Körpeje lord Fauntleroý (3 bölek)
Frensis Hodgson BERNETT,
iňlis-amerikan ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
Dördünji bap
ANGLIÝADA
Baransoň aýry ýaşamaly boljakdyklaryny missis Errol Sedrige diňe ýola düşensoňlar aýtdy. Muňa oglanyň keýpi gaçdy. Grafyň missis Errola köşgüň golaýyndan jaý berip, Sedrige ejesi bilen tiz-tizden görüşmäge mümkinçilik bermek baradaky kararyna mister Hewişem öz ýanyndan berekella diýdi. Ýogsam çaga aýralyga döz geljek däl eken. Missis Errol Sedrige gaty golaý ýerde ýaşajagyny ynandyrdy. Ol şeýlebir mylaýymlyk hem söýgi bilen düşündirýärdi welin, oglan ahyry rahatlandy, aýraçylykdan gorkmasyny goýdy.
— Meniň ýaşajak jaýym köşgüň edil ýanjagazynda, Seddi — diýip, ol her gezek gürrüň arasynda tekrarlaýardy. — Ýakynjak, her gün geler durarsyň, gören-eşideniňi maňa gürrüň berersiň! Ikimize-de hezillik bor! O taýy juda owadan. Köşk hakynda kakaň maňa kän gürrüň berdi, ol köşgi gowy görýärdi, seniňem göwnüňe ýarar.
— Sen ýanymda bolsaň, has gowy boljak-da — diýip, Sedrik agyr dem aldy.
Ol Mähribanynyň näme üçin özünden aýry ýaşamalydygyna hiç düşünip bilmeýärdi.
Sebäbi missis Errol grafyň bu kararynyň sebäbini ogluna mälim etmekden gaça durýardy.
— Meniň pikirimçe, bilmese gowy — diýip, ol mister Hewişeme göwnündäkini aýtdy. — Ol grafa düşünmez, gaýtam kejiger. Goý, ol grafyň öz ejesini halamaýanyny aňmasyn, şonda ony atasy bilen ysnyşdyrmak ýeňil düşer. Ol hyrsyzlyk, gahar-gazap diýen zady görmedi — meni kimdir biriniň ýigrenýändigini eşitse, bu oňa gaty ýokuş deger. Onuň ýüregi söýgiden pürepür, men onuň hany-many! Birneme ulalýança, muny ýaşyrandan gowusy ýok, şeýtsek graf üçinem gowy bolar. Seddi heniz çaga-da bolsa, bu olaryň arasyna böwet salar.
Sedrige diňe gelnen kararyň öz sebäbiniň bardygyny, oňa düşünerden heniz ýaşdygyny, ulalansoň bilse gowy boljakdygyny aýdanlarynyň sebäbi hem, ynha, şundan. Ol geň galýardy; ýogsa-da, aýdylan sebäpler onuň piňine-de däldi. Ejesi onuň bilen uzak gürrüň etdi, aram-aram köşeşdirdi, täze durmuşynyň artykmaçlyklaryny ýekän-ýekän düşündirdi. Diňe şondan soň onuň ýüregi biraz düşüşen ýaly boldy, ýöne barybir, deňze seredip pikire batyp oturyşy, çaga mahsus däl uludan dem alşy mister Hewişemiň gözünden sypmady.
— Şu zatlar meň hiç göwnüme jaý däl-dä — diýip, Sedrik aklawçy bilen gümür-ýamyrlaryň birinde ynjalyksyzlandy. — Şeýlebir göwnüme jaý däl welin, siz, hatda göz öňüne getiribem bilmersiňiz. Durmuşyň kynçylygy ýetik, ylalaşman gitjek ýeriň ýok. Meri şeý diýýä, mister Hob-bsam şony tekrarlaýa.
Mähribanym bolsa atamyň ýanynda ýaşamagymy, şeýle durmuşy halamagymy isleýär, onuň perzentleriniň bary ýogalypdyr, oňa-da aňsat däl. Şeýle adamlara diňe haýpyň gelýär. Iň körpe ogly bolsa dünýäden tarpa-taýyn gidipdir.
Körpeje lordy tanaýanlar onuň akyllyja gürrüňlerini aýratyn tolgunyp diňleýärdiler, aram-aram köpi gören adamyňky ýaly, sugşurýan goýazy pikirleri tegelejik çaga ýüzjagazy bilen utgaşyp, diýseň ýiti täsir galdyrýardy. Gül kibi açylyp barýan genjelek saçly bu oglanjyk pökgüje elleri bilen iki dyzyny gujaklap oturyşyna, çynlakaý sypata girip pikirjiklerini bölüşip ugradygy bes, töweregindäkileriň göhi gelerdi. Soňabaka mister Hewişemem onuň bilen gürrüňdeşlikden lezzet alyp ugrady. Ol:
— Onda, diýmek, ataňyzy gowy görmäge çalyşýaňyz-da? — diýdi.
— Hawa — diýip, Sedrik tassyklady. — Ol meniň garyndaşym, garyndaşlaryňy bolsa sylamaly, onsoňam ol meni eý görýär ahyry. Biri ýagşylyk edip, saňa göwnüň küýsän zadyny bermäge taýýarka, kömek edene, hatda garyndaşyň däl hem bolsa, minnetdar bolmaly. Ýöne şol adam ýakynyň bolsa-ha, hasam höwrügýäň.
— Nähili pikir edýäňiz, siz onuň göwnüne ýararmykaňyz? — diýip, mister Hewişem sowal bermesini dowam etdi.
— Ýarasam gerek — diýip, Sedrik çak urdy. — Menem onuň garyndaş-a, onsoňam — oglunyň ogly, üstesine… elbetde, gowy görmeýän bolsa maňa beýdip sowgat ýollap, yzymdan adam ugratmazdy ahyry, şeýle gerek?
— Hmm, dogry! — diýip, aklawçy netije çykardy. — Şeý diýsene?
— Hawa — diýip, Sedrik jogabyny mähetdel etmedi. — Elbetde şeýle! Näme, beýle däl diýjek bolýaňyzmy? Agtyk hemmeler üçin süýji.
Deňziň çaýkama keseli bilen biraz öwrenişip, ýokarda — palubadaky epleme kürsülere ornaşan ýolagçylaryň gulaklaryna körpeje lord Fauntleroýyň gyzykly ykbaly baradaky gürrüň degdi. Olar bir görseň gämide eýläk-beýläk ylgap, bir görseňem ejesidir şilliň aklawçynyň ýanynda epeý-epeý ädim urup ýören, käte bolsa deňizçi esgerler bilen gümür-ýamyra gyzyşan oglanjygy uly gyzyklanma bilen synlamaga başladylar. Oňa hemmäniň syny oturdy, onuň tanyşlyk, dostluk açmadyk adamy galmady. Alçak bolansoň dostlaşmasy aňsatdy. Erkekler bilen paluba gezim etmäge çykan Sedrik olaryň degişmelerine keýpihonlyk bilen jogap berip, ädimlerine dabara bilen aýagyny goşup ýöreýärdi. Zenanlaryň gysby halkasy onuň daşyna egele boldugy, gülki horjunynyň bujagy çözülip gidýardi. Çagalar bilen oýnanda bolsa, hemmäniň şatlygy ýürekden çykardy. Deňizçi esgerleriň içinden ýegre dost hem tutunyp ýetişdi. Olar oňa garakçylar, gämi heläkçilikleri we ilatsyz adalar hakynda hekaýat köküni aýdyp berdiler. Ol urgan işmäni, ýelkenli oýunjak gämileri ýasamany öwrendi, geň galaýmaly, «marsel» näme, «grot-bogaldak» näme — emgenmän, tiz özleşdirdi. Indi geplese, diline deňiz, gämi bilen bagly sözjagazlary goşup ugrady. Bir gezeg-ä birenaýy ýylgyryşyny edip:
— Öwh-eý, şu gün-ä ýaman sowuk, Neptundan ant içýän! — diýip goýberdi-de, palubada paltunly ýa-da gyňaja çolanyp oturan ýolagçylary gyzylgyran gülüşdirdi.
Hemme pakyrda berdi welin, Sedrik düşünmän, äm-säm boldy. Ol bu jümlejigi Jerri atly garry deňizçiden «çilipdi». Deňizçi Sedrige aýdyp berýän hekaýatlarynyň içini häli-şindi ýaňky ýaly «antlar» bilen bezegendi. Jerriniň öz başdangeçirmeleri hakynda aýdýanlaryna ynansaň-a, ömründe iküç müň sapar dagy ýüzüşe çykanmyşyn, her gezegem, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, wagşy adamlaryň gür ilatly haýsydyr bir adasynyň golaýynda gämi heläkçiligine uçranmyşyn. Iniňi tikenekledýän şol hekaýatlardan çen tutsaň, ony telim gezek horlanmyşlar.
— Kellesiniň takyr ýeri şondan galypdyr — diýip, körpeje lord Fauntleroý missis Errola düşündirdi. — Kelläň hamyny şonça gezek sypyrsalar, dagam soň saç çykasy ýok. Jerriniň başyndan geçmedik «hokga» ýok! Şulaň baryny mister Hobbsa gürrüň beräýseň-dä!
Howa bulaşyp, ýolagçylar ýokary paluba çykman, aşakda gäminiň umumy dynç alyş otagynda galmaly bolanlarynda olaryň arasyndan biri Sedrige Jerriniň başyndan geçiren «hokgalaryny» hekaýat edip bermegi haýyş ederdi. Şonda ol höwes bilen hekaýatyny aýtmaga girişerdi. Şol pursat tutuş Atlantikanyň giňişliklerinde körpeje lord Fauntleroý ýaly köpüň söýgüsini gazanan özge syýahatçy, göýä, ýok ýalydy. Ol islendik wagt köpçüligi güýmemäge häzirdi, soňam ýadyndan çykarar goýbererdi, näme etse ýürekden, çyny bilen ederdi, şol bir wagtyň özünde özüne çekiji güýjüniň şu häsiýetindedigini gümanam etmezdi.
— Jerriniň hekaýatlary hemmä gyzykly — diýip, ol ejesine gürrüň berdi. — Mähribanym, sen meni bagyşla, ýöne şol wakalar hut Jerriniň öz başyndan geçeni üçin ynanýan, ýogsam olara başdan-aýak çyn diýip biljek däl. Gürrüň berýänleriniň hemmesi, hakykatdanam, bolanmyş — öz-ä geň, şeýle gerek? Käbir zatlary ýadyndan çykaran ýa-da biraz ýalňyşrak aýdýan bolmagam ahmal, sebäbi kellesiniň hamyny sypyrypdyrlar-da. Ýadyňa zyýany bar bolmaly.
Sedrik bilen dosty Dikiň hoşlaşygyndan on bir gün geçensoň, gämi Liwerpula geldi. On ikilenji gün diýlende agşamara Sedrigiň, ejesiniň hem-de mister Hewişemiň duralgadan münüp gaýdan paýtuny Kort-Lojuň derwezesiniň agzyna gelip daýandy. Jaýy-ha gijäň içinde saýgaryp bolmady. Ýöne Sedrik iki gyrasyny çür başlary gökde tapyşýan äpet daragtlar jähekläp oturan giň bagýoda düşenlerini aňdy. Bagýoda bilen biraz gidenlerinden soň, onuň gözi ýiti ýagtylyk düşüp duran gapyda eglendi.
Bikesine seretmek üçin Amerikadan bile gaýdan Meri bärik olardan sähelçe öň gelipdi. Paýtundan böküp düşen Sedrik gündizlik ýaly yşyklandyrylan daşky otagda birnäçe hyzmatkäriň duranyny gördi. Meri olary işikde garşylady.
Lord Fauntleroý begenjine oňa tarap okduryldy.
— Meri eýýäm geläýdiňmi? — diýip gygyrdy. — Mähribanym, seret, Meri hem bärde!
Ol şeýle diýdi-de, hyzmatkär gyzyň al öwüsýän büdür-südürräk ýaňagyndan öpdi.
— Meriniň ýanymda bolanam bir gowy zat — diýip, missis Errol ýuwaşja gürledi. — Bu maňa teselli. Ýat adamlardan onçakly ýadyrgap duramok.
Meri bikesiniň uzadan elini gaýym gysdy. Dogduk ülkesini goýup gaýdan, ogly bilenem aýry ýaşamaly missis Errola bu ýerde ähli zadyň keseki görünjegine ol düşünýärdi. Iňlis hyzmatkärleri eneli-ogly aýratyn gyzyklanma bilen synlaýardylar. Bu ýerde olaryň ikisi hakyndada her hili gep-gürrüň bardy. Garry grafyň ogluna gahar edenindenem, missis Errolyň näme üçin Kort-Lojda, oglunyň bolsa köşkde ýaşamaly edilenindenem, oglana miras galjak ummasyz baýlykdanam, onuň garry atasynyň hyrsyzlygyndanam, boýunagyrysyndanam, dyzmaç häsiýetindenem olar habarlydy.
Olar körpeje lorduň ýoluna garap duruşlaryna, biri-birine:
— Görgülä aňsad-a düşmez — diýip, özara gürrüň edişýärdiler.
Emma olar Fauntleroýy entek tananokdylar, Dorinkortyň geljekki grafynyň häsiýeti olara garaňkydy.
Ähli zady özi etmäge öwrenişen körpeje lord egnindäki paltunjygyny özi çykardy-da, töweregini synlamaga durdy. Ol giňiş zala, elde çekilen suratlara, sugun şahlaryna hem-de beýleki täsin bezeglere göz aýlady. Onuň bilesigelijiligi artdy, hususy öýlerde munuň ýaly zatlary ol hiç haçan görmändi.
— Mähribanym, öý gaty owadan eken, hawa gerek? Şeýle öýde ýaşajagyňa begenýän. Giňiş jaý eken.
Nýu-Ýorkuň insizje köçesindäki öýleri bilen deňeşdireňde, bu öý, dogrudanam, giňdi, owadandy, ýagtydy. Meri olary ýokaryk — diwarlaryna birenaýy güllüje çit tutulan ýatyş otagyna alyp bardy, otagyň diwarpejinde ot ýanýardy, pejiň öňüne ýazylan ak bagana halynyň üstünde bolsa ullakan, gar ýaly ap-ak pişik irkilip ýatyrdy.
— Bulary size köşgüň hojalykçysy ugradypdyr, hanym — diýip, Meri düşündirdi. — Akýürek zenan, hemme zatlary siziň üçin yhlas bilen taýýarlapdyr. Onuň bilen birki agyz gürleşmäge-de ýetişdim: kapitany juda gowy görýän eken, hanym, ýogalanyna gaty gynanýar. Ol, ynha, maňa şeý diýdi: «Diwarpejiň gapdalynda ýatan pişigi görüp, özüňizi öýüňizde ýaly duýansyňyz». Ol kapitan Erroly oglanlygyndan tanaýan eken, diýseň görmegeýdi, ulalansoň-a hasam syratlandy diýýä, barjamly bilenem, pukara bilenem her kimiň öz dilini tapyp gürleşer eken. Menem oňa şeý diýdim: «Oglam tüýs özi ýaly, munuň ýaly ýakymlyja oglanjygy heniz dünýe gören däldir».
Missis Errol bilen Sedrik özlerini tertibe salanlaryndan soň, aşaky gatdaky başga bir uly, ýagty otaga düşdüler. Otagyň petigi pesdi, içindäki agyr agaç goşlara oýma nagyşlar salnandy, çuňňur kürsüleriň arkalygy ýaýbaňdy, tekjeler we ýeser ýasalan yşgaplar ownuk-uşak zatlardan doludy. Diwarpejiň öňüne äpet gaplaň derisinden edilen düşek ýazylgydy. Iki gapdalynda bolsa kürsüler goýlupdyr. Lord Fauntleroýyň ýokarda bile oýnan ullakan ak pişigi onuň bilen tirkeşip, basgançakdan aşak düşdi, düşegiň üstüne geçibem ýumak ýaly düýrlendi, pişigiň bolşy dostlaşmak isleýäne meňzeýärdi. Pişigiň öz ýanyna gelip gyşaranyna Sedrik begendi, missis Errol bilen mister Hewişemiň edýän gürrüňlerine ünsem bermän, pişigi sypalady.
Olar özara pessaýja gürleşýärdiler. Missis Errolyň ýüzi solgun, özem biynjalyk görünýärdi.
— Bu gün äkidesiňiz ýog-a — diýip, ol sorady. — Ýanymda galar-a?
— Hawa — diýip, mister Hewişem ýuwaşja jogap berdi. — Bu gün barmasa-da bolar. Günortanlyk edinenimizden soň, köşge baryp, gelenimizi grafa habar bererin.
Missis Errol Sedrige nazaryny aýlap goýberdi. Ol alabeder gaplaň derisiniň üstünde uzanyp ýatyrdy, al öwüsýän ýüzjagazyna oduň şuglasy düşýärdi, saçynyň buýralary düşegiň üstüne seçelenip ýatyrdy. Daýaw pişik gözlerini süzüp, ýaltalyk bilen myrlaýardy, Sedrigiň ýakymly elleri ony meýmiredýärdi.
Missis Errol çalaja ýylgyrdy. Ol gussa bilen:
— Meni nämeden mahrum edýänini grafyň özem bilýän däldir — diýip goýberdi.
Ol gabagyny galdyryp, aklawça seretdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi:
— Haýyş edýän, meniň ondan pul alasymyň gelmeýändigini oňa ýetiriň.
— Pul! — diýip, mister Hewişem ör-gökden geldi. — O nähili, siz özüňize bellenen aýlyk hakyndan ýüz öwräýjeksiňizmi?
— Hawa — diýip, ol göwnübir ýaly tassyklady. — Şony almasam gowy bolaýmasa. Oglumyň golaýynda bolmaga mümkinçilik berjek bu öýi bolsa kabul etmäge mejbur bolýan. Munuň üçin men grafa minnetdar. Özümiň az-owlak pulum bar. Şonuň bilen oňňut ederin. Grafyň berjek puluny alasym gelenok. Ol meni halanok, onsoň Sedrigi özüne pul üçin berýändirin öýder. Sedrigi men gowy görýänim üçin goýberýän, onuň geljegi üçin özümden geçmäge taýyn. Onsoňam bu zatlar kakasynyňam göwnüne jaý bolardy.
Mister Hewişem eňegini sypalap goýberdi-de:
— Örän geň — diýdi. — Gahar-a geler. Bu diýýänleriňe düşünmez.
— Pikirlense, düşüner — diýip, missis Errol jogap berdi. — O puluň maňa, hakykatdanam, geregi ýok. Gel-gel, indi men özümi ýigrenýän, elimden oglumy alan adamyň elinden pul alaýynmy? Bu çaga onuň öz agtyg-a!
Mister Hewişem missis Errola pikirli seretdi.
Ahyry:
— Aýdanlaryňyzy grafa ýetirerin — diýdi.
Nahar getirdiler, hemmesi bile stoluň başyna geçdi, Sedrigiň gapdalyndaky oturgyja ornaşan ak pişik bolsa, tä olar iýip-içip bolýançalar, petekesini gaýşardyp myrlady oturdy.
Şol gün agşam gijräk mister Hewişem köşge geldi, graf ony eglenmän kabul etdi. Graf diwarpejiň alkymyndaky oňaýly kaşaň kürsüsinde agyryly aýagyny oturgyçjygyň üstüne atyp otyrdy. Ol gür gaşlarynyň astyndan aklawça ýiti-ýiti seretdi. Ýöne, graf hernäçe parahat görünmäge çalyşsa-da, kalbynyň töründe harasat gopýany mister Hewişeme aýandy.
— Hä-ä, mister Hewişem, geldiňizmi? Näme täzelik?
— Lord Fauntleroý bilen ejesi Kort-Lojda. Ikisem ýolda kösenmän, sag-salamat geldiler — diýip, mister Hewişem habar berdi.
Graf sabyrsyzlyk bilen «hümm» etdi-de, barmaklaryny gaharly gymyldatdy.
— Gowy habar — diýip, ol üzlem-saplam sugşurdy. — Erbet däl. Jaýlaşyklyrak oturyň… Bir bulgurjyk üzüm suwy meýliňiz barmy? Başga näme täzelik?
— Lord Fauntleroý bu gün ejesiniň ýanynda galar. Men ony köşge ertir getirerin.
Graf kürsiniň tirsekligine goýup oturan eliniň aýasyny gözüne ýetirip:
— Hawa, dowam ediberiň — diýdi. — Özüňiz bilýäňiz, maňa bu iş hakynda hiç zat ýazmaň diýipdim. Meniň oglanjyk hakynda bilýän zadym ýok. Ejesi-hä meni gyzyklandyranok, oglanyň özi nähili?
Mister Hewişem özüne guýunan üzüm suwundan owurtlap, bulgury elinden goýman aşak oturdy.
— Ýedi ýaşly çagaň häsiýetine baha bermek çetin — diýip, ol sypaýyçylygy elden bermän gepledi.
Grafyň owaldan galan ters pikiri beýnisinde juda jaýlaşykly otyrdy. Ol aklawçynyň ýüzüne alarylyp seretdi-de, yzgytsyz sowal berdi:
— Samsykdyr-da? Ýa çemesiz bihepbemi? Şolaň ganydygy bildirip durandyr-la?
— Ejesi häsiýetine zyýan ýetirendir-ä diýip biljek däl. — Aklawçy hemişekisi ýaly sabyr-takadyny elden bermän guraksy jogap berdi. — Çagalardan o diýen başym çykanok, ýöne meniň gözüme-hä täsinje oglan ýaly göründi.
Mister Hewişem hemişe biperwaýlyk bilen sabyr-takatly geplärdi, ýöne bu gezek welin, sesi adatdakysyndanam sowuklaç çykdy. Oglanjyk hakynda graf öz pikirinde galsa, gaýtam gowy bolar, bu duşuşyga ony taýynlamak hökman däl diýip, mister Hewişem öz ýanyndan karar etdi.
— Ösüşi, jan-saglygy oňatmy? — diýip, graf sorady.
— Göräýmäge, sagdynja, ösüşi hem gowy — diýip, aklawçy habar berdi.
Graf çintgedi:
— Boýy-syraty hiç neneň däl diýdiňmi?
Mister Hewişemiň inçe dodaklarynda ýylgyryş oýnaklady. Kort-Lojuň myhman otagyndaky görnüş: alabeder gaplaň derisiniň üstünde saçynyň ýylpyldawuk buýralaryny düşegiň üstüne seçelendirip, uzanyp ýatan üşüklije, alýaňak çaga ýüzjagazy göz öňünde janlandy.
— Şu ýaşdaky oglanjyk üçin ýaman däl — diýip, aklawçy jogap berdi. — Diýsem diýýänem welin, oňa baha berer ýaly men kazymy näme. Ynha, özüňizem görersiňiz, ol iňlis oglanjyklarynyň hilinden-ä däl.
— Geň göremok — diýip, şol pursat aýagynyň janyňy alyp gelýän agyrysy tutan graf onuň sözüni şarta böldi. — O ýeriniň çagalary aşa gödek bolguçdyr, olar hakda gaty kän eşidendirin.
Mister Hewişem:
— Edil gödek diýib-ä biljek däl — diýip goýberdi. — Tapawutly tarapyny kesgitlemek maňa kyn. Ol çagalaryň arasynda däl-de, esasan, ulularyň arasynda ulalypdyr, onsoň onda ulynyňam, kiçiniňem häsiýeti utgaşyk.
— Adaty bihaýalyk! — diýip, graf eňegine tutdy. — Belet zadym. Olar muny ir ýetişmek, erkinlik diýip atlandyrýarlar. Barypýatan bihaýalyk, terbiýesizlik, ynha-da, netijesi!
Mister Hewişem ýaňadan üzüm suwundan owurtlady. Ol jenap hojaýyny bilen aňsat-aňsat jedele girmezdi, aýratynam onuň boýunagyrysy tutan wagty eňekleşmäge milt etmezdi. Şeýle günlerde onuň bilen ähli zatda ylalaşyp dynanyňdan gowusy ýokdy. Böwşeňlik aralaşdy. Ümsümligi mister Hewişem bozdy:
— Missis Errol maňa size bir zady aýtmagy tabşyryp goýberdi.
— Eşitmedigim şonuň gepi bolsun! — diýip, graf onuň sözüni böldi. — Adyny näçe az agzasaň, şonça gowy.
— Ýöne bu gaty möhüm zat — diýip, aklawçy düşündirip ugrady. — Ol siziň berjek aýlyk hakyňyzy almazlygy makul bildi.
Graf sarsyp gitdi.
— Näme diýdiňiz? — diýip, ol haýkyrdy. — Muňa nähili düşünmeli?
Mister Hewişem gaýtalady.
— Biri-biriňize o diýen dostana garaýyşly bolmaňyzsoň, pulam hökman däl diýýär…
— Dostana! — diýip, graf gazap bilen heçjikledi. — Dostana garaýyşly bolmalymyş! Ol aýalyň pikirinem edesim gelenok! Nebsine çapyp ýören, haýýar! Gözüm görmesin!
— Milord, oňa nebsine çapýar diýip bolmasa gerek. Onuň hantama zady ýok. Siziň bellejek aýlygyňyzdanam ýüz öwürýär.
— Göz üçin edýär! — diýip, graf gödek gyňraldy. — Maňa eglişik etdirjek bolýandyr. Aýgydyma geň galar diýip pikir edýändir! Şol-a bolaýmaz! Bu — garaşsyzlyga ymtylyşdan başga zat däl! Men oňa seýilbagymyň derwezesiniň alkymynda gedaý ýaly bolup ýaşamaga ýol bermen! Agtygymyň ejesi hökmünde onuň öz derejesi bolmaly, şol ornam ol eýeläýmeli! Islese, islemese-de, puly almaly bolar!
Mister Hewişem:
— Ol ony sowmaz — diýdi.
— Maňa näme! — diýip, graf herreldi. — Puly, barybir, eltip gaýdarlar. Meniň özüne garaşyk etmeýänim üçin hor-homsy ýaşaýandygyny onuň-munuň ýanynda gep edip ýörmesin! Oglanjygyň öňünde meni ýüzügara etjek bolýandyr! Ony eýýäm garşyma goýandyr!
— Ýok — diýip, mister Hewişem garşy çykdy. — Onuň maňa başga-da bir tabşyrygy bar, eşitseňiz, biderek ýere betgüman bolýanyňyza özüňizem göz ýetirersiňiz.
— Eşitmän geçeýin! — Gahardan, tolgunmadan hem-de aýagynyň yzasyndan ýaňa daljygan graf demi-demine ýetmän haýkyrdy.
Ýöne mister Hewişem muňa üns bermän dowam etdi:
— Ol lord Fauntleroýa näme üçin ejesinden aýry ýaşamalydygynyň hakyky sebäbini aýtmazlygyňyzy haýyş edýär. Oglanjyk ejesine gaty hamrak, hakykaty bilse, onuň bilen araňyza sowuklyk düşmeginden çekinýär. Çaga düşünmez, sizden ätiýaç edip başlar ýa-da sowaşmagy mümkin diýip hasaplaýar. Ol ogluna: «Sen entek onuň sebäbine düşünerden juda kiçi, ulalaňsoň bilersiň» diýdi. Missis Errol siziň ilkinji duşuşygyňyza hiç bir zadyň kölege salmazlygyny isleýär.
Graf kürsüsine çümäýjek boldy. Gözleri sallanan gabaklarynyň astyndan gazaply ýaldyrady.
— Nä:me? — diýip, ol haşşyldady. — O nämäň alamaty? Oglana hiç zat aýtmady diýjek bolýaňyzmy?
— Biragzam aýdylmady, milord — diýip, aklawçy sowukganlylygyny saklap jogap berdi. — Ondan arkaýyn boluň. Oglanjyga juda rehimli, mähriban ataň bar diýlendir. Oňa siziň mertebäňize şübhe döretjek ýekeje sözem aýdylmady. Nýu-Ýorkdakam görkezmeleriňizi edil aýdyşyňyz ýaly ýerine ýetirenim üçin ol sizi üýtgeşik rehimdar adam hasaplaýar.
— Şeý diýsene?
Mister Hewişem:
— Lord Fauntleroýyň size garaýşynyň nähili boljagy hut özüňize bagly, çynymy aýdýan. Maňa maslahat bermäge ygtyýar etseňiz, bir zady aýdaýyn: onuň ýanynda ejesi barada gaty-gaýrym söz aýtmakdan saklansaňyz gowy bolar diýdi.
— Muňa näme diýersiň! Oglanjyk bary-ýogy ýedi ýaşynda!
— Şol ýedi ýyly ol ejesiniň ýanynda geçirdi. Ony ýüregi bilen söýýär — diýip, mister Hewişem jogap berdi.
Bäşinji bap
KÖŞKDE
Köşge tarap uzap gidýän bagýodanyň aýagujynda lord Fauntleroý bilen mister Hewişemiň münüp gelýän paýtuny görnende, ýaňy Gün aşaklap ugrapdy. Graf agtygyny nahar wagtyna gabatlap getirmeklerini, özem ýanyna ýeke özüni goýbermeklerini sargapdy. Ne sebäpden beýle görkezme berenini bir Alla bilýär. Lord Fauntleroý bagýodadan myçyp barýan paýtunyň içinde ýumşak ýassyklaryň arasyna çümüp oturyşyna töweregini synlap barýardy. Onuň üçin bar zat gyzyklydy, täzelikdi: ýaldyrap duran esbaba beslenen saýyrdyň tohum at goşulan paýtunam, eginleri şaplaşyp duran owadan liwreýaly ( Liwreýa — köşk gullukçylarynyň we hyzmatçylarynyň, adatça, zer jähek bilen bezelen ýörite lybasy.) syratly paýtunçy bilen hyzmatkärem üýtgeşik, aýratynam, paýtunyň gapylaryny bezeýän täçler oňa has geňsi göründi, bilesigelijiligi gününe goýman, ahyry olaryň näme aňladýanyny hyzmatkärden sorady. Paýtun seýilbagyň haý-haýly derwezesiniň öňüne baryp daýananda oglanjyk girelgä gelşik berýän, daşdan ýasalan äpet ýolbarslary ine-gana synlamak üçin penjireden boýnuny uzatdy. Derwezäni onuň golaýyndaky, çyrmaşyga çolanan jaýdan çykan alýaňak dolmuş aýal açdy. Onuň yzyna düşüp, ylgap çykan iki gyzjagaz sakga durdular-da, gözlerini giňden açyp, paýtunyň içindäki oglanjyga seretdiler, oglanam olary synlamaga durdy. Aýal ýylgyrdy-da, ýarym oturybrak baş egdi, çagalaram onuň yşaratyna mähetdel, ejeleriniň hereketini gülkünçje gaýtaladylar.
— Ol nä meni tanaýarmyka? — diýip, lord Fauntleroý sorady. — Meni tanyş gördi öýdýän.
Oglan mahmal beretini ( Beret — eteksiz we çüri depesiz, ýapbaşyk, tegelek, mahmaldan ýa-da begresden tikilen başgap. ) galdyryşyna aýala ýylgyryp seretdi:
— Agşamyňyz haýyrly! Gowumy taplaryňyz?
Onuň sözleri aýala ýaran bolarly, ol öňküsindenem mähirli ýylgyrdy welin, mawy gözleri ýakymly ýyldyrady.
— Siziň alyhezretleriňiziň işini Allaň özi oňuna etsin! — diýip geplendi. — Eýjejik ýüzüňiz Allaň penasynda saklansyn! Alnyňyz açyk, işiňiz şowly bolsun! Hoş geldiňiz!
Paýtun derwezeden girip barýarka lord Fauntleroý oňa ýene bir gezek beretini galgadyp, baş atdy. Ol:
— Gowy aýal eken. Oglanjyklary halaýar öýdýän. Çagalary bilen oýnamaga gelsemem boljak. Ýogsa-da, näçe çagasy barka? Sanlary uruş-uruş oýnarça barmyka?
Oňa derwezebanyň çagalary bilen oýnamaga rugsat beriljeginiň-berilmejeginiň gümanadygyny mister Hewişem Sedrige ýaňzydybam durmady. Aklawçy öz ýanyndan: «Howlukman, entegräkden aýtsamam bolar» diýip goýdy.
Paýtunyň bolsa, iki gyrasyny başlary asmanda tapyşýan syrdam-syrdam agaçlaryň hatary tutup oturan bagýoda bilen şo-ol gidip oturyşydy. Sedrik munuň ýaly, gujakýetmez sütünlerinden gaýdýan şahalary sülmüräp oturan ajaýyp agaçlary owal hijem görmändi. Dorinkortyň Angliýada iň owadan köşkleriň hataryna girýändiginden, seýilgähiniň bolsa esli meýdany tutup ýatan ajaýyp ýerleriň biridiginden, ondaky agaçlaryň deňsiz-taýsyzlygyndan onuň heniz habary ýokdy. Ol ýeke bir zady duýýardy: töweregi heýwere owadandy. Agşam şapagynyň altyn şöhlelerini daraklap oturan uly, ýaýraň agaçlar onuň hoşuna geldi. Lord Fauntleroý baglaryň arasyndan göze ilip gidýän gür agaçlyklara ýa-da merdemsi başyny belent tutup, sopbaş oturan äpet daragtlara düşündirmesi kyn şatlyk bilen seredýärdi. Olar tokaýyň bitgin paporotniklere basyrylan açyklyklarynyň, şemala tolkun atýan göm-gök jümjüme çemenzarlyklarynyň deňinden geçip barýardylar. Her gezek gyrymsylyklaryň arasyndan akja guýrugy jaýty towşan atylyp çykaga-da, ýene şo dem yzyna ýazzyny berende, Sedrik zöwwe ýerinden galşyna hikirdäp hezil edýärdi. Birdenem käkilik jüýjeleri ýerden güsürdäp göterildi, muňa göhi gelen Sedrik elini çarpyp gygyrdy.
— Bu ýeri owadan, hawa gerek? — diýip, ol mister Hewişemi gorjalady. — Munuň ýaly gözel ýeri ilkinji gezek görýän. Hatda Nýu-Ýorkuň merkezi seýilbagam munça ýok.
Ýoluň uzaklygy ony haýran galdyrdy.
— Entek kän ýöremelimi? — diýip, ol ahyry sabryny ýitirip sorady. — Derwezeden esasy girelgä çenli uzak eken-ow?
— Dört mil töweregi — diýip, aklawçy jogap berdi.
— Bäh, öýde ýaşaýanlara daşrak bolýandyr öz-ä — diýip, körpeje lord olaryň gaýgysyny etdi. Sedrik ýolboýy her gören zadyna haýran galyp barýardy. Bitgin otuň içinde ýatan ýa-da dik duran, yzlaryndan howsala bilen seredip galýan äpet şahly sugunlara gözi düşende dagy diriň-diriň böküberdi.
— Siziňkä sirk dagy-ha gelen däldir? Ýa olar mydama-da şu ýerde ýaşaýarmy? Kimiňki bular? — diýip, Sedrik sowal yzyna sowal sugşurdy.
— Bu ýeri olaň ýaşan ýeri. Olar grafyňky, ataňa degişli.
Az salymdan köşk göründi. Ol çalreňk, pajarly, gözel görnüşde, gala mahsus diwarlary, diňleri, çürelip gidýän başlary bilen olaryň öňünde ör boýuna galdy, batyp barýan Günüň soňkuja nury onuň sanýetmez penjirelerine düşüp lowurdaýardy. Diwarlary çyrmaşyga basyrylypdyr, çar ýanyna bassyrma aýlanyp, gülçanaklarda we çaklaňja çemenliklerde al-elwan güller parç bolup otyr.
— Munuň ýaly gözelligem boljak eken-ow! — diýip, ýüzi gyrmyzy öwsen Sedrik gygyrdy. — Hakyky şa köşgi! Şunuň ýaly görnüşi bir gezek ertekili kitapda görüpdim.
Şarňyldap duran giň holluň gapysy serpilip gitdi. Ol iki hatara düzülen birtopar hyzmatkärleri gördi, olaryň bary özüne seredýärdi. «Näme üçin bu ýerde durkalar» diýip, içinden pikir öwürdi-de, olaryň liwreýalaryna gyzyklanma bilen seretmäge başlady. Olar, soňlugy bilen, bu ajaýyplyklaryň — jadyly ertekilerdäki şa köşgüne çalym edýän kaşaň köşgüň, seýil-seýranly bagyň, köp ýaşan äpet dagartlaryň, towşanlaryň towsaklaşyp, goçak gözli menek-menek sugunlaryň agaýana gezip ýören paporotnikdir jümjümeli meýdanlarynyň eýesi boljak oglanjygy salam bilen garşylamaga çykanlaryna körpeje lord düşünenokdy. Iki hepde mundan öňem ol mister Hobbsyň dükanynda ýeralmaly haltalaryň, şetdaly gaplanan gapyrjaklaryň arasynda beýik oturgyjyň üstüne çykyp, aýagyny hallanladyp oturmanmydy näme. Onsoň oglan bu ajaýyplyklaryň özüne dahyllydygyna nädip düşünsin diýsene?
Hyzmatkärlere baş bolup gymmatbahaly tekiz gara ýüpek matadan tikilen köýnekli, çal saçynyň üstünden ýuka sümmen geýen gartaşan aýal durdy. Ol gapa golaý durşuna, Sedrigiň göwnüne bolmasa, özüne bir zatlar aýtmak isleýän ýaly göründi. Sedrigiň elinden tutup gelýän mister Hewişem aýak çekdi.
— Bu lord Fauntleroý, missis Mellon — diýip, ol tanyşdyrdy. — Lord Fauntleroý, bu hojalyk işleri boýunça dolandyryjy missis Mellon.
Sedrigiň ýüzi ýagtylyp gitdi, ol aýala elini uzatdy.
— Maňa pişigi siz ugratdyňyzmy? — diýip, ol sorady. — Men sizden juda minnetdar, hanym.
Derwezeban aýalyňky ýaly, missis Mellonyňam owadan ýüzi açylyp gitdi.
— Men jenabyň garasyny görenden tanardym — diýip, ol mister Hewişeme aýtdy. — Ogly aýny kapitanyň özi eken, sypaýyçylygy hem edil şol. Ah, ser, bu günlere-de ýetme bar eken-ow!
Bu günüň beýleki günlerden näme üýtgeşikliginiň bardygyna Sedrik o diýen düşünmedi. Ol bilesigeliji gözlerini balkyldadyp missis Mellona seredýärdi. Hanymyň gözleri birbada çygjaryp gidenem bolsa, olarda gam-gussanyň alamaty duýulmady. Ol Sedrige ýylgyryp seretdi.
— Pişigiň bu ýerde iki sanyjak ýakymlyja çagajygy hem galdy. Men ony siziň jenabyňyzyň otagyna eltäýerin.
Mister Hewişem ýuwaşlyk bilen missis Mellondan bir zatlar sorady.
— Kitaphanada, ser — diýip, hanym dessine jogap berdi. — Onuň ýanyna siziň jenabyňyzyň ýeke özüni elterler.
Aradan birnäçe minut geçenden soň Sedrige ýoldaş bolan egni liwreýaly saýyrdyň hyzmatkär kitaphananyň gapysyny açdy-da, wajyp äheň bilen:
— Lord Fauntleroý, milord — diýip habar berdi.
Özi ýönekeý hyzmatkärem bolsa, ol aýgytly pursadyň gelendigine düşündi; ata-babadan galan mülk ýerlerine we beýleki emläklerine eýe çykmaly mirasdüşer öýüne dolanyp, adyny-derejesini özüne geçirmeli garry grafyň öňünde daýanypdy.
Sedrik bosagadan ätledi. Içeri haşamlanyp ýasalan agyr mebeller, poldan petige çenli kitap tekjeler bilen gelşikli bezelen giňiş otagdy. Mebelleriň reňki çakdanaşa tutuksydy, perdeler şeýlebir agyrdy, penjireleriň çarçuwasy bolsa iç tarapa öte oýulyp gidýärdi, otagyň o başyndan bu başyna ýetjek bolsaň, aralyk esli bardy, bu görnüş agşamyň alagaraňkylygynda hasam ýürekgysgynç göründi. Birbada Sedrik otagda hiç kim ýokdur öýtdi, birdenem içinde ot alawlaýan ullakan diwarpejiň öňünde duran gabaraly, rahat kürsä gözi düşdi, onda oturan adam ilkibaşda oňa tarap öwrüleýinem diýmedi. Şeýle-de bolsa, onuň içerik girenini duýanam tapyldy. Kürsiniň gapdalynda penjeleri ýolbarsyňka çalymdaş sarymtyl-goňur äpet köpek süýnüp ýatyrdy; ol howlukman, dabara bilen ýerinden turdy-da oglanjyga tarap ädim urup gaýtdy.
Kürsüde oturan kişi:
— Dugal, gaýt! — diýip, ony yzyna çagyrdy.
Ýöne oglanjygyň ýüregine gorky bilen müňkürlik ýat duýgulardy — ol gorkmany-ürkmäni bilenokdy. Ol pikirlenibem durman, itiň boýunýüpünden tutdy, olar bile öňe ýöräp ugradylar, ýolugra Dugal Sedrigi ysgaşdyryp çykdy.
Diňe şondan soň graf kellesini galdyrdy. Sedrik çalaran gaşlarydyr saçlary pezzerip duran, hanasy çöküşen, içiňden geçip barýan gözleriniň arasyndaky burny bürgüdiň çüňki dek çowlanyp gidýän syryk ýaly uzyn garryny gördi.
Graf bolsa öňünde serpme ýakasy tor nagyşly gara mahmal penjek geýen, burum-burum saçy açyk, dostana garaýşa beslenen görmekli ýüzüni jähekläp, seçelenip gidýän syratly çaga kaddyny gördi. Aýdaly, galany jadyly ertekidäki köşge deňesek, onda dogrusyny aýtmaly, körpeje lord Fauntleroý, özi hem aňlamazdan, şol ertekidäki dynnym ýalyjak, ýöne berdaşlyja şazada meňzeýärdi. Elinde äpet köpegiň boýunýüpüni tutup, özüne dogumly seredip duran agtygynyň owadan, sagdynja ekenligini görüp, goja grafyň ýüregi begenjinden gürs-gürs etdi. Oglanjygyň ne özünden, ne-de köpekden sussunyň basylman durşy garry aristokratyň göwnüne ýarady. Sedrik oňa edil derwezäniň agzyndaky aýala hem-de hojalykçy dolandyryja seredişi ýaly garaýyş bilen seredip, golaýyna bardy. Ol:
— Siz grafmy? — diýip sorady. — Men siziň agtygyňyz, mister Hewişemiň getiren oglany. Lord Fauntleroý men.
Soňra, graflar bilen iş salyşaňda-da edep bilen sypaýyçylygy elden bermeli däldiginden çen alyp, salamlaşmak üçin elini uzatdy.
— Saglygyňyz ýagşydyr diýip umyt edýän — diýip, ol ýürekden gepledi. — Sizi görenime örän şat.
Graf onuň elini gysdy, şol pursat gözlerem üýtgeşik ýyldyrap gitdi. Birbada ýeke sözüňem diline gelmeýşine geň galdy. Ýerden çykan ýaly bolup öňünde peýda bolan naşyja oglanjygy gözlerini kölegeledip duran gaşlarynyň astyndan ilik-düwme synlady.
— Meni göreniňe begenýäňmi? — diýip, ol ýaňadan sorady.
— Hawa — diýip, lord Fauntleroý jogap berdi. — Gaty begenýän.
Sedrik golaýynda duran oturgyja geçip oturdy, oturgyjyň özem, arkalygam beýikdi. Sedrigiň aýagy ýere ýetmeýänem bolsa, jaýlaşykly ornaşdy-da, tanymal garyndaşyny parahat nazary bilen synlamaga başlady.
— Men ýolboýy sizi göz öňüme getirmäge synanyşdym — diýip, körpeje lord habar berdi. — Gämi otagyndaky ýatalgamda gyşaryp ýatyşyma: «Kakama meňzeýärmikä, ýa meňzeşem dälmikä?» diýip pikirlendim.
— Nähili onsoň, meňzeýär ekenimmi? — diýip, graf sorady.
— Ol ýogalanda men gaty kiçijikdim — diýip, Sedrik oýurgandy. — Ýüz keşbi o diýen ýadymda galmandyr, ýöne, meniň pikirimçe, meňzäňzok öýdýän.
Graf:
— Onda tamaň çykmandyrda? — diýdi.
— Ýok-la — diýip, Sedrik sypaýy jogap berdi. — Içimizde kakama meňzeýän biri bolsa gowy bolardy, elbetde. Ýöne meňzeş dälem bolsa, ataňa seretmek ýakymly. Garyndaşlaryň biri-birini gowy görýänini özüňiz bilýäňiz-ä.
Graf oglanjykdan gözüni aýyrman, ýagyrnysyny kürsiniň arkalygyna ýaplady. Onuň garyndaşyňy hemişe gowy görmelidigini bilýänem gümana. Ömrüniň köp bölegini garyndaşlary bilen gyr-jet bolup ötürdi — olara agzyna gelenini diýdi, öýden kowdy, olar bolsa agyz birikdiren ýaly, bary birden ony ýigrendiler.
— Garry atasyny gowy görmeýän oglan barmy — diýip, lord Fauntleroý sözüni dowam etdi — aýratynam, siz ýaly akýürek atany.
Garry aristokratyň gözleri ýene-de birgeňsi nurlanyp gitdi.
— Şeý diýsene! Diýmek, men akýürek-dä?
— Hawa — diýip, lord Fauntleroý ýylgyryp jogap berdi. — Brijite, Dike, alma satygça eden ýagşylygyňyz üçin hem men juda minnetdar!
— Brijit! — diýip, graf gygyryp goýberdi. — Dik! Alma satygçy!
— Hawa — diýip, Sedrik tassyklady. — Siz maňa şolara berer ýaly pul ugradypsyňyz-a. Onsoňam mister Hewişeme şol pullary, eger islesem, özüme bermegi tabşyrypsyňyz.
— Görle muny! — diýip, milord indi düşündi. — Şeý diýsene! Islän zadyňa sowmak üçin berlen pullar. Hawa, onsoň näme satyn aldyň şol pullara? Hany gürrüň ber.
Ol gaşlaryny gerip, oglana dykgat bilen seretdi. Oglanyň pullary nämä sowanyny çyny bilen bilesi geldi.
— Wiý, ýogsa-da — diýip, lord Fauntleroý sägindi. — Dik, alma satygçy, Brijit hakynda siz, asla, bilýänem dälsiňiz. Siziň olardan gaty uzakda ýaşaýanyňyz ýadyma-da düşmändir. Olar meniň dostlarym. Maýklyň gyzzyrmasy bolansoň…
— Maýkl diýeniň kim bolýa? — diýip, graf sorady.
— Maýkl Brijitiň adamsy bolýa. Işleri kän ugruna däl. Hojalykda on iki başy eklemeli erkek adam ýarawsyzlyk tapynyp, işläp bilmese, bilýäňizmi maşgala nähili ýagdaýa düşer. Maýklyň agzy gaty arassa, içenok. Brijit öýe gelip aglady. Hut şol mister Hewişemiň gelen agşamy Brijit aşhanamyzda otyrdy, iýere-içere, jaý kireýlerini töläre harajatlary bolmansoň, ejizläp gözüniň ýaşy kepänokdy. Men gürleşmek üçin onuň ýanyna çykdym. Onsoň siziň maňa diýip mister Hewişemden pul berip goýbereniňizi aýtdylar. Men ol puly Brijite berdim. Şeýdibem ähli zat ýerbe-ýer boldy. Brijit bolsa hiç gözlerine ynananokd-a. Ine, sizden näme üçin minnetdar bolýanymyň sebäbi şü.
— Dogry — graf pessaý, basyk sesi bilen gepledi. — Özüň üçin eden işiň şü diýsene? Ýene näme etdiň?
Daýaw köpek Sedrigiň oturan beýik arkalykly oturgyjynyň gapdalynda ornaşypdy. Ol edilýän gürrüňe gyzygýan ýaly, kellesini häli-şindi oglanjyga tarap öwürýärdi. Dugal agras köpekdi, ol, göýä, gabarasynyň durmuşa ýeňles garardan boldumlydygyny duýýan ýalydy. Itini bäş barmagy ýaly tanaýan graf onuň bolşuny gyzyklanma bilen synlaýardy. Dugal her göreni bilen esentanyş bolup ýören it däldi. Köpegiň özüni kiçijik elleri bilen sypalaýan oglanjygyň ýanynda juda rahat oturyşyna graf geňirgenme bilen syn edýärdi. Birdenem äpet it körpeje lord Fauntleroýa bilesigeliji nazaryny aýlap goýberdi-de, ýolbarsyňky pisint goçak kellesini emaý bilen oglanjygyň dyzyna goýdy.
Sedrik täze dostuny dynuwsyz sypalap oturyşyna, jogap berdi:
— Onsoň ýene, Dik bardy. Siz ony halardyňyz, ol şeýle tabaly.
Görse-baksa amerikalylaryň bujagaz sözi grafa nätanyş bolsa nätjek.
— Tabaly? O näme diýdigiň?
Sedrik sähel salym oýa batdy. Sözüň manysyna özem o diýen düşünip baranokdy, ony häli-şindi dilinde Dik ulanardy, onsoň öz ýanyndan ol juda gowy zady aňladýan bolmaly diýip hasaplardy.
— Meniň pikirimçe, hiç kimsäni aldamaýan — diýip, hyjuw bilen gürledi. — özünden kiçä el galdyrmaýan, köwüşleri bolsa aýna ýaly ýalpyldadyp arassalaýan adama şeýle diýilýär. Ol köwüş tämizleýji, onuň käri şol.
— Olam seniň tanşyň, dogry dälmi? — diýip graf gyzyklandy.
— Ol meniň köne tanşym — diýip, agtygy jogap berdi. — Edil mister Hobbs ýaly köne bolmasa-da, şonçarak bard-a. Gaýtjak wagtym, ynha, onuň maňa sowgat beren zady.
Sedrik elini jübüsine sokup, yhlas bilen eplenen gyzyl bir zady çykardy-da, emaý bilen onuň epinini açdy. Bu — ýüzüne atyň tumşugy bilen iri-iri melewşe nallar çekilen gyzyl ýüpek ýaglykdy.
— Muny maňa Dik sowgat etdi — diýip, ýaşajyk lord buýsanç bilen aýtdy. — Men bu ýaglygy tutuş ömrüme aýap saklaryn. Ony boýnuňa orasaňam bolýa, jübüňde saklasaňam. Dik muny Jeýkden paýyny alyp berenimden we täze köwüş çotka sowgat edenimden soň, ilkinji aýlygyndan satyn alypdyr. Bu maňa edilen ýadygär sowgat. Menem mister Hobbsa: «Wagty gören badyňyza, men düşerin ýadyňyza» diýen ýazgyly sagady sowgat berdim. Bu ýaglyga gözüm düşende bolsa Diki ýatlaryn.
Bu gürrüňlerden soň hormatly graf Dorinkortyň nähili duýgulary başdan geçirenini aýtmagam çetin. Onuň öz döwründe görmedik zady galmansoň, aňsat-aňsat zatdan çekinip durmazdy. Ýöne, ynha, alagada, garaşylmadyk ýerden ol aljyrady oturyberdi. Grafyň, heý, çaga guwanyp, oňa gadyr goýan wagty barmyka, elmydama öz keýpi bilen özi bolansoň, çagalara eli ýetjek gümany ýokdy. Ogullary kiçi wagtam olar bilen işi bolmazdy. Dogry, Sedrigiň kakasynyň berdaşlyja, özüne çekiji körpe bolandygy kädaýym ýadyna düşüp gidýär, elbetde. Ýöne özüni şeýlebir gowy görerdi welin, beýlekileriň akýürekliligini görmäge gezek gelende, göýä, gözi gapylan ýalydy, hatda çaganyň neneňsi mähirli, hamrak bolýanlygyndanam habary ýokdy. Körpeleriň ýazyksyz, kireňsiz göçgünli hereketleri ony ýadyrgatjakdy.
Oglanjyklaryň hemmesi onuň gözüne boýuntyryklap saklanylmaly ýakymsyz haýwanjyklar, diňe özüni bilýän, gysyk, dekine gezmeýän garagollar bolup görünýärdi. Iki uly ogly terbiýeçileriniň enterpelegini öwrüpdi. Kiçisiniň üstünden bolsa şikaýat edýän ýokdy, bu ýagdaýa-da graf: «Ol hiç kimi gyzyklandyranok, şonuň üçin şeýle bolýar» diýip düşünýärdi. Agtygyny söýmek dagy grafyň kellesine-de gelmändir ahyr. Kiçijik Sedrigiň yzyndan adam ibermegine-de onuň tekepbirligi sebäp boldy. Graf öz ýerini eýelejek oglanjygyň, nadan hem gödek çykyp, haý-haýly adyny ryswa etmegini islemedi. Ýaş oglana ýekeje-de mähiri ýokdy, samsyk çykmasa razydy. Onuň uly ogullaryndan mazaly göwni galypdy, amerikaly gyza öýleneni üçin kapitan Errola-da erbet gahar edýärdi.
Hyzmatkär lord Fauntleroýy getirenini habar berende, graf howatyrlanýan zadynyň tassyk bolmagyndan hederlenip, birbada oglanjyk tarapa seretmäge aýgyt edip bilmedi. Oglanyň ýeke özüni getiriň diýeniniň sebäbem, ynha, şü. Lapynyň keç bolanyny biri göräýse, namys etjekdi. Gamak ýaly ýeňil gopup otaga giren Sedrigiň elini gorkman-ürkmän itiň boýunýüpüne ýetirenini görende begenjinden grafyň tekepbir ýüregi gobsunyp gitdi. Hatda keýpiniň saz wagtam graf munuň ýaly agtyga umyt baglamandy. Ol nähili görmekli, synasyny neneňsi dogumlyja tutýar! Görmäge gorkup ýören, ejesini ýek ýigrenýän oglanynyň özümikä beri şu duran? Duýdansyzlykdan ýaňa, grafyň ganyna siňen sowukganlylyk ony terk etdi oturyberdi.
Şeýdip ata bilen agtygyň arasynda gürrüňdeşlik başlandy, geň ýerem, garry grafyň dura ynjalygy gaçyp, geňirgenmesi artdy. Ol öz öňünde adamlaryň el-aýagyny ýitirip, sussunyň basylmagyna endik edipdi, agtygyndan hem şoňa garaşýardy. Ýöne Sedrik äpet itden gorkmaýşy ýaly, atasyndanam asla howy basylmady. Bu ulumsylyk däldi-de, göwnaçyklyk bilen ynanjaňlykdy, çekinjeňlik etmek ýa-da aljyramak onuň kellesine-de gelenokdy. Oglanjygyň özüne dost, ýagşy adam hökmünde garaýandygyny graf inkär edip bilmedi. Bu gyňyr, şilliň garrynyň ony halamanam, gelenine begenmänem biljegini o näbilsin diýsene. Onsoňam düşnükli zat, oglanjyk oglanlygyny edip, garryny güýmejek, göwnüni awlajak bolýardy. Garry graf çytyk, perwaýsyz, daşýürek adamam bolsa, barybir, kalbynyň çuňlugynda munuň ýaly ynam ony gozgalaňa saldy. Müňkürlik bilen seretmeýän, özünden gaçgaklamaýan, bolgusyz gylyklaryndan bihabar, özüne bassyr-ýussursyz, ynanjaň gözleri bilen seredýän biriniň — goý, ol bary-ýogy gara mahmal penjekli oglanjyk bolaýsyn — bardygynyň özi nämä degmeýär?
Garry graf kürsüsinde arkan gaýşyşyna göreçlerini täsin ýyldyradyp, oglanjyga sowal bermesini dowam etdi. Lord Fauntleroý sowallara höwes bilen jogap berýärdi, jinnek ýalam çekinmän, şadyýanja jedirdeýärdi. Ol grafa Dik bilen Jerri, alma satygçy we mister Hobbs barada hemmeje zady gürrüň berdi. Respublikaçylar partiýasynyň ýygnaklaryny baýdaklary-nyşanlary, şygarlary, alawlary hem feýerwerkleri bilen bilelikde gyzyklandyryp beýan etdi. Şeýde-şeýde ahyr Dördünji iýully we Garaşsyzlykly ýerine ýetende şeýlebir joşdy welin, birdenem güpbe bir zat ýadyna düşen deý, lam-jim bolaýdy.
— Näme boldy? — diýip, graf sorady. — Yzyny aýtmadyň-a?
Lord Fauntleroý aladaly gorsanjyrady. Duýdansyz kellesine gelen pikiriň ony biynjalyk edenini graf görüp durdy.
— Aý, siz birden halamarsyňyz öýtdüm-dä — diýip, Sedrik ýaýdandy. — Mümkin siziňkilerden biri şol wagt şo taýda bolanam bolmagy ahmal. Siziň iňlisdigiňiz ýadymdan çykypdyr.
Milord:
— Arkaýyn dowam ediber. O taýa meňkilerden baran ýok. Özüňem iňlis-ä, ýadyňdan çykdy öýdýän — diýdi.
— Aý, ýok — diýip, Sedrik dessine garşy çykdy. — Men amerikan!
— Sen iňlis — Graf ýüz-gözüni egşidip gaýtalady. — Seniň kakaň iňlisdi.
Gürrüňdeşligiň beýle öwrüm almagy garry aristokratyň böwrüni gyjyklady, ýöne Sedrigiň oýun ýadyna düşenokdy. Ol beýle zada garaşmandy. Oglan gulagynyň düýbüne çenli gyzardy.
— Men Amerikada doguldym — diýip, ol eňegine tutdy. — Kim Amerikada dogulsa, şolam amerikan bolýar. Size däl diýýänim üçin bagyşlaň — diýip, ol garaçyny bilen sözüniň üstüni ýetirdi. — Mister Hobbs maňa şeý diýdi, kim bilýär, birden jedelli mesele ýüze çyksa, sen amerikanlaryň arkasyny tutmalysyň diýdi.
Graf kinaýaly gülümjiredi, bu tutuksy gülümsireme-de bolsa, ýylgyryşa golaýdy. Ol:
— Äh-hä, mundan çykdy diýsene? — diýdi. Graf Amerikany, oňa dahylly zatlary hiç halanokdy, emma ýumruk ýaly watanparazyň garaçyny bilen aýdan sözleri onuň göhüni getirdi. Ol öz ýanyndan: «Munuň ýaly halysalla amerikandan, wagtyň geçmegi bilen gowuja iňlisem çyksa çykybiýr» diýip, bähbide ýordy.
Aý, onsoňam Garaşsyzlyk ugrundaky göreşiň taryhyna çuň aralaşar ýaly, olaryň wagty hem bolmady, hyzmatkär nahara çagyrdy. Üstesine, lord Fauntleroý gaýtadan şu gürrüňe dolanmaga-da çekindi.
Sedrik turup, atasynyň kürsüsiniň ýanyna bardy. Onuň dertli aýagyna gözi düşüp, mylakatlylyk bilen kömegini hödürledi:
— Kömekleşeýinmi? Menden ýapyşaýyň. Mister Hobbs aýagyny ýeralmaly çelegiň astynda galdyryp agyrdanda ol maňa söýenip ýerinden galýardy.
Uzyn boýly hyzmatçy, tasdanam, ýylgyryp, abraýydyr işinden dynýardy. Adatça, diňe tanymal adamlaryň gullugynda durýan bu aristokrat hyzmatçynyň ýüzüniň ýylgyrýan wagty ýokdy. Ol her hili ýagdaýa duş gelse-de, özüňe erk edip bilmän, ýyrşaryp ýörmäni garamaýagyň derejesine çenli peselmek diýip düşünýärdi. Hälem mazaly, grafyň kellesi üstaşyr görünýän, bolgusyz çekilen surata tiňkesini dikmegi ony bu ýagdaýdan sepini bildirmän alyp çykaýdy.
Graf ýaş batyr garyndaşyny gözi bilen saldarlap çykdy. Ol:
— Güýjüň ýetermikä? — diýip, sowuklaç hüňürdedi.
— Ýeter, näme ýetmän — diýip, Sedrik ynamly gepledi. — Men güýçli. Ýedi ýaşadym. Bir eliňiz bilen hasaňyza daýanyň, beýleki eliňiz bilenem maňa. Dik maňa: «Sen ýaşyňa görä däl, etiň gatyja» diýýärdi.
Ol elini tirseginden epdi-de, Dikiň öwgüsini ýetiren çigin etiniň ýumrusyny mazamlady. Şol pursat onuň ýüzi şeýlebir çynlakaý keşbe girip, ünsi bir ýere jemlendi welin, hyzmatçy ýene nazaryny surata sowup güýmenmeli boldy.
— Hany onda — diýip, graf ylalaşdy — synanyş.
Grafa hasasyny uzadan Sedrik oňa gop bermäge häzirlendi. Bu mundan owal hyzmatkäriň edýän işidi, şol pursat boýun agyrysynyň tutan wagtyna dagy gabat geläýse, graf oňa erbet sögünerdi. Onuň alyjenabynyň gahar jylawlamaga gezek gelende duran ýeridi, onuň hyzmatyndaky, lowurdap duran liwreýaly daýaw-daýaw hyzmatkärlerem nazaryna tap getirip bilmän saňňyldabererdiler.
Emma bu agşam grafyň azarly aýagynyň yzasy beterem bolsa, ýeke gezegem gargynjyramady. Janyny barlap göresi geldi: ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, dogum bilen teklip edilen egne elini goýdy. Kiçijik lord Fauntleroý iki gözüni agyryly aýakdan aýyrmaýşyna, emaý bilen öňe ýöräp ugrady.
— Arkaýyn agramyňyzy salyberiň — diýip, ol göwünjeň gepledi. — Men haýaljakdan ýörärin.
Häzir grafy hyzmatkär äkidip barýan bolsady, ol bar agramyny hasasyna däl-de, şonuň egnine atardy. Ýöne, barybir, graf synagyny syndyrmady, agramyny agtygynyň egnine ýagşyja atdy. Agram ony ýegşerdip ugrady, birnäçe ädim ädenden soň Sedrigiň ýüzi gyzaryp, ýüregi endiredi, ýöne şonda-da özüniň güýçli çiginlerini Dikiň magtamasyny ýatlaýşyna, ruhlanyp ýan bermedi.
— Agramyňyzy salmaga gorkmaň — diýip, ol hassyldap gaýtalady. — Zeleli ýok… men, indi… indi uzakda däldir-ä.
Naharhana çenli aralyk, hakykatda, beýle bir uzak dälem bolsa, Sedrigiň gözüne ol allowarrada ýaly göründi. Ahyry olar nahar stolunyň başynda duran kürsiniň ýanyna ýetdiler. Sedrik egnine goýlan eliň agramyny barha artýan ýaly duýdy, ýüzi lap-lap gyzdy, ýüreginiň gürsüldisi gulagyna geldi, ýöne şonda-da ýan bererli däldi: bar güýjüni jemläp, başyny dik tutup, agsaklaýan grafa göwünlik berişine ýöräp barýardy.
Ol:
— Aýagyňyzy ýere basaňyzda gaty agyrýamy? — diýip soraýardy. — Gorçisaly gyzgyn suwa batyryp saklap gördüňizmi? Mister Hobbs şeýdýädi. Goýun otunyň ( Goýun oty ýa-da başgaça arnika — lukmançylykda ulanylýan sary gülli ösümlik.) hem peýdasy köp diýýäler.
Äpet köpek olaryň gapdalyndan deň gadam urýardy, uzyn boýly hyzmatkärem yzlaryndan barýardy. Oglana seredende, onuň ýüzünde häli-şindi zor bilen basalyk beriljek bolunýan ýylgyrma meňzeş bir alamat oýnaklap gidýärdi. Gözüniň gytagy bilen aşak — Sedrigiň ýeňiljek göwresine, çym gyzyl bolan ýüzüne seredende, edil şonuň ýaly alamat grafyňam ýüzünden typyp gidýärdi.
Sedrik aşhana girende öňünde ullakan ajaýyp otagy gördi, stoluň başyndaky kürsiniň arkasynda duran hyzmatkär olardan gözüni aýyrmaýardy.
Ynha, kürsä-de ýetdiler. Egninden basyp duran el aýrylyp, graf seresaplyk bilen oturdy. Sedrik Dikiň beren ýaglygyny çykaryp, maňlaýyny syldy. Ol:
— Şu gün-ä ýaman yssy, hawa gerek? Size diwarpejiň ýylysy aýagyňyz… aýagyňyz üçin gerekdir, ýöne men-ä birhili gyzyp, yssylaýan ýaly — diýdi.
Salykatlylygy oňa öýde gerekmejek zadyň bardygyny aýtmaga mümkinçilik bermedi. Graf:
— Senem azara goýdum — diýdi.
— Aý, ýok-la, azary ýok! — diýip, körpeje lord sypaýyçylygy elden bermedi. — Özüm biraz gyzdym-leý. Tomusd-a.
Şeý diýdi-de, çygjaran maňlaýyny we saçlaryny yhlas bilen süpürdi. Stoluň o başynda, atasynyň gabat garşysynda oňa niýetläp kürsi goýdular. Ol Sedrikden has gabarak kişilere niýetlenen bolmaly. Umumanam, köşkde gözüne ilen ähli närseler — beýik petikli giň otaglaram, gabaraly goş-golamlaram, syryk ýaly hyzmatkärem, äpet köpegem, hatda grafyň özem — onuň özüni kindiwanja duýmagy üçin ýöriteläp gabatlanan ýalydy. Aý, ýöne bu zatlar onuň perwaýyna-da däldi: ol özüni hijem uly, üýtgeşik ketde hasaplamaýardy, täze düşen ýeri, ýagdaýy birneme darykdyrýanam bolsa, öwrenişmäge taýyndy. Stoluň o başynda duran oturgyja geçip ornaşanam şol, ol ilkinji gezek özüni adatdakysyndan juda kiçelen ýaly duýdy. Grafyň ýeke özi ýaşaýanam bolsa, öýüň tertiplenilişi çakdanaşa dabaralydy. Graf damagyny gowy görýärdi, mydama bolelin naharlanýardy. Sedrik bilen aralaryndaky stoluň üstündäki düregeý-düregeý billur hem farfor gap-gaçlar öwşün atyp, öwrenişmedik gözi gamaşdyryp gelýärdi. Mähnet stoly, liwreýa geýen uzyn boýly hyzmatçylary, ýagty yşyklary, kümüşdir billuryň öwüşginlerini, üstesine-de, stoluň başynda oturan hyrsyz garry bilen onuň gabat garşysyndaky kiçijik oglanjygy keseden synlan adam, walla, ýylgyrardy. Naharlanmak graf üçin wajyp işdi, bu aşpez üçinem juda möhüm hysyrdydy, aýratynam, hojaýynyň keýpi saz däl bolsa ýa-da işdäsi kemse, onsoň işiň bardy. Bu gün-ä grafyň işdäsi öňkülere garanda hiç neneň däl ýaly, mümkin pikiri başga zatda bolansoň, naharyň yzyndan äberilýän ýürekseleriň we jazlaryň tagamyna o diýen üns bermeýän bolmagy ahmaldy. Tutuş aňyny agtygy eýeläpdi. Graf stoluň o başynda oturan agtygyna aram-aram nazar aýlap goýberýärdi. Özi aglaba dymýanam bolsa, oglanjyga dil açdyrypdy. Ol çaga bilen gürrüňdeşlik beýle özüne çekiji bolýandyr öýtmeýärdi: lord Fauntleroý oňa gepläp hezil berdi, şol bir wagtyň özünde-de käbir gürrüňleri ony çykgynsyz ýagdaýda goýdy. Graf oglanjygyň çydamlylygyny, berdaşlylygyny barlamak üçin, agyr göwresi bilen çaga kibtine daýanyşyny ýatlady. Agtygynyň tutanýerliligi, ýanbermezligi oňa ýarady.
— Siz graf täjini mydama geýip ýöreňzok öýdýän — diýip, lord Fauntleroý edep bilen sorady. Graf ýüzüni gamaşdyryp:
— Ýok. Ol maňa beýlebir gelişibem baranok — diýdi.
— Mister Hobbs-a maňa siz täjiňizi çykarman geýýäňiz diýdi. Dogry, käte şlýapaňyzy geýjek bolaňyzda çykarýanam ekeniňiz — diýip, Sedrik eşidenini aýtdy.
— Hawa, käte çykarmalam bolýan — diýip, graf ylalaşdy.
Şol pursat hyzmatçylaryň biri aňyrsyna öwrüldi-de, ýüzüni eli bilen ýapyp, birtäsin üsgürinjiredi.
Sedrik naharyny ilki iýip boldy, soň kürsüsinde arkan gaýşyp, otagy gözden geçirmäge başlady. Ol:
— Siz şeýle öýüňiziň bardygyna buýsanýan bolmaly. Gaty owadan eken! Ömrümde munuň ýaly öý görmedim. Dogry, men ýaňybir ýedi ýaşymda, heniz bilýän zadym az — diýdi.
— Diýmek, seniň pikiriňçe, men öýüme buýsanmalyd-a? — diýip, graf sowal berdi.
— Elbetde — diýip, lord Fauntleroý jogap gaýtardy. — Kimem bolsa buýsanardy. Meňki bolan bolsa menem buýsanardym. Ähli zady gözel. Seýilbagam, agaçlaram! Owadandyklaryny, ýapraklarynyň şelpe kakaýyşlaryny!
Şeý diýdi-de, sähel dymdy, soň gussa bilen atasyna seretdi. Ol:
— Ýöne iki adam üçin bu öý has uly bolýa, şeýle gerek? — diýip belledi.
— Ol iki adama niýetlenip giňiş salnan — diýip, graf garşy çykdy. — Näme, aşa giň gördüňmi?
Sedrik birbada jogap bermedi.
— Aý, ýöne öýde iki adam ýaşaýan bolsa, olaram öz aralarynda o diýen oňuşmaýan bolsalar, olar käte özlerini ýalňyz duýjaklard-a diýip oýlandym.
— Sen nähili pikir edýäň, meň bilen oňuşarmykaň? — diýip, graf sorady.
— Oňuşarmykam diýýän — diýip, Sedrik ynamly aýtdy. — Mister Hobbs ikimiz gowy oňuşýadyk. Mähribanymy hasap etmeseň, ol meniň iň gowy dostumdy.
Graf gaşlaryny gerdi.
— «Mähribanym» diýýäniň kim?
Lord Fauntleroý ýuwaşjadan:
— Ejem — diýdi.
Belki, ol biraz ýadandyr, wagt gijikdi ahyry, soňky günleriň aladasam ýadadan bolmagy ahmal, ýöne ony gaýga batyran zat, ol bu gün öz ýatalgasynda ýatmaz hemem «iň gowy dostunyň» mähirli gözleri oňa bakmaz. Ene bilen ogul mydama «iň gowy dostlardy». Oglan ejesini ýatlamajak bolýardy, ýatladygysaýy dili tutulyp barýan ýalydy, graf naharyň ahyrynda oglanjygyň ýüzünde gussanyň kölegesini gördi. Ýöne Sedrik mert durdy, kitaphana dolananda grafam indi öňküsi ýaly agtygynyň egnine agram salmady. Hyzmatçy gidip, olar ikiçäk galanlaryndan soň, Sedrik Dugal bilen diwarpejiň öňüne ýazylan halynyň üstüne geçdiler. Ol äpet itiň gulaklaryny sypap dymyp oturyşyna, oda seredýärdi.
Grafyň bolsa iki gözi agtygyndady. Pikire çümüp oturan oglanjygyň nazary gamgyndy, iki gezek dagy biliner-bilinmez uludan deminem alyp goýberdi. Graf sarsman oturyşyna, henizem agtygyndan gözüni aýyrmaýardy.
— Fauntleroý — diýip, ol ahyry ümsümligi bozdy — nämäň pikirini edýäň?
Fauntleroý gabagyny galdyryp, ýylgyrmaga çalyşdy.
— Mähribanym hakynda pikir edýän — diýip, ol jogap berdi — onsoňam… onsoňam, gowusy ýerimden turup, içerde biraz gezmeläýin-le.
Ol ýerinden galdy-da, ellerini jübüsine sokup, otagda öňe-yza ýöremäge başlady. Gözleri ýyldyraýardy, dodaklary gaýym ýumulgydy, ýöne başyny dik tutup, ädimini ynamly ädýärdi. Dugal gerinjiräp, Sedrige seretdi-de, olam aýak üstüne galdy, oglanjygy alkymlaýşyna birahat halda onuň yzyna düşdi. Fauntleroý jübüsinden çykaran elini itiň kellesine ýetirdi. Ol:
— Gowy it eken. Ol meniň dostum. Maňa düşünýär — diýdi.
— Nämä düşünmeli? — diýip, graf sowal berdi. Oglanyň birbada öýüni küýsäp kösenişini görende, graf özüni oňaýsyz duýdy. Sedrik erkeklerçe syr bildirmezlige çalyşýardy, bu atasyna ýarady. Graf:
— Bäri gel — diýip, ony ýanyna çagyrdy. Sedrik diýleni etdi.
— Owal öýden çykyp görmändim — diýen oglanjygyň gözlerinde howsala göründi. — Gije öýüňde däl-de, başga ýerde ýatmaly bolsaň özüňi birhili duýýan ekeniň. Dogry, ejem şu golaýda. Ejem maňa şony ýatdan çykarmazlygymy sargapdy… Men eýýäm ýedimi doldurdym… onsoňam onuň maňa berip goýberen suratam ýanymda ahyry, şoňa seretsemem bolýar.
Ol elini jübüsine sokup, daşyna benewşe mahmal çekilen kiçeňräk gutyny çykardy.
— Ine — diýip, ol elindäkini görkezdi — şu puržynjyga basdygyň guty açylýar, içinde-de ejem!
Ol grafyň elgoýara taşlap oturan eline gysmyljyrap çalaja egildi.
Guty açyldam welin:
— Ynha ejem — diýip, gözlerini güldürip, gabaklaryny galdyrdy.
Graf ýüzüni kürşertdi. Onuň portrete bakasy gelmedi, ýöne, barybir, özünden bidin garap goýberdi — görse, ýaşajyk owadanja ýüz, ýanynda duran çaga şeýlebir meňzeş, asyl pikirleri garjaşyberdi.
— Ýalňyşmasam, ony gowy görýändigiň barada pikir edýäň öýdýäň? — diýip, graf sorady. Lord Fauntleroý gizläbem durman:
— Hawa — diýip jogap berdi. — şony pikir etdim, pikirlenip otursam, ol, hakykatdanam, şeýle. Bilýäňizmi, mister Hobbs meniň dostumdy, Dik, Meri, Brijitdir Maýklam dostlarym, ýöne Mähribanym maňa has golaý, biziň biri-birimizden gizlin zadymyz ýok. Kakam maňa onuň aladasyny et diýip gitdi, ulalsam, işläp oňa pul getirip berjek.
— Haýsy käriň başyny tutsam diýýäň? — diýip, graf gyzyklandy. Kiçijik lord elindäki suratyny goýman, halynyň üstüne çökdi. Jogap bermezden öňürti ýagşyja pikirleneýin diýen bolmaga çemeli.
— Öň-ä mister Hobbsyň ýanyna ýerleşäýsemmikäm diýýädim — diýip, ahyry ol dil ýardy. — Ýöne göwnüm prezident bolmagy höwes edýär.
Graf:
— Biz seni lordlaryň palatasyna ýollarys — diýdi.
— Aý hawa, birden prezident bolmak nesibämde ýok bolsa, Palata-da — abraýly edara, garşy däl. Dükanda söwdagär bolmak käte gaty ýürekgysgynç — diýip, lord Fauntleroý pikirini aýtdy.
Megerem, aňynda öz mümkinçiliklerini saldarlap görýän bolara çemeli, ýöne ol birden dymdy-da, göreçlerini oda dikdi.
Graf şondan soň biragzam geplemedi. Ol kürsiniň arkalygyna ýaplandy-da, oglany ses-üýnsiz synlamaga başlady. Garry aristokratyň kellesinde düşnüksiz oý-pikirler at salýardy. Dugal diwarpejiň öňünde süýnüşine, agyr penjelerini ýassanyp irkildi. Uzaga çeken dymyşlyk aralaşdy.
Aradan ýarym sagat geçensoň, hyzmatçy gapyny açdy, kitaphana mister Hewişem girdi. Içeri ümsümlige gaplanypdy. Graf kürsüde doňan ýaly bolup otyrdy. Mister Hewişemiň aýak sesini eşiden graf gaňrylyp seretdi-de, «Ýuwaş» diýen manyda elini galdyrdy, aklawça bu yşarat biygtyýar, özünden bidin edilen hereket ýaly bolup göründi. Dugal entegem ýatyrdy, onuň ýanynda bolsa buýra saçly kellesini ýassyk edinen ellerine goýup, kiçijik lord Fauntleroý uka gidipdi.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA,
«Dünýä edebiýaty»