Koýotlaryň syry (Hekaýa)

Koýotlaryň syry (Hekaýa)

Maksim ZWEREW,
rus ýazyjysy

Dynç almagy her kes öz islegine görä gurap bilýär. Bir amerikan zawodynyň inženeri zähmet rugsadyny ýalňyzlykda geçirmegi makul bilipdir. Ol heniz dynç alşa çenli ep-esli wagt barka, deňziň kenarynda ýekelikde ýaşajak adama zerur bolan zatlary, azyk-owkatlary, egin-eşikleri taýýarlap goýdy. Ahyry uzak garaşdyran günem gelip ýetdi. Inžener zähmet rugsadynyň bir sagadynam ýitirmän, ýangyjy az harçlaýan, gabarasy kiçeňräk ulagyna münüp, şäherden çykdy.

Şol günüň ertesi, agşamara ol «öz aýlagyna» gelip düşdi. Ynha onuň soňky düşlän ýerleri — çägäniň üstünde, ährem şekilinde tertipli edilip örülen konserw bankalary. Bankalaryň poslaýyş derejesi boýunça olary «üç hile» bölse boljak — bu ýerde inžener özüniň bassyr üç ýylky zähmet rugsadyny geçiripdi. Onuň bu gezekki gelmegi bilen ähremjik birneme beýgeler.

Günortada iňrik çalt garalýar. Inžener bu gün ulagynyň ýüküni düşüribem durmady. Ol howul-hara şamlyk edindi, ýel berilýän gaýygyny ýelden doldurdy-da, ulagynyň ýanynda onuň içine girip ýatdy.

Ir säherde jaňly sagadyň sesine tarsa turman, näçe isleseň şonça-da ýatmak gör nähili ýakymly. Deňizden öwüsýän mymyjak, ýakymly şemal ýüzüňi ýelpeýärdi. Nirelerdedir bir ýerlerde çarlaklar we ýene-de haýsydyr bir guşlar gykylyklaşýardylar, inžener demirgazyk ştatlarda olaryň seslerini eşitmeýärdi. Çygly çägäniň we deňziň ysy burnuňa urýardy. Şäheriň garma-gürmeliginiň we gündelik iş-aladalaryň ýoklugy şeýle bir rahatlandyryjydy hem ýakymlydy — ýok, ol şypajaýlarda, itnişik suwa düşülýän kenarlarda zähmet rugsadyny geçirýän adamlara asla düşünmeýärdi.

Inžener uzak wagtlap arkan ýatan ýerinden, göm-gök asmana we deňizden has ýokarda gara nokat bolup görünýän bürgüde seretdi.

Ýuwaş-ýuwaşdan «rugsada çykan adamyň» bütinleý başga aladalary onuň serine doldy — ol şu gün irden aýlagyň haýsy ýerinde balyk tutmagyň şowly boljakdygy, ertirlik edinmek üçin nähili nahar taýýarlamalydygy, her gezekde bolşy ýaly, bu gezegem zerur bolan zatlardan bir zady ýadyndan çykarmadymy-ka diýen pikirleri hyýalyna getirdi.

Rugsada çykan inženeriň şeýle uzak wagtlap arzuw eden, täk özüniň tebigat bilen ikiçäk bolan birinji güni edil baýramçylyk ýaly geçdi. Balyk tutmak, suwa düşmek, nahar-şor taýýarlamak baradaky aladalar — bularyň ählisi ozalky endiklerden tapawutlanyp, şäher durmuşyna asla meňzeş däldi. Öwrenişilen ýagdaýyň özgerdilmegi akyl zähmeti bilen meşgullanýan adam üçin hemişe-de peýdaly, inžener muny ilkinji gün duýdy.

Ol agşamara bir orunlyk kiçijik çadyryny dikdi-de, onuň içinde edil çagalyk döwründäki ýaly bigam hem asuda uka batdy. Emma ýarygijeler birdenkä ony koýotlar oýardy: olar çadyryň daş-töwereginde ýakymsyz ses bilen uwlaşýardylar.

Ertesi gün inžener birneme gijiräk, ýiti gün şöhleleri çadyry gyzdyransoň oýandy. Ol çadyrdan çykdy we deňziň kenarynda girdenek sähra möjeklerini görüp haýran galdy — koýotlar üşerilişip deňze seredýärdiler.

Bulara näme gerekkä? Ol bu ýerde ozal bir koýotam görmändi ahyryn.

Arka tarapdan adam sesleri gelip başlady.

Inžener yzyna öwrüldi — elleri sebetli adamlaryň kimsi pyýada, kimsi atly we käbiri gatyrly aýlagyň kenaryna tarap howlugýardylar. Olar dessine inženeriň daşyna üýşdüler.

— Siz bu ýerde näme etmekçi? — diýip, inžener salam-helikden soň goja sowal berdi.

— Pyşdyl ýumurtgalaryny çöplemekçi — diýip, goja jogap gaýtardy.

— Ýöne bu ýerde ýumurtga ýok ahyryn!

— Pyşdyllar hä diýmän deňizden çykarlar-da, öz ýumurtgalaryny çägä gömüp başlarlar. Bäh… olaryň ýumurtgasyndan nähili heýgenek bişirip bolýanyny siz bilýän dälsiňiz, ol biziň gowy görýän höregimiz, söwer aşymyz!

Inžener tebigatyň bu hadysasy barada gojadan eşiden gürrüňlerine haýran galdy: pyşdyllar ýumurtgalaryny çägede gömmek üçin toplum-toplum bolup süýşenekleşip suwdan çykýarlar, ýöne her ýyl kenaryň şu ýerinde däl, üstesine-de aýry-aýry aýlarda. Koýotlar bu hadysany haýran galaýmaly takyklykda nähilidir bir ýol bilen «bilip», pyşdyllaryň bu ýerde peýda bolmagyndan bir gije-gündiz öňürti kenarda ýygnanyşýarlar.

— Koýotlary kenarda gören badymyza, elimiz sebetli şo ýana ýüwürýäs. Men bütin ömrüm şu kenarda geçirdim, ýöne pyşdyl ýumurtgalaryny çöplemek pursadyny bir gezegem elden gidermedim.

— Ýöne pyşdyllaryň nirede we haçan kenara çykýandygyny koýotlar nädip bilýärlerkä?

— Kim bilýä — diýip, goja jogap gaýtardy.

Her niçik-de bolsa, bütin günüň dowamynda deňizden ýekeje pyşdylam çykmady. Ýöne adamlar kenarda oturyp, sabyrlylyk bilen garaşýardylar. Bir tarapda bolsa koýotlaryň sürüsi otyrdy.

Daňdanlar çadyra nämedir bir zadyň urulmagy, inženeri gijeki ukusyndan oýardy. Daş-töwerekde san-sajaksyz, haýsydyr bir jandarlaryň çygşyldysy eşidilýärdi. Ýöne bular koýotlar däldi. Inžener çadyrdan dazlap çykdy-da, ulagyna tarap okduryldy we onuň çyralaryny ýakdy. Çyralaryň ýiti yşygy gijäniň tümlügini deňze tarap böwsüp geçdi. Kenar ýakasyndaky çägelikde köp sanly äpet deňiz pyşdyllaryndan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Olar süýşenekleýärdiler, çukur gazýardylar, köpüsi bolsa eýýäm guzlan ýumurtgalaryny gömýärdi. Koýotlar bolsa dessine ýumurtgalary agtaryp tapyp, nebsewürlik bilen ýalmap ýuwudýardylar.

Inžener çyralary öçürdi, oturgyjyň aşagyndan elektrik çyrajygyny çykardy. Çyranyň ýitije şöhlesi ulagyň töweregindäki çägäniň üstünde gaýmalady — hemme ýerde pyşdyllar süýrenişip ýördüler. Olar sansyz-sajaksyzdy. Edil şol wagt pyşdyllaryň biri ulagyň ýanyndaky gaýyga baryp süsdürildi, öň aýaklarynyň dyrnaklary bilen rezini sypjyryp goýberdi, onuň içindäki howa hyşşyldap çykyp başlady we gaýyk şobada myssardy. Inžener ony ulagynyň kuzowyna oklap goýberdi, çyrajygynyň ýagtysyna dessine çadyry we ýaýrap ýatan zatlaryny ýygnaşdyrdy-da, oturgyçda ornaşansoň, gapyny şarkyldadyp ýapyp goýberdi.

Pyşdyllar tyrkyldaşyp, çygşyldaşyp häli-şindi ulaga süsdürilýärdiler. Ertire çenli gabawda oturmaly boldy. Pyşdyllar heniz maşgala işlerini tamamlap ýetişmänkä, ir säheriň gün şöhleleri olaryň üstüne düşüp ýetişipdi, ýöne olaryň aglabasy eýýäm guzlan ýumurtgalaryny çägä gömüp, deňze çümüp gidipdi: gün şöhlesiniň gyzdyran çägesi pyşdyl ýumurtgalary üçin iň gowy inkubatordyr. Adamlar aýlagyň tutuş kenarynda pyşdyl ýumurtgalarynyň gözleginde dümtünişip ýördüler. Koýotlar eýýäm ýokdy. Olar gije gerk-gäbe doýup, sumat bolupdylar.

Amerikan zoologlary koýotlaryň syryna düşünerlermikä ýa-da düşünmezlermi — belli däl. Emma biziň ýurdumyzda-da, tebigatyň heniz açylmadyk syrlary dumly-duşda näçe diýseň bar. Nähili-de bolsa, bu ýabany haýwanlaryň howanyň üýtgejekdigini öňünden haýran galaýmaly takyklyk bilen duýýandygyny bilip bolsady. Ýa-da haýwanlar alyslarda, hiç haçan bolup görmedik ýerlerine düşenlerinde hem öýüne eltýän ýoly nädip tapýalar-ka? Hatda iň bir adaty tokaý guşy kedrowka şu wagta çenli hem adamlaryň gözüniň alnynda, güýz aýlary galyň garyň astynda, hatda özüniň däl-de başga bir kedrowkanyň gizläp goýan ätiýaçlyk iýmlerini aňsatlyk bilen tapýar: ol ätiýaçlyk hozlary edil garyň üstünden görýän ýa-da duýýan ýaly, olaryň takyk ýokarysyndan gazyp tapýar. Tebigatda açylmadyk syrlar azmy eýsem? Haýwanlaryň gylyk-häsiýetine dogry düşünip, olaryň köpüsini adamlar iş ýüzünde peýdalanyp bilerdiler ahyryn.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle