Köne ýerzeminiň syry 2 (Roman-detektiw)
Enid BLEÝTON
Iňlis ýazyjysy
BIRNEME ÝAKYMLY TÄZELIKLER
Agşamlyk naharyna hantama bolup oturmagyň peýdasyzdygyna göz ýetiren Dik:
— Stikler başlaryny ýassyga goýdugy, aşhana düşüp, ammardan ýene-de bir zatjyk çilsek näder? — diýip sorady.
Julianyň bukdaklap gaýtadan aşhana giresi, mister Stik bilen gabatlaşasy gelmedi. Gürrüň gorkmakda däl, beýtmek göwnüne jaý däldi, ýakymsyzdy. Öý — çagalaryň öz öýi, azygam olaryň öz maşgalasyna degişli, ýeri, onsoň olar ony näme üçin diläp ýa-da ogurlap almalymyşlar? Walla, gülkünç!
— Munda gel, Timoti — diýip, Julian köpegi çagyrdy. Timmi Jorjuň ýanyndan aýrylyp, soragly gözlerini oýnakladyşyna Juliana golaýlady. — Sen häzir meň bilen bile gidersiň-de, eziz, mähriban missis Stikden bize ammardaky iň süýjüje zatlardan bermegi haýyş edersiň.
Muňa hemmäň gülküsi tutdy.
— Ajaýyp pikir! — diýip, Dik makullady. — Bizem bile gidip tomaşa etsek bolarmy?
Julian oňlamady:
— Gowusy, siz gitmäň. Ýeke özümem hötdesinden gelerin.
Ol däliziň ugry bilen aşhana ýöneldi. Radio doly sesinde işleýärdi, Julian tä bosaga barýança, ony gören-bilen bolmady. Ine-de, ol işigiň agzynda daýandy. Edgar başyny galdyranda, Julian bilen Timmä gözi düşdi.
It gazap bilen hyňranýardy, Edgaryň endamy düýrükdi. Ol düwdenekläp aşhanadaky diwanyň aňyrsyna geçdi, tegelenen gözleri bolsa Timmini yzarlaýardy.
Radionyň sesini suw sepilen ýaly eden missis Stik:
— Näme diýip geldiň? — diýip, abaýly sorady.
— Agşamlyk nahary üçin — diýip, Julian pert jogap berdi. — Şamlyk üçin! Ammardaky azyklaryň gowudan-gowusyny çykaryň-da, orta goýuň — olar daýymyň puluna satyn alnan, daýzamyň gazojagynda bişirilen, gazyň pulunam şol töleýär! Hawa, hüm! Getiriň saçaga! Açyň ammary, göreliň, nämeler bar içinde.
Munuň ýaly aýgyda garaşmadyk missis Stik janhowluna:
— Bu oglanyň utançsyzdygyn-eý! — diýip goýberdi. — Bir çörek bilen bir bölek peýnir-ä beribiljek. Men soňky sözümi aýtdym.
— Meňki soňky däl — Julian şeý diýdi-de, ammara tarap ýöneldi. Timmi, gapdalymdan aýrylma! Näçe hyňransaň hyňranyber, ýöne hiç kimi dişlemeli däl!
Timminiň hyňranmasyna depe saçyň üýşüp gidýärdi. Iň bärkisi mister Stikem özünden bilip, aşhananyň burçuna çekildi. Porsujany diýsene, gürüm-jürüm bolaýdy. Ol, Timmi birinji gezek hyňranandan, ammarjaýa tarap ökjäni göterdi, durky bilen saňňylda öwrülen janawar barşyna urdurylyp kir sykylýan enjamyň aşagyna girdi.
Gaýym hyrçyny dişlän missis Stikiň dodakjaýy gös-göni çyzyjaga öwrüldi:
— Çörek bilen peýniri al-da, göteril! — diýip, ol abyr-zabyr etdi.
Julian sykylyklap barşyna ammaryň gapysyny açdy, bu boluş missis Stikiň degnasyny dörjeledi.
— Baý-bo-ow! — Julian gaşlaryny gerdi. — Missis Stik, ammary syçanyň hinine öwren ekeniňiz-ä! Gowrulan towuk! Jyzyrdapjyk bişýärkä, şuň-a ysam burnuma uran ýaly bolup dur. Megerem, mister Stik şu gün towuklarymyzyň biriniň damagyny çalan bolmaly. Hawa, hawa, men onuň wakgyldysynam eşidipdim. Ýalpyldap duran pomidorlara bak-a! Obanyň saýlama pomidorydygyna şek-şübhäm ýok. Üstesine, missis Stik, agzyňy suwardýan ak köke-de bar eken-ä! Sözüm ýok! Walla çynym, siz ajaýyp aşpez, men şoňa şaýat!
Julian towugy, pomidorly tabagy eline aldy, üstündenem ak kökeli tabagy jaýlaşdyrdy.
— Häziriň özünde baryny ýerinde goý! — diýip, missis Stik aglamjyrady. — Bu biziň agşamlygymyz! Äkidip bir gör!
— Siz birazajyk bulaşdyrýaňyz — diýip, Julian mylaýymsyrady. — Bu biziň şamlygymyz! Uzakly gün duz datmadyk, agşamlygymyz teýlije bolsa kemem däl. Size çäksiz minnetdar!
Bal ýaly tagamyň elden gidip barýanyna hopurgan mister Stik gazap atyna atlanyp azgyryldy:
— Eý, sen gowuja bol!
— Gaýtadan özüňize bakdyrjag-a bolýan dälsiňiz meni? — diýip, Julian mönsüredi. — Nämäme gerek? Belki, bu mahala çenli ýuwnup-ardynan bolmagyňyzam ahmal? Ýöne beýle däl bolaýmasa. Şo sebäpdenem, aýyplaşmaň, size seredibem oturmaýyn.
Mister Stik aljyrady. Ol onsuzam dile çeper adam däl welin, bu oglanyň dogumyny görüp dili tutulaýdy. Diňe ýaňky bilýänje sözüni käkeledi durdy: «Eý, sen gowuja bol!».
— Ýerinde goý! — diýip, missis Stik gyňraldy. — Baryny äkitjek bolýaň, onsoň biz näme iýmeli, şoň pikirini etdiňmi? Jogap ber diýýän men saňa!
— Wah, oň işi haýyr! Öz agşamlygymyzy size hödürlemäge rugsat ediň — çörek bilen peýnir, missis Stik, çörek bilen peýnir.
Missis Stik tarsa ýerinden turdy, urmak üçin elini häzirläp, Juliana tarap topuldy. Ýöne şo pilläň özünde herekete geçen Timoti dişlerini alaşakyrdy etdi.
— Waý, waý-eý! — diýip, missis Stik bagyrdy. — Itiň tas elimi çeýnäpdi! Bir gün-ä ýoguňa ýanaryn seň, dur bakaly!
— Ýoguna-ha şu gün ýanjakdyňyz, dogry gerek? — Julian şeý diýdi-de, aýalyň dikanlap ýüzüne seretdi. — Indi polisiýalaşmaly bolaýmasak. Biliňizi berk guşaň, missis Stik, ertir polisiýa barjakdyryn.
Edil hemişekiler ýaly, polisiýanyň adynyň agzalmagy missis Stiki üýşendirdi. Adamsy tarapa göz aýlap goýberdi-de, ýan berip ugrady. Julianyň kellesinde: «Bu adam bir ýerlerde bozgaklyk edipdir-de, indem polisiýanyň gözüne ilmejek bolýar» diýen pikir ýylp edip gitdi. Sebäbi ol ýeke saparam daşaryk çykmasa näme.
Julian ýeňijiniň howalasy bilen petekesini gaýşardyp, dälizden ädim urup barýardy. Onuň yzyndanam Porsujany birje gezejigem bolsa dişläp bilmedigine ahmyr edip, keýpsiz Timmi seňkildäp gelýärdi. Julian myhman otagyna girdi-de, getiren tagamlaryny emaý bilen stoluň üstünde goýdy. Ol:
— Ura! Geliň, çolpyma ilen zatlary bir görüň-ä! Stikleriň maşgalasyna nesip etmeli şamlyk eken bular! — diýdi-de, bolan zatlary dostlaryna gürrüň berdi, muňa hemmeler hezil edip gülüşdiler.
— Munça gepi sen olara nädip diýip biläýdiň? — diýip, Enn geň galyp sorady. — Olar halys hetden aşypdyr. Hälem bizi gorar ýaly Timminiň bardygy!
— Hawa, Timmi bolmasa, bu batyrgaýlygymyň ýarynam edip biljek däl — diýip, Julian boýun aldy.
Agşamlyk nahary şüweleňli geçdi. Bufetden pyçakdyr çarşaklary çykardylar, mazaly, süýjülik salar ýaly telpertabaklaram şol ýerde bar eken — munuň üçin aşhana gidip ýörmek zerur bolmady. Çaýlaşykdan soň az-kem çörek artybam galdy, çagalar tagamlara işdämenlik bilen ýapyşyp, gerk-gäbe doýdular.
— Timmi, haýp, saňa towuk süňküni bermek bolanok-da — diýip, Jorj itinden ahmyrly ötünç sorady. — Gyýçagy bokurdagyňy dilermi-nädermi. Ýöne artan-süýşeniň bary seňki. Seret, Porsuja ýekeje zadam galdyraýma.
Timmimi şoňa zat goýjak. Iküç gezek tumşugy degenden, telpertabagyň içini ýalpyldatdy, soňam çagalaryň akköke böleklerini oklaryna tamakinlik bilen garaşmaga oturdy.
Tagamly şamlykdan soň çagalaryň keýpi kökeldi. Towugy şobada lak-luk atdylar, ondan diňe bir üýşmejik süňk galdy. Pomidorlary hem gördüm-bildim etmediler, çöregiň owuntygyna çenli iýildi, süýjüje akkökä hasam işdämenlik bilen ýapyşdylar.
Sagat birçene barypdy. Enn pallady, soň ol pallama Jorja-da «ýokuşdy». Ol:
— Ýatalyň! Kartam, başga zadam oýnasym gelenok — diýdi.
Çagalar ýerli-ýerine geçmek bilen boldular, Timmi hem hemişekisi ýaly Jorjuň aýagujunda gyşardy. Ol birsalym oýa ýatdy, gulaklary aşakdan eşidilýän wagyrda üşerildi. Stikleriň maşgalasynyň ýokary — ýatyş otagyna galanlaram, gapyny ýapanlaram, Porsujanyň çalaja çyňsanam eşidildi. Soň ümsümlik aralaşdy. Timmi penjesini ýassanyp, irkilenem bolsa, bir gulagy keýerip durdy — ätiýajy elden bermejek bolýardy. Timminiň hem, dostlary ýaly, Stikleriň maşgalasyna ynamy ýokdy!
Çagalar ertesi säher bilen oýandylar. Ilki bilen Julian gözüni açdy. Penjiräniň alkymyna baryp, daşaryk göz aýlady. Asmanyň ýüzi solgun mawy, al öwüsýän bulutlar gaýyp barýar. Deňzem mawy, asuda, aýna ýaly tekiz. Julianyň ýadyna Enniň aýdan sözleri düşdi — ol şeý diýip gaýtalamany halardy: «Säherde dünýäniň ýüzi şu wagtjyk ýuwlan ýaly, şeýlebir tämiz, ter hem täze!».
Ertirlikden öň çagalar suwa düşündiler, ýöne bu gezek olar öýlerine dokuzyň ýarynda dolandylar — Jorjuň kakasynyň wagtyndan öň jaň ederinden heder edip şeýtdiler. Julian basgançakdan galyp barýan missis Stike gözi düşüp, yzyndan gygyrdy:
— Daýym jaň eden-ä däldir?
— Ýok — diýip, aýal ýüzüni bürüşdirdi. Ol çagalar suwa düşüp ýörkä jaň geler öýdüp umyt edipdi, düýnki ýaly telefonuň tutawyny ilki bolup galdyrjakdy, ähli zady özi öňürti aýtjakdy.
— Ertirlik edinäýsek diýýäs — diýip, Julian kakdyryp gepledi. — Onda-da, teýlije ertirlige tamakin, missis Stik. Daýymyň näme iýenimiz bilen gyzyklanmagy ahmal. Kim bilýä, bolup biler, hawa. Çöregi hurşsuz berse, Julianyň ony daýysyna ýamanlaryndan çekinen bolsa gerek, sebäbi salymyny bermän bekonyň — kaklanyp duzlanan doňuz etiniň gowurmyşlanandaky ysy çagalaryň burnuna urdy. Hakykatdanam, missis Stik tabaga salnyp, töwerigine pomidorly jaz dökülen bekony gütledip stola goýdy, onuň sarsgynyna beýleki telpertabaklar böküp gitdi. Yzysüre çäýnekdir aşagy tabajykly kürüşgejikleri eline alyp, Edgar peýda boldy.
— Wi-iý, Edgar janam bärde eken-ä! — Julian bu sözleri mylaýym geňirgenme bilen aýtdy. — Biziň eziz Düwürtiklijämiz!
— Bar, ugrasan-eý! — diýip, Edgar gyýgyny pürkdi-de, elindäki çäýnegi tarkyldadyp stola goýdy. Timmi hyrlap goýberdi welin, Edgar ýom-ýok bolaýdy.
Jorjuň ertirlik edinesi gelmedi. Julian onuň bekon paýyny yzyna salyp, üstüne telpertabak düňderdi. Düşnükli, ol habara garaşýar. Ynha, basym jaň geler — şonda ol ejesiniň ýagdaýyny biler: ganymatlaşypmy ýa-da ýok.
Çagalar nahara güýmenen mahaly telefon yzly-yzyna jyrlap ugrady. Jorj hasyr-husur telefona topulyp, çalasynlyk bilen tutawy galdyrdy.
— Kaka? Hawa, bu men, Jorj. Ejem nähili? — Ara böwşeňlik düşdi. Jorj diňleýärdi. Çagalar iýmelerini goýup, gulaga öwrüldiler-de, Jorjuň bir zat diýerine garaşyp başladylar. Onuň agzyndan çykjak ilkinji sözler gelen habar gowumy-erbetmi — kesgitläp biljekdi.
— O, gowudygyny, begendim! — diýip, Jorjuň berýän jogabyny eşitdiler. — Näme? Düýn operasiýa etdiler diýýäňmi? Maňa bu zatlary aýtmandyňyz! Indi hemme zat gowudyr-a, şeýle dälmi? Görgüli ejem jan! Oňa menden salam aýt. Ony gaty göresim gelýär. Barsam bolmazmy, kaka?
Bolanok diýildi öýdýän. Jorj ýene birsalym diň salyp durdy, soňam birki agyz gepledi-de, sagbollaşyp, myhman otagyna howlukdy.
— Eşitdiňiz gerek? — diýip, ol begenjine bäs gelip bilmän gepledi. — Ejem gowulaşypdyr. Bäri bakyp ugrapdyr, basym ýene on gün töwerek eglense, onsoň öýe geler. Kakamam ejemi goýup gaýdyp bilmez. Şeýlelikde, habarlar erbet däl — ýekeje zat, olam Stiklerden bize dynma ýok, ana, şol keýpiňe sogan dograýar!
JORJUŇ MEÝILNAMASY
Missis Stik telefonda bolan gürrüňi eşitdi — iň bolmanda, Jorjuň aýdanlary-ha gulagynda galdy. Jorjuň ejesi bäri bakyp ugrapdyr, kakasy hem eglenip, ejesi bilen bile geler. Diýmek, olar, takmynan, ýene on günden yzyna dolanar! Oňa çenli bolsa keýpden çykýançaň şatlanybermeli, ýogsam näme!
Jorj işdäsiniň açylanyny duýdy. Ol öz bekon paýyny işdämenlik bilen iýdi, bir döwüm çörek bilen tabagyň içiniň çyrşagyny hem ýalady. Üç bulgur çaýam naharyň üstünden gönderdi-de, kanagatlanma bilen oturgyjyň arkalygyna ýaplandy. Ol:
— Indi biraz özüme geldim — diýdi. Enn onuň elinden tutdy. Daýzasynyň ganymatlaşyp ugranyna gyzjagaz diýseň begendi. Ýigrenji Stiklere olaryň dynç alşyny bulaşdyrmak başartmaz! Ýöne şu ikarada Jorjuň aýdan bir sözüne Julianyň gaşlary çytylyp gitdi:
— Ine, ejemiň ýagdaýynyň gowudygyny hem bildim, indi Timmi bilen Stikleriň hötdesinden özüm gelerin. Şoň üçinem siz arkaýyn öýüňize gaýdyp, galan dynç alyş günleriňizi mensiz geçirip bilersiňiz. Meni alada etmäň.
Julian:
— Bes et, Jorj — diýdi. — Biz bu barada eýýäm düşünişdik ahyry. Men eýýäm belli karara geldim, sen özüňkini üýtgetmeýşiň ýaly, menem ony üýtgetmen. Sen meň gaharymy getirýäň.
Jorj:
— Gelse gelibersin gaharyň — diýdi. — Meň öz meýilnamam bar diýdim-ä, oňa siz goşulyp ýörmeseňiz gowy, gowusy, isleseňiz-islemeseňiz, öýüňize gaýdyň.
— Syrly görünjek bolmasana, Jorj! — diýen Julianyň sabyr käsesi doldy. — O niçik üýtgeşik meýilnamamyş? Biz geregu-gerek däl, aýtsaň gowy bolar. Näme, biz indi ynamdan gaçaýdykmy?
Jorjuň sesi tutuksy çykdy:
— Wah, ynanýan-la. Siz meni saklajak bolarsyňyz öýdýän.
Julian howsala bilen:
— Onda-ha asylam gizlemek bolmaz, dessine aýt — diýip, ony gyssady. Jorj kellesine bir zat gelse, soňuny saýmaz. Hudaý bilýä, gör, näme iş goparjak!
Ýöne Jorj aýtmajak bolup aýak diredi durdy. Ahyry Julian ony öz gününe goýdy, ýöne öz ýanyndan Jorjy gözden salmaly däl diýen netijä geldi. Bir bolgusyz işe amal etmegi göwnüne düwen bolsa, ony Julianyň gözegçiliginde etmeli bolar!
Jorj bolsa, göýä, öz «bolgusyz» meýlini goýbolsun eden ýalydy. Ol dostlary bilen suwa düşdi, gezelenç etdi, gaýykda aýlandy. Kirrin adasyna gidesi gelmänsoň, çagalaram ony yrjak bolup durmadylar, kenardan daşlaşasy gelýän däldir, Edgar telefona çagyrsa eşitmän galaryn öýdýändir diýip çakladylar.
Gün gaty hezil geçdi. Çagalar ýene-de içi büzmeçli bulkajyk bilen dürli-dümen miwe satyn aldylar-da, kenarda üýşmeleň etdiler. Timmi gassapdan alnan beýni süňküni gemrip heziller etdi.
Çaý wagty bolanda Jorj:
— Meniň odur-budur satyn almaly zatlarym bar — diýdi. — Siz baryň-da, missis Stik çaý taýýarlaýarmy, şondan habar tutuň, men bolsa gerek zadymy almak üçin ylgap, dükanjyga baryp geleýin.
Julian dessine üşerildi. Jorj olary ugradan bolýar welin, özi syrly meýilnamasyny amal etmegiň kül-külüne düşen-ä däldir-dä hernä?
— Menem bile gitjek — diýip, Julian ýerinden turdy. — Missis Stiki öjükdirmeli bolsa, ony meniň deregime Dikem başarar, Timminem onuň ýanyna goşaryn.
Jorj:
— Ýok, ýok, senem git. Men, ynha, derrewjik gelerin — diýip, sypjyklyk etjek boldy.
Ýöne Julian öz diýeninde berk durdy. Ahyrky netijede, olaryň bary Jorj bilen bile gitdi. — Dik Juliandyr Jorj bolmasa, missis Stik bilen sözüniň alyşmajagyny aýdyp, gitmek islemedi.
Jorj garyşyk harytly çaklaňja dükandan elçyrasy üçin batareýa satyn aldy. Onsoň ýene-de iki guty kükürt bilen tehniki spirtem aldy.
Enn geň galyp sorady:
— Bulary nämetjek?
Jorj:
— Aý, gerek bolar diýip, ätiýaçdan alaýdym — diýdi-de, üstüne başga zat goşmady.
Ýene hemmesi bile Kirrin-kotteje dolanyp geldiler. Gör-le muny! Çaý eýýäm stoluň üstünde demlije dur! Dogry, ýany bilen äberilen zatlar o diýen däl — çörek bilen mürepbe, ýöne iýmezçe däl.
Şol agşam ýagyş ýagdy. Çagalar stoluň başynda kart oýnaýardylar. Jorjuň ejesiniň ýagdaýy barada hoş habar eşidensoňlar, keýpleri çagdy. Oýnuň gyzyşan wagty Julian ýerinden turdy-da, jaňy kakdy. Çagalar oňa dikanlap seredişdiler. Jorj gözlerini tegeläp sowal berdi:
— Jaňy nämüçin kakdyň?
Julian it ýylgyryşyny edip:
— Missis Stik agşamlyk naharyny getirsin diýip kakdym — diýdi. Ýöne jaňyň sesine hä beren bolmady. Julian yzly-yzyna ýene kakdy.
Ahyrsoňy aşhananyň gapysy açylyp, däliziň ugrunda missis Stikiň aýak sesi eşidildi. Myhman otagyna girende, onuň ýüzünden boragan ýagýardy. Ol gahar bilen:
— Bes et jyrlatmaňy! Her jaňyňyza ylgar geler duraryn-ow men! — diýip tasanjyrady.
Julian:
— Agşamlyk naharyny getirmegiňizi haýyş edeýin diýip jaň kakdym. Ýagdaýyňyza serediň, düýnki ýaly, ammara Timmi bilen girdejik özüň alaý diýseňiz, onam kyn görüp duramzok. Ýok, muny islämok diýseňiz, onda özüňiz getirmeli borsuňyz. Ýöne getirjek zadyňyz ýokumlyja bolsun! — diýdi.
— Eger ammarymdan ýene bir zat ogurlanyňy göräýsem, men… men… — diýip, missis Stik aljyrap ugrady.
— Polisiýany çagyrarsyň! — diýip, Julian onuň sözüni soňlady. — Gaty gowy! Şeýtseň biz begenjek. Ähli ýagdaýy jikme-jikligi bilen ýandepderçesine bellik edýän ýerli polismen eýýäm göz öňüme-de geldi. Menem oňa ýekän-ýekän içimi dökerin.
Missis Stik gahar bilen hoňňul-hoňňul edip, ýoguna ýanaýsaň diýýän nazaryny Julianyň içinden geçiräýjek boldy, şeýdibem gelen dälizi bilen yzyna ýumlukdy. Gap-gajyň aşhanadan gelýän şakyrdysy çagalara şamlygyň taýýarlanýandygyny habar berdi. Kartlary paýlap oturan Julian kanagatlanma bilen ýylgyrdy.
Agşamlyk edil owallarky ýaly bolelin bolmasa-da, edil oňuşmazça däldi. Az-owlak kakadylan doňuz eti, peýnir hemem artan-süýşen süýtli puding. Onsoňam Timoti üçin bir telpertabak gaýnan et.
Telpertabaga şübheli sereden Jorj:
— Aýryň muny! Ýene awy sepensiňiz görseň. Häziriň özünde güm ediň! — diýip talap etdi.
— Ýok, gaýtam, goý, aýyrmasyn! — diýip, Julian garşy çykdy. — Ertir men bu eti dermanhanaça eltip görkezerin-de, düzümini barlap bermegi haýyş ederin. Jorjuň çen edişi ýaly, et, hakykatdanam awulanan bolsa, dermanhanaçy bize gaty gyzykly zatlary habar berse gerek.
Missis Stik jyňkyny çykarman telpertabagy alyp gitdi.
— Gorkunç aýal! — diýip, Timotini özüne tarap çeken Jorj aýtdy. — Ony şeýle ýigrenäýşimi! Timmiden gorkym az däl!
Umuman aýdaňda, şamlygyň mazasy gaçdy. Garaňky düşenden çagalaryň ukusy tutdy.
Julian:
— Sagat on bolupdyr. Ýatar wagtymyz boluberdi öýdýän. Ennä bireýýäm düşekde bolmaly. Gijä çenli oturardan heniz ol kiçi.
— Ýene näme! — diýip, Enniň gahary geldi. — Meniň ýaşym Jorjuňky bilen deňeçer. Näme, sähelçe kiçiligime men günäkärmi?
— Bolýa, bolýa! — diýip, Julian gülki arasynda ylalaşdy. — Ýatmaga ýeke özüňi ugratjak bolamok, gaty görme. Bu öýde Stikleriň hojaýynsyraýan mahaly, biz hökman agzybirligi saklamaly. Ýörüň! Barymyz — ýatmaly!
Çagalar uzakly gün aýak üstünde ýadapdylar. Olar ýüzübildiler, gezibildiler, kürekläbildiler. Julian esli salym uka ýan bermejek bolup çytraşdy, ýöne barybir, uky ony ýykdy.
Ol tisginip oýandy — gulagyna bir goh eşidilen ýaly boldy. Aý, ýok, öý imisalalyk. Bu nämäniň gohy bolup biler? Ýa jaýda Stiklerden biri sümsünip ýörmükä? Ýok-la, bu gümana — Tim üýrüp, hemmäni aýaga galdyrardy ahyry. Onda bu nämekä? Ony bir zad-a oýardy!
«Jorj öz meýilnamasynyň ugruna çykan bolsa näbilýäň?» — diýip, Julian içinden pikir öwürdi. Ol dikeldi, eli bilen sermäp haladyny tapdy-da, egnine geýdi. Diki oýaraýmakdan ätiýaç edip, assyrynlyk bilen gyzlaryň otagyna boýnuny uzatdy, elçyranyň ýagtysyna ätiýaçdan olaryň ýatan ýerine göz gezdirdi.
Enn ýatalgasynda dünýäni bilmän uklap ýatyrdy. Jorjuň ýatalgasy welin boş. Onuň geýimi hem ýok!
— Häý, içigar! — Julian adaja käýinjiredi. — Nirä gümüni çekdikä? Ýa ejesiniň ýanyna dagy tutduryberdimikä?
Elçyranyň ýagtysyna Jorjuň ýassygyna temençe bilen çatylan bukja agaryp göründi. Bukjanyň daşyna iri harplar bilen «JULIANA» diýip ýazylypdyr.
Julian haty açyp okamaga durdy:
«Gadyrdan, Julian! Haýyş edýän, menden gaty görme! Kirrin-kottejde galasym gelmedi, Stikler Timmä awy berer öýdüp gorkýan. Özüň gowy bilýäň, muňa meniň ýüregim çydamaz. Şonuň üçinem adamyza tarap ugradym, ejem bilen kakam gelýänçä, şol ýerde ýeke özüm ýaşaberjek. Kyn görme-de, meniň şu haýyşymy hat üsti bilen kakama ýetir: öýe gaýdyp gelensoňlar, Jim bogaldagy gyzyl baýdakly gämini ada ýanasyn. Men diňe şondan soň yzyma dolanaryn. Men gaýdamsoň, sen, Dik we Enn — üçiňizem ene-ataňyzyň ýanyna baryň. Men ýokkam, size Stikler bilen Kirrin-kottejde galmak — bolmajak ýagdaý. Seni gowy görýän, Jorj».
Julian dykgat bilen haty okap çykdy. «Munuň ýaly hyýalynyň bardygy kelläme-de gelmändir! — diýip, ol içini gepletdi. — Bizi näme üçin bu işe gatyşdyrmajak bolany indi düşnükli! Timmi bilen ýeke gitmek isläpdir. Ýöne men muny beýle goýup bilmen. Adada ýeke özüni uzak goýup bolmaz-a. Syrkawlar. Dag daşlaryna büdrägede ýykylyp, bir ýerini agyrtsa näme, gören-bilen boljak däl!».
Ol ýöne ýere alada galanok, kejir gyzyň bellisi ýok, indi nätmeli, alajyny gözläp kelle döwüp başlady. Hälki ony oýadan tykyrdy, Jorj çykyp barýarka eşidilen bolmaly. Onda-ha entek uzaga giden bolmaly däl. Salymyny bermän kenara eňse, belki, Jorjy saklamaga ýetişer.
Egnindäki haladynam çykaryp durman, howludaky bag ýodasy bilen aýagaldygyna ylgap ugrady, derwezeden çykyşyna-da aýlaga tarap tutdurdy. Ýagyş diňdi, buludy syrylan asmanda ýyldyzlar göz gypyşdy. Emma Aý aýdyň bolmansoň, gije garaňkylykdy.
«Şunuň ýaly garaňkynyň içinde ol gaýalardan nädip sowlup geçjekkä — diýip, Julian öz ýanyndan oýlandy. — Samsyjak diýsänim! Gaýygy gaýalara urduryp, gark boljagyň biri diýerler saňa».
Ol gijäniň içinde okdurylyp barşyna, daşyndan öz-özi bilen gürleşýärdi:
— Elçyranyň batareýasy bilen kükürt, asyl, şu zatlar üçin gerek eken-ä oňa, tehniki spirti bolsa spirtçyra üçin oňaýlapdyr! Bize näme üçin duýdurmadyka? Oňa höwes bilen goşulardyk-da.
Ine-de kenar. Jorjuň hemişeki durýan ýerinde elçyranyň ýagtysy göründi. Julian şol ýere haýdady, onuň aýaklary öl çägä batyp-batyp gidýärdi.
— Jorj! Akmajyk! Gijäň içinde ýeke özüň nirä gitjekmişiň! — diýip, Julian gygyrýardy.
Şol pille Jorj gaýygy suwa iteklemek bilen meşguldy. Ol Julianyň sesine tisginip gitdi. Jorj:
— Sen meni saklap bilmersiň! Men eýýäm ugradym! — diýdi.
Ýöne biline çenli suwa giren Julian gaýygyň erňeginden tutmaga ýetişdi.
— Jorj, gulak as! Sen beýdip gitmeli däl! Daşlara urlarsyň. Gaýt yzyňa!
— Gaýtjak däl! — diýip, Jorj kesirligine tutdy. — Julian, öýüňize git. Meni alada etme. Goýber gaýygy!
— Näme üçin gitjegiňi maňa aýtmadyň, Jorj? — diýip, sürnüp gelýän tolkunlaryň öňünde zordan aýak üstünde saklanýan Julian sorady. — Bäý, bu tolkunlary-aýt! Häzir, gaýyga müneýin.
Ol gaýygyň erňeginden aşyrylyp, özüni onuň içine atdy. Julian Jorjy görmeýänem bolsa, onuň gözüni aýyrman özüne seredýänini duýýardy. Timmi onuň öl aýaklaryny ýalaýardy.
— Sen bar zady bulaşdyrdyň! — Jorjuň tolgunmakdan ýaňa sesi ysgynsyz çykdy.
Julian ýumşaklyk bilen:
— Ýok, beýle däl, samsyjak! Diňle! Häzir Kirrin-kotteje gaýdaly, men saňa söz berýän, ada ertir hemmämiz bile gideris. Düşündiňmi? Dört bolup. Näme üçin bile gitmeli dälmişik? Ejeň bize ol ýerde hepdeläp bolmaga rugsat beripdi ahyry. Şeýle gerek? Bu ýaramaz maşgalanyň ol ýere aýagyny sekjek gümany ýok. Han özümiz, soltan özümiz bolarys, wagtymyzy hem gowy geçireris. Haýyş edýän, Jorj, yzymyza gaýdaly, onsoň ertir bileje gidäýeris — diýdi.
GALAGOP GIJE
Ümsümlik aralaşdy, diňe gaýyga urulýan tolkunlaryň pagşyldysy eşidilýärdi. Ynha-da, garaňkynyň içinde Jorjuň begençli sesi ýaňlanyp gitdi:
— Julian, aý, Julian! Seniň çynyňmy? Hakykatdanam, meň bilen gidäýjekmi? Bu edenim meni gowulygyň üstünden eltmez diýip gorkýardym — kakam maňa yzyma gelýänçäm Kirrin-kottejden hiç ýere çykma diýip tabşyrypdy ahyryn — özüne gulak asylmasa, nähili dergazap bolýandygyna bolsa özüň belet. Men öýde galsam, siziňem galjagyňyza gözüm ýetikdi, onsoň ýigrenji Stikleriň size azar bermegini islemedim. Ynha, şoň üçinem gitmeli diýen karara geldim. Siz bile gidersiňizem öýtmändirin, beýtseňiz, sizem gep eşitjek-dä! Size bile gidäýeliň diýmek kelläme-de gelmändir.
— Ýok, saňa sözüm ýok, Jorj, käte halys akylyňy çaşyraýýaň! — diýip, Julian oňa biraz igendi. — Bize hojalykdaky ýakymsyzlyklardan basylarlar öýtdüň gerek? Esasy zat, agzybirleşip, birek-birege kömek etsek bolany! Elbetde, biz seniň bilen bile gideris, bu işiň ähli jogapkärçiligini öz üstüme alýan, kakaňa hemmesine özüm günäkär diýerin.
— Bolmaz, o diýeniň bolmaz — diýip, Jorj dessine garşy çykdy. — Bu meň tapan çykalgam diýerin. Eden telek işim üçin bolsa, günämi boýun almaga çekinemok. Muny özüň gowy bilýäň.
— Bor, jedelleşip durma:ly — diýip, Julian gürrüňi ýumşatdy. — Öňümizde azyndan bir hepde, on gün wagtymyz bar, ýaňkalaşyp keýpden çykarys häli. Häzir esasy zat — yzymyza gaýtmaly-da, bir sagatlygam bolsa biziňkileri oýatmaly, gijäniň ümsümliginde arkaýyn oturyp seň meýilnamaň maslahatyny etmeli. Çynymy aýtsam, pikiriň gaty gowy — söz ýok!
— Wa-aý, Julian, seni gujaklaýasym gelýär! — Jorj begenjinden guş bolup uçaýjak boldy. — Hany, bi kürekler nirede indi? Hä-ä, munda eken! Gaýyk galkyjaklap esli aralyga giden eken-ä.
Jorj çalt kürek urup, gaýygy hä diýmän kenara getirdi. Julian gaýykdan böküp düşdi, soňra Jorjuň ýardamy bilen gaýygy çägelige süssürdi. Elçyrasyny gaýyga tarap tutanda, geň galmadan ýaňa gygyryp goýberdi:
— Baý-bo-ow! Tutuş ammary göterip gaýdan ekeniň-ä! Çörek, wetçina, ýag, başga-da birgiden zat! Munça azygy almak üçin düýn agşam mähriban missis Stikiň nädip gözüne çöp atyp bildiň? Aşak düşüp, şulaň baryny ammardan aldyňmy?
Jorj:
— Hawa, dagy näme. Agşam aşhanada hiç kim ýok eken. Mister Stik ýatmak üçin ýokary galan bolaýmasa. Ýa-da gämisine dolanypdyr şol. Gepiň keltesi, men baramda şo ýerde adam-gara ýok eken, hatda Porsuja-da gözüme ilmedi — diýdi.
— Gel, gowusy, ähli ätiýaçlyklaryňy şu ýerde galdyraly — diýip, Julian maslahat berdi. — Sandyjaga ýerleşdir-de, agzyna gulp ur. Onda bir zat bardyr diýip hiç kimiň kellesine gelmez. Adada ýaşajak bolsak, azygymyzy has boldan tutmaly borus. Baý, hezil bolar-ow!
Olar begenip, tolgunyp öýe tarap ugradylar. Julianyň öl halady aýaklaryna ýelmeşip duransoň, onuň syýlaryny çekip, päsgel bermez ýaly biline gysdyrdy. Timoti olaryň daşyndan aýlanyp patanaklaýardy, ol agşamky gezelenje geň galmaýan bolarly.
Çagalar öýe baryp, Dik bilen Enni oýardylar, bolan wakanyň gürrüňini olar geň galyp diňlediler. Hemmesi bileje adada ýaşajakdyklaryna begenen Enniň şatlygy içine sygmady:
— Wa-aý, gowudygyny-y-y! Şundan hezil zat barmy! Ýogsa-da, meniň pikirimçe…
— Ýuwaş-ş-ş! — diýip, üç ses deňine pyşyrdady. — Stikleri oýararsyň!
— Bagyşlaň — Enn müýnli pyşyrdap ötünç sorady. — Ýöne, çynym, diýseň hezil bolar.
Olar indiki ädimlerini maslahatlaşmaga durdular.
— Bir hepde ýa-da on günläp gitjek bolsak, bize birgiden zat gerek bolar — diýip, Julian söze başlady. — Şonça wagta ýetjek azygy gola salyp bolarmyka, ine, gyzykly ýeri şunda. Tutuş ammary takyrlasagam, bir hepdä ýetjegine meniň-ä ynamym ýok. Barymyzam şeýlebir iýejin!
Birden Jorjuň ýadyna bir zat düşdi:
— Gulak as, Julian, men bilýän näme etmelidigini. Ejemiň otagynda içi azykly bufet bar. Ejem gyşda ähli ýeri gar basyp, şäherçä barmak kynlaşsa diýip ätiýaçdan alyp goýan dürli-dümen gaplamalaryny şol ýerde saklaýar. Öň birki gezek şeýle ýagdaý bolupdy. Ejemiň açaryny nirede ýygşyrýanyny bilýän. Bufeti açagada, birnäçe baňka alanymyz bilen hiç zat bolmaz-a?
— Elbetde! — Julian begençli seslendi. — Munuň üçin Fanni daýzanyň gatyrganyp durmajagyna men-ä ynanýan. Birden gaty göräýse-de, ýetmeýän zatlaryň hasabyny alyp, öwezini dolaýarys. Basym meniň doglan günüm, gutlap puljagaz beriljegini bilýän.
— Hany şol açar? — diýip, Dik pyşyrdady.
Jorj:
— Ýörüň, ejemiň otagyna, ony nirede goýýanyny görkezeýin. Ýany bilen äkiden däldir-le — diýdi.
Ýöne Jorjuň ejesiniň şol wagtky ýagdaýy bufetiň-beýlekiniň açary ýadyna düşer ýaly däldi. Jorj ýüz görülýän aýnanyň stoljugyndaky çekeriň düýbüni sermäp, inçejik ýüpe çatylan iki sany açary çykardy. Birini sokup gördi, soň ikinjisini. Ikinjisi gabat geldi, bufetiň gapysy açyldy.
Julian elçyrany tutdy. Bufetiň içi her dürli gaplama baňkalaryndan doly eken, olar tekjelere tertiplije örülip goýlupdyr.
Dikiň gözleri ýyldyrap gitdi:
— Ine, saňa gerek bolsa! Gaplama çorba, etli, gök önümli, goýaldylan süýtli, sardinaly baňkalar, mesge ýagy, köke, bakja önümli gaplamalar! Bu ýerde bize gerek zatlaryň hemmesi bar.
— Bar, bar! — diýip, Julian tassyklady. — Tüýs bolaýdy! Äkidip bilenimizi äkideliň. Jorj, torba tapdyrmazmyka, ikisi bolsa has gowy.
Tiz wagtdan baňkalar dege-dege edip, iki torba ýerleşdirildi. Çagalar bufetiň gapysyny ýene öňküsi ýaly edip gulpladylar-da, otaglaryna dolandylar.
— Onda näme, esasy — azykly meselämiz-ä çözüldi — diýip, Julian sözüni dowam etdi. — Ýöne ammara-da girmeli borus, näçe çörek, köke bar bolsa olaram alalyň. Suw ýagdaýy nähilikä, Jorj? Adada suw barmy?
Jorj oýurganyp durdy-da:
— Hol gören köne guýymyzda suw barmykan-a diýýän. Ýöne bedre gerek. Men bir kanistr suw aldym, ýöne iküç sanysyny almasak bolmaz, barymyz gitjek bolsak. Täzeje, arassaja kanistrleň durýan ýerini men bilýän — diýdi.
Şeýdip olar birnäçe kanistri suwdan doldurdylar-da, soňra gaýyga äkitmek üçin torbalarynyň gapdalynda goýdular. Gijäň içinde şunuň ýaly hysyrdyly taýýarlygyň öz keýpi bardy! Pyşyrdap geplemek Enne kyn düşýärdi, ýene bir geň zat, Timoti ýeke saparam üýrmese nädersiň — edilip durlan işiň oýun däldigine düşünýän bolmaga çemeli.
Ammardan bir baňka täze bişirilen korjik çykdy — ony hem goş-golamlaň üstüne goşdular. Çig etiňem lomaýja bölegi çolpularyna ildi. Jorj ony hem mata bölegine dolap, üýşmege goşdy, Timotä bolsa: «Ysyrganyp dagy tumşugyňy degräýseň, gaty görme, göni öýde galdyryp gideris» diýip haýbat atdy.
— Men spirtli çyramy alandyryn — suw gaýnatmaga, nahar gyzdyrmaga gerek bolar — diýip, Jorj pyşyrdady. — Gaýykda goýdum. Tehniki spirt hem satyn aldym. Üns bermediňizmi? Kükürdem spirti ýakmak üçin gerek. Şem almalyňmy? Hemişe elçyra ulanybam-a bolmaz: batareýasy uzaga gitmez, çöker.
Aşhananyň bufetinden bir guty şem, çäýnek, piti, birki sany köneräk pyçak, çarşak we çemçe, onsoňam zerur hasaplan beýleki ownuk-uşak zatlaryny tapdylar. Stikleriň, megerem, özlerine niýetläp goýany bolsa gerek, bir çüýşe limonadam düşdi ellerine. Jorj:
— Bularyň hemmesi ejemiň puluna satyn alnan! — diýdi. — Şoň üçin limonady hem ýanymyz bilen alýas. Yssy güni limonad içmek jana lezzet.
— Gije nirede ýatarkak, onsoň? — diýip, Julian gyzyklandy. — Köne galanyň haraba öwrülen bölegindäki, diňe düşemesi bilen petigi abat galan otagjykdamy?
— Hut şol ýerde ýatmagy göz öňünde tutupdym — diýip, Jorj tassyklady. — Aşagymyza adada ösýän agaçlaň çybygyny düşäris, üstüne-de düşek taşlarys — ony eýýäm gaýyga eltdim.
— Elimize ilen halyçalary alarys. Diwanyň kiçi ýassyjaklaryndanam almaly, olar uly ýassyklaryň ornuny tutar. Hany aýtsana, heý, başdangeçirme kemi barmy şunuň! Gyzykly boljagyna söz ýok! Men özüme azatlyga çykan bendi däldirin öýdemok şu wagt. Biziň gürüm-jürüm bolanymyzy bilen dessine, Stikler, baý, geň galarlar-ow!
— Onsoňam! — Jorjuň sesi aladaly çykdy. — Olara näme diýjegimizi oýlanyşmaly. Ada yzymyzdan adam iberip, öýe dolajak bolup azara galanlary bize gerek däl. Biziň nirä gidenimizi bilmeseler gowy, men şeýle pikir edýän.
— Bu barada entek pikirlenişeris — Dik olary gyssady. — Daňyň düýbi agarmanka goşlary gaýyga geçirmeli, ine, biziň häzirki etmeli işimiz. Basym jahan ýagtylar.
Enn depe bolup duran goşlaryň üstüne elçyrasyny tutup:
— Jorj, munça goşy gaýyga nädip daşarys — diýip haýykdy. — Başartmaz!
Hemişekisi ýaly ýene çykalgany Julian tapdy:
— Galtagyňyz barmy? — diýip sorady. — Bulary iki galtaga ýerleşdirip bilsek, bir gezekde äkidip dynardyk. Sürende sesi çykmaz ýaly, olary ýoluň gumaksy ýerinden tigirlemeli.
— Ajaýyp pikir! — diýip, Jorj begendi. — Öň näme kelläme gelmedikä. Ätiýaçlyk üçin alan zatlarymy daşamda, gaýygyň ýanyna bäş gezek dagy gatnandyryn. Ammarda iki sany galtak duran bolmaly, şolary alaýarys. Biriniň-ä tigri jygyldaýan bolmaly, aý, eşidiläýesi ýok-la.
Emma tigriň jygyldysy missis Stikiň ýatyş otagynyň burçunda uzyn süýnüp ýatan Porsujanyň gulagyndan sypmady. Ol gulagyny hekgerdip, ýuwaşja çyňsady. Üýrmäge het edip bilmedi: Timotini oýarmakdan çekindi. Missis Stik itiniň çyňsanyny eşitmedi — öli ýaly ýatyrdy. Aşakda bolýan zatlar onuň kellesine geljekmi diýsene?
Ahyry ähli goşlar gaýyga daşalyp bolundy. Ýöne olary gözegçiliksiz galdyryp boljak däldi, şonuň üçin Diki şo taýda galmaly etdiler. Halyçalaryň üstünde ýatyberer-dä. Dikiň ýanyndan gaýtmankalar, birsalym aýak çekip, pikirlenip durdular.
— Ýatdan çykan-goýan zad-a ýokdur-la — diýip, Jorj maňlaýyny ýygyrdy. — Haý, içigar! Ýadyma düşdi! Gaplama açylýan pyçak bilen limonad açmak üçin açgyç gereg-ä. Çüýşeleň agzy tüneke gapak bilen ýapylan ahyry, açgyçsyz açjak gümanyň ýok.
Julian:
— Onuň ýaly ownuk-uşak zatlary jübä salaýarys. Men olary bufetiň çekerinde görüpdim. Hoş onda, Dik. Biz tiz dolanarys, onsoň ugrabermeli. Çörekçi dükanyny açdygy, çöregem almaly, ýogsam ýanymyzdaky ýetmez. Gassapdan Timmi üçin ullakanja süňk almaly bolar. Jorjuň gaýygynda oňa bir torba köke hem goýuldy.
Üç bolup, Timminem ýanlaryna alyp olar öýe tarap gaýtdylar. Gaýykda galan Dik halyçalaryň üstünde ornaşykly gyşardy. Çiň arkan düşüp, bir-birden sönüp ugran ýyldyzly asmana seredip ýatyşyna, ol tizara irkildi.
Ýolboýy çagalar Stiklere näme düşündiriş berjekleriniň pikirini etdiler.
— Olara hiç zat aýtmak gerek däl — diýip, Julian aýgytly gepledi. — Bulara çyndan-ýalandan hiç gep aýdasym gelenok. Näme etmelidigini özüm gowy bilýän. Hamala, öýümize gaýtmaga hyýallanan bolsak, irden sagat sekizde siziň demir ýol menziliňizden ýöreýän otly bar. Öýden otlynyň gatnaw tertibini tapyp, ony aşhanadaky stoluň üstünde galdyran kişi bolalyň, goý, şonuň bilen gyzyklanypdyrlar diýsinler. Soňam jaýyň arkasyndaky batgalykda aýak yzlarymyzy galdyralyň, goý, şonuň içi bilen demir ýol menziline geçipdirler diýip pikir etsinler.
— Dogry! Şeýtsek otla münüp, öýlerine gaýdypdyrlar diýip çak ederler — diýip, Enn bu teklibi jaý tapdy. — Ada gaçyp gidenimiz kellelerine-de gelmez.
— Bu ýerde hat berer ýaly ynamdar adam tapylmazmyka? Ýöne diline juda bek adam bolmaly? — diýip, Julian sorady. Jorj uzak pikirlenenden soň:
— Bar biri, balykçynyň ogly, ady Alf — diýdi. — Öýdäkileriň Timi öýde saklamaga rugsat bermeýän mahallary, oňa itimi hem ynanýardym. Syrymyzy paş etmejegine gözüm ýetýär.
— Onda gitmezimizden öňürti Alflara degip geçeliň — diýip, Julian teklip etdi. — Häzir bolsa otlynyň tertipnamasyny tapyp, stoluň üstünde göze kaklyşaýjak ýerde goýalyň.
Tertipnamany tapyp, onuň degişli sahypasynyň gatyny açdylar-da, öýleri bilen aralykda gatnaýan otlynyň aşagyny çyzyp bellik etdiler. Gaplama açylýan pyçak bilen açgyjy hem tapdylar-da, jübülerinde gizlediler. Julian Jorjuň owal alan iki guty kükürdini az görüp, ýene iküç guty aldy.
Oňa çenli daşary hem ýagtyldy, lowurdap dogan Gün tutuş jaýy nuruna dolady. Julian:
— Çörekçi dükanjygyny açdymyka? Gidip göräýeliň. Häzir sagat alty boldy. — diýdi.
Olar çörekçiniňkä gitdiler. Dükanjyk heniz açylmadygam bolsa, bişen çöregiň ýakymly ysy bark urýardy. Çörekçi dükanjygynyň alkymynda Güne meýmiräp otyrdy. Çöregi, irden gyzgyny bilen satar ýaly, agşam bişirip goýupdy. Ol çagalary ýylgyryp garşylady.
— Bu gün-ä irläpsiňiz! — diýip, ol çagalara habar gatdy. — Çörek gerekmi? Näçesini bermeli? Altymy? Eý, Hudaý, onça çöregi näme etjeksiňiz?
— Iýmekçi — diýip, Jorj gülümsiredi. Julian ullakan alty bölek çöregiň puluny töledi, soňra gassabyň ýanyna ugradylar. Gassabyň dükanjygy hem heniz açylman eken, ýöne özi bar, şol töweregi syr-süpür edip ýör.
— Timmä süňk alaýjakdyk, bolsa iň ullakanyndan beriň — diýip, Jorj näme üçin gelenlerini mälim etdi. Şonuň ýaly süňk tapyldy, Timmi oňa agzyny suwardyp seretdi. Munuň ýaly hörek oňa eslije gün güýmenje boljak!
Julian gaýyga tarap ugranlarynda:
— Indi bolsa bularyň hemmesini ykjamlap ýerleşdireliň-de, öýe gaýdalyň, Stikler bizi öýde diýip hasaplar ýaly, birsalym gohlan bolalyň. Soňam, olara hiç zat duýdurmazdan, öýden çykalyň-da, batgalygyň içi bilen dogrulalyň, şonda: «Bular-a otly bilen gidipdirler» diýseler gerek.
Olar gaýykda süýji ukuda myrlap ýatan Diki oýaryp, çörekleri hem-de süňki ýerleşdirdiler. Jorj Dike:
— Gaýygy golaýdaky aýlagjyga äkit. Oňararmyň? Kenardan hiç kimiň gözüne ilmeýän ýer bolsun. Balykçylar-a şu wagt deňze balyga gitdiler. Bir sagatdan ugrasak, bizi gören-bilen bolmaz. Biz uzak eglenmän yzymyza geleris — diýdi.
Olar ýene öýlerine gaýtdylar-da, edil şu wagtjyk ukudan oýanan ýaly alawagyrdy boluşdylar. Jorj sykylyklap Timmini çagyrýardy, Julian bolsa sesiniň ýetdiginden aýdyma zowladýardy. Soňam gapyny şarkyldadyp ýapyşlaryna öýden çykdylar, batgalygyň içi bilen gönüläp ugradylar welin, olar aşhananyň äpişgesinden arkaýyn görnüp durdy.
— Aramyzda Dik ýok welin, muny Stikler aňyp durmaz-la — diýip, ýeňsesindäki penjireden Edgaryň içiňden geçip gelýän nazaryny duýýan Julian ynjalyksyzlandy. — Öňden gidendir diýip pikir edäýediler-dä.
Şeýdip olar tä çöketlikde gözden ýitýänçäler ýörediler, indi olary Kirrin-kottejden görjek adam ýok. Şol ýerdenem ugurlaryny aýlaga tarap üýtgetdiler. — Dik gaýygy şol ýere eltmelidi. Hawa, Dik şol ýerdedi, bularyň gelerine sadylla bolup garaşyp durdy.
— Hany onda, gitdik! — diýen Julianyň sesi begençli çykdy. — Başdangeçirmeler başlanýar!
ÝENE KIRRIN ADASYNDA!
Bary gaýyga mündi. Timoti hem towsup münüşine, gaýygyň burnundaky hemişeki ýerini eýeledi. Gozgalaň tapan köpegiň dili sallanyp durdy. Bir möhüm zadyň bardygyny, oňa-da özüniň dahyllydygyny süňňi syzýardy! Onuň agyr-agyr haslap, aldygyna guýrugyny bulamasy ýöne ýerden däldi.
— Ugradyk! — diýip, Julian küreklere ýapyşdy. — Enn, biraz gapdala süýş, ýogsam ýüküň derdinden ýaňa gaýyk gapdala agjak. Dik, deňagramlylygy saklamak üçin Enniň ýanyna geç. Ana boldy. Öňe!
Şeýdibem olar ýüzüp ugradylar. Gaýyk tolkuna çala çaýkanýardy. Deňiz parahadam bolsa, ýüze urýan güýçli öwüsgin çagalaryň saçlaryny ykjadýardy. Ownuk tolkunlar adaja şybyrdap-pagşyldap gelişlerine gaýygyň böwrüni süsýärdiler. Çagalaryň bu bagtyýarlyga göhi gelýärdi. Olara päsgel berýän ýokdy. Stikleriň ýakymsyz maşgalasyndan dynypdylar. Olar indi hezil edip Kirrin adasynda — towşanlaryň, çarlaklaryň hem zakyjalaryň arasynda ýaşarlar.
Haçan görseň işdäsi açyk Dik:
— Täze bişen çöregiň ysy janyňy alyp gelýär-aý. Her kime bir bölejik döwüp alsak näder, hä? — diýip tamşandy.
— Aý, döwsek döwäýeliň! — diýip. Jorj razylaşdy. Heniz ýylysy hem gitmedik mele-myssyk, gyňagy kibirdäp duran nandan hersi bir döwüm bölüp aldy, küregiň başynda oturan Juliana-da uzatdylar, şeýdibem hemmesi çöreklerini maza bilen çeýnemäge durdular. Timmi hem öz paýyny alyp galdy, ýöne dişlän bölegi agzynda uzak saklanman ýyldyrym çaltlygynda bokurdaga geçýärdi.
Enn:
— Timmi, sen ýaman gülkünj-aý! Onuň çörek iýşi dagam üýtgeşik, edil ýylanyň damagyndan geçýän ýaly, şol durşuna ýuwudyp gidip otyr.
Çagalar gülüşdiler. Jorj:
— Süňki-hä beýdäýenok. Kemini goýman gemirýär, sagatlabam ýuwudýar. Şeýle dälmi, Timoti? — diýip, köpekden sorady.
— Haw! — edip, it onuň bilen ylalaşdy. Onuň iki gözi hälki goçak süňküň ýatan ýerindedi, amatyny tapsa, onuň daşyna geçmäge taýyndy. Ýöne çagalar süňki bermekden saklandylar. Iýjek bolup suwa gaçyrar öýtdüler, şeýdäýse, nebir süňke nebsiň agyrjakdy.
— Gaýdanymyzy hiç kim gören däldir-le — diýip, Julian ynjalyksyzlandy. — Nirädigini hem bilesleri ýok. Balykçy oglanjyk Alfdan özgesi, elbetde. Ony sen tanaýaň-a, Dik. Ugrumyzyň ada taýadygyny diňe şoňa aýtdyk, başga bilýän ýok.
Aýlagjyga barýarkalar ýüzugra Alfyň ýanyna hem degip geçipdiler, oglan öýüniň ýeňse tarapynda gydyrdanyp ýören eken. Ejesi-hä bir ýere gidipdir, kakasy hem balykçylygyny etmäge deňze çykypdyr. Olar Alfa syrlaryny aýdypdylar, ol bolsa hüžžük saçly kellesini kakyp, diline bek boljagyna söz beripdi. Ol özüne bildirilen ynama monça bolupdy. Jorj oňa: «Ejem bilen kakam gelse, dessine bize habaryny ýetir. Adanyň golaýyna ýüzüp baragada gygyrsaň, biz eşideris. Adanyň golaýyna ýüzüp barmany kim başarmasa-da, sen başarýaň-a!» diýipdi. Çagalar bilen gitmäge özi hem telwas edip duran Alf: «Aýdyşyňyz ýaly ederin» diýip söz berdi.
— Ynha, Dik, ýagdaý-a şunuň ýaly. Birden Fanni daýza wagtyndan öň geläýse-de, bize şobada habar ýeter hem yzymyza dolanarys. Hemme ýagdaýy mazaly ölçerip-dökdük diýip pikir edýän men-ä — diýip, Julian kürek urup oturyşyna düşündirdi.
— Dogry — diýip, Dik ýüzüni ada tarap öwürdi. Olar eýýäm golaý gelipdiler. — Belki, indi küregiň başyna Jorj geçer, gaýygy şol süräýsin?
— Elbetde — diýip, Jorj onuň pikirini alyp göterdi. — Indi ýoluň kyn ýeri başlandy. — Daşlaryň arasyndan seresaplylyk bilen öwrüm edip geçmeli. Julian, hany, kürekleri maňa ber.
Ol küregiň başyna geçdi, dostlary onuň suwuň astynda-üstünde somalyşyp duran daşlaryň daşyndan ezberlik bilen öwrüm edip geçişini täsin galyp synlaýardylar. Hawa, Jorjuň ussatlygyna söz ýok. Onuň ýanynda çagalar özüni rahat duýdular.
Gaýyk kiçeňräk aýlaga girdi. Aýlag şu töweregiň ýeke-täk ajaýyp duralgasydy — ümsümje tolkunlar çägesöw kenary sypalap, ýene yzyna typyp gaýdýardylar. Beýik gaýalar aýlagyň daşyny gallap otyrdy. Çagalar bisabyrlyk bilen böküp kenara çykdylar, dört jübüt el çalasynlyk bilen gaýygy kenara süsdürdi.
— Has ýokarrak çekeliň — diýip, Jorj haşşyldap durşuna maslahat berdi. — Bu aýlagda käte gomly ýeller bolagan — özüňiz bilýäňiz-ä, oslaman durkaň turaýmasy bar. Harasat gopanda-da, gaýyk sarsman durar ýaly etmeli.
Basym gaýygy çägesöw zolagyň iň belent ýerinde ýanbaşlap goýdular. Daljygan çagalar haslaşyp, onuň gapdalyna çökdüler.
— Geliň, ertirligimizi şu ýerde edineliň — diýip, Julian teklip etdi. — Gele-gelmäne azyklarymyzy düşürişdiribermäge höwesim ýok. Goşlaryň arasyndan diňe gerek zadymyzy alalyň-da, şu ýerde, ýyly çägäň üstünde oturyp garbanalyň.
Olar bir sany täze bişen çörek, biraz wetçina, pomidordyr bir baňka mürepbe aldylar. Enn pyçaklary, çarşaklary hem-de telpertabaklary çykaryşdyrdy. Julian iki çüýşe limonadyň gapagyny açdy. Ol:
— Ertirligimiz-ä hiç neneň däl — diýip hoşal boldy. — Aç adamyň gözi bilen seretseň, kör gargaň saçagy ýaly.
Olar ähli zady ýalmap-ýuwutdylar, ortada diňe çöregiň üçden bir bölegi galdy. Timmä süňküni we özi üçin alnan kökäni berdiler. Kökäni-hä şo pille kitirdetdi-de, aňyrsyna atdy, soňam oturyp lezzet bilen süňküni gemirdi.
Iýibilenini iýip, indem çägäniň üstünde Güne meýmiräp ýatan Enn:
— Timmiňki hezil! Oňa telpertabagam, pyçagam, çarşagam, käse-de gerek däl! — diýdi. — Mydama şunuň ýaly garym-gatym nahar iýip gezmeli bolsa, onda men-ä adadan öýe dolanjagam däl. Heý, kelläňe geljek zatmy, wetçinany mürepbe bilen iýip, üstündenem limonad içseň, şeýle hezil boljagy.
Timmi suwsady. Dilini çykaryp, Jorjuň suw bererine garaşdy. Limonady-ha keşdi çekmedi. Jorj ýaltalyk bilen oňa habar gatdy:
— Hä, Timmi, suw içesiň geldimi? Bagyşla, gadyrdan, walla çynym, ýerimden turmaga mejalym ýok. Gaýykdan suw alyp gaýdýançam, biraz sabyr etmeli bolarsyň.
Ýöne Timminiň takady ýetmedi. Ol deňiz tolkunlarynyň barmaýan ýerindäki gaýalaryň arasyna gitdi-de, daşlaryň arasyndaky oýtak ýerde jemlenen ýagyş suwundan nebsewürlik bilen şalp-şalp edip içmäge durdy. Onuň şalpyldysyna çagalar keýp edip gülüşdiler.
— Timmimiziň kellesi gowy işleýär! Meniň dagy ýadyma-da düşjek zat däl — diýip, Enn öz ýanyndan madyrdady.
Ýarpy gijäni ukusyz geçiren çagalary, garynlary doýansoň, uky bürüp ugrady. Ýyly çägäniň üstünde ýatyşlaryna, olar bir-birden uka gitdiler. Timmi olara geňirgenip seretdi. Häzir gije däl-ä! Bu näboluş, bary birden ýatyberdi-le? Aý bolýa, günüň islendik çagy ýatmaga itiňem haky bar! Jorjuň garnyna kellesini goýup, Timmi hem gyşardy.
Kiçijik topar oýanyp ugranda Gün süýr depededi. Ilki Julian gözüni açdy, soň Dik — ikisem yssylapdy, Gün ýakyp-ýandyryp gelýärdi. Oglanlar pallaşyp dikeldiler.
— Eý, Hudaý! — diýip, Dik ýalaňaç ellerine seretdi. — Güne kemsiz ýanypdyryn. Gije ýatyp bilmesem gerek. Krem alyp gaýdypmydyk, hä?
Julian:
— Aý, ýok. Ýadymyza-da düşmändir. Ýöne sen ruhdan düşme. Entek bu ýerden gidýänçäk garalmak-garalarys. Gün bizi jyzzyk eder — asmanda ýekeje buludam ýog-a!
Olar gyzlary oýardylar. Jorj garnynyň üstünden Timminiň kellesini itip goýberdi.
— Agyr kelläňi garnyma goýýaňam welin, meni gara basyp başlaýar — diýip, Jorj nägile boldy. — Oh-ho, çagalar, ada gelen ekenig-ä! Dogrudanam? Göwnüme, entegem Kirrin-kottejdäki öýde ýorgan-düşegimde ýatan ýaly!
— Eh-eý, günümiz-ä gyzykly geçjek! — diýip, Enniň göhi geldi. — Bu ýerde köp-köp wagtlyk galalyň, öz başymyzy özümiz çarap ýaşarys, ätiýajymyzda birgiden süýji iýim-içimler bar, islän işimizi ederis!
Dik:
— Gadyrdan Stikler-ä ýokdugymyza begenýändirler. Düwürtiklije-de myhman otagymyzda çäşerip ýatyşyna kitapçalarymyzyň içinden halanyny saýlap okan bolýandyr — diýdi.
— Porsuja-da öýüň içinde emin-erkin aýlanýandyr, islän ýatalgasynyň üstünde süýnýändir, indi «Timmi diriligime ýuwudar» gorkusy hem ýokdur onuň — diýip, Jorjam Dikiň aýdanynyň üstüni ýetirdi. — Bolubersin! Ahyry men olardan dyndym, galan zat owarram.
Ondan-mundan gürrüňleşip, ynha, şeýdip serrelip ýatmaň öz hezili bardy. Ýöne dek oturmagy halamaýan Julian uzak çydabilmän, ýerinden turup gerindi:
— Heý, hany turuň! — diýip, ol dostlaryna ýüzlendi. — Ýaltalar üçin iş bar!
— Iş? O nämäň işi? — diýip, Julian ör-gökden geldi.
— Weý! Gaýykdaky zatlary düşürip, ýagyş ezmejek ýerde tertipläp goýmaly — diýip, Julian sanaşdyryp başlady. — Soň ýatjak ýerimizi kesgitläp, şol ýere çybyk düşemeli, üstündenem halyçalary ýazmaly. Iş köp!
— Biraz soňurrak edäýeliň-dä şony — diýip, ýyly çägäň üstünde meýmiräp oturan Enn ýaltalyk etjek boldy. Ýöne dostlary ony yrdy, çagalar gaýygy boşatmaga durdular.
Julian:
— Ýörüň, galany gözden geçireliň — diýdi. — Ýatjak otagymyzy tapalyň. Özi ýekeje otag saklanyp galypdyr, aslynda, bu ýerde tapmaz ýa ýalňyşar ýaly zadam ýok.
Olar aýlagjygyň daşyna egelenip oturan gaýalara çykdylar we onuň üsti bilen galanyň köne harabalygyna tarap ugradylar, onuň diwarlary adajygyň ortasyndan seleňläp görünýärdi. Çagalar aýak çekip, görnüşden lezzet aldylar.
— Harabaçylyk nakgaşyň eseri ýaly owadan! — diýip, Dik tolgunyp gepledi. — Biziňki şowlady! Öz hususy adamyz hem öz adymyza galamyz bar! Pikir edip görüň-ä, şulaň bary biziňki!
Olar gemrik-gädik bolan uly küňräniň yşgalaňyndan onuň aňyrsyndaky döwük-ýenjik basgançaklara seretdiler. Birwagtlar galanyň iki sany owadan diňi bolupdyr-da, olaryň biri doly ýumrulan eken. Beýleki uzyn biri juda çagşanam bolsa, heniz süňňüni dik saklap dur. Ony töwerekläp aýlanýan gara zakyjalar alazenzele: çak, çak, çak! Çak, çak, çak!
— Owadan guşlar! — Dik olara guwanyp seretdi. — Gowy görýän olary. Ýeňselerindäki çal çyzmyga seretsene, Enn. Bularyň sesiniň ýatýan wagty beri barmyka?
— Ýok bolaýmasa — diýip, Jorj pikirini aýtdy. — O-ho, towşanlara serediň-ä, olar öňküdenem köpelipdir.
Galanyň howlusy towşandan mygyllymdy, olar çagalara hekgerilişip seredýärdiler. Göwnüňe, olaryň golaýyna barsaň, sypap bolaýjak ýalydy, ýöne çagalar ýakyn baryberdiler welin, olar ýeke-ýekeden zut gaçmak bilen boldular.
Timminiň tolgunaýşyny diýsene, guýrugy bir ýerde durman, ikibaka bulaýlanýar. Wah, bu hargulaklary! O nämüçin awlamak bolanokka? Näme sebäpden Jorj olary beýle goraglaýar? Yzlaryndan kowalanyň bilen näme bolýarka?
Jorj itiniň boýunýüpünden tutdy-da, oňa zabun darady:
— Timmi, berk belle, olaryň iň balajasynyňam yzyndan kowujy bolaýma. Bulaň bary meňki, tutuş hemmesi.
— Biziňki — diýip, Enn onuň sözüne düzediş girizdi. Onuň gala bilen ada şärik bolşy ýaly, towşanlardanam binesip galasy gelmedi.
— Hawa, biziňki! — diýip, Jorj ony tassyklamaly boldy. — Ýörüň-dä onda, agşam ýatjak garaňky otagjygymyzy göreliň.
Çagalar galanyň abat galan bölegine tarap ýörediler, diýilýän otag şo taýda ýerleşýärdi. Barybam gapysyndan boýunlaryny içerik uzatdylar.
Julian:
— Şol otag şü! — diýdi. — Ýöne elçyra ýakmasak hiç zat görünmez. Bu ýerde penjirede ýok, diňe diwarlarynda jaýryk bar, içi tüm garaňky.
Ol elçyrasyny ýakdy, çagalar goşlaryny ýygnap-ýygşyrjak, gijesini geçirjek otaglaryna göz gezdirdiler.
— Aý, ýok! — diýip, Jorj gygyryp goýberdi. — Bu ýerde ýaşap bolmaz! Seret, petigi ýumrulypdyr-a. Geçen ýylam abatdy.
Hawa, ol dogry aýdýar. Julian elçyrasyny ýokardan gaçan daş üýşmegine tutdy, daş-töweregem şonuň ýaly daşlardan dos-doludy. Düşnükli, indi bu otagy ulanyp bolmaz. Hatda hatarly diýseňem boljak — daşlaryň ýene haçan opurylyp gaýtjagy belli däl.
— Içigar! — diýip, Julianyň keýpi gaçdy. — Indi nätsekkäk? Azyklarymyzy goýar ýaly hem-de gijäni geçirmek üçin ýer tapmaly bolarys.
KÖNE GÄMINIŇ IÇI
Şeýlebir agyr degdi! Ähli etsem-goýsamlary puja çykdy. Haraba öwrülen galada ýaşar ýaly başga ýeriň ýokdugyny çagalar bilýärdiler. Olar hökman bir sümelge tapaýmaly — häzir howa açyk, ýöne ol islendik wagt üýtgäp biler, ýagyş ýagsa näme, gaý-harasat gopsa-ha, hasam mojuk.
— Kirrin adasynda turýan gomlaryň öňünde duran özüň bolma, gorkunç — diýip, Julian öň şunuň ýaly bolan birki ýagdaýy ýatlady. — Jorj, deňziň düýbünden araky köne göherdi çykaran gom ýadyňdadyr-la?
— Haww-aý! — diýip, Jorj bilen Enn deňine seslendi. Enn gürrüňiň üstüni: — Baryp bolsa, gideliň-de, köne gämini göreliň. Geçen ýyl baryp, ähli ýerini elek-soky edişimizdäki ýaly, şo-ol gaýanyň üstünde durşumyka, bilesim gelýär.
— Dur entek, ilki nirede ýatjagymyzy bir kesgitläliň — diýip, Julian çürt-kesik garşy çykdy. — Sagadyň üç bolup barýanyndan habaryňyz barmy? Aňyrda, kenarda dünýäni bilmän ýatypdyrys — düşnükli zat, agşamky hysyrdylar halys ýadatdy. Häzir bolsa ygtybarly ýer tapmak gerek, goşlarymyzy şo taýa daşamaly, ýorgan-düşegimizi taýynlamaly.
— Hany, onuň ýaly ýeri nireden tapjak? — diýip, Dik aladalandy. — Bu köne galada başga penalanar ýaly jaý ýog-a.
— Ýerzemin näme? — Enn birden öz tapan teklibine özi ziňkildäp gitdi. — Ýöne meň-ä şol ýere düşesim gelenok. O taýy garaňky hem gorkunç!
Hiç kimiň ýerzeminde ýatasy gelmedi. Dik gaşlaryny çytyp, çuň oýa batdy.
— Gäminiň içini nähili görýäňiz? — diýip, ol ýanyndakylara soragly garady. — Mümkin şoň içinde ornaşyp bolar?
— Gidip görmek gerek — diýip, Julian ony goldady. — Edil süňňi lagşan, çyg, çüýräp ugran lakaşada-ha ýaşasym gelenok, ýöne belki, henizem gaýanyň üstünde duran bolsa Güne gurandyr, gije ýatar ýaly, azyk saklar ýaly ýagdaýy bardyr.
Jorj:
— Gidip, barlap görmek gerek — diýdi. Şeýdip olar harabalykdan çykdylar-da, galanyň daşyna aýlanan gadymky diwar haýada tarap ugradylar. Şol ýerden köne gäminiň gabarasy görünmelidi. Deňziň ony gaýanyň üstüne atanyna bir ýyl boldy, indi ol şol ýere gaýym ornaşyp galypdy.
Çagalar diwaryň üstüne çykyşlaryna, garanjaklap, gäminiň gabarasyny gözlemäge başladylar, ýöne ol öňki ýerinden gozganan eken.
— Eý-weý, gämi ýerini üýtgedipdir! — diýip, Julian geň galdy. — Serediň, hol gaýalygyň üstüne geçipdir, kenara-da öňküsinden golaýlapdyr. Görgüli köne lakaşa! Gyşda gowy siltelenen bolsa gerek? Indi ol, geçen ýylky bilen deňeşdireňde, gäminiň gözgyny gäbine meňzeýär.
Dik:
— Men-ä o taýda ýatyp bileris öýdemok — diýdi. — Daşyndan eýmendirýär. Ýöne azyklarymyzy goýsak bolar. Oňa gaýalardan geçip baraýmaly.
Jorj:
— Hawa, şeýdibem bileris — diýdi. — Geçen ýyl gäminiň ýanyna diňe gaýykly baryp bolýardy, emma häzir gaýtgyn döwri bolansoň, oňa gaýalaryň üstünden aşybam baryp bolarmyka diýýän.
— Ýene bir sagatdan synanyşyp göräýeris — şeý diýen Julian boljak hezil gezelenji göz öňüne getirdi. — Edil şol wagt gaýtgyn başlar welin, gaýalar hasam ýalaňaçlanar.
— Köne guýyny görüp gaýtsak näder? — Dikiň bu teklibinden soň çagalar ýene galanyň howlusyna geldiler. Geçen ýyl çagalar guýynyň içinde deňiz derejesindenem aşaklara, gaýalaryň jümmüşine uzap gidýän jaýryk tapypdylar, onuň düýbünde içimlik süýji suw bardy.
Çagalar guýyny gözläp ugradylar. Ynha köne agaç gapak. Olar ony bir gyra süýşürdiler. Dik aşak boýnuny uzadyp durşuna:
— Geçen ýyl hol demir basgançak bilen aşak düşüpdim, görýäňizmi? — diýip sorady. — Indem ýerzemine barylýan girelgäni tapalyň. Oňa eltýän basgançak şu golaýda bolmaly.
Ýerzeminiň girelgesi tapylmasyna tapyldy welin, geň göräýmeli, onuň agzy birnäçe daş plita bilen petiklenipdir.
— Bu kimiň işikä? — diýip, Jorj biynjalyk boldy. — Biz-ä däl. Bu ýere bir-ä gelipdir!
— Syýahatçylar bolaýmasa — diýip, Julian çaklady. — Adanyň ýokarsynda burugsaýan tüssäni görenimiz ýadyňyzdamy? Özüňiz gowy bilýäňiz, Kirrin adasy, ondaky köne galanyň taryhy, ýerzemin, biziň geçen ýyl tapan hazynamyz — bulaň ählisi barada gazetlerde ýazyldy. Balykçylaryň biri gazanç etjek bolandyr-da, syýahatçylary getirip ada goýberen bolmaly.
— Neneň het edip bildilerkä? — Jorj ganyny gaýnadyp gygyrdy. — Men bu ýerde «Hususy eýeçiligiň serhedini bozana gözenek garaşýar» diýen ýazgyny dikerin. Adamyzda ýat adamlaryň ygyp ýörmegine men düýbünden garşy.
Julian ony köşeşdirmäge synanyşdy:
— Bolýa-la, şol ýerzeminiň agzyna goýlan daşlar üçin beýdip gyzyp durma. Görýäň-ä, aramyzda ýerzemine düşmäge höwesegimiz hem ýok ahyry. Görgüli Timotä bir serediň. Onuň towşanlara seredişini görüp haýpyň gelýär. Gülkünç gerek?
Timoti ýerzeminiň agzyna üýşen çagalaryň yzynda oturyşyna, galanyň howlusynda ýazylyp-ýaýrap bökjekleşýän towşanlary gussa bilen synlaýardy. Ol bir görseň towşanlara, bir görseňem Jorja seredýärdi, soňam öwrülip ýene towşanlara gözüni dikýärdi.
— Tama-da edip oturma, Timmi! — diýip, Jorj kesgitli aýtdy. — Men sözümi yzyna alman. Biziň adamyzda towşanlary kowalamak gadagan.
Enn:
— Köpek adalatsyzlygyňy ýokuş görýär öýdýän. Adanyň dörtden bir bölegine Timmi ikiňiz deň şärik diýip özüň aýdypdyň-a, onsoň olam öz towşan paýyna eýelik etmäge hakynyň bardygyna berk ynanýar — diýdi.
Çagalar gülüşdiler. Timoti guýrugyny bulaýlap, umyt bilen Jorja jiňkerildi. Toparlanyşyp howlyň içi bilen ýöräp ugradylar, birdenem Julian aýak çekdi.
— Serediň! — Ol geň galyp barmagyny ýere çommaltdy. — Serediň! Bu ýere biri gelipdir! Ot ýakylypdyr!
Çagalaryň gözi kül üýşmegine düşdi — bu ýerde ot ýakylany görnüp dur. Ada kimdir biriniň gelenine şek-şübhe ýok!
— Gözüme bir görünsin şol syýahatçylar, üstlerine Timmini küşgürerin! — diýip, Jorj gaýybana haýbat atdy. — Ada biziň hususy eýeçiligimiz, başga kişiniň bu ýere aýak basmaga haky ýok! Timmi towşan awlamagy men saňa gadagan edýärin, ýöne bizden başga iki aýakly görseň, arkaýyn tutuber, saňa rugsat! Düşündiňmi?
Timmi ylalaşýan diýen manyda:
— Haw! — etdi-de, hyzmata gaýymlyk bilen guýrugyny bulaýlady. Soňam aw bolmalylary gözleýän ýaly töweregine garanjaklamaga durdy. Ýöne keseki adam gözüne ilmedi.
Julian:
— Suw çekilen bolsa gerek, gaýalaram arkaýyn görünýändir. Ýörüň, habar tutalyň. Eger şeýle bolsa, olaryň üsti bilen gäminiň ýanyna barmaga synanyşalyň. Enn gitmese gowy bolar. Aýagy typyp ýykylarmy-nädermi — gaýalaryň töwereginde bolsa deňiz möwç urýar.
— Ýene näme! Galjak dagy däl sizden! — diýip, Enn gaharly gygyrdy. — Siziňem ýykylmajagyňyza kepil ýok.
Julian:
— Bolýa-da, ilki gidip, howplumy-howpsuzmy, şony bir bileýin — diýdi. Olar galanyň diwaryndan aşyp, gaýalaryň deňze tarap uzap gidýän hataryna düşdüler, şolar hem köne gäminiň somalyp çykyp duran süňňüne tarap alyp barýardy. Uly tolkunlar wagtal-wagtal gaýalardan aşyrylyp geçýärdi, ýöne bu beýlebir howply däldi.
— Dik ikimiziň aramyzdan ýörejek diýseň äkideli, Enn — diýip, Julian şert goýdy. — Geçmesi kyn ýerlerde biz saňa kömek ederis, sen şonda hötjetlik edip durmasaň bolýar. Dawa etmek gerek däl. Sen deňze gaçmasaň, tolkun äkitmese bolany.
Olar nätekiz, ýylmanak gaýalaryň üsti bilen ätiýajy elden bermän ýöräp ugradylar. Gämä golaýladyklarysaýy suwuň derejesi hasam peselýärdi; tizara ýöremek aňsatlaşdy, indi tolkun äkider gorkusy ýokdy. Ahyry köne gäminiň ýanyna-da ýetdiler, oňa gaýalaryň üsti bilen barmak başartdy — geçen ýyl-a bu asyl mümkinem däldi.
— Ine, şol diýilýän garry göhert! — diýip, Julian gäminiň böwrüne elini goýdy. Hawa, gämi kiçi-girim zat-ha däl eken. Ýanynda durkalar, muňa hasam gözleri ýetdi. Balykgulakdyr suwotylaryň galyň gatlagy basyp giden gämi alynlarynda salgym atyp otyr, ondan gelýän heňiň hem zeýiň ysy burnuňa haplap urýar. Gäminiň düýbi suwdady, ýokarky bölegi bolsa, daşgyn soňky hetdine ýeten mahalam, üstüni suwa basdyrman, başyny seleňledip otyrdy. Jorj gäminiň süňňüni gözden geçirip durşuna:
— Gyşda gowuja siltelenen bolmaly! — diýdi. — Böwründäki deşikleriň sany artypdyr, geçen ýyl beýle kän däldi. Dogry gerek? Haýy giden bogaldagyň bir bölegi döwlüp gaçypdyr, paluba-da az-kem opurylypdyr. Üstüne çyksak, bizi göterermikä?
— Men tanap getiripdim — diýip, Julian biline oralgy ýüpi sökmäge durdy. — Häzir garaşyň, syrtmak ýasap, hol görünýän pürse geýdirjek bolaýyn.
Ol syrtmagy iküç sapar dagy zyňdy, ýöne her gezek sowa geçdi. Jorjuň sabry ýetmedi, Julianyň elinden ýüpi aldy-da, bir zyňanda ony pürse geýdirdi. Munuň ýaly işe gezek gelende Jorj türgendi. «Käbir oglanlary haýran galdyrjak» diýip, Enn içini gepletdi.
Onýança Jorj maýmyn ýaly tanapdan ýapyşyp, gorumyň üstünde peýda boldy. Honha, ol eýýäm ýylmanak ýapgyt tagtalaryň üstünde dur. Tas taýyp aşaklygyna gaýdypdy, hernä somalyp duran döwük germewden ýapyşyp ýetişdi.
— Püf, porsudygyny! — diýip, Enn burnuny ýygyrdy. — Heläkçilige uçran gämileriň barynyň ysy şular ýaly bolýarmykan-aý? Bu gezegem geçen saparky ýaly, meniň-ä aşak, gämi otaglaryna düşesim gelenok. O taýynyň ysy mundanam beter bolaýmasa.
Şeýlelikde, Enn çüýrük gorumyň üstünde galdy, beýleki üçüsi aňtawçylyga gitdiler. Olar suwoty basyp giden porsy gämi otaglaryna düşdüler, gämibaşynyň beýlekilere görä giňiş otagyna aýak basdylar. Bu ýerde goş ýazdyryp, ýa-da azyk saklap bolmajagy görnüp dur. Daş-töweregiň yzgar, çüýrüntgi. Aýagynyň asty opurylaýmasyn diýip, Julianyň gara jany galanokdy. Ol:
— Gowusy, ýokary, goruma galalyň. Bu ýerde durar ýaly däl, üstesine, gözedürtme garaňky — diýdi.
— Heý, ba:ryň bärik geliň, çaltrak! Bir zatlar-a tapdym!
Çagalar kä typyp, kä büdräp ýapgyt gorumyň üsti bilen Enniň ýanyna haýdadylar. Hälki goýlup gaýdylan ýerinde duran gyzyň gözleri täsin ýaldyraýardy. Ol barmagy bilen gäminiň töründäki bir zady görkezýärdi.
— Näme gördüň? Näme boldy? — diýip, Jorj sorady.
— Serediň! Geçen gezek gelenimizde bu ýokdy, anyk bilýän! — diýip, Enn janykdy, çagalar onuň yşarat edýän tarapyna seretdiler. Gorumyň töründe agzy açyk yşgap durdy, onuň içinde howul-hara dykylyp goýlan kiçeňräk gara çemedan göründi. Ine, saňa gerek bolsa!
— Gara çemedanjyk! — diýip, Julian haýran galdy. — Ýok, öň-ä munuň ýaly zat ýokdy. Üns beriň, özem täze goýlan ýaly-la, gus-gury hem täzeje! Kimiňki bolup biler? Bu ýere nädip düşüp ýörkä?
GAÝADAKY GOWAK
Çagalar typançak gorumdan seresap ýöräp, yşgapjyga tarap ýöneldiler. Ozal çemedany gizlemek üçin gapysyny ýapanam bolsalar, agzy soň öz-özünden açylan bolmaly, indem çemedan göze dürtülip dur.
Julian bu çaklaňja gara çemedany yşgapdan çykardy. Çagalar bilesigelijilik bilen jiňkerilişdiler. Bu ýerde çemedan gizlemek kimiň kellesine gelip ýörkä?
— Bikanun haryt geçirýänleriň hokgasy bolsa näme? — diýende, Dikiň gözleri uçganaklady.
— Hüm, olam biçem däl — diýip, çemedanjygyň daşyna aýlanan kemeri çözmäge synanyşyp durşuna, Julian pikirli gepledi. — Kanunbozarlaryň tüýs mesgen tutaýjak ýeri bu taýy. — Eger gämibaşy ada gelinýän ýoly gowy bilýän bolsa, bikanun harydyny bu ýere gaýykda ugradar-da, ýoluny arkaýyn dowam etdirip biler. Sebäbi harydy degişli adamlaryň bu ýerden päsgelçiliksiz äkidip biljegine gözleri ýetip durandyr.
— Näme, sen çemedanjykda, hakykatdanam, bikanun haryt bardyr öýdýärmiň? — diýip, Enn aladaly seslendi. — Onda näme bolup biler? Göwhermi? Ýüpekmi?
— Ýurdumyza getirjek bolsaň, gümrük haky tölenmäge degişli haýsydyr bir haryt — diýip, Julian düşündirdi. — Çözmek görgi bold-a bu kemerleri! Daňybilipdirler!
— Hany, men çözjek bolaýyn! — diýip, berk hem çalasyn barmakly Enn işe girişdi. Basym ol kemeri tokasyndan ýazdyrdy. Ýöne çagalaryň garaşany çykman, lapykeç boldular. Indi çemedanyň gulpuny açmakda iş bar. Berkden-berk iki gulpy bar eken, ýöne açary ýok!
Jorj:
— Ine, saňa gerek bolsa! — diýdi. — Içigar galmyş! Indi nädip açýas?
— Açyb-a bilmeris. Döwsegem bolmaz. Çemedanyň eýesi kimem bolsa, ogurlyk harytlarynyň üstüniň açylanyny biler. Eýesi pyrryldaklarynyň paş bolanyny aňmasa ýagşy. Biz olaryň hut özlerini ele salmaly.
— Gaty gowy! — Enniň tolgunmadan ýaňa ýaňagy al öwüsdi. — Olary tutmaly! Julian, biz muny başararys öýdýäňmi?
Julian:
— Başarman näme? Biziň bärdeligimizi bilýän ýok ahyry. Ada gäminiň golaýlaşyp gelýänini gördügimiz, bukularys-da, olary yzarlamaga başlarys, olaryň her ädimini göz astyna alarys. Biziň adamyz kanunbozarlar üçin wagtlaýyn ammara öwrülen bolaýmasa-da biridir. Harydyň yzyndan gelmeli kimkä? Kirrin şäherçesinden ýa-da onuň golaý-goltumyndaky obalardan biri bolaýmasa — diýdi.
— Görsene muny! Ada geldigimiz, her gezek gyzykly başdangeçirme taýýar! Biziň Kirrinimizde şol-a näçe diýseň bar — diýip, Dik heziller etdi.
Gämä tarap göz aýlan Julian daşgynyň başlananyny duýdy. Ol:
— Yzymyza — gaýalaryň arasyna dolanmaly. Ýörüň, basymrak, ýogsam daşgyn bizi gury ýerden daşlaşdyrar, soň bu ýerde sagatlap garaşmaly borus. Ýüpden ilki men syrylaýyn. Onsoň, Enn, sen — diýdi.
Kän wagt geçmänkä olar gaýalaryň arasy bilen gala tarap dyrmaşyp barýardylar. Adanyň iň beýik ýerindäki gürmek daşlaryň üstüne çykanlarynda Dik birden sakga durdy.
Onuň ökjesini basyp, haýdap barýan Jorj:
— Näme boldy? Ýöred-ä öňe! — diýip, ony gyssady.
— Seret, hol uly gaýanyň aňyrsyndaky gowak ýaly-la? — diýip, Dik şol taýa barmagyny çommaltdy. — Hakyt gowaga meňzeýär. Goşlarymyzy goýmaga şundan amatly ýer tapmarys, eger suw basmasa, şol ýerde düşläýsegem bolar.
— Kirrinde hiç hili gowak ýok! — diýip, Jorj ýaňybir başlapdy, ýöne dilini dişlemeli boldy. Dikiň görkezip duran tarapynda, hakykatdanam, gowaga meňzeş bir zat garalyp görünýärdi. Baryp görülse kem bolmajak ýaly. Dogrusy, Jorj bu gaýa heniz gelip görmändi, onsoň onuň aňry etegindäki gowagy onuň görmegi mümkin däl. Aşakdan seretseň, bu gowagyň görünjek gümany ýok.
Jorj:
— Onda näme, ýörüň, baryp göreliň — diýdi. Olar biraz gapdala sowuldylar, yzlaryna gaýdanlarynda öňki gelen ýollaryndan däl-de, gowagyň görünýän ýerinden — gaýanyň öňe çykyp duran ýerine eltýän gürmek daşlygyň arasy bilen dyrmaşyp ugradylar.
Gowaga ahyry ýetdiler. Asyl-asyl bolup duran gaýalar girelgäniň öňüni gabsap, onuň agzynyň ýaryny görer gözden gizläp durdylar. Üstesine, Dikiň ilkibaşky gözüne ilen ýerinden, gowagy asla görübem boljak däldi. Gizlinden gizlin ýer eken.
Dik onuň içine girip barşyna:
— Edil özi, hakyky gowak! — diýip, kanagatlanma bilen dem aldy. — Munuň ajaýypdygyny!
Gowak, dogrudanam, täsindi. Aýagyň asty un ýaly ýumşak, gup-gury ak çäge bolup ýatyrdy — diýmek, gyşda syrgyn dagy düşäýýän bolmasa, daşgyn bu ýerlerik ýetmeýän bolmaly. Diwarynyň bir gapdalyndan inli daş köwek uzap gidýär.
— Tüýs biziň üçin ýasalan ýaly — diýip, Enn begenjine gygyryberdi. — Goşlarymyzy ýerleşdiribermeli. Gowudygyny! Geliň, şu ýerde goş ýazdyralyň. Julian, görsene, petikde ýagtylyk geler ýaly äpişgejik hem bar eken!
Gyz ýokaryk ümledi, şonda onuň dostlary gowagyň üçeginde yşgalaň gördüler, ondan gaýanyň çür başy gözüňe kaklyşýardy. Düşnükli, gowagyň üstüne çöken gaýanyň çür başynda çuňluga, ýagny gowaga uzap gaýdýan deşik bolup, Enniň «petikdäki äpişgejik» diýýäni şoldy.
Eýýäm etjek işlerini kellesinde öwrüp-çöwren Julian:
— Şol deşikdenem ähli goşlarymyzy aşak düşürip bileris — diýdi. — Olary gaýalaryň arasy bilen itenek-çomanak bolup getirjek bolsak, birgiden wagt alar. Gaýa çykyp, şol deşigiň agzyny tapmaly, onsoň ähli zady ýüpe daňyp sallaýmaly bor. Enniň «petikdäki äpişgejigi» o diýen uzakda-da däldir, edil şu ýeriniň gaýalary pessejik. Ýüpden sallanyp, özümizem aňsatjak düşüp bilermikäk diýýän gowaga, şonda deňze gidenimizdäki ýaly daşdan-daşa büdräp ýörmeli bolmarys.
Hawa, eden açyşlaryna söz ýok!
— Adamyzda çak edişimizdenem kän hezillik bar eken! — Enniň bagtyýar sesi jaňjagaz deý jyňňyrdady. — Ynha, saňa ýaşamak üçin ajaýyp gowak!
Birinji etmeli işleri, gaýanyň başyna çykyp, aşak — gowaga gaýdýan deşigi tapmaly. Çagalar ýokary dyrmaşdylar. Timmi hem olardan galanok. Typançak daşlaryň üstünden Timminiň ýöräýşini, gülkünç! Penjeleri ýelpewaç ýaly ýazylýardy, iküç sapar suwa-da pagşyldap düşdi. Ýöne ol ýykylan kölçesinden basym silkinip turýardy, daşa dyrmaşyp çykýardy-da, ýene ýoluny dowam etdirýärdi.
— Agynjak biziň Jorjumyzd-a! — diýip, Enn gülki arasynda belledi. — Ýolundan galyp, diýeninden dänjek gümany ýok.
Ine-de gaýanyň çür başy. Deşigi tapmak kyn bolmady.
Julian deşige esewan edip durşuna:
— Gaty töwekgel ýer! — diýdi. — Gaýa dyrmaşyp barşymyza, birimiz bu deşige gaçmandyrys hernä. Böwürslen basyp gidipdir-ä muny.
Olar deşigiň agzyny çöp-çörden arassalajak bolup, ellerini persala etdiler. Deşigiň öňi arçaldy welin, gowaga boýnuňy uzadaýmaly boldy, onuň içi gowy göründi.
Enn:
— Ol beýle daşda-da däl eken. Aşaklygyna diwardan ýapyşyp ugrasaň, içine böküp düşäýmeli — diýdi.
— Şeýdiji bolaýma! — diýip, oňa Julian duýdurdy. — Aýagyňy döwersiň. Garaş, tanapy ýagşyja berkideris-de, ujuny gowaga sallarys. Onsoň arkaýyn ýokary-aşak gatnabermeli.
Olar gaýyga dolanyp geldiler-de, ýüki düşürip ugradylar. Goşlary adanyň açyk deňze bakyp duran tarapyna geçirdiler, gowak şol taýdady. Julian gaýym tanap alagada, aralaryny deňläp goşýumruk ýaly birnäçe düwün düwdi. Ol:
— Aşak düşenimizde bular basgançak bolar — diýip düşündirdi. — Syrylyp düşsek, ellerimiz gabarar. Düwünler syrylmaga maý bermez, ýokary dyrmaşaňda-da amatly bolar.
— Ilki men düşeýin, soň siz maňa goşlarymyzy uzadarsyňyz — diýip, Jorj birinji düşmäge höwesek boldy. Ol tanapdan ellerini gezekleşdirip tutup, aýagy bilen düwünleri tapyşyna, olara daýanyp aşak düşmäge başlady. Büý-ä gaty amatly eken.
— Timmini nädip düşürerkäk? — diýip, Julian alada galdy. Emma deşigiň gyrasynda durup, käte bir howsalaly çyňsap goýberýän Timmi Jorjuň tanapdan syrylyp, özünden daşlaşyp barýanyny synlaýşyna, meseläni aňsatlaşdyrdy oturyberdi. Ol deşige bökdi-de, gözden ýitdi. Aşakdan çirkin ses eşidildi:
— Eý, Hudaý! Bu näme boldugy? Eý-weý, Timmi! Bir ýeriňi agyrtmadyň dälmi?
Ýöne çäge per ýassyk ýaly ýumşajykdy, Timmä hiç zat bolmady. It bir silkindi-de, keýpihon üýrdi. Ol ýene Jorjuň ýanjagazyndady! Hojaýynynyň haýsydyr bir çukurda gözden ýitip barşyna biparh seredip durjakmy bu köpek — hökman yzyndan ýetäýmelidir. Muňa Timmi diýerler!
Çagalar goşlary aşak düşürmek üçin yhlas bilen işleýärdiler. Enn bilen Dik olary kilime dolasa, Julian emaý bilen aşak sallaýardy. Tanapyň goşly ujy gowaga ýetende Jorj ony çözüp alýardy-da, tanapy ýene ýokary çekiň diýip yşarat edýärdi, soň ýene ýaňky ýagdaý gaýtalanýardy.
— Iň soňky! — diýip, agyr işden mazaly ýadan Julian gygyrdy. — Indi özümiz düşeris. Onsoňam utanmanjyk mälim edýärin, düşek-püşek ýazmazymyzdan ýa-da başga bir iş tapylmazyndan öňürti, garnymyzy mazalyja doýurmalydyrys, şeýle. Haçanky ertirlik edinişimiz, içimiz eljuk diýýär!
Basym olar gowagyň ýyljajyk ürgünje ak çägesiniň üstünde ornaşdylar. Etli gapyrjagy açyp, çöregem şapbat ýaly edip kesişdirdiler-de, arasyna et saldylar. Soň ananas gaplamasynyň daşyna geçdiler: şerbede ýatyrylan şirelije ananas dilimlerini çemçeläp, göni gapyrjakdan çykaryp iýmäge başladylar. Barybir, munuň bilen garynlary doýmady, ýene iki gapyrjak sardina açdylar, balyklary köke bilen tutup iýdiler. Süýjüdigini!
— Üstünden gazly suw goýberesiňiz gelenokmy? — diýip, Dik sorady. — Näme üçin adamlar hemişe şunuň ýaly hezillik gurap, iýip-içenokkalar?
— Çagalar, biraz tijeneliň, ýogsam aşagymyza ýazmak üçin çybyk çapmaga güýç galmaz — diýip, Jorj ukuly sesi bilen gyssady.
Dik:
— Kime gerek ol çybyk? Maňa-ha geregi ýok. Maňa şu ýumşajyk çäge bilen ýassyk, onsoňam birki sany düşek bolsa bolany. Görseň, öýde ýorgana basyrynyp ýatanymdanam gowy ukymy alaryn!
Şeýlelikde, çägäniň üstüne düşekdir ýassyklary taşlaşdyrdylar. Garaňkyrap ugrandan şem ýakdylar-da, dördüsem biri-birine ukuly seredişdiler. Timmi, hemişekisi ýaly, Jorjuň gapdalyndady.
Jorj:
— Gijäňiz rahat bolsun! Men-ä indi çydamok, gözüm bürüldi. Eýýäm uka gitdim. Hemmäňiziň gijä…ňiz…. ra…hat, gi…jä…ňiz…
(Dowamy bar).
Rusçasyndan terjime eden Orazgül GURBANOWA