Köwüş süpüriji
Köwüş süpüriji
Gar ýagýar bu gün jenap,
Gül edeýin köwşüñiz!
Azajyk pul berseñiz,
Lowurdar oñ öwşüni.
Alyslardan gelen bar,
Kim barýar alsa bakan.
Her kim öz işi bilen,
At salyp ýör iki ýan
Her kimiñ aladadan,
Ýetik borly gerdeni.
Her kim öz işi bilen,
Bilmeýärler derdimi.
Ak gar hem-ä ýagyp dur,
Hem pagşyldap eräp dur
Buza dönen aýamdan,
Gara şaýy garap dur.
Söz beripdim jigime,
«Getirin!» diýip ädik.
Arman pulum ýetenok,
Öýe bararyn nädip?
Kwon BÝON SUN,
Günorta Koreýa.
Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular