|

Köne ýurt ýerler

Köne ýurt ýerler KÖNE ÝURT ÝERLER

Köne ýurt ýerler — dogduk obalar,
Apalap ösdüren nesil baryny.
Şatlygyng diñläp giñ posýolokda,
Çekip otyr garrylygyñ zaryny.

Aý-aýdyñ gijeler ýadyna salýar,
Ak öýleñ tüýnügin, kepbeleñ gerşin.
Toý gününde goç ýigitlerñ gyratly
Darap-darap okkesirme geçişin.

Ýatlaýar gözýaşly ýüzläp gelini —
Gaýdyp ýar gujagyn bilmedikleri.
Ýatlaýar uruşdan gaýdyp geleni,
Has-da köp ýatlaýar gelmedikleri.

Adamyñka meñzeş ýurt ýeriñ ömrem,
Döreýär, joş urýar, gowşaýar saly.
Ýumrulýança şol garaşyp otyrlar,
Gidenler ir-u-giç geläýjek ýaly.

Muhammetmyrat KÖMEKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle