|

Kümede ýaşadym

Kümede ýaşadym KÜMEDE ÝAŞADYM

Kümede ýaşadym, elkin ýaşadym,
Maňa hemdem boldy dag bilen depe.
Ýaşadym unudyp bar ünjüleri,
Terkidünýä deýin ýaşadym ýeke.

Kümäniň daşynda bir töňňejikde
Goşgy ýazdym oturyp men galaba.
Dagda şahyr boldum şol kümejikde
Bar duýgymy salyp kagyz-galama.

Giden bir ýaýlady kümäniň ardy,
Güller ýele tolkunýardy ýaz pasly.
Kümäň gapdalynda çeşmejik bardy,
Daşdan-daşa towsup akýardy çasly.

Her gün çeşmejige dodagyn basyp,
Teşneligim gandyrardym mazaly.
Ýekelik ýüregme düşdi meň basym,
Gün-günden gaçyryp keýpi-mazamy.

Bir günem bardym-da çeşmäň boýuna
Ýöräberdim onuň bilen bileje.
“Kümede ýaşamak, erkin ýaşamak,
Nämä gerek boldy, aý gögeleje?”

Diýip soraýan deý menden çeşmejik
Towlanyp-towlanyp akýardy batly.
Men bolsam sykylyk çalyp barýardym,
Göwnüme bu pursat hemme zat şatdy.

Çeşme akyp, söküp dagdyr deräni,
Ençe wagtlap özi bilen entedip,
Yzda goýup meň dagdaky kümämi,
Yzda goýup jülge-zawlaň ençesin…

Ahyr obaň bir çetinden saldy-da,
Soňra biraz dynjyn alyp oturdy.
Ýekeligiň girdabyndan aldy-da,
Adamlaryň arasyna getirdi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle