|

Köwüş hakda blýuz

Köwüş hakda blýuz KÖWÜŞ HAKYNDA BLÝUZ

(Şahyr Oraznepes Baýramowyň ýagty ýadygärligine)

Köne köwşe gözüm düşdi,
Çaň-tozan basypdyr üstün.
Ýollaryň “gör” azabyndan,
Birkemsiz çykypdyr üstün.

Sähralara seýle çykdy,
Ýazda güller parç bolanda.
Gezdi Maryda, Tejende,
Aşgabatda, Arçmanda.

Gojaman daglara baryp,
Dynç aldy çeşmäň boýunda.
Tans etdi ol –
eýesiniň
Dostunyň gelin toýunda.

Toýda hyzmat edip ýörkä,
Ýyrtyldy tumşugy, gonjy.
Zyýany ýok, günde-günde
Toý berip durmy nä goňşy?!

Juda-juda ilgezikdi,
“Oň bolsun!” aýtmaga has-da.
Toýdan-toýa il gezipdi,
Durup, ýegşeripdi ýasda.

Eýesiniň – soramaga
Baranda hassaň ýagdaýyn
Ýüksürinmän göterdi ol,
Hoş sözden doly sagdagyn.

Düşegi bolupdy Zemin,
Üçegi bolupdy Asman.
Geçmedi ol – Süleýmany
Eglän mura gulak asman.

Sataşanda Leýli gyzyň,
Münüp gelen düýesine –
Ýylgyrypdy Mejnun bolup,
Nama aýdýan eýesine.

Öňe gitjegem bolmady,
Yza-da galmady asla.
Albaý bolup oda ýandy,
Göze görünmeýän Asla.

Gördi ol ýowuz durmuşyň,
Ajysyn-da,
Gatysyn-da.
Eýesine kän garaşdy,
Söz mülküniň gapysynda.

Müň köwüşiň ýetip biljek,
Menziline ýetip bildi.
Edil öz ökjesi ýaly
Pälini pes edip bildi.

Bile gezdi suw içinde,
Bile gezdi asmanda-da.
Eýesiniň aýak yzyn
Möhürledi asfalta-da.

Indi…ony öz erkine
Alypdyr Wagtyň güýesi.
Telmuryp bakyp her kime
Gelýär bir zatlar diýesi…
Hany, indi onuň bilen
Gepleşip bilýän eýesi…

Gör, dünýäde täzejeler
Girse-de her dürli röwşe,
Gözleri gidýär – şanyna
Şygyr bagyşlanan köwşe…

Aýyt GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle