Kümüş depe
Kümüş depe
KÜMÜŞ DEPE
Kyn günlerde tanalarmyş adamlar,
Agyr ýagdaý başa düşse her bapdan,
Durmuş küresinden, oduň içinden,
Taplanyp çykanlar gaýytmaz her zatdan,
Synçy şahyr Kerim aga diýipdi:
<kyýnyn başarmakda iş bar> her işiň,
Kyýna garamazdan ärlerçe mertler,
Guwanjyna döndi ýat bilen hyýşyň,
Baldyrlary çyzgap, gollary çermäp,
Arka bilen halta daşap kyn günde,
bolmajagy boldurdylar gerçekler,
Müňlerçe jan ýygnanandek bir tende,
Gökdepede kapyr bilen söweşen,
Merdana ärleriň atlary baky,
Äpet silden ili goran ýigitleň,
Taryhda agzalyp tutular ýady,
Adyň <kümüş> depe bolsada seniň,
Altyndan artyk sen asliýetinde,
Göroglydan paý alypdyr ogullaň,
Ägirtlik bar olaň päk niýýetinde,
Ýöne bir depediň göräýmäge sen!
Indi beýle däldir, bahaň artandyr,
Lowurdap bäs etýäň nurly gün bilen,
Lowurdaşyň gün deňine eltendir,
Altyn depä janyn beren altylar,
Alty ýyldyz alty depäň üstünde,
Alnymyzda durar altylaň keşbi,
Unudylmaz beýik günde, pes günde,
Subhan Salariniýa, Turbat jam, 20/01/1398
Eyranyň Türkmensähra welaýatynyň Kümüşdepe şähryny sil alanda onuň ýaş ýigitleriniň sil belasyndan goramak uçin şäheryň 5 km daşyndan haltalara gum we çagyl doldurup, böwet ýasap sil gaýtaranlarynda özlerinden ajaýyp iş görközdiler. Şol ýagdayda 6 san gerçek ýigit hem mertlerçe wepat boldular.
Goşgular