Kosmonawt (Hekaýa)

Wladimir Železnikow,
rus ýazyjysy
Täze gelen okuwçy iň yzky partada otyrdy. Oňa gözüň düşmejek gümany ýokdy, ol açyk çypar saçlydy.
— Bize täze okuwçy gelipdir — diýip, Lýowuşkin mälim etdi.
— Sen nireden geldiň? — diýip, men soradym.
— Biziň öýümizi ýykdylar. Bizem täze jaýa göçdük.
— Familiýaň näme?
— Knýažin.
— Fizika sapagy bilen gyzyklanyşyň nähili?
— Ol-a meň iň gowy görýän sapagym.
Eýsem-de bolsa, ol diýseň çypardy, men onuň ýüzüne esewan etmän, biygtyýar halda diňe onuň saçyna seredýärdim.
Men täze kesgitlemeleri düşündirip başladym. Her sapar täze kesgitlemäni ýazmak ýa-da çyzgy çyzmak üçin tagta tarap öwrülemde, Lýowuşkin arkamdan kikirdeýärdi we pyşyrdaýardy. Şol wagt Knýažiniň:
— Diňlemäge päsgel bermesene — diýen sesi gulagyma degdi.
Men gaňrylyp yzyma seretdim. Lýowuşkin şeýle bir aljyraňňy haldady welin, göýä, ol gyzgyn çaýy owurtlap, ony pürküp goýbermelidigini ýa-da ýuwutmalydygyny bilmeýän ýalydy. Men:
— Knýažin, tagtanyň öňüne geç-de, meseläni täze kesgitleme esasynda çöz — diýdim.
Ol meseläni haýal etmän, sakynman takyk çözdi we hemmesini düşündirdi. Men onuň jogap berşini haladym. Synpyň okuwçylarynyň aglabasy artykmaç sözlüdi, Knýažinde bolsa beýle häsiýet ýokdy.
Jaň kakylyp synp otagyndan çykamsoň, Lýowuşkiniň sesini eşitdim:
— Gördüňizmi ol nähili eken? Hamala, men oňa päsgel berýänmişim. Ilkinji günden eýýäm öz tertip-düzgünini girizjek bolýa. Bolduň meň başyma Akademik Fok!.(Meşhur rus alymy, fizik.) hamala, beýlekiler gozganman oturmalymyşyn. Özem çypar, üstesine-de, ýalynjaň.
— Çypardygymy özümem bilýän — diýip, Knýažin arkaýyn jogap berdi. Eger ýaňsa alýan bolsaň, diýmek sen akmak. Bu bütinleý takyk hem ras gürrüň.
Bir hepdeden soň men uly wožatynyň elinde dürli gurnaklara ýazylan çagalaryň sanawyny gördüm. Fizika gurnagyna ilkinji bolup Knýažin ýazylan eken. Men öz ýanymdan: «Gaty gowy, Knýažin juda gowy oglan» diýip oýlandym.
Men beýleki gurnaklaryň sanawlarynyň sahypalarynam agtaryşdyrdym we her sanawda Knýažiniň familiýasyna gözüm düşdi. Ol zoologiýada-da, matematikada-da, sportda-da bardy, diňe aýdym gurnagyna ýazylmandyr.
Arakesme wagty Knýažiniň adyny tutup gygyrdym.
— Sen nä sebäpden hemme gurnaga ýazyldyň? Meň pikirimçe, bu biraz ýeňilkellelik bolýar.
— Gerek bolany üçin — diýip, ol jogap gaýtardy.
— Belki, sen özüňi has beter gyzyklandyrýan zady bilýän dälsiň?
— Ýok, bilýän — diýip, ol erjellik bilen jogap gaýtardy. Ýöne maňa sapaklaryň bary gerek. Bu meň syrym.
― Bu syrmy ýa däl, ýöne fizika gurnagynyň sapagyna gelmeseňem bolar. Eger-de sen zoologiýa, matematika, sport gurnaklaryna gatnasaň, onda fizika wagtyň bolmaz.
Knýažin gaty aljyrady, hatda ýüzem boz-ýaz boldy. Men onuň bilen şeýle sypaýyçylyksyz gürleşenime ýüregim awady. Her niçik-de bolsa, ol entek ýetginjek oglan ahyryn.
— Men hemme zady öwrenip, bilip, geljekde kosmos gämisiniň uçarmany bolasym gelýär. Muny hiç bir kesiň ýanynda aýtmakçy däldim, emma siz aýtmaga mejbur etdiňiz.
— Ä-hä! — diýip, men sokduryp gürledim-de, ilkinji gezek dikanlap, göni onuň ýüzüne seretdim. Onuň çypar alyn saçynyň astynda maňlaýy tüňňerip durdy, gözleri bolsa mawy hem paýhassyzdy.
«Bu oglan uçar — diýip, men içimden oýlandym — bu uçar!» Men uruş ýyllary paraşýutly bökenimi we boşluga bökmegiň nähili howpludygyny hakydama getirdim. Uzakdaky ýere, bary-ýogy garaharsaňyň tümmegine meňzäp duran daragtlara, ýagyş suwunyň çeşmelerinden dolan derýalara seredersiň we isleseň-islemeseň «birdenkä paraşýut açylmasa» diýip pikir edersiň. Şonda Zemin islegsiz we gorkuly bolup görünýär. Kosmosa uçýanlar üçin bolsa, bu has-da gorkulydyr. Ýöne, barybir, bu oglan uçar.
— Beýle bolsa, men garşy däl.
Knýažin:
— Minnetdar, sag boluň — diýip jogap gaýtardy.
Ol üç aýyň dowamynda fizika dersi boýunça gurnagyň bir sapagynam sypdyrmady. Soňra bolsa birdenkä gatnamasyny bes etdi oturyberdi. Ol sapaklarda ünssüz, aljyraňňy halda oturýardy, hatda horlanypdyram.
— Knýažin, sen nä sebäpden gurnagy terk etdiň? — diýip, men soradym. — Näme, ýetişeňokmy?
Ol maňa gözüni aýlady. Bu gözler başga bir adamyň gözleridi. Onuň gözleri aladalydy, mawy reňkleri öçügsilenipdi. Ol:
— Men ýene-de gatnaryn — diýip jogap berdi.
Lýowuşkin maňa şeýle diýdi (ol Knýažin bilen dostlaşypdy):
— Ol ullakan şowsuzlyga uçrapdyr. Aýdyp biljek däl, ýöne gaty uly şowsuzlyga uçrapdyr.
Men ýakyn günlerde Knýažin bilen gürleşmekçidim, emma bir ýagdaý şol gün agşam ikimizi duşuraýdy.
Men kitap dükanynyň ýanynda durdum welin, arka tarapymdan bir tanyş ses eşidildi.
— Täze bir zatlar barmy?
— Aý, oglan, täze kitaplary her gün getirip duranoklar — diýip, satyjy zenan jogap gaýtardy. — Sen hepdede iki gezek gelseňem bolar.
Gaňrylyp seretdim, görsem öňümde Knýažin dur, ýöne onuň ýüzünde birhili nätanyşlyk bardy. Men birbada aňşyrmandyryn we soňra düşünip galdym: onuň burnunyň üstünde owadan äýnek bar eken. Kiçijik, ak demir çarçuwaly, oglanlaryň dakynýan äýnegidi.
Biz bir dem dymşyp durduk. Knýažin dym gyzyl boldy. Onuň ýaňaklary, gulaklary, hatda burny hem gyzarypdy.
Men:
— Eý, Knýažin — diýip gygyrdym.
Sözümiň üstüni ýetirmänkäm, ol ümdüzine tutduryp gaçyp gitdi. Men onuň yzyndan okduryldym.
— Knýažin! Knýažin, dursana.
Haýsydyr bir erkek kişi maňa seretdi, bir aýal bolsa:
— Oglany saklaň! — diýip gygyrdy.
Şol wagt Knýažin aýak çekdi. Ol maňa seretmän, äýnegini aýyrdy we başyny aşak sallady.
— Utanaňokmy? Äýnek dakynýan adamlar az dälem bolsa, olar mundan asla utanmaýarlar. Meni bagyşla, ýöne, meň pikirimçe, bu akmaklyk bolýar.
Ol dymdy.
— Şunuň ýaly ähmiýetsiz zat üçinem bir gaçyp gitmek bolarmy. Lýowuşkun bolsa maňa şeýle diýdi: «Knýažin uly şowsuzlyga uçrapdyr». Bolgusyz zat!
Şondan soň ol başyny galdyryp, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:
— Indi meni uçarmanlyga kabul etmezler. Men anykladym, uzakdan görmeýän şowalary almaýarlar. Indi men kosmos gämisinem dolandyryp bilmen. Men şu äýnegi ýigrenýän.
Şeý diýsene! Ine, näme üçin ol beýle betbagtlyga duçar bolup, horlanan eken. Onuň ilkinji arzuw-hyýaly dyr-pytrak bolan eken, şonuň üçinem hiç kese duýdurman, assyrynlyk bilen ejir çekip ýörüpdir. Men ahyry şeýle diýdim:
— Sen nähak ýere jebir çekip ýörsüň. Sen kosmos gämisinde astronom, inžener ýa-da lukman bolubam bilersiň.
— Diýmek, her zat-da bolsa, men siziň aýdanlaryňyza bil baglap biljek-dä? Hawa, bil baglap biljek. — Ol meniň aýdanlaryma uly şatlyk bilen ynandy. — Elbetde, muny näme üçin özüm aňşyrmadymkam? Akmaklyk edipdirin, bu, hakykatdanam, dogry pikir.
Ol diýseň bagtlydy! Men: «Haçan-da, adamyň öňünde anyk maksady bolup, ähli görjegem öňünde bolsa, oňa ýetesi zat ýok eken» diýip oýlandym.
