Körpeje lord Fauntleroý (1 bolek)

Körpeje lord Fauntleroý (1 bolek)

Frensis Hodgson BERNETT,
iňlis-amerikan ýazyjysy

Birinji bap

DUÝDANSYZ HABAR

Bu zatlar hakda Sedrigiň özi hiç zat bilenok. Onuň ýanynda bu barada agzamanlaryny gowy gördüler. Kakasy iňlis eken — ondan habarly, sebäbi ejesi aýtdy. Ýöne kakasy Sedrik kiçijikkä ýogalypdyr, onsoň ol hakda köp zatlar ýadyna düşübem baranok, alasarmygragam bolsa, syrdam boýy, mawy gözleri, uzyn murty hakydasyna gelýär, boýnuna mündürip, otagyň içinde aýlanda heziller ederdi. Kakasy dünýesini täzelänsoň, Sedrik bir zada göz ýetirdi: ejesiniň ýanynda muny ýatlamazlykdan gowusy ýok. Kakasy ýaraman ýatyrka Sedrigi dostlarynyň öýüne ugratdylar, yzyna dolanyp gelende bolsa, boljak iş bolan eken. Şol arada ejesem keselläpdir, olam indi-indi düşeginden turup, penjiräniň öňündäki kürsä barmaga zordan ýaraýan eken. Ejesiniň reňki solupdyr, göwresi çekilipdir, alma ýaňaklaryna ýaraşyk berýän çukurjyklaram ýitipdir, gözleri ulalyp, gam-gussadan dolupdyr. Egnine gara geýipdir.

— Mähribanym — diýip, Sedrik oňa ýüzlendi (kakasy şeý diýip ýüzlenerdi, oguljygam şondan görelde alan bolmaly). — Mähribanym, kakam gutuldymy?

Ejesiniň eginleri silkinip gitdi, oglanjyk onuň ýüzüne çiňerildi. Gözlerinden many alyp, düşündi: hä diýmän aglap goýberjekden.

— Mähribanym — diýip, ol gaýtalady. — Kakam ganymatlaşýamy?

Birdenem ýürejigi: «Ony gaýym gujakla, ogşa, myssyjak ýaňagyňy ýüzüne oýka» diýip, pyşyrdan ýaly boldy. Sedrik şeýle hem etdi. Ejesi görgüli ony iki eli bilen gaýym gujaklaýşyna kellesini oglunyň egnine goýup, hünübirýan aglady.

— Wah, hawa-la, ol gowulaşýa — diýip, agy arasynda jogap bermäge çalyşdy. — Ol gowy, gaty gowy! Ýöne, ynha, ikimiziň indi hiç kimimiz ýok. Tutuş älem-jahanda ýalňyz galdyk!

Ana, şonda Sedrik balaja-da bolsa, daýaw, ýaş, görmegeý kakasynyň indi hijem gaýdyp gelmejekdigine, onuň beýleki käbir adamlar ýaly ölendigine düşündi, emma ölümiň nämedigine, ejesiniň ne sebäpden beýle ejizlänine aň ýetirerden asgyn geldi. Kakasy hakda gep gozgasa, ejesiniň hemişe aglap başlaýandygyndan çen tutup, öz ýanyndan, gowusy, ony ýatlatmazlyk diýen karara geldi. Ýene bir zatda ünsi eglendi: ejesiniň penjirä ýa-da diwarpejiň içinde alawlaýan oda seredip, uzak oýa batmagyna ýol bermeli däl. Ejesi ikisiniň tanyş-bilşi ýok, olar juda ýalňyzlykda ýaşaýarlar. Emma Sedrik ulalyp, aga-gara düşünýänçä muny duýmady, näme üçin özlerinden hiç kimiň habar tutmaýandygyna aň etmedi.

Kakasy ejesine öýlenende, ejesi ýetim, hiç hossary ýok eken. Ol enaýyja gyzdy we bir baý kempiriň öýünde oňa höwür bolup ýaşaýardy. Kempir gyzy adam hasabynda-da görmeýän eken. Bir gezek kapitan Sedrik Errol kempiriň çakylygy bilen onuňka myhmançylyga baranda, juwan gyzyň gözýaşa boglup, basgançaklar bilen ýokary ylgap çykanyny görýär. Ýakymlyja, näzik hem gamgyn gyzyň keşbi kapitanyň hiç göz öňünden gitmändir. Soňam birhili-birhili bolýar-da, olar tanşyp, birek-biregi halap, söýüp galýarlar. Durmuş gurýarlar, emma bu nika kimseleriň göwnüne ýaramaýar.

Kapitanyň garry kakasynyň gahary-ha hiç zadyň alnyndan bolmady. — Ol Angliýada ýaşaýardy, uçursyz baý hem tanymal aristokratdy; gylygy erbetdi, «Amerika, amerikaly» diýseň onuňky bolanokdy. Onuň kapitan Sedrikden uly iki ogly bardy. Şolaryň ulusyna, kanun boýunça, maşgalanyň abraý-derejesi bilen ajaýyp mülk ýerleri degişli bolýardy; uly ogly dünýeden öten ýagdaýynda, mirasa ikinji ogly eýe çykmalydy; Sedrik şeýle barjamly maşgalanyň agzasy hem bolsa, baýlyk-beglikden namutdy. Ýöne tebigat oňa uly doganlaryna rowa görmedik zatlaryny eçilipdir. Görmegeýliginden, syratlylygyndan, hoşgylawlygyndan daşgary, dogumlydan gelen dözümsizdi; gülerýüzlüliginiň we ýakymly sesiniň üstesine, seýrek gabat gelýän päk ýüregi bardy, köpüň göwnüni awlap biljekdendi.

Uly doganlary bu zatlardan binesip: olar ne gelşik-şykgaty, ne görüm-göreldesi, ne-de akyl-huşy bilen tapawutlanýar. Ahyrda, olar bilen dostlaşjagam tapylmady; kollejde-de göwünli-göwünsiz okadylar, gaýtam biderejik wagt ýitirip, pul sowurdylar. Kakalary garry grafy häli-şindi gynandyrdylar, ýüňsakgal etdiler; mirasdüşer ogly maşgalanyň adyna-abraýyna gadyr goýmady, ondan jalaý, gopbam nalajedeýin çykjaga meňzeýärdi, onda ne asyllylyk bardy, ne-de bir gaýratlylyk. Mirasyň ujypsyz bölegi düşýän körpe oglunyň ýakymly, gelşikli hem berdaşly keşbini synlap, graf ahmyr bilen hyrçyny dişleýärdi. Käteler-ä haý-haýly derejä, ajaýyp mülk ýerlerine şaplaşyp durjak artykmaçlyklaryň, gel-gel, şoňa berlenine, hatda gaharam geljek bolýardy. Barybir, dikdüşdi hem tekepbir garrynyň körpe ogluny gowy görşi üýtgeşikdi.

Bir gezek ol janynyň ýangyjyna kapitan Sedrigi Amerika ugratdy — goý, birsalym syýahat etsin, şeýtse şol gabatlar her hili hokgalary bilen kakasynyň halys ýüregine düşen uly ogullaryny onuň bilen häli-şindi deňeşdirip durmasa gerek. Ýöne ýarym ýyldan soň, syr bildirmese-de, grafyň körpe ogluny göresi gelip, ýüregi gysyp başlaýar. Ol Sedrige öýe dolanmagyny sargap hat ugradýar. Ogly kakasyna ýazan jogap hatynda amerikaly eýjejik gyza aşyk bolandygyny, oňa öýlenmek meýliniň bardygyny ýaňzydýar. Haty okan graf dergazap bolýar. Onuň kapitanyň hatyny okandan soňky bolşuny göräýseň! Häsiýeti her näçe yzgytsyzam bolsa, şol günki ýaly erkini elden beren gezegi ýokdy. Ol şeýlebir kakynlady welin, hat getirilen wagty otagda duran hyzmatkär hojaýyny özüni tutup urar öýdüp gorkdy. Gahary gelen wagty onuň öňünde durar ýaly däldi. Graf kapasa düşen peleň ýaly tutuş sagatlap otagyň içinde ters aýlandy, soňam oturdy-da ogluna hat ýazdy, hatynda «gaýdyp gözüme görnäýme, maňa-da, doganlaryňa-da hat ýazyjy bolaýma. Nädip ýaşasaň, şeýdip ýaşa, öliň nirede galsa, şonda galsyn, maşgalam bardyr diýip bäriňe bakaýma, indi ömrüň ötinçä kakaňdan kömege garaşma» diýip küpürsedi.

Haty okan kapitanyň başy aşak sallandy. Ol Angliýany, hasam beter kemala gelen kaşaň öýüni gowy görýärdi, hatda özdiýenli, keçjal kakasam oňa ezizdi, onuň bolşuna haýpy gelýärdi. Indi ondan kömege hantama bolmagyň manysy ýok. Ilki-ilkiler-ä aljyrajagam boldy: ol zähmet diýen zadyň nämedigini bilenog-a, işlemek nirede gören zady, emma oňa derek, dyňzap duran hyjuwy bilen batyrgaýlygy ýeterlikdi. Ol ofiser patentini ( Ofiser patenti — harby ulgamda ofiser wezipäni eýelemäge ygtyýar berýän resminama. ) satyp, itiň gününde Nýu-Ýorkdan iş tapýar we öýlenýär. Angliýadaky öňki durmuşy bilen deňeşdireňde bu ýerde ýagdaý düýpgöter başgaçady. Ýöne ol ýaşdy we bagtyýardy, jan çekip işlese, geljekde köp babatda üstünlik gazanjagyna umyt baglaýardy. Ol çolaja köçeleriň biriniň ugrundan kiçeňräk öý satyn aldy. Şol ýerde-de onuň oguljygy dünýä indi, hemme zat şeýlebir adatydy, hezildi, ýakymlydy welin, baý kempiriň eýjejik ýardamçysyna öýlenenine ýekeje-de ökünmeýärdi, gelni diýseň owadandy, söýlüp hem söýüp ýaşaşýardylar.

Gelni, hakykatdanam, üzümiň suwy ýalydy, onuň dünýä inderen körpejesi bolsa hem ejesine, hem kakasyna meňzeýärdi. Ümsümje, ýönekeýje öýde doglanam bolsa, şondan bagtyýar çaga ýokdy. Birinjiden, sagdynjady, syrkawlap-keselläp ene-atasyna azar bolup ýörenokdy, ikinjiden, häsiýeti özüne çekijidi, ýumşaksy gylygy hemmäniň göwnüni awlardy, üçünjiden, daş keşbem haýran galaýmaly görmeklidi. Doglanda eýýäm mymyjak, altynsow saçjagazy bardy, beýleki bäbekler ýaly takyrkelle däldi. Saçynyň tarlarynyň ujy towlujady, alty aýlyk bolandanam, tutuş saçy buýra-buýra boldy. Goçak goýun gözleri, peýkam ýaly kirpikleri hem eýjejik ýüzi «men bärde» diýip durdy, ýagyrnyjygy bilen aýajyklary şeýlebir güýçlüje hem pugtajady welin, eýýäm dokuz aýlykka düwdenekläp ýöremäge başlady, hereketleri ýakymlyja bolansoň, her kim deňinden söýgülemän geçip bilmezdi. Körpe hemmäni öz dosty saýýan ýalydy, arabasyna salyp aýlamaga çykaranlarynda özüne habar gatana goýun gözlerini jiňkerdip serederdi-de, şeýlebir alçaklyk bilen ýylgyryp goýbererdi welin, gapdalynda duranlaryň, şol sanda çüňkdäki dükanjygyň iňirdewük dükançysynyň hem «oglanjyk bilen dost bolana» gözi giderdi. Ol aýma-aý akyllanyp, görklenip barýardy.

Sedrik ullakanja bolansoň, oýunjak teleşkesini idip gezelenje çykanda oňa guwanyp bakardylar. Şotland ýubkasy bilen tyllaýy saçynyň üstünden geýen ak şlýapasy ony gelşiklije hem naşyja görkezýärdi. Enekesi öýe gelensoňlar köçedäki hanymlaryň arabalaryny ýörite saklap, ogluna habar gatýandyklaryny missis Errola guwanyp gürrüň bererdi. Hanymlar esentanyş Sedrigiň keýpihon jedirdisine monça bolardylar. Adamlar bilen dostlaşmaga ýeserjedi, onuň bu häsiýeti köpleri maýyl ederdi. Ynanjaňdygy hemem akýüreklidigi üçin şeýle bolýan bolaýmasa — onuň gözüne ähli adam gowudy, hemmäniň hem keýpiniň özüniňki deý «bäşlik» bolmagyny isleýärdi. Beýlekileriň duýgusyny inçeden syzardy, bu — oglanjygy mähir bilen gurşan terbiýeli, aladaçyl ene-atanyň täsiri bolsa gerek. Ýaramaz, gödek söz körpeje Sedrigiň eşiden zady däl. Ol mydama söýgülenýän, aladasy edilýän çagady, şonuň üçinem onuň göwni kireňsizdi, alçakdy. Kakasy ejesiniň adyny mähir bilen, söýgi bilen tutardy, onsoň Sedrigem eşidenini edip, mähriban ejesine şeýle ýüzlenerdi. Kakasynyň ony goraglaýanyny, aladasyny edýänini ol görüp durdy, onsoň bulam şol göreldä eýerjek bolardy. Kakasynyň yzyna gelmejegine, ejesiniňem üstüni gama basdyranyna düşünen oglanjygyň kellesine ýuwaş-ýuwaşdan «ejemi bagtly etmäge çalyşmaly» diýen pikir geldi. Ol heniz agzy sary çaga hem bolsa, ejesiniň dyzynyň üstünde oturanda, ony ogşanda, burma saçly kellejigini onuň egnine goýanda, oýunjaklaryny, suratly kitaplaryny görkezende, ýanynda gyşarjak bolup diwanyň üstüne çykanda-da mydama şu alada ony terk etmedi. Ol heniz kiçijikdi, başga näme etjegini bilenokdy, elinden gelenini-hä edýärdi. Ejesi üçin özüniň nähili uly tesellidigini welin, gümanam etmeýärdi. Bir gezek ol käbesiniň garry hyzmatkäre:

— Ah, Meri, maňa özüçe göwünlik berjek bolýar ol, görüp durun. Käte maňa şeýlebir söýgi bilen seredýär welin, gözlerinde telim sowal bar, ýürejigi awaýarmyka diýýän, soňam gelip garsa gujaklaýar ýa-da bir zatjagaz görkezen bolýar. Ol kiçijigem bolsa hakyky erkek, walla, bar zady bilýärmikä diýýän men-ä! — diýip gürrüň berýänini eşitdi.

Ulaldygysaýy kemala gelýän endikleri göreniň gözüni guwandyrýardy, tanaýanlaryň hoşuna gelýärdi. Oglanjyk ejesiniň töwereginden aýrylmazdy, ony ýeke goýmazdy, şonuň üçin ejesem başga hemra küýsäp durmady. Olar bile gezelenç ederdiler, lakgyldaşardylar, oýnardylar. Okamany gaty ir öwrendi, adatça, agşamlaryna diwarpejiň öňündäki halyça bagryny berip ýatardy-da, bir görseň erteki okaýandyr, bir görseňem ulularyň küti kitaplaryny waraklaýandyr, käte bolsa gazet dagam okabererdi. Şunuň ýaly ýagdaýlarda Meri aşhanada duran ýerinden missis Errolyň oglunyň gülkünçje pikirjiklerine hezil edip gülýändigini kän gezekler eşidipdi. Bir gezek Meri dükança şeýle gürrüň berdi:

— Sen bir onuň aýdýan zatlaryny diňläp görsediň, gülmän saklanybilseň saklan-da. Degişmä salyp, şeýlebir sypaýy gürleýär! Hol gün, täze prezident saýlanan güni aşhana geldi, gaz ojagyň ýanynda durup, iki elem jübüjiginde, edil surat ýaly-da bolup durşy, ýüzjagazam kazyňky ýaly agrasja, şeý diýýä: «Meri, meni saýlawlar gyzyklandyrýa. Men respublikançy, Mähribanymam şeýle. Senem respublikançysyň-a, Meri?». Menem: «Ýog-eý, bagyşla. Men demokratçy, özem gaty bekinden» diýýän. Şol pursat onuň maňa seredäýşini gör-ä, ýüregim mynçgalanyp gitdi. Soňam biragyz: «Meri, ýurduň bagty ýatar» diýdi. Şondan bärem meniň bilen şo-ol jedelleşip gidip oturyşy, garaýşyňy üýtget diýip gün berenok.

Meri körpejä halys höwrügipdir, oňa çyny bilen guwanýar. Ol bu öýe körpeje ýaňy doglan mahaly gelipdi. Kapitan Errol bakyýete göç edensoň bolsa, aşpeziňem, hyzmatçynyňam, enekäniňem işini etdi, bir söz bilen aýdaňda, öýüň bar işi şoňa galdy. Ol Sedrigiň häsiýetine, çakganjalygyna, sagdynjalygyna buýsanýardy, esasanam, oglanjygyň maňlaýyna hem eginlerine dökülip duran tyllaýy öwüsýän buýra-buýra saçlaryna aşykdy. Meri jan çekýärdi, missis Errola oglunyň eşiklerini tikmäge kömekleşýärdi, oglanjygyň üst-başyna esewan bolýardy.

— Biziň munymyz hakyky aristokrat, hawa gerek? — diýip, ol geplener ýörerdi. — Munuň ýaly çaga Bäşinji awenýudanam ( Bäşinji awenýu — Nýu-Ýorkuň Manhetten mähellesiniň merkezinden geçýän, dünýäde iň meşhur, abraýly we ugrunda nysak bolan gymmat harytly köpsanly dükançalary bolan köçeleriň biri. ) tapdyrmaz! Bikämiň köne köýneginden tiken gara mahmal penjegimiziň şaplaşaýşyny diýsene. Başjagazyny belent tutuşy, saçynyň buýralarynyň galgaýşy, lowurdaýşy bir zada degýär… Hakyt kiçijik lorduň bard-a!

Özüniň kiçijik lorda meňzeşdigini Sedrik gümanam etmeýärdi — munuň ýaly sözüň bardygyny bir bilýärmi diýsene.

Köçäniň çüňkündäki dükanjygyň gaharjaň dükançysy onuň çyn dostudy, ýöne ol ganygyzgynam bolsa, Sedrik bilen gepleşende beýle däldi. Dükançynyň adyna mister Hobbs diýerdiler, Sedrik ony sylardy, oňa haýran galardy. Ol mister Hobbsy iň baý hem güýçli adam hasaplardy. Sebäp diýseň, onuň dükanynyň tekjeleri dürli-dümenden doly ahyry: injirmidir, garalymydyr, kökemidir, pyrtykalmydyr; üstesine, at goşulan teleşkesi hem bar. Sedrik bulkaçynam, süýtçinem, alma satýanam gowy görýärdi, ýöne mister Hobbsy hemmesindenem eý görýärdi, onuň bilen şeýlebir dostlaşypdy, günde görmese oňanokdy, soňky habarlar barada pikir alşyp, häli-şindi onuňkyda ep-esli eglenerdi. Olaryň başyny agyrtmaýan gürrüňleri ýok!

Mysal üçin, Dördünji iýully gürrüň. ( ABŞ-yň milli baýramy: 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda Garaşsyzlyk hakyndaky deklarasiýa kabul edildi.) Şu gürrüňe başladyklary — bolany, soňy gelmezdi. Mister Hobbs «britaniýalylar» babatynda äsgermezçilik bilen geplärdi, Rewolýusiýanyň tutuş taryhyny gürrüň bererdi, watançylyga ýugrulan geň-enaýy wakalary, duşmanyň zalymlygyny we Garaşsyzlyk ugrundaky göreşiň gahrymanlarynyň batyrlygyny ýatlardy, hatda Garaşsyzlyk deklarasiýasyndan uly-uly bölekleri ýatdan aýdyp, aýtgy hem getirerdi. Sedrigiň bolsa tolgunmakdan ýaňa gözleri ýyldyrardy, eginlerine düşüp duran buýralary tolkunyp-tolkunyp giderdi. Öýüne gelensoň nahar wagtyna howlugardy — eşidenlerini ejesine şeýlebir gürrüň beresi gelýärdi. Megerem, syýasata gyzyklanmasy mister Hobbsdan «ýokuşan» bolsa gerek. Mister Hobbs gazet okamany gowy görýärdi, şeýle bolansoň Sedrigem indi Waşingtonda bolup geçýän wakalaryň hemmesinden habarlydy. Mister Hobbs prezident öz borjuny ýerine ýetirýärmi ýa-da ýok, oňa yzygiderli habar berip durardy. Bir gezek bolsa saýlawlar mahalynda hemme zat, onuň pikiriçe, gül ýaly gidenmiş, mister Hobbs bilen Sedrik bolmadyk bolsa, ýurduň näme boljagy belli däl eken. Mister Hobbs ony dabaraly alawly ýörişe äkidipdir. Şol gije alaw göterip geçen şäherlileriň köpüsi çyraly sütüniň ýanynda, gulakjynyny ikibaka bulaýlap gygyrýan görmeklije oglany egnine mündürip duran dolmuş göwreli erkek kişini soň-soňlaram kän ýatlapdylar.

Saýlawlaryň yzysüre (şol wagt Sedrik sekiz ýaşynyň içindedi) onuň durmuşyny düýpgöter üýtgeden geň waka boldy. Haýran galaýmaly, şol gün ol mister Hobbs bilen hut Angliýa, onuň şa zenany barada gürrüňleşip otyrdylar, mister Hobbs aristokratlara öz ýanyndan gyýgyny pürkýärdi, aýratynam, her jüre graflara we markizlere gahary gelýärdi. Howa irden eýýäm gyzypdy. Ýoldaşlary bilen «uruş-uruş» oýnap lüti çykan Sedrik demini dürsemek üçin dükanjyga sowuldy, görse, mister Hobbs ýüzüni gamaşdyryp, «Suratlar bilen bezelen London täzeliklerini» waraklap otyr.

Muny bir gör-ä — diýip, mister Hobbs köşkde geçirilen haýsydyr bir dabaranyň suratyny Sedrige görkezdi — ine, olar nädip göwün açýarlar! Ýöne duruber bakaly, olaryň gula öwren adamlary bir aýaga galsyn, ojagaz graflaryň, markizleriň we ýene-ýeneleriň dik başaşak gaýdarlar! Gitjek ýerleri ýok, ätiýaçly bolubersinler!

Sedrik öňküje oturýan ýerine geçip, beýik aýakly oturgyjyň üstünde jaýlaşykly ornaşdy, papagyny ýeňsesine süýşürdi, iki elini bolsa, mister Hobbsyň edişi ýaly, jübüsine sokdy.

— Markizlere, gersoglara köp gabat geldiňizmi, mister Hobbs? — diýip, Sedrik sorady.

— Ýok — diýip, mister Hobbs gaharly jogap berdi. — Ýog-eý, aňyrrakdan sowulsynlar! Bärik ýekejesi aýagyny seksin, göreýin hany! Nebsewür zalymlar meniň kökeli gutularymyň üstünde otursalar, men muňa çydaman!

Şeý diýdi-de, tekepbirlik bilen töweregine seredip, maňlaýynyň derini syldy.

— Nämäniň-nämedigine düşünseler, belki, derejelerinden el çekerler — diýip, Sedrik teklibini aýtdy. Onuň bu bedibagt aristokratlara birazajyk nebsi agyrmanam duranokdy.

— Aý, ýok! — diýip, mister Hobbs nägile iňirdedi. — Olar atlaryna buýsanýar ahyry. Olaryň zandy şolar ýaly. Gurrumsak adamlar!

Şeýdip gürrüňleşip otyrkalar, birden gapy açyldy-da, içerik Meri girdi. Sedrigiň göwnüne, ol şeker satyn almaga çykagada, dükanyny ýalňyşan ýaly göründi. Onuň ýüzünde reňk-pet galmady, özem bir zatlardan tebil tapan ýalydy. Ol:

— Ýör, janym, öýe. Seni bikäm çagyrýar — diýdi.

Sedrik oturgyjyndan typyp düşdi.

— Ol maňa: «Bile gezim etmäge çykaly» diýjek bolýandyr, hä, Meri? — diýip, Sedrik sorady.

— Hoşuň, mister Hobbs. Basym ýene görşeris.

Meri oňa gözüni petredip seredýärdi, näme üçindir kellesini ýaýkaýardy, Sedrik muňa geň galdy.

— Meri, saňa näme bolýar — diýip, ol aladalandy. — Ýa ýaraňokmy? Yssydan bolaýmasyn.

— Ýok — diýip, Meri mähetdel etmän jogap berdi. — Gaty täsin zatlar bolup geçýär.

— Ýa yssydan ýaňa Mähribanymyň kellesi agyrdymy? — diýip, Sedrigiň ynjalygy gaçdy. Ýöne gürrüň munda däldi.

Öýlerine golaýlaberenlerinde onuň gapyda duran araba gözi düşdi, kiçi myhman jaýda bolsa kimdir biri ejesi bilen gepleşip otyrdy. Meri Sedrigi howlukmaçlyk bilen ýokarky gata çykardy, sarymtyl reňkli toýdalyk penjegini geýdirip, bir gyldan besledi, biline gyzyl guşak daňdy, buýralaryny darady.

— Milordlaryň ( Milord — Angliýada lordlaryň, aristokratlaryň sypaýylyk bilen tutulýan ady.) bar bolup bilşi şumuka? — diýip, ol hüňür-hüňür edýärdi. — Barjamlylaram, asylzadalaram… Gümüne gitsin-le şolar! Ýene näme gerekmiş — bir lord ýetenokdyda!

Nämäniň gürrüňi gidýär, hiç aňyp bilmedi, ýöne Sedrik ejesiniň bar zady düşündirjegini bilýärdi, onsoň Meriden sorabam durmady. Sedrik geýindirilip bolnan dessine, basgançakdan aşaklygyna ylgap düşdi-de, myhman jaýa girdi. Kürsüde agras ýüzli, agajet, garry jentlmen ( Angliýada: buržuaz-aristokratik jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini doly berjaý edýän adam. ) otyrdy. Onuň garşysynda bolsa, ýüzüni ak tam edip, gözi ýaşly ejesi durdy.

— Ah, Seddim! — diýip, ol gygyrdy-da, gulajyny ýaýyp ogluna tarap ylgady, barşyna-da ony gujaklap, ogşamaga durdy, tolgunmakdan hem gorkudan ýaňa tutuş göwresi galpyldaýardy. — Ah, Seddim, gadyrdanym!

Şilliň jentlmen kürsüden galdy-da, süňklek barmaklary bilen alkymyny sypap durşuna Sedrige ýiti nazaryny aýlady. Sypaty özünden göwni hoş adama meňzeýärdi.

— Hä-ä, ine-de özi — diýip, hortaň jentlmen süýkdirdi. — Ynha körpeje lord Fauntleroý.

Ikinji bap

SEDRIGIŇ DOSTLARY

Şondan soňky hepdäni Sedrik alasarmyk ýagdaýda geçirdi, hepde durşuna seýrek gabat gelýän geň ýagdaý hem akyla sygmajak täzelikden ybarat boldy. Birinjiden, ejesi täsin bir wakany gürrüň berdi. Sedrik oňa doly düşünýänçä, ejesi aýdanyny üç gezek dagy gaýtalady. Bu barada entek mister Hobbsyň näme diýjegi belli däl.

Gürrüň graflar barada barýar: Sedrigiň hiç mahal görmedik atasy graf bolsa nätjek. Atdan ýykylyp ölmedik bolsa, soňlugy bilen, uly kakasy (kakasynyň agasy) graf bolmaly eken; ol dünýesini täzelänsoň bolsa, graflyk ikinji kakasyna (kakasynyň ikinji agasyna) geçmeli eken, ýöne ol hem Rimde ysytmadan tarpa-taýyn ýogalypdyr. Onuň yzyndan graf dereje, eger diri bolanlygynda, Sedrigiň öz kakasyna geçirilmeli eken. Bularyň hemmesi bakyýete göç edensoň, Sedrik ýeke-täk mirasdüşer bolany üçin, atasy ýogalansoň graflygy özi kabul etmeli boljak, häzirlikçe bolsa lord Fauntleroý bolar.

Bu habary ilkinji gezek eşidende, onuň ýüzi üýtgedi.

— Mähribanym! — diýip, ol seslendi. — Meniň graf bolasym-a gelenok! Oglanlaryň içinde hiç haýsy graf däl. Graf bolmasam näderkä?

Görüp otursa, mundan sypma ýok eken. Şol agşam ejesi ikisi penjiräniň öňüne geçdiler-de, köçelerindäki pukaraja külbejiklere seredip oturyşlaryna ähli zady birme-bir ölçerip-dökdüler. Sedrik gowy görýän oturyşyny edip, iki eli bilen dyzyny gujaklaýşyna, gyzaryp-bozaryp, bolup geçýän zatlara düşünjek bolýardy. Atasy agtygynyň Angliýa gelmegini isleýär, ejesem şeýtse dogry bolar diýip pikir edýär.

Missis Errol gussaly gözlerini penjirä dikip oturyşyna:

— Sebäbi kakaň hem şuny makullardy, men bilýän, Seddi. Ol öýüni gaty gowy görýärdi. Onsoňam seniň düşünmeýän başga-başga zatlaryňy hem göz öňüne tutmak gerek. O zatlara düşünerden sen entek ýaş. Seni saklasam, goýbermesem, bu diňe öz gaýgymy etdigim bolar. Ulalaňsoň düşünersiň bu zatlara — diýdi.

Seddi tukatlyk bilen baş atdy.

— Mister Hobbs bolmasa meniň içim gysar. Onuň meni göresi geler, meniňem ony. Gepiň gysgasy, beýlekileri hem goýup gitmek aňsat däl.

Ertesi güni mister Hewişem geldi-de, Sedrige köp zady gürrüň berdi: Mister Hewişem graf Dorinkortuň maşgala aklawçysy eken. Graf ony Amerika «lord Fauntleroýy Angliýa getir» diýip ugradypdyr. Ýöne barybir, Sedrigiň ynjalygy bolmady: hamana, ol ulalansoň juda baý boljakmyş, kaşaň köşkler, giden seýilgähler, çuň-çuň şahtalar, ajaýyp mülkler we kärendeçiler onuň çotuna geçjekmiş. Onuň bar aladasy dosty mister Hobbsdy, şonuň üçin ertirlik iýen dessine onuňka gitdi. Ol tolgunýardy. Barsa, mister Hobbs gazet okap oturan eken. Sedrik içerik ýaýdana-ýaýdana girdi. Ol öz durmuşynda bolmaly üýtgeşikligiň mister Hobbsa agyr degjegini bilýärdi, onsoň ýolboýy nädip aýtsamkam diýip pikirlene-pikirlene geldi.

— Ää-ä, bu senmi? Ertiriň haýyrly! — diýip, mister Hobbs ilki bolup habarlaşdy.

— Ertiriňiz haýyrly! — diýip, Sedrik jogap berdi.

Ol hemişeki oturýan beýik oturgyjyna-da çykjak bolup durman, kökeli gutynyň üstünde iki dyzyny gujaklap oturdy, şol oturyşyna-da uzak dymdy, ahyry mister Hobbs okap oturan gazeti üstaşyr oňa soragly gözlerini aýlady.

— Özüň ekeniň-ä — diýip, ol ýene söz gatdy. Sedrik biraz dogumlandy.

— Mister Hobbs, düýn irden näme barada gürleşenimiz ýadyňyzdamy?

— Hm, Angliýa barada gürleşäýdik öýdýän.

— Dogry — diýip, Sedrik ylalaşdy. — Onsoň Meri yzymdan gelende nämäniň gürrüňini edip otyrdyk?! Şol ýadyňyzdamy?

Mister Hobbs ýeňsesini gaşady.

— Şa aýaly Wiktoriýa bilen aristokratlary agzaýardyk öýdýän.

— Hawa — Sedrigiň sesi ysgynsyz çykdy. — Ýene… ýene… graflary hem, ýadyňyza düşdümi?

— Dogry, olaram agzadyk — diýip, mister Hobbs tassyklady. — Çalaja çetlerine-de degipdik, o-la çyn!

Sedrik gulagynyň düýbüne çenli gyzardy. Ol özüni hiç mahal munuň ýaly oňaýsyz duýup görmändi.

— Olary kökeli gutularymyň üstünde oturtmanam diýipdiňiz, dogry dälmi? — diýip, ol sorag bermesini dowam etdi.

— Hawa, aýdypdym — diýip, mister Hobbs gök ýaly gümmürdedi. — Gaýtalabam biljek. Synanyşyp bir görsünler — gözleri näme görerkä!

— Mister Hobbs, şu gutynyň üstünde şolardan biri eýýäm otyr!

Mister Hobbs tas kürsüsinden laňňa turupdy.

— Näme?! — diýip, ol gygyryp goýberdi.

— Şeýle — diýip, Sedrik bolmalysy ýaly salykatlylyk bilen mälim etdi. — Men — graf, has dogrusy, men geljekki graf. Sizi aldap nädeýin.

Mister Hobbsyň ynjalygy gaçdy. Ol böküp ýerinden turdy-da, termometriň ýanyna bardy.

— Kelläňden Gün geçen-ä däldir-dä! — diýip, seslenişine çiňerilip-çiňerilip Sedrigiň ýüzüne seretdi. — Bu gün howa gaty gyzdy. Özüňi duýşuň nähili? Kelläň agyranokmy? Haçandan bäri şeýle?

Ol eliniň aýasy bilen Sedrigiň maňlaýyny tutdy. Erbetdigini!

Sedrik:

— Aladaňyz üçin sag boluň, ýöne men sag. Kellämem agyranok. Gynansak-da, meniň çynym, mister Hobbs. Düýn Meri yzymdan şoň üçin gelipdir. Ejeme-de Mister Hewişem aýdypdyr, ol aklawçy — diýdi.

Mister Hobbs özüni kürsiniň üstüne goýberdi-de, elýaglygy bilen maňlaýynyň derini süpürdi.

— Seni Gün urmadyk bolsa, onda meni urupdyr! — diýip, ol gygyrdy.

— Ýo-ok, gürrüň başga meselede — diýip, Sedrik garşy çykdy. — Ylalaşman, gitjek ýerimiz ýok, mister Hobbs. Mister Hewişem şuny bize aýtmak üçin Angliýadan ýörite gelipdir. Ony atam ugradypdyr.

Mister Hobbs garşysynda oturan oglanjygyň agras ýüzüne howsala bilen dikanlap seretdi:

— Ataň bolanda kim bolýar?

Sedrik elini jübüsine sokdy-da, emaý bilen bir tagta kagyz çykardy. Onuň ýüzünde tagaşyksyz iri harplar bilen bir zatlar ýazylgydy.

— Ýatda saklamak kyn bolansoň ýazyp aldym — diýip, Sedrik düşündirdi.

Şeý diýdi-de, howlukman şu sözleri daşyndan okady:

— «Jon Artur Molino Errol, graf Dorinkort». Ady şeýle, özem köşkde, has dogrusy, iki köşkde ýaşaýar, üçüsinde ýaşaýan bolmagam ahmal. Kakam onuň körpe ogly eken; kakam diri bolanlygynda, men lordam bolmaly däl, grafam; ýöne, aslynda, kakamyň uly doganlary diri bolsa, kakamam graf bolmaly däl eken. Emma bary ýogalansoň, başga ogul galmansoň, indi men graf bolmaly boljak; atam yzymdan şoň üçin adam iberipdir.

Mister Hobbs lap-lap gyzýandygyny duýdy. Ol maňlaýy bilen kellesiniň kel ýerini gaýta-gaýta süpürip, agyr-agyr dem alýardy. Mister Hobbs alkymy gyzyl talasjyk bilen bezelen gara penjeklije, kökeli gutynyň üstünde oturyşyna özüne kireňsiz çaga gözlerini balkyldadyp seredýän, güler ýüzli, dogumlyja, görmegeýje oglanjygy syndan geçirişine, kellä gelmejek bir ýagdaýyň ýüze çykandygyna düşündi. Eşiden habary oglanjygy dynnym ýalyjagam üýtgetmändir. Mister Hobbs oglanjygyň barjamly gatlagyň wekilleri barada aýdanlaryna näme diýip, näme goýjagynam bilmedi. Sedrik oňa ähli zady şeýlebir sadalyk bilen ýönekeý edip aýtdy welin, onuň howsalasy hasam artdy. Sebäbi aýan: oglanjyk bu habaryň, hatda manysyna-da düşünmeýär ahyry.

— Seniň adyňy, indi näme… näme diýip tutmaly diýdiň? — diýip, mister Hobbs gaýtalap sorady. — Sedrik Errol, lord Fauntleroý — diýip, Sedrik jogap berdi. — Mister Hewişem maňa şeý diýip ýüzlendi. Otaga giremde: «Ana, kiçijik lord Fauntleroý hem geldi!» diýdi.

— Bäý-bä-ä — diýip, mister Hobbs seslendi. — Diňarkan gaýdaýmaly!

Bir zada aşa tolgunanda ýa-da geň galanda ol mydama şeý diýerdi. Şu wagtam onuň diline başga söz gelmedi.

Sedrigiň häzirki ýagdaýynda bu sözler tüýs jaýdar eşidildi. Ol mister Hobbsy şeýlebir gowy görýärdi, şeýlebir hormatlaýardy welin, onuň edeni ýüregine jüňk bolup duran ýalydy. Sedrik käte mister Hobbsyň düzgüni bozýanyny nä bilsin, onuň şondan başga görýän adamy ýok diýen ýaly ahyryn. Elbetde, mister Hobbs onuň ejesine düýbünden meňzemeýär, Sedrik muňa düşünýär. Ejesi — aýal maşgala, aýallar erkeklere garanda özlerini düýbünden başgaça alyp barýan bolmaly.

Ol pikirli nazaryny mister Hobbsa dikdi.

— Angliýa bu ýerden gaty daşda gerek?

— Atlantika ummanyndan geçmeli — diýip, mister Hobbs jogap berdi.

— Şoňa gynanýan — diýip, Sedrik ýürejigindäkini dökdi. — Indi men sizi uzak wagtlap görüp bilmen. Şuny ýatlasymam gelenok, mister Hobbs.

— Zyýany ýok, gowy dostlar hem biri-birinden aýra düşüp bilýär ahyry.

— Biziň dostlugymyza gaty kän ýyllar boldy, şeýle dälmi?

— Sen doglaňdan bäri — diýip, mister Hobbs tassyklady. — Köçämize göçüp geleňizde, heniz doly alty hepde hem bolman eken doglanyňa.

— Bäh — diýip, Sedrik uludan demini aldy. — Şonda dagy graf bolaryn öýdüp kelläme-de gelmändir!

— Boýun gaçyrsaň näderkä? — diýip, mister Hobbs gyzyklandy. — Bolmazmyka?

— Aý, ol bolmaýmasa — diýip, Sedrik ynamsyz aýtdy. — Ejem diýýä, kakaň bolan bolsa unardy diýýä. Juda bolmajak bolsa, onda iň bolmanda, gowy graf bolmaga çalyşmaly borun. Zalym-a boljak däl. ýene uruş başlaýsa, öňüni almanyň aladasyny ederin.

Ol mister Hobbs bilen çynlakaý terzde uzakdan-uzak gürrüňleşip oturdy. Birneme özüne gelen mister Hobbs duşmançylygyny edil ýüzüne çykarjak bolubam durmady, ýagdaýa düşünjek boldy, Sedrigiň üstüni birgiden sowaldan gömdi. Oglanjygyň hemmesine jogap berip bilmejegini bilibem, köpüsine özi jogap gözledi. Graflardan, markizlerden, olaryň mirasdüşer mülklerinden gürrüň açyp, köp zady düşündirdi. Onuň bu gürrüňlerini mister Hewişem eşiden bolsa agzyny açardy.

Ýöne ony diýseň, mister Hewişemi haýran galdyrýan zat köp. Bütin ömrüne Angliýadan çykman ýaşansoň, amerikalylaryň özlerem, olaryň her bir dessuram onuň üçin täzelik, geň-taňlyk. Ynha, kyrk ýyla golaý wagt bäri ol graf Dorinkortyň aklawçysy, onuň ajaýyp mülk ýerleri, ummasyz baýlygy barada hemme zady bilýär we bu zatlara eýe bolmaly mirasdüşer oglanjygy hem ilik-düwme öwrendi. Öz wagtynda uly ogullaryndan tamasy çykman, kapitan Sedrigiňem amerikaly gyza öýleneni üçin garry grafyň ganynyň gaýnap duranyndan mister Hewişemiň habary bardy. Dul galan ýaşajyk, ýuwaştap gelnini häli bu güne çenlem halamaýandygy, ol barada gowy söz aýtmaýandygy oňa mälimdi. «Kakasynyň grafdygyny bilip, ýeňles aýal gözüni-başyny aýlapdyr oglumyň» diýip, garry Dorinkort dynman ýanjaýardy. Garry aklawçynyň hem şu pikiri goldasy gelip durdy. Ol diňe özüni bilýän nebisjeň adamlary ömründe kän görüpdi, amerikalylara hem beýle bir ýokary baha berip baranokdy. At arabasy bu garyp köçä öwrülip, gözgynyja öýüň öňünde saklananda, ol haýranlar galdy. Dorinkort, Windhem-Tauers, Çorlwort ýaly köşkleriň we beýleki ajaýyp mülk ýerleriniň geljekki eýesiniň şular ýaly burçunda azyk harytly dükanjygy bolan köçäniň pukaraja öýünde ýaşaýandygy baradaky pikiriň özi ony haýykdyrdy. «Aslynda, şol diýilýän oglanjygyň özi nähili zatka, ejesi niçigsi maşgalaka» diýip, ol iňkise gitdi. Olar bilen duşuşmaga-da gorkýan ýaly göründi. Mister Hewişem ençe ýyllar bäri hyzmat edýän maşgalasynyň adyna-abraýyna özüçe buýsanýardy, şeýle bolansoň pakyr bolan adamsynyň watanyna, abraý-mertebesine gadyr goýmaýan, ýeňles, betnebis aýal bilen iş salyşmaly boljagyna gynandy. Bu at gadymdan gelýän şöhratly atdy, mister Hewişemiň oňa hormaty uludy, ýöne bu duýgy, her näme diýseňem, aklawçynyň işi bilen bagly meýilden başga zat däldi.

Mister Hewişem Meriniň ugratmagynda çaklaňja myhman otagyna girende, töweregine göwnüýetmezçilik bilen göz gezdirdi. Otagyň goşy ýönekeýje-de bolsa, gelşikli hem oňaýly edilip ýerleşdirilipdi. Onuň içinde gerekmejek, bolgusyz zatlar ýa-da harsal çekilen suratlar göze ilenokdy. Diwarlardan sadaja-da bolsa, maza bilen sünnälenip ýasalan bezegler asylyp goýlupdyr. Otagdaky zenan elinden çykan enaýyja zatjagazlarda biygtyýar gözüň eglenýärdi.

«Hmm, başy-ha erbet däl — diýip, ol içini gepletdi. — Megerem, bu zatlarda kapitanyň isleginden ugur alnan bolsa gerek». Ýöne otaga giren missis Erroly görüp, ýaňky pikirini üýtgetdi, beýle zenanyň öz isleginiňem hiç kimiňkiden pes bolmajagyny inkär edip bilmedi. Juda hyrsyz adam bolaýmasaň, ony görüp pagyş-para eremezlik mümkin däldi. Syratly endamyna syrlaşyp duran sadaja gara köýneginde ol ýedi ýaşly oglanjygyň ejesine däl-de, juwan gyza meňzeýärdi. Onuň ýaş, owadan ýüzüne gam-gussanyň kölegesi düşüpdir, balkyldap duran goýun gözleri mähirli hem ynanjaňlyk bilen bakýar. Adamsy ýogalany bäri gussa onuň hemrasyna öwrüldi. Sedrik onuň bu keşbine öwrenişip gidipdir. Gussasy käte bir — Sedrik onuň bilen oýnan mahaly, şeýle-de ol gazetden alnan ýa-da mister Hobbsyň aýdan ýeserje manyly käbir jümlelerini, ýa-da sözlerini özi bilmän durka dilinden sypdyranda, sowlan ýaly bolardy. Aýlawly jümleler Sedrigiň hoşuna gelýärdi, aýratynam olar ejesini güldürip bilse, monça bolardy, ýöne özi welin olarda güler ýaly zat görmezdi.

Köpi gören aklawçy adam tanamaga ökdedi. Ol Sedrigiň ejesini görenden, «oglum ýeňles, nebisjeň aýala öýlendi» diýip eňek bermeýän garry grafyň ýalňyşandygyna düşündi. Mister Hewişemiň özi sallahdy, ömründe hiç kimi söýüp görmändi, şeýle-de bolsa, ol bu mylaýym sesli, didelerine gussa çöken zenanyň kapitan Errola onuň kakasynyň graflygy üçin däl-de, çyn ýürekden söýeni üçin durmuşa çykandygyny aňdy. Şeýlelikde, ol missis Erroly yrmak özüne kyn düşmez diýip hasaplady hem-de körpeje lord Fauntleroýyň hem öz abraýly maşgalasyna ýük bolmajagyna umyt baglady. Kapitan görmegeýdi, onuň ýaşajyk dul gelni hem diýseň eýjejik eken, onsoň olaryň oglunyňam hiç neneň bolmajagy belli.

Missis Errola haýsy maksat bilen gelenini aýdanda, gelniň ýaňaklary al öwsüp gitdi.

— Wah-eý — diýip, ol ynjyly seslendi. — Ony meniň elimden alaýjaklarmyka? Biz biri-birimizi şeýlebir gowy görýäs! Ol meniň göz-guwanjym ahyry! Ol — meniň barym! Men oňa gowy eje bolmaga çalyşdym.

Onuň näzik sesi endiredi, gözleriniň owasy ýaşa doldy.

— Onuň maňa nähili gymmatlydygyny siz göz öňüne getirip-de bilmersiňiz! — diýip, sözüniň yzyna goşdy.

Aklawçy üsgürinjiredi.

— Graf Dorinkortyň size bolan garaýşynyň beýle bir… beýle bir gowy däldigini aýtmaly bolýan. Ol garry adam, ony indi üýtgetjek gümanyň ýok. Amerikany, amerikalylary öňden bäri halanok, oglunyň amerikala öýlenenine gahar edýär. Gynansagam, aýtmaly boljak: ol bu meselede siziň gözüne görünmezligiňizi isleýär. Lord Fauntleroýyň öz penasynda terbiýelenmegini, öz ýanynda ýaşamagyny makul tapýar. Dorinkort köşgi grafyň iň gowy görýän ýeri, ol wagtynyň köp bölegini şol ýerde geçirýär. Onuň bogun agyrysy bar, Londony kän halanok. Lord Fauntleroý, megerem, köşkde ýaşamaly bolaýmasa. Graf size Kort-Lojde ýerleşmegi teklip edýär, bu — köşgüň golaýynda oňaýlyja ýerde ýerleşen öý. Onsoň ýene-de, graf siziň ýagdaýyňyza görä aýlyk hakam bellejekden. Lord Fauntleroýa siziň bilen görüşmäge diňe bir şert bilen rugsat berler: ýanyna özüňiz barmaly däl, bile seýilgähde gezelenç etmek bolanok. Görşüňiz ýaly, siz ogluňyzdan aýra düşeňzok, onsoňam, hanym, ynanaýyň, bu şertler beýle bir agyram däl, mundan… mundan çökderrägem bolup bilerdi ahyry. Özüňizem aňýansyňyz, şunuň ýaly artykmaç dereje we terbiýe lord Fauntleroý üçin juda ähmiýetli.

Ol missis Errolyň aglap başlamagyndan, şular ýaly ýagdaýda köp aýallaryň edişi ýaly, her tüýsli bolup bulanyp ugramagyndan sähel-mähel ätiýaç etmänem duranokdy. Aýal gözýaşyny görse, onuň jyny atlanýardy, gahary gelýärdi.

Emma gelin aglamady. Ol penjiräniň öňüne bardy-da, aňyrsyna öwrülip, dem salym durdy, düşnükli, özüni ele almaga çalyşýan bolmaly.

— Kapitan Errol Dorinkorty juda gowy görýärdi — diýip, ol ahyry dil ýardy. — Angliýany, iňlise degişli ähli zady söýýärdi. Öýünden aýra salnanyna jany dagy ýanypdy. Ol öz öýüne, mülküne guwanýardy. Ogly onuň dogduk diýaryny görse, geljekki derejesine mynasyp terbiýe alsa… bulary onuň islemejek gümany barmy.

Ol stoluň ýanyna dolanyp geldi-de, mylaýymlyk bilen mister Hewişeme seredip sägindi.

— Adamymyň islegem şol bolardy — diýip, missis Errol dowam etdi. — Şeýdilse oglan üçinem bähbitli bolar. Oglumyň maňa bolan söýgüsini, hamraklygyny elimden alar derejede grafyň doňýürek däldigine ynanýan. Onsoňam şeýtmek isläýen ýagdaýynda-da… bu oňa başartmazmyka diýýän. Oglum — edil atasy. Häsiýeti dözümsiz, wepaly ýüregi bar. Görüşmedik ýagdaýymyzda-da, ol menden sowaşmaz. Onsoňam bize görüşmäge rugsat beriljek bolsa, maňa beýle bir kynam düşüp durmaz.

«Bu aýal hiç özi barada pikir edenok — diýip, aklawçy içini gepletdi. — Özi üçin haýsydyr bir şertem goýjak bolanok».

— Hanym — aklawçy sözüniň yzyny daşyndan dowam etdi. — Ogluňyz barada edýän aladaňyzyň öňünde baş egýän. Ol ulalansoň, size minnetdar bolar. Ynanaýyň, lord Fauntleroý yhlas hem alada bilen gurşalar, onuň bagtly bolmagy üçin mümkin bolan zatlaryň ählisi ediler. Graf Dorinkort, onuň aladasyz, abadan ýaşamagy üçin, siziň ornuňyzda durup, elinden gelenini eder.

— Belki, şeýle bolsun-da — diýip, ol endireýän sesi bilen umytly dillendi. — Seddini gowy göräýedi-dä. Çagamyň göwni çirksiz — ol söýginiň gujagynda ulaldy.

Mister Hewişem ýene üsgürinjiredi. Boýun agyrydan ejir çekýän gaharjaň garry graf kimdir birini gowy görüp bilermikä, aklawçy muny göz öňüne getirip-de bilmedi. Şeýle-de bolsa, barybir, ganygyzma graf öz mirasyna eýe çykmaly çaga mähir bermeli bolar, sebäbi bu ýerde onuň öz bähbidi bar ahyry.

— Köşgüň lord Fauntleroýyň göwnüne ýarajagyna men ynanýan — diýip, aklawçy jogap berdi. — Şonuň üçin graf, ogluň bilen ýygy-ýygydan görşer ýaly, sizi köşge golaý ýere ýerleşdirmek isleýär.

Ol grafyň özüne aýdyp goýberen, mähiriň, edep-terbiýäniň düşnügi hem bolmadyk sözlerini gaýtalabam durmady. Mister Hewişem hojaýynynyň gepini ýumşadybrak, hoşamaý görnüşde ýetirmegi dogry hasaplady.

Missis Errol oglanjygy tapyp getirmegi haýyş edende, Meriniň beren jogaby aklawçyny tisgindirdi. Meri:

— Hanym, ony tapmak kyn däl — diýdi. — Ol mister Hobbsyň dükanjygynda oturandyr, başga nirede bolsun. Uzyn aýakly oturgyçda oturyşyna syýasatdan gep urýandyrlar ýa-da gutularyň arasyna sümlüp, şem, sabyn, ýeralmasyny oýnaýandyr. Şeýle enaýyja, şeýle akyllyja, gözüňi aýrasyň gelmez!

— Mister Hobbs ony bäbekliginden bäri tanaýar — diýip, missis Errol aklawça düşündirdi. — Ol oglanjyga şeýlebir höwrügipdir, olar aýrylmaz dost.

Bir dükanjygyň deňinden geçip barýarka içi ýeralmaly, gök önümli we şoňa meňzeş harytly çelekleri göreni ýadyna düşende, aklawçynyň ýene göwnüne güman gitdi. Bu zatlar gaty geň — Angliýada jentlmenleriň ogullary bakgallar bilen dostluk açanok. Oglanjyk ýaramaz gylykly ýa bolgusyzlaryň yzyna düşüp ýörenlerden bolsa, haýp. Ýeňles gylykly adamlara goşulyp, garry grafa uly ogullarynyň eden urgusy azmy. «Oglanjyk kakasyna däl-de, şolara çekäýdimikä ýa?» diýip, aklawçy içini hümletdi.

Mister Hewişem missis Errol bilen gürrüňleşip, oglanjyga garaşyp otyrka-da bu howsalaly pikir onuň kellesinden çykmady. Ahyry gapy açylyp, içerik Sedrik girdi, ýöne aklawçy ur-tut oňa seretmäge özüni mejbur edip bilmedi. Ejesiniň ýanyna ylgap baran oglanjyga gözi düşen dessine, mister Hewişemiň başdan geçiren täsin ahwalatyny duýmak ozal aklawçy bilen iş salşyp gören adama, walla, geň görnerdi. Gelşiklije geýindirilen ýakymlyja oglanjyk ony duýdansyz ýagdaýda begençli tolgunmanyň gujagyna oklady. Oglanjygyň görmegeýligi ony aňk etdi. Sedrigiň çeýejeligi, sagdynjalygy, syratlylygy, gülerýüzlüligi aýny kakasydy. Saçlary kapitanyňky ýaly altynsowdy, gözleri ejesiniňkä meňzeş — goýungöz bolsa-da, olara çekinjeňlik bilen gussa ýatdy. Gönüläp seredip bilýän merdemsi garaýşy bardy. Göýä, hiç mahal gorky-ürkini, şek-şübhäni duýup görmedik ýalydy. «Bular ýaly görmekli, salykatly oglana gabat gelmändim» diýip, mister Hewişem içini gepletdi. Daşyndan bolsa:

— Ana, kiçijik lord Fauntleroý hem geldi! — diýip seslendi.

Körpeje lord Fauntleroýy synladygysaýy, ol ony barha geň galdyrýardy. Mister Hewişem çagalary Angliýada häli-şindi görýänem bolsa, olar ony beýle bir gyzyklandyryp baranokdy. Sagdyn, owadan, alýaňak gyzjagazlar we oglanjyklar mugallymlaryň we terbiýeçileriň berk gözegçiliginde saklanýardy. Olar kä çekinjeň, käte öwrenişýän ýalydylar, emma agras we edep saklaýan aklawçy olara biperwaýdy. Körpeje lord Fauntleroýyň ykbalyna hut özüniň dahylly bolmagy täsir eden bolsa gerek, aklawçy beýleki çagalara garanda, Seddä has içginräk üns bermeli boldy. Dogrusy, oglanjygy nazaryndan sypdyrman oturyşyna onuň özem geň galdy.

Synlanylýanyndan bihabar Sedrigiň şol hemişeki bolşudy. Ony mister Hewişem bilen tanyşdyranlarynda, adatdakysy ýaly onuň elini dostlarça gysyp salamlaşdy, mister Hobbs bilen gepleşendäki ýaly, ähli sowallaryna höwesjeň jogap gaýtardy. Uýalybam durmady, ulumsyramadam. Missis Errol bilen gürrüňleşip oturyşyna, oglanjygyň edil uly adam ýaly, olaryň söhbedine gulak asýandygyny aňdy.

— Ol öz ýaşyndan kän uly görünýän ýaly — diýip, mister Hewişem onuň ejesine aýtdy.

— Hawa, şeýleräk — diýip, missis Errol ylalaşdy. — Ol gören zadyny tiz tutýar, üstesine-de, ulularyň arasynda ulaldy. Kitapdan okan ýa-da ondan-mundan eşiden ýitije sözlerini, jümlelerini jüpüne düşürip gaýtalamak endigi bar, emma garagollugam özüne ýeterlik. Göwnüme, ol gereginden artyk akylly ýaly hem bolsa, barybir, heniz çaga.

Mister Hewişem Sedrigi ikinji sapar görende oglanjygyň ejesiniň aýdan soňky sözleriniň hakdygyna göz ýetirdi. Paýtunynyň burçdan bärik öwrüleni hem şol, bir topar oglanjyklaryň alawagyrdy bolşup ýöreni gözüne ildi. Olaryň ikisi ylgamakda ýaryşmak üçin pellehanada häzirlenip durdy, oglanlaryň biri ýaşajyk lorddy — beýlekilere goşulyp, onuň hem goh-galmagaly ýetikdi. Ol bäsdeşiniň gapdaljygynda gyzyl joraplyja aýagyny öňe ädip, tap-taýýar durdy.

— Taýýar boluň! — diýip, emin gygyrdy. — Bir! Hemme zat gowumy? Iki! Üç! Ylgadyk!

Mister Hewişem garaşylmadyk gyzyklanma bilen paýtunyň penjiresinden boýnuny uzatdy. Ömründe şunuň ýaly bolany ýadyna düşmedi. — «Ylgadyk!» diýlenden, ýaşajyk lorduň gyzyl jorapjygy ýyldyrym uran ýaly boldy. Ol ýumrujagyny düwüp, öňe ok ýaly atylyp barýardy, şemal bolsa onuň altynsow buýralaryny galgadyp oýnaýardy.

— Sed Errol, bol-bol! — diýip, oglanjyklar ot alan ýaly bolup bökjekleşip gygyryşýardylar. — Billi Wilýams, galma! Seddi, haýda! Bol bahym, Billi! Ura! Ura!

— Berekella, ol birinji bolup geljek öýdýän — diýip, mister Hewişem öz ýanyndan belledi. Gyzyl joraplyja aýajyklaryň göze ilmeýän çakganlygy, oglanlaryň gykylygy, gyzyl jorabyň yzyndan ýetjek bolup güýjünde baryny edýän goňur joraply Billi Wilýamsyň janypkeşligi — bularyň bary garry aklawçyny heýjana saldy.

— Men aýtdym-a… aýtdym-a, jedelem edip biljek birinji geljegine! — diýip, ol alada bilen üsgürinjiredi.

Şol wagtam çagalaryň şadyýan bökjekleşip, begenjinden tans edişip, agzybir gygyryşýan sesleri eşidildi.

Dorinkortyň geljekki grafy soňky gaýratyny jemläp, bir bökende mähelläniň çetindäki çyraly sütüne ýetdi-de, agyr hassyldap, demi-demine ýetmän söbügine basyp gelýän Billi Wilýamsdan iki sekunt öňürdip, eli bilen sütüni gütledip urdy.

— Ýaşşasyn Seddi Errol! — diýip, çagalar gygyryşdylar. — Halalyň bolsun, Seddi Errol!

Mister Hewişem agras ýylgyryp, paýtunyň ýassygyna arkasyny berdi. Ol:

— Tüweleme, lord Fauntleroý! — diýip, begenjini daşyna çykardy.

Paýtun missis Errolyň işigine gelip saklananda, şadyýan oglanlaryň öňüne düşüp, ýeňiji bilen ýeňlen onuň alnynda peýda boldular. Sedrik Billi Wilýams bilen egin deňleşip gelşine, onuň bilen bir zatlaryň gürrüňini edýärdi. Onuň gyzaran ýüzi begençden dylmyldaýardy, saçlary derlän maňlaýyna ýelmeşipdi, elleri jübüsindedi.

— Bilýärmiň — diýip, Sedrik döwi çykmadyk bäsdeşine, megerem, göwünlik bermäge çalyşýan bolmaly. — Meniň aýaklarym biraz uzyn, utanym şondan. Senden üç günlük uly bolamsoň, şoňam täsiri ýetýän bolmaly. Men senden tutuş üç günlük uly ahyry!

Aýdylan sözler Billi Wilýamsy köşeşdirdi öýdýän, ol ýylgyryp goýberdi-de, ýeňleniň sussupesligi bilen däl-de, ýeňijiniň belent howalasy bilen töweregine seretdi. Seddi Errol onuň göwnüni giňetmegi başaran bolmaly. Hatda ýeňşiň ýelgini hem oňa utulanyň göwnüni tapmagy unutdyryp bilmedi, ýagdaý başgaçarak bolanda, onuň utaýmagynyň hem mümkindigi baradaky pikir onuň göwnüni göterdi.

Şol gün irden mister Hewişem ýeňiji bilen uzak wagtlap lakgyldaşdy — gürrüňdeşlik ony gaýta-gaýta agras ýylgyrmaga, hor barmaklary bilen eňeginiň aşagyny sypamaga mejbur etdi. Missis Errol haýsydyr bir iş bilen myhman otagdan çykdy-da, Sedrik bilen mister Hewişem ikiçäk galdy. Birbada mister Hewişem oglana näme diýjegini bilmän kösendi. Ony garry atasy bilen duşuşyga, öňünde garaşýan uly üýtgeşiklige taýýarlamalydy. Angliýa baransoň nämäniň garaşýandygy, nätüýsliräk öýde ýaşamaly boljakdygy barada Sedrikde hiç hili düşünjäniň ýokdugyny ol görüp durdy. Ol hatda ejesinden aýry ýaşamalydygyndan hem habarsyzdy. Bu barada oňa soň aýtmagy karar etdiler — goý, täze derejesine birneme öwrenişibersin.

Mister Hewişem açyk penjiräniň öňündäki kürsüde otyrdy. Penjiräniň garşysynda has gabaralyrak başga bir kürsi durdy. Sedrigem şonda ornaşypdy. Ol kürsiniň has düýbürägine süýşüp, buýra saçly başyny onuň arkalygyna ýaplap oturyşyna, mister Hewişeme dykgat bilen seredýärdi. Özem, Mister Hobbs ýaly, aýaklaryny çilşirip, iki elinem jübüsine sokupdy. Sedrik ejesi otagdaka-da, çykyp gidensoňam hormat-sylaga beslenen garaýşyny aklawçydan birjik-de sowman, şo-ol oýurgap oturyşydy. Sähel salym ümsümlik höküm sürdi. Sedrigiň bolşy mister Hewişemi synçy nazaryndan geçirýäne meňzeýärdi, mister Hewişem bolsa, gürrüňsiz, Sedrigi öwrenýärdi. Aklawçy ylgaşmakda birinji gelen, kürsiniň düýbünde otyrka aýagy ýere-de ýetmeýän gyzyl joraply oglanjyga näme diýip, näme aýtjagyny bilmän dert-azara galdy.

(Dowamy bar).

Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle