|

Kül

Kül KÜL

Kül

Ilkinji söýgi.
Arzuw-umytlar.
Soñky duşuşyk…
Birdenem top oky ýarylan ýaly
Aýralyk.
Gözýaş.
Sowrulan küller.
Aljyraññy hallar
Höre-köşeler.
"Besdir, beýtme!" diýlenine garaman
Togalanyp elwan ýañaklaryñdan
Göwüsleñ üstüne buldurap inen
Turşumtyk tagamly gözýaşlaryña
Garyp öz şepbeşik sülekeýimi
Dara-direlikde alnan posalar…
Çarkandakly ýollar.
Uzak menziller.
Dostlar hem dost görünen duşmanlar.
Soñra terk edilmek Mähriban Enä
Hem Eziz Watana deñelip söýlen
Bir Gözeliñ eşdip hoşlaşyk sözün
Elem ýuwdup içiñ tutup ýörmeklik…
Gündizler garaşmak.
Gijeler ýatman
Şem ýakyp daña çen şöwür çekmeklik.
Mylakat tapmansoñ hyýrsyz durmuşdan
Derwüş kimin dag-düzlere çykmaklyk…
"Gözden yrak bolan,
                                  köñülden yrak"
Kim diýenem bolsa,
Ýalan, biderek!
Ol gözel gözüme çökdi bireýýäm,
Ol gözel köñlümi ýykdy bireýýäm…
Ýok undup bolanok,
                                 Gaçyp bolanok,
Dünýäden öz erkli geçip bolanok,
Yşk derdi bir gelip çökse depäñe
Çyg çeken däri deý göçüp bolanok.
Bilýän, gymmatym ýok aýakbagyça
Ýogsa saralardym aýaklaryña
Siñerdim ýag bolup süýekleriñe.
Owarrama gitsin meniñ şatlygym
Seniñ ýok ýeriñde gerek däl bagtam
Saña ýakyn tutýar ýekelik gaýtam.
Emma her pursatda dileýän Hakdan
Mizemejek bagtyñ,
Soñsuz şatlygyñ.
Sen bagtlam bolarsyñ,
                                       şatlanarsyñam.
Gaýtam mensiz barha batlanarsyñam,
Mümkin,
                şat günüñde ýatlamarsyñam,
Duýmarsyñ señ üçin bar zady taşlap,
Her adyñ tutamda didämi ýaşlap,
Hasratyñy setirlere dökemde,
Yşk derdini ýeke-ýalñyz çekemde,
Bir gün ajal señ gapyña ýykanda,
Hiç kim eýe çykmasa-da meýdime,
Duşmanlarym zowladanda aýdyma
Sen gel,
               açyk gözlerimi ýum läläm,
Başujumda bir pursatlyk dym,
                                                   läläm.
Ýöne, mert bol!
Merdana bolgul,
Janym,
Goý, meýdim porsasyn,
Gatasyn ganym.
Gözýaşyñ görkezme binamyslara,
Kalby ~ göýdük,
                            gözi ~ kör,
                                                kemislere.
Goýma,
              dost-duşmany goýma ýanyma,
Nesip etsin tenimiñ her parçasy
Adama zyýansyz itdir guşlara.
Getir,
           otparazlañ mähnet itini,
Iýdir,
          porsap başlan arryk etimi.
Soñra saçlaryñdan ýolup birje tar
Otlap goýber toplaşdyr-da bir ýere
Etden boşap galan ystyhanymy.
Ýöne senden etjek bir towakgam bar:
Bir gysym külümi sakla çüýşede,
Sakla ony,
                   sakla her kes duýsa-da.
Bir gün ogluñ bolsa,
                                  bir kündük suwa
Ezip çüýşedäki gysym külümi.
Ýuwundyr,
                  ikilenç doglarym ýaly
Söýýän bolsañ meni söýşüñ deý ogluñy…
Alasarmyk düýşler.
                                 basyrganmalar…
Ýene az salymdan gölegçileriñ
Ýüzlerin sortdurşyp gonamçylykda
Üsti gülli ýaglyk bilen dañylan
Meýitli tabydyñ için boşadyp
Yzlaryna bakman terk edip gaýtjak
Suwy çekilip başlan ruhsuz bedeni
Guçmak üçin gerip çygly gujagyn
Sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran
Böwri gara boş lahat.
Lahatdan çykarlan çyglyja gumy
Ysgaşdyryp ýören gazan kelleli it…
Gaçyp şeýle buýr-bulaşyk düýşleriñ
Bir gün meni gabra gapgarmagyndan
Yşkyña örtenip küle öwrülen
Kalbymyñ hoñkaryp galan ýerini
Gülle deşen ýaly deşiklerinden
Kül dörýän it ýaly peşäp,
                                          gorjalap
Marguşyñ alawyn içime sorup,
Barýaryn ýanyña dünýäden irip…

Mary, 06.07.2017 ý.

Has TÜRKMEN.

https://www.edebi.net/index.php/tuerkmenistan-edebiyat/turkmenistan-siiri/6886-has-turkmen-kul Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle