Kümsükler
Kümsükler
Kümsükler men size goýýaryn telpek,
Dälsiňiz tentek.
Siz hakda köp gürrüň entek.
Maýyp edip taşladyňyz niçäni,
Laýa batyrdyňyz garry, beçäni.
Bilip bolmaz ýaşyňyzy,
Sanasaň-da tükeniksiz müçäni.
Adam diýsem adam däl siz,
Dost diýsem «dost“, ýadam däl siz.
Biriňiz bir uly oba ýeterlik,
Diýmez hiç kim kän siz.
Mahlasy, siz adamlaryň jansyzy.
Ýalan bolmaz, diýsem eger töňňe siz,
Has takygy, maçy eşek,
Ýöne weli gaňňasyz…
24.02.2016. Goşgular