|

Köne ýerzeminiň syry 3 (Roman-detektiw)

Köne ýerzeminiň syry 3 (Roman-detektiw)

Enid BLAÝ­TON,
iň­lis ýa­zy­jy­sy

ADADA GEÇEN BIR GÜN

Ertesi ir bilen oýanan çagalar birbada niredediklerini aňşyrmadylar. Gowagyň agzyndan düşýän Gün şöhlesi ilki bilen Jorjuň ýüzüni gyjyklady. Gyz oýandy, ol indi oýaly-ukuly ýatyşyna, düşeginiň öňküler ýaly ýumşak däldigine geňirgenýärdi.

«Men öz düşegimde däl-de, Kirrin adasyndadyryn-ow!» — diýip, ol birden özüne geldi.

Jorj dik oturdy-da, Enni ýeňiljek yralady:

— Tur, ýatak! Biz adada!

Basym çagalaryň hemmesi gözlerini owkalaşdyryp oýanyşdylar.

Enn:

— Her näme diýseňizem, şu gün men-ä aşagyma ýazmak üçin çybyk çöplemäge gitmekçi. Ilkibada çäge ýumşagam ýaly welin, kem-kem gataýar öýdýän.

Hemmeler çybyk çöplemeli we onuň üstünden halyça ýazmaly diýen pikir bilen ylalaşdylar. Şeýtseler, düşek hakykatdanam rahat boljakdy.

— Gowakda ýaşamagyň hezildigini! Adamyzda şunuň ýaly täsin gowagyň, onsoňam galanyň hem-de ýerzeminiň bardygy nähili gowy! Dogrusy, biziňki çüwdi!

Julian:

— Men-ä özümi kirli, hapysa duýýan. Ertirlikden öňürti gidip ýuwnup geleliň. Ertirligime sygyr etini, çörek, pikuli ( Sirkä ýatyrylyp, hoşboý ys berlen owunjak gök önümler. Etli we balykly naharlar taýýarlananda atylýan goşundy (terj. bel.).) we marmelad äbermegiňizi sargaýan — diýdi.

— Suwa girip-çyksak üşäris. Spirtli çyrany ýakyp çaý oturdalyň, suwa düşünýänçäk gyzybersin. Yzymyza sowukdan ýaňa galdyrap gelemizde, gyzgynjak kakao taýýarlarys.

Ozal munuň ýaly kiçijik spirt çyrasynyň üstünde nahar taýýarlananyny görmedik Enn:

— Hawa, hawa! Geliň, şeýdeliň. Men kanistrden çäýnege suw guýaýyn. Ýöne süýt meselesi nähili borka? — diýdi.

— Azyklaryň arasynda baňkaly goýaldylan süýt bar. Şolardan birini açalyň. Gaplama açgyjymyz hany? — diýip, Julian sorady.

Açgyç wagty bilen tapylman, görgi baryny görkezdi. Ahyryn ol Julianyň jübüsinden çykdy, şeýlelikde, hemme zat düzeldi.

Spirtli çyra denaturat ( Tehniki maksat üçin niýetlenen spirt (terj. bel.).) guýup ýakdylar, soň çäýnegi suwdan dolduryp, şonuň üstünde oturtdylar-da, suwa düşmäge ugradylar.

Julian:

— Serediň, gaýalaryň arasynda nähili gowy howuz döräpdir! Biz oňa ünsem bermändiris. Eý-hooo, bü-ýä taýynjak ýüzülýän howuz, tüýs bize geregi eken! — diýip gygyrdy.

— Kirrin howzy! Çümüp çykasyň gelse, töle ýigrimi pensiňi! — diýip, Dik degişdi. — Elbetde, eýeleri üçin mugt. Nähili owadan! Görüň-ä, tolkunlar daşlaryň üstünden aşyp, pagşyldap göni howza dökülýär. Hakykatdanam täsin!

Çyndanam, gaýalaryň arasynda çuňňur hem mylaýym, dury suwly kiçeňräk köl jüňňüldäp otyrdy. Çagalar suwa düşüp heziller etdiler — suw sepişdiler, ýüzdüler, suwuň ýüzünde galkyjaklap ýatdylar. Jorj daşyň üstünde durup, suwa böküp gördi, juda üýtgeşik bökdi.

— Jorj suwda her hilije hokgalary edip bilýär! — diýip, Enn guwanç bilen aýtdy. — Menem Jorj ýaly ýüzüp, çümüp bilsedim. Ýöne muny hijem başarmazmykam diýýän.

Suwdan kellesini çykaran Julian:

— Bu ýerden biziň köne göherdimiz örän gowy görünýär — diýdi. — Wah, al kakmyş, süpürgiç getirmändiris-ä!

— Süpürgijiň deregine, halyçalaryň birine dolanaýmaly, daşyňdan iküç sapar aýlamaga-da ýetjek — diýip, Dik çykalga salgy berdi. — Men iň ýukasyny alyp gaýdypdym. Düýnki çemedanjyk ýadyňyzdamy? Geň tapyndy, şeýle gerek?

Julian makullady:

— Hawa, geň öz-ä. Hiç zada düşünýän däldirin. Çemedanyň yzyndan kimiň geljegini görmekçi bolsak, döwük gämini gözden sypdyrmaly däl.

Jorj halyça çalasynlyk bilen süpürinip durşuna:

— Men-ä bikanun haryt geçirýän kanunbozarlaryň işimikä diýýän, eger şolar bolsa, gämileri şu kenaryň deňinden geçer-de, köne gämä tarap şlýupka ugradarlar — diýdi. — Gepiň keltesi, üznüksiz garawullamaly, kiçeňräk gämi, şlýupka ýa ýahta görünse habardar bolmaly.

— Dogry aýdýaň. Ýöne garawullajak diýip, göze-de iläýmeli däl — diýip, Dik duýdurdy. — Birden aňaýsalar, ätiýaçly hereket edip başlarlar, soň anyklajak zadymyz bolmaz. Ada gelmelerinem bes ederler. Olar göründigi, gizlenip ýetişer ýaly, her gün birimize gaýa çykyp, garawulçylyk çekmegi teklip edýän.

Bu teklip Julianyň göwnünden turdy:

— Gowy pikir! Men-ä eýýäm gurandym, ýöne şonda-da yssylamok. Gowaga howlugalyň, gyzgynjak bir zatlar içeliň. Ertirlik edineliň-le — walla çynym, häzir tutuş bir towugam ýuwdup biljek, üstesine, ördek ýa hindi towugy dagam bolaýsa.

Dostlar gülüşdiler. Hemmäniň hem işdäsi şu zeýilliräkdi. Olar çägelikden ylgap baryşlaryna, kädaýym gaýalardan aşyp geçip, soňam aşak gowaga düşdüler, onuň hoňkaryp duran agzyna Gün şöhlesi boldan düşensoň ýap-ýagtydy.

Çäýnek şadyýan lakyrdaýardy, jürnüginden bug zogdurylýardy.

— Hany, getiren wetçinamyzy, buhanka çöregimizi we duza ýatyrylan gök önümli baňkalarymyzy çykaryň — diýip, Julian buýruk berdi. — Men goýaldylan süýdi açaýyn. Jorj, senem bir guty kakao bilen golçany al-da, hemmä ýeter ýaly kakao taýýarla.

Enn gowagyň agzynda owurdyny dolduryp, işdämenlik bilen symyşlap oturyşyna:

— Men şeýlebir bagtly, hiç diýer-aýdar ýaly däl. Begenjim içime syganok! Adamyzda ýazylyp-ýaýrap, erkana, özbaşdak ýaşamak nähili ýakymly — diýdi.

Dostlarynyň hem keýpi bäşlikdi. Howanyň mylaýymlygy, deňziň hem asmanyň çüýşe-gök durulygy ýörite sargyt edilen ýalydy. Çagalar deňzi, köne gäminiň yzyndaky gaýalara baryp urluşyna, köpürjikläp seçelenýän ownuk tolkunlary keýpine synlap oturyşlaryna iýip-içýärdiler. Bu ýeriniň kenaram durşuna gaýalykdy. Enn:

— Geliň, gowagymyzyň içi gelşikli bolar ýaly, ony tertibe salalyň — diýdi. Ol dört dostuň içinde iň ykjamjasydy, özem maý tapsa «öý-öý» oýnamaga ilgezikdi. — Bu biziň öýümiz bolar. Enaýyja edip dört adamlyk düşek ýazarys. Her kime oturar ýaly ýerjagaz oňaýlarys. Ynha, diwaryň bu ýaýraň basgançagynda bolsa tertipläp, goşlarymyzy goýarys. Özi tüýs şoňa niýetläp ýasalan ýaly eken.

Aýagyny ýazmaga howlugyp, takady ýetmän duran Jorj:

— Onda näme, Enn bu ýerde galsyn-da, «öý-öýüni» oýnabersin — diýdi. — Biz bolsa gidip, ýere düşemek üçin çybyk çöpläp geleliň. Wiý, ýogsa-da, tas ýadymdan çykan eken! Köne gämä, onuň ýanyna gelen-gidene kim gözegçilik edip, garawulçylyk çeker?

Julian dessine seslendi:

— Dogrudanam, bu örän möhüm iş! Ilkinji bolup nobatçylyga men duraýaryn. Gözegçilik üçin iň amatly ýer — biziň gowagymyzyň üstündäki gaýanyň depesi. Deňiz tarapdan görünmez ýaly, bir düýp arçany penalap, bukulyp oturaryn. Siz bolsa çybyk kesip, işiňiz bilen boluberiň. Nobatçylygy her iki sagatdan çalşarys. Isleseňiz kitabam okap bilersiňiz, esasy zat — gözegçiligi gowşatmaly däl.

Dik bilen Jorj çybyk çöplemäge ugradylar. Julian beýleki ujy äpet arçanyň daýaw garry köküne daňlan düwünli tanapa ýapyşyp, ýokaryk galdy. Gaýanyň çür başyna çykansoň, haşşyldap dem alşyna çybyklaryň üstüne gyşardy.

Alnynda aýna ýaly tekiz deňiz ýaýlyp ýatyrdy, uzak bir ýerlerden geçip barýan uly gämi diýäýmeseň, suwuň ýüzünde başga görünýän zat ýokdy. Julian serlip ýatyşyna, teniniň her öýjügini meýmiredip barýan ýylylykdan lezzet alýardy. Nobatçylyk diýlen zat munuň ýaly bolsa — hezil-le!

Gowakdan öýüni syryp-süpürýän Enniň aýdym aýdyşy eşidildi. Onuň ýeňiljek tutuksy sesi gowagyň petigindäki deşikden gelýärdi. Julian ýylgyrdy. Enniň işini höwes bilen edýändigine ol düşünýärdi.

Dogrudanam şeýledi. Enn ýagyş suwunyň üýşen kölçesine eltip, ertirlikde ulanylan gap-gaçlary çaýkaşdyrdy. Timmi kölçeden suw içýärdi, emma ol Enniň edenine garşy bolup durmady, şeýle-de bolsa gyz ondan çyny bilen ötünç sorady.

Enn:

— Içýän suwuňy hapalaýan welin, bagyşlarsyň-da, Timmi jan! Ýöne sen biziň akyllyjamyz-a! Birden suwuň tagamyny halamasaň, başga kölçe gözlegin — diýdi.

— Wow! — eden Timmi eýýäm Dik bilen yzyna dolanyp gelýän Jorjuň öňünden çykmaga ylgady, olaryň hersi bir gujak ysy bark urýan näzijek çybyklardan göterip gelýärdi. Enn:

— Jorj, çybyklary daşarda goýaýyň. Häzir gap-gaçlary birýanýüzli etdigim, ýatmak üçin düşek taýynlaryn — diýdi.

— Bolar! — diýip, Jorj ylalaşdy. — Biz bolsa çybyga ýene bir gezek gidip-geleris. Bärde gaty gowy ýaşaýas-aý, hä?

Enn:

— Julian ýüpe dyrmaşyp, gaýanyň depesine çykdy — diýip gürrüň berdi. — Üýtgeşik zat görünse, bize gygyrar. Hernä görnewersin-dä!

— Belki, şeýle bolsun! — Dik çogdamlap getirenlerini üns bermän, göni Timminiň üstünde goýdy welin, ol çybyklaryň astynda görünmedi. — Eý-waý, Timmi, sen bärde ekeniň-ä?! Bagyşla! Seňki boljak däl-ow!

Enniň ertiri keýpiçag geçdi. Ol hemme zady ýaýbaň basgançagyň üstüne diýseň gelşikli ýerleşdirdi: gap-gaçlary, pyçaklary, çarşaklary, çemçeleri bir aýry, piti bilen çäýnegi bir aýry goýdy. Etli, çorbaly, miweli gaplama baňkalaryny biri-biriniň üstüne münderläp goýuşdyrdy.

Enn ýany bilen getiren buhanka çöreklerini saçaga dolap, gowagyň salkyn ýerine ýygşyrdy. Suwly kanistrleri hem gazly suwly çüýşeler bilen bilelikde şol ýere geçirdi.

Soň ol ýatar ýaly ýer taýýarlamagyň ugruna çykdy. Ol gowagyň her gapdalynda bir uly ýatalga taýýarlamagy ýüregine düwdi.

«Jorj, men, Timmi üçimiz bir tarapda ýatarys — diýip, çybyklary düşek şekilinde gyradeňläp durşuna, Enn içinden pikir öwürdi — Julian bilen Dik bolsa beýleki tarapda. Wah, ýene biraz çybyk bolaýsa».

— Dik, bu senmi? Wagtynda geldiň! Maňa ýene biraz çybyk gerekdi.

Basym iki sany gül ýaly ýatalga taýýar boldy, hersiniň üstüne köneje halyçalardan örtük ýazyldy, ýagdaýy ganymat iki sany halyçany bolsa ýorgan ýerine ulanyp boljakdy. Ýassygyň deregini diwan ýassyjaklary tutdy.

«Haýp, ýatyş geýimlerimizi getirmändiris — diýip, Enn içini gepletdi. — Men olary ykjamja epläp, ýassyklarymyzyň aşagyna dykardym. Ine, boldy! Gelişdi! Indi biziň ajaýyp öýümiz bar!».

Tanapdan syrylyp, Julian gowaga düşdi. Ol töweregine haýran galyp seretdi.

— Dogrymy aýdaýyn, Enn, gowagymyza göreniň gözi gider! Ähli zat tertiplenipdir, ykjam. Berekella, körpeje!

Julianyň körpeje diýmesi o diýen ýaramadygam bolsa, magtamasy Ennä hoş ýakdy.

— Meniňem göwnüme ýaraýar — diýip, gyz ynjaldy. — Ýöne näme üçin garawulçylygyňy taşlap gaýtdyň, Julian?

Julian:

— Indi gezek Dikiňki. Iki sagat boldy. Biz köke getirdikm-ä? Birki sanyjagyny agzyma ataýjakdym, beýlekilerem ýüz öwürmezmikä diýýän. Kökäni gaýanyň üstünde iýeris. Jorj bilen Timmi eýýäm şol ýerde, Dikem bardy — diýdi.

Enn dessine kökeli gutyny tapdy. Ondan biraz aldy-da, tanap bilen ýokarlygyna — gaýa galdy. Julianam onuň yzyna eýerdi. Basym hemmesi bile äpet arçanyň düýbünde oturyp, köke kitirdetmäge başladylar. Timmi hem çagalardan galyşanokdy. Ýöne ol kökäni tutuşlygyna ýuwudýardy.

Gepiň gysgasy, şol gün hezil boldy, üýtgeşik bolan-goýan zat ýokdy. Çagalar gezekli-gezegine nobatçylyklaryny çalyşdylar — dogrusy, Enn öz gezeginde öýleden soň ymyzganany üçin Juliandan käýinçjigini aldy. Hatda utanjyna agladam.

— Sen heniz garawula durardan balaja, ynha, gürrüň nämede.

— Indi gaýdyp ýatman! Gün şeýlebir ýakyp gelýär welin, onsoň…

Julian:

— Özüňi aklajak bolmasana — diýip, oňa igendi. — Beýdip gazanjak zadyň bolmaz. Ýeri bolýa, Enn, saňa ýene bir gezek synanyşmaga mümkinçilik berýäs, göreli, biziň edenimizi eder derejede ulaldyňmykaň.

Olar gezekli-gezegine nobatçylyk çekip, deňizde şübheli gäminiň peýda bolaryna hernäçe eserdeňlik bilen esewan bolsalar-da — bary biderekdi. Çagalaryň lapy keç boldy. Olaryň çemedanjygy köne gämide gizläniň kimdigini, näme üçin gizlenenini, içinde näme baryny bilesleri gelip içleri byjyklaýardy.

Gün aşaklap, ýaşarlaberende Julian:

— Ýatar wagt boldy — diýdi. — Eýýäm sagat dokuz töwerek. Ýatdyk! Enniň ykjamlap salan birenaýy çybyk düşeginiň üstünde süýji uka gitjegime öňünden meýmireýän!

GIJÄNIŇ IÇINDÄKI BAŞAGAÝLYK

Gowagyň içi garaňkydy, dogry, edil şem ýakar derejede tümlügem däldi, ýöne şemiň ýalkymyna töwerek üýtgeşik täsin bolýar-da! Çagalar bu lezzetden hem özlerini binesip goýmadylar. Enn şemdana oturdan şemleriniň peltesine ot degirdi. Şobada gowagyň diwarlarynda geň-enaýy kölegeler tansa başladylar, içeri özgeren ýaly boldy, gowagyň gündizlikdäki keşbinden nam-nyşan galmady, juda-juda üýtgeşik keşbe girdi!

Enn:

— Men ot ýakaýyn diýip durdym — diýdi.

— Beýtsek içeri gaty gyzar — diýip, Julian garşy çykdy. — Tüssesine oturyp bolmaz. Bu gowakda ot ýakmak hatarly. Tüsseçykar ýok.

— O nähili? Bar-a — diýip, Enn petikdäki deşige barmagyny çommaltdy. — Ody edil deşigiň aşagynda ýaksak, tüsse şondan çykard-a. Dogry gerek?

— Mümkin — diýip, Dik oýlanyşykly gepledi. — Ýöne bellisi ýok. Gowak tüsseden dolar, içinde ýatar ýaly bolmaz, demikmegimizem ahmal.

— Ody gowagyň agzyna golaý ýerde ýaksak näme? — diýip, çyn öýde hökman ojak bolaýmaly diýip hasaplaýan Enn eňegine tutdy. — Iň bolmanda şeýdip, ýabany haýwanlary ürküzeris. Gadym adamlar şeýdipdirler. Taryh kitabymda ýazylgy. Gijelerine ýabany haýwanlar golaýlaşmaz ýaly, gowagyň agzynda ot alawladypdyrlar.

— Haýsy ýabanynyň gürrüňini edýäň sen? Haýsy haýwan geler öýdýäň biziň gowagymyza? — diýip, käsesindäki kakaosynyň soňuny owurtlan Julian ýaltalyk bilen hüňürdedi. — Ýolbarsmy? Gaplaňmy? Belki, sen piliň peýda bolaryndan gorkýansyň, birden ikisi dagy geläýse?

Çagalar gyzylgyran gülüşdiler.

— Ýok-la, olar ýaly haýwanlar gelesi ýok — diýen Enniň gara çynydy. — Irkilmeziňden öň ýagty oduň şadyýan oýnaýan dillerine seredip ýatmanyň öz keýpi bar, şoň üçin aýtdym.

— Belki-de, Enn towşanlaryň girerinden, aýagymyzyň barmaklaryny gemrerinden eýmenýändir? — diýip, Dik ýaňsylady.

«Towşan» sözüni eşidenden, gulagy hekgerýän Tim:

— Wow! — etdi.

— Ýok, çagalar, ot ýakjak diýmäň — diýip, Julian ýene bir delil getirdi. — Deňiz tarapdan görünmegi mümkin, ada gelmek, bikanun harytlaryny şu ýerde ýygşyrmak islän adamlary ürküzmegi ahmal.

— Ýok, o diýeniň bilen ylalaşamok, Julian! Gowagyň agzy görer gözden gizlin, ot ýakylsa deňiz tarapdan görünmez — diýip, Jorj şol dem janykdy. — Gowagyň öňüni birgiden gaýa tutup otyr, olar ony doly penalar. Meniň pikirimçe, ot ýaksak hezil bor. Oduň ýalkymyna gowak has owadan, üýtgeşik görner.

— Jorj, dogry şol aýdýanyň! — diýip, Enn pikirdeş tapylanyna monça boldy.

Häzir juda jaýlaşykly gyşaran Dike bir ýere git diýseň ýokjak däldi. Ol:

— Barybir, mundan soň tirkeşip çöpleme gözlemäge gidip bolmaz — diýdi.

Öz pikir-hyýaly bilen gümra Enn:

— Gitmek geregem däl — diýip, hemmäni arkaýynlaşdyrdy. — Men şu gün birgidenini çöpläp, hanha, gowagyň töründe goýdum. Gündiz içimden: «Birden ot ýakasymyz gelse, taýyn bolup dursun» diýipdim.

Julian guwançly seslendi:

— Tüýs, ätiýaçly öý bikesi-dä! Elbetde, garawulda durka az-owlak irkiläýmesem bar welin, gowagy öýe öwür diýseň, ýaltanmasy-ýadamasy bolmaz! Bolýa, Enn, seň üçin biz ot ýakmaga taýýar!

Üýşüp, töre basylan çöplemäni gowagyň agzyna daşadylar. Enn gündiz zakyjalaryň diňiniň düýbünden guşlaryň höwürtge gurmaga niýetläp getiren çöp-çalamlarynyň ýere gaçanlaryny birki gujak edip getirip goýupdy. Çöplemäni ýakmaga amatly edip üýşürip goýdular. Julian biraz guran suwoty getirdi.

Ine-de, gowagyň agzynda ot ýakyldy — gury çöpler dessine tutaşdy. Çagalar ýene çybykdan ýazylan düşeklerine geçdiler-de, gyşaryp ýatyşlaryna ýalnyň tans oýnaýan dillerini synlamaga, ýanýan şahalaryň şadyýan şatyrdysyny diňlemäge başladylar. Gowagyň diwarlarynda gyzyl ýagtylyklar oýnaýardy, bu görnüş juda syrlydy, tüýs ertekidäki ýalydy.

— Ine saňa hezillik — diýip, Enn ýarym ukuly seslendi. — Gowudygyny! Timmi, gadyrdan, çalaja süýşäý-dä. Agramyňa aýagymy mynjyratdyň. Jorj, Timmini öz ýanyňa çagyrsana. Sen-ä ony aýagyňda ýatyryp öwrenişipsiň.

Ukusy tutup ugran Dik:

— Gijäňiz rahat — diýdi. — Ot sönüp barýar welin, onuň üstüne çöpleme oklamaga mejalym galmady. Ýolbarslar, gaplaňlar, aýylardyr piller eýýäm aýagaldygyna gaçyp gidendirler.

— Gaty samsyklyk — Enniň sesinde öýke duýuldy. — Üstümden gülmäge utanaňokmy, ot ýakanymyz özüňe-de ýaraman durmady ahyryn. Gijäňiz rahat!

Hemmesi uka gitdi, gowy düýşleri gördüler. Ýöne birden Julian tisginip oýandy. Ol birhili geň gykylyk eşitdi. Ýatan ýerinden gykylyga diňşirgendi.

Timmi pessaýdan hyňranýardy: «Hyr-r-r»…ýene-de: «Hyr-r-r!».

Jorjam oýandy.

— Timmi, saňa näme bolýar? — diýip, ol itine tarap elini uzatdy. Garşydaky diwaryň düýbünde, düşeginde ýatan Julian pyşyrdady:

— Jorj, köpek bir zatlar eşitdi.

Jorj sessiz dikeldi. Timmi hyňranmasyny dowam etdi.

Jorj:

— Çüşş! — diýdi welin, it ümsüm boldy. Ýöne ol boýnuny süýndürip, gulaklaryny keýerdip otyrdy.

— Ýüzlerini garaňka tutup kanunbozarlar gelip-giden bolaýmasyn? — diýip pyşyrdan Jorjuň endamy jümşüldäp gitdi, her näme diýseňem eýmendirýär. Olar bilen gündizlikde gabatlaşylsa, gyzykly hem tolgundyryjy bolardy, ýöne gijesine — başga gürrüň. Edil şu wagt Jorjuň olary görerinden görmäni gowy!

Diki oýatmajak bolup, ýuwaşlyk bilen ýerinden galan Julian:

— Çykaýyn, seredeýin, — diýdi, — belki, bir zatlar anyklap bolar. Tanapa dyrmaşyp, gaýaň başyna çyksam, şol ýerden ähli zat eliň aýtymyna geler.

Jorj:

— Meniň elçyramy äkit — diýdi.

Julian boýun gaçyrdy:

— Sag bol, hökman däl. Tanapyň düwünlerini sermäp taparyn-da, ýarmaşaýaryn, ýagtylyk nämä gerek?!

Julian garaňkynyň içinde ýüpe ýarmaşyp ugrady, tanap towlanýardy, onuň bilen bilelikde özem pyrlanýardy. Şeýde-şeýde ahyry ýokary çykdy-da, deňze seretdi. Gije gözedürtme garaňkylyk bolansoň, gämi-beýleki görnenok, hatda lagşan gäminiň süňňi hem saýgartmady. Tümlük!

«Haýp, Aý ýok-da — diýip, Julian içini gepletdi. — Aý aýdyň bolanlygynda, belki, gözüme bir zatlar ilerdi».

Onuň gözleri az salym tümlügiň içinde azaşdy, soňra gowagyň depesindäki deşikden Jorjuň sesi eşidildi, ses edil onuň aýagynyň astyndan çykýan ýalydy.

— Julian, görünýämi bir zatlar? Ýokary çykaýynmy menem?

— Görünýän zat ýok — diýip, Julian jogap berdi. — Timmi henizem hyňranyp otyrmy?

— Boýunbagyny elimden goýberdigim, hyňranyp ugraýar. Ony nämäniň biynjalyk edýänine hiç düşünip bilemok.

Birdenem Julianyň bir zatlara gözi kaklyşan ýaly boldy. Ýylpyldy! Ol uzakdan, topbak gaýalaryň aňyrsyndan göze ilýärdi. Julianyň ýüregi gürsüldäp ugrady. Ýylpyldy köne gäminiň duran ýerinde göründi! Biri-hä barypdyr, elinde-de çyra!

Ol boýnuny deşige uzadyp:

— Jorj, çyk bäri! — diýdi.

Jorj ýüpden maýmyn ýaly çalasyn dyrmaşyp ýokary çykdy, hyňranyp duran Timmi bolsa hol aşakda galdy. Jorj Julianyň golaýyndaky daşlaryň üstüne çökdi.

— Hol taýa, köne gäminiň duran ýerine seret! — diýip, Julian yşarat etdi. — Gäminiň özi-hä görnesi ýok bu garaňkylykda, ýöne ýylpylda bak, şol ýerde kimdir biri elçyra tutýar.

Juda tolgunan Jorj:

— Haww-aý, gämide eli çyraly biri-hä gezmeleýär. Ýa dogrudanam ýene bir zatlar gizlemek üçin kanunbozarlar geläýdimikä? — diýip, soragly gözlerini oýnaklatdy.

— Çemedanyň yzyndan gelen bolmaklaram ahmal — diýip, Julianam öz çaklamasyny paýlaşdy. — Aý, bolýa, ertir biläýeris, gidip göräýmeli bolar. Seret! Kimem bolsa, ol adam gaýtmakçy bolýar öýdýän — çyranyň ýagtysy öçügsiredi — gaýygyna münýän bolsa gerek. Ana, indem çyra öçdi.

Çagalar diňşirgendiler: kürekleriň urluşy, suwuň pagşyldysy, adam sesleri eşidilmezmikä. Her näme diýseňem, ikisiniňem gulagyna

hümürdi gelen ýaly boldy.

Julian:

— Gaýyk haýsydyr bir gämä tarap dogrulap ugran bolsa gerek — diýdi. — Deňizde, göwnüme bolmasa, ölügsi yşyk oýnaklan boldy, ýöne ho-ol gaty uzakda! Senem bir seret! Gaýyk şol tarapa ýüzdi öýdýän.

Ýöne ikisiniňem başga eşiden-gören zatlary bolmady, onsoň gezekli-gezegine ýüpden syrylyp, gowaga girdiler. Olar hiç kimi oýarmadylar — Dik bilen Enn rahat uklap ýatyrdy. Timmi Julian bilen Jorja tarap okduryldy, aram-aram çyňsap, olary ýalamaga başlady. Indi ol hyrlamasyny goýdy.

— Sen gowy it, Timmi! — diýip, Julian ony sypalap durşuna söýgüledi. — Jam ýaly gulaklaryňdan ses sypjak däl!

Timmi gaýtadan Jorjuň aýaklaryny ýassandy. Hälki howsalasy aýrylyp, indi ynjalan bolara çemeli. Megerem, köne gämä kimdir biriniň baranyny duýandyr. Irden belli bolar — ýa-ha gije ol ýerden bir zat äkidilendir, ýa-da tersine, getirilendir.

Julian ertesi irden agşamky başagaýlygy gürrüň berende, Enn bilen Dikiň gahary geldi.

— Bizem turzaýmaly ekeniňiz-dä! — diýip, Dik torsaryldy.

Jorj:

— Wah, bir zat görünýän bolsa turuzjakdyk-la. Çyradan başga zat görünmedi ahyry, dogry, hümürdi eşidilen ýaly boldy — diýip ýöwselledi.

Gaýtgyn başlansoň suw peseldi, çagalar Timminem tirkäp, gaýalaryň üsti bilen gäminiň ýanyna bardylar. Ýapaşak duran taýgak goruma çykan çagalar baryşlaryna, düýnki gören çemedanly şkaflaryny barladylar. Bu gezek şkafyň gapysy ýapyk eken.

Julian typa-typa golaýyna baryp, gapysyny çekip gördi. Görse, gapy açylyp gitmez ýaly, arasyna taraşa gysdyrylan eken. Julian taraşany çekip aýyrdy, gapy ýeňiljek açyldy.

— Içinde başga zat barmy? — diýip, typançak gorumdan seresap ätläp, Juliana golaýlap barýan Jorj sorady.

— Bar, bar — diýip, Julian jogap bermäge howlukdy. — Seret, gaplamaly gutular! Çäýnegem, telpertabagam, başga-da birgiden zat bar — kimdir biri bu ada hemişelik gelmegi ýüregine düwen ýaly. Geň galaýmaly. Çemedanyň şol öňküligine ýapyk durşy. Şem, kiçijik çyra, her dürli letde bogusy hem bar, ynha. Bular nämä gerekkä?

Baş çykarmag-a kyn boljak!

Julian gaşyny çytyp, muňa nähili düşünmeli diýen manyda, bir pursat dymdy.

— Kimdir biriniň adada biraz salym ýaşamagy göwnüne düweni jedelsiz — megerem, o kişi kanunbozarlaryň bu ýere getirjek harydyny alyp galmaly we ony saklamaly bolsa gerek. Beýle bolsa, onda biz eserdeňligi elden bermän, gije-gündiz gözegçiligi guramaly!

Ýürekleri galagoplyga düşen çagalar köne gäminiň ýanyndan gaýtdylar. Elbetde, olaryň gowagy — tüýs laýyk gaçybatalga, bu ýerden olary adam oglunyň tapjak gümany ýok. Emma olar welin, bu sowa ýerden hemme zady — köne göherdiň ýanyna geleni-gideni, ada kimiň aralaşanyny arkaýyn görüp oturybermeli.

— Gaýygymyzy goýup gaýdan aýlagjygymyz nähilikä? — diýip, Jorj birden alada galdy. — Gaýykly gelen bolsalar, oňada-ha barandyrlar. Eger olar köne gämiden ada tarap onuň golaýyndaky gaýalyk kenary nazarlap gaýdan bolsalar, o taýy gaty howpludyr.

Dik dowla düşdi:

— Dogry aýdýaň. Aýlagjyga giräýseler, gaýygymyzy görjekleri hak. Ony görünmez ýaly ýere geçirmeli!

— Nädip gizlejek? — diýende, Enn munuň ýaly uly gaýygy bukmagyň aňsat däldigini göz öňünde tutupdy.

Julian:

— Bilmedim-aý. Gideli, baransoň görübereris-dä — diýdi.

Dört tirkeş bolup, Timmini hem yzlaryna düşürip, gaýyklaryny goýup gaýdan aýlagjyklaryna ugradylar. Gaýygy süýräp, tolkunlaryň ýetmejek ýerine — esli ýokaryk çykardylar. Aýlagjygy dykgat bilen aýlanyp çykan Jorjuň kellesine täze pikir geldi.

— Gaýygy şu uly gaýaň aňyrsyna dulasak näder, hä? Gaýa oňa doly gabat bolar, ýöne yzyna geçseler welin, dessine görerler.

Her näme-de bolsa, çagalar töwekgellik edip görmek islediler. Hasda-has bolşup gaýygy gaýanyň aňyrsyna aşyrdylar.

Gaýygyň görünýänini-görünmeýänini barlamak üçin aşak — aýlagjygyň kenaryna düşen Jorj:

— Gowy. Ýöne burnunyň biraz bölegi görnüp dur. Geliň, onam suwoty bilen basyralyň! — diýdi.

Olar kenarda ellerine ilen suwotularyň baryny gaýygyň burnuna okladylar, indi ýöriteläp baryp seredäýmeseň, gaýygyň görünjek gümany ýokdy.

— Gül ýaly! — diýip, Julian elindäki sagadyna seretdi. — Baý-bow, çaý wagtymyz geçip gidipdir, üstesine, gaýyk bilen başagaý bolup ýörşümize, gaýadaky gözegçilik nokadymyza nobatçy goýmagy unudypdyrys-a. Sölitedigimiz-äý!

Dik, kartinasyna soňky reňkini goýan suratkeş ýaly, gaýygyň burnuna ahyrky penje otuny oklap durşuna:

— Bu ýerdekäk üýtgeşik zat bolandyram öýdemok men-ä. Kanunbozarlar diňe gijeligine gelýän bolmaly, şu pikirim bilen ylalaşmaýanyňyz barmy? — diýdi.

— Megerem, şol aýdanyň dogry bolaýmasa — diýip, Julian tassyklady. — Şoň üçin gijesi bilen nobatçy durmak gerek. Gözegçilikdäkiler ýany bilen halyça äkidip, käte az-kem gözüniň awusyny alybam biler.

Enn:

— Timmi nobatçynyň ýanyna ýoldaş bolsun — diýdi. — Nobatçy irkiläýen ýagdaýynda-da, Timmi bir zat duýsa, hyňranyp ony oýarar.

— Özüňi göz öňünde tutduň öýdýän — diýip, Dik degişdi. — Geliň, gowaga baralyň-da çaý içeliň.

Olaryň gowaga ýönelenem şol, birden Timmi ýene hyňranmaga başlady.

ADADA KIM BAR?

— Çüşş! — diýip, Julian yşarat etdi. — Hemmäňiz hol gyrymsy agajyň aňyrsynda gizleniň, tizräk!

Timmi hyňranan mahaly çagalar aýlagjykdan daşlaşyp, gala golaýlap barýardylar. Olar çalasynlyk bilen gür ösen böwürslenligiň arasyna sümüldiler, ýürekleriniň gürsüldisi gulaklaryna eşidilýän ýalydy.

— Timmi, hyňranma! — diýip, Jorj onuň edil gulagynyň düýbünde pyşyrdady. Timmi şodem sem boldy, ýöne onuň süňňi galdyraýardy, özem durşy bilen gulaga öwrülipdi.

Julian şahalary ikibaka serpip, ellerini çyzym-çyzym edip, gyrymsylygyň arasyndan jyklady. Galanyň howlusynda adamlara gözi düşdi — bir, iki, üç… Julian gözlerini süzgekletdi, ýöne olar şol pursat gözden ýitdiler.

— Görýän welin, olar ýerzeminiň girelgesiniň agzyndaky uly plitalary süýşürip, aşak düşdüler öýdýän — diýip, Julian pyşyrdady. — Siz bärde boluň, menem ýuwaşlyk bilen golaýrak baryp seretjek bolaýyn. Ätiýaçly bolaryn.

Yzyna gaýdyp gelşine ol:

— Hawa, olar ýerzemine düşüpdirler. Siz nähili pikirde, bular hakykatdanam bikanun haryt geçirýänlermikä? Belki, aşakda harytlary üçin ammar gurandyrlar. Elbetde, şunuň ýaly maksat üçin şeýle amatly ýer tapdyrybam duranok — diýdi.

— Heniz olar aşakdaka, derrew gowaga gideliň — diýip, Jorj gyssandy. — Timmi birden üýrüp, bu ýerdedigimizi bildiräýmesin, şondan gorkýan. Ol goh etmejek bolup düýrügip, sandyr-sandyr edýär.

Julian:

— Ýörüň! Howlyny kesib-ä geçip bilmeris, gowusy, kenar taýa gidip, gowaga aýlawly ýol bilen baralyň. Soň birimiz tüýnükden ýokary çykarys-da, arçanyň äpet göwresine bukulyp, bu betpygyllaryň kimdigini biljek bolarys. Megerem, olar köne gämi tarapdan ýa-da suwasty gaýalaryň arasyndan ýeserlik bilen ýüzüp geçip, bu ýere gaýykly gelendir — diýip çak urdy.

Ahyry olar gowaga gelip, içine girdiler. Julian dostlarynyň goltgusy bilen tanapa dyrmaşyp, ýokary galyp ugrady, bir görseler Timmi ýitirim bolupdyr! Çagalar başagaý wagty gowakdan çykan bolmaga çemeli, Jorj yzyna öwrülýänçä eýýäm gürüm-jürüm.

Gyz pessaý sesi bilen:

— Timmi! Timmi! Sen nirede? — diýip gygyrdy.

Ses-seda ýok! Timmi rugsatsyz ökje göteripdir! Kanunbozarlaryň gözüne ilmese-de biridir! Gylyksyz, ýaramaz it diýsänim!

Munuňam sebäbi Timmi juda tolgundyryjy zady duýupdy — tanyş ys, itiň ysy burnuna urdy, şol sebäpli ony tizden-tiz tapyp, gulagy bilen guýrugyny dişläsi gelýärdi! «Hr-r-r-r-r-r!», Timmimi itleri adasyna goýberjek? Hiç haçan!

Arçalygyň aňyrsyna bukulan Julian töwerege göz gezdirdi. Köne gäminiň üstünde üýtgeşik göze ilýän zat ýok, deňizde gämi-beýleki hem görnenok. Ol adamlaryň münüp gelen gaýygy aşakda, gaýalaryň arasynda bir ýerlerde bukulan bolmaly. Julian nazaryny gala tarapa aýlanda, gözleriniň öňünde gaty geň ýagdaý ör-boýuna galdy!

Golaýdaky gyrymsylykda bir it ysyrganyp sümsünip ýördi, onuň söbügine düşüp barýanam tüýleri dim-dik Timmidi! Ol towşan awlamaga çykan tilki ýaly assyrynlyk bilen iti yzarlaýar! Bigäne it şygyrdy eşiden bolara çemeli, bir bökende ýalt edip, ýüzüni Timmä öwürdi. Timmi sowukganlylyk bilen uwlap goýberdi-de, özüni itiň üstüne zyňdy, ýat it gorkusyna waňkyryp başlady.

Sänesi uçan Julian näderini bilmän, olara seredýärdi. Itleriň turzan gohuna durar ýaly bolmady, bigäne itiň sesi hasam aýylganç çykýardy, onuň basga düşüp çirkin çyňsamasy tutuş adany örüzdi.

«Oňaraýdy bul-a, häzir betpygyllar atylyp çykarlar-da, Timmini görerler, onsoň adada ýeke däldikleri olara aýan bolar — diýip, Julian içinden janyýangynly pikir öwürdi. — Wah, Timmiň bar bol-a! Jorjuň ýanynda galsaň bolmadymy diýsene? Oturardyň jyňkyňy çykaryp bilmän!».

Weýran bolan galanyň diwaryndan hasanaklap, üç sany sudur düşdi, olar ýykylyp-sürşüp gelişlerine, itlerine näme bolanyny biljek bolup ýaltaklaýardylar. Julian gözleriniň görýänine ynanmady — ol üçlük hakyt mister Stikden, missis Stikden we Edgardan başga hiç kim däldi!

Gyrymsylygyň içinden çykyp, gowagyň agzyna tarap bagry bilen süýşenekläp ugran Julian içinden: «Bäý-bä-ä! Olar bäri bizi yzarlap gelipdirler! Ada gaýdanymyzy bilipdirler, bizi tapyp, yzymyza äkitmekçi bular! Haýwanlar diýsänim! Ýok, olar bizi tapmanjyk geçer! Haýp, Timmi bar işi pyrryk etjek!».

Aşakdan gulagyňy deşip gelýän çasly sykylyk eşidildi. Jorj sygyrypdy, garpyşýan itleriň üýrüp-çyňsaýşyna gozgalaň tapan gyz Timmini sykylyklap ýanyna çagyrjak bolýardy. Şeýdip üznüksiz sygyrsa, it dessine oňa gulak asyp gelýärdi, häzirem ol del iti agzyndan sypdyrdy-da, gaýanyň çür başyna alňasady, şol wagt Stikleriň üçüsi gara gana boýalyp çyňsaýan gürjüleriniň üstünden baryp, ony söweş meýdanyndan ýygnadylar.

Timminiň yzyndan eňen Edgar gaýa dyrmaşyp ugrady. Julian bolsa edil şol wagt gowaga düşmek bilendi. Tüýnügiň agzyna gelen Timmi göwresini aşak oklady, barşyna-da, tas Juliany alyp geçipdi, köpek özüni Jorjuň üstüne atdy.

— Ýuwaş! Ýuwaş! — diýip, Jorj göçgünli ite haýbatly pyşyrdap buýruk berdi. — Gaçybatalgamyzyň üstüni açjak bolýamyň, hä, sen-ä bir samsyk it ekeniň!

Edgar haş-haşlap, zordan gaýanyň başyna çykdy, Timminiň ýer hopan ýaly bolanyny görübem, äňi aşak sallansa nätjek! Edgar eýläk-beýläk elewredi, ýöne itden derek tapmady.

Şol wagt gaýanyň başyna mister Stik bilen missis Stikem çykdy.

— Nirä gümüni çekdi şol köpek? — diýip, missis Stik heňkirdi. — Sypaty nähili?

— Hojaýynyň çagalarynyň itine çalymdaş, gorkunç — diýip, Edgar sesini endiretdi.

Onuň sesi gowakdakylara äp-äşgär eşidilip durdy. Çagalar syçan ýalyjak çugutdyryşyp, demlerini çykarman otyrdylar.

— Ýok, bu mümkin däl! — diýip, missis Stik seslendi. — Çagalaryň öýüne gidenini gözümiz bilen gördük, itlerini hem ýanlaryna alyp, otly bekedine tarap dogrulapdylar ahyry. Bu it syýahata gelenleriň biriniň goýup giden sergezdan itidir görseň.

— Bar, şeýlemiş, ýöne ol nirä zym-zyýat boldy, hä? — diýip, mister Stikem gyryljyk sesi bilen gürrüňe goşuldy. — Bu ýerde hiç hili it ýog-a.

Edgar aljyrap, gümmi-sümmi etdi:

— Ol ýere girdi.

Mister Stik gahar bilen gatydan hüňürdedi:

— Erteki otarmasan-aý! Ýere girdi diýýäňmi? Ýene näme diýjek? Belki, gaýadan aşak uçdy diýjeksiň, hä? Görgüli Ýekejämizi-hä erbet gabyrdadypdyr. Eger çynym, şol it gözüme iläýdigi bes, çat maňlaýyndan ataryn!

— Gaýanyň üstünde onuň sümelgesi bardyr — diýip, missis Stik çak urdy. — Geliň, gözläliň!

Çagalar demini alman, biri-birine seredişýärdi. Jorj duýduryjy yşarat bilen Timminiň boýunýüpüni gysymlap otyrdy. Olar itgylyk Stikleriň edil alkymlarynda diýen ýaly sermenip ýörüşlerini duýup-eşidip otyrdylar. Julian olardan biriniň deşige gaçmagyndan ätiýaç edýärdi.

Ýöne bagtlaryna, Stikleriň birem gowaga açylýan deşigiň üstünden barmady. Ýogsa juda golaý ýerinde gepleşip hem durupdylar.

— Eger şol it hojaýynyň çagalarynyňky bolsa, diýmek, edepsiz garagollaryň öýlerine däl-de, bärik — ada gaýtdyklary bolýar — diýip, missis Stik netije çykardy. — Muny biziň etsem-goýsamlarymyzyň puja çykdygy biläý! Ýagdaýy anyklamaly. Aýdyňlaşýança köşeşmen.

— Basym baryny anyklarys — diýip, mister Stik aýgytly gürledi. — Ony alada etme. Şu golaýda bir ýerlerde olaryň gaýygy bolmaly, şondan daşlaşan däldirler! Dört çaga, it bilen gaýyk bu adada ýitäýer ýaly iňňe däl-ä! Gözlemeli. Edgar, sen, ynha, şu ýoldan git. Klara, sen bolsa, gala tarap ugra. Harabalygyň arasynda busup oturan bolmaklary mümkin. Menem bu ýerini agtararyn.

Çagalar gowakda biri-birine gysmyljyraşdylar. Gaýyklaryny bir tapmaýbilsediler! Özleriniň hem üstünden gelmesinler-dä, hernä! Timmi ýene bir gaýta Porsuja gürjini görmegiň arzuwynda adaja hyrlady. Şol gulagy ýene birje gezek dişläýseň!

Edgar çagalara gabat gelmekden ýöne ýere howatyr edenok, Timmä duşmakdan-a hasam beter gorkýar. Şol sebäpli çagalary we olaryň gaýygyny gözlemäge beýle bir höwesli ýapyşmady. Ol gaýygyň gizlengi aýlagjygyna baryp, çägäniň ýüzünde onuň süýrelen yzyny görse-de (ony ýokary süýräp çykarypdylar, yzy daşgynyň suwy sähel-mähel düzläpdi), gaýygyň gaýanyň aňyrsyndan çykyp, somalyp duran, üstüne suwoty atylan burnuna esewan etmedi.

— Bu ýerde hiç zat ýok! — diýip, ol gyrak-bujaklara çenli dörjeläp gözläp ýören ejesine gygyrdy. Ejesiniňem edil mister Stik ýaly tapan zady bolmady.

Ahyry adamsy:

— Ýok, ol itiň biziň çagalaryňky bolmagy mümkin däl — diýen netijä geldi. — Eger şolar bolsa, şu ýerde bolmal-a özlerem, gaýyklaram, ýöne olaryň yzy-sory görnenok. Diýmek, hälki görenimiz eýesiz, selpäp ýören it bolmaly. Ýabany köpekden ägä bolmak gerek. Halys wagşylaşandyr ol!

Bir sagat töweregi wagt geçdi, Stikler gözlegi bes edendir öýden çagalaram biraz ynjaldylar. Olar çaý oturtdylar, Enn bolsa şöhlatly çörek taýýarlamak üçin çörek kesip başlady. Porsujanyň gözleginde ýaňadan gaçyp gidäýmezi ýaly, Timmini daňyp goýdular. Ümsümje oturyp çaý içdiler, gürleşselerem pyşyrdaşyp gürleşdiler.

— Görýän welin, gadyrdan Stikler bu ýere bizi yzlap gelmändirler öýdýän — diýip, Julian söze başlady. — Özara gürrüňlerinden çen tutsaň, Jorj bilen Timmini ýanymyza alyp, bizi otly bekedine tarap gidendir, şol ýerdenem öýümize ugrandyr öýdýärler.

— Onda bärik näme üçin geldilerkä? — diýip, Jorjuň gahary geldi. — Ada biziňki! Olaryň haky ýok gelmäge! Ýörüň, kowalyň olary! Olar Timmiden gorkýalar. Iti ýanymyz bilen äkidip, bu ýerden tizden-tiz gitmeseler, üstüňize küşgüreris diýip haýbat atarys.

— Ýok, Jorj, beýdip bolmaz — diýip, Julian bu gyzma teklibi makullamady. — Özüň pikir edip gör. Näme, baryp kakaňa aýtsynlar, adada ýaşap ýörenimizi habar bersinler diýip kowalymy? Onuň girre gahary geler, salymyny bermän öýe barar-da, barymyzy yzymyza dolar. Onsoňam ýene bir pikirlendirýän ýagdaý bar.

Julianyň gözünde, adatça, täze pikir kellä gelendäki peýda bolýan ýylpyldyny gören çagalar deň ses goşup:

— Nähili ýagdaý? — diýip soradylar.

— Olaryň şu ýerde peýda bolmagy kanunbozarlar bilen bagly ýaly bolup görnenokmy size? — diýip, Julian hüşgärlige çagyrýan sowalyny orta atdy. — Bikanun harydy äkitmäge ýa-da muňa amatly ýagdaý döreýänçä, ony şu ýerde gizlemek üçin gelen bolsalar näme?! Mister Stik — deňizçi. Şeýle dälmi? Bikanun haryt geçirmekde hem ol täze öwrenje däldir. Kanunbozarlaryň hakyna tutan adamy bolmaly, şolardan hakyny alýandyr.

— Şol aýdýanyň çyn bolaýmagam ahmal! — diýip, Jorj tassyklady. — Onda näme, gidýänçäler garaşalyň-da, soň ýerzemine düşüp, gizlän zatlary barmy ýa ýokmy göräýeris. Olary aýyplarynyň üstünde tutarys, bujagaz oýunlarynyň soňuna çykarys. Baý, gyzykly bolar-a!

(Dowamy bar).

Rusçasyndan terjime eden Orazgül GURBANOWA

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle