Köñülleriñ küýsegi kitap
Köñülleriñ küýsegi kitap
KÖÑÜLLERIÑ KÜÝSEGI KITAP
◆ Okamak peýdaly. Kitaplar adamlaryň ruhuny ýagtylandyrýar, maksada okgunlylygyny ýokarlandyrýar, akyl-paýhasyny ýiteldýär we ýüregini ýumşadýar.
Uilýam Tekkereý.
◆ Gowy ýazýan awtorlaryň eserlerini okap, gowy gürlemegi öwrenýärsiň.
Wolter.
◆ Gowy kitap okamak – bu paýhasly adamlar bilen söhbetdeş bolmak ýaly ýakymlydyr.
Çarlz Bukowskiý.
◆ Köp kitap okaýan adam köp ömür ýaşaýar, hiç haçan hiç zat okamadyk adam bolsa bir ömür ýaşaýar.
Jorj Martin.
◆ Okamak – aňyň beden maşklary.
Gowy kitap – bu awtoryň adamzada bagyş eden iň gowy sowgady.
Josef Addison.
◆ Kitaplar pikirleriň gämisidir. Olar wagtyň tolkunlarynda syýahat edip, gymmatly ýükleri nesilden-nesle ýetirýärler.
Frensis Bekon.
◆ Okamak – bu öwrenmegiň iň gowy usuly. Beýik adamlaryň pikirine eýermek bolsa, iň peýdaly ylymdyr.
Aleksandr Puşkin.
◆ Kitaplar – akylyň çagalary.
Jonatan Swift.
◆ Ýagtylyk! Hemişe ýagtylyk! Hemme ýerde ýagtylyk! Hemme kişi şoňa mätäç. Ol bolsa kitapda saklanýandyr.
Wiktor Gýugo.
◆ Kitap – gürlemeýän mugallym.
Platon.
◆ Kitap – ýalňyz adamyň dosty.
Stefan Witwiskiý.
Sözler