«Kür!»
"Kür!"
Hezil edip gürrüñ bererdi atam:
«Gumdan bir towşanjyk getirdim kätäm.
Şorja et bişdigi, gazan bişdigi
Şükür mollajygam taýyndyr taýyn.
Günaşa gelse-de boljak-la kaýyl.
Emma her gezegem getiren awum
Özli-özümize etmänsoñ nesip,
Tapdym bir hesip.
Bir gün gapymyzy içinden ýapdym!»
Diýip, kikir-kikir gülerdi kakam.
«Aýagy mesili,
Eli tesbili
Añyrdan çybşyldap gelendir häkem».
Göýä eşegimizi kowandan bolup,
Diýenmiş kakam:
— Kür, haramzada,
Jähennem bol, kür!
— Essagpyrylla!
Men molla Şükür,
Men molla Şükür.
— Aý, zyýany ýok,
Molla-da bolsañ, kür!
Diýerdi: «Şondan soñ, Hudaýa şükür,
Bizden aýagyny kesäýdi Şükür.»
Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular