|

Korona belasy

Korona belasy KORONA BELASY

Korona belasy tutdy dünýäni,
Göze görünmezek kiçijik nesne.
Bir wirus zerarly tapdyk belany
Howadan bulaşyp girdi bedene.

Il aşyp, ýurt aşyp ýaýylyp barýar,
Bu ölümli wirus şeýle rehimsiz.
Ilkibada gyzgynyñy galdyrýar,
Halklar howsalada hem-de goragsyz.

Öñki dermanlaram edenok haraý,
Sanjymyny tapmak uzaga çekjek.
O ýurtdan bu ýurda zymdyrylyp ýör,
Gyrgynçylyk ençe adamy ýykjak.

Bilýän ýok, bu wirus nädip döredi,
Adamzat dünýäsi gorky içinde.
Ölüm habarlary eşdilip dur zol,
Baý-garyp barçasy jan gaýgysynda.

Nepes aldyranok ýoluganyna,
Has beter köseýär gojalşanlary.
Keselden paý alar goranmadyklar
Sag bolar göwresin tijenşenleri.

Ahmalyny berip gelme oýuna,
Serhetler ýapyldy, ýollar çolardy.
Ençe düzgün girdi serhet boýuna
Şoñ üçin ýurdumda ölen bolmady.

Ilki ýokdy, soñra geldi bize-de,
Biri barka, sany çykaýdy alta.
Çakgan taýýarlygyn geçirdi döwlet
Degişliler derrew karantinada.

Dünýäde ölenler müñleri aşdy,
Baý garyby seljermeýär bu janly.
Korona sebäpli aklymyz çaşdy,
Allahym gorawer, bize ulaşdy.

Hilmi JAN.

15.03.2020 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle