|

Kürsüli, gürzüli adam

Kürsüli, gürzüli adam KÜRSÜLI, GÜRZÜLI ADAM

Ony göter-göter edip,
Oturtdylar kürsüde.
Oñ eline berdiler
Bir ullakan gürzi-de.
Ýalkanyny ýaz etdi,
Gargan ýerin ýas etdi.
Halamasa, gürzüsini eñterdi.
Men-men diýen ýigitleri
Gapy-gapy entetdi.

Wagty ýetdi.
Eñterdiler özüni
Tasdanam açypdylar
Türmelerde gözüni.
Indi onuñ kürsüsinde
Otyr entäniñ biri.
Indi öñki gürzüli
Gapy-gapy enteýär.
Arza-şikaýat baryn
Yz-yzyna eñterýär.

Hiç gapyda diñlänoklar arzyny.
(Kime gerek, ýitireñsoñ kürsüñi?!)
Haly harap, ýüz-gözünde yşnak ýok,
Adalatyñ ýeñýändigne düşnenok.

• BIR TANŞYM BAR…

Bir tanşym bar, diñleseñ,
Özüñden göwnüñ geçer.
Başyña täç edip ýören
Uzuñdan göwnüñ geçer.
Saçakdaky nanyñdan-
Duzuñdan göwnüñ geçer.

Diñläp otursañ ony,
Dünýeler
Çöwrüljek-çöwrüljek ýaly.
Bu gyşlar, al baharlar
Göge sowruljak ýaly.

Diñläp «häsin» berip otursañ, garaz,
Zenan tohumyny çykar zaýalap.
Soñ özüñe weli gelip bileñok,
Ne-hä gülüp bilýäñ,
Ne bilýäñ aglap.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

«Tokmak» žurnaly, 1991. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle