Körpeje lord Fauntleroý (5 bölek)
Frensis Hodgson BERNETT
iňlis-amerikan ýazyjysy
Sekizinji bap.
FAUNTLEROÝ AT MÜNMÄNI ÖWRENÝÄR
Hyrsyz ýylgyryş soň-soňlaram graf Dorinkortyň ýüzünde kän gezekler peýda boldy. Ýöne agtygyny golaýdan tanadygysaýy, ol hyrsyzlyk aýrylma bilendi. Lord Fauntleroý peýda bolmazdan öň grafy garrylygyň, boýunagyrynyň hem ýekemenligiň gysyp-gowranyny-da boýun almak gerek. Keýpi-sapada geçen uzak ömrüniň soňunda gözüniň ody alnan hyzmatça, az-kem güýmenmek üçin, igenip-gyýgyňy pürküp, agyryly aýagyňy dyzeperiň üstüne taşlap, kaşaň öýde gugaryp oturmak oňa agyr degýärdi. Hyzmatkärleri ony ýek ýigrenýär, käte bir gara berýän myhmanlar hem özüni göresi gelip, gözi, gaşy çekip duranok — bu zatlary bilmez ýaly garry graf samsyk däl. Onuň hiç kimi gaýgyryp goýmaýan, ýylanyň zäheri ýaly awuly diline göhi tutup gelýänem bardy. Heniz saglygy, baldyrynda kuwwaty bar mahaly, göz üçin häli-şindi oňa-muňa çykan, aýlanan bolardy, ýöne hakykatda mundan hiç hili lezzet almazdy. Ýöne indi haýy gidip, waýy galansoň bar zatdan ellibizar geçip, boýunagyrysy, kitaplary, gazetleri bilen öz Dorinkortynda petiklenipdi. Ýöne mydama okap oturmagam irizýär ahyry, onsoň öz aýdyşy ýaly, ony «ýürekgysgynçlyk» heläk edip ugraýar. Uzakdan-uzak gijelerdir gündizler ony gam-gussa batyrýar, gaharjaňlygy, oňşuksyzlygy artýar. Ana, şol wagtam durmuşynda Fauntleroý peýda bolýar, ony gören badyna — körpäniň bagtyna — onuň ýaşyryn tekepbirligi kanagat tapýar. Sedrik göze ýakymlyja bolmadyk bolsady, artykmaç taraplaryny öwrenjegem bolup durman, garry ony dessine ýigrenerdi. «Sedrigiň görmekli syraty, dogumlylygy onuň damarlarynda Dorinkortlaryň ganynyň at salýandygy üçin» diýip, graf öz ýanyndan karara geldi, bu onuň maşgalasy üçin abraýdy. Biraz soňrak, oglany has golaý tanaberensoň, täze ýagdaýyna doly akyl ýetirerden heniz gögele-de bolsa, onuň göwne makul terbiýe alandygyna grafyň gözi ýetdi. Gün geçdigisaýy Sedrik onuň barha hoşuna geldi, göwnüni göterip, mahal-mahal güýmedi. Pukara Higginse kömek etmek mümkinçiligini çaganyň ygtyýaryna berip görmek garry grafy gyzykdyrdy. Görgüli Higginsiň ýagdaýy garry grafyň piňine-de däl, emma agtygynyň at-owazasynyň töwerege ýaýrajagy, iliň agzyna düşjegi ony guwandyrdy. Heniz çaga-da bolsa, Fauntleroý fermerleri aňk eder. Sedrik bilen kilisä barmak ýakymlydy, hemmeler tolgunyşyp, gyzyklanma bilen olara bakýardylar. Oglanyň görk-görmeginiň, berdaşlyja, syrdam göwresiniň, ýüzüne düşüp duran altynsow buýralarynyň gürrüňiniň ediljegini ol bilýärdi, onuň «dabanyndan depesine çenli hakyky lorddygyny» (graf muny iki aýal özara gürrüň eden wagty eşitdi) hiç kim inkär edip bilmez! Graf Dorinkort tekepbir adamdy, ol adyna, derejesine buýsanýardy, şonuň üçin Dorinkortlaryň öýünde ahyrsoňy, mynasyp mirasdüşeriň peýda bolandygyny äleme jar edesi gelip durdy. Sedrigiň ilkinji gezek ponä atlanan güni graf şeýle bir heýjana geldi, boýunagyrysy dagy ýadyndan çykdy gitdi. Hyzmatçy oglan athanadan owadan boýny ýaý ýaly egrelip gidýän, belent başyny saýlantgy tohuma mahsus merdemsi tutýan, gelşikli dor ponini alyp çykanda graf kitaphananyň açyk penjiresiniň öňüne geçip, çapyksuwarlyk boýunça ilkinji sapagyň geçişini synlamaga oturdy. Oglan gorkarmy-gorkmazmy şony bilesi gelýärdi. Poni kiçi däldi, ilkinji synanyşyklarynda çagalaryň, köplenç, batyrgaýlygyny elden berip, aljyraýyşlaryna graf telim gezek şaýat bolupdy. Fauntleroý eýere höwesek mündi. Owal ata çykyp görmänsoň onuň begenji içine syganokdy. Hyzmatçy Uilkins poniniň uýanyndan tutup, kitaphananyň penjiresiniň gabadyndan gaýta-gaýta geçdi. — Eger çynym, batyrja oglan — diýip, Uilkins athanada soň bir gün ernini gyşardyp gülümsiredi. — Ony ata çykarmak asyl kynam düşjek däl ýaly-la. Eýeriň üstünde dagy oturaýşyny diýsene! Öňler grafyň oturyşyndan kem däl! Oglanjyk ýene menden: «Uilkins, göni otyrynmaý? Sirkdäki jigitler eýeriň üstünde şeýle bir dogumly, göwresini dik tutup oturýalar welin!» diýip soranam bolýar. Menem: «Göni, göni, edil peýkam ýaly, milord!» diýip jogap berýän. Ol bolsa gülýär, çyny bilen begenýär hemem: «Onda gowy, göni oturmasam, hökman aýtgyn, Uilkins!» diýýär.
Emma ýöräp barýan poniniň üstünde ýöne dikje oturmagyň känbir gyzygy ýokdy. Biraz wagtdan Fauntleroý özlerini penjireden synlap oturan atasyna ýüzlendi: — Özüm synanyşyp görsem bolarmy? Biraz çalt gidäýeýindä? Bäşinji awenýudaky oglan atyny gorgunyna-da çapýardy, öňürdikledibem!
— Näme, gorgunyna-da, öňürdikledibem çapyp bilerin öýdýämiň? — diýip, graf sorady.
— Synanyşyp göresim gelýär — diýip, Fauntleroý jogap berdi. Onuň Alyhezretleri öz atyny çykaragada, üstüne böküp münen Uilkinse yşarat etdi. Ol Fauntleroýyň ponisiniň uzyn uýanyny öz elinde saklaýardy.
Graf:
— Indi bolsa, ýorgaladyp çapyp görsün — diýip tabşyrdy.
Körpe çapyksuwar üçin soňky birnäçe minut hasam tolgundyryjy boldy. Ol ýorgaladyp çapmagyň pyýada ýörän ýaly däldigine göz ýetirdi, poni tizligini artdyrdygysaýy, eýerde saklanmak kynlaşyp barýardy.
— Özä-ä-ä sil-lkeleýär bira-a-az. Sizi sil-lkelä-änokmy? — diýip, ol Uilkinse ýüzlendi.
— Ýok, milord — diýip, Uilkins jogap berdi. — Ýuwaş-ýuwaş öwrenişersiňiz. Üzeňňä daýanyp, çala ýeriňizden galyň. — Wah, ýerimden turýan-la — diýdi. Ol ebeteýsiz galyp-oturýardy, syrty garşy-garşy eýere urulýardy. Ýüzi dym-gyzyl bolup, has-has etse-de, bar güýji bilen synasyny dik saklamaga, asgynlamazlyga çalyşýardy. Grafa penjireden ähli zat görnüp durdy. Çapyksuwarlar pena bolan agaçlaryň aňyrsyndan çykyp, ýene penjiräniň gabadyna golaýlanlarynda graf papagy başyndan uçan, ýaňaklary nar ýaly gyzaran, dodaklary gaýym ýumlan Fauntleroýyň entegem ýanbererli däldigini gördi.
— Bir pursat aýak çek! — diýip, graf gygyrdy. — Hany papagyň?
Uilkins elini kellesindäki papagyň gaşyna ýetirdi.
— Uçup gitdi, siziň Alyhezretleriňiz — diýip, ol keýpikök jogap gaýtardy. — Düşüp, alaýyn diýsem, milord etmedi.
— Gorkak dälmi özi? — diýip, graf gurak sorady.
— Milordmy, heh? Ol gorkynyň nämedigini bilmese näme. Maňa bir topar ýaş hojaýyna at münmäni öwretmek miýesser edipdi, ýöne munuň ýaly eýere şypýapyş bolup ýatany heniz görmedim. Graf:
— Ýadadyňmy? Düşjekmi? — diýip, Fauntleroýdan sorady.
— Munuň ýaly gaty silkeleýändir öýtmändim. Ýadadym, ýöne düşesim-ä gelenok — diýip, Fauntleroý ýadanyny boýun aldy. — Biraz demimi dürsäýin, onsoň papagymy almaga gitjek.
Eger biri akyllysyrap, Fauntleroýa garry grafa nähili ýaranmalydygyny ýöriteläp öwredenem bolsa, ol mundan oňadyny oýlap tapmazdy. Güpürdikläp çapyp giden poniniň yzyndan garap galan grafyň reňki öçen ýüzi gyzylymtyl öwsüp gitdi, üstüne gaşlary abanyp duran gözlerinde indi özünden gutarnykly daşlaşandyr öýden begenji uçganaklady. At toýnaklarynyň daýyrdysynyň ýaňadan eşidilmegine sabryny ýitirip garaşdy. Ahyry az salymdan atlar yzyna dolandylar, indi olaryň ädim urşuna göz ilenokdy. Fauntleroýyň başy papaksyzdy — Uilkins ony elinde saklap gelýärdi; Fauntleroýyň ýaňaklary öňküdenem beter gyzarypdyr, saçy buýr-bulaşyk bolupdyr, ol ponisini öňürdikledip gelýärdi.
Atasynyň gabadyna gelende ol has-haslap:
— Ine, öňürdikletmänem öwrendim — diýdi. — Bäşinji awenýudaky oglanyňkyça bolmasa-da, garaz, öňürdikletmäni-hä başardym, üstesine, eýerde saklanybam bilýän! Ol Uilkins bilen ponä hasam höwrükdi. Ýaşyl bagýodalar bilen uly ýoluň ugrunda olaryň görünmeýän güni ýokdy, olar keýpiköklik bilen ýüzin salyp çapýardylar. Fermerleriň çagalary buýsançly dor ponini we onuň batyrgaýja çapyksuwaryny görmek üçin işiklerinden hasanaklaşyp çykýardylar, körpeje lord bolsa hasyr-husur başgabyny çykaryp, olara bulaýlaýşyna «Hello! Ertiriňiz haýyrly!» diýip gygyrýardy. Ýürekden çykýan salamynda özüniň ýokary gatlaga degişlidigini ýaňzydýan ýekeje düşnügem duýulmaýardy. Ol käte çagalar bilen ýöne gümür-ýamyr etmek üçinem aýak çekiberýädi. Bir sapar bolsa Fauntleroýyň oba mekdebiniň ýanynda saklanmagy haýyş edendigini, aýagy agsak oglanjyga öýüne bahymrak barary ýaly ponisini berendigini Uilkins köşge dolanyp gelenlerinde habar berdi. — Eger çynym — diýip, Uilkins atýatakda gürrüň berýärdi. — Walla çynym, gören-eşiden zadym däl! Maňa-da gyssanmazlygy sargaýar, oglanjyga atyň üstünde oturmak aňsat däl diýýär. «Uilkins, bu oglanjyk agsaýar, men bolsa sag, onsoňam men onuň bilen gürleşjek» diýýär maňa. Şeýdibem Hart diýen oglanjygy ponä münmäge yrdy, milordyň özi bolsa iki elini jübüsine sokup, sykylyklan bolup, birjik-de gypynç etmän gapdalyndan ýöräp barýar! Olaryň külbesine golaýladygam welin, oglanjygyň ejesi elem-tas bolup howla çykdy, aljyraýar, ol bolsa başgabyny çykaryp: «Ogluňyzy öýüňize getirdim, hanym, aýagy agyrýan eken, heý, şu hasa-da daýanyp bormy? Men atama aýdaryn, oňa pişek ýasasynlar diýip». Ejesiniň, walla çynym, geň galaýşyny diýsene, özümem tas ýarylypdym! Graf wakany eşidip, Uilkinsiň pikir edişiniň tersine, birjik-de gaharlanmady, gaýtam güldi, soň Fauntleroýy ýanyna çagyrdy-da, bolan zatlary başdan-aýak gürrüň bermegini sorady, soň ýene loh-loh güldi. Birnäçe günden Dorinkortyň paýtuny agsak oglanjygyň külbesiniň öňüne gelip daýandy. Paýtundan böküp düşen Fauntleroý egninde bir jüp berk, ýeňil, täze pişekleri tüpeň ýaly edip saklap durşuna, gapynyň agzyna bardy-da, olary hanym Hartla gowşurdy.
— Atam size salam aýtdy, şu pişekleri hem ogluňyza ugratdy, indi oňa ýöremek aňsat düşer diýip umyt edýäs.
Paýtundaky ýerine dolanyp gelen Fauntleroý grafa:
— Men siziň adyňyzdan olara salam aýtdym — diýdi. — Siz maňa beýle diýmändiňiz, ýöne men ýadyňyzdan çykaransyňyz öýtdüm. Şeýle dälmi ahyry? Graf ýene saklanyp bilmän güldi, ýöne garşy çykyp durmady. Sebäbi olar bir-birine ysnyşdygyça, lord Fauntleroýyň grafyň rehimdarlygyna we adamkärçiligine ynamy barha artýardy. Ol atasynyň çakdanaşa akýürek we sahy adamdygyna ýekeje pursat hem şübhelenmeýärdi. Eýsem näme, Sedrigiň bar islegi dessine hasyl bolýardy; onuň üstüne, şeýle bir sowgat bary dökülýärdi welin, käte halys aljyradyp barýardy.
Graf agtygynyň hiç zada zar bolmazlygyny, oňa doly erkinlik bermegi özüne borç edip goýan bolara çemeli. Hernäme diýseňem, munuň ýaly çemeleşme aglaba örän howply bolup çykýar, emma körpeje lord, geň galaýmaly, bu synaga gowy hötde geldi. Mümkin, Kort-Lojda ejesi bilen geçirýän sagatlary bolmadyk bolsady, onda häsiýetiniň gowudygyna garamazdan, ol läliksiräp, aýnasa-da aýnardy. Hanym Errol onuň her bir hereketine ünsli hem ýumşaklyk bilen gözegçilik edýärdi. Olar uzak wagtlap ikiçäk gürrüňleşip oturardylar-da, soň köşge gaýdyp gelende özi bilen ýeke bir ejesiniň mähirli apalamalary hakyndaky ýatlamalaryny däl, eýsem, sadaja, ak ýürekli maslahatlaryny hem getirerdi. Körpeje lordy diňe ýekeje zat geň galdyrardy. Onuň häli-şindi bu syryň ýumagyny çöşlemäge çyrpynyşyny hiç kim gümanam edenokdy; syry biljek bolup kelle döwmesini, hatda ejesi hem aňmady, graf-ha asylam uzak wagtlap hiç zat syzman gezdi.
Synçy oglanjyk ejesi bilen atasynyň nä sebäbe görä biri-biri bilen görüşmeýändigi barada pikirlenmän durup bilmeýardi. Elbetde, ol muny aňypdy. Dorinkortyň paýtuny her gezek Kort-Lojuň işiginde saklananda, graf ondan hijem düşmezdi; seýregem bolsa, graf kilisä baran gezeklerinde, oňa basgançaklarda ejesi bilen gepleşmäge ýa-da bile öýe gaýtmaga mümkinçilik berilýärdi. Ýöne her gezek hökmany suratda Kort-Loja köşgüň gülhanalarynda ýetişen güllerden we miwelerden ugradylardy. Hanym Errolyň ybadatdan soň öýüne ýeke gaýdan şol ilkinji ýekşenbesiniň yzysüre graf özüni Sedrigiň öňünde diýseň beýgelden bir gowy iş etdi. Bir hepdeden soň, Sedrik ejesiniňkä görme-görşe gitmek üçin daşaryk çykanda, işikde goşa at goşulan paýtuna däl-de, owadan dor baýtala tirkelen iki adamlyk araba gözi düşdi.
— Muny ejeňe öz adyňdan sowgat berersiň — diýip, graf gysgajyk düşündiriş berdi. — Ony pyýada ýöredip bolmaz ahyry. Oňa araba gerek. Arabakeş oňa sereder. Ýadyňda sakla, bu seniň sowgadyňdyr.
Fauntleroý şeýle bir tolgundy welin, diline ýeke sözem gelmedi. Kort-Loja gelýänçä, tas ýüregi agzyndan çykypdy. Hanym Errol bagda bägül ýygyp ýören eken. Ol arabadan towsup düşüşine, ejesine tarap ylgady.
— Mähribanym! — diýip, ol gygyrýardy. — Bilýäňmi näme? Bu araba seniňki! Ol muny öz adyňdan ejeňe sowgat berersiň diýdi! Sen islän ýeriňe gidip bileriň ýaly, bu araba seniňki!
Sedrik şeýle bir begenmek-begenýärdi welin, ejesi halys aljyrady. Ol özüni duşmany saýan adamyň sowgadyndan ýüz öwrüp, ogluny gynandyrmaga dözmedi. Ahyry hanym Errol elindäki güli-süli bilen araba mündi, Sedrik atasynyň sahylygynydyr akýürekliligini dynuwsyz magtap gidip oturyşyna, ony gezelenje çykardy. Ogly şeýle bir sadalyk bilen grafy öwýärdi welin, ejesi gülüp goýbermekden zordan saklanýardy — şonda ejesi jigerbendiniň egnini gujaklap, ogşaýardy, onuň dosty-ýary seýrek adamyň diňe gowy taraplaryny görýändigine öz ýanyndan begenýärdi.
Şol wakanyň ertesi Fauntleroý jenap Hobbsa hat ýazdy. Hat gaty uzyn boldy, garalamasy taýyn bolansoň, ol ony atasyna görkezmegi makul bildi:
— Sebäbi meniň dürsýazuwym gowşagrak. Ýalňyşymy barlap berseňiz, düzederdim.
Ynha, onuň hatynyň mazmuny:
«Hormotly mister hobbs men size atam barada gürrüň berjek, ol meň tanaýanlarymyň içinde iň gowy graf graflar zalym bolýa diýýärler ol-a ýalan eken atam asla zalym däl siz onuň bilen tanyşsaňyz hökman dosloşarsyňyz men şoňa ynanýan onuň boýun agyrysy bar gaty kösenýä ýöne ol şeýle çydamly meniň oňa söýgüm gün günden artýa sebäbi hemmä rehimli grafy nädip söýmejek haýp siz oň bilen gürleşip göröňzok onuň bilmeýän zady ýok islän sorogyňy beräý ýöne hijem beýsbol oýnap görmändir ol maňa telejkaly poni ejeme bolsa birenaýy araba sowgat etdi bu ýerde meň üç otogym birgiden oýunjagym bar seýilbaga siziň göwniňiz ýeter köşgem şeýle uly içinde ýitseň ýitäýmeli uilkins (bu meniň hyzmatçym) köşgüň aşagynda zyndan bar diýýä seýilbag şeýle owodan görseňiz haýran galardyňyz tokaýda äpet agaçlar sugunlar we towşanlar we aw guşy atam diýseň baý adam ýöne ol siziň pikir edişiňiz ýaly ulumsy ýa tekepbir däl men onuňkyda gowy ýaşaýan bu ýeriniň adamlary akýürek we mylakatly olar gabatlaşanlarynda papagyny çykarýalar aýallar bolsa eglibräk goýberýärler-de alla sizi penasynda saklasyn diýýäler men indi atda-da oturyp bilýän öňürdikledip gitsem ilkibada ýaman loňkuldadýardy bir adam kärende tölegini töläp bilmände atam oňa fermasyny saklap galmaga mümkinçilik berdi missis mellon bolsa onuň ýarawsyz çagalaryna miwe suwudyr beýleki zatlary eltip gaýtdy sizi göresim geldi onsoňam käşgä mähribanymam köşkde ýaşasady ony juda göresim gelmedik wagty men bagtly atamam gowy görýän ony hemmeler gowy görýär haýyş tizräk hatyň jogabyny ýazyň sizi gowy görýän dossuňyz Sedrik Errol sözsoňy. zyndanda hiç kim ýok atam o ýere hiç kimi gabanok sözsoňy. ol şeýle rehimli graf maňa sizi ýatladýar ol hemmäň söýýän adamsy».
— Sen ejeňi gaty göresiň gelýärmi? — diýip, haty okap bolan graf sorady.
Fauntleroý:
— Hawa, meň ony mydama göresim gelýär — diýdi.
Ol grafyň ýanyna bardy-da, elini onuň dyzyna goýup, ýüzüne seretdi. Soňam:
— Siziň ony göresiňiz gelenokmy? — diýip sorady.
— Men onuň bilen tanyş däl — diýip, graf kesgin gepledi.
— Bilýän — diýip, Fauntleroý jogap gaýtardy. — Şolam meni geň galdyrýar. Ol maňa sizden hiç zat sorama diýdi, menem… ýöne men beýtjek däl, ýöne käte men bu barada pikirlenmän bilmen-ä. Hiç zada düşünemok. Ýöne sizden sorajak däl. Ony göresim gelen wagty penjiräniň ýanyna barýan-da, her agşam ejemiň özüm üçin ýakýan, agaçlaryň arasyndan ýylpyldysy görünýän çyrajygyna seredýän. Ol daşda, ýöne howa garaňkyrap ugradygy, ejem ony penjiräniň tekjesinde goýýar, men onuň ýagtysyny görýän-de, maňa näme diýýänini bilýän.
— Hawa, ol näme diýýär? — diýip, graf sorady.
— Ol şeýle diýýär: «Gijäň rahat bolsun! Gije Hudaý seni öz penasynda saklasyn!» Bile ýaşaýarkak ejem maňa şeýle diýýärdi. Ol bu sözleri her agşam gaýtalardy, irden bolsa: «Güni bilen Hudaý seni öz penasynda saklasyn!» Görýäňizmi, men mydama goragly, gije-de, gündizem…
— Muňa şübhäm ýok — diýip, graf sowuk gepledi. Ol gaşlaryny çytdy-da, oglana üns bilen dowamly seretdi welin, Fauntleroý öz ýanyndan: «Nämäniň pikirini edýärkä?» diýip oýlandy.
Dokuzynjy bap.
HORAŞAJA KÜLBELER
Dogrulap aýtsaň, jenap graf Dorinkort bu günler, owal serine-de getirip görmedik, kän zatlaryň pikirini edýärdi, islese-islemese-de ähli oýlary agtygyna baryp direýärdi. Tekepbirlik grafyň ganyna siňen häsiýetdi, agtygam oňa hemme babatda ýaranjaňlyk edýärdi. Şol tekepbirlik oňa durmuşyň täze ýüzüni tanatmaga başlady. Agtygyny adamlara sessizje mazamlamak onuň hoşuna gidýärdi. Öz ogullaryndan-a eden tamasy çykmady, muny hemme bilýärdi; şol sebäplem täze lord Fauntleroýy ile çykaryp graf ýeňşini güjeňleýär diýseňem boljakdy, çünki täze lord Fauntleroý hiç kimi lapykeç etjek çaga däldi. Ol oglanyň öz erk-ygtyýaryna we görnükli ornuna baha bererini, beýlekileriňem muňa gadyr goýaryny isleýärdi. Ol geljek üçin meýilnama düzýärdi. Käte-käte kalbynyň çuňlugynda ömrüni mynasyp ýaşamandygyna we bu kireňsiz çaga ýüregi biläýse haýykjak işleri gaýranyna ökünjek bolýardy. Birden onuň atasyna bireýýämden bäri «zalym graf Dorinkort» diýip at goýanlaryny biläýse, Fauntleroýyň eýjejik güler ýüzüniň üýtgejegi hakynda pikirlenmegiň özem o diýen ýakymly däldi.
Şeýle oýlara gümra grafyň käte boýunagyrysy ýadyndan çykar giderdi, oňa seredýän lukman grafyň saglygyndaky öwrülişige geň galdy, onuň beýle netijä umydy az-azdy. Indi bikärligiň derdinden wagt geçirip bilmän, bar ünsüni agyrysyna, ýarawsyzlygyna jemläp oturmaýandygy üçin bolsa gerek, grafyň jany rahatlyk tapan bolmaly.
Ajaýyp günleriň biriniň säher çagy Fauntleroýyň Uilkins bilen däl-de, gaýry biri bilen atly gezelenje çykanlaryny görüp, köşkdäkiler aňňalyp galdylar. Oňa ýoldaş bolan kimdir öýdýäňiz? Owadan boz ata atlanan grafyň agynjak özi! Gezelenje çykmak Fauntleroýyň teklibidi. Ol ponisine atlanyp oturyşyna, gussa bilen atasyna şeý diýdi:
— Sizem ýanym bilen gidäýmeli ahyry, ýogsam her gezek giden köşkde ýekeje özüňizi galdyryp ugrasam, gynanýan. Arman, at münüp bileňzokd-a!
Birnäçe minutdan athana aryň öýjügine döndi — graf Selimi eýerlemegi buýurdy. Şondan soň Selimi her gün eýerläp ugradylar, indi ajaýyp boz at, oňa atlanan gelşikli, hyrsyz, bürgüt ýüzli çal saç atly, ýanynda bolsa dor ponili oglanjyk bilen hemmäň gözi öwrenişdi. Şol gezelençler mahalynda garry graf agtygyna hasam höwrükdi. Dura-bara agtygynyň «Mähribany» hemem onuň durmuşy barada kän zat bildi. Fauntleroý atasynyň ýanynda atyny gorgunyna sürüp barşyna, diliniň hezilini görýärdi. Munuň ýaly gezelençler üçin şundan laýyk ýoldaş tapdyrmaz — ol durky bilen bagtyýardy. Graf oglany sesini çykarman diňleýärdi, käte bir gözüniň gytagyny aýlap, onuň al öwüsýän joşgunly ýüzüne seredip goýberýärdi. Arasynda oglana öňürdikledip sürmegi teklip edýärdi, şonda ol eýerde gönüje, ynamlyja oturyp, aňyrlygyna çapyp giderdi, onuň yzyndan sereden grafyň gözleri buýsanç bilen ýaldyrardy. Fauntleroý gatydan gülüp, papagyny bulaýlap yzyna dolanyp gelýärdi. Atasy ikisiniň ajaýyp dostlardygyny ol bilýärdi.
Graf başga-da köp zatlar bilen birlikde, ýene bir zada göz ýetirdi: oglunyň aýaly gününi meslikde geçirmeýän eken. Obanyň ähli garamaýaklary ony tanaýan bolsa näme. Obada bir kişiniň başyna iş düşdügi, hanym Errolyň çaklaňja arabasy şol öýüň işiginde peýda bolýar eken.
Bir gezek Fauntleroý şeý diýdi:
— Adamlar Mähribanymy gördükleri: «Hudaý seni öz penasynda saklasyn!» diýýäler, çagalar bolsa begenişýäler. Ol ýanyna gelenlere tikinem öwredýä. Mähribanym indi özüni baý hasaplaýa, şonuň üçin garyplara kömek edesi gelýä.
Grafy bar zatdan beter öz mirasdüşeriniň ejesiniň mähribanlygy, hakyky hanymlara çalym edýänligi, hakyt gersoginýa meňzeşligi begendirdi, garyp bendeleriň ony gowy görmesine hem öz ýanyndan mes boldy. Ýöne, her näme-de bolsa, ejesini janyndan eý görýän oglanyň ýüreginde onuň uly orun eýelemegine öz ýanyndan bahyllandy. Şol ýeri garrynyň özi eýeläp, basdaşsyz bolasy gelipdi.
Şol gün irden ol baýryň gerşindäki wereskli meýdana ýetip, atynyň jylawyny çekdi, gamçysy bilen öňünde ýaýylyp ýatan ajaýyp görnüşi görkezdi-de, Fauntleroýdan:
— Şu giden meýdanyň eýesi men, bilýämiň şony? — diýip sorady.
— Dogrudanam? — diýip, Fauntleroý geň galdy. — Bir adam üçin şeýle köp! Owadandygyny!
— Wagty gelende, ol saňa degişli bolar, bilseň — bu meýdanam, beýleki birgiden zatlaram.
— Maňamy?! — diýip, haýran bolan Fauntleroý gygyrdy. — Haçan?
— Men ölemsoň — diýip, graf jogap berdi.
Fauntleroý:
— Soň ol maňa nämä gerek. Men siziň hemişe ýaşamagyňyzy isleýän — diýdi.
— Gowy dileg — diýip, graf gurak gepledi. — Barybir, wagty gelende, bu zatlar seňki bolar — mütdeti ýetende sen graf Dorinkort bolarsyň.
Körpeje lord Fauntleroý birsalym eýerde gymyldy-hereketsiz oturdy. Ol ýaýylyp ýatan meýdanlara, göm-gök öwsüp oturan fermalara, elesläp oturan jeňňeljiklere, olary etekläp oturan külbejiklere, owadan obajyklara we daragtlaryň aňyrsyndan howalanyp görünýän haýbatly köşgüň daşdan minaralaryna nazar aýlady. Birdenem uludan demini aldy.
— Nämäň pikirini etdiň? — diýip, graf sorady.
— Özümiň neneňsi kiçijikligim, Mähribanymyňam aýdan sözleri barada oýlandym — diýip, Fauntleroý jogap berdi.
— Hawa, ol onsoň näme diýdi? — diýip, graf gyzyklandy.
— Baý bolmak aňsat däl, mydama bol-telkilikde ýaşap ýören beýle baýlygyň hemmä nesip edip durmaýanyny käte ýadyndan çykaraýmagy mümkin. Barly adam özüni ätiýaçly alyp barmaly, şu aýdanlarymy unutmaly däl diýdi. Men siziň rehimdardygyňyzy aýtdym, olam muny oňlady, çünki ýer eýesiniň han özi, soltan özi, ol öz ýerinde ýaşaýan adamlaryň aladasyny etmän, diňe öz keýpine ýaşasa, olaryň ýagdaýy peseler — olaram gaty köplük ahyry, bu elhenç bolar.
Men bu öýlere seredip durşuma, graf bolsam olardaky adamlaryň halyny bilmeli diýip pikir etdim. A siz muny nädip anykladyňyz?
Bu sowala jogap bermek aňsat däldi, sebäbi graf Dorinkorty diňe bir zat gyzyklandyrýardy: onuň kärendeçileriniň rentany wagtly-wagtynda töleýäni-tölemeýäni; kimdir biriniň bergidar galanyny biläýse, şol wagtyň özünde ony ýerinden çykarardy.
— Maňa Newik aýdýar — diýip, graf eli bilen çal murtuny sypalap durşuna agtygyna müýnürgäp seretdi. — Öýe gaýtmaga çen boldy — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. — Mülkdar bolaňda, menden gowy boljak bol!
Yza gaýdyşyn graf ýolboýy dymyp gitdi. Ömürboýy hiç kimi hakyky söýgi bilen söýüp görmedik adamyň öz kiçijik agtygyna ysnyşmagy oňa akyla sygmajak zat bolup göründi. Aý, ýok, ikirjiňlenip oturasy iş ýok. Ilkibada ony Sedrigiň batyrjalygy bilen görmegeýligi begendirdi, oňa öz ýanyndan buýsandy, ýöne indi buýsançdanam başga, ýene bir duýgy peýda boldy. Oglany ýanynda saklamagyň, onuň sesini eşitmegiň ýakymlydygy barada pikir edende, käte öz-özi tutuksy ýylgyrardy, kalbynyň çuňlugynda agtygynyň özüni söýmegini we özi barada gowy pikirde bolmagyny islärdi.
— Men garry adam — diýip, öz-özi bilen gürleşerdi. — Başga nämäniň pikirini edeýin, ynha, gürrüň şunda.
Ýöne gürrüňiň munda däldigini ol bilýärdi. Hakykatyň gözüne seretmeli bolsa, agtygyndaky (özünde hiç mahal bolmadyk) häsiýetleriň: akýürekliligiň, wepalylygyň, mähribanlygyň, adamlar hakynda erbet pikir etmekden saklaýan näzik ynanjaňlygyň ony özüne dartýandygyny boýun almaly bolardy.
Şol gezelençden bir hepde geçensoň, ejesiniň ýanyndan dolanyp gelen Fauntleroý aladaly görnüşde kitaphana girdi. Ol köşge gelen ilkinji agşamy oturan beýik arkalykly kürsüsine geçip oturdy-da, nazaryny diwarpeçdäki körügsäp barýan otda egledi. Graf jyňkyny çykarman, garaşýan nazar bilen oglana seretdi. Sedrigi bir zatlar biynjalyk edýän bolmaly. Ahyry ol gabaklaryny galdyrdy-da:
— Newik kärendeçiler hakynda bar zady bilýärmi onsoň? — diýip sorady.
— Bu onuň borjy — diýip, garf talapkär äheňde aýtdy. — Näme, borjuny ýadyndan çykarypmy ýa?
Agtygynyň kärendeçiler bilen gyzyklanmagy, geňem bolsa, barha onuň göwnüni açyp, ýüregini ýumşadyp barýardy.
— Baryp görmeli bir ýer bar — Fauntleroý gorky çöken gözlerini giňden açyp, atasyna seretdi. — Mähribanymam gördi ony, diýýän ýerim obanyň o başynda. Gyslyşyp oturan öýler tozmanyň bäri ýanynda; dem alara howa ýok, adamlaram şeýle bir garypja, o ýerde ähli zat gözgyny! Olary häli-şindi ysytma heläk edýär, çagalar heläk bolýar; garyplykdan hem bagtygaralykdan ýaňa adamlaryň häsiýeti erbetlige üýtgäp gidipdir! Olaryň güni Maýkl bilen Brijitiňkidenem beter! Üçeklerinden ýagyn geçýär! Mähribanym bir görgüli aýalyň öýünde bolup gördi. Gelensoň ähli eşigini çalyşýança, meni golaýyna-da goýbermedi! Ol hem maňa gürrüň berýärdi, hem aglaýardy — gözýaşyny saklap bilmedi!
Fauntleroýyň öz gözüne-de ýaş indi, ýöne ol özüne zor salyp ýylgyrdy.
— Men oňa siziň bu zatlardan habarsyzdygyňyzy aýtdym, size aýdaryn diýip söz berdim.
Ol oturgyjyndan syrylyp ýere düşdi-de, grafyň oturan kürsüsine ýaplandy.
— Siz Higginse kömek edişiňiz ýaly, olara-da kömek edip bilerdiňiz. Siz hemişe hemmä kömek edýäňiz. Men Mähribanyma kömek etjegiňizi aýtdym, Newik size aýtmagy, megerem, ýadyndan çykaran bolsa gerek.
Graf dyzynyň üstünde ýatan eljagaza seretdi. Newik hiç zadam ýadyndan çykaranok; dogrusyny aýtsaň, Newik obanyň o başynda, Erlz-Kort diýilýän ýerde adamlaryň gedaýçylykda gün görýändigini ençeme gezek aýdypdy. Ol kärendeçileriň çagşan külbelerindenem, ideg görmedik aryklardanam, çyg çeken diwarlardanam, kül-uşak penjirelerdenem, ýagyn geçýän üçeklerdenem habarlydy, adamlaryň gedaýçylygy, ysytmadan kösenişleri oňa aýandy. Jenap Mordont bu görnüşleri oňa doly göz öňüne getirer derejede janygyp beýan edipdi, onuň Alyhezretleri hem, öz gezeginde, jogap hökmünde oňa «güýçlüje sözlerden» sugşurypdy. Boýun agyrysy janyna degen wagty bolsa, Erlz-Kortdäkileriň baryna gyrgyn degip, prihodyň hasabyna depin edilse, hemmä gowy boljagyny — ýogsam barysynyň bäri eňip durandygyny aýdyp gyjyrdardy! Emma indi dyzynyň üstündäki kiçijik eljagaza, soňam oglanjygyň gamgyn ýüzjagazyna seredip, utandy. Ol:
— Bäh! Näme, indi kärendeçilere nusgalyk jaý salyp beräýseň diýýäňmi maňa? — diýdi.
Şeý diýibem ol kiçijik eliň üstüni aýasy bilen ýapdy, hatda ony sypabam goýberdi.
— Ýöne o külbeleri hökman ýykaýmaly — diýip, Fauntleroý ynamly ýanjady. — Mähribanym şeý diýýä. Geliň… Geliň ertir şo taýa gideliň-de, ýykmaly diýip buýruk bereliň. Bizi görseler, bary begener! Olara kömek etmäge baranyňyza düşünerler!
Onuň al öwüsýän ýüzünde gözleri ýyldyz kimin şugla saçdy. Graf ýerinden turdy-da, elini oglanjygyň egnine goýdy.
— Ýör daşary çykyp, bassyrmanyň astynda gezelenç edeli — diýip, ol gysga gülküsi bilen teklip etdi. — Şol ýerde bar zady ölçerip-dökeris.
Olar öňki — açyk howaly agşamlardaky endiklerine görä, düşegi daşdan giň bassyrmanyň astynda gezelenç etmäge başladylar, graf soňam iki gezek ýylgyrdy, ol özüne ýakymsyz bolmadyk zadyň pikirini edýän bolarly, elini hemrasynyň egninden aýyrmady.
Onunjy bap.
GRAF BIYNJALYK BOLÝAR
Dogrusyny aýtsaň, hanym Errol wereskli ýalazy meýdan taýdan synlaňda, surat ýaly, şeýle owadan görünýän obajygyň pukara adamlarynyň öýlerine gatnap ugranda, ýüregiňi gyýym-gyýym edýän birentek zatlaryň üstünden bardy. Golaýyna barsaň, daşdan görnüşi ýaly beýle owadanam däl eken. O ýerde abadançylyk, zähmetsöýerlik görjekdi, emma muňa derek bikärligiň, gedaýçylygyň hem nadanlygyň weýrançylygyny gördi. Basym ol Erlsboro obasynyň töwerekde iň garyp oba hasaplanýandygyny bildi. Jenap Mordont oňa özleriniň san-sajaksyz kynçylyklary, şowsuzlyklary barada gürrüň berdi, köp zada bolsa hanym Errolyň hut özi şaýat boldy, gördi, bildi. Mülki dolandyrmaga saýlanyp-seçilýän adamlar grafyň göwnüni tapmagy başarsa bolanydy, olaram öz gezeginde görgüli kärendeçileriň bagtyna badak atylmagyna, tozup gitmegine sebäp bolardylar. Şeýdibem obada bar zat öz akymyna goýberilipdi, ýagdaý gün-günden ýaramazlaşypdy.
Erlz-Kort barada aýdylsa, bü-ýä tüýs masgaraçylykdy — ýegşerişip oturan jaýjagazlar, betbagt, keselbent, lapykeç adamlar. Ilkinji gezek bu külbeleri görende hanym Errolyň ini dyglap gitdi. Obanyň garyplygy, idegsizligi şäheriňkä garaňda, hasam gözgyny görünýärdi. Muňa indi alaç ýok ýaly bolup durdy. Ýeter-ýetmezçiligiň we gödek biparhlygyň içinde önüp-ösen, saçlaryna darak degmedik, kirlije çagalara garap durşuna, hanym Errol zer-zynata, bol-elinlige hem-de gözellige beslenen, şarňyldap duran ajaýyp köşkde ýaşaýan, şazada kimin goraglanyp-ezizlenýän, arzuw-islegleri şol dem hasyl bolýan ogly hakynda pikir etdi. Kellesine batyrgaý pikir geldi. Bagtyna, graf çaga höwrükdi, islendik haýyşyna ýok diýip bilmese gerek, bu — özüne-de, hemmä-de düşnükli hakykat.
— Graf onuň sözüne ýok diýmez — diýip, ol jenap Mordonta maslahat saldy. — Ol onuň islendik arzuwyny hasyl eder. Näme üçin şuny adamlaryň haýryna ulanmaly dälmişik? Men şu işiň ugruna çykjak.
Hanym Errol Sedrigiň çirksiz çaga ýüregine bil baglap boljagyna ynanýardy. Şunlukda-da, ol Erlz-Kortuň betbagtçylygy hakynda ogluna gürrüň berdi, çünki sözlerini atasyna ýetirjegini bilýärdi, munuň netije berjegine umyt baglaýardy. Illeri geň galdyryp, eden tamasy çykdy. Sedrigiň atasynyň dogry hem rehimdarlyk bilen hereket etjegine mizemez ynamy grafa baryndan beter täsir edipdi. Graf haka-nähaka seretmän, özüçe hereket etmek isleýändigine, sahawat eçilmek meýliniň ýokdugyna oglanyň düşünmegine ýol berip biljek däldi. Iliň özüne haýyr-sahawatçy, adamkärçilikli ynsan hökmünde garamagyna şeýle bir öwrenişmändir welin, agtygynyň söýgüden doly goýun gözlerine seredip: «Men gaharjaň hem diňe özüni bilýän deýýus. Ömrümboýy ýekeje-de ýüze tutarlyk akylly-başly eden işim ýok; Erlz-Kortdur onuň garyp adamlary meniň azaryma-da däl…» diýip, boýun almaga gaýraty çatjak däldi. Ol bu açyk sary saçlary çogdamlanyp duran oglana juda höwrügeni üçin wagtal-wagtal kimdir birine ýagşylyk etmäge-de taýýardy. Ol biraz ölçerip-dökenden soň, öz bolup ýörşüne gülküsi tutsa-da, Newigi ýanyna çagyryp, Erlz-Kortuň ilaty hakynda uzyndan-uzyn gürrüňleşip oturdy, netijede bolsa, çagşan külbeleri ýykmaly-da, ornuna täze öýleri salmaly diýen karara gelindi.
— Lord Fauntleroý aýak depip dur — diýip, graf guraksy gepläp sözüniň üstüni ýetirdi. — Bu mülküň bähbidine boljakmyş, kärendeçilere ýetiräýiň, bu onuň tapan pikiri.
Şeý diýdi-de, ol diwarpejiň öňündäki halyda gyşaryp, Dugal bilen oýnaşyp ýatan körpeje lorda gözüni aýlap goýberdi. Äpet köpek indi oglanyň ýanyndan aýrylanokdy. Fauntleroý bir ýere ugrasa, belent howala bilen onuň yzyna düşýärdi, atly gezelenje çykanda hem mertebesine laýyk loňkuldap gapdalyndan galmazdy.
Gelnen karar töwerekde hemmäň gulagyna ýetdi. Ilkibada ynanmajak boldular. Ýöne obada köne külbeleri ýykmaga girişen işçileriň topary peýda boldy welin, adamlar Fauntleroýyň özlerine ýene bir ýagşylyk edenine, onuň arkasyndan Erlz-Kortda gyşaryşyp oturan gözgyny külbeleriň ýom-ýok ediljegine düşünip ugradylar.
Oglan uly iliň diline düşenini, öwülýänini, ulalsa geljegine uly umyt bildirilýänini bilen bolsa, özem juda geň galardy. Ol sadaja, bagtyýar çaga durmuşy bilen ýaşaýardy — seýilgähde ikibaka at salardy, towşanlary kowalardy, agaçlaryň astynda otlukda ýa-da kitaphanadaky halyda togalanyp-agynap ýatardy, gyzykly kitaplary okardy, olar barada graf bilen pikir alşardy, mazmunyny ejesine gürrüň bererdi, Dik bilen jenap Hobbsa uzyndan-uzyn hat ýazardy, olaryňam hersi öz häsiýetine laýyk äheňde jogap ýazardylar, graf ýa-da Uilkins bilen atly aýlanardylar. Olar golaýdaky şäheriň içi bilen bazar meýdançasyndan geçenlerinde, oňa öwrülip seredişýärdiler, şonda salamlaşmak isläp, papagyny çykarýan adamlaryň ýüzi ýagtylan ýalydy, bularyň bary atasy bilen bile barýany üçin şeýledir öýdýärdi.
— Olar sizi şeýle gowy görýär — diýip, ol atasyna begençli ýylgyryp seretdi. — Sizi görmek olara ýakymly, üns berdiňizmi? Wagty gelende, menem şeýdip gowy görerler diýip umyt edýärin. Nähili ýakymly, dogry gerek?!
«Hemmäň ýüreginde ýer alan adamyň agtygy bolmak nähili gowy» diýip, ol öz ýanyndan monça boldy.
Fauntleroý täze jaýlaryň gurluşygy gidýärkä, graf bilen Erlz-Korta köp gatnadylar — gurluşyk ony juda özüne çekýärdi. Ol howlugyp, işçileriň ýanyna barýardy, basym ol hemme bilen tanşyp çykdy, diwary nähili galdyrýalar, kerpiji nähili örýäler soraşdyrýardy, olara Amerika barada gürrüň berýärdi. Ol iküç günden soň köşge gelende, kerpijiň nähili ýasalyşyny grafa düşündirip ugrady. Ol:
— Şunuň ýaly zatlar maňa juda gyzykly. Öňüňde näme garaşýanyny näbilýäň? — diýdi.
Işçiler bolsa onuň gürrüňini edýärdiler, gidenden soň, onuň sadalaç geplerine gülüşýärdiler, gepiň tümmek ýeri, oglan olaryň göwnüne ýarapdy — onuň iki elini jübüsine sokup, papagynam ýeňserägine süýşürip, öz aralarynda durşuna, janygyp bir zatlary gürrüň berşine seretmek işçileriň hoşuna gidýärdi.
— Oglanjygyň bar bol-a! — diýip, olar heziller edýärdiler. — Munuň ýalyny başga ýerden tapmarsyň! Ýüregindäki dilinde! Göwünjiginde zat ýok!
Işçiler öýlerine gelip oglanjyk barada aýallaryna aýdyp berýärdiler, olaram gezeginde — goňşularyna, şeýdibem uzak wagt geçmänkä, körpeje Fauntleroý hemmäniň diline düşdi. Adamlar onuň bilen bagly wakalary ýatlaşyp ugradylar. Şeýde-şeýde hemmeler «zalymyň» ahyry kim bilen jynynyň jyňkyryşanyny, kalbyny gobsundyryp, buza dönen ýüregini az-kem ýyladanyň kimdigini eşidişdiler. Emma welin munuň nä derejede dogrulygyny we grafyň özüne ynam bildiren ýeke-täk adama — oglanjyga günbe-günden öwrenişip barýanyny hiç kim gümanam etmeýärdi. Ol indi eýýäm Sedrigiň ulalyp, şol bir wagtda akgöwünliligini, dostlaşmak ukybyny ýitirmän, görmegeý, gujurly ýigit bolup ýetişerine garaşýardy. Graf onuň näme bilen meşgullanjagy, öz ukyplaryny nähili ulanjagy barada pikir edýärdi. Oglanyň eline kitabyň uly jildini alyp, halyda uzananyny görende, garrynyň gözlerinde şübheli ýylpyldy görnüp, ýaňaklary bolsa al öwsüp gidýärdi. «Oglan köp iş, örän kän iş bitirjeg-ow!» diýip, öz ýanyndan pikir öwrüp goýardy. Ol özüniň Sedrige bolan duýgusy barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmazdy. Gürrüň arasynda adyny agzaýsa-da, kinaýaly gülümsiräp oňardy. Emma atasynyň özüni gowy görýändigine Fauntleroý tizara düşündi, ýanynda bolsa — kitaphanadaky kürsüsiniň ýanynda dursa, stoluň başynda garşysynda otursa, atly aýlansa ýa-da agşamlaryna özi bilen daş düşelen eýwanda gezelenç etse gowy görýändigine göz ýetirdi.
Sedrik bir gezek halynyň üstünde ýatan ýerinde okap oturan kitabyndan kellesini galdyryp:
— Ýadyňyza düşýämi? — diýdi. — Birinji gezek görşemizde agşam aýdan sözlerim hakydaňyzdamy? Ikimizden gowy dost çykar diýipdim-ä? Biziňkiden gowy dostluk ýok bolaýmasa, şeýle gerek?
— Hawa, ikimiz, hakykatdanam, gowy dostlaşaýdyk öýdýän — diýip, graf ylalaşdy. — Hany, gel bärik.
Fauntleroý ýerinden turup, grafa golaý bardy.
— Göwnüň küýseýän zady barmydyr? — diýip, graf sorady. — Ýetmeýän zat barmy?
Oglan oýurganýan goýun gözlerini galdyryp, atasyna seretdi.
— Ýekeje zat ýetenok — diýip, ol jogap berdi.
— Nämekä? — diýip, graf sorady. Fauntleroý sähelçe sägindi. Ol bu soragyň beriljegini bilýärdi.
— Mähribanym — diýip, ol jogap gaýtardy.
Grafyň ýüzi bilner-bilinmez üýtgäp gitdi.
— Sen onuň bilen her gün diýen ýaly görşüp dursuň-a — diýip, ol garşy çykdy.— Ýetik dälmi şol?
— Ozal men ony hemişe görýädim — diýip, Fauntleroý ýüregini gowzadyp ugrady. — Ýatjak wagtym ol meň ýaňagymdan öpýärdi, her säher bolsa mydama ýanymda bolardy, onsoňam soňa goýup oturman, oňa hemmeje zady gürrüň berip bilýärdim.
Bir pursat graf bilen oglan bir-birine sessiz seredişdiler. Graf gaşlaryny çytdy.
— Ejeň hiç ýadyňdan çykanokmy seň?
— Ýok — diýip, Fauntleroý jogabyny nagt etdi. — Hiç haçan. Olam meni ýadyndan çykaranok. Sizden aýry ýaşamaly bolsa, sizem ýadymdan çykmazdyňyz. Gaýtam, siz hakynda beter köp oýlanardym.
— Walla çynym! — Graf onuň ýüzüne siňe seretdi. — Men saňa ynanýan!
Ýene öňki gezeklerdäki ýaly, Sedrik ejesi hakynda gürläp başladam welin, grafyň gabanjaňlyk damary dartylyberdi, özem owalkylaryndan has güýçlüräk, sebäbi oglana barha örklenip barýardy.
Ýöne welin, basym başga, has çynlakaýrak gam-gussalar ýüz berdi, olar şeýle bir çynlakaýdy welin, birbada oglunyň aýalyna bolan ýigrenjini tas unudypdy. Bu birden duýdansyz boldy. Erlz-Kortuň işleri tamamlanyberende, bir gezek agşam köşge myhman çagyryp, nahar berdiler. Dorinkortda köpden bäri munuň ýaly baýramçylyk guralmandy.
Şol agşamdan sähel öňräk ser Garri bilen grafyň süýtdeş aýal dogany Lorrideýl grafyňka gelip gitdiler. Bu waka obada uly gürrüň boldy. Hanym Dibbliň dükanjygyndaky jaňyň sesine dynuw bolmady. Hanym Lorrideýl durmuşa çykaly bäri köşge bary-ýogy ýekeje sapar gelipdi, oňa-da otuz bäş ýyl dagy bolupdy. Hanym Lorrideýl çalaran buýra saçly, alma ýaňagy al öwsüp duran, nurana ýüzli gartaşan hanymdy. Tapylgysyz ýüregi bardy, erkek doganynyň bolşuny hiç oňlanokdy. Tutanýerli, öz pikirini aýtmakdan çekinmeýän aýal erkek dogany bilen birnäçe gezek janygyp düşünişjek bolupdy, soňam netije bolmansoň, gatnaşygy kesipdi. Olaryň soňky duşuşygyndan bäri dogany barada oňly zat gulagyna ilmändi. Aýalyna esewan bolmanmyş, äsgermänmiş, olam ýogalypdyr diýip eşitdi. Ogullaryna seredişi sowuk-salamyş, gowşak häsiýetli, azgyn, betgelşik iki uly ogly oňa abraý getirmänmiş. Bewis bilen Moris diýilýän şol iki ogly ol asla görmändi. Ýöne bir gezek Lorrideýl-Parka on sekiz ýaşlaryndaky syratly-syrdam boýly bir ýigit geldi. Özüni ýegeniň Sedrik Errol diýip tanyşdyrdy, daýzasy Konstansiýany görmäge gelendigini, ol barada ejesiniň gürrüň berendigini aýtdy. Lorrideýliň näzik ýüregi ýigdekçäni görüp pagyş-para eredi, ony bir hepdeläp öýünde saklady, apalap-söýgüledi, ýanyndan ýeke pursadam aýrylasy gelmedi, boýuna-syratyna guwandy. Özi kiçigöwün, şadyýan, alçak bolansoň, oglan gaýtmakçy bolanda, ýygy-ýygydan görşüp durjakdyklaryna umyt baglaýandygyny aýtdy. Ýöne olar gaýdyp görüşmediler: grafyň ogluna gahary geldi-de, Lorrideýl-Parka gitmegi gadagan etdi. Emma welin, hanym Lorrideýl ony mydama mähir bilen ýatlady, oglanyň Amerikada howul-hara baglaşan nikasyndan ätiýaç edýänem bolsa, grafyň ondan ýüz öwrenini, nirede, nähili gün görüp ýörenini bilýän adamyň ýokdugyny eşidende gaty gahary geldi. Biraz soň bolsa onuň ýogalandygy, yzyndan Bewisiň atdan ýykylyp heläk bolandygy, Morisiň bolsa Rimde gyzzyrmadan ejir çekip dünýäsini täzeländigi, indem graf amerikaly agtygyny gözleýärmiş, Angliýa getirjekmiş diýen ýaly habarlar gulagyna degdi.
— Onam beýlekileri zaýalaýyşlary ýaly, zaýalajak bolýandyrlar — diýip, hanym Lorrideýl adamsynyň ýanynda hüňürdedi. — Ejesiniň häsiýeti gowudyr, oglunyň aladasyny edip bilýändir diýip umyt edýän…
Hanym Lorrideýl Sedrigi ejesinden aýra salandyklaryny eşidende, gaharyna aýdara söz tapmady.
— Ýok, bu utançdan hem masgaraçylykdan başga hiç zat däl! — diýip, ol janykdy. — Heý, körpänem bir ejesiniň elinden alyp, meň doganym ýaly bolgusyz adamyň eline bererlermi!? Dorinkort oňa ýa-ha gödek darar, ýa-da hetden aşyryp, başyna goýberer. Oňa hat ýazmalymy, nämemi…
— Ýok, Konstansiýa, gerek däl — diýip, ser Garri oňa jogap berdi.
— Menem şeýlemikä diýýärin — diýip, ol ylalaşdy. — Men doganymyň häsiýetine gaty belet, ýöne bu zatlar juda biderek…
Körpeje lord Fauntleroýyň gürrüňini diňe garamaýaklar edenok, ol hemmäň dilinde. Onuň gelşikli keşbi, mähriban häsiýeti, meşhurlygy we grafyň gyňyr häsiýetini barha ýumşadyp barşy hakynda il içinde gürrüň kändi. Ol gürrüňler ahyry ýerli mellek eýeleriniň hem-de Angliýanyň beýleki graflyklarynyň begzadalarynyň hem gulagyna ýetdi. Onuň gürrüňini oturylyşyklarda hem etdiler. Hanymlaryň onuň ýaş ejesine haýpy gelýärdi, ol aýdyşlary ýaly owadanmyka diýip biri-birinden soraýardylar. Grafa, onuň endiklerine belet erkekler bolsa, atasynyň akýürekliligine ynanýan oglanyň sadalygynyň üstünden gülýärdiler. Özi Eşeýn-Holly, Erlsboro gezmäge baran ser Tomas grafyň atda gezelenç edýän agtygyna gabat gelýär. Ol graf bilen salamlaşmak we saglygynyň dikelendigi bilen gutlamak üçin aýak çekýär.
Ol bu ýagdaý barada soňra şeýle gürrüň berýär:
— Garry graf buýsançdan ýaňa köýnegine-balagyna syganok, bu ýerde geň zat ýok! Onuň agtygy ýaly owadan, ýakymlyja oglany ömrümde gören däldirin, walla çynym! Buýtar-suýtarsyz gönümel, eýerde-de dikgeripjik oturyşy dagy üýtgeşik!
Şeýde-şeýde assa-ýuwaşdan oglanyň dabarasy hanym Lorrideýliň hem gulagyna ýetdi: Higgins, agsak oglanjyk, Erlz-Kortdaky külbeler baradaky we beýleki gürrüňleri eşitdi-de, Sedrigiň özüni görüp, tanşasy geldi. Ol muny nädip gurap borka diýip kelle döwmäge başlady, şol mahalam, geň-taň göräýmeli, garfyň özünden çakylyk geldi, adamsy bilen özüni Dorinkorta çagyrypdyrlar.
— Ynanar ýaly däl! — diýip, hanym Lorrideýl gygyryp goýberdi. — Eşidişime görä, oglan gudrat görkezýärmiş — indi ynanyp başladym. Doganym oglanjygy jany-teni bilen gowy görýärmiş, ýanyndan aýrasy gelenok diýýäler. Monça bolup, guwanýarmyş! Ony bize-de görkezesi gelýär öýdýän!
Hanym Lorrideýl bilen ser Garri Dorinkort köşgüne agşam düşüberende geldiler, gelişlerine-de öz otaglaryna galdylar. Eşigini çalşyran hanym Lorrideýl grafy myhman otagyndan tapdy. Uzyn boýly, epeý görünýän graf diwarpejiň ýanynda durdy, Wan Deýkiň suratlaryndaky ýaly, egnine ýakasy ak tornagyşly gara mahmal penjek geýen oglanjygam gapdalyndady. Göwresi altyn aşyk ýaly kiçijik oglanyň tegelejik gyrmyzy ýüzjagazy şeýle bir enaýyjady, onuň özüne dikilen owadan, dogruçyl goýun gözlerini görüp, hanym Lorrideýl tas begenjinden ýaňa gygyryp goýberipdi. Grafyň elini gysyp durşuna, çagalygyndan bäri etmedik işini edip, oňa adyny tutup ýüzlendi.
— Hawa, Molino — diýip, ol tolguna-tolguna gepledi. — Şol oglanmy şü?
— Hawa, Konstansiýa, şol şü. Fauntleroý, tanyş bol, bu doganoglan eneň — hanym Konstansiýa Lorrideýl.
Fauntleroý:
— Salam, ene! — diýdi.
Hanym Lorrideýl ony eginlerinden tutup, özüne çekdi-de, mähir bilen ogşady.
— Sen maňa Konstansiýa daýzam jan diýip ýüzlenäý. Kakaň pahyry gaty gowy görýädim, senem aýny şonuň özüne meňzäpjik dursuň-da.
Fauntleroý:
— Kakama meňzeýänime begenýän. Mähribanymy gowy görüşleri ýaly, ony hem hemmeler gowy görýärdi, hemmeje adamlar.., — diýdi, soňam biraz sakynybrak sözüniň üstüni ýetirdi. — Konstansiýa daýza.
Lorrideýl hanym gül-gül açyldy. Ol eglip, Fauntleroýy ýene bir gezek ogşady, şol pursatdan başlabam olar dost boldular.
— Onda näme, Molino — diýip, ol soňra pyşyrdap diýen ýaly grafa ýüzlendi. — Mundan gowyny diläbem alyp bilmersiň!
— Dogry aýdýaň — diýip, graf gurak sesi bilen ylalaşdy. — Ol ýakymlyja oglan. Biz onuň bilen çyn dost. Ol meni iň dözmezek we mylakatly haýyr-yhsançy hasaplaýar. Boýun alýan, Konstansiýa, seň özüňem entek göz ýetirersiň, men oňa iň soňky akmak kimin örklendim.
— Ejesiniň garaýşy nähili saňa? — diýip, hanym Lorrideýl hemişeki gönümelligi bilen sorady.
— Men ondan sorabam durmadym — diýip, graf gaşlaryny çytdy.
— Bilýäňmi, men seň bilen bassyr-ýussursyz gürleşjek, Molino, göni ýüzüňe diýýän: bolşuňa synym oturanok we ertiriň özünde hanym Errolyňka gitjek; muň üçin ýaňkalaşyp, gidişjek bolsaň meň bilen, gowusy, şu wagt aýdaýyn — diýip, hanym Lorrideýl çynlakaý sypata girdi. — Hanym Errol barada eşidenlerimden çen tutsam, oglan ejesine çekipdir. Hatda kärendeçileriňden iň gurpsuzlary-da ony juda gowy görýärler.
— Olar, honha, ony gowy görýärler — diýip, graf Fauntleroý tarapa eňegini kakyp goýberdi. — Hanym Errol barada diýsem, görýäň-ä, ol hiç neneň däl. Ogluny özüne meňzedeni üçin men oňa borçly. Gidesiň gelse, gidiber ýanyna. Maňa ol Kort-Lojda galsa, senem: «Onuňka bar» diýip aýak depip durmasaň bolany.
Ol ýene ýüzüni çytdy.
— Näme diýseňem, ony indi öňküsi ýaly ýigrenib-ä duranok — diýip, soňra hanym Lorrideýl Garriniň ýanynda içini dökdi. — Bu görnüp dur. Molino juda üýtgäpdir, bu akyla sygmajak zat ýaly görünýänem bolsa, Garri, ol adam bolup ugrapdyr — bularyň bary şol neresse çaga halys ysnyşanyndan. Oglanyň özem oňa höwrügipdir — onuň kürsüsine ýa dyzyna ýaplanypjyk durşundanam belli. Doganymyň ogullary gaplaňa ýaplananlaryny gowy gören bolaýmasalar!
Ertesi günüň özünde hanym Lorrideýl hanym Errolyňka görme-görşe ugrady. Yzyna dolanyp gelensoň, doganyna:
— Molino, şeýle üýtgeşik zenany ömrümde gören däldirin! Sesi dagy kümüş jaňjagazyňky ýaly! Oglanjyga şunuň ýaly terbiýe bereni üçin sen oňa minnetdar bolmaly. Oglana onuň diňe bir owadanlygy hem geçmändir! Ony köşge göçürmän, gaty ýalňyşýaň, saňa-da göz-gulak bolardy-da. Men ony Lorrideýle çagyraryn.
— Ol oglany alman gitmez — diýip, garf garşy çykdy.
— Onda özümiz bilen oglanjygam alaýarys — diýip, hanym Lorrideýl güldi.
Fauntleroýy özüniňkä goýbermejeklerini ol bilýärdi. Gün geldigiçe graf bilen oglanjygyň biri-birine örklenip barýany, tekepbir hem çytyk garrynyň ähli umytlarynyň hem şöhratparaz arzuwlarynyň özüne doly ynanýan agtygyna gönügeni äşgär bildirýärdi. Graf, hakyna seretseň, mirasdüşer agtygyny illere görkezesi gelip myhman çagyrýardy, adamlar onuň şeýle gowy agtygynyň bardygyny gözleri bilen görmelidi, görübem, aýdyşlaryndanam beter üýtgeşikdigini bilmelidi.
— Bewis bilen Moris onuň göwnüni gaty çökerdi — diýip, hanym Lorrideýl adamsyna gürrüň berdi. — Ony bilmeýän ýok. Graf olary göreninden görmänini gowy görýärdi. Indi onuň tekepbirligi kanagat tapar.
Myhmançylyga çagyrylanlarynyň hemmesiniň höwesi oglany görmekdi, ol myhmanlaryň ýanyna gelermikä — hemme üçin gyzyklydy.
Fauntleroý aýny wagtynda çykdy. Graf:
— Edep-terbiýelijedir. Hiç kime päsgel bermez — diýdi. — Çagalar adatça, ýa samsyjak, ýa-da içgysgynç bolagan, meň çagalarymda şol häsiýetleriň ikisem bardy, ýöne Fauntleroý soralmasa, geplänok, soralsa-da jogap bermäni başarýar. Ol ýüregedüşgünç däl.
Emma Fauntleroý uzak dymmaly bolmady. Oglanjyga her kimiň gep gatasy gelýärdi. Elbetde, ony diňläslerem gelýärdi. Hanymlar ony söýgüläp, sorag baryny ýagdyrýardylar, erkekler bolsa, gämidäki ýolagçylaryň bolşy ýaly, onuň bilen degişýärdiler.
Öz berýän jogaplaryna adamlar näme üçin gülüşýärler, Fauntleroý muňa gaty bir düşünibem baranokdy, gara çyny bilen aýdýan zatlarynyň, köplenç, adamlaryň gülküsini tutdurýandygy bilen ol eýýäm öwrenişip gidipdi. Agşam onuň göwnüne ýarady. Ajaýyp otaglarda çyraglar şugla saçýardy, ähli ýer güle çümüp otyrdy, erkekler şadyýandy, zenanlar bolsa özleriniň owadan köýneklerinde, ýyldyraşyp, göz gamaşdyrýan şaý-seplerinde üýtgeşik görünýärdiler. Myhmanlaryň arasynda, aýdyşlaryna görä, Londonda geçen «möwsümden» soň, birki günlükde dolanyp gelen ýaşajyk gyzam bardy. Başyny merdemsi tutýar, mymyjak saçly, garamyk gözli, bägüliň ýapragy deý näzik dodakly — şeýle bir gowuja, oglan ondan gözüni aýryp bilmeýärdi. Gyzyň egninde gursagy dür sapakly ajaýyp ak köýnegi bardy. Erkekleriň, şa gyzynyň töweregine egelenen ýaly, ony gallap duruşlary, göwnüni tapjak bolup elewreýişleri Fauntleroýy geň galdyrdy. Gyz ony şeýle bir gyzyklandyrdy welin, oňa golaý-golaý baranyny özem bilmän galdy. Ol ahyry Fauntleroýa tarap öwrüldi-de, oňa söz gatdy.
— Lord Fauntleroý, gel hany bärräk — diýip, ol ýylgyryp durşuna aýtdy. — Näme maňa beýle seredýäň.
— Içimden, owadan ekeniňiz diýip pikirlendim — diýip, ýaş lord jogap berdi. Gyzyň daşyndaky jenaplar gülüşdiler, gyzyň özüniňem ýaňaklary al öwüsdi.
— Wah-eý, Fauntleroý, göwnüňde näme bolsa, şu wagt derrewjik aýdyp gal, ýogsam ulalaňsoň diliň tutulan ýaly bolup durarsyň… — diýip, erkekleriň içinden biri hasam gaty güldi.
— Heý muny aýtmanam durup bormy? — diýip, Fauntleroý ýumşak gepledi. — Özüňiz geplemän durup bilermikäňiz? Näme, siziň pikiriňizçe, ol owadan dälmi eýsem?
— Bize içimizdäki pikirimizi daşymyza çykarmak bolanok — diýip, ýaňky geplän jogap berdi, gapdalyndakylar has beter gülüşdiler.
Emma hanym Wiwýen Herbert diýilýän bu ýaşajyk owadan gyz Sedrigi öz ýanyna çekdi, şonda ol öňküdenem owadanlaşan ýaly boldy.
— Lord Fauntleroý aýdasy gelen zady aýdyp biler, muň üçin men oňa minnetdar. Ol diňe pikir edýän zadyny dile getirýär.
Gyz onuň ýaňagyndan öpdi.
— Mähribanymy hasap etmäniňde, siz hemmeden owadanmykaňyz diýýän — diýip, Fauntleroý oňa täsin galyp seredip durşuna aýtdy. — Mähribanyma taý geljek ýok, elbetde. Ol dünýäde hemmeden owadanmyka diýýän.
— Munuň şeýledigine ýekeje-de şübhäm ýok — diýip, hanym Herbert ylalaşdy. Ol güldi-de, oglany ýene bir gezek öpdi.
Myhmançylyk agşamynyň tutuş dowamynda diýen ýaly gyz ony ýanyndan aýyrmady, onuň töweregindäkileriň barynyň keýpi kökdi. Sedrik nähili bolanyny özem bilmän galdy, tiz wagtdan ol gapdalyndakylara Amerika — respublikanlaryň gurultaýy, jenap Hobbs we Dik hakynda gürrüň bermäge başlady, sözüniň ahyrynda bolsa ol buýsanç bilen jübüsinden Dikiň hoşlaşanda beren gyzyl ýüpek ýaglygyny çykardy.
— Men ony bu gün jübime ýörite saldym. Öýe myhman geljegini bildim. Dike ýakymly boljagyny bilýän — diýip, ol gürrüň berdi.
Şeý diýdi-de, Fauntleroý elindäki ullakan ala-mula ýaglyga şeýle bir çyn söýgi bilen seretdi welin, hiç kimem gülmäge milt edip bilmedi.
Fauntleroý — Muny men gowy görýän — diýdi. — Sebäbi Dik meň dostum.
Fauntleroý bilen myhmanlaryň köpüsi gürrüňdeş boldy, emma ol, grafyň öňünden çaklaýşy ýaly, hiç kime päsgel bermedi. Oglanjyk beýlekileriň gürrüňlerini ümsüm oturyp diňlemäni başarýardy, şonuň üçin onuň hiç kime päsgelçiligi ýokdy. Käte bolsa atasynyň kürsüsiniň ýanyna baryp durardy ýa-da onuň gapdalyndaky dyzeperjikde oturardy-da, ýüzüne jiňkerilip onuň aýdýanlaryny ünsli diňlärdi, şonda myhmanlaryň ýüzünde ýeňiljek gülki oýnaklap giderdi. Grafa şeýle bir ýakyn durdy welin, tas ýaňagy onuň egnine degip diýen ýaly durdy, muňa töweregindäkileriň ýylgyrýanyna üns beren garrynyň özem ýeňiljek gülümsiredi. Ol myhmanlaryň näme pikir edenini bilip, içinden begendi — garaşylyşynyň tersine, köpçüligiň özi baradaky pikirine garamadyk oglanjyk bilen dostlugyny, goý, görsünler.
Jenap Hewişem gündiz geler öýdüp garaşdylar, ýöne geň görünse-de, Dorinkort köşgüne geleli bäri, onuň beýdip garaşdyran gezegi ýokdy. Ol myhmanlar ýerinden turup, naharhana gitmäge hyýallanan wagtlary peýda boldy. Grafa golaý baranda, ol oňa geň galyp seretdi. Jenap Hewişem bir zatlara darygan ýaly aladaly görünýärdi, onuň akylly hortap ýüzünde gan-pet ýokdy.
Ol pessaý ses bilen grafa ýüzlendi:
— Meni geň bir… ýagdaý bökdedi.
Onuň bolup durşy usully garry aklawça asla meňzeş däldi, onuň bir zatdan biynjalyk tapanyna şek-şübhe galmady. Nahar başynda ol hiç zat iýmedi diýen ýaly, habar gatylsa, uzaklarda bir ýerlerde gezip ýören pikirinden aýňalan ýaly, tisginip gidýärdi. Nahardan soň süýjülik paýlanýan pursady naharhanada peýda bolan Fauntleroýy görüp, ynjalygy gaçdy, oňa howsala bilen seretdi. Jenap Hewişemiň howsalaly nazaryny duýan Fauntleroý, düşünmän geň galdy. Jenap Hewişem ikisiniň arasy sazdy ahyry, her gabatlaşanda oňa ýylgyryp bakardy.
Ýöne bu agşam aklawçy oňa ýylgyryp bakmagy unutdy. Has dogrusy, şu wagt onuň kellesinde grafa aýtmaly habaryndan başga zat ýokdy, habar gündiziň güni ýyldyrym çakan ýaly, bar zady üýtgetjek derejede duýdansyzdy, ýakymsyzdy. Jenap Hewişem şarňyldap duran otaglara, bezemen adamlara göz aýlady. Olaryň aglabasy bu ýere grafyň kürsüsini alkymlap duran, saçlary tyllaýy öwüsýän oglanjygy görmäge gelipdiler. Tekepbir garry bilen ýylgyryp duran lord Fauntleroýa seredip durşuna, tejribesiniň ýetikdigine we berk häsiýetine garamazdan, özüni alaçsyz duýdy. Onuň paýyna düşen işiň agyrdygyny!
Jenap Hewişem tizräk nahar wagtynyň sowlaryna howlukdy, özem iňňäniň üstünde oturan ýalydy. Grafyň geň galyp, özüne gaýta-gaýta seredenini duýdy.
Nahar ahyry sowuldy, erkekler myhman otagyna hanymlaryň ýanyna çykdylar. Görseler, Fauntleroý öz owadanlygy bilen Londony aňk eden hanym Wiwýen Herbert bilen surat görüp otyr. Myhman otagynyň gapysy açylanda, ol gyza minnetdarlyk bildirýärdi.
— Maňa şeýle mähribanlygyňyz üçin size örän minnetdardyryn — diýip, Fauntleroý gyza ýüzlendi. — Men öň beýle myhmançylyklarda bolup görmändim, gaty gyzykly eken!
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA,
«Dünýä edebiýaty»