|

Köne kada

Köne kada KÖNE KADA

Aldym bu dünýeden rysgal paýymy:
Datdym şarpygyny, gyzgyn posasyn.
Toýlar içre sermes boldum, joş boldum.
Tutdum ilim bilen ölenleň ýasyn.
Mydam bagt maňa gülüp bakmady,
Ýetimligni gördüm, horlugny gördüm.
Ene ýer goduklap, öýüm başyma
Ýykylanda harabalarda ýördüm.
Seretdim garagna biwepalygyň,
Agyr derde saldym bu şirin jany.
Aldanan ýüregme tesellä derek,
Bitakat gijeler çekdim pygany,
Dostsumaklar bilen tabakdaş boldum,
Syr bermedim, dilim dişläp ýylgyrdym.
Ýigrenýänem bolsa ejizlän güni,
Delalatym degsin diýip gol berdim.
Razy men ykbaldan, öz nobatymdan,
Mundan öňem, soňam dogmak islämok.
Biz üçin ölçegli baky dünýäden,
Ýene bir ynsanyň ömrün küýsämok.
Ýok, meni harlaýan o däl, başga zat,
Ony bilýän asla ýok bolsa gerek.
Dürsmükä jahanda ýaşan ömrümiz,
ýa şe,al deý geçýärmikä biderek.
Oglum ertirimden seredýär maňa.
nämeler diýýärkä perzent ýüregi?
Buýsandyrýarmyka barlygym meniň,
Ýa-da ýoklugymmy onuň geregi?
Megerem, men muny bilmen hiç haçan,
Belki-de dogrudyr şu köne kada:
Ogullar atalaň ýapýar ýetmezin,
Ol şeýledi Magtymguly barka-da.

Täşli GURBANOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle