|

«Köneürgenç rowaýatlary» kitabyna sözsoñy

"Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy «KÖNEÜRGENÇ ROWAÝATLARY» KITABYNA SÖZSOŇY

"Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy

Bu zatlar meniňki diýip bilmerin,
Ýöne meniň ýüregimden ýylynan.
Öňden baram bolsa,
Ol meniň üçin,
Zürýat ýaly ogullyga alynan.

Kalba guýup, soň gaýtadan dogrulan,
Bu kyssalar ezelidir ezeli.
Meň kalbymda döremedik,
Has ozal,
Gylyç bilen söýgi bilen ýazylan.

Ölüm bilen ömür bilen ýazylan,
Köneürgenjiň gadym rowaýatlary.
Il diregi men-men diýen ärleriň,
Gam-gussasy, toý-meýlisi, şatlygy,

Gan bilen ýazylan asyl nusgalar,
Diňe desseledim sermeläp-sypap.
Umyt bilen ulus-ile tabşyrdym,
Indem,
Öz ornuňda ýaşaber kitap.

Mert ýaşasaň, mert göreşseň atalaň,
Ýodasyna düşüp git-de tigirlen.
Şonda hyzmatymdan razy bolaryn,
hem nadyl bolmaryn berlen ömürden.

Öňden ýaşap gelýän datly kyssalar,
Başardykça köňle nagyşlanyň men.
…Batyrlygma indi-indi hopugýan,
Razy bolaweriň taraşmanyňdan.

Şöhrat ABDYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle