Koronawirusly henekler
Koronawirusly henekler

Hemme zadyñ henegi bar. Koronawirusyñky bolup bilmezmi? Geliñ, onda biraz henek atyşalyñ…
Uzak wagtdan soñ şu gün ilkinji gezek zir-zibilleri zyñyp gelmäge daşary çykýaryn. Begenjime haýsy eşigimi geýjegimi bilemok.
* * *
Dellekhanalar ýapyk diýip, herkes saçyny nädäýipdir, edil ýöne spartaly serdaryñ kellesi ýaly.
* * *
Oturýan otagyma Izmir, aşhanama Ankara, ýatýan otagyma-da — Stambul dakdym, şäherme-şäher aýlanyp ýörün.
* * *
Taryhda ilkinji gezek bütin dünýäniñ aýallary ärleriniñ nirdedigini bilýärler.
* * *
Odekolon çüýşesini kir ýuwujy serişde bilen, kir ýuwujy serişdäniñ gabyny odekolon bilen, odekolon çüýşesini sirke bilen ýuwýaryn. Däliremegime az-owlak wagt galdy.
* * *
Asyryñ hekemi (worzakony) korona. Dünýäde näçe kafe-bar, pawilýon, kazino, meýlishana, humar oýnalýan ýer bolsa, bir özi ýapdy oturyberdi.
* * *
Ýer titrejekmiş, öýe giräýmäñ. Wirus bar, öýden çykaýmañ. Bu näm boluş, abraýy bilen sag-aman ölüp dynaýsak…
* * *
Öýdeçi gyz gözleýänlere buşluk, indi gyzlaryñ hemmesi öýdeçi!
* * *
Öñler kompýuterlerimize wirus degäýmesin diýip gaýgy edýärdik, indi özümize degäýmesin diýip gaýgyda.
* * *
Tomus ýakynlaşýar — güneşläp hezil ederin durkam, öýde porsap galmaly boldum.
* * *
Maşgala agzalarymyz üýşüp balkonda çaý içdik, kakam: «Wagt boldy, indi öýe gaýdalyñ» diýdi.
* * *
— Allahym, dünýäni gezmegi arzuwlandygym üçin öt günämi, ýaşaýan ýerimiñ töwereginde gezsemem razy!
* * *
— Pis ekeniñaý, korona! Bizi öýe gabap goýduñ, özüñem dünýäni gezip ýörsüñ. Utanç dälmi bu?
Melih AŞYK,
m.asik@milliyet.com.tr
02.05.2020 ý, «Milliyet» gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby. Degişmeler