Köp wagt aýdylmadyk söýgi (Hekaýa)

Lýu Sün,
hytaý ýazyjysy
Maňa bu wakany Waň Siýawýun Linna gürrüň berdi.
On iki ýaşly bir oglan bilen on üç ýaşly gyz başlangyç mekdepde okuwa başlaýarlar. Olaryň ikisi-de kän gürlemäni halamazdy. Olar, köplenç, öz dostlary bilen okaýardylar we oýnaýardylar. Gyzjagaz mydama aýal dogany ýaly, oglanjygyň aladasyny edýärdi. Onuň bu bolşy oglana ýaraýardy.
Aradan üç ýyl geçýär. Olar orta mekdepde okuwa başlaýarlar. Oglanjyk gyzyň doglan gününiň haçandygyny bilýär-de, oňa hat ýazyp, doglan güni bilen gutlaýar, ýöne gyzyň gahary geläýmesin diýip, hatyň ýüzünde öz adyny goýmaýar. Biraz soň gyz hem jogap hatyny ýollaýar, ýöne ol hem öz adyny goýmaýar. Orta mekdep başlangyç mekdebe garanyňda, örän kyn bolýar. Şonuň üçinem olar okuwdan başga zadyň pikirini etmeýärler.
Orta mekdebi tamamlap, oglan Pekin uniwersitetine, gyz bolsa daşary ýurt dilini öwrenmek üçin Şanhaý uniwersitetine okuwa girýär. Gyz Şanhaýa gitmezinden bir gün öň oglan bilen hoşlaşmak üçin onuň öýüniň gapysynyň agzyna barýar, ýöne ol: «Bir ýaş gyz ýigidiň öýüne barsa, öýündäkiler näme pikir eder» diýip, gapyny kakmaga milt edip bilmän gaýdýar. Şol gün agşam gyz oglanyň sagbolsunyna garaşyp giç ýatýar.
Aradan bir aý, iki aý geçýär. Gyz köp pikirlenip, tanyşlaryndan sorap oglanyň okuw jaýynyň salgysyny tapýar. Günlerde bir gün oglana duýdansyz ýagdaýda bir hat gelip gowuşýar, bu gyzyň hatydy. Ol hatda ýekeje sözlem bardy: «Seni talyp durmuşynyň başlamagy bilen gutlaýaryn!». Ýigit akylyndan azaşan ýaly, her gün irden, günortan, agşamara şol haty okaýar.
Iki ýyldan soň gyz agyr keselleýär we bir ýyl dynç almaly bolýar. Ol hiç kime aýtman öýüne dolanýar. Ýigit gyzyň okuw jaýyna hat yzyna hat ýazýar, ýöne olaryň hiç birinden jogap gelmeýär. Gyzyň jogap hatyny ýazmaýandygyny alada edip, ýigit gaty horlanýar. Bir ýyldan soň gyzyň saglygy gowulaşýar we ýene uniwersitete dolanyp gelýär. Ýigit ahyrsoňy gyzdan jogap hatyny alýar. Olar öz hatlarynda okuw barada, durmuş barada, dünýädäki bolup geçýän wakalar barada gürrüňdeş bolsalaram, söýgi hakda söz açmaýarlar.
Ýigit okuwyny gyzdan bir ýyl öň tamamlaýar we aspirantura girmäge synanyşýar. Gyzyň bolsa okuw tejribesini geçip ýörenligi sebäpli, öýe gaýtmaga wagty ýokdy.
Ýigit Şanhaýyň bir uniwersitetinde aspirantura başlaýar. Şol ýylyň tomusky dynç alyş möwsümi olar ahyrsoňy duşuşýarlar. Ýigit bu uzyn boýly owadan gyzy görüp, ýüreginde oňa aýtmaga gaty köp zat baram bolsa, bir sözem aýtmaýar. Ol, hatda gyz bilen elleşip salamlaşmagy hem unudypdy.
Şol ýylyň dynç alyş möwsüminde, olar her gün seýilgähde gezelenç edip, wagtlaryny bile geçirýärler. Günlerde bir gün oglan oňa öz ýüregindäkini aýdýar. Şondan soň olar…
Waň Siýawýunyň aýtmagyna görä, bu waka mundan otuz ýyl ozal bolup geçipdir. Wakadaky gyz onuň ejesi, ýigit bolsa kakasydy.
