Körpeje lord Fauntleroý (4 bölek)
Frensis Hodgson BERNETT,
iňlis-amerikan ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
Altynjy bap
GRAF BILEN AGTYGY
Lord Fauntleroý ertesi irden oýandy (ol gije özüni düşege geçirenlerinem bilmändi), diwarpejiň içinde ýanýan odunyň şatyrdysy hem-de adaja sesler eşidilýärdi.
— Douson, diliňe gaýym bolaweri — diýip, kimdir biri maslahat berýärdi. — Ejesiniň aýry ýaşaýanynyň sebäbini ol bilýän däldir, bu hakda oňa aýtmagam bolanokdyr.
— Aý näme, hanym, milordyň özi şeý diýip tabşyran bolsa — diýip, başga bir ses oňa jogap berýärdi — onda etjek alajyň ýok. Ýöne öz aramyzyň gürrüňi bolsun, hanym, hyzmatkärem bolsak, beýlekem bolsak aýdaýaýyn, bu edişleri ýaman zabun bolýa. Görgülijigi şeýle ýaşajyk, şeýle owadanja halyna bagryndan önen balasyndan aýra salypdyrlar, oguljygyny diýsene, görmegeý hem dogabitdi edeplije! Düýn agşam, hanym, Jeýms bilen Tomas aşhanada: «Bu oglanjygyňky ýaly sypaýylygy ömrümizde gören däldiris» diýip gürrüň etdiler. Beýleki hyzmatkärleriňem aýdýany şol — şeýle ýakymlyja, mylakatlyja, salykatlyja, hakyt iň gowy dostlary bilen saçak başynda oturan mysaly. Häsiýetjigine bak-a, sap iňlisiňki, hatamy geçeweriň, hanym, käbirleriniň gylygy ýadyňa düşende gorkudan zähräň ýaryljak. Çyraýlyja meňziniň özi bir zada degýär-ä, hanym! Ony ýokarky gata çykarmak üçin Jeýms ikimizi çagyrdylar. Jeýms göterip barýarka ýüzjagazy çym gyzyl boldy, kellejigem Jeýmsiň egninde, saçlary şeýle bir ýylpyldaýar, buýra-buýra, galgapjyk dur, edil surat ýaly-da! Men saňa bir zat aýdaýyn: bu zatlara milordyň özem üns berdi, seredişinden aňdym. Jeýmse garap: «Oýadaýma birden!» diýip tabşyrdy.
Sedrik gozganjyrap, gözlerini açdy.
Otagda iki aýal durdy. Otagyň bezegi keýpiňi çaglaýardy, ýagtydy, gülli çit matalar bilen ýaraşykly bezeg berlendi. Diwarpeçde ot gübürdeýärdi, çyrmaşyga çolanan penjireden Gün şöhleleri jyklap oýnaýardylar. Aýallar oňa golaý bardylar: olaryň biri-hä missis Mellondy, beýlekisem orta ýaşly, ýüzi-gözi gülüp duran dolmuş aýaldy.
— Ertiriňiz haýyrly bolsun, milord — diýip, missis Mellon habar gatdy. — Rahat ýatdyňyzmy?
Sedrik gözlerini owkalap, ýylgyrdy-da:
— Ertiriňiz haýyrly. Bärde ekenim-ä, bilmändirinem — diýdi.
— Uklap galaňyzsoň sizi ýokary geçirdiler — diýip, öý hojalykçy aýal düşündirdi. — Bu siziň ýatalga otagyňyz, bu bolsa Douson, ol siziň hyzmatyňyzda bolar.
Fauntleroý dikeldi-de, grafa edişi ýaly, Dousona-da elini uzatdy.
— Salam, hanym. Kömekleşmäge geleniňiz üçin örän minnetdar.
— Adyny Douson diýip tutaýyň, milord — diýip, öý hojalykçy aýal ýylgyrdy. — Ol adynyň Douson diýip tutulmagyna öwrenişipdir.
— Miss Dousonmy ýa missis Douson? — diýip, lord Fauntleroý anyklap sorady.
— Ýöne Douson — diýip, Douson ýakymly ýylgyrdy. — Miss hem diýmäň, missis hem, Taňry sizi penasynda saklasyn! Hany, indi bolsa ýeriňizden turuň, Douson sizi geýindirsin, onsoň çagalaryň otagynda ertirlik edinersiňiz, bolýamy?
Lord Fauntleroý:
— Minnetdar, ýöne men indi esli wagt bäri özüm geýinýän-dä. Mähribanym öwretdi. Mähribanym — meniň ejem bolýar. Bize diňe Meri kömek edýärdi, kir ýuwýanam şol, ähli işi edýänem, oňa artykmaç ýük bolasym gelmedi. Suwa-da özüm düşüp bilýän, ýöne bir haýyşym, gulagyma seredip berseňiz bolany.
Douson bilen öý hojalykçy aýal biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
— Douson ähli diýeniňizi berjaý eder — diýip, missis Melon mälim etdi.
— Hemme diýeniňizi ederin, Taňry sizi penasynda saklasyn! — Douson ýylgyrjaklap onuň sözüni alyp göterdi. — Özüňiz geýinseňizem bolar, men ýöne ýanyňyzda duraýaryn, kömek zerur bolanda aýdaýyň.
— Sag boluň — diýip, Fauntleroý begendi. — Dogrymy aýtsam, käte ilik ildirmek kynrak düşýär, şonda başga birinden haýyş etmeli bolýan.
Douson oňa mylakatly aýal bolup göründi, Fauntleroý hammama girip-çykdy, geýindi, olar eýýäm dostlaşypdylar. Douson hakynda birgiden zat bildi. Görüp otursa, onuň adamsy esger eken hem ol uruşda wepat bolupdyr, soň ogly deňizçilige gulluga geçipdir, uzak ýüzüşlere gidipdir, garakçylar, adamhorlar, hytaýlylar, türkler bilenem ýüzbe-ýüz bolanmyş, öýlerine üýtgeşik şekilli balykgulaklary, merjen böleklerini hem getirenmiş, Douson olary häziriň özünde-de görkezip biljek, sandyjagynda saklaýan eken. Bularyň bary şeýle gyzykly! Ýene bir bilen zady, ol bütin ömrüne çagalara seredipdir, edil häzirem Angliýanyň başga bir künjegindäki tanymal maşgalanyň öýünden gelipdir, şol ýerde hanym Gwinet Woen diýilýän kiçijik, eýjejik gyzjagaza göz-gulak bolýan eken.
— Ol hojaýynyň tohum-tijinden — diýip, Douson habar berdi. — Siz onuň bilen tanşybam bilersiňiz.
— Çynyňyzmy? — diýip, Fauntleroý galkyjaklady. — Gow-a bolardy. Gyzlaryň içinde tanşym ýokdy, ýöne men olary synlamany gowy görýän.
Ertirlik edinmek üçin başga bir, aşa giňiş otaga geçen we Dousondan gapdalda onuň ygtyýaryna berlen ýene bir şunuň ýaly otagyň bardygyny eşiden Fauntleroý gaýtadan özüni kiçelen ýaly duýdy, gelşikli bezelen saçagyň başyna ertirlik edinmäge geçen oglanjyk Dousona bu hakynda ýaňzytman durup bilmedi.
— Munuň ýaly äpet köşkde ýaşardan we birgiden giň-giň otaglary eýelärden men heniz juda kiçijik — diýip, ol gussaly dillendi. — Siz şeýle pikir edeňzokmy?
— Asla — diýip, Douson garşy çykdy — öwrenişmäňizsoň şeýle bolup görünýändir. Bu ýagdaý basym geçip gider, bu taýy göwnüňize ýarar. Bu ýer owadan-a!
— Owadan bolşuna, owadan-la — diýip, Fauntleroý uludan demini alyp ylalaşdy. — Mähribanym ýanymda bolsady, bu ýer hasam owadan görünjek-dä. Onuň bilen irdenligine bile ertirlik edinýärdik, çaýyna gant goşup, gaýmak guýup, gyzdyrylan çörek alyp bererdim. Ýaman gyzykly bolýady!
— Zyýany ýok — diýip, Douson oňa göwünlik berdi. — Her gün görşüp durarsyňyz ahbetin. Baý, aýdara gürrüň bary tapylar-ow! Ynha, gidip ähli zady görersiňiz — itlerem, atýatagam, atlaram. O taýda bir taýçanak bar, göwnüňe juda ýarar…
— Çynyňyzmy? — diýip, Fauntleroý şadyýan gygyrdy. — Aty ýaman gowy görýän! Jimany hem gowy görýärdim. Mister Hobbsuň şonuň ýaly aty bardy, şonda haryt getirýärdi. Häsiýeti gyňyrrak diýmeseň, üýtgeşik at.
— Entek siz atýatakdakylary bir görüň — diýip, Douson hasam gyzykdyrdy. — Wiý, duruň, heniz goňşy otaga göz aýlamadyňyz-a!
— O ýerde näme bar? — diýip, Fauntleroý bilmäge gyssandy.
— Ilki naharlanyň, onsoň görersiňiz — diýip, Douson jogap berdi.
Bilesigelijilikden ýaňa böwregi böküp duran Sedrik owkadyny gyssanmaç iýmäge oturdy. Goňşy otagda juda gyzykly bir zat bar bolara çemeli — Dousonyň ýüzi diýseň çynlakaý hem syrly görünýärdi.
— Ynha! — diýip, ol az salymdan oturgyjyndan syrylyp düşdi. — Iýip boldum. Indi görsek bolar-a?
Douson baş atdy-da, öňküdenem beter wajyp hem syrly sypata girip, gapyny serpip goýberdi. Sedrigiň bilesigelijiligi aňrybaş hetde ýetdi.
Bosagadan ätläninden, ol sakga aýak çekdi-de, agzyny açyp töweregine äňetdi. Ýeke söz diýmän, iki elini jübüsine sokup, gulagynyň ujuna çen gyzaryşyna, çar ýanyna göz aýlaýardy.
Ol haýran galýardy we tolgunýardy. Tolgunmazçamy? Çala özboluşlylygy baram bolsa, bu otagam edil owalky otaglar ýaly giňdi, owadandy. Mebeli aşakky otaglaryňky ýaly gadymy, gabaraly däldi; diwary, düşegi, tutulary açyk reňklidi, tutuş diwaryň ýüzüni tutup duran tekjelere kitap köki düzülipdir, stollaryň üstüne bolsa oýunjak bary — özüne çekiji, ýeserje oýunjaklar münderlenipdir. Bular ýaly oýnawaçlary Nýu-Ýorkuň dükanlarynyň witrinalarynda görüpdi.
— Oglan çaga niýetlenen otag öýdýän — diýip, ol ahyry ýaýdanybrak dil ýardy. — Kimiň oýunjagy bular?
— Golaýrak gel-de, görüşdir — diýdi Douson. — Bular siziňki!
— Meňkimi?! — Sedrik gygyryp goýberdi.
— Meňki! O nähili? Kimiň sowgady?
Begenjine ylgap stoluň ýanyna bardy. Ol gözlerine ynanmady.
— Bu atamyň işidir! — Ol şatlygyndan gözlerini uçganakladyp gygyrdy. — Bilýän, atamdyr!
— Hawa, şonuň aladasy. Gussa batman, akyllyja, şadyýan hem parahat bolsaňyz, ol size göwnüňiziň küýsän zadyny sowgat eder!
Irden juda hezil boldy. Birgiden zady görüp, synlap çykmaly! Her gören täze zady Sedrigi şeýle bir özüne dartýardy, halys ýanyndan aýrylyp bilenokdy. Geň ýeri, bulaň bary onuň ýeke özüniňkimiş: ol heniz Nýu-Ýorkdaka bu ýere Londondan adamlar gelip, oňa otag taýynlapdyrlar, üýtgeşik, düregeý-düregeý oýunjaklary saýlap-seçip getiripdirler.
— Siz, heý, öňde-soňda şunuň ýaly gowy ata görüpmidiňiz, hä? — diýip, Fauntleroý Dousondan sorady.
Douson oňa geňirgenip seretdi. Ol jenabyny beýlebir hormata mynasyp adam hasaplamaýardy. Bu öýe golaýda gelenem bolsa, garry graf hakynda adamlaryň arasynda edilýän hyşy-wyşylaryň bir çeti onuň gulagyna-da degipdi.
— Her jüre öýüň hyzmatyny etsemem, her dürli gyňyr hem ynjyk häsiýetli gojalara duşsamam, şu wagta çenli munuň deý guduz açanyna duşmandym! — diýip, şilliň hyzmatçy ýüregini dökýärdi.
Aşhanada beýleki bir Tomas diýen hyzmatçy bolsa, grafyň, agtygy gelmänkä, öňünden mister Hewişeme eden sargytlaryny gürrüň beripdir. «Islän zadyny etmäge rugsat beriň, otagyny oýunjakdan gömüň, her ediň, hesip ediň, güýmäň — ejesi basym ýadyndan çykar gider. Gyzykdyryň, ünsüni sowuň, şeýtseňiz hemme zat oňuna bolar! Oglanlaryň gylygyna beled-ä siz!». Gowy atanyň biçen plany, ynha, şunuň ýalyrak eken. Emma grafyň tamasy çykmady: agtygy çakyndan başgaçarak eken.
Grafyň gije ukusy bozuldy, irdenem wagty bilen otagyndan çykmady, emma günortana golaý ertirligini iýip, oglanyň yzyndan adam ugratdy.
Fauntleroý garaşdyrman derrew geldi. Ol giň basgançaklardan towsaklap düşdi, holldanam ýelk ýasap geçdi-de, gapyny giňden açyp, otaga girdi. Ýaňaklary al öwsüp, gözleri ýyldyrap durdy. Ol:
— Çagyraryňyza garaşyp otyrdym. Hä-äliden bäri taýýardym. Sowgatlaryňyz üçin men sizden şeýle bir minnetdar! Şeýle bir minnetdar! Irdenden bäri şolar bilen oýnap oturyşym — diýdi.
— Hä-ä-ä — «Şeý diýsene» diýen manyda graf süýkdirdi — göwnüňe ýaradymy özi?
— Jud-a! Nähili ýaranyny, hatda düşündiribem biljek däl! — diýende Fauntleroý gül-gül açyldy. — Şo taýda bir oýun bar eken, beýsbola meňzeş, ýöne ol tagtanyň üstünde ak-gara tegek goýlup oýnalýar, hasaby bolsa kiçijik hasaplarda ýöredilýär. Dousona öwretjek boldum welin, birbada hiç düşünmedi, aýal adam-da, beýsbolam oýnap gören zady däl eken. Düşündirip bilmedik bolaýmasam. Ýöne siz bu oýny bilýäňiz gerek?
— Bilemok öýdýän — Graf ikirjiňlendi. — Amerikan oýny gerek? Krikete (Kriket — agaç bilen oýnalýan top oýny) meňzeşmi?
— Kriket oýnalyşyny hijem göremok — diýip, Fauntleroý boýun aldy. — Ýöne mister Hobbs meni birki gezek beýsbola-ha äkidipdi. Oýun diýip, şoňa diýäýseň! Köpçülik şeýle bir janköýerlik edýär! Oýny getirip, nähili oýnalyşyny görkezeýinmi size? Belki, gyzygarsyňyz, onsoň aýagyňyzyň agyrysam ýatdan çykyşar? Gaty agyrýarmy şu gün?
— Hawa, azary ýetik — diýip, graf gizlejegem bolmady.
— Onda, sizi oýun bilen güýmäp bolmaz — diýip, oglan kürtdürdi. — Belki, oýnamagyň geregem ýokdur… Özüňiz nähili pikir edýäňiz, ünsüňiz sowlarmyka, ýa sowulmazmyka?
— Bar, git-de, getir oýnuňy — diýip, graf ykjamlandy.
Özüne oýun oýnamany öwretjek diýen oglanjyk bilen sakyrdaşyp oturmak grafyň etjek işi däldi welin! Gepiň gysgasy, täze ýagdaý garryny gyzyklandyryp ugrady. Işe çyny bilen girişen Sedrik yzyna dolanyp gelende, grafyň dodaklarynda häkibir bilner-bilinmez ýylgyryş oýnaklady. Oglanyň elinde içi oýunly guty bardy. Ol:
— Stoljugy siziň kürsiňize golaý süýşürsem bolarmy? — diýip, rugsat sorady.
— Jaňy kak. Tomas süýşürer — diýip, graf maslahat berdi.
— Weý, ony özümem oňarýan-a — diýip, Fauntleroý garşy çykdy — o diýen agyr däl ahbetin.
— Bol onda — diýip, graf ylalaşdy. Sedrigiň zor berip haýdaýşyny synlap oturyşyna, garrynyň meňzinde ýeňiljek ýylgyryşyň peýda bolany göze ilip gitdi. Oglan stoljugy kürsiniň öňüne eltdi-de, oýny gutusyndan çykaryp, üstüne ýaýratdy.
— Ynha, häzirjik başlarys, özüňizem gaty gyzygarsyňyz — diýip, Fauntleroý dynman gürleýärdi. — Ynha, şu gara tegekler siziňki, aklary meňki. Bular oýunçylar: olar meýdany aýlanyp çyksalar, bu bir «aýlaw» bolýar, ynha, bu — «çyzykdan çykmak», oýundan daşyna çykmak, bu birinji «baza», bu bolsa ikinji we üçünji, ynha, bu bolsa «öý». Ol garaçyny bilen düşündirýärdi we oýunçylaryň hersiniň meýdanda näme edýänini görkezýärdi. Mister Hobbs bilen oýun görmäge giden güni, şol ýatdan çykmajak gün halys almasy kyn topy garşydaşlaryň nädip öz tarapyna geçirişlerini aýdyp berýärdi. Onuň gamak ýaly ýeňil gopýan göwrejigine, çalasynja hereketlerine, bigam şadyýanlygyna keýpine seredip oturybermelidi.
Oýnuň düzgünlerini düşündirmek birýanýüzli edilip, oýnap başlanlaryndan soň, grafam açylyşyp ugrady. Onuň oýunçy ýoldaşy başybitin oýna gyzyşdy — ol hezil edip oýnaýardy we «urup» bilen halaty joşup kikirdeýärdi. Ol garşydaşynyň üstünligine-de guwanyp, mes bolýardy, aýratynam, oýun «öýüň» töwereginde gidende göhi gelýärdi, garaz, onuň bilen keýpine oýnap oturybermelidi!
Mundan bir hepde öň grafa şu gün irden burma saçly oglanjyk bilen açyk reňk urlan tagtada ak-gara tegekli oýny oýnap, boýunagyryňam, keýpsizligiňem ýadyňdan çykararsyň diýen bolsalar, ol, gürrüňsiz, muny aýdan adamyň al-petinden alardy. Ýöne näme diýseňem, ol hut şeýle hem boldy, işik açylyp, Tomas onuň ýanyna adam gelendigini habar berende, graf juda geň galdy. Gelenem gara eşikli ýaşuly jenap — şol töweregiň ruhanysy eken. Myhman gözleriniň görýänine ynanman, Tomas bilen süsüşäýmekden ätiýaç edip yza tesdi.
Hormata mynasyp mister Mordonty, köşkdäki asylzada hojaýynynyňka barmaly möwrüti golaýlanda, gussa basmarlardy. Asylzada hojaýyny, adatça, saparyň ýekeje pursadynyň hem ruhana ýakymly täsir galdyrmazlygy üçin «elinde baryny ederdi». Grafyň ýek ýigreneni buthanadyr onuň guraýan haýyr-sahawat işleridi. Oňa degişli ýerde ýaşaýan fermerleriň biri dagy garyp düşüp, ýa ýaraman, kömege mätäç diýip eşidäýse, hum ýaly çişip, dergazap bolardy. Aýratynam, boýunagyrysy ýüregine düşüp ugranda, öz betbagtlyklaryndan zeýrenip aýdyp berýän hekaýatlary bilen biynjalyk etmezliklerini göni ýüzlerine diýmekdenem çekinmezdi. Agyrysy biraz aýrylyşan çagy bolsa, biraz ýumşaşyp, ruhana pul eçiläýmesem bardy, ýöne onam gödek sözlerden «çemen bogup», «sizi bu ýere ýaltalygyňyz bilen samsyklygyňyz getirýär» diýip, käýine-käýine, uly minnet bilen bererdi. Aý garaz, grafyň keýpi nähili bolanlygynda-da, barybir, her gezek şerebeli, göwne degiji sözlerini atman galmazdy. Şeýlelikde, hormata mynasyp mister Mordont, hristian halyna, eliniň tersi bilen haýsydyr bir agyr zady oňa tarap wazyrdadyp bilmeýändigine her gezek näler hyrçyny dişläp ahmyr ederdi. Mister Mordontyň Dorinkort töwereginiň ruhanysy bolan ýyllarynda grafyň öz meýline kimdir birine ýagşylyk edeni ýa-da özünden özge biriniň aladasyny edeni ýadyna düşmedi. Bu gün mister Mordont gaýragoýulmasyz bir iş barada graf bilen gepleşmäge gelipdi. Ol bagýoda bilen ýöräp gelşine, bu saparynyň aýratyn ýakymsyz boljakdygy barada pikirlenýärdi. Birinjiden-ä, ynha, indi näçe gündür, jenaby boýunagyrysy heläk edýärmiş, şol sebäpli ýüzünden boragan ýagýarmyş, munuň gürrüňi eýýäm tutuş oba ýaýrapdy: habary ýaşajyk hyzmatçy gyzlaryň biri aýal doganyna gürrüň beripdi. Aýal dogany bolsa ýöredýän dükanjygynda iňňe-sapakdyr, nabat satyp, öz halal çöregini gazanýardy, şeýle-de bu ýerde obaň soňky täzeliklerini eşidip bolýardy. Missis Dibbl köşkdir onuň ýaşaýjylary, fermalardyr olaryň adamlary, ondanam başga, oba we onuň ilaty hakynda hemme zady bilýärdi, onuň bilmeýän zatlary bolsa beýlekiler üçinem gyzyksyzdy. Oňa köşk hakynda ownuk-uşak zatlara çenli mälimdi, sebäbi gyz jigisi Jeýn Şorts köşkde otag hyzmatçysydy we Tomas bilen ýakyndan dostlugy bardy.
— Onuň merhemetlisi şeýle bir gaharlymyş, şeýle bir gygyny pürkýärmiş, mister Tomasyň özi Jeýne: «Adam ogly çydar ýaly däl» diýipdir. Üçülenji günmüş mister Tomasyň üstüne yzly-yzyna çörekli telpertabagy dazyrdadýamyş, entegem köşkde gowy häsiýetli adamlaryň barlygy saklaýarmyş, ýogsam dagy Tomas ol ýerde ýeke gün durjakmyşmy!
Ruhany ähli zatdan habarlydy — fermadakylar ýeke öýliniň horazy ýaly bolup oturan grafyň gepini etmäni gowy görýärdiler, ýanyna çaý içmäge sowlan päk ahlakly dindar zenanlar-da onuň gödek häsiýetiniň gürrüňini edip keýpden çykýardylar.
Ruhanynyň ynjalygyny gaçyran ikinji bir sebäp hasam ýakymsyzdy, ol şu golaýda ýüz berip, hemmäniň janygyp şagladýan gepbaşysyna öwrülipdi.
Ogly amerikaly gyza öýlenende garry aristokratyň arlap gazaba müneninden obada kimiň habary ýokdur öýdýäňiz? Onuň kapitana ýowuz daranyny, il-günüň göz-guwanjy, bu tanymal maşgalanyň tohum-tijinde ýeke-täk görmekli, derek boýly, şadyýan ýigidiň ýat ilde, ýat ýurtda ýetde-gütde gün görüp, dünýeden gaýdanyny bilmeýän barmy näme? Oglunyň görgüli ýaş gelnini ýek ýigrenýändigi, agtyjagynyň pikirini hem etmän, tä iki uly ogly yzynda mirasdüşer zürýat goýman ölüp gidýänçä, hatda ony görmekdenem ýüz öwrendigi ýalanmy eýsem? Agtygynyň geljegine ýekeje-de begenmedi ahyryn, gaýtam, suw görmän tamman çykardy — ynha görseň, damary amerikala çekendir, yzgytsyz nadandyr, gödekdir, adyma abraý getirmän, tersine, ýüzigara etmese-de biridir diýip nagra dartdy.
Graf howuňy basýan tekepbirligine bil baglap, içki pikirlerini hiç kim bilýän däldir öýtdi. Onuň ýüregindäki duýgularydyr howatyrlanmalaryny ýüzüne basmaga, iň bärkisi aňşyrjak bolmaga-da het edip bilmezler öýtdi. Emma hyzmatçylary ony gözden sypdyrmadylar, ýüzüniň her bir hereketini kitap deýin okadylar, barybam, adamlaryň arasynda onuň gussa batyp, soňam gahardan guduz açyşyny birin-birin gürrüň etdiler. Graf özi hakynda hiç kim hiç zat bilýän däldir öýderdi, Tomas bolsa onuň ýeňsesinden: «Graf menden syr saklap bilenok, kapitanyň dogmasyna gahar edip, ýarylaýjak bolýar, ýüňsakal eder öýdüp dowla düşýär. Oňa geregem şol! — diýip, Tomas sözüniň üstüni ýetirerdi. — Özi günäkär! Amerikada hor-homsy ösüp-ulalan oglanjykdan başga nämä garaşjak?».
Jaýyň işigine eltýän haý-haýly bagýoda bilen ädim urup barýan mister Mordont munça ätiýaç döreden oglanjygyň ýaňy-ýakynda köşge getirilendigi, megerem, grafyň çaklamasynyň tassyk bolandygy, eger görgülijik garry atasynyň tamasyny ödemedik bolsa, grafyň gaharly bolmagynyň ähtimaldygy we gözüne ilki görnene gygyny pürkmäge taýýardygy, şol ilkinjiniňem özüniň bolaýmagynyň ahmaldygy barada içinden pikir öwrüp barýardy. Tomas onuň öňünde kitaphananyň gapysyny giňden açanda, gulagyna ilen şadyýan çaga gülküsine mister Mordontyň niçiksi geň galandygyny özüňiz göz öňüne getirip görüberiň.
— Bu ikisi oýundan çykýar! — diýip, çaga sesinde baryny edip gygyrýardy. — Ikisi çykýar!
Mister Mordont kürsüde agyryly aýagyny sekijige goýup oturan grafa, onuň ýanynda duran oýunly stoljuga, şeýle-de, grafyň eline we sagdyn dyzyna ýaplanyp, ýüzi gyzaryp, gözleri ýanyp duran oglanjyga göz aýlady. Oglanjyk:
— Ikinji gezek çyzykdan çykdyňyz! Bu gezek siziňki şowlamady, hawa gerek? — diýýärdi.
Diňe şundan soň olar otaga kimdir biriniň girenini duýdular.
Graf adatdakysy ýaly pezzik gaşlaryny çytyp seretdi. Bolsa-da, endiginiň tersine gidip, geleni güler ýüz bilen garşylady. Megerem, gylyksyz häsiýeti, islese ýakymsyz adama öwrülip bilýändigi sähel salymlygam bolsa serinden uçan bolsa gerek.
— Hä-ä, asyl senmidiň — diýip, ol hemişekisi ýaly arasyny bölüp-bölüp gepledi. — Ertiriň haýyrly, Mordont — şeý diýdi-de, mylakatlylyk bilen ruhana elini uzatdy. — Görşüňiz ýaly, täze güýmenje tapandyryn men-ä.
Beýleki elini bolsa Sedrigiň egnine goýdy: megerem, kalbynyň çuňlugynda şunuň ýaly mirasdüşeri bilen tanyşdyrýany üçin kanagatlanma we buýsanç duýgusy yş beren bolsa gerek, oglanjygy usullyk bilen öňe itende gözlerinde begenjiň alamatlary uçganaklady. Ol:
— Bu täze lord Fauntleroý. Fauntleroý, tanyş bol, bu hem mister Mordont, oba ruhanysy — diýdi.
Fauntleroý pastoryň (Pastor — protestant ruhanysy (terj. bel.).) eşigindäki adama nazar aýlap goýberdi-de, elini uzatdy.
— Siziň bilen tanşanyma örän şat, ser — diýip, ol mister Hobbsyň täze müşderi gelende aýdýan sözlerini gaýtalady. Sedrik ruhanylar bilen aýratyn mylakatly bolmalydygyny gowy bilýärdi. Mister Mordont sähel pursat kiçijik eli aýasynda saklap durşuna, özi aňşyrmazdan, oglanyň ýüzüne ýylgyrmak bilen siňe seretdi. Sedrik oňa, edil beýlekilere ýaraýşy ýaly, derrew ýarady. Sedrigiň kaddy-kamatyndan hem eýjejikligindenem beter, ruhanyny onuň gepi-sözüniň halysallalygy hem-de päk ýürekliligi haýran galdyrdy. Oglana bakyp durşuna, grafyň ýanynda durany ruhanynyň tas ýadyndan çykan ekeni. Dünýäde arassa ýürege taý geljek zat barmy; ol ýürek kiçijik çaganyňky hem bolsa, onuň barlygy bu tutuksy otagyň howasyny täzeläp, ýagtyldan ýaly boldy. Ol:
— Siziň bilen tanyşmak maňa örän ýakymly, lord Fauntleroý. Bärik uzak ýol aşyp gelipsiňiz. Sag-aman geleniňizi eşidip, hemmeler begendi — diýdi.
— Hawa, ýol-a uzagrak eken — diýip, Fauntleroý ylalaşdy. — Ýöne ýanymda Mähribanym, ýagny ejem bolansoň, beýlebir ýüregim gysybam durmady. Ýanyňda ejeň barka heýem bir içiň gysarmy? Hawa, üstesine, gämi hem şeýle owadan eken!
— Oturyň, Mordont — diýip, graf teklip etdi.
Mister Mordont geçip ornaşyşyna nazaryny Fauntleroýdan grafa geçirdi.
— Siziň Alyhezretleriňizi tüýs ýürekden gutlasagam boljak — diýip, ol çyny bilen sözledi.
— Ol kakasyna meňzeýär. — Grafyň ýüzi ýene çytyldy. — Özüni has mynasyp alyp barmany başarar-da hernä.
Ara maý salman ýene sözüniň yzyny sugşurdy:
— Bu gün näme gep-gürrüň bilen bärik köwlendiňiz, Mordont? Ýene kime näme boldy?
Başy-ha erbet başlanmandy welin, her näme-de bolsa mister Mordont jogabyny biraz kürtdürip, onsoň berdi.
— Higginsiň — diýip, ol söze başlady — ana, şol aňrybaşky fermada ýaşan Higginsiň. Şonuň işleri ugruna däl. Geçen güýzde-hä özi dümewläp ýatdy, indem çagalaryna täjihoraz degipdir. Ony gaty gowy hojalykçy diýip öwübä biljek däl, ýöne, garaz, oňky ugruna bolmady-da, işi möhletinden gijä galýar. Kärende tölegi biraz bökdeljek. Newik: «Häzir töläbilmese, fermadan gidibersin» diýipdir, beýtse-de güni beter kynaljak. Aýalam ýarawsyz, özi agşam öýe geldi, siziň bilen görüşmäge ýalbaryplar ygtyýar soraýar — tölegiň möhletini biraz uzaltsaňyz diýýär. Biraz gyssamasaňyz, aýaga galaryn diýýär.
— Hemmesiniň aýdýany şol — graf ýüzüni kürşerdip, gaşyny çytdy. Fauntleroý bir ädim öňe süýşdi. Ol graf bilen myhmanyň aralygynda olaryň gürrüňini diňläp durdy. Onuň Higgins bilen gyzyklanasy geldi. Näçe çagasy barka, täjihorazy agyr geçirdilermikä? Ol gözlerini giňden açyp, mister Mordonta seredýärdi we her sözüni dykgat bilen gyzyklanyp diňleýänini gizlejegem bolanokdy.
— Higgins janypkeş adam — diýip, ruhany towakga edýäniniň arkasyny tutdy.
— Kärendeçi hökmünde-hä erbet — diýip, graf tersine gaňyrdy. — Newigiň aýdyşy boýunça, mydama yzda süýrenip ýörenmiş.
— Edil şu wagtky ýagdaýy çykgynsyz. — Ruhany başardygyndan grafy ýumşatmagyň ebeteýini gözledi. — Ol çagajyklarydyr aýalyny juda gowy görýär, häzir fermasy elinden alynsa, olar aç galar ahyry. Onsuzam olara bolmalysy ýaly ideg edip bilenokdy. Täjihorazdan soň iki çagasy hasam igledi, lukman olara üzüm şiresi bilen teýlije naharlary iýmegi maslahat beripdir, wah, onuň ýaly zatlary almaga Higginsiň ýagdaýy bolmasa näme.
Fauntleroý ýene bir ädim öňe süýşdi. Ol:
— Maýkl hem şeýle ýagdaýa düşüpdi-dä — diýip, saklanybilmän gürrüňe goşuldy. Graf tisginip gitdi.
— Seniň baryň ýadymdan hem çykypdyr! Aramyzda haýyr-nogsançynyň peýda bolanyny unudypdyryn. Maýkl diýeniň kim bolýa?
Onuň gözlerinde ýaňadan geň-enaýy janlanyş oýandy.
— Ol-a Brijitiň adamsy, oňa ysytma ýolukdy-da, ne jaý kireýni töläp bildi, ne iýim-içimdir üzüm şiresini satyn almaga ýagdaýy galdy. Siz bolsa maňa oňa kömek eder ýaly pul berdiňiz.
Grafyň gaşlary birtäsin çytyldy, şeýle-de bolsa ýüzi asla gaharly däldi.
— Mundan nädip mülkdar çykjak, bilmedim — diýişine ol mister Mordontyň ýüzüne seretdi. — Men Hewişeme oglanyň soran zadyny ber diýipdim, görýän welin, ol puly diňe ýoksullara paýlamak üçin sorapdyr öýdýän.
— Ýok, ýok, olar ýoksul däl — diýip, lord Fauntleroý kes-kelläm garşy çykdy. — Maýkl ussat kerpiç örüjidi! Olaryň hemmesiniňem eli işlidi.
— Hawa, hawa — diýip, graf gürrüňi alyp göterdi — olar asla-da gedaý däldi, ezber kerpiç örüji, aýakgap arassalaýjy we alma satygçydylar.
Ol birsalym sesini çykarman oglanjyga seredip durdy. Kellesine gelen pikir ýagşy niýetden döremedigem bolsa, o diýen erbedem däldi.
— Ýanyma gel — diýip, graf ahyry dil ýardy. Grafyň agyrýan aýagyna basaýmakdan ätiýaç edişine, Fauntleroý oňa golaýrak süýşdi.
— Şunuň ýaly bolanda özüň näderdiň? — diýip, graf oglanjyga sorag berdi.
Dogrusy, mister Mordont birbada üýtgeşik bir hala düşdi. Ol Dorinkortda eslije ýyl ýaşan döwründe bu ýere ýüz tutup gelýän adamlaryň aladasyny öz aladasy diýip düşünmäge endik edipdi; ruhany bu taýynyň kärendeçileriniň baýynam, garybynam, daýhanlaryň-a hemmesinem tanaýardy, haýsy dogruçyl, işeňňir, haýsysy ýalta, ýalançy — ählisini bäş barmagy ýaly bilýärdi. Grafyň gapdalynda gözlerini tegeläp, iki elini jübüsine sokup duran bu oglanjygyň geljekde ýagşylyga we ýamanlyga ýarajak çäksiz ygtyýarlyklara eýe boljagyna hem gözi ýetip durdy. Şeýle hem özdiýenli, gedem garrynyň ynjyklygynyň esasynda şol ygtyýarlyk edil häziriň özünde oglanjyga geçse geçibermelidi. Eger onuň kalby päk, rehimdar bolmanlygynda bu ýagdaý diňe bir özgeleriň däl, hatda özüniňem başyndan bela bolup injekdi.
— Hawa, şu ýagdaýda näderdiň? — diýip, graf sowalyny tekrarlady. Fauntleroý has golaýrak süýşdi-de, ynanjaňlyk bilen elini onuň dyzyna goýdy.
— Eger men biçak baý bolup, özümem beýle kiçijik bolmadyk bolsadym, onda oňa fermada galmaga rugsat ederdim we çagalaryna-da gerek-ýarak zatlaryny ugradardym. Arman, kiçi bolýan-da…
Ol sesini kesdi, ýöne sähel müddetden ýüzi ýagtylyp gitdi.
— Siziň eliňizden gelmeýän zat ýok ahyry, dogry dälmi? — diýip, ol sowally nazaryny grafa dikdi. Garry graf oglana gözüni aýlap:
— Hüm, sen şeýle hasap edýäňmi? — diýdi.
Megerem, sowal göwnüne ýaran bolarly.
— Siz islän kişiňize islän zadyňyzy berip bilýäňiz diýjek boldum — diýip, Fauntleroý sözüni aýdyňlaşdyrdy. — Bi, Newik diýýäniňiz kim bolmaly?
— Meniň iş dolandyryjym — diýip, graf jogap berdi — ýöne käbir kärendeçiler ony halanok.
— Siz häziriň özünde oňa hat ýazarsyňyz gerek? — Fauntleroý jogaba howlukdy. — Ýelek bilen syýa getireýinmi? Oýny stoldan aýraýaryn.
Newig babatynda zabun meýlini amala aşyrmaga grafyň ýol bermejegine ol birjikde şübhelenmeýän bolarly.
Graf oglanjykdan gözüni aýyrman, az-kem dymdy. Soňra:
— Sen ýazyp bilýäňmi? — diýip sorady. Sedrik:
— Hawa, ýöne onçakly gowy däl — diýdi.
— Bulary stoldan aýryşdyr-da, meň iş stolumdan syýa, ýelek hemem kagyz getir.
Mister Mordont bularyň gürrüňini barha gyzygyp diňlemäge durdy. Fauntleroý çakganlyk bilen grafyň aýdanlaryny berjaý etdi. Göz açyp-ýumasy salymda stoluň üstünde goçak syýadan, ýelek we bir tagta kagyz peýda boldy.
— Ynhajykka — diýip, ol şadyýan seslendi.
— Arkaýynja ýazyberiň.
— Özüň ýazmaly borsuň — grafyň sözi çürt-kesik çykdy.
— Menmi? — diýip, gulagynyň düýbüne çen gyzaran Fauntleroý gygyryp goýberdi. — Elimiň aşagynda sözlük durmasa, ýa biri kömek etmese men käte ýalňyş goýberýän-ä, onsoňam, meniň hatym ýetik bormyka?
— Aňryýany bilen ýetik — diýip, graf onuň sözüni şarta böldi. — Higgins ýalňyş üçin arz etmez. Haýyr-sahawatçy men däl-de, sen ahyry. Nämä otyrsyň, bol, başla-da!
Fauntleroý eline ýelegi aldy-da, syýa batyrdy, soňam jaýlaşykly oturyp, tirseklerini stola diredi. Aňsat iş däl, ýöne şonda-da gaty çynlakaý ýapyşdy. Biraz salymdan hat taýyn boldy. Fauntleroý çekinjeň ýylgyryş bilen haty grafa uzatdy.
— Şu ýazyşym bolar-a?
Graf hata göz aýlanda, erni çalaja tibirdäp gitdi.
— Hawa, Higgins aňryýany bilen hoşal bolar — diýip, ol jogap berdi. Şeý diýdi-de, haty mister Mordonta uzatdy. Hatda şeýle diýilýärdi:
«Hormotly mister Newik haýş edýän häzirlikçe mister Higinse azar bermäňde ony gününe goýyň şeýtseňiz sizden minnetdar bolordym hormotlamak bilen Fauntleroý».
— Mister Hobbs mydama şunuň ýaly edip gol goýardy — diýip, Fauntleroý düşündiriş berdi. — Onsoňam, meniň pikirimçe, «haýyşt edýän» diýsem gowy boljak. «Haýş edýän» diýip ýazyşym dogrumy?
— Sözlükde-hä başgaçarak ýazylýar — diýip, graf belledi.
— Şeýledirem öýtdüm! — diýip, Fauntleroý gygyryp goýberdi. — Sizden soraýmaly ekenim. Çylşyrymlyrak jümle bolsa, hemişe sözlüge seredip, barlamaly. Şeýtseň dogry. Gowusy haty gaýtadan göçüräýeýin-le.
Ol haty ýaňadan arassa kagyza göçürdi, ýazyp otyrka käbir kyn sözleriň ýazylyşyny grafdan anyklady.
— Dürs ýazuwyň kadalary birhili geň — diýip, ol belledi. — Köplenç, sözi aýdylyşy ýaly ýazanoklar. «Haýş» şunuň ýaly ýazylýandyr öýtsem, asla, beýle däl eken-ä. «Mähribanym» sözünem, bilmeseň, «mähriwanym» diýip ýazasyň gelip dur, şeýle gerek? Şu dürs ýazuw diýilýän zatdan ýaňa käwagt eliň işden sowaýar!
Mister Mordont bu ýerden gidende ýany bilen haty hem alyp gitdi. Hatdanam gaýry äkiden zady bar — owal-ahyr Dorinkort köşgünden äkidip görmedik umyt bilen minnetdarlyk duýgularyny hem äkitdi.
Fauntleroý ony ugradyp, atasynyň ýanyna gaýdyp geldi.
— Indi Mähribanymyň ýanyna gidäýsem bormyka? Ol maňa garaşýar — diýip sorady.
Graf biraz dymdy. Soňra:
— Ilki athana degip geç. Ol ýerde saňa niýetläp bir zatjyk goýduk. Jaňy kak — diýdi.
— Sag boluň — Fauntleroý bu sözleri salymyny bermän aýtdy-da, çalaja gyzardy. — Ygtyýar berseňiz, oňa ertir barsam näder. Mähribanym irden bäri garaşyp otyr-da.
— Aý bor-da — diýip, graf jogap berdi. — Men paýtuny atlara goşuň diýeýin. — Soňky aýdan sözleri gurak çykdy — Ponidir.
Fauntleroýyň begenjinden demi tutuldy.
— Poni! — diýip, ol gaýtalady. — Kimiňki olar?
— Seňki — diýip, graf jogap berdi.
— Meniňkimi? — diýip, oglanjyk gygyrdy. — Meniňkimi? Ýokarky oýunjaklar ýalyjamy?
— Hawa — diýip, graf tassyklady. — Göresiň gelýärmi? Häzir getiriň diýerin.
Fauntleroýyň bar reňki ýüzüne urdy.
— Ponili bolaryn öýdüp oýuma-da getirmändim! — Oglanjyk tolgundy. — Arzuwyny bir etdiňmi diýsene! Mähribanym guş bolup uçar! Siziň maňa sowgat etmeýän zadyňyz ýok!
— Göresiň gelýämi? — diýip, graf gaýtalady. Fauntleroý kükregini dolduryp dem aldy.
— Hawa, göresim gelýär — diýip, ol jogap berdi. — Neneňsi göresimiň gelýänini hiç aýdar-diýer ýaly däl. — Ýöne, ýetişmezmikäm diýýän…
— Ejeň ýanyna hökman şu gün gitmelimi? — diýip, graf sowal bermesini dowam etdi. — Soň gitseň bolmazmy?
— Ýok — diýdi Fauntleroý. — Ol ertirden bäri meniň pikirimi edýär, menem onuňkyny.
— Äh-hä, şeý diýsene. Onda näme, kak jaňy.
Belent başly daragtlaryň arasy bilen uzap gaýdýan bagýodada ýeňiljek tigirlenip gelýän paýtun göründi. Graf dymýardy, Fauntleroý bolsa eňegine jaň dakylan ýaly poniler hakynda şo-ol gürläp gidip otyrdy. Reňki nähili? Ulumy? Ady näme? Näme iýýär? Näçe ýaşynda? Olary görmek üçin ertir irräk tursam bolarmy?
— Mähribanym, baý, begener-ä! — diýip, dynman tekrarlaýardy. — Maňa edýän ýagşylyklaryňyz üçin ol sizden müň keren razy bolar! Meniň ponini gowy görýänimi ol bilýär-dä, ýöne öz ponimiz bolar öýdüp kellämize-de gelmändir. Bäşinji awenýuda ýaşaýan bir oglanyň ponisi bardy, her gün oňa münüp gezim ederdi, bizem daşary aýlanmaga çykamyzda olaryň deňinden geçen bolup, synlardyk.
Ol arkasyny ýassyga ýaplap, birnäçe minut dykgat bilen grafy synlady.
— Siz dünýäde iň päkýürek adam bolsaňyz gerek — diýip, ol ahyr ynam bilen aýtdy. — Siz ýagşylygy hemişe edýäňiz ahyry, hawa dälmi? Başgalaryňam pikirini edýäňiz. Mähribanym özüň hakynda däl-de, başgalaryň pikirini edýän bolsaň — hakyky ýagşylyk şol diýýär. Sizem şeýdýäňiz-dä, hawa gerek?
Onuň Alyhezretleri özüne aýdylan ýakymly sözleri eşidip, şeýle bir haýran galdy welin, hoş söz aýtmaga-da ýagdaýy bolman, dili tutuldy. Pikirini bir ýere jemlemese boljak däldi. Ony iň haýran galdyran zat, ynanjaň çaga onuň gelşiksiz hereketlerini diňe gowulyga we rehimdarlyga ýorýardy. Fauntleroý bolsa oňa giňden açylan, hilesiz, bigünä gözlerini dikip, şol gepläp gidip oturyşydy.
— Siz, gör, näçe adamy bagtly etdiňiz, Maýkl bilen Brijiti hem olaryň çagalaryny, alma satygçyny, Dikdir mister Hobbsy, onsoň ýene mister we missis Higginsleri hem olaryň çagajyklaryny, mister Mordonty hem, onuň begenäýşini diýsene, Mähribanym bilen menem bar şolaryň içinde… Maňa poni hem-de başga-da birgiden zatlary sowgat etdiňiz-ä! Barmaklam bilenem, kellämde-de sanap gördüm, jemi ýigrimi ýedi adam boldy! Gördüňizmi näçe adamy bagtly etdiňiz! Şeýle bir kän — ýigrimi ýedi adam!
— Seniň pikiriňçe, olary bagtly eden men bolýan-da? — diýip, graf sowal berdi.
— Hawa siz etdiňiz — diýip, Fauntleroý tassyklady. — Hemmesine bagt paýladyňyz. Bilýäňizmi — diýip, ol ýaýdanjaňlyk bilen dowam etdi — graflary tanamaýan adamlar käte ýalňyşaýýaram. Ynha, mysal üçin, mister Hobbsam nädogry pikir edipdir. Men bu hakynda oňa ýazaryn.
— Bäh, mister Hobbs näme pikir edýän eken graflar hakynda? — diýip, garry aristokrat gyzyklandy.
— Dogrusy — diýip, grafyň ýaş gürrüňdeşi jogap bermäge durdy — ol ýekeje grafy-da öz gözi bilen görmändir, olar hakynda diňe kitapdan okapdyr. Siz göwnüňize almaň ýöne! Ol graflaryň bary zalym bolýar, olaryň hiç birini dükanymyň golaýyna-da goýbermen diýýär. Eger siziň bilen tanyşdyraýsam, anyk, pikirini üýtgetjegini bilýän-dä. Men oňa siz hakynda ýazaryn.
— Näme diýip ýazjak sen oňa?
— Siziň ýaly sahy adamy ömrümde görmändigimi ýazjak. Başgalar hakynda pikir edip, olaryň bagty ugrunda alada edýändigiňizi görkezjek, onsoňam… onsoňam ulalamda edil siziň ýaly boljakdygymy aýtjak — diýip, Fauntleroý göçgünli gepledi.
— Men ýalymy! — diýip, graf özüne bakyp duran naşyja ýüze seredip gaýtalady. Onuň ýygyrt atan ýaňaklary doýgun reňke boýaldy — nazaryny gapdala sowup, paýtunyň penjiresinden görünýän äpet buklary (Buk — çalymtyl gabykly uly, berk agaç (terj. bel.).) , Gün şöhlesine ýylpyldaşýan gyzylymtyl-goňur ýapraklary synlamaga durdy.
— Hawa, siz ýaly — diýip, Fauntleroý gaýtalady, soňam çekinjeňlik bilen: — başarybilsem, elbetde — diýip, sözüniň üstüne goşdy. — Belki, meniň sizçe ýok bolmagym hem ahmal, ýöne barybir, meňzejek bolup jan çekerin.
Paýtun ýaýbaň şahaly ajaýyp daragtlaryň saýasynyň astynda dabaraly bagýoda bilen, bir görseň-ä goýy ýaşyl kölegäniň, bir görseňem Gün şöhlesiniň ýagty besseleriniň içinden geçip, ýeňiljek tigirlenip barýardy. Fauntleroý ýene-de şemala çalaja baş atýan syrdam paporotnikli we jümjümeli öleňlikleri gördi. Geňirgenýän gözlerini giňden açyp paýtunyň yzyndan seredişlerine, otlugyň içinde dik duran ýa-da çöke düşüp oturan sugunlar diýjekmi, bagýodadan daşlaşanyny kem görmän, hasanaklap barýan towşanlar diýjekmi — bary deňinden birsydyrgyn akym bilen geçip barýardy. Ol käkilikleriň güsürdäp uçuşyny, guşlaryň alagowur bolup saýraýşyny eşitdi, bularyň hemmesi oňa öňkülerden ajaýyplaşan ýaly bolup göründi. Töwereginiň gözelligi ýüregine şatlyk bilen bagtyýarlyk bolup doldy. Bu zatlary penjireden garry grafam synlap otyrdy, ýöne onuň görşi başgaçarakdy. Onuň gözüniň alnyndan arassa pikirlere, rehimdarlyga orun tapylmadyk uzakdan-uzak ömri geçip barýardy: tirkeş gurap geçen aý-ýyllarda ýap-ýaş, barjamly, güýç-kuwwaty dyňzap duran adam öz juwanlygyny, saglygyny, baýlygyny we erk-ygtyýaryny ynjyk isleglerini kanagatlandyrmanyň hatyrasyna bihuda wagt geçirmelere sarp edipdi. Ol bu elpe-şelpeligiň içinde ýaşanam bolsa, ýekemen, dosty-ýarsyz galan ýaş ýigidi indi — heňňam geçip, garrylyga ýetensoň görýärdi. Özüni halamaýan, özünden gorkýan, öňünde ýaýaplaýan adamlar göz öňüne gelip geçdi, ýöne şahsy bähbidi ýa-da ýitirjek zady bolmasa, onuň öli-diriligi bilen gyzyklanjak ýekeje adamy-da görmedi. Ol özüniň ýaýylyp ýatan ümmülmez mülküne nazar aýlap, Fauntleroýyň göwnüne-de getirmedik zady barada pikir etdi: bu birgiden garyp-gasarlaryň ýa-da gurply adamlaryň arasynda onuň mal-mülküne, hökmürowanlygyna we meşhur adyna bahyllyk etmedik, oňa «rehimli» diýmäge dili barjak ýa-da şujagaz sadaýürek oglanjygyň atasyna meňzemegini islejek ýekeje kişiniň hem ýokdugy oňa aňryýany bilen mälimdi.
Bu hakynda pikir etmek, hatda ýetmiş ýyllap diňe özüni bilip ýaşan, diňe öz rahatlygynyň bolaryny hem-de islegleriniň berjaý edilerini isläp, adamlaryň özi hakynda näme pikir edýänine hiç mahal pitiwa etmedik bihaýa üçinem o diýen ýakymly däldi. Ýeri gelende aýtsaň, öňler munuň ýaly pikir bilen ölse-de ylalaşmazdy, häzir oýa batanynyň hem sebäbi, çaga özi hakda gowy pikirdedi, onuň göreldesine eýermek isleýärdi, muňa nädip mynasyp bolduka. Fauntleroý grafyň ýene aýak agyrysy gozgandyr öýtdi, sebäbi ol gaşlaryny çytyp, penjirä seredip otyrdy. Şol sebäpli ony mümkingadar biynjalyk etmejek bolup, daragtlary, paporotnikleri we sugunlary heziller edip synlamaga durdy.
Paýtun ahyrsoňy seýilbagyň derwezesinden çykdy, agaçlygy saýalap ýene bir salym tigirlendi-de, Kort-Lojuň işiginde saklandy. Hyzmatçy paýtunyň gapysyny giňden açmagyna mähetdel, Fauntleroý böküp ýere düşdi.
Graf tisginip gitdi-de, pikirlerinden aýňaldy.
— Näme? Eýýäm geläýdikmi?
— Hawa — diýip, Fauntleroý jogap berdi. — Ynha, siziň hasaňyz. Çykjak bolaňyzda maňa söýenäýiň.
Graf:
— Men düşüp oturjak däl — diýip goýberdi.
— O nähili? Mähribanymy görjegem dälmisiňiz? — diýip, Fauntleroý geň-taň galdy.
— Mähribanyň gaty görmesin — grafyň sesi gurak çykdy. — Bar-da, meni poni bilenem saklap bilmediler diý.
Fauntleroý:
— Ol gaty gynanar — diýdi, onuň sizi göresi gelýär ahyry.
— Beýledir öýdemok — diýip, graf garşy çykdy. — Soňurrak yzyňdan paýtun ugradaryn. Tomas, Jeffrä sür diý.
Tomas paýtunyň gapyjygyny şarkyldadyp ýapdy. Fauntleroý oňa äm-säm bolup seretdi-de, jaýy nazarlap ýelk ýasady. Grafa, edil mister Hewişem ýaly, bir jübüt çalasyn, gujurly aýajyklaryň ýodajyk bilen göze ilmez tizlikde ylgap gidenini synlamaga pursat boldy. Olaryň eýesi bir minudyny hem ýitiresi gelmeýäne meňzeýärdi. Paýtun haýallyk bilen daşlaşyp ugrady, onuň Alyhezretleriniň bolsa penjirä şol seredip oturyşydy. Agaçlaryň aralygyndan jaýyň gapysy görünýärdi: kiçijik göwre jaýyň işigine barýan basgançaklar bilen ylgap gitdi; onuň öňünden başga bir — orta boýly, ýaş, syrdam göwre ylgap çykdy. Olar biri-birine tarap okduryldylar — Fauntleroý ejesiniň gujagyna dolup, boýnundan asyldy-da, onuň mähir doly ýüz-gözünden ogşamaga durdy.
Ýedinji bap.
BUTHANADA
Ertesi, dynç güni irdenki ybadat üçin buthana adam köki ýygnandy. Buthananyň haçan şunuň ýaly köp mähelleli bolany mister Mordontyň ýadyna düşmedi. Hatda owal onuň wagyz-nesihatlaryny diňlemäge meýli ýoklaram gelişipdirler. Heziltondaky goňşy prihoddanam (Prawoslaw buthanasynyň aşaky guramasy we şol guramanyň agzalarynyň ýaşaýan ýeri (terj. bel.).) daýhanlar bar. Ýüzleri Güne gaýzygan berk bedenli fermerler diýjekmi, başlaryna baýramçylyk çepeslerini (Aýallaryň ýa-da çagalaryň ýukajyk ýeňil sümmenleri (terj. bel.).) geýip, eginlerine açyk reňk ýaglyk atynan, yzlary bir süri çagaly, ýüzlerinden mähir ýagyp duran al ýaňak dolmuş aýallar diýjekmi — bary üýşüpdir. Dört gyzyny yzyna düşürip, lukman aýalam peýda boldy. Öz dermanhanasynda radiusy on mil bolan tutuş etraby üçin togalak we toz görnüşindäki dermanlary taýýarlaýan mister hem missis Kimzler hemişekije ýerlerinde ornaşdylar; missis Dibbl, obanyň tikinçisi missis Smiff öz tikinçi jorasy miss Perkins bilen buthananyň dyzeperindäki ýerlerine geçip oturdylar; feldşer bilen dermanhanaçyň şägirdem geldi — gepiň keltesi, etrapda bir maşgala bar bolsa, hemmesi şu taýdady. Geçen hepde etrapda lord Fauntleroý hakynda ençe täsin wakalar dilden-dile geçdi. Missis Dibbliň dükanjygyna bir pennilik jähek bilen iňňe almaga, ýüzugra-da soňky habarlary eşitmäge şeýle bir köp adam geldi welin, gapydaky jaňyň jyňňyrdaý-jyňňyrdaý sesi boglup gitdi. Missis Dibbl körpeje lorduň otagyny nähili bezäpdirler, oňa berlen gymmatbahaly oýnawaçlar, atýatakda garaşýan ýany kiçijik grumly (Günbatar Ýewropada, rewolýusiýadan öňki Russiýada atlynyň ýa-da ekipažyň ýany bilen ýöreýän ulagly hyzmatçy ýa-da lakeý oglan (terj.bel.).) owadan dor ponni we kümüş at esbaply iki tekerli teleşkejik — bularyň bary hakynda jikme-jikligi bilen bilýärdi. Şeýle-de, missis Dibbl oglanjyk gelen agşamy ony garşylan hyzmatkärleriň gürrüňlerini hem-de hyzmatkärleriň bolýan jaýyndaky aýallaryň agyz birikdiren ýaly: «Görgüli çagajygy ejesinden aýyrmaga utanmaýyşlaryny, utanç!» diýenlerini birin-birin aýdyp beribem biljekdi. Çaganyň ýeke özi kitaphana tarap ýönelende tas ýürekleri duran eken, o taýda onuň nähili garşylanjagyny näbiljek, grafyň haýsy hörpden gopjagyny ulular bilenok, çaga dagy, gör, haýsy ýoknasyzyny oklajak.
— Missis Jennifer, hanym, siz maňa ynanaýyň — diýip, missis Dibbl janykdy. — Bu çaga hiç zatdan gorkanokmyş, mister Tomasyň hut öz agzyndan eşitdim. Ýylgyrypjyk oturyşyna, onuň Alyhezretleri bilen köne dostlar ýaly mesawy gepleşýärmiş. Mister Tomasyň aýdyşyna görä, graf şeýle bir geň galýarmyş, gözlerini kölegeledip duran gaşlarynyň astyndan seredip oturyşyna, şol diňläp otyr diýýä. Missis Beýts, hanym, ol hernäçe hyrsyzam bolsa, ýüreginiň çuňlugynda ähli zatdan hoşalmyş, hatda buýsanýarmyşam, dagy näme, oglanjyk hoşroýja, diýseň mylakatly, mister Tomas-a şeýle hasaplaýar.
Soň Higginsli waka geçdiler. Hormatlydan-hormatly mister Mordont ony naharyň başynda otyrkalar gürrüň beripdir, öýdeniçer aýal bolsa bu gürrüňi aşhanadakylara ýetiripdir, şol ýerdenem ol ýyldyrym çaltlygynda tutuş oba ýaýrapdyr.
Bazar güni golaýdaky şäherjige çykan Higginsiň üstüni dumly-duşdan sorag bilen gömüpdirler. Newikdenem sorag-ideg edipdirler, olam jogap ýerine kimdir birine «Fauntleroý» diýip gol çekilen haty görkezipdir.
Şeýlelikde, fermerleriň söwda bahanasy bilen dükana çykan aýallaryna bar zady çigit çigitlän ýaly ýekme-ýek seljermäge gep köki üýşüpdi. Dynç güni bolsa, kimse pyýada, kimse adamsy bilen paýtunly buthana haýdadylar, soňlugy bilen ähli ýeriň hojaýyny boljak körpeje lordy olaryňam göresleri gelýärdi ahyry.
Graf, adatça, buthana baryp ýören adam däldi, emma Fauntleroý gelenden soň ilkinji dynç güni onuň bilen ybadata ugrady — buthanada gadymdan bäri Dorinkortlaryň neberesiniň eýeläp gelen beýik oturgyjynda oturanlaryny iller görsün diýdi.
Şol gün buthananyň howlusynyň içine-daşyna adam bary ýygnandy. Buthananyň derwezesidir eýwançasynda adamlar topar-topar bolşup durdular, grafyň ybadata geljeginiň-gelmejeginiň gürrüňini edýärdiler. Gürrüňiň gyzyşan mahaly gelenleriň arasyndan akgöwün biri:
— Serediň, şol ejesi ýaly-la! Ýaşajyk hem eýjejikdigini! — diýdi.
Hemmäň nazary şol tarapa gönükdi — derek boýly ýaşajyk gelin ýodajyk bilen buthana ýetip gelýärdi. Gelin torly nikapjygyny serpip, ýüzüni açdy, onuň eýjejik roýy, çepesiniň astyndan çykyşyp duran açyk reňkli ýüpek saçlary hemmäniň ünsüni özüne çekdi.
Onuň töweregindäkiler bilen işi ýokdy. Küýi-köçesi Sedrikdedi — ogly ýanyna gelip-gidipdi, ponisine guwanyp aňyrsyna çykyp bilenokdy, golaýda ony münübem gelipdi, eýeriň üstünde mertebe bilen dikgije oturýardy. Birdenem ol töweregindäkileriň gyzyklanma bilen özüne seredýändigini duýdy. Reňki solup giden salopeli (Zenanlaryň giň ýapynja görnüşindäki, ýeň jaýy dilnen, ulanyşdan galan üstki eşigi.) bir kempir ýarym dyz epişine baş egip oňa salam berdi, beýleki birem ýarym dyz epip: «Alla sizi öz penasynda saklasyn, miledi (Angliýada sypaýylyk bilen aýala ýüz tutulanda aýdylýan söz.) » diýdi. Erkekleriň deňinden geçip barýarka bolsa, olar başlaryndaky papaklaryny çykaryp hormat etdiler. Ol birbada aljyrajak boldy, soň özüni körpeje lorduň ejesi hökmünde sylaýandyklaryna düşünip, çym gyzyl boldy-da, olam baş atdy, ýagşy dileg aýdan kempire pessaý sesi bilen minnetdarlyk bildirdi. Köpadamly, ýalaň howlukmaçlyk bilen eňip barýan Amerika öwrenişen zenan üçin bu zeýilli üns täzelikdi, ilkibada bu ony çekindirdi. Onsoňam bu hormatyň ak ýürekden edilýändigini görüp durka, neneň tolgunmasyn ahyry. Ol buthananyň daşdan galdyrylan küňresinden ýaňybir girip gelýärkä, hemmäniň garaşan wakasy ýüz berdi. Buthana taýa uzaýan bagýodada yzy liwreýli hyzmatçylar durar ýaly basgançakly, owadan atlar goşulan paýtun peýda boldy.
— Gelýäler! Gelýäler! — diýip, köpçüligiň içinden sesler geldi. Paýtun buthananyň işigine gelip daýandy. Tomas basgançakdan böküp düşdi-de, paýtunyň gapyjygyny açdy, ondan gara penjek-balakly, sary saçly oglanjyk towsup düşdi.
Erkeklerdir aýal-ebtatlaryň, oglan-uşaklaryň bary oňa bilesigelijilik bilen seredişýärdiler.
— Aýny kapitanyň özi! — diýip, onuň kakasyny tanaýan garrylaryň biri seslendi. — Elhepus, meňzäýşini, edil ýüzi oturdylan ýaly.
Üstünden Gün nury dökülip duran oglanjyk Tomasyň grafa paýtundan çykmaga goltgy berşini synlap durdy. Grafyň aýagy ýere degendenem, hamana, ýedi futluk boýy bar ýaly, dessine häzirlenip, oňa egnini tutdy. Hemmäniň bir zada gözi ýetdi: graf Dorinkort töweregindäkilerde nähili duýgy döredýänem bolsa, agtygy ondan asla gorkanok eken.
— Maňa daýanaýyň — diýip, oglanjyk teklip etdi. — Hemme siziň geleniňize begenýär! Bulaň bary sizi tanaýan eken-ä!
Graf:
— Şlýapaňy çykar, Fauntleroý — diýdi. — Olar seň bilen salamlaşýalar!
Ur-tut şlýapasyny çykaran Fauntleroý:
— Meň bilen! — diýip, gygyryp goýberdi. Ol haýran galmakdan ýaňa uçganaklaýan gözlerini köpçülige aýlap durşuna, hemmä bir gezekde baş egmäge synandy.
— Alla sizi öz penasynda saklasyn, milord — diýip, hälki, onuň ejesine baş egen solgun salopeli kempir ýarym dyz epişine dileg etdi. — Ömrüňiz uzak, janyňyz sag bolsun!
— Minnetdar, hanym!
Şeýdibem Sedrik graf bilen buthana girdi. Olar geçelgäniň ugruny syryp, agyr tutular bilen bezelen, belent arkalykly dyzeperleriniň üstüne gyzyl ýassyklar atylan dörtburç sekä ýönelýärkäler hemmäniň gözi olara dikilipdi. Ýerine geçip ornaşan Fauntleroýy iki sany ýakymly ýagdaý geňirgendirdi: birinjiden, gabat garşysynda seteran oturanlaryň arasynda ejesem bardy we özüne bakyp ýylgyrýardy, ikinjiden, gapdalyndaky diwaryň düýbünde, doga kitaplary goýlan belent sekiniň ýanynda, daşdan taraşlanyp ýasalan, eginleri gadymy del köýnekli, çöke düşüp, inçe barmaklaryny çilşirip, biri-birine bakyp iki sany heýkel otyrdy. Fauntleroý diwara berkidilen, köne hatda ýazylan ýazgynyň diňe aýry-aýry sözlerini seljerdi:
«Bu ýerde Dorinkortyň birinji grafy Gregori Arturyň, şeýle-de onuň ýanýoldaşy Alison Hildegardyň jesetleri aram tapdy».
— Gulagyňyza pyşyrdap, bir zat sorasam bolýamy? — diýip, bilesigelijilikden ýaňa içi byjyklap duran Fauntleroý atasyna ýüzlendi.
— Sora?
— Hol oturanlar kim bolýar?
— Seniň ýüzlerçe ýyl mundan owal ýaşap geçen ata-babalaryň.
Lord Fauntleroý hormat bilen heýkellere seretdi-de, şeý diýdi:
— Hat ýazyşym, megerem, şulara çeken bolsa gerek.
Organyň sesi ýaňlandy — Fauntleroý ýerinden turdy-da, ýylgyryp ejesine seretdi. Ol sazyň aşygydy, olar galapyn bile ses goşup aýdym aýdardylar. Onuň torgaýyňky deý dury sesi beýlekileriň sesine goşulyp gitdi. Ol yhlas bilen joşup-joşup aýdýardy, graf bolsa özüne niýetlenen bölekde tuta gabat bolup oturyşyna, oglanjygy uly gyzyklanma bilen synlaýardy. Sedrik elinde Injiliň bölüminiň açyk sahypaly kitabyny saklap durşuna, ýüzüni göge tutup, dünýäni unudyp aýdym aýdýardy. Reňkli witražyň (Penjirelerde, gapylarda we ş.m. zatlarda reňkli aýnadan edilen surat, nagyş.) içinden geçip, buthana ýaýraýan gün şöhleleri onuň saçlarynda tyllaýy öwüsýärdi. Ejesi oglunyň bagtyýar ýüzüne seredende ýüregi gobsunyp gitdi, doga yzyna doga okady. Oglanyň kalbyna dolan sadaja bagtyýarlyga hiç bir närse kölege salmasyn, duýdansyz ýerden gelen ummasyz baýlyk başyna bela getirmesin diýip diledi. Soňky döwür onuň näzik ýüregini garjaşyk duýgular elendirýärdi.
— Wah, Seddim — bu sözleri ol agşamara ogly bilen hoşlaşyp durka aýtdy — wah, Seddijigim, saňa akylly maslahatlary bererim ýaly, şeýle bir paýhasly bolasym gelýär! Emma men saňa ýekeje zady aýdyp biljek: arassa ýüreklije bol, balajygym, gaýratly, dogruçyl bol, şeýtseň hiç kesiň göwnüne degmersiň, köplere haýryň deger. Kim bilýä, belki-de, bu ümmülmez dünýä, goýnunda meň körpejämiň ýaşaýany üçin, sähelçejigem bolsa öňküdenem gowulyga tarap üýtgär. Bu iň möhüm zat, Seddi, bar zatdan wajyp — her ýaşap geçen dünýäde, dynnym ýalyjagam bolsa, bir zerrejigem bolsa gowulyk galdyrmaly, çagam.
Köşge gaýdyp gelen Sedrik ejesinden eşiden sözlerini atasyna aýdyp berdi.
— Ejem şeý diýdi welin, dessine siz barada pikirlendim — diýip, ol sözüni soňlady. — Atam ýaşaýany üçin dünýä gowulyga üýtgeýär diýdim, meňem şoňa meňzäsim gelýär diýdim.
— Ol saňa näme diýdi? — Grafyň sowalynda birhili alada duýuldy.
— Ol aýdanymy makullady. Adamlaryň gowy tarapyny gözlemelidigini, olary gowy görmäge çalyşmalydygyny aýtdy.
Buthananyň burçunda otyrka-da garry graf, megerem, şu gürrüňleri ýatlan bolmaly. Adamlaryň kelleleri üstaşyr oglunyň ýeke özi oturan gelnine öwran-öwran garap goýberdi. Ol atasynyň eglişik ederine garaşa-garaşa dünýäden ötüp giden oglunyň söýüp, apalan eýjejik ýüzüni, ýanynda oturan oglanjygyň gözlerine meňzäp duran dideleri görýärdi. Ýöne onuň gara başynda niçiksi pikirleriň köwsarlaýanyny, olar ýakymsyzmy, başbermezekmi, ýa biraz ýumşaşanmy — muny aňar ýaly däldi.
Graf agtygy bilen buthanadan çykanda, adamlar entek dargaşman eken, megerem, olary ýakynrakdan synlamak islän bolsalar gerek. Buthananyň derwezesiniň agzynda papagyny eline alyp bir adam durdy, olar golaý baryberenlerinde ol öňe ädim ätdi-de saklandy. Bu agyr ýüzüni alada basan orta ýaşlaryndaky kişidi. Graf:
— Hä-ä, Higgins senmidiň? — diýdi.
Fauntleroý hyrra şol tarapa öwrüldi-de, oňa çalasyn nazar aýlap:
— Mister Higginsmi şü? — diýip sorady.
— Hawa — diýip, graf gurak jogap berdi. — Ol özüniň täze lendlordyny (Fermerlere kärendesine ýer berýän iňlis mülkdary.) görmäge gelendir.
— Hawa, milord — diýip, jogap beren fermeriň Güne gaýzygan ýüzi gyzaryp gitdi. — Mister Newik maňa: «Lord Fauntleroý seniň arkaňy tutup ýagşy söz aýtdy diýdi». Rugsat berseňiz, oňa minnetdarlygymy bildireýin diýip geldim.
Ol özüne ýagşylyk eden adamyň şeýle kiçijikligini görüp, birneme geňirgenen bolsa gerek. Häzir Fauntleroý Higginse edil onuň durmuşyň şatysyny gören çagalary ýaly bolup, aşakdan ýokaryk seredýärdi. Onuň näderejede ketde adama öwrülendigini ol oslanokdam.
— Milord, men siziň öňüňizde bergili — diýip, Higgins söze başlady — ummasyz bergili! Men…
— Aýdýanyňyz näme — diýip, Fauntleroý onuň sözüni böldi. — Men bary-ýogy hat ýazdym ahyry. Galan zady atam etdi. Özüňiz bilýäňiz, ol juda dözümsiz, hemmä kömek etjekden. Missis Higginsiň saglygy ganymatmy?
Higgins az-kem aljyrady. Garry grafyň adyna aýdylan öwgüli söz oňa geň göründi, bu nä beýle, birden ýagşy gylykly haýyr-sahawatça öwrüläýdikä.
— Men… bäh… elbetde, milord — diýip, ol samahyllady. — Aladasy ýeňlänsoň, keýwanynyň hem ýagdaýy ganymatlaşdy. Ony alada ýykdy.
— Gowy bolawersin, begendim. Çagalaryňyzyň täjihoraz çykaranyny eşidip atamam, menem gaty gynandyk. Onuňam öz çagalary bardy ahyry. Men onuň körpe oglundan bolan agtygy, bilseňiz.
Higgins halys özüni ýitirdi. Graf tarapa-ha başarybilse seretmejek bolýardy — depegenden daşrak! Onuň ogullaryny nähili söýendigi hemmä mälim: olary görse ýylda birki sapar görerdi, içinde biri ýaramasa dagy, görmäýinem, köýmäýinem diýip Londona ökjäni göterýärdi, çünki lukman bilen şepagat uýasyny görse ýüregi gysýardy.
Onuň Alyhezretleri çytyk gaşlarynyň astyndan gözlerini ýyldyradyp, bu gürrüňleň baryna şaýat bolup durdy. Täjihoraz üçin haçan gynanypmyş, gaty geň.
— Gördüňmi, Higgins, ba:ryň men barada telek pikirde. — Graf çytawy ýylgyrdy. — Ynha, lord Fauntleroý welin, maňa düşünýä. Häsiýetimiň nähilidigini anyk biljek bolsaň, şundan sora. Mün paýtuna, Fauntleroý.
Fauntleroý towsup, paýtuna mündi, olar göm-gök bagýodanyň ugruny syryp ýola düşdüler, grafyň dodaklarynda hyrsyz ýylgyryş oýnady.
(Dowamy bar).
Rus dilinden terjime eden Orazgül GURBANOWA,
«Dünýä edebiýaty»