Körpeje lord Fauntleroý (6 bölek-soňy)

Körpeje lord Fauntleroý (6 bölek-soňy)

Frensis Hodgson BERNETT
iňlisamerikan ýazyjysy

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Erkekler ýene hanym Herbertiň töweregine üýşüp, özara gürrüňe başlanlarynda, oglan olaryň gülküsine, degişme gürrüňlerine diň salyp, düşünjek bolýardy, ýöne gözleri bürlüp başlady. Arasynda gabaklar gözlerini doly büreýärdi, ýöne hanym Herbertiň pessaýja gülküsi eşidildigi, ol tisginip gidýärdi-de, gözlerini ýalpa açýardy. Uklamaryn öýdýärdi, ýöne yzynda ullakan sary atlas ýassyk ýatyrdy; başy kem-kemden şoňa tarap gyşardy-da, ahyry süýji uka gitdi. Esli wagt geçen bolsa gerek, biri onuň ýaňagyndan ýeňiljek öpdi welin, gözleri çalaja açyldy. Bu hanym Wiwýen Herbert eken, ol gitmäge hyýallanyp durşuna, onuň bilen pyşyrdap sagbollaşdy:

— Gijäň rahat bolsun, körpeje lord Fauntleroý! Gowy düýşleri gör!

Irden turanda, düýn süzülip duran gözleri bilen seredip, oýaly-ukuly halda:

— Gijäňiz rahat… sizi… görenime… örän şat… siz şeýle bir… owadan… — diýeni ýadyna hem düşmedi.

Diňe erkekleriň ýene gülşeni alasarmygrak ýadyna düşdi, şonda bular nämä gülüşýärkä… diýip oýlanypdy.

Soňky myhman myhman otagyndan çykan dessine, diwar peçde ýanýan ody synlap duran jenap Hewişem ýüzüni bärik öwrüp, körpeje lord Fauntleroýyň uklap ýatan diwanyna golaý bardy. Ol erkin uzanyp ýatyrdy — bir aýagy diwandan aşak sallanypdy, elleri kellesiniň aşagyndady; ol bagtyýar, sagdyn çaga ukusynyň lezzetini görüp ýatyrdy — ýüzjagazy al öwüsýärdi, saçy sary atlaz ýassygyň üstüne seçelenip gidýärdi. Oňa seretmegiň özi durşuna lezzetdi!

Ýöne jenap Hewişem oňa tekiz syrylan eňegini ynjalyksyzlyk bilen sypalap seredýärdi.

— Hewişem, eýgilikmi? — Ol ýeňsesinde grafyň gödeňsi sesini eşitdi. — O taýda näme boldy? Bir zat bolupdyr öýdýän? Gyzyklanmaga ejaza ber, adatdan daşary bir ýagdaý ýüze çykan-a däldir-dä?

Entegem eňegini sypap duran jenap Hewişem grafa tarap öwrüldi.

— Erbet habar bar — diýip, ol jogap berdi. — Habar juda erbet, milord. Beterinden beteri bar. Muny size özümiň aýtmaly bolýandygyma gynanýan.

Graf heniz naharyň başynda otyrka, jenap Hewişeme seredip, ynjalykdan gaçyp ugrapdy, şunuň ýaly bolanda, onuň bar keýpine sogan dogralardy.

— Oglana näme üçin beýle çiňerilip seredýäňiz? — diýip, ol hemleli gygyrdy. — Tutuş agşamy bilen siz oňa edil…. seretdiňiz. Gulak as, Hewişem, gaýdyp şeýle seredeniňi göräýmäýin! Agzyňdan al kaksyn, näme diýjek bolýaň? Gören-eşiden habaryň bilen lord Fauntleroýyň arasynda näme baglanyşyk bar?

— Milord — diýip, jenap Hewişem söze başlady — Men artyk gepläp durmaýyn. Meniň habarym lord Fauntleroýa degişli. Habar çyn bolsa, diwandaky uklap ýatan lord Fauntleroý däl-de, bary-ýogy kapitan Errolyň ogly. Hakyky lord Fauntleroý — Bewis atly ogluňyzyň ogly, häzirem ol Londonyň kaşaň goş-golamly otagynda bolmaly.

Graf kürsiniň elgoýaryny şeýle bir mäkäm gysdy welin, bilekleridir maňlaýynyň damarlary çylgym-çylgym boldy, gazaply ýüzi bolsa erbet üýtgäp gitdi.

— Nämeler samahyllap dursuňyz? — diýip, ol gygyrdy. — Siz aklyňyzdan azaşypsyňyz! Kimiň tapan bolgusyz gepi bu? Ýalan aýdypdyr!

— Ýalanam bolsa — diýip, jenap Hewişem jogap gaýtardy. — Gynansak-da, hakykata juda meňzeş eken. Şu gün irden edarama bir aýal geldi. Onuň aýdyşyna görä, alty ýyl mundan öň ogluňyz Bewis Londonda oňa öýlenipdir. Ol maňa nika hakyndaky şahadatnamasyny görkezdi. Toý edenlerine bir ýyl bolanda sözleri azaşyp, ogluňyz oňa: «Git!» diýip, talak hatyny beripdir. Bäş ýaşlyja ogly bar eken. Ol amerikalylaryň pes gatlagyndan, hat-sowatdan binesip, ýaňy-ýakyna çenli oglunyň näme hak-hukugynyň baryna-da düşünmändir. Ol aklawçy bilen maslahatlaşyp, öz oglunyň lord Fauntleroýdygyna, graf Dorinkortyň mirasdüşeridigine göz ýetiripdir, şeýdibem ol, elbetde, oglunyň hukugynyň ykrar edilmegini talap edýär.

Sary atlaz ýassygyň üstündäki buýra saçly kellejik gymyldady. Oglanjyk lezzet bilen uludan dem alyp, beýlesine öwrüldi. Onuň ýatyşy rahatdy. Özüniň indi lord Fauntleroý däl-de, häki bir ýalan atly körpedigini we indi oňa hijem graf Dorinkort bolma ýokdugyny ol heniz eşitmändi. Oglan, göýä, çiňerilip seredýän grafa ukudan ýaňa gyzaran ýüzi oňat görner ýaly, bärsine bakan kimin boldy.

Garrynyň salykatly ýüzüni görer ýaly däldi. Dodaklarynda ajymtyk ýylgyryş oýnaklaýardy.

— Şeýle pes hem nejis aýal bilen çörňeşmegi, oglum Bewisden çykaýjak hokga, hakykatdanam, şeýle bolmadyk bolanlygynda bu hekaýatyň ýeke sözüne-de ynanmazdym. Hawa, bu tüýs Bewisiň işine meňzeýär. Şondan ýaňa masgara bolma kemimiz galmady! Özüne erki ýetmezek, ýalançy, azgyn — meň oglum we mirasdüşerim, şol wagtky lord Fauntleroý, ynha, şeýledi. Ol aýal nadan hem haýasyz diýýäňizmi?

— Onuň goluny hem ibaly çekip bilmeýändigini aýtmaga mejbur bolýaryn — diýip, aklawçy jogap berdi. — Ol «A» harpyndan şermende, betnebisligini gizlejegem bolanok. Ony diňe pul gyzyklandyrýar. Ol özüçe owadan, ýöne bu gödek gözellik we …

Şeý diýdi-de, aklawçy salykatlylygy elden bermän dymdy, ini galpyldap gitdi. Garry grafyň maňlaýyndaky damarlar has beter çykyşdy-da, sowuk der indi. Ol elýaglygyny çykaryp, maňlaýyny sylyşyna, ýaňsyly gülümjiredi.

— Men bolsa — diýip, ol özüni ýazgarmakçy bolýana meňzedi — men bolsa başga bir aýaly.., bu çaganyň ejesine garşy çykyp ýörüpdirin.

— Ol şeý diýip, diwanda ýatan oglanjyga tarap ümledi. — Naçary äsgermejek boldum. Ol-a asyl golunam çekip bilýär ahyry. Görýän welin, bu meň çekmeli jezam bolsa gerek.

Ol kürsüden atylyp turdy-da, otagyň içinde eýläk-beýläk ýöräp ugrady. Gaharyna agzyndan erbet-erbet sözleri gaçyrdy. Lapykeç bolup, gahar-gazapdan ýaňa, gaý-tupanda galan agaç ýaly, süňňi yraň atdy. Garry hum ýaly çişenem bolsa, Hewişem bir zada üns berdi, ol sary atlaz ýassykda ýatan oglanjygy ýekeje pursadam ýadyndan çykarmaýardy, oňarybildiginden ony oýarmazlyga çalyşýardy.

— Men şeýle boljagyny öňünden bilmeli ekenim! Olar doglan gününden bäri meni masgara edip gelýärler! Men olaň ikisinem ýek ýigrenýärdim, olaram meni görmese şatdylar! Bewis Morisiňem çeni-çaky däldi. Şeýle-de bolsa, aýdanlaryňyza ynanmak islämok. Men ol aýalyň meýline garşy göreşerin. Ýöne bu hakyt Bewisiň edäýjegi — tüýs Bewisden çykaýjagy-da!

Şeýdip otagyň içinde dergazap bolup, eýläk-beýläk ýöräp ýörşüne, ol aýal hakynda, onuň getirýän subutnamalary barada gahardan ýaňa gyzaryp-bozaryp soraşdyrýardy. Graf ahyry iň gelşiksiz jikme-jikliklere çenli ähli zadyň anygyna ýetdi. Jenap Hewişem oňa howsala bilen seredýärdi: graf halys bolup, tapdan düşene meňzeýärdi; ol bir öwrülişigi-hä başyndan geçiren oguşýa. Her gezek gahar tutgaýy oňa gymmada düşýärdi, ýöne bu gezek ýagdaý has çynlakaý öwrüm aldy — iş diňe gahar bilen çäklenmese näme.

Graf assa ýöräp diwanyň ýanyna bardy-da, aýak çekdi.

— Eger maňa sen bir çaga bilen höwrügersiň diýseler, hijem ynanmazdym — diýip, ol sandyraýan sesi bilen pessaý gepledi. — Çagalary hiç halamokdym — iliňkidenem beter, özümiňkileri ýigrenýärdim. Ýöne bu çaga men örklendim, olam — şu ýerde graf ajymtyk gülümsiredi — olam maňa. Bu ýerde meni halaýan ýok, owalam halap baranokdylar. Ýöne ol meni gowy görýär. Ol menden hijem gorkanok — maňa ynanýar. Ondan, maňa garanda, has gowy, iň gowy graf Dorinkort çykardy. Şuny magat bilýän. Ol biziň adymyza abraý getirerdi.

Ol oglanjygyň üstüne çalaja eglişine, sähel salym onuň ukudaky bagtyýar ýüzüne esewan etdi. Graf pezzerip duran gaşlaryny gazap bilen çytdy, ýöne gahary welin, indi ýatyşypdy. Elini uzadyp, oglanyň maňlaýyndaky altynsow saçlaryny yza serpdi, soň beýlesine öwrüldi-de, jaňy basdy.

Otaga giren syrdam boýly hyzmatça diwany görkezdi.

— Lord Fauntleroýy göteriň-de, öz otagyna geçiriň — diýende, onuň sesi çala sandyrap çykdy.

On birinji bap

AMERIKADA ALADA EDÝÄRLER

Jenap Hobbsyň ýaşajyk dosty, lord Fauntleroý bolmak üçin, Dorinkort köşgüne gaýdanda, bakgal birgiden ýakymly pursatlary ýatlama goýan kiçijik şepesi bilen arasynda Atlantika ummanynyň ýaýylyp ýatany ýadyna düşüp, ýüregi gysdy. Dogrusyny aýtsaň, jenap Hobbs üýtgeşik akyly bilenem, düşbüligi bilenem tapawutlanyp baranokdy. Ol haýal-ýagal, äwmezek adamdy. Tanyş-bilşem o diýen kän däldi. Oňa içki gujur ýetenokdy, şoň üçinem güýmenje tapyp, göwün açmagy başaranokdy — onuň bar güýmenjesi gazet okamak bilen hasap ýöretmekdi.

Aslynda, oňa hasap ýöretmegem ýeňil düşenokdy, şol dümtüner oturardy. Ozal barmaklarynda-da, grifel tagtasynda-da çaltjak hasaplap bilýän körpeje lord Fauntleroý oňa başardygyndan kömek ederdi. Üstesine, ol gazetde ýazylýan zatlary diňläbem başarardy, olar bilen gyzyklanardam. jenap Hobbs bilen iňlisler, Rewolýusiýa, respublikaçylaryň partiýasy we saýlawlar hakynda uzakdan-uzak gürrüňler ederdi, onsoň olam gitdi welin, dükanjykda öwezini dolup bolmajak boşluk emele geldi. Başda-başdalar-ha jenap Hobbsyň göwnüne, Sedrik golaý bir ýere gidip, basym yzyna geläýjek ýaly boldy durdy: bosagada akja penjekli, gyzyl joraplyja, saman şlýapasyny ýeňsesine geýen Sedrik dur, ol keýpiçaglyk bilen: «Hello, jenap Hobbs! Yssydygynaý bu gün, hä?» diýýär.

Emma günler geçip durdy, Sedrik gara berenokdy, onsoň jenap Hobbsyň ýüregi gysyp, biynjalyk bolup ugrady. Indi, hatda gazet okabam mazasy bolmady. Birinji sözünden soňky sözüne çen çintgäp okalan gazeti dyzynyň üstünde goýardy-da, beýik oturgyja seredip, esli salym oturardy. Oturgyjyň aýaklarynda ony gam-gussa atarýan yzlar bardy. Bu aýagyzlar gepleşip otyrka dynman aýagyny hallanladýan, geljekki graf Dorinkortyň köwşüniň ökjesinden galan yzlardy. Görlüp oturylsa, hatda ýaşajyk lordlaram aýagyny hallanladýan eken-ä: asylzada ganam, uzyndan-uzyn nesil şejeresem goş-golamyň ýüzünde yz goýmaga päsgel bermeýän bolsa nätjek. Yzlara seredip ýadan jenap Hobbs altyn sagadyny çykaryp, gapagyny açdy-da, ýazga guwanyp seretdi: «jenap Hobbsa ýegre dosty lord Fauntleroýdan. Wagty gören badyňyza, men düşerin ýadyňyza». Soňra şyrkyldadyp sagadyň gapagyny ýapdy-da, uludan dem alyp ýerinden turdy. Gapa golaý baryp, ýer almaly guty bilen almaly çelegiň aralygynda aýak çekdi-de, köçä seretmäge durdy. Ol agşam düşdügi dükanyny gulplardy-da, ýanýoda bilen dähedem-dessemläp Sedrigiň ýaşan jaýynyň deňine çenli giderdi. Häzir onuň penjiresinde ýalpyldap «Kireýne berilýär» diýen ýazgy durdy. Şu ýerde ol aýak çekerdi, penjirä serederdi, başyny ýaýkap, şybygyny tüsselederdi, soňam birsellem durardy-da keýpsiz halda öýüne gaýdardy.

Şu ýagdaý iki-üç hepde dowam etdi. Adatça, ol täze pikirlerden gaça durardy, ähli zatda könä eýerenini kem görenokdy. Emma indi iki-üç hepde bäri gowulyga üýtgän zat görmänsoň, keýpem dura-bara gaçmak bilen bolansoň, kellesinde bir meýilnamajyk ýylpyldap gitdi. Ol Dikiňkä baryp göreýin diýdi.

Şeýle karara gelmezden öň, şybyk köküni çekdi, ýöne ahyrsoňy göwnüni bire baglady. Ol Diki bäş barmagy ýaly bilýärdi. Sedrik ol hakynda gaýta-gaýta gürrüň beripdi. Şol sebäpli hem jenap Hobbs Dikiňkä gümür-ýamyra ugrady, ýüregini dökse, ýeňlärin öýtdi.

Bir gün gündiz Dik yhlas bilen bir müşderiniň ädigini arassalap oturan mahaly, onuň ýanynda, ýanýodanyň ugrunda ýüzi ýellenen, kelteräk boýly, depe saçy düşen dolmuş pyýada gelip daýandy-da, gapydaky atýazgyny ünsli okamaga durdy:

«Prafesor Dik Tipton Ondan ozup bilmersiň!».

Onuň gözi ýazgyda uzak eglenensoň, Dik gyzyklanman durup bilmedi, müşderisiniň ädigini soňky gezek lowurdatdy-da, çişige sowal berdi:

— Siziňkinem lowurdadyp bermelimi, ser?

Çişik dogumly ýöräp bardy-da, aýagyny sekä goýup:

— Hawa — diýdi.

Dik işe başlady, çişik bolsa ýalt edip bir-de atýazga, bir-de Dike seredýärdi. Ol ahyry:

— Bu nireden düşüp ýör saňa? — diýip sorady.

— Bir oglanjyk — dostum berdi — diýip, Dik jogap gaýtardy.— Ähli gerek zatlarymam şol üpjün etdi. Onuň ýaly oglany başga hiç ýerden tapmarsyň. Häzir ol Angliýada. Gitdi, o nämedir-ä… ady… lord bolmak üçin.

— Lord… Lord… — jenap Hobbs sözüne dyngy berip gepledi. — Lord Fauntleroý, geljekki graf Dorinkortmy?

Dik tas elindäki çotgany gaçyrypdy.

— Hojaýyn, siziň özüňizem ony tanaýan ýaly-la?

— Hawa, men ony tanaýan — diýip, jenap Hobbs çygjaran maňlaýyny süpürip durşuna aýtdy — doglan gününden bäri. Ömürboýy tanyşd-a biz, ine, şeýle.

Ol tolgundy, jübüsinden altyn sagadyny çykardy-da, ony açyp, gapagyndaky ýazgyny Dike görkezdi.

— «Wagty gören badyňyza, men düşerin ýadyňyza» — diýip, ol daşyndan okady. — Muny ol maňa sowgat beripdi. «Meni ýatdan çykarmarsyňyzd-a» diýipdi. Men ony şonsuzam ýatdan çykarmazdym-la — diýip, jenap Hobbs kellesini ýaýkap, sözüni dowam etdi — maňa hiç zat sowgat bermedigem bolsa… ony indi hiç mahal görmesemem. Onuň ýaly dost her kimem bolsaň, ýadyňdan çykmaz.

— Hawa, onuň ýaly oglanjyga taý ýok — diýip, Dik ylalaşdy. — Özem şeýle bir dogumlyja! Onuň ýaly edenlije oglany ömrümde gören däldirin! Men ony gaty sylaýardym, gaty, biziň nähili ýakyn dostdugymyzy bir bilsediňiz! Ikimiz dessine dostlaşdyk, bilýäňizmi nädip? Men oňa arabanyň aşagyna togalanyp giden topuny tutup berdim, olam şony ýadyndan çykarman ekeni. Ejesi ýa enekesi bilen şu golaýdan geçip barýan bolsa, mydama: «Hello, Dik!» diýip gygyrardy. Salamlaşyşy dagy ullakan adamyňky ýaly, özi bolsa entek barmak ýalyjak, egninde-de köýnejigi. Şähdaçyk oglanjykdy, gepleşseň dünýäň giňäp gidýärdi. — Ol aýdýanyň-a dop-dogry — diýip, jenap Hobbs tassyklady. — Ondan graf ýasap näme etjekkäler? Ondan tüýs gowy dükançy çykjag-a! Galantereýada işlese hem hiç kimi öňüne geçirmezdi ahyry!

Ol ahmyr bilen başyny ýaýkady. Görseler, bir-birege aýtjak-diýjek zatlary juda kän eken, bir gezekde hemmesine ýetişip boljak däl. Şonuň üçin ertesi gün Dik jenap Hobbsyň dükanyna gelmeli, agşamy bilen onuňkyda oturyşmaly edildi. Teklip Dikiň maňzyna oturdy. Ol bütin ömrüni köçede geçirenem bolsa, ruhdan düşmändi, hemişe öz ýanyndan adam şekilli ýaşamanyň ogrynça arzuwyny ederdi. Işinde öz eli, öz ýakasy bolaly bäri özbaşyna tünejik edindi, mundan beýlägem şeýdip işiniň ugruna boljagyna umyt baglaýardy. Çüňkdäki dükanjygyň eýesiniň, üstesine, at goşulan arabasam bolan abraýly ýaşulynyň özüni myhmançylyga çagyrmagy oňa üýtgeşik bir waka bolup göründi.

— Graflar we köşkler barada heý bir zat bilýämiň? — diýip, jenap Hobbs sorady. — Hemme zady anyk bilsem gowy boljak.

— «Arzan kitaphanajygyň» elime düşen bir sanynda-ha okapdym — diýip, Dik ýadyna saldy. Ady «Aristokratyň eden jenaýaty ýa-da Grafinýa Meýiň ar almagy». Eser diýip şoňa aýdaýsaň! Oglanlarymyzyň arasynda şonuň sanlaryny satyn alyp ýygnaýanlar bar.

Jenap Hobbs:

— Meniňkä gelen wagtyň maňa-da birini alyp gaýt, puluny berjek. Graflar hakynda eliňe näme ilse äkel. Graflar barada bolmasa, markizlerdir gersoglar hakynda bolsa-da bolýa — onuň olar babatda agzan zadam ýok welin. Käte bir graflaryň täjiniň gürrüňini ederdik, ýöne ony gözüm bilen gördüm diýsem ýalançy. Bu ýerde onuň ýaly zat ýok bolaýmasa — diýdi.

Dik:

— Tiffanide-hä (ABŞ-daky zergärçilik dükanlary) şonuň ýaly zat bardyr. Dogrusy, görenem bolsam, olara aýratyn bir ähmiýet berip durmazdym — diýip, jogap berdi.

Jenap Hobbs: «Graf täjine menem gadyr goýup durmazdym» diýmedi-de, çalarak başyny ýaýkap oňaýdy.

— Ony geýmäge höwesek az bolaýmasa — diýip, ol belledi. Şoň bilenem gürrüň gutardy.

Şol duşuşykdan soň olar dostlaşdylar. Ertesi dükana gelen Diki jenap Hobbs gadyr bilen garşylady. Ol Diki gapynyň agzyndaky almaly çelegiň ýanynda duran oturgyçda oturtdy-da, şybygy gysymlap duran elini galgadyşyna:

— Al, iýip otur! — diýip, hödür etdi.

Ol Dikiň getiren kitapçalaryna göz gezdirdi, olar iki bolup şol ýerde ýazylanlary okamaga, iňlis aristokratlary hakynda pikir alyşmaga başladylar, jenap Hobbs aldygyna şybygyny burugsadyp, kellesini ýaýkaýardy. Aýak yzjagazly beýik oturgyjy Dike görkezende-hä başyny hasam hyjuwly ýaýkady.

— Bular şonuň köwşüniň yzjagazlary. — Ol çyny bilen düşündirdi. — Agynjak öz ökjejiginiň yzlary. Olara sagatlap seredip oturýan. Wagtymyz şadyýan geçýän eken, indi bolsa şeýle ýürekgysgynç! Ynha, şu taýda oturyşyna gutydan köke alyp kitirdederdi, çelejikden alma alyp iýerdi, owuntyklaryny daşaryk sepeläp goýbererdi — häzir bolsa ol lord, köşkde ýaşaýar. Bu yzlar milordyň ökjesiniň yzlary, wagty geler olar grafyň yzlaryna öwrüler. Käte içimden öz-özüme: «Bäý-bä, bu akyla sygmajak zat!» diýýän.

Dikiň gelmegi, onuň bilen gürrüňleşip oturmagy jenap Hobbsy ýagşyja köşeşdiren bolmaga çemeli.

Jenap Hobbs Dik bilen hoşlaşmazyndan owal, ony içki otaga eltdi, şol ýerde bile oturyp, dükandan getirilen köke, takgaz balygy, peýnirdir dürli gaplamalardan iýip agşamlyk edindiler. Jenap Hobbs dabara bilen imbirden edilen arpa suwly çüýşäniň ikisini açdy, iki bulgura guýuşdyrdy-da, tost aýtmagy teklip etdi.

— Onuň saglygyna içeliň! — diýip, bulguryny galdyrdy. — Goý, ol aňyrda graf, markiz, gersog diýilýänleriniň we şonuň ýalakylaryň ählisine nähili bolmalydygyny gowuja görkezsin!

Şol agşamdan soň jenap Hobbs Dik bilen ýygy-ýygydan görşüp ugrady — onsoň ýüregem biraz ynjalan ýaly boldy. Olar «Arzan kitaphanajygydyr» beýleki gyzykly neşirleri okap, begzadalaryň we beýleki barjamlylaryň durmuşy barada birgiden zatlary öwrendiler, şol zatlary bu halanmaýan gatlagyň özlerine aýdyp berseň, ör-gökden gelerdiler. Bir gezek jenap Hobbs kitaphanasyna satyn alara bir zatlar tapylmazmyka diýip şäheriň merkezindäki kitap dükanjygyna baryp gördi. Ol satyjynyň göni öz ýanyna bardy-da, tekjä ýaplanyşyna:

— Maňa graflar hakyndaky kitap gerek – diýdi.

— Näme?! — diýip, dükançy gygyryp sorady.

— Graflar hakynda kitap — diýip, jenap Hobbs gaýtalady.

— Onuň ýaly kitap — diýende dükançynyň äheňi birgeňsi çykdy — bizde ýok bolaýmasa.

— Aý, ýog-a? — diýen jenap Hobbs howsala düşdi. — Bolmasa, markizler we gersoglar hakda bolsa-da bolýar.

Dükançy:

— Şolam ýok-da — diýdi. Jenap Hobbs gaty gynandy. Ol ýere bakan ýaly etdi-de, ýene dükança jiňkerildi.

— Graf zenanlar hakynda-da zat ýokmy?

— Gynansak-da, ýok — diýip, ýaňky ýylgyryp jogap berdi.

— Bäý-bä — diýip, jenap Hobbs haýkyrdy. — Haýran galaýmaly!

Jenap Hobbs ýaňybir işikden çykmaga hyýallananda, dükançy onuň yzyndan gygyrdy, baş gahrymanlary ady belli aristokratlar bolan kitaplary okamak isläp-islemeýändigi hakynda sorady. Jenap Hobbsam eger diňe graflar hakyndaky kitap tapylmajak bolsa, şolaryň hem biçeme däldigini aýtdy. Dükançy oňa Harrison Eýnswortuň ýazan «London Taueri» atly kitabyny satdy. Jenap Hobbs ony goltuklap öýüne gaýtdy.

Dik gelensoň, jenap Hobbs kitaby okamaga başlady. Juda täsin, özüneçekiji eser eken: waka meşhur iňlis şa zenanynyň, käbirleriniň atlandyrmagyna görä, Hunhor Mariýanyň dolandyran zamanynda bolup geçýär. Jenap Hobbs onuň işlerini, zabun häsiýetlerini bilende süňňi eleniberdi. Ol şybygyny agzyndan aýryp, Dike uzak wagtlap seredip oturdy, soňam gyzyl elýaglygy bilen biygtyýar maňlaýynyň derini syldy-da:— Diýmek, onuň jany howp astynda! — diýip goýberdi. — Ol howp astynda! Eger şonuň ýaly ýerlerde şo zeýilli aýallar oturyp, şonuň ýaly buýruklary berip bilýän bolsa, kim bilýä, häzir onuň başyna nä günler düşüp ýör? Bu onuň durmuşy üçin hatarly! Şonuň ýaly aýal gazaba münse bildiňmi — öz adyň ýadyňa düşmez!

— Dur, hany — özüniňem gozgalaň tapany görnüp duranam bolsa, Dik ony köşeşdirjek boldy. — Şu wagtky dolandyrýan ol aýal däl-ä. Häzirkiň ady Wiktor… ýok, Wiktoriýa, kitapdakyňky bolsa Mariýa ahyry. — Dogry-dogry diýip, ýene maňlaýyny süpüren jenap Hobbs ylalaşdy. — Edil özi gazetlerde adam gynalýan sypa, barmak gysajy ýa-da şoňa meňzeş ejir-sütem etmekde ulanylýan gurallar barada hiç zat ýazylanok ahyry, otda ýakylyp ýörenem bar diýip eşidemok — aý, barybir, ony o ýerde goýmak gorkuly. Bu üýtgeşik jemende dördünji iýuly dagam baýram etmeýän bolsa näme!

Şondan soňam birnäçe günläp onuň ýüregi kanagat tapmady, diňe Fauntleroýdan gelen haty okap biraz köşeşdi. Haty içinden birki sapar okap çykdy, daşyndan Dike-de okap berdi. Şol bir wagtda Dike gelip gowşan hatam öwrendi, diňe şondan soň doly rahatlandy. Fauntleroýyň haty ikisinem monça etdi. Olar haty gaýta-gaýta okap çykdylar, her bir sözüne guwanyp, hezil etdiler. Soňam tutuş günläp jogap ýazdylar we ýazanlaryny, Fauntleroýyň özünden gelen haty okaýyşlary ýaly, öwran-öwran gaýtalap okadylar.

Hat ýazaýmak Dik üçin aňsat iş däldi. Ähli bilýänje dürs ýazuw kadalaryny agasy bilen bile ýaşan birnäçe aýynyň dowamynda hem-de agşamky mekdebe gatnan wagty öwrenipdi. Oglanyň özem üşüklijedi, alanja bilimem kelleden uçaýmasyn diýip, gazetleri bogunlap-bogunlap okardy, ýanýoda, diwara hem haýatyň ýüzüne hek bilen hat ýazyp öwrenerdi. Ol jenap Hobbsa durmuşy, ejesi ýogalandan soň özüne göz-gulak bolan agasy (Dik ejeden juda ýaş galypdy) barada gürrüň berdi. Kakasy ejesinden sähel öň ýogalan eken. Agasynyň ady Ben eken, ol Dik aýaga galýança, gazet satyp, hat gatnadyjy bolup özbaşdak gün görmäni öwrenýänçä, bildiginden jigisine esewan bolupdyr. Olar bile ýaşapdyrlar. Ýyl-ýyldan Beniň işleri ilerläp, ahyry ol bir dükandan laýyk ýer alypdyr.— Ana, şonda — diýip, Dik ýigrenç bilen ýatlady. — Ol aldy-da, birine öýlendi! Şoňa şepbik ýaly ýelmeşdi, akylyny-huşuny aldyrdy! Goş birikdiribem, dükanyň ýeňsesindäki iki otaga ýerleşdiler. Aýalynyň güýji-gaýraty edil ene gaplaňyňky ýaly, hakyky gaplaň-da! Gahary geläýse dagy, adamy tike-tike etjek — gaharynyň bolsa gelmeýän wagty ýok. Dogran bäbegem özüne meňzeş — gije-gündiz çyr-çyr çyrlaýar! Aglan wagty dessine götermesem dagy, eline ilen zady maňa bakan dazyrdadyp goýberýär. Bir sapar maňa diýip zyňan telpertabagy bäbegiň eňegini dilip goýberdi. Lukman çapyk yzynyň ömürlik galjagyny aýtdy. Ene kemi ýok! Benem, menem, körpe-de — barymyz almytymyzy alýardyk. Bene bolsa: «Az gazanýaň» diýip igenýärdi. Ahyry ol mal örňetjek diýip, bir ýigit bilen Günbatara gitdi. Gidenine bir hepde bolanda, gazetlerimi satyşdyryp öýe gelsem, öý gum-gukluk, gapam gulply, öý bikesi maňa: «Minna gitdi, diýmek, bizden ara açdy!» diýip dur. Soň eşidişime görä, ol ummanyň aňyrsyna aşypdyr, çagaly bir aýalyň öýünde enekeçilik edýärmiş. Şodurda-şodur, ondan gördüm-bildim ýok. Beniňem o hakynda bilýän zady ýok. Men onuň ýerinde bolsam, gynanybam oturjak däl! Dogry, ol edil gyýylybam duranok. Öňler ýadyna düşende uludan-uludan dem alybererdi. Dogrymy aýdaýyn, şol diýip ölüp-öçüp barýardy. Umuman-a, oňatja geýnip, gaharlanmasyny goýsa, ol owadanja aýaldy. Balkyldap duran gözleri bardy, dyzyna ýetip duran şar gara saçlarynyň bilegim ýaly örümini kellesine orap-orap goýardy, gözlerinden bolsa uçgun syçrap durandyr! Adamlar aýtmyşlaýyn, ol ýarym italýanmyş, ýa ejesi, ýa kakasy şo taýlardan gelenmiş, jylawsyzlygam şondanmyş! Hawa, hawa, ol hakykatdanam, şo taýdan! Dik gelnejesi we Günbatardan iki hat ýollan agasy Ben barada jenap Hobbsa häli-şindi gürrüň bererdi. Günbatarda Beniňki ugruna bolmandyr, ol başga ýere göçüpdir, soňam kän gezekler ýerini üýtgedipdir, ahyry Kaliforniýada bir ferma ýerleşip, häzire çenli şol ýerde işleýärmiş.

— Ol aýal — diýip, bir gezek Dik jenap Hobbsyň ýanynda zeýrendi. — Agamyň silkeläp janyny aldy. Nebsim agyrýar, näme etjegimi bilemok…

Olar iki bolup dükanyň agzynda otyrdylar. Jenap Hobbs şybygyna temmäki dykýardy.

— Öýlenmeli däl eken — diýip, otluçöp almak üçin ýerinden turan jenap Hobbs tekepbirlik bilen sugşurdy. — Aýallar… Olardan, heý, peýda barmy? Ol gutusyndan otluçöpi çykaryp, birdenem tekjä seredip, kürtdürdi.

— Hat! Men ony görmändirin-ä. Hat gatnadýançy goýup gidipdir, menem ony görmändirin, üstünde gazet goýan bolmagy ahmal!

Ol haty eline alyp, oňa dikanlap seretdi-de:

— Şondan! — diýip seslendi. — Hakyt şondan!

Şybyk ýatdan çykdy, kürsä özüni goýberdi-de, çakgy bilen bukjanyň agzyny açdy. Ol:

— Göreli, näme täzelik barka? — diýdi. Hatyň gatyny açyp, okap başlady. «Dorinkort köşgi.

Gadyrdan jenap Hobbs, Howlukmajyrak ýazdym, sebäbi size ütgeşik bir täzelik aýtmakçy gadyrdan dosstum bilýän okasoaňyz geň galarsyňyz bulaň bary ýalňyşlyk bilen bolupdyr men lord däl ekenim we maňa graf bolmok hökman däl ýogalan Bewis kakama durmuşa çykan aýal geldi onuň ogluy bar eken we şol lord fauntleroý angliýada şunuň ýaly däp bar eken eger hemmesi ýogalan bolsa grafyň uly oglunuň ogly graf bolýamyş ýagny kakasam ýogalan bolmaly atasam ýogolan bolmaly atam ýogolanok emma Bewis kakam ýogolan şoň üçünem şol ogloan lord fauntleroý meň adym bolsa indi Nýu-Ýorkda wagtymdaky ýaly Sedrik Errol indi ähli zat şol oglanyňky men ilkibada araba goşulan ponimi hem bermeli borun öýtdüm ýöne atam bermek gerek däl diýdi atamyň düýbünden keýpi ýok ýalňyşmasam şol aýaly halanok öýdýän belki meniň graf bolmajagyma mähribanym ikimiz gynanandyrys öýdýändir indi men öňki ýaly däl, gaýta beter graf bolasym gelýär sebäbi köşk juda owodan bu ýerde hemme zat göwnüme ýaraýar onsoňam baý bolsaň gaty kän zat edip bolýan eken indi bolsa men baý däl sebäbi kakaň körpe ogul bolsa ol baý bolmaýan eken men mähribanymyň aladasyny etmek üçin okaryn we işlärin Uilkinsden atlara nähili seretmelisini soradym belkide geljekde atbaşçy ýa arabakeş boloryn ol aýal ogluny köşge getirdi atamdyr jenap Hewişem ol aýal bilen gepleşdiler ýalňyşmasam hanymyň gahary geldi öýdýän gaty-gaty gygyrýady atamyňam gany gyzdy owal onuň gahary gelen wagtyna gabat gelmändim tersleşenlerine gynandym size hem Dike dessine hat ýazaýyn diýdim sebäbi bu siziň üçin gyzykly häzirlikçe sizi gowy görýän köne dosstuňyz Sedrik Errol (lord Fauntleroý däl)». Mister Hobbs arkasyny kürsä ýaplady, elindäki haty dyzynyň üstüne gaçdy, bukja bilen çakgy ýere typyp gitdi.

— Bäý-bä — diýip, ol madyrdady. — Aklym haýran!

Geň galmadan ýaňa adaty äheňi biraz üýtgeşik çykdy. Ol hemişe: «Bäý-bä, bu akyla sygmajak zat!» diýerdi, bu gezek bolsa ýöne «aklym haýran» diýip oňaýdy. Ýa şeýle boljagyny öňünden duýaýdymyka? Kim bilýä…

— Ine saňa gerek bolsa! — diýip, Dik seslendi. — Diýmek, bary puç-da onda, hä?— Puç! — diýip, jenap Hobbs gaýtalady. — Men-ä bu iňlis aristokratlarynyň pyrryldygydyr diýýän, ony halal hakyndan dyndarjak bolýandyrlar, sebäbem — amerikaly, şoň üçin. Özbaşdaklyk ugrundaky uruşdan bäri dişlerini çarhlap gelişleri, indem gaharyny çykarjak bolýarlar. Aýtdym-a saňa ony alada edýän diýip, ine saňa gerek bolsa! Görýän welin, ony kanuny hukugyndan binesip goýjak bolup, hökümet bolup, dil düwüşilen ýaly!

Ol diýseň biynjalykdy. Birbada dostunyň durmuşyndaky üýtgeşmäni unamasa-da, soňlugy bilen boýun almaly boldy, Sedrikden ilkinji haty alyb-a ýaş dostunyň nesibesinden çykan baýlyga buýsanybam ugrady. Elbetde, «graflar» ony begendirip baranok, emma pulluja bolsaň Amerikada-da zyýan edenok, eger-de baýlygyň, mal-mülküň dereje bilen bagly bolsa, onda ony ýitiräýmek aňsat däl.

Jenap Hobbs:

— Olar ony talajak bolýarlar — diýip goýberdi. — Ine, olaryň pikiri, onsoň barjamly adamlar onuň aladasyny etmeli. Jenap Hobbs gije bir çen bolýança Diki goýbermedi, ahyry garaşylmadyk täzeligi ilik-düwme maslahatlaşansoňlar, Dik öýüne gaýdarman boldy, jenap Hobbs ony çatryga deňiç ugratdy. Gaýdyşyn eýesiz haňlap galan öýüň deňinde aýak çekdi, penjirä gysdyrylyp goýlan «Kireýne berilýär» diýen ýazgyjyga seredip, tolgunyplar şybygyny burugsatdy.

On ikinji bap

BÄSDEŞLER

Gazet diýen zada käte bir seredýän iňlisler Dorinkort köşgünde bolup geçen geň-enaýy wakany myhmançylyk agşamynyň birnäçe gün yzýany bilip galdylar. Waka, änigi-şänigi bilen gürrüň berseň-ä, hasam gyzykly görünýär. Baş gahrymany — lord Fauntleroý bolsun diýip, Angliýa getirilen oglanjyk. Iller: «Enaýyja, görmeklije eken, hemmäň göwnüne ýarady» diýip, onuň gürrüňini edýärdiler. Waka gatnaşýanlar: oglanjygyň atasy — agtygyna diýseň guwanýan graf Dorinkort, şeýle-de öz wagtynda kapitan Errola durmuşa çykany üçin grafyň bagyşlap bilmeýän zenany — owadanja ýaş ene. Wakada pahyr bolan lord Fauntleroý — Bewisiň geň-taň nikasy, onuň hiç kimiň tanamaýan-bilmeýän halyna, garaşylmadyk ýerden ogly bilen «Hakyky lord Fauntleroý men, meniň hukugym dikeldilsin» diýip zompuldap çykan birgeňsi aýaly barada hem gürrüň berilýärdi. Bu barada birgiden zat aýdyldam, ýazyldam — waka hemmäň ünsüni özüne çekdi. Birdenem graf Dorinkort işiň öwrüm alşyndan närazymyş, oslagsyz çykan bäsdeşiň hukugyny ýatyrmaga çalyşýarmyş diýen habar ýaýrady, öňde gyzykly tomaşalar magallaklaýardy. Erlsboronyň golaý-goltumynda öňler munuň ýaly tolgunyşyk görlen zat däldi. Bazar günleri adamlar bir ýere üýşerdiler-de, topbak-topbak bolşup boljak-geljegiň gürrüňini ederdiler, daýhan aýallary biri-birini çaýa çagyryp, gören-eşidenlerini aýdyşardylar, öz pikirlerinidir iliň pikirini ara alyp maslahatlaşardylar. Olar grafyň gahardan hum ýaly çişişini, täze lord Fauntleroýy ykrar etmekden kes-kelläm boýun gaçyryşyny, täze bäsdeşiň ejesini hem ýek görýändigini heziller edip, biri-birine gürrüň berýärdiler. Hemmedenem beter hanym Dibbl agyz dolduryp gürrüň berýärdi, şonuň üçinem ony paýlaşyp bilmän düýt-müýt edäýjek bolýardylar. — Ýagdaý-a gowy däl — diýip, ol gürrüňe başlardy. — Meň pikirimi bilesiň gelýän bolsa, hanym, ynha şeýle: eýjejik ýaş zenan hanym Errola gödek darany, balasyny elinden alany üçin oňa berlen jeza bi. Oglanjyga höwrükdi, ony gowy gördi-de, indem munuň ýaly işler gopansoň, däliräýjek bolýar, jezasyny çekip otyr, başga hiç zat däl. Üstesine, o tüki täze gelmişek aýalyňam ledi däldigi görnüp dur, biziň körpeje lordumyzyň ejesiniň-ä ýele ýanyndanam geçenok. Sypaty yzgytsyz, gözleri gap-gara… Köşkde gulluk edýän jenaplaň hiç birem onuň ýaly aýalyň buýrugyny bitirip, özüni kiçeltmez diýýär jenap Tomas-a. Şol aýal öýe ýerleşdigi, ol işini taşlajakmyş. O täze oglany hem biziňkije bilen deňär-eder ýaly däl ahyryn! Soňy näme bilen gutarar, bir Hudaý bilýä… Jeýn başdan-aýak gürrüň berdi welin, aýaklarymyň ysgyny gaçaýdy… Haýsy ýana seretseň: graf bilen jenap Hewişemiň maslahat edip oturan ýeri köşgüň kitaphanasynda-da, jenap Tomasyň, baş hyzmatkäriň we ähli öýdeniçerleriň günüň-gününe ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýan jaýynda-da, howsala duýulýardy. Athanada dor ponini ýaldyraýança daraklap tämizleýän çytyk ýüzli Uilkins paýtunça: öň hijem özüne «şeýle düşbüje, şeýle dogumlyja, yzynda ýöne keýpine ýöräbermeli ýaş jentlmene at münmegi» öwretmek miýesser etmändigini gürrüň berýärdi. Şol başagaýçylygyň arasynda diňe ýekeje adam parahatdy. Olam körpeje lord Fauntleroýdy, indi onuň adyny beýdip tutmaly däl diýip gürrüň edýärdiler. Ilki näme bolanyny aýdanlarynda, dogry, ol birbada az-kem aljyrap, biynjalyk bolupdy. Ýok, arzuwlary hasyl bolmany üçin däl. Graf gynançly wakany aýdanda, ol gyzykly bir zat eşidende edişi ýaly, ellerini dyzynyň üstünde goýup, dyzeperjigiň üstünde oturyşyna gulak gerip diňledi. Soňra oýa batyşyna:

— Mende birhili geň duýgy bar — diýip goýberdi. — Örä-än… geň! Graf sesini çykarman oglana seretdi. Bu zatlaryň bary onuň özüne-de geň-taň görünýärdi — aşa geň! Aýratynam, gündelik görüp öwrenişen şadyýan ýüzjagazyna bulut çöken ýaly bolmagy grafa hemmesindenem beter geň göründi.

Sedrik:

— Olar Mähribanymyňam öýüni, paýtunynam alarlarmyka? — diýip soranda, onuň sesi sandyrady.

— Aý, ýok — diýip, graf aýgytly gepledi. Ol juda gaty gepledi. — Olar onuň ýekeje zadynam elläp bilmezler!

— Hä-ä — diýip, Sedrik ýeňillik bilen dem aldy. — Çynyňyzmy?

Gabagyny galdyryp, atasyna seredende, oglanyň goçak, mähirli gözlerinde gussanyň kölegesi göründi.

— Şol, beýleki oglan — diýip, ol tolgunyp sorady. — Indi siziň ogluňyz şol bolmalymy… men ýaly… hä? Graf gahar bilen:

— Aý, ýok! — diýip, şeýle bir gaty gygyrdy welin, Sedrik tisginip gitdi.

— Ýok diýýäňizmi? — diýip, ol haýran galdy. — Çynyňyzmy? Men pikir etdim…

Ol dyzeperjikden towsup düşdi.

— Soň, graf bolmasamam, siziň ogluňyz bolup galaryn gerek? — diýip, ol sorady. — Öňkim ýaly, ogluňyz bolarynmy?

Tolgunmakdan ýaňa onuň ýüzi dym gyzyl boldy. Eý Hudaý, grafyň oňa seredäýşini diýsene! Onuň pezzik gaşlary şeýle bir gerildi, gözleri şeýle bir ýyldyrady welin, haýran galaýmaly!

— Oglum! Heý, beýdip bolarmy? — diýende grafyň sesini tanar ýaly bolmady, öňküden aýgytlyrak çykanam bolsa, gyrykdy, birhili sandyraýanam ýalydy. — Başym dikkä, sen oglum bolarsyň! Hudaý bar, senden başga hiç mahal, hiç kimim bolmadyk ýaly! Begenjinden hem ýüki ýeňlemekden ýaňa Sedrigiň ýüzi açylyp gitdi. Ol elini jübüsine has çuňrak sokdy-da, atasynyň göni göreçlerine seretdi.

— Çynyňyzmy? Onda maňa barybir, graf boldum, bolmadym. Men pikir etdim… düşünýäňizmi, men pikir etdim kim graf bolsa, şolam ogluňyz bolmalydyr öýtdüm, menem… graf däl-ä indi. Şoňa birhili boldum.

Graf ony egninden tutup, özüne tarap çekdi.

— Seniň hiç zadyňy almazlary ýaly elimden gelenini ederin — diýip, ol agyr dem aldy. — Hany göreli, olara eliňden zadyňy almak başardarmyka, şuňa hiç ynanasym gelenok. Sen şu ýer üçin doglan ahyry — şoňa-da eýe bolarsyň. Ýöne her näme bolanda-da, meniň beren zadym hemişelik seňki bolar! Berip bilen zadymyň ählisi!

Ol çaga bilen däl-de, uly adam bilen gürleşýän ýalydy — bu aýgyt onuň ýüzünden-gözünden bildirip, sesinden aňdyryp dur. Göýä, öz-özüne söz berýän ýaly — hakykatdanam, şeýle bolmagy mümkin. Graf oglana beýle höwrügendirin, oňa şu derejede buýsanýandyryn öýtmändi. Agtygynyň hakyky güýjüni, mertebesini, görk-görmegini edil şu wagt gören ýaly boldy. Ýüreginiň isleginden şeýdip el ýuwaýmak oňa akyla sygmajak zat bolup göründi. Onuň kejirligi bu zatlaryň garşysynda dim-dik boldy — hiç hili ylalaşasy gelmedi. Umydyny elden bermezligi pugta ýüregine düwdi. Jenap Hewişem bilen gürrüňdeşliginden birnäçe gün geçensoň, özüni ledi Fauntleroý diýip atlandyran aýal ogluny yzyna tirkäp, köşkde peýda boldy. Graf ony kabul etmekden boýun gaçyrdy. Aýalyň öňüni böwetlän hyzmatkär grafyň ony görmek islemeýändigini, onuň işi bilen aklawçynyň meşgul boljakdygyny aýtdy. Şol hyzmatkärem Tomasdy, biraz soň ol aýal baradaky pikirini hyzmatkärleriň otagynda gürrüň berdi. Ol:

— Kimiň ledi, kimiň däldigini özüm gowy bilýän, bir topar atly-abraýly maşgalalarda işläp görendirin! Şol ledi bolup çykaýsa, onda meniň aýal tanamadygym! — diýdi. — Ana, Kort-Lojda ýaşaýan welin — diýip, Tomas dabara bilen dowam etdi — amerikaly aýalmy ýa dälmi, ana, şol hakyky ledi, islendik jenap bir gezek göz aýlandan düşünjek! Men ony Genrä şol wagt aýtdym, Kort-Loja baran ilkinji günümiziň özünde.

Bäsdeş gitdi. Onuň owadan hem gödek ýüzünde gahar bilen gazap ýaka tutuşýardy. Ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolan mister Hewişem aýalyň hyjuwlydygyna, gödek hem yzgytsyzdygyna, akylly we dogumly görünjek bolşunyň ýasamadygyna göz ýetirdi. Düşen ýagdaýynyň ony horlaýandygy bildirip durdy. Munuň ýaly gaýtawula garaşmadyk bolarly.— Megerem, pes gatlakdan bolaýmasa — diýip, jenap Hewişem hanym Errola öz pikirini aýtdy. — Edep-terbiýe görene meňzänok, barypýatan nadan, biziň adamlarymyzyň arasynda özüni nähili alyp barmalydygyny hiç hili bilenok. Köşge gidip-gelensoň, gorkdy öýdýän. Ilki gahary gelen ýalam boldy, soň köşeşdi. Graf ony kabul etmekden ýüz öwürdi, ýöne men grafy şol aýalyň wagtlaýyn goş ýazdyran ýerine — «Dorinkort gerbi»-ne gitmäge yrdym. Graf otaga girenden, onuň ýüzi duw-ak boldy, soň topalaň turzup ugrady — bir wagtyň özünde hem haýbat atýa, hem talap edýär. Şol gezekki «saparymyz» ynha, şeýleräk geçdi. Graf otaga girişine, gür gaşlaryny galdyryp, agzyndan ýeke sözem gaçyrman, öz belent mertebesini kiçeltmän bäsdeş aýala çiňerilip seretdi. Gargyna-gargyna özi ýadap, özi goýýança sesini-üýnüni çykarman, ony seňrigini ýygryp synlady durdy.

Şonda graf:

— Siz meniň uly oglumyň aýaly bolupdym diýip tassyklaýaňyz, şeýle dälmi? — diýdi. — Şol aýdýanyňyz çyn bolsa, bizem siziň getirýän subutnamalaryňyza garşy çykyp bilmesek, onda kanun sizlik. Şol ýagdaýda ogluňyz gürrüňsiz lord Fauntleroý. Arkaýyn boluň, işe ilik-düwme serediler. Siziň talap edýän zadyňyz subut edilen ýagdaýynda, siz kanun boýunça özüňize degişli ähli zady alarsyňyz. Entek dirikäm, ne özüňizi, ne ogluňyzy göresim gelýär. Arman, men ölemsoň, mülk siziň eliňize geçýär. Oglum Bewisiň tüýs siziň ýaly aýaly saýlandygy ikuçsyz.

Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, gelenindäki belent mertebesini saklap, çykyp gaýtdy.

Şondan birnäçe gün geçensoň, hanym Errol çaklaňja otagynda oturyp, bir zatlar ýazýardy, birdenem onuňka kimdir biriniň gelendigini aýtdylar. Hyzmatkär gyz aljyraňňy görünýärdi: haýran galmakdan ýaňa gözleri tegelenipdi, ýaş hem tejribesiz bolansoň hojaýynyna haýpygelijilik hem gorky bilen bakýardy. Ol galpyldap durşuna:

— Grafyň özi geldi, hanym! — diýdi. Myhman otagyna giren hanym Errol gabat-garşysynda, diwarpejiň öňündäki halyçanyň üstünde duran uzyn boýly, belent başly gojany gördi. Gapdalyndan garaňda bürgüdi ýatladyp duran, görmekli, kesir hem tutuksy ýüzüne çalaran uzyn murt gelşik berýärdi. Ol:

— Ýalňyşmasam, hanym Errol siz bolmaly? — diýdi.

— Hawa.

— Men graf Dorinkort. Graf özüne gönügen gözlere siňe seredip, biygtyýar dymdy. Ol gözler soňky aýlaryň dowamynda özüne, gör, näçe gezekler söýgi bilen sereden goçak çaga gözlerine şeýle bir meňzeşdi, graf muňa birhili boldy.

— Oglan size juda meňzeş eken — diýip, ol arasyny bölüp-bölüp gepledi.

— Hawa, köp adam şeýle diýýär, milord — diýip, hanym Errol jogap berdi — ýöne onuň kakasyna-da meňzeýändigini ýatlamak ýakymly.

Onuň sesi, ledi Lorrideýliň aýdyşy ýaly, aýratyn ýakymlydy, hereket-häsiýeti sadadan mertebelidi. Onuň gelmegi hanym Erroly asla tolgundyrmadyk bolara çemeli.

— Hawa — diýip, graf ylalaşdy. — Meňzeş…, ogluma-da meňzeş.

Ol murtuna elini ýetirip, ony gahar bilen çowlap goýberdi-de:

— Siz meň näme üçin gelenimi bilýäňizmi? — diýdi.— Mister Hewişemi gördüm — diýip, hanym Errol söze başlady. — Ol maňa ýaňy-ýakynda turan dawa barada… habar berdi.

— Men size şol dawanyň jikme-jik öwreniljekdigini, gerek bolsa garşy duruljakdygyny aýtmaga geldim. Oglany kanunyň öňünde elimden gelenini edip gorajakdygymy ynandyrmaga geldim. Onuň hakyny…

Ol edep saklap, ýumşaklyk bilen grafyň sözüni böldi.

— Oňa özge biriniň haky gerek däl, hatda kanun şol hukugy oňa berip bilýänem bolsa.

— Gynansak-da, bu mümkin däl — diýip, graf garşy çykdy. — Ýogsam şeýtsegem bolardy. Bu eýmenç aýal öz çagasy bilen…

— Belki, olam ogluny, meniň Sedrigi gowy görşüm ýaly, gowy görýändir — diýip, çepiksizje hanym Errol belledi. — Eger ol siziň uly ogluňyzyň aýaly bolan bolsa, onda lord Fauntleroý tituly meniňkä däl-de, onuň ogluna degişli bolýar. Hanym Errol onuň bilen, edil ogly ýaly, çekinmän-ýaýdanman gürleşýärdi, seredişem edil şonuňky ýalydy, adamlaryň gep-gürrüňsiz özüne tabyn bolmagyna öwrendekli garry graf ýüreginiň çuňlugynda muňa gaýta hoşal boldy. Beýle gatnaşyk onuň üçin täzelikdi hem gyzyklydy — onuň bilen ylalaşylmaýan wagty gaty seýrekdi ahyry. Ol gaşlaryny bürüşdirip:

— Siz onuň graf Dorinkort bolmagyny isläbem baraňzok öýdýän? — diýdi.

Onuň eýjejik ýüzi gyzaryp gitdi.

— Graf Dorinkort bolmak uly hormat, milord — diýip, ol jogap berdi. — Ýöne men onuň kakasy ýaly akýürek, adalatly we wepaly adam bolmagyny isläpdim.

— Atasyndan tapawutlylykda, şeýle dälmi? — diýip, graf teýene bilen gepledi.

— Maňa onuň atasy bilen tanyşmak miýesser etmändi — diýip, hanym Errol jogap berdi. — Ýöne men oglumyň ony…

Ol sesini kesdi-de, onuň göni ýüzüne seredip, aram äheň bilen sözüniň üstüni ýetirdi:

— Sedrigiň sizi gowy görýändigini bilýän.— Sizi näme üçin köşkde kabul etmänimiň sebäbini oňa aýdan bolsaňyz, şonda-da ol meni gowy görermidi?

Missis Errol:

— Ýok — diýdi. — Aýtmanymyň sebäbi hem şol.

Graf säginibräk:

— Şeý diýseňizläň — diýdi — munuň ýaly hereket etjek aýal seýrek.

Birdenem ol otagyň içinde gezmeläp ugrady we murtunyň ujuny has dözümliräk çekip goýberdi. Graf:

— Ol maňa öwrenişdi — diýdi. — Menem oňa. Öň şunuň ýaly duýgyny başdan geçirdim diýsem, ýalançy. Hawa, men oňa öwrenişdim. Ol başdanam meň göwnüme ýarady. Men garry adam, öz durmuşymdan ýadadym. Ol meň ömrüme many berdi, men oňa buýsanýan. Soňlugy bilen onuň neberämiziň baştutany boljagy hakynda pikir etmegem maňa ýakymlydy.

Ol yzyna öwrüldi-de, hanym Errolyň alnynda aýak çekdi.

— Maňa gaty agyr — diýip, ol boýun aldy. — Gaty!

Bu dogrudanam şeýledi. Hernäçe tekepbirem bolsa, özüne erk edip bilmedi: sesi üzlem-saplamdy, elleri sandyraýardy. Hanym Errol bir pursat onuň gaşlarynyň kölegesinde gizlenen rehimsiz gözlerinde hatda ýaş görenem ýaly boldy. — Belki, siziň ýanyňyza şoň üçin gelenem bolmagym ahmal. — Ol hanym Errola gaharly seredip sözüni dowam etdi. — Men sizi halamokdym. Ony sizden gabanýardym. Bu elheder etdiren, gelşiksiz waka bar zady üýtgetdi. Oglum Bewisiň aýalydygyny aýdyp hekgerýän bihaýa zenany görüp, sizi maňlaýa sylaýmaly hasapladym. Men bir kesir, akmak garry. Siziň göwnüňize degendirin öýdüp gorkýan. Siz oglanjyga meňzeş, ol bolsa indi meň bar hany-manym, ömrümiň manysy. Maňa agyr, siziň oglana meňzeşdigiňiz, onuň sizi gowy görýändigi, meniňem ony gowy görýändigim üçin ýöne ýanyňyza geläýdim. Oglanyň hatyrasy üçin, başardygyňyzdan maňa geçirimli boluň!

Bularyň baryny ol ýüzüni hyrsyzlandyryp, ýakymsyz äheňde aýdanam bolsa, onuň halys ýadaw ýüzi hanym Errolyň ýüregini jigletdi. Ol ýerinden turup, graf taýa kürsüni süýşürdi.— Haýyş edýän, oturyň — diýip, ol duýgudaşlyk etdi. — Siz aşa tolgundyňyz, özüňizem gaty ýadapsyňyz, güýjüňizi biraz aýajak boluň.

Özi bilen ylalaşylmazlyga öwrendeksiz bolşy ýaly, munuň ýaly sadalyga we alada-da öwrenişmändi. Ýene onuň ýadyna «oglan» düşdi-de, gulagasyjylyk bilen oturdy. Megerem, şu bolýan ýakymsyz zatlaryň ählisi onuň bähbidine bolsa gerek: göwnüçökgünlige düşmedik bolsa, henizem hanym Errola seňrigini ýygrar ýörerdi, häzir bolsa ondan duýgudaşlyga tamakin. Dogry, ledi Fauntleroýyň ýanynda islendik aýalam grafyň gözüne ýakymly bolup görnerdi, hanym Errolyň bolsa şeýle bir eýjejik ýüzi hem sesi bardy, hereketinde, gylygynda ýakymly mertebelilik duýulýardy. Az salymdan onuň gamaşyk ýüzi bilen dili açylyşyp ugrady. Ol: — Nähili bolanda-da, men oglany zada zar etmän ulaldaryn. Häzirem, soňam aladasyny ederin — diýdi.

Gaýtmazynyň öň ýany graf otaga gözüni aýlap goýberdi-de:

— Şu jaý siziň göwnüňize ýaraýarmy? — diýip sorady.

— Juda ýaraýar — diýip, hanym Errol jogap berdi.

— Nähili rahat otag. Bu zatlaň maslahatyny etmek üçin maňa ýene-de siziňkä gelmäge ygtyýar berersiňizmi?

Hanym Errol:

— Islän wagtyňyz arkaýyn geliberiň — diýdi.

Graf daşaryk çykyşyna, paýtunyna münüp, bu ýerden ugrady. Paýtunyň yzyndaky basgançakda duran Tomas bilen Genri işiň munuň ýaly öwrüm alşyna agzyny açyp galdylar.

On üçünji bap

DIK KÖMEGE GELÝÄR

Lord Fauntleroý hem-de graf Dorinkortyň düşen ýagdaýynyň gürrüňi iňlis gazetlerinde peýda bolan dessine, amerikanlar hem onuň yzyny alyp göterdiler. Waka gysga habarlar bilen oňaýar ýaly, ýöne-möne gürrüň däldi, şol sebäplem ol barada änigi-şänigi bilen ýazmaga durdular. Pikirler dürli-dürlüdi. Gazetleň baryny satyn alyp, aýdylýan zatlary degşirip göräýseň.

Birgiden habary okap çykan jenap Hobbs ahyry kellesini tutdy. Bir gazetde Sedrige agzyndan süýt ysy gitmedik diýseler, beýleki birinde oňa ýaş talyp, Oksfordda okaýarmyş, ol ýerde tapawutlanýan talypmyş, grekçe goşgy goşýarmyş diýip ýazýardylar. Üçünji bir neşirde ol üýtgeşik owadan gyz — haýsydyr bir gersogyň gyzy bilen adaglanypdyr, dördünji gazetde bolsa eýýäm nikadan geçip, goş birikdirenlerine birki gün boldy diýip güpledýärdiler. Gazetler diňe onuň ýedi ýaşly, buýra saçly çakganja oglandygy barada zat ýazanokdylar. Haýsydyr bir sahypada, hatda ol dereginde graf Dorinkortyň garyndaşam däl, öň Nýu-Ýorkuň köçelerinde gazet satyp, çem gelen ýerde ýatyp-turup ýören zypdurundygyny, ejesi bolsa Amerikadan grafyň mirasdüşerini gözläp gelen aklawçynyň gözüni-başyny aýlapdyr diýibem toslapdyr. Gazetler aýagaldygyna täze lord Fauntleroýydyr onuň ejesini suratlandyrýardylar. Olar aýalyň kä syganmyş, kä artistmiş, käte ispan gözelimiş diýip waspyny ýetirýärdiler, soňunda-da gürrüň ony grafyň öler ýaly ýigrenýändigine, onuň ogluny mirasdüşeri hökmünde hijem kabul edip bilmejekdigine baryp direýärdi. Soň görlüp oturylsa, şol aýalyň resminamalaryndanam bir nätakyklyk çykanmyş, indem uzakdan-uzak dowam etjek kazyýet işi gutulgysyzmyş, özem şu güne deňiç kazyýetde munuň deý gyzykly derňew geçirilmän eken.

Jenap Hobbs başy garjaşyp başlaýança şunuň ýaly habarlary okardy, soňam agşamlaryna Dik bilen oturyp, olaryň maslahatyny ederdi. Olar indi graf Dorinkortyň neneň-niçik ketde adamdygyna, onuň ýaýylyp ýatan mülküniň bardygyna we ýaşaýan köşgüniň ajaýypdygyna gowy düşünýärdiler, näçe köp bildikleriçe-de, olaryň howsalasy artýardy. — Ýok, bir zad-a etmeli — diýip, jenap Hobbs elewreýärdi. — Bolsa bolup geçsin graf, munuň anygyna ýetmek gerek!

Ýöne näme etsinler, diňe Sedrige hat ýollap, dostlugyny bildiräýmeseler, duýgudaş bolaýmasalar, başga ellerinden geljek zat ýokdy. Olar oglanyň derejesine dawa edilýändigini eşiden dessine oňa hat taýýarlap, biri-birine görkezdiler.

Ynha, jenap Hobbs Dikiň hatynda şu aşakdakylary okady:

«Gadyrly dost, hatyňy allym, jenap Hobbsa-da geldi, işiň oňuna bolmanna gynannyk, bize gulak assaň: güýjüňde baryny edip, bek durjak bol, ýeňiläýme. Sähel ýöwselläniňi bilseler, eliňden çöregiňi kakyp aljak ogry kännir. Eden ýagşylygyň ýadymdan çykanok, şony aýdaýyn diýdim, birden işiň ugruna bolmasa, gaýdyber, özüm ýanyma şärikdeş edip alaryn. Işleriň gidişi gowy, hiç kime göwnüňe degdirmen. Talaňçylaň haýsy biri üssüňe sürünjek bolsa, prafesor Dik Tipton bilen iş salyşmaly bolar.

Häzirlikçe hoş

Dik».

Dik bolsa jenap Hobbsyň hatynda şulary okady:

«Gadyrly ser, Hatyňyzy allym — işiňizä ugrukmandyr. Şulaň bary ýörite gurnalanmyka diýip durun. Olar ýaly ýeser adamlary gözden sypdyrmaly däl. Size iki zady aýdaýyn diýip hat ýazýan. Bu işiň başyna özüm geçmesem boljak däl öýdýän. Hukukçy bilen bir görşeýin, onnoň näme etmeli bolsa ederin. Halys ugruna bolman, graflar bizden üstün gelseler, onda ulaldygyň bäri gaýt, dükanda maňa ýoldaş bolda geziber, öýüňizem bolar, dossuňyzam Siziň çyn dossuňyz Saýlas Hobbs».

Hatlar okalyp bolnansoň, jenap Hobbs şeý diýdi:

— Aý näme, ol barybir, graf däl bolsa, oňa, Dik, ikimiz bile seredäýeris.

— Şeýtmeli bor, ol-a anyk — diýip, Dik jogap berdi. — Men ony hijem gözden salman. Körpäni şeýle bir gowy görüpdirin welin, düşündirmäge hiç söz tapamok. Ertesi irden Dik öz müşderileriniň birini hasam geň galdyrdy. Ol ýaňybir işe başlan ýaş aklawçydy. Beýleki ýaş aklawçylar ýaly, onuň entek eli ýukady, ýöne başarjaň, gujurly ýaş ýigit akyllydy, ýuka ýürekdi. Onuň çaklaňja edarasy Dikiň ussahanasynyň golaýyndady, her gün irden Dike ädigini arassaladyp geçerdi, hakyna garaňda, ol ädikleri arassalamaly däl-de, bejerseň gowy boljakdy. Ýaş ýigit mydama Dike aýtmaga hoş sözem, degişme-de tapardy. Şol gün irden ol köwşüni arassalatmak üçin aýagyny sekijigiň üstünde goýanda, Dikem ony arassalap başlanda, ýaş ýigidiň elinde her dürli suratdan doldurylan gazet bardy. Ol oňa göz gezdirip boldy-da, hoşlaşan wagty elindäkini Dike gowşuryp ötägitdi. Ol: — Ynha saňa gazet, Dik. Delmonikoň ýanyna ertirlik edinmäge gideňde okarsyň. Onda iňlis köşgüniň hemem iňlis grafynyň gelniniň suraty çykypdyr. Gelşikli aýal, çogdamlanyp goýlan owadan saçy bar, ýöne bir zadyň-a dawasyny edip, gohlaýar. Asylzadalar hem barjamlylar bilen tanşyp goýsaň zyýan etmez. Ine, şeýt-de, tanyşlygyň başyny örän hormatly graf Dorinkort bilen ledi Fauntleroýdan başlaber. Eý, Dik, näme bolýar-aý saňa?

Suratlar ýalpyldap birinji sahypany bezeýärdi, tolgunmakdan ýaňa ýüzi ak esgä dönen Dik gözlerini petredip, agzyny açyp surata seredýärdi.

— Dik, eýgilikmi? — diýip, aklawçy sorady. — Näme boldy?

Dogrudanam, Diki daşyndan synlasaň, näme bolduka diýdirýärdi. Ol demini çykarman, suratyň aşagyndaky ýazga barmagyny dürtdi:

«Derejä dalaş edýäniň ejesi (ledi Fauntleroý)». Suratda goçak gözli, şar gara saçynyň agyr, ýogyn örümi başyna gelşikli edip oralan owadan aýal otyrdy.

— Şol aýal! — diýip, Dik ahyry dillendi. — Eý Hudaý, men ony sizi tanaýşymdanam gowy tanaýan-a!

Ýaş ýigit hahahaýlap goýberdi.

— Sen oňa nirede duşup ýörsüň, Dik? — diýip, ol sorady. — Nýuportdamy? Ýa soňky gezek Pariže gideňizde gördüňizmi?

Ýöne Dikiň degişme ýadyna düşmedi. Ol başga bir gyssagly işi bar ýaly, hasyr-husur çotgalaryny ýygnap ugrady. Ol:

— Nirede göremde näme, men ony tanaýan! Bu gün işläp bolaýdym öýdýän – diýdi.

Bäş minut geçip-geçmänkä, ol eýýäm haýdaşlap jenap Hobbsyň dükanyna ýetip barýardy. Eli gazetli Dik hasanaklap dükana girende, jenap Hobbs gözlerine ynanmajak boldy. Ol daljygyp, hassyldap durşuna ilki gepläbem bilmedi, elindäki gazeti dükanyň tekjesiniň üstüne pyzyp goýberdi. — Bu nä boluş? — diýip, jenap Hobbs gygyrdy. — Bu näme?

— Siz bir görüň-ä muny! — Dik zordan demini dürsäp gepledi. — Bu aýala bak-a! Hawa, şuňa seret! Aristokrat bolaýşyny! Näme diýjek, näme aýtjak! — Onuň sesinde ýigrenç bardy.

— Lorduň aýaly bormy şundanam bir! Näme diýseň diý, ýöne şuýa Minna! Minna! Men ony nirede görsemem tanaryn — Beniň hem agynjak özi! Git-de, sorap göräý!

Jenap Hobbs oturgyja çökdi.

— Bilýädim-le, hemme zat gurnalan! — diýip, ol samyrdady. — Bilýädim! Olar ähli zady gurnadylar, sebäbi ol amerikaly-da!

— Olar diýýäňmi? — diýip, Dik ýigrenç bilen sorady. — Şol aýalyň özi gurnady, başga hiç kimem däl! Şoň etjek işi! Oň sypatyny göremden, ýadyma näme düşenini aýdaýynmy? Ikimiziň okan bir gazetimizde habar bardy, şonda onuň oglunyň eňeginde çapyk yz bar diýip ýazylypdyr. Hany kelläňi işletjek bol, nämäň çapyk yzyka şol? Ynha, meniň size aýtjak zadym: bu şol aýalyň ogly. Beniň ogly şol! Onuň maňa zyňan telpertabagy ogluna degipdi… Düşdümi ýadyňa? Agynjak şol oglan! «Professor» Dik Tipton dogabitdi düşbi oglandy, uly şäheriň durmuşy, iýjek çöregiňi özüň tapmaga zerurlyk onuň üşügini hasam ýiteldipdi. Ol aljyraman ugur tapmany öwrendi. Dogrusy, bu waka onuň gyzyklanmasyny erbet gyjyndyrdy. Şol gün irden dükana körpeje lord Fauntleroýyň hut özi boýnuny uzadanam bolsa, hatda gürrüň özi hakynda däl-de, başga biri barada bolsa-da, ony biparh goýmazdy.

Jenap Hobbs özüne düşýän jogapkärçilik duýgusyndan ýaňa halys aljyrady, ýöne bolsa-da Dik dogumlanyp, meseläni çözmäge özi girişdi. Ol Bene hat ýazdy, suratam gyrkdy-da, bukja ýerleşdirdi. Jenap Hobbsam hat ýazdy, birini Sedrige, beýlekisini grafa niýetledi. Şeýdip alahasyrdy bolup otyrkalar, birden Dikiň kellesine bir pikir geldi. Ol:

— Gulak as, jenap Hobbs — diýdi. — Maňa gazeti goýup giden oglan aklawçy. Gel, näme etmelisini şondan soraly. Aklawçylaryň bilmeýän zady ýok.

Mister Hobbs bu teklibe hemem Dikiň işjeňligine haýran galdy.

— Şeýderis! — diýip, ol gygyryp goýberdi. Aklawçyň işi bu. Şeý diýibem, dükanyny goňşusyna tabşyryp, paltunyny egnine sokdy-da, Dik bilen şähere ugrady. Jenap Harrisonyň edarasyna gelen dostlarymyz bu üýtgeşik wakany oňa başdan-aýak gürrüň berdiler-de, ony hem haýran galdyrdylar.

Eger aklawçy şeýle ýaş, edenli, boş wagty kän bolmadyk bolsady, megerem, bu waka ol pitiwada etmezdi. Emma işsiz oturmak aklawçyň ýüregine düşüpdir öýdýän, onsoňam ol Diki gowy tanaýar, Dik bolsa öz pikirini diýseň çeper beýan edipdi. — Sagadyna näçe alýaňyz, şony aýdyň — diýip, jenap Hobbs işleşmäge taýýardygyny bildirdi. — Bu işi dykgat bilen öwreneweriň, çykdajysyny tölärin. Meň adym Saýlas Hobbs, Blek-strit burçy, gök satylýan dükan, özem iň gowusyndan.

— Onda, näme — diýip, mister Harrison ylalaşýan terzde gepledi. — Aýdýanlaryňyz tassyk bolsa, lord Fauntleroýyňky çüwer, üstesine, maňa-da bähbit bolar. Nähilem bolsa, bu işi öwrenmek gerek. Meniň düşünişime görä, çaga babatynda käbir şübheler döräpdir. Ejesi oglunyň ýaşyny aýdanda bulaşdyryp, müňkürlik etmäge sebäp döredipdir. Öňi bilen, Dikiň doganyna hemem graf Dorinkortyň maşgala aklawçysyna hat ýazmaly. Gün eňegini ýere bermänkä iki hatam taýyn boldy, olaryň hersini bir ýana ugratdylar. Biri Nýu-Ýork gämi duralgasyndan Angliýa barýan poçta gämisinde gitdi, beýlekisi bolsa Kaliforniýa ýolagçy bilen poçta äkidip barýan otly bilen ugradyldy. Birinjisiniň ýüzüne «T. Hewişeme, eskwaýra», ikinjisiniň ýüzüne «Benjamin Tiptona» diýip ýazyldy. Şol agşam jenap Hobbs we Dik dükany içinden ýapyp, içki otagda ýarygijä çenli gürrüňleşip oturdylar.

On dördünji bap

PAŞ EDILME

Geň-enaýy wakalaryň ýüz bermegi üçin sähelçe salym ýeterlik eken! Jenap Hobbsyň dükanynda beýik oturgyçda aýaklaryny hallanladyp oturan oglanjygyň ykbalynyň çepbe-çöwrülmegi üçin birnäçe minut ýeterlik boldy: Nýu-Ýorkuň ümsüm köçejiginde ýaşan ýönekeýje oglanjyk grafyň derejesini hem uly baýlygyny miras alyp, iňlis aristokratyna öwrüldi. Onuň iňlis aristokratyndan ynsabyny ýitiren, daşyny gurşan ajaýyplyklara hiç weçden hukugy bolmadyk kiçijik kezzaba öwrülmegi üçinem sähel pursat ýeterlik boldy. Ýöne soňra, nähili geň görünse-de, gaýtadan aýgyt bilen baryny üýtgedip, tasdanam ýitirenlerini yzyna gaýtaryp almaga öňküdenem az salym gitdi. Sebäbi özüni ledi Fauntleroý diýip atlandyran aýalyň ahlagy ýaly, akylam kemter geldi. Jenap Hewişem ondan nikasydyr ogly hakynda jikme-jik soramaga duranda, ol iki gezek sakynyp, bulaşdyrdy-da, aklawçyda müňkürlik döretdi. Soňam gaharyna bäs gelip bilmän, ruhdan düşdi, gereginden artyk gepläp, öz sepini özi açdy. Gürrüňiniň çaga degişli ýerini ýalňyşdy durdy. Bewis bilen nikaly ýaşanyna, onuň bilen tersleşenine, oňa azar bermejegine söz berip, pul alanyna ynanmazçylyk ýokdy. Emma jenap Hewişem ol aýalyň oglanjyk Londonyň etraplarynyň birinde doguldy diýip ýanjamagynyň hakykata laýyk däldigini bildi. Şol açyşyna tolgunyp otyrka-da birdenkä jenap Hobbsdyr nýu-ýorkly ýaş aklawçydan hat geläýdi.

Şol agşamy ýatdan çykarmak mümkin bolmady, hatlary alan grafdyr jenap Hewişem elleri hatly kitaphana geçip, näme etjekleriniň meýilnamasyny biçmäge başladylar!

— Ol aýal bilen bolan başky üç duşuşykdan soň, men çynlakaý iňkise gidip ugradym — diýip, mister Hewişem boýun aldy. — Çaga onuň aýdan ýaşyndan uly göründi, onsoňam oglanyň doglan senesini aýdanda-da ilki gepini bulaşdyryp, soň ýalňyşyny düzetmäge synanyşdy. Hatlarda habar berilýän zatlar meniň şübhelerime gabat gelýär. Iň gowusy Tiptonlaryň ikisini-de gyssagly çagyryp, ol aýala bir agzam duýdurmazdan, olaryň garaşylmadyk duşuşygyny gurnamaly. Dogrusyny aýtsaň, ol juda tejribesiz ýalançy. Ol öler ýaly gorkup, barja syryny paş edermikä diýýän.

Aýdylyşy ýalam boldy. Aýala hiç zat syzdyrmadylar, şübhe döremez ýaly, jenap Hewişem işi öwrenýänden bolan bolup, onuň bilen duşuşmagyny dowam etdi. Ahyrynda aýalyň özüne ynamy artdy, keýpi çaglandy, garaşylyşy ýaly, haýasyny ýitirip ugrady.

Ajap säherleriň birinde ol «Dorinkort tugrasy» myhmanhanasyndaky otagynda göwnüni kap dagyna çykaryp, öz ýanyndan meýilnama baryny biçip otyrka, oňa jenap Hewişemiň görmek isleýändigini habar berdiler. Aklawçy otaga girdi, onuň yzyndan tirkeşip ýene üç adam — düşbi ýüzli ýetginjek, uzyn boýly ýaş erkek we graf Dorinkort girdi.

Aýal ýerinden syçrap galyşyna gorkusyndan gygyryp goýberdi. Ses biygtyýar çykansoň, ony saklap ýetişmedi. Aýal bulary näçe ýyllardan bäri görmänsoň, olary ýatlanok diýen ýalydy, bu ikisi özünden müňlerçe mil uzakda diýip hasaplaýardy. Olara gaýdyp duşaryn öýtmedik bolsa näme. Dogrusy, Dik ony görenden it ýylgyryşyny etdi-de:

— Salam, Minni! — diýdi. Uzyn boýly ýaş erkek, bu Bendi, oňa sähel salym dil ýarman seredip durdy.

— Şu aýal size tanyşmy? — diýip, jenap Hewişem nazaryny Benden aýala geçirdi.

— Hawa — diýip, Ben jogap berdi. — Menem ony, olam meni tanaýar.

Ben yzyna öwrüldi-de, penjiräniň öňüne baryp daşaryk seretdi, içinden sypatyňy hem görmäýin diýen bolarly. Şeýle diýäýmeli aýal eken. Sepiniň açylanyny bilen Minni, özüne ygtyýary ýetmän, gazaba münüp, dälilik hetdine ýetdi, onuň bu oýnuna Ben bilen Dik öňem näçe gezekler tomaşa etmeli bolupdylar. Onuň töweregine gargyş baryny ýagdyryp, haýbat atyşyny synlap duran Dik ýene it ýylgyryşyny etdi. Beniň bolsa şol penjirä seredip durşudy.

— Men şunuň şol aýaldygyna islendik kazyýetde ant içip biljek — diýip, ol jenap Hewişeme mälim etdi. — Gerek bolsa, başga-da şaýat kän aýdanymy tassyklap biljek. Bu aýalyň kakasy hormatlanýan adam, ýöne haýp, durmuşy oňmandyr-da. Ejesi bolsa, edil gyzy ýalydy. O görgüli pahyr boldy, ýöne kakasy aýatda diri, ol dogruçyl, gyzynyň bolşundan çekinip durmaz, ähli zady bolşy ýaly aýdar. Kakasyndan sorasaňyz onuň kimdiginem, meniň aýalymdygyny ýa däldigini aýdyp berer. Birdenem ol ýumruklaryny gaýym düwdi-de, hyrra aýala tarap öwrüldi.

— Hany oglan? — diýip, ol hemle bilen sorady. — Ony men äkiderin. Onuň seň ýanyňda köri ýok!

Şol pursat ýatalga girilýän gapy açylyp, gaty sese çykan bolsa gerek, oglanjyk boýnuny uzatdy. Ol beýle bir görmekli dälem bolsa, ýüzi ýakymlyjady, bir almany ikä bölen ýaly, kakasy Bene meňzäp durdy. Eňegini «bezäp duran» üçburç çapyk yzyna her kim dessine üns berdi.

Ben oglanjygyň ýanyna bardy-da, sandyrap duran eli bilen onuň elinden tutdy.

— Hawa, bu oglanjyk babatynda-da ant içmäge taýyn. Tom — diýip, ol oglanjyga ýüzlendi.

— Men seň kakaň. Men seni äkitmäge geldim. Hany başgabyň? Oglanjyk oturgyjyň üstünde ýatan papagyny görkezdi. Ol äkidiljegine begenýänini gizläbem durmady. Ol garaşylmadyk ýagdaýlara şeýle bir öwrenişiklidi welin, nätanyş bir daýynyň kakaň men diýmesine geň galybam durmady. Birnäçe aý mundan öň bäbekliginden bäri ýaşap ýören maşgalasynda peýda bolan, men ejeňdirin diýen bu aýaly ol asla halap baranokdy, ol ykbalynda boljak üýtgeşmäň öňünde taýýardy. Ben papagy kakyp aldy-da, gapa ýöneldi.

— Men ýene gerek bolsam — diýip, ol jenap Hewişeme ýüzlendi — bilýäňiz-ä meni nireden gözlemelisini.

Şeý diýdi-de, oglanyň elinden tutup, aýal tarapa gabagynam galdyrman, çykyp gitdi. Ol entegem gargynyp gidip otyrdy, graf bolsa pikire batyşyna, bürgüt burnunyň üstüne geýdiren äýneginden dikanlap aýala seredýärdi. — Köşeşiň, keýgim — diýip, jenap Hewişem parahat gepledi. — Beýdip alan galaňyz bolmaz. Türmä düşmejek bolsaňyz, özüňizi salykatly alyp barmaly bolarsyňyz.

Onuň sesi şeýle bir parahat, birsydyrgyndy welin, aýal ökjäni göteräýmese alaç ýokdugyna düşündi. Gazap syçraýan gözlerini soňky sapar jenap Hewişeme agdaryp-düňderdi-de, gapdal otagyň gapysyny jarkyldadyp ýapyşyna bu ýerden gümüni çekdi.

— Indi onuň üstümizden sowuldygydyr — diýip, jenap Hewişem ynjalykly gepledi. Ol mamla eken: aýal şol gijäň özünde «Dorinkort tugrasy» myhmanhanasyndan çykyp, Londona barýan otla münüşine hemişelik gözden gaýyp boldy. Graf myhmanhanadan çykyşyna çalt-çalt ýöräp paýtunyna tarap ugrady.

— Kort-Loja — diýip, ol Tomasa buýruk berdi.

— Kort-Loja — diýip, Tomasam gapdalynda, paýtunyň oturgyjynda oturan arabakeşe görkezme berdi. — Walla ynanaý, işler düýbünden başga, garaşylmadyk tarapa öwrüm edip barýar!

Paýtun Kort-Lojuň işiginde saklanan mahaly Sedrik ejesi bilen myhman otagynda otyrdy.

Graf içerik duýdansyz girdi. Onuň boýy bir dýum beýgelip, özem ýaşaran ýaly bolupdyr. Gözleri begençden uçganaklap durdy. Ol:

— Hany, lord Fauntleroý? — diýip sorady.

Oňa tarap bir ädim äden hanym Errolyň ýaňaklary al öwsüp gitdi.

— Lord Fauntleroý diýdiňizmi? — diýip, ol gaýtalady. — Lord Fauntleroý diýdiňiz gerek?

Graf onuň elini gysdy.

— Hawa — diýip, graf tassyklady. — Lord Fauntleroý.

Şeýle diýdi-de, ol beýleki elini Sedrigiň egnine goýdy.

Graf öňküsi ýaly, gönümel hem hökümli gepledi:

— Fauntleroý, ejeňden haçan biziň ýanymyza köşge göçjegini sora.

Fauntleroý ejesiniň boýnuna bökdi.

— Biziň bilen ýaşarsyň! — diýip, ol gygyrdy. — Hemişelik biziň bilen!

Graf hanym Errolyň ýüzüne seretdi, hanym Errol bolsa grafyňka. Jenabyň çynydy. Onuň indi wagt ýitiresi gelmedi, bu işi tizräk ýola goýasy geldi. Oňa mirasdüşeriniň ejesi bilen dostlaşsa kem däl ýaly.

— Siziň çynyňyzmy, göwnüňize geňeşdiňizmi? — diýip, hanym Errol mylaýym ýylgyryp sorady.

— Geňeşdim, çynym — diýip, graf ikirjiňlenmezden jogap gaýtardy. — Özümiz aňmasagam, biz mydama şunuň şeýle bolaryny isläpdik ahyry. Biziňkä göçüp gelersiňiz diýip umyt edýäs.

On bäşinji bap

SEDRIGIŇ SEKIZ ÝAŞY DOLÝAR

Ben ogluny Kaliforniýadaky fermasyna äkitdi. Onuň öz ýanyndalygyna begendi. Gidäýmeziniň öň ýany ol jenap Hewişem bilen görüşdi. Şonda aklawçy Bene tasdanam lord Fauntleroý bolan oglana graf Dorinkortyň bir gowy ýagşylyk edesiniň gelýändigini habar berdi. Şoň üçinem ol hususy fermasyna maýa goýup, Beni hem oňa dolandyryjy edip bellemegi, geljekde oglunyň aladasyny etmäge ýeter ýaly, gowy aýlyk bermegi karar etdi.

Şeýlelik-de, Ben bu ýerden soňlugy bilen öz hasabyna geçäýmegi hem mümkin fermanyň hojaýyny bolup çykyp gitdi. Birnäçe ýyldan hut şeýle hem boldy. Ogly Tom bolsa tüýs wepaly we hamrak ýigit bolup ýetişdi. Ben ikisi günlerinden hoşaldy, işleri hem ugruna boldy. Tomy başyndan inen betbagtlyklaryň öwezine berlen bagty hasaplaýandygyny zol gaýtalady ýördi. Emma Dik bilen jenap Hobbs (olar hem alada edip, Angliýa gelipdiler) ol ýerde biraz eglendiler. Graf Dikiň aladasyny etjekdigini, oňa gowy ylym-bilim berjekdigini ilkibaşdan aýtdy. Jenap Hobbs bolsa dükanyny ynamdar adama goýup gaýdansoň, arkaýyn bolup, lord Fauntleroýyň doglan gününi hem görüp gideýin diýip eglendi. Baýramçylyga ähli kärendeçileri çagyrdylar. Olara her hili näz-nygmatlar, tanslar we seýilgähde oýunlar, agşam bolsa oduň başynda şüweleňdir feýerwerk garaşýardy.

— Edil Dördünji iýuldaky ýal-aý! — diýip, Fauntleroý begendi. — Haýp, men dördüne dogulmandyryn-da. Ýogsam ikisinem goşup bellärdik.

Dogrusy, birbada graf bilen jenap Hobbsyň gepleri alyşybermedi. Sebäbi graf owal dükançylar bilen gürrüňleşip görmändi, jenap Hobbsyň hem tanyşlarynyň arasynda aristokrat ýokdy, ana şol sebäplem seýrek duşuşyklarynyň dowamynda gürrüňleri sepleşibermedi. Fauntleroýyň öz ýanyndan görkezmek borjy hasaplan ajaýyplyklarynyň ählisiniň jenap Hobbsy haýran galdyrandygyny hem aýtmak gerek.

Daşdan ýasalan ýolbars heýkelleri bilen bezelen daşky derweze we köşke eltýän giň seýilbag jenap Hobbsy aňk etdi. Köşki, gül-gunçaly bakjalary, gülhanalary, bag-bakjaly eýwanlary, tawus guşlaryny, ýerzeminleri, sowutlary, esasy basgançagy, atýatagy, liwreýaly hyzmatkärleri görende-hä hasam özüni ýitirdi. Her dürli suratly galareýa onuň duýgularyny çür başa çykardy.

— Bu muzeý boldugymy? — diýip, ol diýseň uly, owadan zala girende Fauntleroýdan sorady.— Aý, ýok! — diýip, Fauntleroý ynamsyz jogap berdi. — Atamyň aýtmagyna görä, bularyň hemmesi meniň ata-babalarym, şejerämiziň kökleri bolmaly.

— Ata-babalarym.., şejerämiziň kökleri? — diýip, jenap Hobbs gaýtalady. — Şu adamlaryň hemmesi — nesilbaşylarmy? Bäý-bä, beýledirler öýtmändim!

Ol göwresini kürsä goýberip, howsala bilen töweregine göz aýlap çykdy. Diwaryň ýüzündäki portretleri, olaryň kimleriňkidigini düşündirip çykmak lord Fauntleroýa aňsat düşmedi.

Hanym Mellony kömege çagyrmaly boldy. Ol suratlar hakynda hemme zady bilýärdi, olary kim ýazypdyr, haçan ýazypdyr, olarda şekillendirilen lordlary we hanymlary haýsy romantiki wakalar baglanyşdyrýar — hemmesinden habarlydy.

Portretleriň hersiniň taryhyny diňlän jenap Hobbs agzyny açdy. Ol köşge gaýta-gaýta gelip gitdi (ol obada «Dorinkort tugrasynda» goş ýazdyrypdy), her gezek gelende-de ýarym sagat töweregi galereýada eglendi, başyny ýaýkap-ýaýkap özüne seredýän hanymlaryň we jenaplaryň suratyny synlady.

— Hemmesem graf ýa-da şolar ýalakylar! — diýip, ol madyrdady. — Biziňkem şular ýaly bolmaly, bulaň hemmesem şoň eline geçmeli!

Ýüreginiň çuňlugynda, beýle bolar öýtmedigem bolsa, «graflary» we olaryň ýaşaýyş tärlerini ýigrenmedi. Megerem, köşk, ata-babalar we beýleki zatlar bilen tanyşmagy onuň respublikaçylyk ýörelgelerine birneme yraň atdyran bolsa gerek. Her niçik-de bolsa, bir gezek ol diýseň üýtgeşik we garaşylmadyk pikir aýtdy.

— Özüme-de şolaň ýerinde bol diýseler, boýun gaçyrjak däl! — diýip, ol boýun aldy. Bu bolsa, onuň ýan berip ugrandygyny aňladýardy. Lord Fauntleroýyň sekiz ýaşy dolan güni şeýle hezillik boldy, onuň begenäýşini bir görsediňiz! Toý eşiginde bezenip-beslenip gelen adamlardan doly seýilgähiň owadanlygyny görmäge göz gerek! Çadyrlaryň başynda we köşgüň çür depesinde pasyrdaýan baýdaklary diýsene! Bu ýere mähelle bary üýşdi, sebäbi körpeje lord Fauntleroýyň öňküsi ýaly körpeje lord Fauntleroý bolup galjagyna, soňlugy bilen onuň tutuş mülküň hojaýyny boljagyna hemmeler begenýärdi. Körpeje lordy we bu ýerde köpler bilen dostlaşmaga ýetişen örän gözel ejesini hemmäniň öz gözi bilen göresi gelýärdi. Indi graf barada her kimiň pikiri gowulyga tarap üýtgäp ugrapdy, sebäbi körpe ony juda eý görýärdi we ynanýardy, onsoňam graf onuň ejesini kabul edipdi, indi oňa hormat bilen garaýardy. Graf körpäniň ejesine höwrügipdir, körpeje lorduň we hanym Errolyň täsiri bilen ol soňra, hemmäniň bähbidine, tüýs mertebeli jentlmene öwrüler diýip gürrüň edýärdiler. Çadyrlarda, seýilbaglarda, çemenliklerde adam bary üýşüpdi! Ol ýerde baýram lybasly erkek fermerlerem, başy sümmenli, egni ýaglykly fermer aýallaram, halaşýan ýigitleri bilen gelen gyzlaram bardy. Çagalar ylgaşyp, kowalaşdym oýnaýardylar. Giňiş tikilen gyzyl paltunly kempirler biri-birine soňky täzelikleri aýdyşýardylar. Köpçüligiň şatlygyny görmäge, grafy gutlamaga we hanym Errol bilen tanyşmaga köşge çar ýandan hanymlar we jenaplar gelipdiler. Ol ýerde ledi Lorrideýlem, ser Garri hem, gyzlary bilen gelen ser Tomas Eşem şeýle-de, elbetde, jenap Hewişemem bardy. Ajaýyp ak köýnegini geýip, tor nagyşly saýawanyny göterip gözel hanym Wiwýen Herbert hem geldi. Daşyny hyrydarlary gallanam bolsa, ol hemmesinden äp-äşgär Fauntleroýy gowy görýär. Sedrik ony görenden, ylgap baryp gujaklady, gyzam Fauntleroýa, eý görýän jigisi mysaly, gujagyny gerip, ogşady.

— Mähirlije körpeje lord Fauntleroý! — diýip, gyz seslendi. — Mähirlije balajyk! Men şeýle begenýän! Şeýlebir begenýän! Hanym Herbert özüni köşge, seýilbaga aýlamaga, ähli zady görkezmäge körpeje lord Fauntleroýa rugsat berdi. Soňam ol gyzy jenap Hobbs bilen Dikiň ýanyna eltdi.

— Bu meniň köne dostum jenap Hobbs, hanym Herbert, bu bolsa meniň ikinji bir ýegre dostum Dik. Siziň nähili owadandygyňyzy men olara eýýäm aýtdym… Doglan günüme gelseler, sizi görüp biljekdiklerini hem aýdypdym olara.

Hanym Herbert jenap Hobbsdyr Dikiň elini gysdy, olar bilen mylakatly söhbetdeş boldy. Amerika barada, ummandan aşyp gelişleri, Angliýadaky ýaşaýyşlary hakynda soraşdyrdy. Gapdalda gyza gyzgyn söýgi bilen seredip duran Fauntleroý bolsa şatlygyndan ýaňaklary ýalyn çabyran ýaly gyzardy. Sebäbi gyz onuň dostlarynyň göwnüne juda ýarapdy.

— Bäý-bä-ä! — diýip, Dik soň dabaraly ýagdaýda süýndirdi. — Muň ýaly gözeli ömrümde görmändim. Ol… hakyt bir güljagazyň bar-da, başga sözüm ýok! Hanym Herbert deňlerinden geçende hemmeler gyzyň, onuň bilen birlikde körpeje lord Fauntleroýyňam yzyndan seredişip galýardylar. Gün gökden ýalbyrap seredýärdi, baýdaklar şadyýan pasyrdaşýardylar, seýilgähde tans edilip, her dürli oýunlar oýnalýardy, bulara seredip duran körpeje lord begenjinden ýyljyraklady. Dünýä oňa üýtgeşik owadan bolup göründi. Şol gün ýene bir adam bagtlydy, özüniň sarsmaz adyna-abraýyna garamazdan, ol garrynyň ýürekden şatlanýan wagty juda seýrekdi. Onuň ýüregine şatlygyň aralaşmagy soňky wagtlar onuň gowulyga üýtgeýänligindendir diýip ynanasym gelýär. Elbetde, ol Fauntleroýyň gowy diýip hasaplaýan adamyna birdenkä öwrülmedi, her näme diýseňem, ol kimdir birini gowy görüp bildi, söýgüden doly kireňsiz çaga ýüreginden maslahat berlensoň, eden birki sany ýagşy işlerinden lezzet aldy — şonuň özem az-küş däl ahyry. Gün geçdigisaýyn perzendiniň gelnine guwanç bilen seredýärdi. Gelni göwnüne ýarapdyr diýip gürrüň edýärdiler, bu hakykatdy. Onuň mylaýym sesini eşitmek, güler ýüzüni görmek garryny ganatlandyrýardy. Graf kürsüsinde oturan ýerinden gelniniň hereketlerini synlaýardy, onuň ogly bilen edýän gürrüňlerini diňleýärdi. Onuňky ýaly ýakymlydan saldamly sözleri diňlemäge ol endik edinmändi. Ony diňlän graf Nýu-Ýorkuň çola köçesinde ösüp-ulalyp, dükançy hemem köwüş tämizleýji bilen tirkeşip-dostlaşyp, göwnejaý terbiýe alan oglanyň näme üçin şeýledigine indi düşünip ugrady. Ykbalyň oýny bilen graflyk derejesiniň mirasdüşeri bolansoň we iňlis köşgüne ýerleşensoň, ol hiç kimiň ýüzüni gyzartjak däldi. Hakykatda, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýokdy. Oglanjygyň akýürekli, mylakatly adamyň elinde alan terbiýesi ynsan aladasyny etmek ýaly ýagşy niýetlerden gönezlik alypdy. Mümkin, bu uly bir zadam däldir, ýöne durmuşyň iň ýagşy tarapydyr. Onuň köşkler, graflar barada bilýän zady ýokdy. Her jüre kaşaňlygyň, owadanlygyň bardygyny ol gümanam edenokdy. Ýöne şeýle-de bolsa, bu sadaja, söýgüden püre-pür ýürejigi söýmäbilseň söýmed-ä. Şunuň ýaly kalbyň bolsa, özüňi patyşa bolup doguldym hasaplaý.

Graf Dorinkort körpeje lord Fauntleroýy guwanyplar synlaýardy — hanha, ol myhmanlar bilen seýilgähde aýlanyp ýör, tanyşlary bilen gümür-ýamyr edýär, salam beren kişä gadyr bilen baş egýär, ine-de öz amerikaly dostlaryny güýmeýär, ynha-da ejesiniň ýa-da hanym Herbertiň ýanynda durup, olary diňleýär. Ol Fauntleroý bilen tirkeşip, boldan bezelen saçagyň başynda oturan iň ketde kärendeçileriň çadyryna tarap ugranda, onuň hoşallygynyň çeni-çaky ýokdy. Kärendeçiler saglygyň şanyna bulgur göterýärdiler. Joşgun bilen grafyň şanyna içenlerinden soň, «körpeje lord Fauntleroýyň» hem hormatyna bulgurlar göterilýärdi. Birbada ýaş lorduň abraýyna gyýa garanlaryň ikirjiňlenmeleri, şol dem duman dagan ýaly boldy. Hemmeleriň şowhunly gygyryşyny, çapak çalşyny, bulgurlaryň jyňňyrdaýşyny diýsene! Bu adamlar ony şeýle bir gyzgyn ýürek bilen kabul etdiler welin, köşkden gelen abraýly hanymlardandyr jenaplardan utanmak-çekinmek ýaly zatlary ýatdan çykardylar. Şowhun-şagalaňyň sesi al-asmana galdy, fermer zenanlaryň biri graf bilen hanym Errolyň aralygynda duran oglana güler ýüz bilen seredişine gözýaşyny sylyp goýberdi-de, gapdalyndaky aýala:

— Eý Hudaý, biziň görmeklije oglanjygymyzy öz penaňda aman sakla! — diýip, biygtyýar dileg edenini bilmän galdy.

Körpeje lord Fauntleroý begenjine uçaýjak bolýardy.

Ol ýylgyrýardy, edep bilen baş egip salamlaşýardy we hoşallygyndan ýaňa bozaryp gyzarýardy.

— Diýmek, olar meni halapdyrlar-da, Mähribanym, şeýlemi? — diýip, ol sorady. — Şeýle gerek, Mähribanym? Men muňa şat!

Şol wagtam graf elini oglanjygyň egnine goýup, şeý diýdi:

— Olara mähribanlygy üçin minnetdarlygyňy bildir, Fauntleroý.

Fauntleroý ilki grafa, soňam ejesine seretdi.

— Beýtmek hökmanmy? — diýip, ol çekinibräk sorady.

Hanym Errolam, hanym Herbertem oňa ýylgyryp seretdiler-de, baş atdylar. Şondan soň ol öňe ädim ätdi, hemmäniň nazary oglana gönükdi — oglanjyk göze ýakymlyja hem güler ýüzlüdi, mähribandy. Ol özüniň çasly çaga sesi bilen:

— Men size örän minnetdar! Meniň… doglan günümde şatlanyp, göwünleriňizi açansyňyz diýip umyt edýän… sebäbi menem heziller etdim. Menem… graf boljagyma begenýän… Başda muny halamaryn öýdüpdim, ýöne häzir men örän hoşal. Bu ýeriniň tebigatyny hem haladym… töwerek şeýle owadan… Onsoňam, onsoňam… graf bolamsoň, menem atam ýaly akýürek, rehimdar bolmaga çalşaryn.

Berekellasyny ýetirýän gykylyklaryň we el çarpyşmalaryň astynda ol ýeňillik bilen dem alyp, yza tesdi-de, grafyň elinden tutup, onuň dyzyna söýendi. Hekaýamy şunuň bilen gutarmakçydym. Emma ýene bir zady aýtman geçmäýin diýdim. Jenap Hobbsy ýokary gatlagyň durmuşy şeýle bir özüne çekdi hemem ýaş şepesiniň ýanyndan gitmeli boljagyna gaty gynandy. Netijede, Nýu-Ýorkuň ümsüm köçesiniň ugrundaky dükanyny satyp, Angliýanyň Erlsboro obasyna göçüp bardy. Şol ýerden ýene, köne kesbini ýöredip, dükan açdy, oňa köşkden howandarlyk edilensoň, söwdasy şowlap gitdi. Graf bilen gaty bir ysnyşybermese-de, ynanaýyň, bu Hobbs diýilýän adam wagtyň geçmegi bilen aristokratlara, grafa garanda has ýakyn durup ugrady: her gün irden köşgüň täzelikleri bilen tanyşdy, Lordlaryň palatasynda bolup geçýän zatlary üns bilen yzarlady! On ýyl geçensoň, okuwyny tamamlan Dik Kaliforniýa doganyny görmäge gitmekçi boldy. Şonda ol dükançydan Amerika dolanmak isläňokmy diýip soranda, jenap Hobbs pikirlenip, başyny ýaýkady-da:

— Ýok, ol ýerde ýaşasym gelenok — diýip goýberdi. — Ýok, islämok… Oňa göz-gulak bolup ýanynda gezjek… Amerika — gowy ýurt, ol ýaşlar üçin, gujur-gaýraty dyňzap duran adamlar üçin.

Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle