma­ga dyr­ja­şyp, öz gü­nü­mi la­ýyk kes­git­le­mä­ge baş­la­dym: ir­den iki döw, gü­nor­ta şa­myn­dan so­ňam iki döw hemde ag­şa­ma­ra oý­na­lan döw­leň gys­ga­jyk der­ňe­wi. Şun­luk­da, mun­dan ozal duz­suz ta­gam de­ýin ge­çen gün­lem, in­di süý­jäp ug­ra­dy. Tä­ze pi­şäm me­ni iriz­me­ýär­di; küş­tüň aja­ýyp aý­ra­tyn­ly­gam şon­da — he­re­ke­tiň berk çäk­le­nen­di­gi­ne se­ret­mez­den, aňyň, hat­da ju­da güýç­li dart­gyn­ly­lyk­dada ýa­da­ma­ýar, gaý­tam, ter­si­ne, ba­şar­ny­gy art­ýar, has ber­daş­lan­ýar, ber­ke­ýär.

Il­ki­baş­da döw­le­ri kän­bir oý­lan­maz­dan oý­na­ýar­dym, ýö­ne ýu­waşýu­waş, us­sat­lyk bi­len gur­na­lan küşt til­sim­le­ri­ni hemde hü­jüm­le­ri­ni yzy­gi­der­li, dy­nuw­syz gaý­ta­lap, men on­dan üýt­ge­şik ru­hy lez­zet al­ma­ga baş­la­dym. Hü­jü­miň hemde go­ra­ny­şyň in­çe­li­gi­ni, me­kir­li­gi­ni, ýe­ser­li­gi­ni sel­jer­me­gi öw­ren­dim, oý­nuň gi­di­şi­ni nä­dip bir­nä­çe göç öňün­den gö­rüp bol­ýan­dy­gy­na, hü­jüm­dir gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jü­mi nä­dip taý­ýar­la­ma­ly­dy­gy­na, ama­la aşyr­ma­ly­dy­gy­na akyl ýe­tir­dim, ti­za­rada her bir çem­pio­nyň oý­na­ýyş tä­ri­ne göz ýe­tir­dim, şo­nuň ýa­lyda, olaň oý­nu­ny — bir­nä­çe se­ti­ri bo­ýun­ça goş­gyň haý­sy şa­hy­ra de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp bol­şy ýa­ly — gö­çüm­le­rin­den ta­nap baş­la­dym.

Baş­da di­ňe wagt ge­çir­me­giň se­riş­de­si bo­lan bol­sa, soň­ra ol lez­ze­te, ma­za öw­rül­di, Ale­hin, Las­ker, Bo­gol­ýu­bow, Tar­ta­ko­wer ýa­ly küşt sun­ga­ty­nyň de­ňita­ýy bol­ma­dyk az­na­wur­la­ry, mis­li, ga­dyr­dan dost­lam ýa­ly, meň bi­len bir­lik­de ben­di­lik­dä­ki ýal­ňyz­ly­gyň der­di­ni çe­kiş­ýär­di­ler.

Ha­wa, in­di ynsjyns­syz zyn­da­nym­da ten­hatäk däl­dim. Küşt bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gym aňy­myň gow­şap ug­ran ukyp­la­ry­nyň di­ke­lip baş­la­ma­gy­na ýar­dam et­di. Se­rim dur­la­nan­soň, beý­ni ýe­ne öň­ki kad­dyn­da iş­le­ýär­di, hat­da öň­kü­de­nem be­ter ýi­ti­leş­di hemde kes­gir bol­dy. Ozal­ky dur­ku­na ge­len ukyp­lam, il­kin­ji no­bat­da, so­ra­ga çe­kiş­lik ma­ha­ly aý­dyň hemde dürs iş­läp baş­la­dy. Küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da men, özüm aň­şyr­maz­dan, boş, pag­ta­bent haý­bat­lar­dan hemde bil­nik­siz, ýa­şy­ryn hü­jüm­ler­den go­ran­mak ba­şar­ny­gy­ny aňy­ma siň­dir­ýär­dim, şon­dan bä­ride sül­çü­ler ga­pyl­lyk­da üs­tü­mi ba­syp bil­me­ýär­di­ler. Göw­nü­me bol­ma­sa, ges­ta­po­çy­lar ma­ňa az­dakän­de hor­mat goý­ýan ýa­ly bo­lup gö­rün­di. Yzy­gi­der­li gar­şy­lyk gör­kez­mek üçin ni­räň nä­bel­li çeş­me­sin­den güýç su­sup al­ýa­nym, müm­kin, ola­ry geň gal­dyr­ýan­dyr, se­bä­bi olar eý­ýäm bir­gi­den ada­my ruh­dan dü­şü­rip syn­dy­ryp­dy­lar, dy­za çö­ke­rip­di­ler.

Şu ýüz el­li dö­wi yzy­gi­der­li, gün yzy­na gün yr­man oý­nan bagt­ly döw­rüm iki ýa­rymüç aý do­wam et­di. Soň­ra, duý­dan­syz ýer­den, ýe­ne tog­ta­ýyş no­ka­dy­na di­re­di. Gö­zü­miň öňün­de ýe­nede şol boş­luk peý­da bol­dy. Şu döw­re çen­li men eý­ýäm her bir dö­wi ýig­ri­miotuz ge­zek ilik­düw­me öw­re­nip­dim. Tä­ze duý­gyň ýa­ky­my ýi­tip­di, küşt til­sim­le­ri in­di oýa ba­ty­ra­nok­dy, hy­juw­lan­dyr­ma­ýar­dy, heý­ja­na sal­ma­ýar­dy. Döw­le­ri tü­ke­nik­siz gaý­ta­lap otur­ma­gyň peý­da­sy, ne­ti­je­si ýok­dy, olar­da­ky her gö­çü­mi bir wagt ýat bek­läp­dim. Oý­na baş­la­ýan we­lin, äh­li zat eliň aýa­syn­da­ky ýa­ly, göz öňü­me gel­ýär­di, on­da hiç hi­li ga­ra­şyl­ma­dyk, çö­zül­me­dik, bi­lin­me­dik gö­çüm gal­man­dy. Eger içi küşt oýun­ly tä­ze ki­tap ta­pyp, beý­ni­ni ýe­nede iş­le­mä­ge mej­bur edip bol­sa­dy! Ýö­ne bu müm­kin däl­di, in­dem men­de di­ňe ýe­ke çy­kal­ga ga­lyp­dy: kö­ne, ta­nyş döw­lem­me de­rek özüm tä­ze­le­ri­ni oý­lap tap­ma­ly. Özözüm bi­len ýada, has dog­ry­sy, öz gar­şy­ma oý­na­ma­ly­dym.

Si­ziň ha­ça­nam bol­sa, bir­ma­hal, äh­li oýun­laň ara­syn­da küşt ýa­ly iň gö­ze­li­niň, iň aja­by­nyň ada­myň aňy­na nä­hi­li tä­sir ýe­tir­ýä­ni ba­ra­da oý­la­nypoý­lan­ma­ny­ňy­zy bil­me­dim. Ýö­ne kel­lä sä­hel­çe ag­ram sal­saň, bu oýun­da tö­tän­lik ýok, küşt aras­sa paý­has oý­ny, öz gar­şy­ňa özüň oý­na­ma­gyň ma­ny­sy ýok. Küş­tüň bar ýa­ky­my, keý­pi, esa­san, il­kin­ji no­bat­da, oý­nuň iki sa­ny dür­li ada­myň aňyn­da bir­ba­da ýaý­baň­lan­ýan­dy­gyn­dan yba­rat­dyr, üs­te­si­ne, olaň her bi­ride öz ýo­lu­ny saý­la­ýar. Şu akyl çak­ny­şy­gyn­da ga­ra mal­lar hä­zir ak mal­laň nä­hi­li ýö­re­je­gi­ni bil­mez­den, onuň ni­ýe­ti­ni aň­ma­ga hemde şo­ňa päs­gel ber­mä­ge ça­lyş­ýar, şon­da ak mal­la­ram, öz ta­ra­pyn­dan, ga­ra mal­laň giz­lin mak­sat­la­ry­na göz ýe­tir­mek üçin elin­den ge­le­ni­ni ed­ýär, şo­ňa gaý­ta­wul ber­mä­ge ta­ýyn bol­ýar. Bar­dygel­di şol bir adam bir­ba­da hem ga­ra çö­pi, he­mem ak çö­pi alan­ly­gyn­da, on­da bi­ma­ny ýag­daý dö­rär­di, ýag­ny şeý­le ýag­daý­da şol bir beý­ni şol bir wagt­da nä­me­dir bir zat­la­ry bi­ler­di, kä zat­la­ram bil­mez­di; ak mal­laň haý­ry­na gö­çüm ede­nin­de, ol, ha­ma­la, buý­ruk esa­syn­da gö­çüm et­mez­den öňür­ti ga­ra mal­laň eýe­si hök­mün­de nä­hi­li gö­çüm et­mek­çi­di­gi­ni unut­ma­ly­dy. Şeý­le ikä bö­lün­me aňy­ňy di­ňe bir ja­ýyr­man, ony ge­rek ýe­rin­de iş­läp, ge­rek ýe­rin­dede tog­tap bil­ýän gu­ra­la dön­der­me­li­di; ge­piň kü­le­si özözü­ňe gar­şy oý­na­mak, muň özi, kö­le­gäň­den bök­jek bol­mak ýa­ly bir geňtaň­lyk­dy. Şon­dada uzak aý­laň do­wa­myn­da bol­ma­jak, bi­ma­ny zat­la­ry et­mä­ge çyt­ra­şyp, ar­ry­gy­my gy­na­ýar­dym. Men­de baş­ga alaç gal­man­dy, ýog­sa aky­ly­my gu­tar­nyk­ly ýi­tir­mä­ge hemde ru­hy taý­dan do­ly lag­şa­ma­ga tö­wek­gel­lik ed­ýär­dim. Özü­miň jyg­bajyg­ly ýag­da­ýym­da, gaý­ta­dan da­şy­my ga­bap ug­ran aýyl­ganç boş­lu­gyň hol­tu­my­na do­laş­ma­zym ýa­ly, iň bol­man­da, ak mal­lar bi­len ga­ra mal­laň ara­syn­da ikä bö­lün­mä­ge sy­na­ny­şyp gör­mä­ge mej­bu­ry dyr­jaş­ma­ly­dym.

Dok­tor B. şez­lon­ga ýap­lan­dyda, bir­sa­lym göz­le­ri­ni ýum­dy. Ol beý­ni­si­ni çog­du­ryp bar­ýan ýat­la­ma­lar­dan sap­lan­mak is­le­ýä­ne og­şa­ýar­dy. Ag­zy­nyň uç­ja­ga­zy ýe­ne yg­ty­ýar­syz dar­tyl­dy. Soň­ra ol ýe­nede di­kel­di.

— Ha­wa, şeý­le, hä­zir­lik­çe si­ze ba­ry­sy düş­nük­li­mi­kä öýd­ýän. Ýö­ne gy­nan­samda soň­ra­ky wa­ka­lar edil şu­lar ýa­ly aý­dyň bo­lar di­ýen ta­mam ýok. Bar gep şun­da: bu tä­ze pi­şe beý­ni­ni dur­ky bi­len bir ug­ra jem­le­me­li bol­dy we­lin, ony beý­le­ki iş­le­re gö­zük­dir­mek bü­tin­leý müm­kin däl­di. Meň pi­ki­rim­çe, özözüň bi­len küşt oý­na­mak — bu bir aky­la syg­ma­ýan när­se, ýö­ne, her­hal, nä­hi­li­dir bir çäk­li müm­kin­çi­lik şeý­le oýun üçin my­dar bor­dy, ýag­ny öňüm­de küşt tag­ta­sy bo­lan ýag­da­ýyn­da, çün­ki küşt tag­ta­sy me­semä­lim gö­ze gör­nüp du­ran zat, ol «gar­şy­daş­laň» ara­syn­da nä­hi­li­dir bir mad­dy gi­ňiş­lik duý­gu­sy­ny oýa­rar­dy. Ha­ky­ky küşt mal­la­ry bi­len ha­ky­ky küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da oý­naň­da her bir gö­çü­mi oý­lan­mak üçin kes­git­li wag­ty bel­le­mek müm­kin, il­ki bir gap­dal­da otu­ryp, ga­ra mal­laň ýag­da­ýy­ny do­ly göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ýar, soň­ra — şol ýag­da­ýyň ak mal­lar üçin nä­hi­li­di­gi­ni göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ýar. Eý­semde, özözü­me gar­şy ýada eger is­le­se­ňiz, özözüm bi­len oý­ny göz öňü­me ge­tir­ýän küşt tag­ta­syn­da alyp git­me­li bo­la­nym­dan soň, on­da alt­myş dört öý­jük­dä­ki äh­li mal­laň ýag­da­ýy­ny aňym­da üz­nük­siz sak­la­ma­ga mej­bur­dym, üs­te­si­ne, di­ňe bir şo da­ky­ka­da­ky ýag­da­ýy däl, eý­sem, gar­şy ta­rap­laň iki­si­niňde her dür­li göç­le­ri­ni öňün­den ha­sap­la­ma­ly­dym. Şu­laň ba­ry­nyň dä­liň gür­rüň­le­ri ýa­ly­dy­gy­na ga­ty go­wy dü­şün­ýän; özü­miň iki sa­ny «me­nim» üçin her bir ýag­da­ýy iki, üç, aý, ýok, has köp — al­ty sa­par, on­ki sa­par, üs­te­si­ne, ýe­ne dört ýada bäş göç öňün­den hy­ýa­ly­ma ge­tir­me­li bol­ýar­dym.

Bu bir­gi­den bi­ma­ny bu­lambu­jar­lyk bi­len si­zi­ňem ba­şy­ňy­zy go­ra sok­ýa­nym üçin me­ni ba­gyş­la­we­riň. Bu ho­wa­ýy döw­le­ri hy­ýa­ly gi­ňiş­lik­de oý­na­mak bi­len, men ak mal­lar üçin bir­nä­çe gö­çü­mi, ga­ra mal­lar üçi­nem şon­ça gö­çü­mi öňün­den ha­sap­la­ma­ly bol­ýar­dym, äh­li dö­re­ýän til­sim­le­ri bir ga­ra mal­laň nuk­daý­na­za­ryn­dan, birde ak mal­laň nuk­daý­na­za­ryn­dan öl­çe­ripdök­me­li­dim, baş­ga­ça aý­daň­da, özü­ňiň bir beý­niň­de hem ga­ra mal­laň aňy­ny, he­mem ak mal­laň aňy­ny ut­gaş­dyr­ma­ly bol­ýar­dym. Em­ma bu el­henç sy­na­gyň iň düýp­li, esa­sy howpha­ta­ry özü­miň ikä bö­lün­me­gim däl­di. Ýag­daý şun­dan yba­rat­dy: öz oý­lap ta­pan döw­lem­mi öz­baş­dak oý­na­ma­ly­dym, şon­da hä­lişin­di özü­me bo­lan yna­my ýi­tir­ýär­dim hemde mis­li, haý­sy­dyr bir uçu­da güw­läp gaýd­ýan ýa­ly­dym. Çem­pion­laň döw­le­ri­ni oý­nan ma­ha­lym ba­ry­sy gü­la­lagül­lük­di: men ba­ryýo­gy di­ňe oý­na­lan oýun­la­ry gaý­ta­la­ýar­dym, ozal­ky bar zat­la­ry ýa­ňa­dan göç­ýär­dim. Muň özi, aý­da­ly, goş­gu­la­ry ýada haý­sy­dyr bir ka­nu­nyň mad­da­la­ry­ny ýat bek­lä­niň­den kyn dü­şe­nok­dy. Ol yzy­gi­der­li, bir­syh­ly, gy­zyk­ly­dan düz­gün­leş­di­ri­len­di, şon­dan öt­ri, beý­ni üçin gö­zel bir maşk­dy. Gü­nor­ta na­ha­ryn­dan öň iki döw, so­ňun­da­nam iki döw kes­git­li bir ýu­muş ýa­ly­dy, men ony bü­tin­leý ar­ka­ýyn ber­jaý ed­ýär­dim; ol ozal­ky gün­de­lik güý­men­je­le­ri­miň or­nu­ny tut­ýan ýa­ly bir zat­dy. Mun­dan daş­ga­ry­nam, eger oý­nuň gid­ýän ma­ha­ly ýal­ňyş­sam ýada in­di­ki gö­çü­mi unut­sam, he­mi­şe ki­ta­ba se­re­dip bil­ýär­dim. Hut şu se­bäp­dende, iliň oýun­la­ry­ny der­ňe­mek hiç bir weç­den beý­ni­mi ço­ka­la­ma­ýar­dy, gaý­tam ol bo­zu­lan aňy­my yn­jald­ýar­dy, ra­hat­lan­dyr­ýar­dy, kö­şeş­dir­ýär­di. Meň üçin ga­ra mal­lar ut­du­my ýada ak mal­lar — bü­tin­leý par­hy ýok­dy, çün­ki bi­rin­ji­li­gi al­mak üçin Ale­hin ýada Bo­gol­ýu­bow gö­reş­ýär­di, özüm, paý­ha­sym, aňym bol­sa di­ňe ba­şabaş oýun­laň in­çe­li­gi­niň ma­za­sy­ny gör­ýär­di. Ýö­ne özözü­miň gar­şy­ma oý­nap baş­lan­dy­ry­nam we­lin, men, aň ýe­tir­mez­den, özözüm bi­len bäs­le­şip ug­ra­dym. Ikä bö­lü­nen aňym — ak mal­lar hemde ga­ra mal­lar — bi­ribi­ri bi­len ýa­ryş­ma­ly­dy, olaň her haý­syda bir­ba­da utar­man­dy, ýe­ňer­men­di, sa­byrta­ka­ty­ny ýi­ti­ren­di, şöh­ra­ta ko­wa­la­şan­dy. Özü­miň ga­ra mal­lam­ma de­rek gö­çüm edip, özü­miň ak mal­lam nä­hi­li gö­çüm eder­kä di­ýip el­denaýak­dan çy­kyp ga­raş­ýar­dym, ha­çan mal­la­ry­myň bi­ri nä­dürs gö­çen­de, iki ta­ra­pam ge­zek­lige­ze­gi­ne he­şel­le kak­ýar­dy, öz­le­ri şeý­le säw­lik goý­be­ren ma­hal­la­ry bol­sa ke­jig­ýär­di­ler.

Bu zat­laň ba­ry bü­tin­leý geň gö­rün­ýär, el­bet­de, bu bir özözün­den dö­rän ru­hy ke­sel­di, so­ňy ju­da ha­tar­ly ne­ti­jä elt­ýän aňyň şeý­le bi­legö­re ikä bö­lün­me­gi­ni ka­da­ly düz­gün­de ýa­şap ýö­ren adam­da dö­re­je­gi­ni göz öňü­ne ge­ti­rer ýa­lam däl. Ýö­ne ka­da­ly şert­ler­den zoň­tar­lyk bi­len çe­ki­lip çy­ka­ry­lan­dy­gy­my, ýer­sizýe­re, hiç bir gü­nä­siz gö­ze­ne­giň aňyr­sy­na dy­ky­la­ny­my, köp aý­laň do­wa­myn­da öte in­çe je­za — ýal­ňyz­lyk je­za­sy­na se­ze­war edi­le­ni­mi unut­maň. Ke­kir­de­gi­me de­ňiç ge­len ga­harga­zap irugiç ýa­ryl­ma­ly­dy, bir ýer­ler­den çyk­ma­ly­dy. Ýö­ne ýe­ketäk güý­men­jäm özözüm bi­len bi­ma­ny küşt dik­mek­di, şeý­le bo­lan­soň, bar ga­harga­za­bym, ar al­mak hy­ju­wym kö­rekör­lük bi­len hut şu oýun­da ýa­ryl­ýar­dy. Ar ala­sym gel­ýär­di, em­ma ar al­mak üçin di­ňe özü­miň ikin­ji bö­le­gim bar­dy, şoň bi­le­nem dyn­gy­syz, üz­nük­siz gö­reş alyp bar­ma­ly­dym. Ine, şu se­bäp­de­nem, oýun ma­ha­ly gu­duz aça­na dön­ýär­dim. Il­ki­räk­ler pa­ra­hat, paý­has­ly oý­na­ma­gy ba­şar­ýar­dym, kel­lä dynç ber­mek üçin döw­leň ara­syn­da ara­kes­me ed­ýär­dim. Ýö­ne ýu­waşýu­waş­dan nä­sag beý­nim şu böw­şeň­li­gide gö­ter­män baş­la­dy. Ak «men» gö­çüm edipet­män­kä, ga­ra «men» eý­ýäm al­ňa­sak­lyk bi­len ma­ly­ny süý­şür­ýär, bir döw gu­ta­rypgu­tar­man­kada, men şo pil­le özüm­den ikin­ji dö­wi dik­me­gi ta­lap ed­ýän, has dog­ru­sy, özü­miň küşt «me­ni­miň» bi­ri utu­lan ba­dy­na, ol beý­le­ki «me­nim­den» haý­danhaý ýe­ne bir döw küşt dik­me­gi gys­sa­ýar.

Uzak aý­laň do­wa­myn­da tus­sag­da bo­lan ma­ha­lym, şu doý­mazdol­maz hy­juw­dan hu­mar­la­nyp, özözü­miň gar­şy­ma nä­çe­räk döw oý­na­ny­my, hat­da çen bi­le­nem aý­dyp bil­jek däl — bel­ki, müň döw­dür, bel­kide, şon­da­nam ag­dyk­dyr. Ol bir şeý­tan ur­du­my­dy, onuň gar­şy­sy­na gö­re­şip bil­me­ýär­dim. Daň aga­ran­dan tä gi­jäň ýa­ry­na çen­li at­dyr py­ýa­da­lar, ruh­dur pa­ty­şa­lar­dan baş­ga hiç za­dyň pi­ki­ri­ni et­me­ýär­dim. Beý­nim­de «a», «b», «с», ýat­dy hemde ro­ki­row­ka üz­nük­siz pyr­lan­ýar­dy, bar dur­kum, bar pi­kirzi­ki­rim alt­myş dört öý­jü­ge bö­lü­nen küşt tag­ta­sy­na dy­za­ýar­dy. Oýun­dan ma­za al­mak ser­den geç­mä öw­rü­lip­di, ser­den geç­mede gu­duz­la­ma, waswas­ly­ga, tel­be­li­ge öw­rül­di; bu­lar di­ňe bir oýa ma­ha­lym däl, eý­sem, so­ňa­ba­ka uku­da ýa­tan ma­ha­ly­mam gü­nü­me go­ýa­nok­dy. Men di­ňe küşt ha­kyn­da, küş­tüň gö­çüm­le­ri hak­da, küşt me­se­le­le­ri hak­da pi­kir edip bil­ýär­dim. Aramaram en­damja­ny­ma so­wuk der inip, uku­dan oýan­ýar­dym hemde aň­şyr­maz­dan, oý­nuň düý­şüm­dede do­wam ed­ýän­di­gi­ni duý­ýar­dym. Bar­dygel­di düýş­de adam­la­ry da­gy gö­räý­se­mem, olar at ýada ruh ýa­ly he­re­ket ed­ýär­di­ler, küşt mal­la­ry my­sa­ly hü­jüm ed­ýär­di­ler, yza tes­ýär­di­ler.

So­ra­ga çe­ki­le­nim­de in­di özü­miň gepsö­zü­me hemde he­re­ket­lem­me jo­gap ber­ýä­ni­mide unu­dyp­dym. Ça­ky gar­ja­şyk, düş­nük­siz jo­gap ber­ýän bo­ra çe­me­lim: sül­çü­ler öz ara­la­ryn­da bi­rekbi­re­ge bir­hi­li ge­ňir­gen­me bi­len se­re­diş­ýär­di­ler. Ha­ky­kat­da bol­sa, olar ma­ňa so­wal be­rip, jo­gap­lam­myň üs­tün­de oý­lan­ýan­ça, men ba­sym­rak tus­sag­ha­na­ma äki­di­le­ri­me ta­ka­ty­my ýi­ti­rip ga­raş­ýar­dym, şo taý­da ýe­nede bi­ma­ny pi­şäm bi­len meş­gul­la­nyp bil­jek­dim. Oý­nuň ara­syn­da­ky ara­kes­me­ler me­ni bar­ha ke­jik­dir­ýär­di. Hat­da tür­me gö­zeg­çi­si­niň ota­gy ýyg­naş­dyr­ýan on bäş mi­nu­dy­na, ma­ňa iý­giiç­gi ber­ýän iki mi­nu­dy­na hem çy­da­man, sa­byr kä­säm pü­re­pür­le­nip, içi­mi it ýyrt­ýar­dy. Kä­wagt­lar er­tir­lik na­ha­rym ag­şa­ma çen­li el deg­ril­män gal­ýar­dy, se­bä­bi oý­na kel­lä­mi gyz­dy­ryp, na­ha­ry iý­me­gem unu­daý­ýar­dym. Be­de­ni­me ýet­me­ýän ýe­ketäk za­dy duý­ýar­dym — olam al­da­jy teş­ne­lik. Iki owurt­lam­da bir çüý­şe su­wy bo­şad­ýar­dymda, tür­me gö­zeg­çi­si­ne ýal­ba­ryp, ýe­ne suw ge­tird­ýär­dim, ýö­ne bir­sa­lym­dan bo­kur­da­gym tüý­dük ýa­ly gu­ra­ýar­dy.

Oýun ma­ha­lyn­da men as­saýu­waş­dan şeý­le­bir göç­gün­li ýag­da­ýa ba­ryp ýet­ýär­dim we­lin — ol gün­ler ir er­tir­den tä gi­jäň bir wag­ty­na çen­li baş­ga hiç za­dyň pi­ki­ri­ni edip bi­le­mok­dym — in­di bir da­ky­kada ra­hat­la­nyp, yn­ja­lyp bil­me­ýär­dim. Gö­çü­mi oý­la­nyp, otag­da dyn­gy­syz ýö­re­ýär­dim — eý­läkbeý­läk, beý­läkeý­läk, git­di­gi­çe öňeyza, yzaöňe çalt, ha­sam çalt gat­na­ýar­dym. Oý­nuň yk­ba­ly çö­zü­li­ber­di­gi­çe, öň­kü­de­nem be­ter burç­danbur­ça pe­le­saň kak­ýar­dym. Ýeň­şe bo­lan teş­ne­lik, özözü­mi ýeň­mä­ge bo­lan teş­ne­lik me­ni ga­zap aty­na at­lan­dyr­ýar­dy, çün­ki özü­miň küşt «men­lem­miň» bi­ri he­mi­şe beý­le­ki­sin­den as­gyn gel­ýär­di. «Men­leriň» bi­ri beý­le­ki­ni gys­sa­ýar­dy — muň özü­niň si­ze ten­tek­lik ýa­ly bo­lup gö­rün­je­gi­ni aň­ýan — öz gö­çü­mi­me ýe­ter­lik de­re­je­de çalt jo­gap gö­çü­mi­ni et­me­dik ýag­da­ýym­da, özözü­me «çalt­rak göç, çalt­rak göç­se­ne!» ýada «bolbol, oý­nada!» di­ýip ga­har­ly gy­gyr­ýar­dym. El­bet­de, hä­zir özü­miň şol wagt­ky ýag­da­ýy­myň ru­hy ke­sel­den baş­ga zat däl­di­gi­ne do­ly dü­şün­ýän, oňada luk­man­çy­ly­ga he­niz mä­lim bol­ma­dyk «küşt zä­her­len­me­sin­den» baş­ga idi­li adal­ga ta­pyp bi­le­mok.

Ýal­ňyz­lyk­dan dö­rän bu ke­sel, şeý­tan ur­du­my in­di di­ňe bir beý­ni­mi däl, eý­sem, tu­tuş süň­ňü­mi ber­bat et­mä­ge baş­la­dy. Hor­la­nyp, çö­pe dön­düm, uky­myň ma­za­sy gaç­dy; ir­den oýa­nam­da ag­ra­lan ga­bak­lam­my zor­dan gal­dyr­ýar­dym. Özü­mi saň­sar ýa­ly duý­ýar­dym, el­lem şeý­le­bir saň­ňyl­da­ýar­dy we­lin, ag­zy­ma bul­gu­ry ýe­ti­rip bi­le­mok­dym. Em­ma oýun baş­lan­dy­gy me­ni gu­duz aça­nyň­ky ýa­ly gu­jur gur­şap al­ýar­dy. Ýum­ruk­lam­my dü­wüp, ota­gyň için­de at sal­ýar­dym, aramara­mam gy­zy­lym­tyl du­ma­nyň ara­syn­dan öz se­sim gu­la­gy­ma ýet­ýär — ga­har­ly, bo­guk ses bi­len «küşt» ýada «ýat­dy» di­ýip haý­kyr­ýan.

Bu aýyl­ganç, söz bi­len dü­şün­di­rip bol­ma­ýan ýag­da­ýyň nä­hi­li be­labe­ter bi­len ge­çip gi­de­ni­ni bi­le­mok. Di­ňe bir gün ir­den tu­ra­nym­da, uku­dan oýa­ny­şy­myň bü­tin­leý baş­ga­ça­dy­gy­ny bil­ýän. In­di en­damja­nym gy­sypgow­rup ba­ra­nok­dy. Özü­mi ýe­ňil hemde ra­hat duý­ýar­dym. In­di köp aý bä­ri duý­ma­ýan yn­ja­lyk­ly ýa­daw­lyk ga­bak­lam­da bil­di­rip dur­dy, özü­mi şeý­le­bir pa­ra­hat duý­dum we­lin, asyl gö­zü­mi aça­sym gel­me­di. Bir­nä­çe wagt­lap sars­man ýat­dymda, gy­myl­dyhe­re­ket­siz­li­giň ma­za­sy­ny gö­rüp, meý­mi­re­mek­den lez­zet al­dym.

Bir­de­nem gap­da­lym­da adam ses­le­ri ýaň­la­nan ýa­ly bol­dy, ýu­waş­ja­dan, se­re­sap­lyk bi­len gür­le­ni­li­şi eşi­dil­di. Siz kal­by­myň nä­hi­li heý­ja­na ge­le­ni­ni göz öňü­nede ge­ti­rip bil­mer­si­ňiz! Özü­me je­bir ber­ýän­leň gö­dek, agyr, ýa­kym­syz, ga­har­ly söz­le­rin­den baş­ga zat eşit­mä­ni­me in­di ga­ty köp aý, bel­kide, bir ýy­lam ge­çip­di ahy­ry.

Öz ýa­nym­dan: «Sen ýa­tyr­syň» — di­ýip pi­kir öwür­dim. — «Sen ýa­tyr­syň. Gö­zü­ňi açy­jy bo­laý­ma­gyn, goý, bu düýş, müm­kin­ga­dar, uzak do­wam et­sin, ýog­sa sen ýe­ne şol kür­sü­li, elýüz ýu­wul­ýan­ly, stol­ly, ýü­zü­ne na­gyş çe­ki­len di­war ka­gyz­ly şol bir nä­let­siň­miş tus­sag­ha­na­ňy gö­rer­siň. Sen ýa­tyr­syň, oýan­mada ýa­ty­ber».

Ýö­ne bi­le­si­ge­li­ji­lik üs­tün çyk­dy. Ha­ýal­jak­dan, se­re­sap­ly­lyk bi­len ga­ba­gy­my gal­dyr­dym. Bu ne gud­rat! Men baş­ga otag­da­dym, ol myh­man­ha­na­da­ky tus­sag­ha­nam­dan has giň­di; pen­ji­re­de gö­ze­nek­ler ýok­dy, ýag­ty­lyk bol­luk bi­len eçil­ýär­di, pen­ji­räň aňyr­syn­da ker­piç di­wa­ra de­rek da­ragt­lar, gömgök öw­süp du­ran da­ragt­lar gö­rün­ýär­di, şe­mal olaň şa­ha­la­ry­ny yra­la­ýar­dy, ota­gyň di­war­la­ry ak­dy, ýal­pyl­dap dur­dy, pe­ti­gem ak­dy, be­ýik­di. Men tä­ze, ozal gör­me­dik dü­şe­gim­de ýa­tyr­dym, aý, ýok, özem bu düýş däl eken — gap­dal­jy­gym­da bir py­şyr­dy eşi­dil­ýär.

Haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa, özüm bil­mez­den sil­ki­nip gi­dip­di­rin, şo­ba­da kim­dir bi­ri­niň ýa­tal­ga­ma ta­rap ýö­räp gaý­da­ny­ny eşit­dim. Ba­şy ak saç­lyk­ly ze­nan — şe­pa­gat uýa­sy ýe­ňil­jek go­pup, ýa­ny­ma gel­di. Be­gen­jim­den ýa­ňa özü­mi dür­säp bi­le­mok­dym. Ze­nan ýü­zü­ne na­za­rym düş­mä­ni­ne tu­tuş bir ýyl bo­lup­dy. Bu geňena­ýy ah­wa­la­ta gö­zü­mi aýyr­man se­red­ýär­dim, me­ge­rem, ga­raý­şym­da üýt­ge­şik tol­gun­ma duý­lan­dyrda, ze­nan: «Biyn­ja­lyk bol­maň, ra­hat­ja ýa­tyň» di­ýip kö­şeş­dir­di.

Men di­ňe aýal se­si­ni eşid­ýär­dim: yn­san ben­de­si­niň meň bi­len gür­leş­ýä­ni çyn­my­ka? Eý­semde bol­sa, dün­ýä­de me­ni so­ra­ga çek­mek is­le­me­ýän, ejir çek­dir­mek is­le­me­ýän baş­ga adam­la­ram bar­my­ka? On­so­ňam — aky­la sy­gar ýa­ly däl! — Bu aýal se­si ýum­şak, nä­zik, hat­da my­la­ýym, mä­hir­li ses. Men na­za­ry­my sow­man onuň do­dak­la­ry­na hö­wes bi­len se­red­ýär­dim — bir ýyl­lyk dow­zah­dan soň, bir ada­myň baş­ga bi­ri bi­len my­la­kat­ly gür­leş­me­gi meň üçin bo­lup bil­me­jek zat ýa­ly­dy. Ze­nan ma­ňa se­re­dip ýyl­gyr­dam, ha­wa, hat­da ýyl­gyr­dam! Diý­mek, en­tek dün­ýä­de gü­ler ýüz bi­len ýyl­gy­ryp bil­ýän adam­la­ram bar ekendä. Soň­ra ol bar­ma­gy­ny do­da­gy­na deg­rip, sesse­lem­siz yza çe­kil­di. Ýö­ne oňa bo­ýun bo­lup bil­jek däl­dim. He­ni­zem gud­ra­ty syn­la­mak­dan ga­nyp bil­män­dim. Dik otu­ra­sym, Bi­ri­ba­ryň ýa­ra­dan bu aý­pe­ri­si­ni göz­lem bi­len ug­ra­da­sym gel­di. Ýö­ne ýa­tal­ga­nyň ar­ka­sy­na ýap­lan­jak bol­dum we­lin, ba­şart­ma­dy. Sag eli­me de­rek nä­hi­li­dir bir baş­ga za­dy — uly, agyr ak za­dy gör­düm. Ça­ky tu­tuş elim ak ha­sa bi­len sa­ra­lyp­dyr. Şol ak za­da ge­ňir­gen­me bi­len se­re­dip dur­şu­ma, özü­me zor sa­lyp, oý­lan­ma­ga baş­la­dym: men ni­rä dü­şüp ýö­rün, ma­ňa nä döw çal­dy? Bir se­bäp bi­len me­ni şo­lar ýa­ra­la­dy­lar­my­ka ýada eli­me özözüm şi­kes ýe­tir­dim­mi­käm? Özü­miň has­sa­ha­na­da ýa­tan­dy­gy­ma dü­şün­dim.

Gü­nor­tan ýa­ny­ma luk­man gel­di, ýa­şy du­rug­şan my­la­kat­ly adam eken. Bi­ziň maş­ga­la­my­zy ta­na­ýan bo­lup çyk­dy, me­ge­rem, özü­me ga­raý­şy­nyň go­wu­dy­gy­ny duý­dur­mak is­län­dir, ol köşk te­bi­bi bo­lan aga­my hor­mat bi­len ýat­la­dy. Ma­ňa bir­nä­çe so­wal ber­di, şo­laň bi­ri me­ni ha­sam geň gal­dyr­dy: ol me­niň kim­di­gi­mi so­ra­dy — ma­te­ma­tik­mi ýada hi­mik?

«Olam däl, bu­lam» — di­ýip jo­gap ber­dim.

«Geň gö­räý­me­li — di­ýip, ol hü­ňür­de­di. — Sam­ran ma­ha­ly­ňyz siz nä­hi­li­dir bir nä­mä­lim kes­git­le­me­le­ri gy­gyr­dy­ňyz — «с3», «с4». Biz hiç za­da dü­şün­me­dik.

Men on­dan özü­me nä­me bo­la­ny­ny so­ra­dym. Ol syr­ly gü­lüm­si­re­di.

«Al­da­jy bir zat ýok. Beý­ni­ňiz er­bet çaý­ka­nyp­dyr. — Daştö­we­re­gi­ne ýal­tak­la­bam, ýu­waş­ja­dan sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. — Bu bir bo­lup bi­läý­jek ýag­daý. Siz… on üçün­ji mart­dan bä­ri bär­de ahy­ry?..».

Men baş at­dym.

«Olaň beý­le çe­me­leş­me­si bi­len geň gö­rüp otu­ra­sy iş ýok. Bä­rik düş­ýän ýe­ke siz däl. Ýö­ne yn­ja­lyk­dan gaç­maň».

Onuň hoş­ni­ýet­li ähe­ňi hemde duý­gu­daş­lyk bi­len ýyl­gyr­ma­gy özü­me hiç hi­li howpha­ta­ryň aban­ma­ýa­ny­na ynan­dyr­dy.

Iki gün öten­den soň nä­me bo­la­ny­ny luk­ma­nyň özi elin aý­dyp ber­di. Tür­me gö­zeg­çi­si tus­sag­ha­nam­da gy­ky­lyk se­si­ni eşi­dip­dirde, ýa­ny­ma gi­ren kim­dir bi­ri bi­len je­del­leş­ýän­di­rin öý­düp­dir; ýö­ne ol ýa­ňy­bir bo­sa­ga­da gör­nen ba­dy­na onuň üs­tü­ne ýum­ruk­lam­my dü­wüp to­pu­lyp­dy­rynda: «Ne­ji­siň bi­ri, war­ryk diý­sä­nim, gö­çüm et!» di­ýip haý­ky­ryp­dy­ryn. So­ňam onuň bo­kur­da­gyn­dan tu­tup, ga­zap bi­len bo­gup baş­lap­dy­ryn we­lin, ol gy­gy­ryp, kö­me­ge ça­gyr­ma­ly bo­lup­dyr. Men kö­şeş­män­di­rin, gaý­tam be­ter gu­duz­lap­dy­ryn, luk­ma­na gör­kez­mä­ge alyp bar­ýar­ka­lar, dä­liz­de olaň elin­den sy­pyp­dy­ryn hemde pen­ji­re­den özü­mi ok­la­ma­ga çyt­ra­şyp­dy­ryn, aý­na­ny dö­wüp, eli­mi er­bet ke­sip­di­rin — bär­de, yn­ha, şon­dan çuň ýa­ra yzam ga­lyp­dyr. Has­sa­ha­na dü­şen ma­ha­lym, il­ki gün­ler bir­hi­li beý­ni­mi so­wuk alan ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär­di, ýö­ne in­di, luk­man­laň pi­ki­ri­çe, meň aky­lym dur­la­nyp­dyr, özü­mi bi­lip baş­la­dym. «Hiç bir bas­syrýus­sur­syz aý­da­ýyn — di­ýip, ol pes­saý gür­le­di. — Mu­ny ýol­baş­çy­laň dyk­ga­ty­na ýe­ti­re­mok, şeýt­di­gim olar ge­lip, si­zi yzy­na alyp git­me­gi ah­mal. Ma­ňa bil bag­lap bi­ler­si­ňiz, elim­den gel­jek bar za­dy ede­rin».

Aň­taý­jy­la­ry­ma, ýa­naý­jy­la­ry­ma göw­na­çyk luk­ma­nyň nä­me di­ýipgo­ýa­ny­ny en­te­gem bi­le­mok. Nä­hi­li bo­lan­ly­gyn­dada, ol ge­pi­ni gö­gert­di: me­ni bo­şat­dy­lar. Bel­kide, ol meň öz he­re­ket­lem­me jo­gap ber­mä­ge ýag­da­ýym ýok di­ýip ha­bar be­ren­dir. Onuň baş­ga bir se­bä­bide bo­lup bi­ler: ges­ta­po ma­ňa gy­zyk­lan­ma­sy­ny go­ýan­dyr, çün­ki şo wag­ta çen­li Git­ler eý­ýäm tu­tuş Bo­ge­mi­ýa­ny eýe­läp­di, şo­nuň bi­len bir­lik­de Awst­ri­ýada bir­ýan­ýüz­li edi­lip­di. Ma­ňa di­ňe iki hep­däň do­wa­myn­da ýur­dy terk et­me­li di­ýen borç­na­ma gol çe­käý­mek ga­lyp­dy. Şu wag­tyň ba­ry­sy hatpe­tek­le­ri dü­zet­mä­ge git­di, özü­ňiz bil­ýä­ňiz, bi­ziň döw­rü­miz­de da­şa­ry ýur­da aş­jak bol­saň, ýag­daý­lar çyl­şy­rym­laş­dy: har­by hä­ki­mi­ýet­leň hemde po­li­si­ýaň rug­sa­dy­ny al­ma­ly­dy, sal­gyt­la­ry tö­le­me­li­di, sag­lyk hak­da­ky şa­ha­dat­na­ma­ny, pas­por­ty, wi­za­ny hemde gaý­ry­la­ry dü­zet­me­li­di, şon­dan öt­ri ba­şym­dan ge­çen zat­lar ba­ra­da pi­kir et­mä­ge wag­ty­mam ýok­dy. Me­ge­rem, haý­sy­dyr bir syr­ly güýç­ler adam­za­dyň beý­ni­si­niň iş­leý­şi­ni ka­da­laş­dyr­ýan hemde onuň aňy üçin ha­tar­ly ýat­la­ma­la­ry özözün­den öçür­ýän bol­ma­ly. Nä­hi­li bo­lan­ly­gyn­dada, tus­sag­ha­na­da bo­la­ny­my ýa­dy­ma sa­lan ba­dy­ma, aňym­da pi­kir gar­jaş­ma­sy dö­re­ýär, di­ňe ni­çe­me hep­de ge­çen­den soň, dog­ru­sy­ny aýt­sam, di­ňe hä­zir, gä­miň üs­tün­de, baş­dan ge­çi­ren­lem­me akyl ýe­tir­mä­ge gaý­ra­tym çat­dy.

Dost­la­ry­ňyz küşt oý­nan ma­ha­ly özü­mi geňtaň, üýt­ge­şik alyp bar­ma­gym in­di si­ze düş­nük­li bo­la­ýan bol­sa ge­rek. Men ol üý­şül­ýän ota­gyň de­ňin­den tö­tän­lik­de ge­çip bar­ýar­dym we­lin, bir­den küşt sto­lu­nyň ba­şyn­da ýol­daş­la­ry­ňy­zy gö­räý­dim. Haý­ran gal­mak­dan hemde gor­ku­dan ýa­ňa doň­ňa­ra da­şa dö­nä­ýip­di­rin. Se­bä­bi men ha­ky­ky küşt tag­ta­sy­nyň ba­şyn­da ha­ky­ky küşt mal­la­ry bi­len küşt oý­nap bol­ýa­ny­ny düý­bün­den unu­dyp­dym, iki sa­ny bü­tin­leý aý­ry­baş­ga ada­myň bi­rekbi­re­giň gar­şy­sy­na küşt di­kip bil­ýä­ni­ni unu­dyp­dym. Çy­ny­my aýt­sam, er­kin­li­ge çyk­ma­ga güý­jüm ýet­me­ýän ma­ha­ly şun­ça wagt­lap oý­nan oý­nu­my bu adam­laň­ňam oý­na­ýan­dy­gy­na aň sal­ýan­çam ýoň­suz­ja wagt ge­rek bol­dy. Diý­mek, şert­li bel­gi­ler ar­ka­ly ýat­dan oý­nan oý­num, yn­ha, şu sal­dam­ly küşt mal­la­ry­nyň eme­li, ýa­sa­ma gör­nü­şin­den baş­ga zat däl ekendä. Küşt tag­ta­syn­da­ky çöp­le­ri hemde mal­laň gö­çü­şi­ni gö­rüp, onuň aňym­da orun alan, göz öňü­me ge­ti­rip gö­çen oý­nu­ma do­ly la­ýyk gel­ýä­ni­ni gö­rüp, haý­ran gal­dym. Me­ge­rem, älem­şy­na­sam çyl­şy­rym­ly ma­te­ma­ti­ki ha­saphe­sip çy­kar­ma­lar ar­ka­ly tä­ze saý­ýa­raň bar­dy­gy­ny na­za­ry­ýet jä­he­tin­den su­but edip, so­ňam bir­den as­man­da ony gö­zi bi­len, aý­dyň, ha­ky­kat ýü­zün­de gö­ren­de şeý­le ýag­da­ýa düş­ýän­dir. Men küşt tag­ta­sy­na ja­dy­la­nan dek se­ret­dim, şo taý­da öz diag­ram­ma­my gör­düm — at, ruh, pa­ty­şa, per­zi, py­ýa­da mal­lar — ba­ry­sy ha­ky­ky, agaç­dan ýa­sa­lan çöp­ler; ýag­da­ýa göz ýe­tir­mek üçin men, biyg­ty­ýar, il­ki özü­miň hy­ýa­ly ma­te­ma­ti­ki küşt meý­dan­çam­dan küşt mal­la­ry­nyň ha­ky­ky he­re­ket ed­ýän tag­ta­sy­na na­za­ry­my dik­me­li bol­dum.

Ýu­waşýu­waş bi­le­si­ge­li­ji­li­gim zol böw­rü­me dürt­di dur­dy, iki gar­şy­da­şyň ha­ky­ky oý­nu­ny gö­re­sim gel­di. Ine, hut şu­lam si­ziň oý­nu­ňy­za ju­da zoň­tar, ýer­lik­siz go­şul­ma­gy­ma se­bäp bol­dy. Dos­tu­ňy­zyň nä­dürs gö­çü­mi meň üçin ýü­re­gi­me han­jar ur­lan dek bol­dy. Men ony ger­meç­den geç­jek bol­ýan ça­ga­ny sak­la­ýyş­la­ry ýa­ly, özüm­den yg­ty­ýar­syz sak­la­dym. Di­ňe soň­ra özü­miň gö­dek­lik bi­len oý­na so­kul­ma­gy­myň gel­şik­siz­di­gi­ne dü­şü­nip gal­dym.

Ha­ky­kat­da bu bo­lup ge­çen wa­ka ba­ry­myz be­ge­nip­dik, şo­ny dok­tor Be aý­dyp, ony ynan­dyr­ma­ga how­luk­dym, üs­te­si­ne, eger şu ýag­daý ýüz ber­män­li­gin­de, on­da biz onuň bi­len tan­şy­bam bil­mez­dik. Men şu eşi­di­len gür­rüň­ler­den soňha er­tir­ki ho­wulha­ra gur­na­lan ýa­ry­şa gat­naş­mak ha­sam gy­zyk­ly bor di­ýi­bem, sö­zü­miň üs­tü­ne goş­dum.

Dok­tor B. yn­ja­lyk­syz­lyk bi­len ýe­rin­den goz­gan­dy.

— Dog­ru­sy, men­den çen­de­na­şa uly za­da ga­raş­maň. Bu meň üçin ýö­ne bir sy­nag, ba­şa­rar­my­kam be­ri… küş­tüň ba­şyn­da otu­ryp, özüm ýa­ly ada­myň gar­şy­sy­na ha­ky­ky çöp­le­ri gö­çüp, idi­li küşt be­ri oý­nap bi­ler­mi­käm? Çün­ki şol ýüz­ler­çe ýada müň­ler­çe dö­wi küş­tüň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk oý­na­dym­my­kamoý­na­ma­dym­my­kam di­ýip git­di­gi­çe şüb­he­le­nip baş­la­ýan. Bel­kide, olar bu­la­şyk hy­ýa­ly­myň ýö­ne­keý bir ne­ti­je­le­ri­dir? Adam uku­da­ka üz­nük­siz öňe tow­suptow­sup gid­ýär, meň­kem şoň ýa­ly uku­da­ky sam­ra­ma bo­laý­ma­syn, küşt ke­se­li bo­laý­ma­syn? Küşt tä­ji­niň eýe­si bi­len deň de­re­je­de güýç sy­na­ny­şyp bi­le­rin öý­düp, siz çyn­la­kaý pi­kir ed­ýän däl­si­ňizdä her­nä. Me­ni şol oý­na ite­le­ýän di­ňe bi­le­si­ge­li­ji­lik. In­di şun­ça wagt ge­çen­soň, tus­sag­ha­na­da ma­ha­lym ma­ňa, ha­ky­kat­da­nam, nä­me bo­la­ny­ny anyk­la­sym gel­ýär: aky­ly üýt­ge­mek de­re­je­si­ne go­laý ba­ryp­dy­ryn­my ýada eý­ýäm şol ha­tar­ly çäk­den ge­çip­di­rin­mi. Bar bo­la­ny şu, baş­ga ar­tyksüý­şük zat ýok.

Edil şu wag­tam ýo­lag­çy­la­ry gü­nor­tan­lyk şa­my­na ça­gyr­ýan zaň ka­kyl­dy. Bi­ziň gür­rüň­çi­li­gi­miz tas iki sa­ga­da çe­kip­di: dok­tor B. öz ba­şyn­dan ge­çen wa­ka­nyň ta­ry­hy­ny meň be­ýan edi­şim­de­nem has jik­mejik gür­rüň ber­di. Oňa ha­lys ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip hoş­laş­dym, ýö­ne he­niz pa­lu­ba çy­kyp ýe­tiş­män­käm, ol yzym­dan ýet­di. Aşa tol­gu­nan­dy­gy me­semä­lim­di, gür­län­dede bi­raz pel­tek­le­di:

— Ýe­ne bir zat. Dost­laň­ňyz ma­ňa hor­matsy­lag­syz adam eken­dir öý­däý­me­sin­ler, ha­ýyş ed­ýän, ola­ra öňün­den duý­du­ra­we­riň, men di­ňe ýe­ke­je döw oý­na­jak­dy­ryn. Meň üçin esa­sy zat — şu me­se­lä­ni bir ge­zek­de gu­tar­nyk­ly çöp döw­len ýa­ly çöz­mek, ýag­ny do­ly ne­ti­je çy­kar­mak. Ba­ry­ny tä­ze­den baş­la­mak meý­lim ýok. Küşt ke­se­li­ne iki­lenç ýo­lu­ga­sym ge­le­nok, şo ýa­dy­ma düş­dü­gi hä­zi­rem saň­ňyl­da­ber­ýän. On­dan baş­gada… On­dan baş­gada luk­ma­nam berk­denberk tab­şy­ryp­dy. Beý­ni­si çaý­ka­nan adam üçin onuň gaý­ta­lan­mak how­py he­mi­şe sak­lan­ýar, şon­dan öt­ri, «küşt ke­se­lin­den» ejir çe­ke­ne — hat­da me­ni dert­den do­ly sap­la­nan ha­sap­la­sa­larda — küşt tag­ta­syn­dan çet­räk­de dur­ma­gym ge­rek. Si­zem in­di ýag­da­ýa dog­ry dü­şü­nen­si­ňiz: sy­nag üçin di­ňe ýe­ke­je oýun, şon­dan ar­tyk bir oý­nam oý­na­mok.

Şol gü­nüň er­te­si la­ýyk bel­le­ni­len wagt­da, sa­gat üç­de, biz ýe­ne küşt oý­nan şol bir ýe­ri­mi­ze ýyg­nan­dyk. Bi­ziň sa­py­my­za bu aja­ýyp oý­nuň muş­dak­la­ry­nyň ýe­ne iki­si go­şul­dy, olar gä­mi­niň iki sa­ny ser­ker­de­si­di. Oý­ny syn­la­mak üçi­nem ka­pi­tan­dan ýö­ri­te ha­ýyş edip, no­bat­çy­lyk gul­luk­la­ry­nyň wag­ty­ny süý­şür­dip­dir­ler. Bu ge­zek Çen­to­wiç özü­ne ga­raş­dy­ryp dur­ma­dy, bi­je aty­lan soň üýt­ge­şik oýun baş­lan­dy: «Ho­mo obsсuris­si­mus» meş­hur küşt tä­ji­niň eýe­si­niň gar­şy­sy­na.

Biz ýa­ly küşt­den on­çak­ly baş çy­kar­ma­ýan adam­la­ryň ga­ty az san­ly­sy­nyň bu dö­wüň şa­ýa­dy bo­la­ny öte gy­nanç­ly ýag­daý, Bet­ho­we­niň for­te­pia­no­da ýü­zü­niň ug­ru­na dö­re­den saz­la­ry­nyň ta­ryh üçin ýi­tip ga­ly­şy ýa­ly, bu oý­nam küşt sun­ga­ty­nyň sa­hy­pa­la­ryn­dan gu­tar­nyk­ly öç­di. Dog­ry, er­te­si gü­ni biz jem­le­nip, bu oý­ny ýat­dan göz öňü­ne ge­tir­mä­ge çyt­raş­dyk, ýö­ne aza­by­myz puç çyk­dy. Onu­ňam se­bä­bi­ni şun­dan gör­dük, kel­lä­mi­ziň göç­gü­ni­ne, bar ün­tü­şi­gi­mi­zi oý­nuň özü­ne dälde, eý­sem, oýun­çy­la­ra gö­nük­di­rip­di­ris, oýun ýaý­baň­lan­dy­gy­çada, ola­ryň us­sat­lyk de­re­je­si­niň ta­pa­wu­dy git­di­gi­çe me­semä­lim duý­dur­ýar­dy.

Tej­ri­be­li Çen­to­wiç, mis­li, daş­dan ýa­sa­lan heý­kel ki­min sars­man otyr­dy. Onuň na­za­ry küşt tag­ta­sy­na gö­nü­gip­di, aň dart­gyn­ly­ly­gy oňa dag­dan daş go­par­ýa­nyň­ky ýa­ly ez­ýet ber­ýä­ne og­şa­ýar­dy. Ter­si­ne, dok­tor B. özü­ni er­kin hemde pa­ra­hat alyp bar­ýar­dy. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da öw­ren­je hök­mün­de, hö­wes­jeň hök­mün­de onuň üçin küş­tüň bar gy­zy­gy hem ma­za­sy oý­nuň özün­de­di, şo­nuň üçi­nem ol da­şyn­dan dynç al­ýa­na meň­ze­ýär­di. Oý­nuň ba­şyn­da ol biz bi­len ar­ka­ýyn gür­leş­ýär­di, özü­niň gö­çüm­le­ri­ni keý­pi­hon­lyk bi­len dü­şün­dir­ýär­di, gö­çüm ge­ze­gi ge­len­dede küşt tag­ta­sy­na ça­la­syn na­zar aý­la­ýar­dyda, çöp­le­ri göç­ýär­di. Ol gar­şy­da­şy­nyň nä­hi­li gö­çüm et­je­gi­ni her sa­par öňün­den bil­ýän ýa­ly­dy.

Oý­nuň ba­şy çalt ýö­re­di. Al­tyn­jy­my ýada ýe­din­ji gö­çüm­den soň bel­li bir ugur gör­nüp baş­la­dy. Çen­to­wiç gö­çüm­le­ri­ni köp­räk oý­la­nyp ug­ra­dy, yn­ha, şun­da­nam biz oý­ny öz eli­ňe al­mak üçin ha­ky­ky gö­reş baş­lan­dy di­ýen ne­ti­jä gel­dik.

Ýö­ne açy­gy­ny aý­da­nyň­da, dö­wüň ýu­waşýu­waş ýaý­baň­la­ny­şy, çyn­la­kaý ýa­ryş­lar­da aram aram ga­bat gel­şi ýa­ly, bi­ziň, hö­wes­jeň küşt­çü­le­riň, dog­ru­sy, hat­da la­py­nam keç et­di. Oý­nuň gi­di­şi çyl­şy­rym­laş­dy­gy­sa­ýy, biz üçin gar­şy­daş­la­ryň ta­ra­py şon­çada düş­nük­siz bo­lup baş­la­dy. Ki­miň ar­tyk­maç­lyk ga­za­na­ny­ny sel­jer­mä­ge güý­jü­miz ýe­te­nok­dy. Biz di­ňe kä­bir küşt mal­la­ry­nyň gar­şy­da­şyň ha­tar­la­ry­ny bö­wüs­mä­ge çal­şyp, göz­süz ba­tyr­lyk bi­len öňe zo­ma­ýa­ny­ny gör­ýär­dik, ýö­ne us­sat oýun­çy­la­ryň her bir gö­çü­mi emelpi­ri­miň di­ňe bir bö­le­gi­ni, her bir emelpi­ri­mi­ňem mak­sathy­ýa­lyň di­ňe bir bö­le­gi­ni dü­zen­soň, olam öz ge­ze­gin­de di­ňe bir­nä­çe gö­çüm­den soň ama­la aşan­soň, on­da ola­ryň daş­dan aý­la­ýan oýhy­ýal­la­ry­na gö­rä, mal­la­ry­ny bir öňe, birde yza gö­çüp dur­mak­la­ry biz üçin bü­tin­leý düş­nük­siz­di.

Soň­ra ýa­daw­lyk ha­lys ba­ry­my­zy bü­rüp taş­la­dy, mu­nuň esa­sy se­bä­bide, Çen­to­wi­çiň her bir gö­çü­mi­ni çak­da­na­şa uzak pi­kir­len­ýä­ni üçin­di. Oý­nuň uza­ga çek­di­gi­sa­ýy, dok­tor Bniň şon­çada yn­ja­lyk­dan gaç­ýa­ny­ny du­ýup, how­sa­la düş­düm: ol kür­sü­de zolzol goz­gan­jy­ra­ýar­dy, aramaram ga­la­my­na ýa­py­şyp, nä­me­dir bir zat­lar bel­leş­dir­ýär­di, mi­ne­ral suw ge­tir­mek­le­ri­ni bu­ýur­ýar­dy, gö­ni ga­tan dek bul­gur yzy­na bul­gur bo­şad­ýar­dy. Onuň beý­ni­si Çen­to­wi­çiň beý­ni­sin­den her dür­li til­sim­le­ri ýüz es­se çalt düz­ýän­di­gi gözgör­te­le­di. Çen­to­wiç her ge­zek uza­ga çe­ken oý­lan­ma­syn­dan soň oňaý­syz­lyk bi­len çö­pi alyp, ony göç­mä­ge hy­ýal­la­nan ma­ha­ly, bi­ziň dos­tu­myz nä­me­dir bir za­da köp­den bä­ri ga­ra­şyp ýö­ren ýa­ly ýyl­gy­ryp, der­hal gö­çüm ed­ýär­di. Me­ge­rem, ol özü­niň kes­gir, ýi­ti aňy bi­len gar­şy­da­şy­na açy­lan äh­li müm­kin­çi­li­gi öňün­den öl­çe­ripdök­mä­ge ýe­tiş­ýär­di. Çen­to­wiç her gö­çü­mi­ni köp oý­lan­dy­gy­ça, dok­tor Bde şon­çada sa­byrta­ka­dy­ny ýi­tir­ýär­di, ga­har­ly, için­de ki­tüw sak­la­ýan ýa­ly tor­sa­ryl­ýar­dy. Em­ma Çen­to­wiç how­lu­gar­ly däl­di. Ol gö­çüm­le­ri­ni oý­la­nyp, er­jel­lik bi­len dom­ma­ry­lyp otyr­dy, küşt tag­ta­syn­da mal­la­ryň sa­ny azal­dy­gy­sa­ýyda, böw­şeň­lik uza­ýar­dy. Dog­ry iki sa­gat­dan soň, kyrk ikin­ji gö­çü­me çen­li bi­ziň ba­ry­myz ha­lys sur­nu­gyp­dyk, oý­nada bi­per­waý bo­lu­be­rip­dik, nä­menä­me­leň bol­ýa­ny bi­le­nem işi­miz ýok­dy. Ser­ker­de­le­riň bi­ri eý­ýäm gi­dip­di, beý­le­ki­si ki­tap oka­ýar­dy hemde di­ňe oýun­çy­la­ryň haý­sy­dyr bi­ri gö­çüm ede­nin­de, küşt tag­ta­sy­na na­zar aý­la­ýar­dy. Ýö­ne Çen­to­wi­çiň no­bat­da­ky gö­çü­min­den soň, bir­den ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý ýüz ber­di. Ol gö­çüm et­mek üçin aty el­län ba­dy­na, dok­tor B. awu­nyň üs­tü­ne to­pul­jak pi­şik de­ýin yk­jam­lan­dy. Ol süň­ňi bi­len san­dy­ra­ýar­dy, Çen­to­wiç göç­jek ma­ly­ny ýe­rin­de go­ýupgoý­man­ka, dok­tor B. per­zi­si­ni öňe sür­dide, da­ba­ra­ly se­si bi­len gy­gy­ryp goý­ber­di:

— Ine, in­di bol­ja­gy bol­dy.

Soň­ra ol kür­sä ýap­lan­dy, el­le­ri­ni dö­şü­ne gow­şur­dyda, Çen­to­wi­çe di­ka­ryn­lap se­ret­di. Onuň göz­le­ri ýi­te­lip git­di.

Onuň da­ba­ra­ly söz­le­ri­niň äni­gi­neşä­ni­gi­ne ýet­mä­ge çal­şyp, ba­ry­myz biyg­ty­ýar küşt tag­ta­sy­na egil­dik, em­ma pa­ty­şa­nyň gösgö­ni ýa­tuw ýag­da­ýy­ny gör­me­dik. Dos­tu­my­zyň he­şel­le ka­kyp gy­gyr­ma­sy, me­ge­rem, oý­nuň ýaý­baň­la­ny­şy­na da­hyl­ly bo­ra çe­me­li, ýüz­leý oýun­çy­lar bo­lan bi­zem oňa dü­şü­nen däl­di­ris. Di­ňe Çen­to­wi­çiň müň tü­ýün­den bir tü­ýide gy­myl­da­ma­dy. «In­di bol­ja­gy bol­dy» diý­lip gö­wün syn­dy­ry­jy söz­le­ri, ha­ma­la, eşit­me­dik ýa­ly ol bü­tin­leý pa­ra­hat gö­rün­ýär­di. Hiç zat bol­man­dy. Ýö­ne ba­ry­myz de­mi­mi­zi al­man di­ýen ýa­ly sesse­lem­siz otur­dyk, ba­daba­dam küşt üçin iş­läp du­ran sa­ga­dyň jyk­gyl­dy­sy eşi­dil­di. Üç mi­nut, ýe­di… se­kiz mi­nut geç­di — Çen­to­wiç goz­gan­man otyr­dy, di­ňe bur­nu­nyň giň ýel­pe­ze­gi­niň nä­hi­li ýel­le­ni­şin­den onuň gur­sa­gyn­da üýt­ge­şik ha­ra­sa­dyň gop­ýan­dy­gy­ny aň­şyr­mak müm­kin­di.

Dos­tu­my­zam edil biz ýa­ly dymdyrs, ýü­re­ge­düş­günç böw­şeň­li­gi ga­ty kyn­lyk bi­len çek­ýä­ne meň­ze­ýär­di. Ol duý­dan­syz ör tur­dy, kür­si­ni iti­be­rip goý­ber­dide, burç­danbur­ça ýö­räp baş­la­dy, il­ki ha­ýal­jak­dan, soň­ra bol­sa ädi­mi­ni dur­du­gy­ça ga­talt­dy. Bä­rik ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si oňa geň ga­ly­şyp äňed­ýär­di, ýö­ne onuň özü­ni alyp bar­şy­na men­den be­ter yn­ja­lyk­dan gaç­ýan ýok­dy: süň­ňü­ni how­sa­la gap­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ol bü­tin­leý çäk­li gi­ňiş­lik bo­ýun­ça ýö­re­ýär­di, gö­ýä, öz aňyn­da her ge­zek gö­ze gö­rün­me­ýän di­wa­ry sü­säý­jek my­sa­ly, hyr­ra yzy­na öw­rül­ýär­di. Onuň özi aň­şyr­maz­dan ozal­ky tus­sag­ha­na­syn­da ýö­re­ýän my­sa­ly he­re­ket ed­ýä­ni­ne dü­şü­ne­nim­de, inim ti­ke­nek­läp git­di. Zyn­da­na ga­ba­lan ma­ha­lyda, me­ge­rem, ka­pa­sa sal­nan ýol­bars de­ýin edil hä­zir­ki­si ýa­ly bü­kü­lip, dü­wül­gi ýum­ruk­la­ry­ny saň­ňyl­da­dyp, öňeyza ýö­rän­dir. Şo taý­da ol hut şu­nuň ýa­ly do­ňup ga­lan na­za­ry bi­len müň­ler­çe sa­par o burç­danbu bur­ça ýel­kil­dän­dir, ga­la­gop­ly­lyk bi­len ýa­nyp du­ran göz­le­rin­dede, tel­be­li­giň gy­zyl uç­ga­na­jyk­la­ry ýyl­pyl­dan­dyr.

Ýö­ne, gö­räý­mä­ge, onuň aky­ly he­niz do­ly ýe­rin­de­di, çün­ki Çen­to­wi­çiň nä­hi­li­dir bir gö­çüm et­me­giň ka­ra­ry­na ge­le­ni­nigel­mä­ni­ni bil­mek üçin aramaram sab­ry­ny su­wa ga­çy­ryp, sto­la gar­şy öw­rül­ýär­di. Wagt gi­dip bar­ýar­dy — do­kuz mi­nut, on… Soň­ra hiç bi­ri­mi­ziň ga­raş­ma­ýan wa­ka­myz ýü­ze çyk­dy. Çen­to­wiç ýoň­suz wagt­lap sto­luň üs­tün­de du­ran ag­ra­lyp gi­den go­lu­ny ha­ýal­lyk bi­len gö­ter­di. Da­mar­la­ry­myz dar­ty­lan kir­şe dö­nen ýag­daý­da, how­sa­la bi­len ne­ti­jä­niň nä­hi­li çö­zü­le­ri­ne ga­raş­ýar­dyk. Em­ma Çen­to­wiç gö­çüm et­me­di. Al­ňa­sa­man, ýö­ne aý­gyt­ly gör­nüş­de eli­niň ar­ka ta­ra­py bi­len küşt tag­ta­syn­da­ky äh­li çöp­le­ri sy­ryp taş­la­dy. Bi­ziň ba­ry­myz Çen­to­wi­çiň utu­la­ny­ny bo­ýun al­ýa­ny­na ba­dabat dü­şün­dik. Ol ýeň­lip­di, özü­niň do­ly utu­la­ny­na bi­ziň şa­ýat bo­la­ny­my­zy is­lä­nok­dy. Ga­ra­şyl­ma­dyk ah­wa­lat ýüz ber­di: küşt tä­ji­niň eýe­si, sansa­jak­syz ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­si ýig­ri­mi ýada ýig­ri­mi bäş ýyl­lap küş­tüň ga­ra­sy­ny gör­me­dik ada­my­nyň öňün­de ak baý­da­gy­ny gal­dyr­dy. Hiç ki­me mä­lim bol­ma­dyk, adyso­ry eşi­dil­me­dik dos­tu­myz ba­şabaş dar­kaş­da dün­ýä­niň iň güýç­li oýun­çy­syn­dan rüs­tem gel­di.

Nä­me ed­ýä­ni­mi­zi özü­miz duý­maz­dan, ba­ry­myz tol­gun­ma­dan ýa­ňa ýe­ri­miz­den bö­käý­dik. Bi­ziň süň­ňü­mi­zi gur­şap alan ga­ra­şyl­ma­dyk be­genç duý­gu­la­ry­my­zy nä­hi­li­dir bir tär bi­len da­şy­my­za çy­ka­ra­sy­myz gel­ýär­di, nä­me­dir bir zat­la­ry aý­da­sy­myz ýada ede­si­miz gel­ýär­di. Di­ňe ýe­ke­je adam sars­man, pa­ra­hat dur­dy — olam Çen­to­wiç­di. Ol bi­raz ga­ra­şyp ba­şy­ny gö­ter­dide, bi­ziň dos­tu­my­za so­wuk na­za­ry­ny gö­nük­di­rip so­ra­dy:

— Ýe­ne bir döw dik­ýäs­mi?

— Da­gy nä­me! — di­ýip, dok­tor B. bir­hi­li gel­şik­siz he­re­ket bi­len haý­kyr­dy. Soň­ra ýe­ri­ne ge­çip otur­dy, oňa özü­niň şer­ti — di­ňe ýe­ke döw oý­na­mak ba­ra­da­ky şer­ti­ni ýat­lat­ma­ga ýe­tiş­män­käm, ol eý­ýäm kel­le­si gö­çüp, al­ňa­sak­lyk bi­len çöp­le­ri di­kiş­dir­mä­ge baş­la­dy. Özem şeý­le­bir goz­ga­la­ňa düş­ýär­di we­lin, çöp­le­ri ýer­liýe­rin­de goý­ýan ma­ha­ly py­ýa­da iki sa­par onuň san­dy­rak­lap du­ran bar­mak­la­ry­nyň ara­syn­dan sy­pyp, ýe­re gaç­dy. Ozal­ky pa­ra­hat hemde asu­da ada­myň bir­den kel­le­si gö­çüp gi­dip­di, ag­zy­nyň gy­ra­jy­gyda çaltçalt­dan dar­tyl­ýar­dy, üşüd­ýän ýa­ly, tu­tuş süň­ňi bi­len saň­ňyl­da­ýar­dy.

— Ge­rek däl — di­ýip, men oňa py­şyr­da­dym. — Ge­rek däl! Şu gün­lük­çe ýe­ter­lik. Beýt­se­ňiz, beý­ni­ňi­ze aşa ag­ram dü­şer.

— Ag­ram dü­şer? Hahaha! — Ol äs­ger­mez­lik bi­len seň­ri­gi­ni ýyg­ryp, ga­tyga­ty gül­di. — Ýapýa­ňy dä­he­demdes­sem­läp oý­nap, wagt ba­ry­ny ýi­tir­dik, şu döw­rüň için­de men ar­ka­ýyn on ýe­di döw oý­nap ýe­ti­şer­dim. Ýe­ketäk kyn­çy­lyk çek­ýän za­dym — şuň ýa­ly ha­ýal dep­gin­de oý­na­ýan ma­ha­ly­myz uk­lap gal­maz­lyk. Ni­çik, si­ziň bu gün gö­çüm et­mek hy­ýa­ly­ňyz bar­my?

Soň­ky kes­gin tas gö­dek­si äheň­de aý­dy­lan söz­ler Çen­to­wi­çiň çe­ti­ne de­ger­li gö­rün­di. Ol gar­şy­da­şy­na ar­ka­ýyn, ýüzgö­zü­ni çyt­man äňet­di, onuň tu­tuk­sy, so­wuk na­za­ry ýum­ruk bi­len uran­dan ena­ýy däl­di. Oýun­çy­la­ryň ara­sy­na ba­dabat şeý­tan dü­şe­ne dön­di, nä­hi­li­dir bir ha­tar­ly dart­gyn­ly­lyk, ýa­kym­syz ýig­renç dö­re­di. In­di olar gar­şy­da­şy­nyň sun­ga­ty­ny sy­nag­dan ge­çir­jek oýun­çy­lar däl­dide, bi­rekbi­re­gi ýok­la­ma­ga ant içen ga­nym duş­man­lar ýa­ly­dy. Çen­to­wiç bi­rin­ji gö­çü­mi wag­ty bi­len göç­män kän eg­len­di, onuň bil­kast­la­ýyn, ýö­ri­te­läp şeýd­ýän­di­gi­nede şekşüb­häm gal­ma­dy.

Sö­weş­ler­de sy­nag ge­çen bu ser­ker­de özü­niň hal­lyňsal­lyň­ly­gy­nyň gar­şy­da­şy­nyň jy­kyr­jy­gy­ny tut­dur­ýan­dy­gy­na, gür­rüň­siz, bir­ma­hal dü­şü­nip­di. Ada­ty bi­rin­ji göç üçin — pa­ty­şa­nyň öňün­dä­ki py­ýa­da­ny sür­mek üçin oňa azyn­dan dört mi­nut ge­rek bol­dy. Bi­ziň dos­tu­my­zam öz ta­ra­pyn­dan pa­ty­şa­nyň öňün­dä­ki py­ýa­da­ny eg­len­män öňe sür­di, Çen­to­wiç jo­gap gö­çü­mi­ni bu sa­pa­ram çy­dap bol­maz de­re­je­de ha­ýal­lat­dy. Güýç­li ýyl­dy­rym ça­kan­da, yz ýa­nyn­dan bol­jak gök gür­le­me­si­ne ýü­re­gi­ňi çat aça­ra ge­ti­rip ga­raş­ýan­syň we­lin, gö­gem şol gür­le­ýän däl­dir, gür­le­ýän däl­dir — hä­zir­ki pur­sa­dam edil şo­ňa og­şa­ýar­dy. Çen­to­wiç bü­tin­leý doň­ňa­ra­da­şa öw­rü­len ýa­ly­dy. Ol her bir gö­çü­mi ar­ka­ýyn, al­ňa­sa­man oý­lan­ýar­dy, in­dihä onuň mu­ny bil­geş­le­ýin­den şeýd­ýä­ni­ne do­ly yna­nyp ug­ra­dym. Onuň how­luk­man göç­me­gi ma­ňa gö­zü­mi aýyr­maz­dan, dok­tor Bni syn­la­ma­ga maý ber­ýär­di. Ol eý­ýäm üçün­ji bul­gur­ly su­wu­ny taň­ky­ra­dyp­dy, şon­da onuň tus­sag­ha­na­da ma­ha­ly teş­ne­lik­den ýa­man kö­se­ni­şi ba­ra­da gür­rüň be­re­ni ýa­dy­ma düş­di. Ka­da­syz ýag­da­ýyň äh­li ala­mat­la­ry gözgör­te­le­di: onuň maň­la­ýy ma­za­ly çyg­jar­dy, elin­dä­ki ýa­ra yzy gy­zar­dy hemde ha­sam aýylsa­ýyl sel­jert­di. Ýö­ne her­hal özü­ne erk edip bil­ýär­di. Di­ňe dör­dün­ji göç­den soň Çen­to­wiç ýe­nede tü­ke­nik­siz oýa çü­men­den soň­ra, dok­tor B. el­denaýak­dan çyk­dy he­mem ga­ny­ny ga­çy­ryp gy­gyr­dy:

— Si­ziň göç­me ni­ýe­ti­ňiz ýok­my?

— Ýal­ňyş­ma­ýan bol­sam, biz her gö­çü­mi on mi­nut­dan ar­tyk pi­kir­len­me­li däl di­ýip şert­le­şip­dik. Men şu şer­ti ýö­ri­te­läp sak­la­jak.

Dok­tor B. do­da­gy­ny diş­le­di. Ýu­waşýu­waş ha­sam sa­byrta­ka­dy­ny ýi­ti­rip, aýa­gy bi­len ýe­ri tyr­kyl­da­dyp ug­ran­soň, me­nem in­di özü­mi gur­şap alan how­sa­la­dan sap­la­nyp bil­me­dim: ol ýe­ne tel­be­li­giň gir­da­by­na do­la­şar di­ýen duý­gy ýa­ra­my duz­ly çöp bi­len dör­je­län ýa­ly ed­ýär­di. Se­ki­zin­ji gö­çüm­de ýe­nede se­neme­ne dö­re­di. So­wuk­gan­ly­ly­gyn­dan namny­şan gal­ma­dyk dok­tor B. öň­kü­de­nem be­ter goz­ga­laň tap­dy. Ol bir da­ky­kada yn­ja­lyk­ly otu­ryp bi­le­nok­dy, hä­zi­rem, özi duý­maz­dan, bar­mak­la­ry bi­len sto­ly tyr­kyl­dad­ýar­dy. Çen­to­wiç ýe­nede özü­niň ag­ras ýü­zü­ni gö­ter­di.

— Sto­ly tar­kyl­dat­ma­sa­ňyza go­wy bor­dy. Bu ma­ňa päs­gel ber­ýär. Men beý­dip oý­nap bi­le­mok.

— Hä… — di­ýip, dok­tor B. jo­ga­by­ny sug­şur­dy. — Oý­nap bil­me­ýä­ni­ňiz gör­nü­bem dur!

Çen­to­wiç gy­za­ryp git­di.

— Siz nä­me diý­jek bol­ýa­ňyz? — di­ýip, ol gö­dek­si so­ra­dy.

Dok­tor B. ýe­nede ça­la­ja ýaň­sy­ly gül­di:

— Siz ju­da tol­gun­ýan bol­ma­ga çe­me­li, şon­dan baş­ga aýt­jak za­dym ýok.

Çen­to­wiç ýag­şy­danýa­man­dan dil ýar­ma­dy hemde ýe­ne küşt tag­ta­sy­nyň ba­şy­na egil­di. Di­ňe ýe­di mi­nut­dan soň ol jo­gap gö­çü­mi­ni et­di. Oýun şol bir ha­ýal dep­gin­de bar­ýar­dy. Çen­to­wiç mis­li daş heý­ke­le öw­rü­len ýa­ly­dy. In­di ol ma­ly­ny sür­mez­den ozal kes­git­le­nen wag­ty do­ly sak­la­ýar­dy, dos­tu­my­zyň geňtaň he­re­ket­le­ri gö­çüm­sa­ýy öň­kü­sin­de­nem be­ter­le­şip bar­ýar­dy. Ol oý­na bo­lan gy­zy­gy­ny bü­tin­leý ýi­ti­rip, nä­hi­li­dir bir baş­ga pi­şe bi­len güý­men­ýä­ne meň­ze­ýär­di. In­di ala­da­ly eý­läkbeý­läk ýö­re­me­si­nem goý­dy, parh­syz, tas dä­li­niň­kä ça­lym­daş na­za­ry­ny boş­lu­ga gö­nük­di­rip, özözü­ne nä­me­ler­dir bir zat­la­ry hü­ňür­däp sars­man otyr­dy. Ýaha ol haý­sy­dyr bir tü­ke­nik­siz til­sim­li gö­çüm­le­riň pi­ki­ri­ne çü­müp­di, ýada — hut şo­ňada şüb­häm bar­dy — nä­hi­li­dir bir baş­gabaş­ga döw­le­ri oý­na­ýar­dy. Nä­me bo­lan­ly­gyn­dada, Çen­to­wiç her sa­par gö­çüm eden ma­ha­ly ony aý­ňal­dyr­ma­ly bol­ýar­dy. Şon­da oňa ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak üçin in­di bir ýada iki mi­nut ge­rek bol­ýar­dy.

Dok­tor Bde ça­la­rak ka­kynsil­kin baş­lap­dyr di­ýen pi­kir git­di­gi­çe ber­ke­ýär­di, şo­nu­ňam is­len­dik pur­sat be­ter­leş­me­gi müm­kin­di. Ol, gö­ýä, bi­zide, Çen­to­wi­çide unu­dan ýa­ly­dy. Ha­ky­kat­da­nam, on do­ku­zyn­jy gö­çüm­de jyg­bajyg­ly ýag­daý dö­re­di. Çen­to­wiç ýa­ňy­ bir gö­çüm eden ba­dy­na, dok­tor B. küşt tag­ta­sy­na ça­la­rak göz aý­lap, bir­den özü­niň pi­li­ni üç öý­jük öňe süý­şü­rip, ba­ry­my­zyň ýü­re­gi­mi­zi ýa­ryp, bo­kur­da­gy­na syg­dy­gyn­dan gy­gyr­dy:

— Küşt, küşt­den aý­ryl!

Nä­hi­li­dir bir ga­ra­şyl­ma­dyk bir za­da ga­ra­şyp, ba­ry­myz küşt tag­ta­sy­na ga­ra­gy­my­zy dik­dik. Çen­to­wiç ga­ty ha­ýal­lyk bi­len kel­le­si­ni gö­te­rip, bir­laý bi­zi göz­den ge­çir­di. Mun­dan ozal ol ýe­ke sa­pa­ram şeýt­män­di. Nä­me­dir bir zat onuň ga­ty gö­hü­ni ge­ti­rip­dir, do­dak­la­ry kemkem­den süýn­di we­lin, ýü­zün­de ýaň­sy­ly ýyl­gy­ryş gör­näý­di. Ol ýeň­şin­den lez­zet al­ýa­na meň­ze­ýär­di, biz üçin we­lin beý­le ýag­daý düş­nük­siz­di, Çen­to­wiç ýa­sa­ma sy­pa­ýy­çy­lyk bi­len tö­we­re­gin­dä­ki­le­re ýüz­len­di:

— Ba­gyş­laň, ýö­ne menä hiç hi­li «küşt» gö­re­mok. Je­nap­lar, bel­kide, ara­ňyz­dan bi­ri­ňiz meň pa­ty­şa­ma küşt be­ril­ýä­ni­niň nä­me­den yba­rat­dy­gy­ny aý­dyp be­rer?

Biz küşt tag­ta­sy­na, so­ňam how­sa­la bi­len dok­tor Be se­ret­dik. Çen­to­wi­çiň pa­ty­şa­sy pil­den py­ýa­da bi­len go­ra­nyp dur­dy — mu­ny ça­gada gö­rüp bil­jek­di — şon­dan öt­ri «küş­tüň» hiç hi­li gür­rü­ňi bol­ma­gada ha­ky ýok­dy. Ba­ry­myz yn­ja­lyk­dan gaç­dyk. Bel­kide, dos­tu­myz al­jy­rap, çö­pü­ni bol­ma­ly­syn­dan bir öý­jük aň­ryk ýada bir öý­jük bä­rik süý­şü­ren­dir? Bi­ziň dy­myş­ly­gy­myz dok­tor Bniň ün­sü­ni çek­di, ol küşt tag­ta­sy­na dyk­gat bi­len se­re­dip, sa­ky­nyp şeý­le diý­di.

— Ýö­ne pa­ty­şa «f 7»de dur­ma­ly ahy­ry. Ol ýal­ňyş dur, bü­tin­leý ýal­ňyş. Siz nä­dog­ry göç­dü­ňiz!.. Äh­li çöp­le­rem ýer­liýe­rin­de däl: şu py­ýa­da «d 4»de dälde, «d 5»de dur­ma­ly. As­lyn­da, bu düý­bün­den baş­ga döw. Bu…

Ol tap­ba se­si­ni kes­di. Men onuň elin­den berk ýa­pyş­dym, has dog­ru­sy, şeý­le­bir al­da­jy çüm­mük­le­dim we­lin, ol, hat­da mu­ny aň­ry­baş tel­be bo­lan­ly­gyn­dada du­ýaý­ma­ly­dy. Ol yzy­na gaň­ryl­dy, go­ýa­ny­nygö­te­re­ni­ni bil­me­ýän aň­syz adam ýa­ly bo­lu­bam, ma­ňa äňet­di:

— Si­ze… nä­me ge­rek?

— Ýa­dy­ňyz­da­my! — di­ýip, men di­ňe ýe­ke­je sö­zi ag­zym­dan ga­çyr­dym hemde bar­ma­gy­my usul­lyk bi­len elin­dä­ki ýa­ra yzyn­dan ýö­ret­dim.

Olam, özi bil­mez­den, me­niň he­re­ke­ti­mi gaý­ta­la­dy hemde aň­syz na­za­ry­ny gy­zy­lym­tyl zo­la­ga dik­di. Bir­de­nem ol tu­tuş dur­ky bi­len gal­pyl­da­dy, maň­la­ýy çyg­ja­ryp git­di.

— Eý, Hu­daý — di­ýip, ol sol­gun do­dak­la­ry­ny müň­kül­de­dip py­şyr­da­dy. — Eý­sem, men sam­syk gür­rüň edäý­dim­mi­käm ýada nä­hi­li­dir bir ke­le­saň he­re­ket et­dim­mi­käm? Ýe­ne şeý­le­mi… Dog­ru­da­nam?

— Ýok — di­ýip, men ýu­waş­ja jo­gap ber­dim. — Ýö­ne siz hä­zi­riň özün­de oý­ny gu­tar­ma­ly. Wag­ty bol­dy! Luk­ma­nyň nä­me di­ýe­ni­ni ýa­dy­ňy­za sa­lyň.

Dok­tor B. laň­ňa kür­sü­den di­kel­di.

— Özü­miň sam­myk ýal­ňy­şym üçin ba­gyş­la­we­riň — di­ýip, ol sy­pa­ýy­çy­lyk­ly gür­le­di hemde Çen­to­wi­çiň öňün­de baş eg­di. — El­bet­de, men ha­lys war­sa­ky otar­dym. Hiç hi­li gepgür­rüň ýok, bu dö­wi siz ut­du­ňyz.

Soň­ra ol bi­ze öw­rü­lip gür­le­di:

— Je­nap­lar, si­zem me­ni ba­gyş­la­we­riň. Ýö­ne men­den uly ta­ma et­mä­we­riň di­ýip öňün­den duý­du­ran­dy­ryn. Oý­ny şeý­le we­je­ra­çy­lyk­ly gu­ta­ra­nym üçin ýa­zyk­ly ben­dä­ňi­ziň gü­nä­si­ni öte­we­riň. Şu meň küşt oý­na­ma­ga tö­wek­gel­lik eden iň soň­ky ge­ze­gim.

Ol baş eg­dide, bi­ziň ara­myz­da il­kin­ji ge­zek gör­nen­dä­ki­si ýa­ly, sa­ly­hat­ly hemde syr­ly gör­nüş­de bär­den ga­ra­sy­ny saý­la­dy. Bu ki­şi­niň da­gydu­wa­ra küş­tüň çö­pü­ne bar­ma­gy­nam ba­tyr­ma­ja­gy­nyň se­bä­bi­ni di­ňe men bil­ýär­dim, beý­le­ki­ler we­lin ala­sar­myk hal­da öwe­li­şip ga­lyp­dy­lar, nä­hi­li­dir bir gü­mür­tik hemde za­bun zat her­nä özü­mi­ze deg­män du­şu­myz­dan gy­rat­lap ge­çip git­di diý­şip, olar gar­ja­şyk pi­kir­de iki jä­hen­ne­miň owar­ra­sy bo­lup­dy­lar.

— Häý, jyn uran ke­le­wiň bi­ri! — di­ýip, Mak­Kon­nor la­py­keç hal­da hü­ňür­de­di.

Çen­to­wiç iň so­ňun­dan kür­sü­den tur­dy hemde soň­lan­ma­dyk dö­we ýe­ne bir ge­zek na­zar aý­la­dy.

— Ar­man, gu­ta­ryl­man gal­dyda — di­ýip, ol haý­py­ge­li­ji­lik bi­len gür­le­di. — Hü­jü­miň gur­na­ly­şyha hiç ne­neň däl­di. Hö­wes­jeň küşt­çi üçin bu adam çak­da­na­şa ze­hin­li oý­na­ýar.

Rus­ça­dan ter­ji­me eden Ça­ry GEL­DI­MY­RA­DOW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle