|

Kowusnama: Allatagalanyň işlerine akyl ýetirmegiň tärleri hakynda

Kowusnama: Allatagalanyň işlerine akyl ýetirmegiň tärleri hakynda

Kowusnama: Allatagalanyň işlerine akyl ýetirmegiň tärleri hakynda

ALLATAGALANYŇ IŞLERINE AKYL ÝETIRMEGIŇ TÄRLERI HAKYNDA

Eý, oglum, bilip goýgun, dünýäde bolan, bolmadyk ýa-da bolup biläýjek zatlaryň baryna adam ogly göz ýetirip bilýändir, ol diňe Ýaradanyň işlerine akyl ýetirip bilýän däldir, asyl oňa akyl ýetirmegiň alajy hem ýokdur. Ondan özge zatlara bolsa akyl ýetirip bolýandyr. Sen gudraty güýçli jepbara diňe ähli zatlara akyl ýetirmekden galan halatyňda akyl ýetirip bilersiň.
Akyl ýetirilýän zat nagşa, akyl ýetirýän adam bolsa nakgaşa kybapdaşdyr. Eger bir jisim nagşy kabul etmese, hiç bir nakgaşyň hem onuň ýüzüne nagyş urmaga güýji çatmaz. Daşa garanyňda mumuň nagşy oňat kabul edýändiginden, şonuň üçinem, möhüriň daşdan däl-de, mumdan ýasalýandygyndan seniň özüňem habarly bolsaň gerek. Diýmek, diňe akyl ýetirip bolýan zatlara akyl ýetirilýändir, Perwerdigäriň işlerine welin, akyl ýetirmek bize berilmändir. Şonuň üçin hem, sen diňe özüňe bakgyn, Perwerdigär bilen işiň bolmasyn. Sen ýaradylan zatlara dykgatly syn etseň, öz akylyň bilen Ýaradana göz ýetirip bilersiň. Görseň, ýaradylan zadyň dowamylygy saňa Ýaradana tarap ýol açýan däldir, çünki dowamylyk wagt zerarlydyr, wagt bolsa gelip-geçip durandyr, gelip-geçip duran zadyň bolsa başy-aýagy bardyr.
Galtaşykly görünýän bu dünýäniň baglylygyny gowulyk hasap etmegin, kämillikden jyda düşmegin, çünki onuň baglylygy çözülmän galmaz. Sen Ýaradanyň ýagşylyklary, eçilýän nazy-nygmatlary barada oýlan-da, özi barada oýlanmagyn, sebäbi ýolsuz ýerden ýol gözleýän adam ýolundan azaşagan bolýar.
Pygamber (s.a.w.) aleýhyssalamyň aýdyşy ýaly, (Alla ony öz penasynda saklasyn), “Allanyň nygmatlary barada oýlansaňyz oýlanyňda, asly barada oýlanmaň”. Eger bizi ýaradan Alla şerigatyň kömegi arkaly öz ýoluny tapmaga bendelerine ygtyýar bermedik bolsa, Allatagala akyl ýetirmek barada ýeke söz aýtmaga hiç kesiň bogny ysmazdy, çünki Hakyň adyny näme diýip tutsaň-da, ony nähili häsiýetlendirseň-de, sen şol adyň, şol häsiýetiň hudaýhonlykdan ýa agalykdan däl-de, öz gowşaklygyňdan we nalajedeýinligiňden gelip çykýandygyny bilip goýgun, sebäbi sen barybir ony hiç haçan göwün diýeniňçe taryplap bilmersiň, onsoň, şeýle halatda sen oňa niçiksi akyl ýetirjek.
Eger sen töwhidiň (bir hudaýlylygyň) nämedini bilerin diýseň, bir zady ýatda saklagyn, seniň başarmaýan zadyň onuň üçin müşgil däldir, meselem, birligi alyp göreli. Kimde-kim birligiň manysyna düşünýän bolsa, ol müşriklikden (köp hudaýlylykdan) azatdyr. Birlik diňe gudraty güýçli Ýaradana mahsusdyr, galan barça zatlar jübütdir. Aslynda ikä bölünýän zatlaryň hemmesi ýa jisim kimin düzümine görä jübütdir, ýa-da san ýaly bölünişine görä goşadyr, häsiýetine görä, jemi boýunça ikidir, ýa-da iki sany dartylan şekil ýaly, keşbine görä jübütdir, ýa-da tötänligi ýaly, birleşmesine görä jübütdir, ýa-da esasy hem-de esasy däl zat kimin öndürilişi boýunça ikidir, ýa-da paýhasdyr jan ýaly çaklama görä ikidir, ýa-da tebigat hem keşp ýaly, deňagramlylygy boýunça ikidir, ýa-da meňzeşlik we parhlylyk ýaly gapma-garşylygyna görä ikidir, ýa-da maddadyr element kimin gurluşy boýunça ikidir, ýa-da wagtdyr giňişlik deýin hadysanyň başlangyjy boýunça ikidir, ýa-da hil ýaly mümkinçiligi boýunça jübüt bolup bilýändir, azlykdyr köplük ýaly, kabul ediliş nukdaý-nazaryndan ikidir. Ýa-da ýokluk we barlyk ýaly, san taýdan ikidir. Bularyň bary, her näçe gapma-garşy, her näçe ters bolsalar-da, ikilik alamatlary bolansoň, olaryň hiç haýsysyny bütewi bir zat hasap edip bolmaz. Birlik diňe gudraty güýçli Ýaradana mahsusdyr. Ikilik alamaty bolan her bir zat hudaý bolup bilmez. Hakyky töwhit şundan ybaratdyr, ýagny kalbyňda döreýän zatlaryň barynyň hudaý däldigine, diňe ähli zady ýaradan, deňi-taýy bolmadyk Biribaryň hakyky hudaýdygyna akyl ýetirmegiň gerek. Goý, onuň mertebesi belent bolsun! Pedagogika we edep-terbiýe

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle