Körpeje lord Fauntleroý (2 bölek)
Frensis Hodgson BERNETT,
iňlisamerikan ýazyjysy
Ýöne ony kyn ýagdaýdan Sedrigiň özi çykardy, başyny başlap goýberdi.
— Çynymy aýtsam, men-ä grafyň nämediginem bilemok.
— Bileňokmy?
— Bilemok — diýip, Sedrik gaýtalady. — Meniň pikirimçe, graf boljak bolsaň, ilki onuň nämedigini bilmelimikä
diýýän. Dogry gerek?
— Dogry — diýip, mister Hewişem ylalaşdy.
— Düşündiriň diýsem, kyn görmersiňiz gerek? — diýip, Sedrik edep bilen sorady. (Uzyn sözleri aýdanda käte
biraz aljyrajak bolýardy). Adam nädip graf bolýar?
— Graflyk şa ýa-da şa aýaly tarapyndan berilýär, elbetde — diýip, mister Hewişem düşündirdi. — Patyşasyna
gowy hyzmat edeni ýa-da başga bir gowy iş bitireni üçin.
— Wiý, hä-ä-ä! — diýip, Sedrik gygyryp goýberdi. — Prezident ýaly!
— Şeýlemi?! — diýip, mister Hewişem geňirgenip sorady. — Bu ýerde prezidentlige şoň üçin belleýärlermi?
— Hawa — Sedrigiň jogaby nagt çykdy. — Kim gowy we bilimli adam bolsa, şony prezident saýlaýarlar.
Orkestriň sazynyň astynda elleri alawly adamlar ýöriş edýärler, söz sözleýärler. Öň menem prezident
bolaýsammykam diýip pikir edip ýördüm, graf bolup biljegim dagy kelläme-de gelmändir. Graflar hakynda hiç
zat bilmämsoň şeýle boldy-laý. — Mister Hewişemiň göwnüne degäýmekden heder eden Sedrik soňky
sözlerini çaltjak sugşuryp goýberdi. — Bilen bolsam, çynym, hökman onuň pikirini ederdim.
— Ýöne bu prezident bolan ýaly däl-dä — diýip, mister Hewişem belledi.
— Dogrudanam? — diýip, Sedrik geň galdy. — Näme üçin? Alawly ýöriş boljak däl-dä onda?
Mister Hewişem aýagyny aýagynyň üstüne atyp, oýurganyşyna elleriniň barmaklaryny çilşirdi. Ol: «Hemme
zady jikme-jikligi bilen düşündirmegiň wagty ýetdi» diýip içini gepletdi.
— Graf diýilýäni… gaty uly adam — diýip, ol söze başlady.
— Prezidentem şeýle-dä! — diýip, Seddi hem özüniňkini aýdyp galdy. — Alawly ýöriş bäş mile çenli dagy
uzalyp gidýär, onsoň ýene raketada uçurýarlar, orkestrem bir durman saz çalýar! Meni mister Hobbs äkitdi
görmäge.
— Graf — diýip, mister Hewişem aýdýanynyň esaslydygyna özi-de känbir ynanman sözüni dowam etdi. —
Köplenç, aňyrsy juda gadymy…
— O nähili? — diýip, Sedrik ýene-de sözüni böldi.
— Aňyrsy gadymdan bäri gelýän maşgaladan… Juda gadymdan bäri.
— Hä-ä! — Sedrik ellerini jübüsine has çuňňurrak sokdy. — Düşünýän! Seýilbagyň gapdalynda oturýan alma
satýançy ýalydyr-da. Şolam-a… gadymdan bäri gelýäne meňzeýär. Ol şeýlebir garry, nädip aýagynyň üstünde
ýykylman durup bilýär, men haýran. Azyndan ýüz-ä ýaşandyr, ýöne mydama şo taýda, ýagyş ýagsa-da otyr.
Meň-ä oňa ýüregim awaýar, beýleki oglanlaram şeýle. Bir gezek Billi Wilýamsyň tegelek bir dollara golaý puly
bar eken. Men oňa: «Bir dollaryň ýeten ýerine barýança daýzadan her gün bäş sentlik alma satyn al» diýip
haýyş etdim. Pul ýigrimi güne ýetjek eken, ýöne bir hepde geçdem welin, alma Billiniň ýüregine düşüpdir.
Emma meňki ýene ugruna boldy: bir jentlmen maňa elli sent eçildi, onsoň Billiniň ornuna almany men satyn
alyp başladym. gadymdan bäri gelýän… şeýle garryja adamlara haýpym gelýär. Öz aýdyşy boýunça, gadymdan
bäri gelýäni üçin süňkleri agyrýar, ýagyş ýagsa-da bildirýär.
Mister Hewişem ýaşajyk gürrüňdeşiniň garaçyny bilen aýdan sözlerine näme diýjegini hem bilmän, sessiz-
üýnsüz ýüzüne seredip otyrdy.
— Görýän welin, siz maňa doly düşünmediňiz öýdýän — diýip, ol sypaýyçylyk etdi. — «Gadymdan bäri gelýär»
diýemde, men onuň ýaşyny göz öňünde tutamok-da, aňyrsy gadymdan bäri tanalýan maşgala
hasaplanýandygyny aýtjak boldum, mümkin şol ady göterýän nebere ýüzlerçe ýyllardan bäri iliň dilindedir,
belki, ýurduň taryhyna-da girendir.
— Jorj Waşington ýaly-da — diýip, Sedrik alyp göterdi. — Şoň adyny men-ä doglanym bäri eşidýän. Ýöne ol
dogulmazymdanam ep-esli öň meşhur eken. Mister Hobbs-a: «Ony adamlar hiç wagt unutmaz» diýýä.
Garaşsyzlyk deklarasiýasy hem-de Dördünji iýul üçin, bilýänsiňiz-le. Juda dogumly adam bolupdyr, hä-ä.
— Birinji graf Dorinkort — diýip, mister Hewişem dabaraly gepledi. — Graflygyň belent mertebesine dört ýüz
ýyl mundan ozal çykarylypdyr.
— Bäý-bä-ä! — Sedrik gygyryp goýberdi. — Gaty gadymdan bäri eken-ow! Muny Mähribanyma aýtdyňyzmy?
Eşitse, haýran galar. Häzir gelse aýdaly. Şunuň ýaly wakalary ol gowy görýär. Grafy mertebeläp beýgeldýärler,
onsoň ýene näme edýär ol?
— Olaryň galapyny Angliýany dolandyrmaga gatnaşdy. Içinde batyrlary hem bardy, öňler uly jeňlere dagam
gatnaşýan ekenler.
— Menem gatnaşardym — diýip, Sedrik ýürejigini aýtdy. — Kakam esgerdi, özem gaty zor esger — edil Jorj
Waşington ýaly. Ölmedik bolanlygynda ony hut şol sebäplem graflyga beýgeltmekleri mümkindi. Graflaryň
batyr bolýanlygyna begenýän. Batyr bolmak — uly… ar.., nämedi şol,.. tykmaçlyk. Öňler köp zatdan gorkardym
— mysal üçin, garaňkylykdan; soň Rewolýusiýa döwründäki esgerler we Jorj Waşington hakynda oýlanyp
başladym welin, gorkudan saplanaýdym.
— Graflaryň ýene bir artykmaçlygy bar — diýip, mister Hewişem sözleriniň arasyna dyngy berip aýdyşyna,
oglana bilesigelijilik bilen seretdi. — Olaryň käbiriniň puly aşa kän bolýar.
Ýaşajyk dosty puluň güýjüne düşünýämi-düşünenokmy, onuň bilesi geldi.
— Ol-a gowy eken — diýip, Sedrik parahat jogap berdi. — Pulum köp bolsa, maňa-da kem bolmazdy.
— Şeýlemi? — diýip, mister Hewişem sugşurdy. — Puly näme ederdiň?
— Bilýäňizmi — diýip, Sedrik düşündirmäge durdy — pul bilen gaty köp iş bitirip bolýar. Mysal üçin, alma
satýan satygçy daýza. Pulum bolsa onuň göçme dükanjygynyň üstüne brezent bassyrma tutup bererdim,
ýagyn-ýagmyrly günler bolsa «Çykma, öýüňde otur» diýip, gününe bir dollardan kömek ederdim. Wiý, hä,
ýene… ýyly ýaglyk hem alyp bererdim. Şonda onuň süňkleri beýdip yzaly agyrmaz. Onuň süýekleri biziňki ýaly
däl, sähel gymyldasa syzlaşyp dur. Şunuň ýaly agyry adamyň ýüregine düşýär. Pulum kän bolup, oňa gerek
zatlaryny alyp bermäge güýjüm ýetsedi, süňkleri agyrmasyny goýardy.
Mister Hewişem:
— Hmm, baý bolsaň başga nämeler etmek hyýalyň bar? — diýdi.
— Baý-boow, köp zat! Mähribanyma her dürlüje owadanja zatlar alyp bererdim. Mysal üçin, iňňe sançgyç,
ýelpewaç, altyn ýüzük, ýüwse, ensiklopediýa, onsoň ýene omnibusa garaşyp, sadylla bolup durmaz ýaly araba.
Gülgün reňkli köýnekleri halaýan bolsady, onam satyn alyp bererdim, arman, ol garany halaýard-a. Ony
ullakan dükanlara elterdim-de: «Gör-de, saýlaşdyr-da alyber» diýerdim. Soňam Dik…
— Dik diýýäniň kim? — diýip, mister Hewişem anyklamak isledi.
— Dik diýýänim köwüş arassalaýançy — diýip, ýaşajyk lord mister Hewişemiň öz etsem-goýsamlaryny üns
berip diňleýänini görüp, barha hyjuwlandy. — Ol diýseň gowy adam. Özem şäheriň merkezindäki çatryklaryň
birinde oturýar. Köpden bäri tanaýan ony. Bir gezek gaty kiçijik wagtym Mähribanym bilen onuň golaýyndan
geçip barýarkak, Mähribanymyň äberen juda ýeserje bökýän topjagazy elimden sypdy-da, köpriniň üstüne
tarap tutdurdy. Ol ýerden bolsa atlardyr arabalar ikibaka erewde-berew. Men gynanjyma aglap goýberipdirin
— balajadym ahyry, şotland ýubkalyja gezerdim. Dik bolsa edil şol wagt bir adamyň köwşüni süpürip otyrdy. Ol
maňa: «Salam!» diýdi-de, topuň yzyndan ylgady, at-arabalaryň arasyndan geçişdirip, tutan topuny
keltekçesine süpürip, maňa uzatdy. Soňam şeý diýdi: «Hemme zat ýerbe-ýer, şepe!». Ony Mähribanym juda
halady, men hakda-ha gürrüňem ýok, şondan bäri şähere çyksak, onuň bilen habarlaşman geçemzok. Ol maňa:
«Salam!» diýýär, menem şeýdýän, soň birsalym gümür-ýamyr edýäs, ol maňa işleri niçik, gürrüň berýär. Soňky
döwür işi ugruna däl onuň.
— Oňa näme kömek ederdiň? — diýip, aklawçy alkymyny sypalap, geň ýylgyryp durşuna sowal bermesini
dowam etdi.
— Men — diýip, lord Fauntleroý işewür sypata girdi — onuň paýyny Jeýkden satyn alardym.
— Jeýk kim bolýa?
— Dikiň şärikdeşi, onuň ýaly ýaramaz adam dünýäde ýokdur, Dik şeý diýýär. Ol bir-ä päsgel berýär, üstesine-
de, ynsapsyz. Bileni-biteni aldawçylyk, Dikiň bolsa oňa gahary gelýär. Ir ertirden gijagşama çenli aýakgap
arassalap, hemme işiňizi gül ýaly edip otyrkaňyz, şärikdeşiňiz şeýdip aldawçylyk etse, siziňem kakynyňyz
tutardy. Diki hemmeler gowy görýär, Jeýki bolsa halaýan ýok. Pully bolan bolsam, Jeýkden onuň paýyny satyn
alardym, şonda onuň öz adyna ýeri bolardy, Dikiň aýdyşyna görä, öz adyňa ýeriň bolsa uzaga gidip bolýarmyş.
Mundanam başga, birhatar onuň egin-eşigini täzelärdim, täze çotga-da alyp bererdim, ähli zadyny bolmalysy
ýaly ederdim. Ol ýekeje zadyň arzuwynda: hemme zat bolmalysy ýaly bolsady.
Kiçijik lord bu gürrüňleri mister Hewişeme ynanjaňlyk bilen sadaja edip ýetiripdi, dosty Dikiň durmuşyndan
mysal getiripdi. Bu wakanyň edil özüni gyzyklandyryşy ýaly, gürrüňdeşini hem biparh goýmajagyna ol ýürejigi
bilen ynanýan bolmaly. Mister Hewişem, edil Dik bilen alma satýança biparhyrak bolsa-da, abraýly
maşgalanyň bu körpesine onuň, hakykatdanam, syny oturdy. Bu buýra saçly kellejikde dostlaryna kömek
etmegiň meýilnamajyklary wag berýänem bolsa, öz aladasyny etjege meňzänokdy.
— Birden baýasaňyz, özüňiz üçin… — diýip, aklawçy sorap ugrady. — Özüňiz üçin näme islärdiňiz?
— Oh, gaty köp zat — diýip, lord Fauntleroý ýüzüniň ugruna jogap berdi. — Ýöne ilkibaşda Merä pul bererdim
Brijite ber diýip. Brijit onuň uýasy, on iki çagasy bar görgüliň, adamsy bolsa işsiz. Bize gelip aglaýar,
Mähribanym oňa bir sebedi dolduryp azyk berýär, durup bilmän ýene aglaýar: «Alla öz penasynda saklasyn,
görk-görmegiň bir zada degýär!» diýip alkyş okaýar. Ýene-de, mister Hobbsa altyn zynjyrly sagat bilen penkaly
müşdük sowgat edip bilsem, monça boljagyny bilýän. Onsoňam baýramçylyk gurardym.
— Baýramçylyk diýsene! — diýip, mister Hewişem gygyryp goýberdi.
— Respublikançylaryň gurultaýyna meňzeş — diýip, Sedrik tolgunyp düşündirdi. — Oglanlaryň barynyň eline
alaw, eginlerine birmeňzeş eşik we beýleki gerek-ýarak zatlary bererdim, özüme-de alardym. Onsoň hatara
düzülip ýöriş ederdik. Pulum kän bolsa, ine, özüm üçin şu zatlary ederdim.
Işik açylyp, otaga missis Errol girdi.
— Bagyşlarsyňyz, uzagragam eglendim — diýip, ol mister Hewişemden ötünç sorady. — Ýanyma bir pukaraja
aýal gelipdir, görgüliň başyna agyr iş düşen eken.
— Bu ýaşajyk jentlmen — diýip, mister Hewişem habaryny aýdyp ugrady. — Maňa özüniň käbir dostlary
barada, şeýle-de baý bolan bolsa, olar üçin nämeler etjegini gürrüň berdi.
— Şolaryň biri Brijit bolmaly — diýip, missis Errol jogap berdi. — Şu wagtjyk aşhanada şonuň bilen gepleşip
geldim-dä. Aladasy artypdyr: adamsy gyzzyrma ýolugypdyr.
Sedrik oturan ýerinden typyp, ýere düşdi.
— Ýanyna baraýyn, adamsynyň ýagdaýlaryny sorap gaýdaýyn. Men oňa bergidar: bir gezek ol maňa agaçdan
gylyç ýasap beripdi. Eli gyzyl gül ýaly adam.
Lord Fauntleroý ylgap otagdan çykdy, mister Hewişem ornundan galdy. Bir zatlar diýjek boldy öýdýän. Sähel
ýaýdanybrak sägindi-de, dik duran ýerinden missis Errolyň depesinden seretdi:
— Dorinkort köşgünden gaýdaýmazymyň öň ýany graf bilen görüşdim, ol maňa käbir tabşyryklary berdi. Ol
agtygynyň Angliýa höwes bilen göçüp gelmegini we özi bilen tanyşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyny isleýär.
Durmuşynda boljak üýtgeşikligiň özüne pul-baýlyk, çagalaryň höwes edýän şatlygyny getirip biljekdigini men
milordyň aňyna guýup başarmaly, ol ynha, maňa şuny sargady. Men milordyň küýsän zadyny berjaý edip, bu
saňa ataňdan sowgatdyr diýmeli. Grafyň bular ýaly zady göz öňüne tutmanyny bilsemem, lord Fauntleroýa şol
biçäre aýala kömek etmek ýakymly bolýan bolsa, muny bitirmesem, graf menden närazy bolar.
Aklawçy ýene grafyň sözlerini ýoýup aýtdy. Hakykatda, ynha, graf şeý diýipdi: «Göwnüniň islän zadyny meniň
berip biljegime, goý, oglanjyk düşünsin. Graf Dorinkortyň agtygy bolmagyň niçigsi zatdygyny bilsin, goý.
Barmagyny çommaldan zadyny alyp beriň. Jübüsi puldan tümmerip dursun, şulaň bary saňa garry ataňdan
sowgat diýiň».
Grafyň munusy o diýen gowy albaý däldi, eger lord Fauntleroý ýukaýürek, dözümsiz bolmadyk bolsady, onda
graf onuň häsiýetini zaýalap biljekdi. Sedrigiň ejesi göwni çirksiz bolansoň, bu zatlar kellesine-de gelmedi. Ol
öz ýanyndan şeýle netijä geldi: jigerbentlerini ýitirip, göwni çöken garry, yhlasyny, mähirini agtygyna siňdiresi
gelýändir, şeýdip özem onuň söýgi-ynamyny gazanjak bolýandyr. Seddiniň Brijite kömek etjek bolýanyny eşidip,
missis Errol çyny bilen begendi. Ykbalyň oýny bilen oglunda mätäçlere kömek etmäge mümkinçiligiň dörändigi
hakynda oýlanmak oňa ýakymlydy. Onuň eýjejik ýüzi al öwüsdi.
— O, graf juda mähriban — diýip, ol begenjini dile getirdi. — Sedrik monça bolar! Ol Brijit bilen Maýky
owaldanam gowy görýär. Bular kömek edeniňe degýän adamlar. Olara ýardam berip bilmeýänime, köplenç,
gynanmaly bolýardym. Maýk sagka işeňňir adamdy, ýöne biçäre köpden bäri ýaranok. Oňa gymmat derman,
ýyly geýim, iýmit gerek. Brijit ikisiniň eline pul düşse, ony bisarpa sowmajaklaryny bilýän.
Mister Hewişem gapdal jübüsinden ullakan gapjyk çykardy. Onuň ýüzi birhili üýtgedi. Dogrusy, Lord
Fauntleroýyň birinji islegini eşidip, ony hem berjaý edenini bilse, graf Dorinkortyň haýsy hörpden gopjagyny
alada etdi. Ol:
— Graf Dorinkortyň uçursyz baýlygyny göz öňüne getirip bilýäňizmi ýa ýok, men ony bilemok. Onuň islendik
ynjyk islegem kanagatlandyrmaga ýagdaýy bar. Lord Fauntleroýyň islegi geň görünse-de, ony bitirenimizi
eşitse, begener. Hyzmat bilmän, ogluňyzy çagyrsaňyz, men oňa şol adamlar üçin bäş funt bererdim — diýdi.
— Ýigrimi bäş dollar! — diýip, missis Errol gygyryp goýberdi. — Bu pul oňa ummasyz baýlyk bolup görner.
Munuň çyndygyna hiç ynanyp bilemok.
— Gaty arkaýyn boluň — diýip, mister Hewişem sowuklaç ýylgyrdy. — Ogluňyzyň durmuşynda uly öwrülişik
boldy. Ol uly baýlyga eýe bolar.
— Eý, Hudaý! — diýip, missis Errol hopurgady. — Ol entek ýumruk ýalyjag-a — juda, juda balaja! Oňa puly
ýerlikli sowmany nädip öwretsemkäm? Men-ä gorkýan… Görgüli Seddim!
Aklawçy üsgürinjiredi. Gelniň goýun gözleriniň näzikden mylaýym garaýşy buza dönen ýüregini gobsundyrdy.
— Hanym, geljekki graf Dorinkort bilen irden eden gürrüňimden çen tutsam, ol diňe öz aladasyny däl,
beýlekileriňkini hem etjege meňzeýär. Çagad-a, ýöne meniň pikirimçe, oňa bil baglap bolarmyka diýýän.
Soň missis Errol Sedrigiň yzyndan gitdi. Ýapyk gapynyň aňyrsyndan mister Hewişeme onuň sesi eşidildi.
— Onuň guragyrydan ýaňa gyzzyrmasy bar. Bu gaty erbet kesel. Öýleriniň kireý puluny tölemändirler, gije-
gündiz şony gaýgy edýär, Brijitiň aýdyşyna görä, şol gaýgy-da ony barha gaýra üzüp barýarmyş. Egnine
geýmäge eşik tapsa, Pet dükanjyga işe duraýsa-da boljakmyş.
Sedrik myhmanjaýa girende, onuň ýüzjagazynda aladanyň kölegeleri oýnaklaýardy. Onuň Brijite haýpy
gelýärdi. Ol mister Hewişeme:
— Mähribanym siz maňa bir zat aýtjak bolýaňyz diýdi. Men Brijit bilen gürleşip durdym — diýdi.
Mister Hewişem bir pursat säginip, oňa seredip durdy. Ol özüni oňaýsyz duýýardy: belli karara gelip bilmän
kösendi. Sedrigiň ejesi hak aýdýady: Sedrik heniz gögeledi.
— Graf Dorinkort… — diýip, aklawçy söze başlady-da, biygtyýar missis Errolyň ýüzüne seretdi.
Hanym birden dyzyna çökdi-de, oguljygyny mähir bilen gujaklady. Ol:
— Seddi, graf seniň garry ataň, kakaň kakasy. Ol örän, örän gowy adam, seni gowy görýär, seniň hem özüni
gowy görmegiňi isleýär, onuň ogullary öldi ahyry. Ol seniň bagtly bolmagyňy, beýlekilere-de bagt
paýlamagyňy isleýär. Ol gaty gurply adam, seniň hem hiç zatda mätäçlik çekmezligiňi isleýär. Şulary mister
Hewişemden aýdyp goýberipdir, saňa berer ýaly köp pul hem ugradypdyr. Indi sen Brijite kömek edip bilýäň —
kireý pullaryny tölär ýaly we Maýkla gerek zatlaryny alar ýaly pul berersiň. Nähili gowy, şeýle gerek, Seddi?
Ataň şeýle gowy, hawa gerek?
Şeý diýibem ol Sedrigiň begençli tolgunmadan ýaňa gyzaran myssyjak ýaňagyndan öpdi.
Sedrik nazaryny mister Hewişeme geçirdi.
— Şol puly şu wagt alaýsam bolmazmyka? — diýip, ol sorady. — Oňa dessine gowşurardym. Şu wagt gaýtjak
bolýar.
Mister Hewişem puly berdi. Bir petde şakyrdap duran täzeje gök dollarlar.
Seddi otagdan ylgap çykdy. Ol aşhana urduryp girdi-de:
— Brijit! — diýip gygyrdy. (Onuň sesi myhmanjaýa-da aýyl-saýyl eşidilip durdy.) — Brijit, dur! Ynha pul. Bu
saňa, jaý kireýiňi tölärsiň. Maňa atam berdi. Bu Maýkl ikiňize.
— Hih, mister Seddi! — diýip, Brijit alada galdy. — Ýigrimi bäş dollar-a bi! Hany bikäň özi nirede?
— Men baryp, oňa düşündireýin — diýip, missis Errol howlukmaçlyk bilen otagdan çykdy, mister Hewişemiň
ýeke özi galdy. Ol penjiräniň öňüne bardy-da, köçä seredip oýa batdy. Köşgündäki zer-zynatdyr ajaýyplyklar
bilen bezelen äpet kitaphanasynda ýeke özi gugaryp oturan garry graf Dorinkortyň pikirini etdi, ony hiç kim
halanokdy, sebäbi ol bütin ömrüne diňe özüni söýüp geçipdi. Özçildi, tekepbirdi, takatsyzdy, öz-özi, öz
ynjyklygy bilen şeýlebir başagaýdy welin, özgeleriň pikirini etmäge hiç eli degenokdy. Graf Dorinkortyň pikirine
görä, tanymal adynyň we uly wezipesiniň arkasyndan eýe bolan ähli baýlygy, ygtyýarlyklary diňe öz göwnüni
awlamaga hyzmat etmelidi. Häzir bolsa, garran çagy, diňe özüňi bilip ýaşamak onuň üçin hasrata öwrüldi,
yraň atýan saglygy hem-de hiç kimsäni gaýgyryp goýmaýan dünýäniň aladasam üstesine urna boldy. Ady
hernäçe pors atyp, ajaýyplygyny güjeňlese-de, graf Dorinkort il içinde soragly däldi, güni ýalňyzlykda
geçýärdi. Islese, köşgüni myhmandan dolduryp, şüweleňli şagalaňlary, hezil awa gidişlikleri gurap biljekdi.
Ýöne myhmanlarynyň kalplarynyň çuňlugynda hojaýynyň çytyk ýüzünden, ýeser, şerebeli dilinden
haýykjakdygyny ol bilýärdi. Gyňyr häsiýeti bardy, ulyny-kiçini sylanokdy; çemini tapsa, adamlaryň üstünden
güljek, utandyrjak, äsgermezçilik bilen duýgularyny oýnajak bolup durdy.
Mister Hewişem hojaýynynyň agyzdyryksyz, zabun häsiýetine gaty beletdi, penjireden insizje, ümsüm köçä
seredip durşuna, şonuň pikirini edýärdi. Onuň hyýal gözýetiminde düýbünden çöwre görnüş ör-boýuna galdy:
ýaýbaň kürsüde oturan oglanjyk oňa alçaklyk we dözümsizlik bilen öz dostlary, Dik hem-de alma satýançy
barada gürrüň berýärdi. Şeýle-de ol, soňlugy bilen, lord Fauntleroýyň eýe boljak ummasyz girdejileri, ýaýlyp
ýatan ajaýyp mülk ýerleri, gowulygy ýa-da erbetligi hasyl etjek baýlygy we mümkinçilikleri barada oýa batdy.
— Ynha, bu düýbünden başga gürrüň bolar — diýip, aklawçy öz-özi geplendi. — Düýbünden başga gürrüň.
Kän eglenmän, otaga Sedrik bilen ejesi girdi. Sedrik şatlygyndan uçaýjak bolýardy. Ol ejesi bilen aklawçynyň
aralygyndaky kürsüsine geçdi-de, ellerini dyzyna goýup, endik eden ynjalykly oturyşynda ornaşdy. Brijitiň
özünden beter begenip, ýüzi-gözi gülüp durdy.
— Brijit aglap goýberdi! — diýip, ol habar berdi. — «Begenjime aglaýan» diýdi. Begençden aglanýanyny
birinji sapar görýän. Megerem, atam gowy adam bolsa gerek. Graf bolmak çakymdan has… has gowy bolara
çemeli. Men graf boljagyma şat… şat diýseňem boljak.
Üçünji bap
HOŞLAŞYK
Şondan soňky hepde Sedrik durmuşyndaky öwrülişigiň birgiden artykmaçlygynyň bardygyna göz ýetirdi.
Elbetde, aýdan-diýeniniň ýeňillik bilen bitip durşuna öwrenişmek kyndy. Has dogrusy, munuň nähili beýle
bolýanyna ol doly düşünibem baranokdy. Her näme-de bolsa, Hewişem bilen bolan iküç gürrüňdeşlikden soň,
Sedrik mundan buýana özüniň tarhandygyna göz ýetirdi hem-de ýaýdanybam durman, garry aklawçyny juda
gyzyklandyran işleriň daşyna geçdi. Angliýa tarap ýüzüşe ugramazyndan bir hepde öňýany üýtgeşik-üýtgeşik
hereketleri etdi.
Bir gün ir bilen alma satygçynyň ýanyna baryp, onuň üstüne bassyrma tutup berjekdiklerini, peçjagaz, gyňaç,
şeýle-de az-owlak pul gowşurjakdyklaryny aýdanlarynda, «gadymdan bäri gelýän» bu aýal aňka-taňka boldy.
— Angliýa gitmekçi, şol ýerde lord boljak, şonuň üçin-leý — diýip, Sedrik aladasynyň sebäbini sadalyk bilen
düşündirdi. — Her gezek ýagyş ýaganda süňkleriňiz owum-döwüm bolup sizi biynjalyk etmesin diýdim. Öz
süňküm agyrmansoň, onuň nähili yzalydygyny-ha bilip biljek däl, ýöne barybir, men sizi alada edýärdim, indi-
hä kösenmeseňiz gerek.
Tolgunmadan ýaňa demi tutulara gelen, bagtynyň çüwenine henizem ynanyp bilmän oturan alma satygçy
bilen sagbollaşyp, ýolda yzyna gelýärkäler Sedrik:
— Ýaňky alma satygçy juda dözümsiz aýal. Bir gezek ýykylyp dyzymy döwemde, ol maňa alma berdi, häki
şeýle, mugtuna. Şol ýagşylygy ýadymdan çykanok. Özüňe ýagşylyk edilse, ömür ýadyňdan çykmaýan eken —
diýip, Hewişeme gürrüň berdi.
Durmuşda ýagşylygy bilmeýän adamlaryň hem bardygy bu göwnaçyk oglanjygyň kellesine-de gelenokdy.
Dik bilen duşuşyk hasam tolgundyryjy boldy. Baranlarynda Dikiň Jeýk bilen ýene sözleri azaşyp, keýpine sogan
dogralyp oturan wagty eken. Sedrik oňa azda-kände pul sowgat bermäge gelendiklerini aýdanda, ol geň
galmakdan ýaňa doňup galdy. Beriljek puluň möçberi onuň gözüne, hamana, ähli aladasyny çözübiljek
derejede uçursyz kän bolup göründi. Lord Fauntleroý habaryny Dike şeýlebir sadalyk bilen hem gönümel aýtdy
welin, ýanlarynda diňläp duran mister Hewişemiň endamyndan garynja ýörän ýaly boldy. Sedrik oňa lord
bolanyny we wagtyň geçmegi bilen graf bolaýmagynyň hem mümkindigini habar berdi. Dikiň gözleri
tegelendi, aljyrap kellesini silkelände papagy honda zyňlyp gitdi. Papagyny ýerden galdyran Dik täsin sözi
dilinden sypdyrdy. Bu sözlere mister Hewişemiň gulagy ýadyrgasa-da, Sedrige nätanyş däldi. Dik:
— Jypdyrmasan-aý! — diýip goýberipdi.
Kiçijik lord birbada ýöwsellejek ýaly edenem bolsa, yza tesmedi:
— Ilkibada her kimem ynanmajak bolýar — diýip, ol garşy çykdy. — Mister Hobbs-a meni Gün urandyr
öýdüpdir. Birbada bu zatlara begenerinem öýtmedim, indi-indi öwrenişip barýan. Häzirki graf — meniň atam
bolýar. Göwnümiň küýsän işini etmegimi isleýär. Atam — hem gowy adam, hem tüýs graf. Maňa mister
Hewişemden eslije pul berip goýberipdir. Şärikdeşiň Jeýkiňem paýyny özüňe satyn alar ýaly saňa pul getirdim.
Soňlugy bilen, Dik şeýle hem etdi. Işi tutuşlygyna öz eline aldy, täze çotga, iş eşik edindi, işiginde gül ýaly at-
ýazgy goýdy. «Gadymdan bäri gelýän» satygça garanda, üstüne gelen bagta ynanmak oňa çetin boldy, bu
bolýan zatlary düýşüdir öýtdi ýördi. Öz ýaşajyk ýagşyzadasyna seredip, ynha oýanaryn, şindi oýanaryn diýip
garaşdy. Tä Sedrik hoşlaşmak üçin elini uzadýança, aňkardy oturdy. Sedrik:
— Hoşuň — diýdi. Ol hernäçe dogumly geplejek bolsa-da, barybir, sesi endiräp çykdy, gözlerini gyrpyp
goýberdi. — Işiňiz ugruna bolsun. Ýanyňyzdan gidýänime gynanýan, belki, graf bolamsoň gelmegim mümkin.
Hat ýazyp durarsyňyz-la, dostlugymyzy ýatlap. Hat ýazsaňyz, ynha, salgym. — Şeý diýdi-de, bir tagta kagyz
uzatdy. — Ýöne adym indi Sedrik Errol däldir, lord Fauntleroýdyr. Ýagşy… ýagşy onda Dik, hoşuň.
Dik gözüni gyrpyldadyp goýberende, kirpikleri nemlendi. Sowatsyz adam bolansoň, duýgusyny beýan etmek
isläýende-de, bu oňa başartmasa gerek. Gürlejegem bolman gözlerini gyrpyldadyp, agyr ýuwdunany, belki,
şonuň üçindir. Ol gyryk sesi bilen:
— Gitjegiňe gynanýan — diýdi. Ýene gözlerini ýumup-açdy. Soň mister Hewişeme gözüni aýlap goýberdi-de,
elini papagyna ýetirdi.
— Ony ýanyma getireniňiz üçin minnetdar, ser, umuman, hemme edeniňize sag boluň. Ol… ol üýtgeşik oglan,
men ony mydama belentde goýýan. Şeýlebir üýtgeşik oglanjyk… şeýlebir üýtgeşik…
Olar gitdiler, Dik bolsa aljyraňňy nazary bilen şilliň agajet aklawçynyň gapdalyndan dogumly ädim urup,
özünden barha daşlaşyp barýan kiçijik suduryň yzyndan şol seretdi durdy. Damagy dolup, gözleriniň owasyna
ýaş aýlandy.
Ýüzüşe ugramazynyň öň ýanyndaky günlerde kiçijik lord köp wagtyny mister Hobbsyň dükanjygynda geçirdi.
Mister Hobbs tukatdy, ony gussa basmarlapdy. Sedrik gitjek wagty oňa dabara bilen zynjyrly altyn sagat
gowşuranda, mister Hobbs oňa adam şekilli sagbolsunam aýdyp bilmedi. Ol daşlyga salnan sagady dyzynyň
üstünde goýdy-da, yzly-yzyna sümgürindi.
Sedrik:
— Gapagynyň iç ýüzünde ýadygärlik ýazgysy hem bardyr. Özüm aýdyp ýazdyrdym. «Mister Hobbsa ýegre dosty
lord Fauntleroýdan. Wagty gören badyňyza, men düşerin ýadyňyza». Meni ýatdan çykarmaň — diýdi.
Mister Hobbs ýene turbadan çykan deý sümgürindi.
— Wah, meň ýadymdan çykasyň ýok-la — ol Dikiňki pisint gyryljyk sesi bilen gepledi. — Ýöne senem o taýda,
iňlis aristokratlarynyň arasyna düşeňde meni ýatdan çykarma.
— Nirede bolsamam, men sizi unutman — diýip, kiçijik lord söz berdi. — Iň hezil günlerim siziň ýanyňyzda
geçdi. Özüňizem ýanyma myhmançylyga gelersiňiz-ä. Gelseňiz atamam begenermikä diýýän. Siz hakda oňa
gürrüň bersem, belki, size çakylygam ugradar. Bolanda näme graf, ol hiç-leý, şeýle gerek? Diýjek bolýanym:
çagyrsa, graf diýip, gelmekden boýun gaçyrmarsyňyz-a?
— Men seni görmäge bararyn — diýip, mister Hobbs geçirimlilik bilen wada berdi. Şeýlelikde, eger graf
mister Hobbsa Dorinkort köşgüne gelmegini we birnäçe aý şol ýerde bolmagyny özelenip çakylyk ugratsa, ol
birsalym respublikan garaýyşlaryndan ünsüni sowmaly-da, ýol düwünçegini düwmeli diýip şertleşildi.
Ahyry ýol şaýyny tutmak işleri birýanýüzli edildi. Sandyklar gämä daşaldy. Gitmeli wagt bolanda işige araba
gelip saklandy. Oglanjygy birhili ýekelik basmarlady. Missis Errol öz otagyna girdi-de, içinden gulplady. Aşaky
gata düşende onuň ullakan gözleri aglamakdan ýaňa çygjaryp durdy, dodaklary titreýärdi. Ogly alkymyna
baran badyna eglip ony gujaklady, olar biri-biriniň ýaňagyndan öpdüler. Oglanjyk ejesiniňem, özüniňem bir
zatlara keýpiniň gaçanyny bilse-de, sebäbine düşünip bilmedi. Şeýle-de bolsa, öz ýanyndan uran çakyny dile
getirdi:
— Biz öýjagazymyzy gowy görýärdik, hä, Mähribanym? Biz ony mydama küýsäris, şeýle gerek?
— Hawa-la, hawa, janym — diýip, missis Errol pessaýja gepledi. Olar araba mündüler, Sedrik ejesine
gysmyljyrady. Ejesi gaňrylyp ýeňsedäki penjirejige seretdi, oglanjyk bolsa ejesiniň ýüzüne dikanlap, emaý
bilen onuň elini sypaýardy.
Soňam nädip gämä münenlerini duýman galdylar. Töwerek ber-başagaýlyk, gaýda-gaýmalaşykdy: gämi
duralgasyna atarabalar gelip, ýolagçylaryny düşürýärdi; ýolagçylar gijä galan goşlaryny alada edýärdiler,
ugralýança ýükler gelip ýetişmez öýdüp gorkýardylar; ýükçüler goçak sandyklary we çemedanlary zyňyşdyryp,
pyzyşdyryp goýberýärdiler, olary nirädir bir ýerlere süýrekläp äkidýärdiler; deňizçi esgerler öňe-yza
ýortýardylar we tanap çöşleýärdiler; ofiserler görkezme berişdirýärdiler; hatar-hatar bolup tirkeşip hanymlar,
jenaplar, ýany çagaly enekeler gämä münüp barýardylar — olar degşip-gülüşýärdiler, kimseler gussa bilen
dymsa, aglap, gözüniň ýaşyny elýaglygy bilen sylyp barýan-da bardy. Sedrik gyzyklanma bilen töweregine
garanjaklaýardy; ol kültem-kültem tanaplara, düýrlenen ýelkenlere, uçlary çirksiz gök asmana degäýjek-
degäýjek bolýan belentden-belent bogaldaklara seredýärdi; eýýäm kellejiginde deňizçi esgerler bilen tanyşlyk
açyp, olardan garakçylar barada soramanyň ebeteýini taslapdy.
Edil ugraýmazlarynyň öň ýany ýokarky palubanyň eltutaryna tirsegini diräp, ýola ugramanyň iň soňky
hysyrdylaryna, deňizçi esgerlerdir ýükçüleriň erewde-berewliklerine gyzygyp seredip durka, golaýdaky
märekäniň içinde başlanan gymyldy-hereket onuň ünsüni özüne çekdi. Kimdir biri adamlaryň gürmeginden
kynlyk bilen öňe omzap, alňasak bärik gelýärdi. Ýaş ýigidiň elinde gyzaryp bir zatlar görünýärdi. Bu asyl Dik
bolsa nätjek! Ol has-haslap Sedrige tarap okduryldy. Gelşine-de:
— Ýolboýy ylgaý-ylgaý geldim. Seni ugradaýyn diýdim. Işlerim ugruna — gül ýaly gidip dur! Şu günki düşen
pulumdan saňa sowgat aldym. Pors atyp ýörenleň arasyna baraňda dakynarsyň diýdim. Kagyzyny elemtas
bolup gelşime gaçyrypdyryn. Meni ýokary goýbermejek boldular. Me, ýaglyk — diýdi.
Dik bularyň baryny bir demde sanady. Jaň kakyldy — Sedrik iki agyz söz hem aýdyp ýetişmänkä, Dik yzyna
howlukdy.
— Hoş! — diýip, ol gygyrdy. — Pors atyp ýörenleň arasyna baraňda dakynarsyň!
Şeý diýibem atylyp gitdi. Salym geçmänkä-de onuň aşaky palubada peýda bolup, paýapyly aýyrmankalar
zordan kenara düşüp ýetişenini Sedrik ejesi bilen yzyndan görüp galdylar. Aýagyny ýere basan dessine badyny
gowşatdy, papagyny galgatdy. Sedrik ýaglygyň epinini açdy: ol al reňkli ýüpekdendi, atyň nalydyr kellesiniň
suraty bilen bezelendi.
Urganlar dartylyp, jygyldap, şarpyldap başlady. Ugratmaga gelenler dostlaryna bir zatlar diýip gygyryşýardylar,
ýolagçylaram olara gygyryp jogap berýärdiler:
— Hoş! Sag bol! Hoş, gardaş!
Olar biri-birine: «Bizi ýatdan çykarma! Liwerpula baraňsoň hat ýaz! Hoş! Sag bol!» diýip gygyryşýan
mysalydylar.
Kiçijik lord Fauntleroý öňe süýşüşine gyzyl ýaglygyny galgatdy.
— Hoş gal, Dik! — diýip, ol sesiniň ýetdiginden gygyrdy. — Minnetdar, Dik! Hoş!
Äpet gämi duralgadan arany açyp ugrady, köpçülik «ura» diýip gygyrdy, missis Errol ýüzüniň nykabyny
goýberdi, kenardaky adamlar öňküdenem beter gaýda-gaýmalaşyk boldular. Ýöne Dikiň gözi kireňsiz çaga ýüzi
bilen altynsow saçdan başga hiç zat görmeýärdi, «Hoş gal, Dik!» diýip gygyrýan näzik sesden özge hiç zat
gulagyna ilmeýärdi. Kiçijik lord Fauntleroý öz watanyny terk edip, ýat bir ile — ata-babalarynyň ýurduna
barýardy.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA