|

Kolhoz agysy

Kolhoz agysy KOLHOZ AGYSY

Kolhoz agysy

Kolhozyň meýdany, kolhozyň bagy,
Kolhozçylar hem kolhozçy aýal-gyz,
Kolhozyň kontory, kolhozyň maly,
Hem öňdebaryjy kolhoz başlygy,
Kolhoz buhgalteri, kolhoz kassiri…
Gaty köp zat degişlidi kolhoza,
“Sanasaň sogaby bar” diýilýäni…
Çyn daýhan bolanda kolhoz başlygy,
Gün-günden pajarlap ösýärdi oba.
Ýöne öz bähbidin arap işläniň,
Süýrenýärdi hojalygy iň yzda.
Niçeme çyn Gahrymanlar döräpdi,
Il guwandy, ýurt guwandy olara.

…Sorady agtygym kolhoz barada,
Jogap bermän dymdym, näme diýeýin?
Düşünmersiň ýaşamasaň kolhozda.
Ýöne weli magat bir zady bilýän,
Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy,
Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?!
Agyp-dönüp ýören dowar sürüsi,
Dagda, düzde, çölde… giden örüsi.
Alabaý zorundan gaçar börüsi,
Zootehnik, weterinar, fermasy,
Kolhozçylaň bir-birege armasy,
Ýeňijiler sosialistik ýaryşda…
Barysy boldy ýat,
Bary indi mat.
Demir gala bolmuş berbat.
Ýatlap bu gün kolhozy,
Hem-de urlan sowhosy,
Ýadyma düşdi obamyň,
Ýykylan çynar, hozy…
Kolhoz kolhozçylaň arkadagydy,
Bilmedim nämüçin kolhoz dagady?!

18-20.03.2023. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle