Köne jaý (Powest)

MA Siaotao,
hytaý ýazyjysy
1
Leý Le näçe synladygyça Wyn Siaonuan şonça-da pişige meňzeş bolup göründi. Çünki, wagt geçdigiçe onda bu janawaryň gylygyny ýiti duýýardy. Munuň sebäbi köp wagtdan bäri öýde pişik barlygyndan bolaýmasyn?! Aýalynyň ýorgandan çykyp duran aýagynyň dyrnaklaryndaky gyzyl boýag solupdy. Ol bezenmäni halaýarmy ýa-da tersine, sölitemi, belli däldi. Leý Le ýorgany üstüne çekdi. Ýorganyň gatynda ýatan pişik ýerde ýatan zatlaryň üstünden böküp, otagdan çykyp gitdi. Bu ýagdaý irden sagat ýedi töweregi her gün gaýtalanýardy. Üç-dört sagat mundan öň ýerine geçen Wyn Siaonuan bolsa bu wagt süýji ukynyň gujagyndady.
Adamsy irden awtobusa ýetişmelidi. Ýol uzakdy, işine barýança bir sagat wagt gerekdi. Awtobusyň içi adamdan depme-dykyn bolany üçin, sürüji ýolda kän saklanman giderdi. Her kimiň çöken ýeri özüniňkidi, hiç kim özgä ýerini bermezdi. Dik duranlaram arkaýyn gitjek bolup, eýläk-beýläk süýşmezdi. Ýöne birinji duralgada münýäni üçin, Leý Le mydama oturgyçda oturyp giderdi. Ol şäheriň çetinde ýaşaýardy. Merkezden bu ýere geleňde kyn düşýär diýmeseň, gaýdyşyn awtobuslar şu ýerden ugur alýany üçin onuňky şowunady.
Dessine ýuwnup, hasyr-husur geýnen Leý Le laýyk sagat ýedide öýden çykdy. Ertirlik edinmek üçin aşaky gatdaky garbanyşhana geldi. Bu ýerde irdenki owkat üçin bary-ýogy, dört tagam hödür edilýärdi. Baozi , ( Baozi — etli börek) çorbaly börek, çelpek we goýy süýtdi. Muňa seretmezden, bu ýeri edil uly söwda merkezi ýaly meşhurdy. Aňryňa il gonýança çytyk ýüzli, şandunçalap ( Şandun — Hytaýyň gündogar welaýatlaryndan biri) çalgyrt gepleýän satyjy zenanyň ýylgyryp göwnünden turmalydy. Çünki onuň minneti ýetikdi. Öňler Leý Le ertirligini öýde edinerdi. Ondan ýarym sagat öň oýanýan Wyn Siaonuan oýaly-ukuly halda aşhana geçip, iýer-içer ýaly zat taýýarlardy. Soňra saçaga bileje geçerdiler. Iýip-içip bolnandan soň aýaly ony gapa çenli ugradardy. Soň düşegine geçip, günortana çenli ýatardy. Iň geň ýeri her ertirlik özüçe sungatdy. Ortasyna sarysy düşürilip ýürek şekilinde bişirilýän heýgenek diýermiň, kakadylan et bilen pomidor bölekleri gat-gat edilip arasyna goýlan çörekdir, pişigiň ýüzüne meňzedilip tabaga ýazylan ýer alma goýaltmasy diýermiň, garaz, sanasaň sogaby bar diýleni. Soňky tagam has ussatlyk bilen bezelerdi. «Pişigiň» gulaklaryna çenli bardy, gözüne derek kişmiş goýlardy. Gül şekilinde kesilip iki açylan, diş synçgar bilen berkidilip gaýnadylan şöhlatlar hem saçaga äberilerdi.
Paýtagtyň gündogar çetindäki kiçijik öýde şeýle ajaýyp aşpez ýaşaýandyr öýdüp, kimiň kellesine geler? Adaty önümlerden şeýle gözel we tagamly owkat taýýarlap bolýandygyny birinji gezek gören Leý Leniň begenjinden guşy uçupdy. Wyn Siaonuan gitdigiçe kämilleşdi! Indi ýer alma goýaltmasy pars pişiginiň şekilini aldy. Ýaldyraýan gözleri ulalyp, benewşe kişmişler bilen bezeldi. Bu ajaýyplygy bozmaga Leý Leniň eli baranokdy. Ilki gulaklaryndan iýip başlamalymy ýa-da gözlerinden?! Näme etjegini bilmän uzak pikire giderdi. Adaty öý tagamy onuň üçin çendenaşa nepisdi. Aslynda, ol demirgazyk hytaý aşhanasyna öwrenişipdi. Emma wagtyň geçmegi bilen börekdir byzmygy, ýol ugrunda satylýan duzly tüwi şülesini ýatlanynda, damagy dolup tamşandy. Her gezek Wyn Siaonuanyň aşhanada jan çekişini görüp, oňa dözmedi. Täze bir owkat tapmak üçin onuň kän görgi görýändigi hakynda oýlananda ýüregi gyýlyp gitdi. Onuň üçin beýdip, ertirden agşama çenli azara galyp ýörmegiň gerek däldigini ýuwaşlyk bilen duýdurdy. Aýaly «düşündim» diýen manyda başyny atdy. Ýöne onuň üçin bu kynçylyk däldi. Çünki, adamsynyň göwnüni tapmak üçin, gije-gündiz yhlas etmäge taýyndy. Şonda-da onuň aladasyny edip bildiren mähribanlygyny uly höwes bilen kabul etdi. Leý Le bolsa eýýäm pikirlerinde «gurjak» şekilli ertirligi bilen mydamalyk hoşlaşypdy.
Garbanyşhanadaky nahar bişirilýän bambuk gözenekleri köp ulanylyp könelipdi. Çorba guýlup äberilýän okaralaryň içem jaýryk-jaýrykdy. Ýöne Leý Le bu gap-gaçlardan işdämenlik bilen nahar iýýärdi. Ine, bu hakyky ertirlikdi. Ýönekeýem bolsa janyňa hoş ýakyp, iniňe der getirerdi! Hasaplaşandan soň işine ugrady. Ol bir şereketde has dogrusy, şereket däl-de, şahsy sungat ussahanasynda işleýärdi. Onda özi ýaly otuza golaý adam zähmet çekýärdi. Bäri gelenine iki ýylam bolanokdy, ýöne janypkeşligi bilen özüni aldyrypdy. Olar ses we wideo ýazgylaryny edýärdiler. Sargyt köpdi, işiň hysyrdysy ýetikdi. Leý Le geçen ýyl telewideniýedäki ýaýlymlaryň birindäki alyp baryjylyk işini öz islegi bilen goýupdy.
Onuň radio we telegepleşikleri guramak boýunça bilimi bardy. Gowy okaýandygy üçin, ol şol wagt meşhur bolan «ýedileriň» biridi. Eger-de institut tarapyndan şowhunly konsert gurnamaly, daşary ýurtly myhmanlary garşylamaly, telewideniýede çykyş etmeli bolsa, şu ýedi oglan hökman çagyrylardy.
Indi bolsa, olardan haýsydyr biri habarlar ýaýlymynda meşhur alyp baryjy ýa-da şan-şöhratdan geçip, hamrak kaka bolan bolsa, käbiri üstünlikdir şowsuzlyk arasynda özüni ýitirip, ses berijilik bilen güzeran aýlaýan, «oturan ýeri özüniňki» diýilýän kişä öwrülipdi.
Leý Le hakynda näme aýdyp bolar?! Ol irden sagat dokuzdan öýlän bäşe çenli işleýärdi. Ele alan kärinden üýtgeşik daşda däl ýalam welin, iş wezipesine gabat gelmeýän köp zatlar üstüne ýüklenipdi.
Wyn Siaonuan hem onuň okan institutyny tamamlapdy. Olar fakultetiň geçiren bir çäresinde tanyşdylar. Leý Le ol wagt dördünji ýylyň talybydy. Wyn Siaonuanyň bolsa ýaňy birinji ýylydy. Ýigit sport gurnagyna toparbaşydy. Täze agzalary saýlap, tabşyryklary berýärdi. Wyn Siaonuan gülgüne geýnip bu ýere gelipdi. Aýagynda geýimine kybap, gaýyk geýdirilen ýaly ökjesiz köwşi bardy. Elbetde, medeniýet boýunça gurnak hezildi. Ýöne ol aýdym aýdyp, tans edip bilenokdy. Onsoň sport gurnagyny saýlapdyr. Şonda Leý Leniň göwnüne gyz bu ýere ýöne güýmenje üçin gelen ýaly bolup görnüpdi. Çünki özüni haýsy tarapdan görkezmek isleýändigini soranda, gözlerini tegelän gyz:
— Men ýerine ýetiriji, dolandyryjy däl. Näme aýdylsa, şony ederin. Üýtgeşik maksat tutunyp gelmedim — diýip, jogap beripdi. Onuň çagaňky ýaly sada ýylgyryşlary Leý Leniň göwnüne ýarady. Gönümel hem dili ötgür bolsa-da, gurnaga kabul etse, işe kömegi deger diýip çaklady. Şeýdip, Wyn Siaonuan gurnagyň işine Leý Le bilen deň gatnaşdy.
Tizara Leý Le diplomyny aldy-da, dosty bilen kireýine jaý tapdy. Wyn Siaonuan bilen boş wagtyny bile geçirdi. Iki ýyldan soňra dosty ol ýerden göçdi. Leý Le bir öýüň ähli kireý tölegini özüne aldy. Soňra Wyn Siaonuan göçüp geldi. Şeýdip bularyň sada maşgala durmuşy başlandy. Bir üçek är-aýalyň kiçijik gözel mekany boldy. Görüşmek üçin çykdajy boljak restoran, kinoteatrlara gatnamak gerek däldi. Çünki öýde oturyp, bile kino görüp, kitap okap bolýardy. Wyn Siaonuanyň talyplyk iýmit peteginden peýdalanyp, naharhana gidip, garynlaryny doýrup bilýärdiler. Başda Leý Le ýanýoldaşym diýip saýlan gyzyny hojalykçydyr öýdüpdi. Ýöne ol ýaltarak bolup çykdy. Öýden çykmazdy, iş edesi gelmezdi. Bir ýere gitse, elindäki puluny doly sowmasa, kanagat etmezdi.
2
— Dynç güni öýe myhman geljek diýýär.
— Bulary Wyn Siaonuan telefonda aýtdy. Gün günortanam bolsa ýaňy oýanan bolsa gerek, sebäbi sesi tutuksydy.
— Şenbedemi ýa ýekşenbede? — diýip Leý Le sorady.
— Wi-i, soramandyryn. Anyklap, gaýtadan jaň ederin! Bolýar, görüşýänçäk…
— Agşam öýe baramda gürleşeris. Meýilleşdiren zadym ýok. Eger biziň ýagdaýymyzdan utanmasaň, gelibersinler.
— Men nämeden utanmaly? Gowusy, sen işiň bilen bol. Iş wagtyňy aýalyňa akyl öwredip, biderek sarp etme! Agşam ir gel! Sygyr guýrugyndan çorba etjek.
Telefony goýan Leý Le sowuk aşy öňüne çekdi. Agşamlygyň näme nahardygyny ýatlanda bolsa, göwnühoş ýylgyrdy.
Ilki gyzyň biş-düşden başy çykanokdy. Talyp bolýança çaý demlemek üçin suwy nädip gaýnatmalydygynam bilmezdi. Baý maşgaladan çykan gyzam däldi. Ýöne eli sowuk suwa batyrylman ulaldylypdyr. Bir gezek ol Leý Le nahar bişirip bermek isläpdi. Ýarym günläp aşhanada bolsa-da, taýýarlany diňe üç tagamdy. Ilki suwuny köp guýupdyr, tüwüsiniň näme bolany belli däl. Şülä meňzeş bir zady uly käsede äberdi. Ine, ikinji tagam kesilen şöhlatlardy. Ýöne olam uzak gaýnap gaty çişipdir. Üçünji pomidor, hyýar, käşirli işdä açardy. Ol gaýnadylyp owunjak dogralan ýumurtga bilen bezelipdir. Leý Le keýpsiz halda bu «bagty ýatyrylan» tagamlary öňüne çekdi.
Aýratyn maşgala bolup ýaşap başlansoňlar, nahary mydama Leý Le bişirdi. Bikär Wyn Siaonuanam gapdalynda durup öwrenerdi. Diňe işini taşlansoň, ol hakyky öý bikesine öwrüldi.
Oňa çenli okuwy gutaranyna iki ýyl bolupdy. Bir gün ol müdir bilen dawalaşyp işden çykyp gaýtdy. Adamsyna «Men gaýdyp işlemerin» diýen gysgajyk haty goýup, goşlaryny ýygnap atasy öýüne dolandy. Öýe gelip, ýatak jaýa giren Leý Le çalam-çaş otagda tukat mawlaýan pişiklerden başga zady görmedi. Aslynda, bu pişikleri bikärligi halaýan Wyn Siaonuan gowy görýärdi. Ol «arkaýyn ýaşama» diýen ýaly, bu köçe pişikleriňem aladasyny Leý Leniň üstüne taşlady. Şol agşam Wyn Siaonuan adamsyna jaň etdi. Hoşlaşman gaýdanyny gelşiksiz gördi. Ötünç soramak üçin habar tutdy. Gahardan gany gyzan Leý Le telefondan daşyna çykaýjak bolup gygyrdy. Wyn Siaonuanam müdiri günäkärläp, öz eňegine tutdy.
Instituty gutaryp, ol ilki şol ýerde işe başlapdy. Onuň wezipesine jaň zoguna saz ýazmak girýärdi. Gülkünç wideolary, täsinje ýordumlary oýlap tapmalydy. Eger jaň ýa-da hat bilen habar gelse, ses ýazgylar studiosyna barmalydy. Her aýda iki müň ýuan ( Ýuan — pul birligi) hak alýardy. Ýene alan sargytlarynyň sanyna görä, pul sylaglaram bardy. Dogrusyny aýtsaň, işi gyzyklydy. Degişmelerem oýlap tapmak kyn däldi. Ýöne irden işe wagtynda baryp, gözegçiden geçmek oňa kyn düşýärdi. Ol hiç wagt hiç bir daşary döwletde bolup görmändi. Muňa garamazdan, ýewropa wagtyna görä ýaşaýardy. Şeýdip, Pekin wagtyndan iki sagat yza galýardy. Il ýatan wagty aýak üstündedi, il turan wagtam ukusy tutýardy. Sagat daň sazyny çalanda, ýellenen ýüz-gözüni çytyp, ony öçürerdi. Dünýäni unudyp, ýene azajygam bolsa ýatardy. Leý Le her gezek ony oýarmak üçin her dürli tilsim oýlap tapmaly bolardy. Ol Wyn Siaonuanyň näme üçin beýle ukuçyldygyna düşünmezdi. Adatça parahat gyzyň oýarmak islände gaharlanyp jogap berşine geň galardy. Burnuny dem almaz ýaly gysardy, ýiti sesini açyp, telefony üstünde goýardy. Belki, şol wagt gyzyň düýşüne bu traktoryň sesi bolup girýändir. Her gün oňa ýarym ukudaky aýalyny awtobus duralgasyna çenli ugratmak iş bolardy. Birki gezek şeýle bolsa ýagşy welin, ýok, munuň soňy gelmedi. Adamsynyň ahyry sabyr käsesi doldy. Ol irden Wyn Siaonuanyň aladasyny etmegini goýdy. Ýanýoldaşy tarapyndan idelmän galan günlerinde, aýaly işe barman ýatyp geçirerdi. Iş ýerinde bolmadyk wagtynyň hasaby ýöredilýändigi üçin, aýlyk haky kemelýärdi. Ol şonda-da özüni bigünä hasaplaýardy. Gaýtam, hakynyň ýarysyny bermeýänligi üçin, olary günäkärlärdi. «Işe gelmeseň ýüz ýuan, gijä galsaňam elli! Bar edip bilýänleri şu! Eger bir aý işe çykmasam, men size tölemelimi?!» diýerdi. Ýazdan soňra hereket üçin güýç ýok, ýatan çöpi galdyrasyň gelmeýän yssy tomusdan soňra-da güýz gelipdi. Indi gymyldaýjak ýaly welin, şonda-da işe gitmedik günleri az däldi. Jemi alanyňda aýlyk haky bilen sylagy dokuz ýüz ýuan bolýardy. Elinde içine zähmet haky salnan ýukajyk kagyz bukjany saklap durşuna, ol iş beriji edarasyny aýyplap goh turuzdy. Şondan bärem ol işsizleriň hataryna goşuldy.
Soňra atasy öýünde bir aýlap ýaşady. Islän wagty ýatýardy, islän wagty turýardy. Hiç kim azar berenokdy. Iýip-içme, öý işleri garaz, hiç zat gaýgy däldi. Hemme aladany öz üstüne alýan ejesi bilen kakasy bardy. Şonuň üçin keýpi çagdy, ähli şowsuzlyklar bolmadyk ýalydy. Leý Le gaýyn atasy bilen gaýyn enesinden gyzyny dogry ýola salmaklaryny haýyş etdi. Onuň ýeriniň diňe öz öýüdigini aýdyp, täsir etmeklerini aglap diýen ýaly düşündirdi. Wyn Siaonuan bolsa öýüne dolanmak barada pikirem edenokdy. Ýöne adamsyndan: «Eger gelmeseň, gör, ýagdaýyňy, başyma goýup giden dört pişigiňi gaýdyp görmersiň!» diýen söze garaşmandy. Onuň ýüreginiň ýukadygyny, muny edip bilmejegini bilýärdi. Ýöne ynanan bolup, Pekine dolandy. Otludan düşende gujaklaşyp görüşmediler, hiç hili göz ýaşam bolmady. Edil düýn aýrylyşan ýaly, biri-biriniň egnine kakyp, «niredesiň kireýine» öýümiz diýip gaýdyberdiler. Pişiklerini görensoň ýumşap ýylgyrdy. Olaryň garnyny doýrandan soňra, ýanýoldaşynyň aladasy bilen boldy.
Leý Le diňe iýip ýatmany bilýän, gulaklary keýerip duran pişikleri hiç söýmezdi. Olar bolsa tumşuklaryny ýokary tutup, gören zatlaryna penje urup, öý özleriniňki ýaly arkaýyn gezerdiler. Heý, edibiljek zadyň barmy! Çünki, olary Wyn Siaonuan janyndan eý görýärdi. Ony dür daşy, bägüller, gymmat bahaly geýim-gejimler gyzyklandyrmazdy. Şonuň üçin Leý Le oňuşmaly bolýardy. Pişiklerem gelmişekdi. Mysal üçin, ikisini köçeden tutup alypdylar. Beýleki ikisini bolsa kimdir biri olaryňka taşlapdy. Ol aşaky gatdan ýene bir öýsüz pişige hossar çykjak boldy. Ýöne Leý Leniň gaharynyň öňünde durup bilmedi. Torsarsa-da, nalaç boýun boldy. Dogrudanam, birki däl, dört sany pişik! Bu eýýäm artykmaçdy! Öýüň ähli ýerinde şolardy. Mawlamalary gulakdan gitmezdi. Wyn Siaonuan diňe olaryň aladasyny edip, dilinden düşürmezdi. Aýdaly biriniň işdäsi bolmasa, beýlekisi nähoşlan ýaly müzzerip otursa, üçünjem adatdaky ýaly, dördünjä gün bermän başlasa, alada ederdi. Edil özem şolaryň biri ýalydy. Bir gezek pişikleriň biri ýitdi. Iki günläp agzyna zat almadyk Wyn Siaonuan aglamakdan çişen gözlerini pökgerdip çüňke geçip oturdy. Köşeşdirip duýgudaşlyk bildirýänden bolýan Leý Le bolsa içinden begenip: «Biri kemelse bir peýda» diýýärdi. Agşam göwnüni açmak üçin, gitjek däl diýse-de, birinji gatdaky kiçijik restorana äkitdi. Wyn Siaonuan şondan soňam ýene birnäçe günläp tukat gezdi. Ýöne, ine, teläriň aşagynda çüňkde kirläp giden pişigini görüp sesinden tanady. Ol begenjinden ýaňa aklyndan azaşana döndi. Yzyna dolanmak islemän gaçaýmasyn diýip, ýuwaşlyk bilen pişige ýakynlaşdy. Netijede, şunça wagt nirede bolanlygy belli bolmadyk «öýüň hakyky eýesi» utanç-haýany bilmän, tumşugyny dik tutup, öýüne dolandy.
Wyn Siaonuan bilen onuň dört pişiginiň aladasyny Leý Le çekýärdi. Aýaly iýip-içip, ýerine geçerdi. Ýatyp-turansoň ýene iýerdi. Şonda-da hiç semremezdi. Soňra bikärlikden halys ýadap, nahar bişirmäni öwreneýin diýdi. Aşpezçilik kitaplaryny satyn almaga gitdi. Aşhana zerur gap-çanaklary aram bahadan gözläp tapdy. Şeýdip pukara aşhananyň ähli gap-gajy, okara-tabagy täzelendi. Onuň öňküden has çynlakaýlaşan ýüzüne sereden Leý Le «Aşpeziň akja başgabynam edinäýmesin şu» diýip pikir etdi.
Aýaly aňrybaş aşpez bolmak üçin goluny çermäp işe girişdi. Indi her gün aşhanadan her dürli ýakymly yslar gelip başlady. Çorbalar diýermiň, gowrulan makrel, ( Makrel — balygyň bir görnüşi) şekere ýatyrylan miweler… Pekin, Şandun, Syçuan, Guandun tagamlary bişirilýärdi. Olar gadymy we häzirki zaman, deňiz önümleri bilen bagly hakyky hytaý aşhanasyndandy. Leý Le lotos ýapraklaryndan taýýarlanýan çorba üçin gerek bolan oty gözläp, uly gök bazaryna gitmeli bolupdy. Bulary görüp, indi öý naharyny iýip biljegine öz ýanyndan begendi. Ýöne her gün täze tagamy dadyp görmeli boljagyna garaşmandy. Aýalynyň eli süýji bolup çykdy. Wyn Siaonuanda dogabitdi aşpezlik ukybynyň bardygyny boýun aldy. Ony aljyradýan zat bolsa, aýalynyň bu işe höwesiniň gitdigiçe artmasydy. Her gün täze tagam tapylýardy, onuň üçinem ep-esli çykdajy etmelidi.
3
Dynç güni Lulu dagy myhmançylyga geldi. Wyn Siaonuan telefonda düşündirip, öýlerini salgy berdi. Ýol dartgynly bolsa-da, ulagyň destiniň başyndaky Lulu ýoldaşlaryny sag-salamat Pekiniň gündogar çetine alyp geldi. Lulu Wyn Siaonuanyň okuwdaky otagdaşydy. Ulagdaky beýleki iki sany ýigit bilen bir gyz bolsa, Wyn Siaonuanyň topardaşlarydy. Olar kürsäp içerik girdiler.
— Waý, doganlar! Öýüňiz gaty daş eken! Ýene birki kilometr geçen bolsak, şäherden çykyp gideris öýtdük! — diýip Lulu näräzylygyny bildirdi. Leý Le myhmanlary garşylady. Bu wagt Wyn Siaonuan aşhanadady. Ol ählijesini eşitdi. Oglanlaryň biri:
— Dogry, Pekini ölçäp çykmak üçin ýörite ýola çykan ýaly duýdum özümi! — diýip dillendi.
— Eý, Taňrym! Wyn Siaonuan, şu ýerde ýaşaýaňyzmy?! — diýip Lulu içini çekdi.
Oňa deňiç beýlekilerem içerini gözden geçirdiler. Hiç biri beýle zada garaşmandy. Bu ikisiniň «höwürtgesini» görüp, kim çirkin ses etdi, kimiň dili tutuldy. Çünki gözleriniň öňünde hiç abatlaýyş işlerini görmedik öý durdy. Olaryň ýaşaýan jaýy könedi. Diwarlar boýalmandy. Ýere-de diňe gaty linoleum düşelipdi. Içerini ölügsi çyra ýagtylandyrýardy. Saçak deregine reňki soýlup giden eplenýän stol durdy. Agaç goşdan myhman otagdyr ýatak jaýda atam döwründen galan üsti esgi bilen örtülen köne diwan durdy. Her otagda bir yşgap bardy. Ýatalganyň ýanynda köwüş goýulýan bilen Wyn Siaonuanyň özüne serenjam bermek üçin ulanýan serişdeleri durdy. Garaz, nirä seretseň, adam ýaşaýan ýere meňzänokdy. Göýä diýersiň, öý eýesi ähli zady çalam-çaş edip, däliräp çykyp giden ýalydy.
— Be-e, gör-le muny, Leý Le, şu ýagdaýda ýaşaýaňyzmy?! Bulary görüp inim tikenekläp gitdi — diýip, häliden bäri sesini çykarman duran beýleki ýigit dillendi.
— Pulumyz ýok. Aýlygyň barysy diýen ýaly bergä gidýär. Onsoň artyk-süýşük zat galanok. Hammam bilen aşhanany çalak-çulak düzedip bildik — diýip, Wyn Siaonuan iki sany gyzgynjak tagamly tabagy göterip gelşine aýtdy.
— Diňe şuňa ýetdimi, çynyňmy? Diňlemäň siz ony! Hammamdaky her bir kafel böleginiň bahasy togsan ýuandan geçýär. Arzanyndan alaýaly diýsem, «ýok» diýdi. Haçandan bäri açyk gülgüne öwüsýän nagyşlysyny edinmek hyýalynda gezipmişin. Netijede, hajathananyň diwaryna ýedi müň ýuan çykdy. Eger tygşytly bolýan bolsa, iki müň ýuana düşýäni bilen oňsa bolmazmydy?! — diýip, Leý Le garşy çykdy.
— Sen munuň nämesine düşüneňok! Aýal maşgala hökman rahat hammam gerek! — diýip, Lulu jorasynyň arkasyny aldy.
Wyn Siaonuan özüni aklamak isledi. Dogrudanam, dünýädäki ähli gargalar gara bolýar. Zenanlara azajygam bolsa tapawutlanyp, iň bolmanda, özüňi görkezmek gerek ahyry.
Geçen ýyl öňki öýleriniň eýesi täze ýyldan kireý tölegini galdyrjakdygyny aýdypdy. Şonda-da Wyn Siaonuana okuwyna gatnamak aňsat bolsun diýip, şol öýden başga ýerik göçmändiler. Ýöne aýalynyň okuwyny gutaranyna iki ýyl bolupdy. Şonuň üçin ol ýerde ýaşamak zerur däldi. Aýaly öý eýesi bilen nyrhyň şertini düşünişýänçä Leý Le täze öý satyn almak kararyna geldi. Ýöne Wyn Siaonuan elleriniň ýukadygyny, şonuň üçinem munuň samsyk pikirdigini aýtdy.
Elbetde, Pekiniň baý mähelleleriniň birinden jaý edinmegiň gürrüňi gidenokdy. Bu ýerler olar üçin däldi. Utuş peteginden gowy pul düşüp, gapjygyňy galňadyp baraýmasaň, ol jaýlary arzuw edip oturasy iş ýokdy. Birinji gezek uly umyt bilen, jaý görmek üçin şeýle mähelleleriň birine geldiler. Ýöne bahasyny eşidip paltalary daşa degdi. Ahyry, şäheriň gündogar çetinde bahasy elýeter, äpişgeleri ýere degip duran, hammamy göwnejaý öýi Wyn Siaonuan makullady. Daşyrak diýmeseň, öý erbet däldi. Şeýdip iki ýylky süýşürip bilenjelerini orta döküp, hersi öýünden kömek sorap, birinji tölegini geçirdiler. Soňra öýi girewine goýup, ýigrimi ýyllyk karza girdiler. Näçe ýyl öýsüz kösenipdiler. Ine, saňa rahatlyk. Pul bolsa öňem ýokdy, häzirem. Onsoň abatlaýyş işine, goş-golam satyn almaklyga nireden eliň ýetsin?! Eger üýtgeşik puluň ýok bolsa, gerekli we arzan zatlary almaly. Leý Le ilki bilen ýatakjaýy oňarmaly diýdi. Çünki, rahat ukyny wajyp hasaplady. Wyn Siaonuan: «Sen işleýäň, wagtyň ýok» diýip abatlaýyş işlerini öz üstüne aldy. Leý Le ses ýazýan döwürleri Wyn Siaonuan täze öýleri bilen gurluşyk harytlary satylýan bazaryň arasyny torç etdi.
Leý Le rahat däldi. Iň gymmatly zatlary bolan öýüň aladasyny nädip göwni asmanda uçýan Wyn Siaonuana ynanyp boljak?! Ýöne alajy ýok, her gün işe gitmelidi. Dynç günleri elim ýeter diýse-de, bir ýyldan bärde wagt tapyp biljek däldi. Soňra «Bolýar, barybir, köne jaý. Wyn Siaonuanyňam artykmaç puly ýok. Penjiräni döwüp taşlaýasy ýok-la! Bir zady ters edäýende-de, şu halyndan beter ýagdaýa düşmez» diýip oýlandy.
Aýaly täze öýlerini bir aýdan gowrak iş edindi. Tozandan ýaňa ýüzem çalaryp gitdi. Şeýle bir ýadaýardy welin, ýeke-täk gyzyklanýan zady bolan aşpezçilik güýmenjesinem taşlady. Her gün tapan-tupanyny iýip oňýardy. Sebäbi etmeli iş kändi. Arzan bahadan işçi hakyna tutup, üstlerinde özi durdy. Günde irden çykyp gidip, agşam öýüne ýygnanardy. Leý Le ýeke-täk höwes bilen aýdan zady — ahyry, arzuwlaýan kafellerini tapanlygydy. Galan zatlar barada umumy hasabat berdi. Dynç güni Leý Le täze öýlerini görmäge gitdi. Içeriniň öňki ýagdaýydy, diwarlar reňklenmändir. Wyn Siaonuan aşhana bilen hammamdan başga ýeriň aladasyny etmändi. Aslynda, aýaly elindäki puly bilen hemme otaglaryň ýüzüni täzelär diýip tama edipdi. Ol bolsa şunça wagtyň içinde, bary-ýogy, iki otagyň hötdesinden gelipdi.
Aýdanlaryny ynamly düşündirýän Wyn Siaonuana sereden Leý Le tas aglapdy.
— Nahar bişirmek üçin amatly aşhana bolmaly. Adam ýaly ýuwanmak üçin gowy hammam zerur. Onsoň bulardan öňe geçip, başgalary düzedip bolarmy?! Gapjygyňa görä hereket etmeli. Galany näme bolanda näme! Ine, ýatalgamyz bar, biri-birimize gysylyp süýji düýşleri göreris. Hakyky bagt, ine, şu! Myhman otag, balahana — bu gelýän adamlar üçin. Aşhana bilen hamam biz üçin. Biz baý däl-ä, göze çöp atmak nämä gerek! Esasy zat bize rahat bolmaly. Ilkinji ädimde iň kynynyň hötdesinden geldik, pulumyz bolanda galanynam ederis — ine, bu Wyn Siaonuanyň aýdanlary. Leý Le dessine ylalaşdy. Garşylyk görkezmedi. Wyn Siaonuan kaşaňlyga kowalaşmaýardy. Onuň durmuşa sada göz bilen seredişi öwgä mynasypdy. Gözüne ol filosof bolup göründi. Çünki aýdýan sözüni düşündirip subut edýärdi.
— Näme diýseňizem, şu gapyňyz duranja bir gaýtalanmajak sungat! Ýadyma düşýär, biz kiçikäk öýümizde edil şular ýaly gapy bardy. Gymmat düşen bolmaly! — Wyn Siaonuanyň topardaşy otaglaryň ýaşyl reňkdäki agaç gapylaryny öwdi.
— Hä, hawa — diýip, Leý Le ýylgyrdy. Ol gapylary gözläp tapýança lüti çykypdy, soňabaka aýaklaryny duýman başlapdy. Wyn Siaonuanyň isleýşi ýaly bolandan soň, uly ýatalga satyn aldylar. Onuň pişikleri ýerde ylganda üşemez ýaly arzan düşek düşediler. Öňki kireýne ýaşan öýüniň eýesi bilen aralary saz bolansoň, ol bu ýaş juwanlara köp ýyldan bäri ulanyp gelýän köne diwanyny berdi. Diwanyň yzy bilen yşgap, kompýuter, geýim asgyçlar bilen başga-da kän zat şäheriň gündogar çetine ýüklenip getirildi. Ýerleşenlerinden soňra bir gerekli zady gözden sypdyrandyklaryna düşündiler. Otag aralarynyň gapysy ýokdy. Pulam diňe azyk-owkada ýeterlik galypdy. Wyn Siaonuan öýlerinden kömek sorajak boldy. Leý Le ony saklady. Dynç güni awtobusda birnäçe bazara aýlanyp gördi. Zordan şu ullakan ýaşyl gapylary tapdy. Olar segseninji ýyllardan galandy. Owadan diýseň çişirmek boljakdy. Ýöne bahasynyň arzanlygy olaryň ykbalyny çözdi. Wyn Siaonuan hem gapylary görenden halady. Reňkem islegine gabat gelýärdi. Üstesine, geçmiş bilen bagly ýatlamalary oýa getirdi. Wyn Siaonuan:
— Göz gider ýaly zadymyz ýok-la! Gowusy, saçakdakylara güýmeniň! — diýip, bir uly tabak tagam getirip, ýene-de aşhana dolandy.
Stolda eýýäm dört dürli tagam durdy. Içine gawun bölejikleri atylan mandarin şiresi, buglanan kädi, üstüne peýnir külkesi sepilen burçly sygyr eti hem-de dogralyp, hamyryň içine salnyp gowrulan badamdy. Saçagyň üstünde gelenleriň sanyna görä kagyz bulgurlar goýlupdy. Wyn Siaonuan ýeňiljek garbanmak üçin hemmeleri saçaga çagyrdy. Oňa çenli esasy tagamlar — noýbaly aş bilen gyzyl burçly balyk kellesi bişip gelýärdi. Stoluň üsti biri-biri bilen utgaşýan naz-nygmatdan doludy. Myhmanlar tagamlaryň bezelip äberilişini öwüp, dadyp görmek üçin haýdaşyp saçak başyna geçdiler. Dostlarynyň haýdap nahar iýişlerini gören Leý Le özüni öýüň hakyky sahyby saýdy.
— Sen entegem öýdemi? — diýip, gelenleriň biri gyzyklanyp Wyn Siaonuandan sorady.
— Hawa, bilýäň-ä, işsiz galanymy. Ýöne kir-kimirdir, biş-düşe güýmenip ýörün. Ýeňilräk iş bolsa ýok diýmen. Meniň boş wagtym köp — diýip gep atdy. Ýagdaýy göýä diýersiň, garaçyny bilen işlemek isleýär-de, her gezek onuňky paşmaýan ýaly edip görkezdi.
— Sen çagalygyňdan kynçylyklara öwrenişipdiň! Indi olardan basylýaňmy? Hany, adam ösüşde bolmaly diýen ynamyňa näme boldy? — muny Lulu diýdi. Soňra-da agzyna bir bölek badamjan oklap, Leý Le tarap öwrüldi:
— Ýogsa-da, haçan toýuňyza çagyrýaňyz?!
— Hä, näme boldy? Hökman jemgyýetde bar däplere görä ýaşamalymy?
— Munuň kän çykdajydygyna düşünýän. Ýöne joramy ak gelinlik köýneginde göresim gelýär.
— Gowusy, muny onuň özünden sora. Men üýşmeleň edeli diýsem diňlänok.
— Biz nika gyýdyrdyk, nika şahadatnamasynam aldyk. Şüweleňli toýy isläp baramok. Biz hemmeleriň tanaýan meşhur şahsyýetleri däl. Bütin ýurda nikamyzy jar eder ýaly! Üýşmek-çaşmak diýlen zat giden alada. Adamlaryň öňünde durjak bolsaň, jübiň galyň bolmaly. Özümizi çykdaja goýup, size-de sowgat üçin pul sowdurmak nämä gerek! Ine, saçym össün, onsoň gelinlik lybasynda toý suratlaryna düşmäge gideris. Maňa şu aňry ýany bilen bolýar — diýen Wyn Siaonuan öňlügini gaýtadan dakynyp, saçakdan pişikler üçin şöhlat alyp, olaryň tabaklaryna goýdy. Soňra aşhana gidip kömelekli goýy çorbany alyp geldi. Ýöne saçakda gazan goýar ýaly ýer ýokdy.
— Dogrusy, seniň ýaly gyzy hiç görmändim! Aslynda, şowhunly üýşmeleň, toý diýen zat zenanlaryň iň uly arzuwy. Erkek adamlar bolsa onuň taýýarlyk hysyrdylaryny halamaýarlar — diýip, myhmanlaryň biri gepledi.
— Menem görmändim — diýen Leý Le aýalyna mähirli gözlerini dikdi…
Göçüp gelenlerinden soňra olaryň hakyky maşgala durmuşy başlanypdy. Aslynda, toýuň arzuwy ýigidiň ilkinji tanşan günlerinden bäri hyýalyndady. Alty ýyl nikada ýaşasalar-da bu arzuwyndan el çekenokdy.
— Gel, bizem il ýaly, adam üýşürip toý edäýeli! — diýip, bir gezek entek abatlaýyş işini görmedik ýatak jaýynda arkan düşüp ýatan Leý Le teklip etdi.
— Bolýar, ejem gaty begener! — diýip, aýaly ýüzüni kompýuterden aýyrman jogap beripdi.
— Öz pikiriň ýokmy?
— Ejem näme diýse şol bolar!
— Haçandan bäri ejeňe gulak asýandan bolduň?
— Ejemi diňleseň, uly ili çagyryp toý etmeli. Şonda adamlar gepimizi etmezler.
— Biz häzir çynlakaý zatlaryň gürrüňini edýäris. Belki, bäriňe öwrülersiň!
— Ýüz-ýüze bolsak, menden ýadan gözleriňi görüp, toý etmekden boýun gaçyraryn öýdýän. Bolýar, men bir işsiz galan bikär adam, şert goýmaga hakym barmy?! — diýip, Leý Le tarap öwrülen Wyn Siaonuan ýigidiň gözleriniň içine seretdi.
Olar Wyn Siaonuanyň doglan güni diňe ikisi bolup kiçiräk meýlis edipdiler.
4
Wyn Siaonuanyň okuwyny gutaranyna basym üç ýyl bolýardy. Işi taşlansoň birki ýyl başga bir zat bilen meşgullanaýynam diýmedi. Soňra uly hyjuw bilen täze işiň gözlegine çykdy. Ýöne göwnüne makul iş tapmady. Birnäçe gün oňa-muňa girip-çykandan soňra isleýän işini tapyp bilmejegine düşündi. Çünki Ýansi derýasynyň möwç alyp, uly güýç bilen öňe hereket edişi ýaly, täze uçurymlar onuň mümkinçiligini azaldýardy. Oýlanman işiňi taşlamaklygyň dogry däldigine gözi ýetdi. Täze iş tapyp biljegem belli däldi. Bulara düşünenden soňra ruhdan düşüp, gözlegini goýup, öýde oturyberdi. Giç ýatyp, giç turýardy. Içeri-daşara seredenokdy. Atan zadyň atan ýerinde ýatardy. Reňklenmedik diwaryň gumy üstüňe dökülip durdy. Ol bolsa pişikleri bilen çüňkde, göwnüne makul ýer edinip, içerini syryp-süpüreýin diýenokdy. Kireýne ýaşaýarkalaram şeýledi, özünden bilip içerini ýygnamazdy. Haçan öz öýleri bolsa arassa saklajakdygyny aýdyp, Leý Leni ynandyrypdy. Ýöne bular boş sözdi. Gaýtam tersine boldy. «Ýat öýünde seresap bolmaly, öz öýüňde — öz eliň-öz ýakaň!» diýlenini etdi. Diňe iýmäni we ýatmany bildi. Penjiräniň daşynda gündiz-gije tapawudyny bilmän, pişikleri bilen ýatalga jaýdan çykmady. Öýüň ähli aladasy Leý Leniň üstüne düşýärdi. Adamsy hepdäniň bäş gününi ertirden agşama çenli hysyrdap geçerdi. Bir aýda dört müň ýuandan geçirip pul gazanardy. Onuň deň ýary öýüň tölegine, galany azyk-owkada, ýol tölegine, pişikleriň iýmitine giderdi… Indiki aýa çenli bu puldan hiç zat galmazdy. Durmuş edil hiç çykyp bolmaýan, diňe töleg edip aýlanylýan halka ýalydy. Bu hiç gutarmajak ýaryşda Leý Le ýan berip başlady. Otuzdan ýaňy ätlänem bolsa, daş keşbine seretseň, orta ýaşlyny ýatladardy.
Lulu dagy myhmançylyga gelende Wyn Siaonuan diýseň begenipdi. Saçak başynda çekinip oturman, näme äberilse işdämenlik bilen iýdiler. Naharlanyp keýpiçag söhbetden soňra, her kim öýli-öýüne dargady. Lulu teleýaýlymlaryň birinde bilim bilen bagly gepleşigi alyp barýardy. Ilden üýtgeşik ukyby ýokdy, ýöne her gün takyk wagtynda geýnip ýalpyldap ekrana çykardy. Gelenleriň ýene biri sport ýaýlymynda teležurnalistdi. Beýlekem oba hojalygy boýunça gepleşigi alyp barýardy. Ýene birem tehnika bilen bagly ýaýlymda zähmet çekýärdi. Işden söz açmaly bolsa, kynçylykdan zeýrenip başlardylar. Saçakdan turýançalar öz aralaryna Wyn Siaonuany goşman gepleşdiler. Leý Le munda hiç hili göwne alarlyk zat görmedi. Hemmesi iş-alada bilen uzak wagtlap görşüp bilmedik adamlardy. Onsoň ählisini iş hakyndaky gürrüňler birleşdirýärdi. Talyplyk ýyllary bolsa geçmiş bolup, şöhle geçirmeýän gara aýnanyň aňyrsynda galypdy. Ol wagt ýaşlyk hyjuwy, joşguny gaýnap joşýardy. Ondan indi diňe sadaja ýakymly ýatlamalar galdy. Wyn Siaonuan taplanyp bekemekligiň deregine gowşapdy. Şu wagt bile oturanlary öz ýoldaşlary bolsa-da, garaýyşlary olaryňkynyň ýanynda ýöntemdi. Durmuşy ýüzleý bilýändigi bildirip durdy. Ol bu ýaşaýyşdan başyny alyp gaçyp, öz kiçijik öýünde gizlenipdi. Düýni, şu güni, ertiri uzak geçen bir dynç gününe meňzeýärdi. Adamsy on ýyllap şol bir diwara seredip oturandan, ony ýykyp geçmegiň dogrudygyny ynandyrmaga çalyşýardy. Ile goşulmazlyk ony gorpuň gyrasyndan elter öýdüp gorkýardy. Isleglerini biraz yzda goýup, nämedir bir zatda özüni synap görmegi maslahat beresi geldi. Ýöne aýalynyň şadyýan hiňlenip saçak ýygnap ýörşüni görüp, dil ýarmady. Her gezek başga bir ugurda özüni synap görmäge çagyranda, Wyn Siaonuan: «Men ses bermekden başga zady başaramok! Senem şol ugurdan okadyň! Sesi türgenleşdirmekde dem alyş gönükmeleriniň nähili kyndygyny bilýäň, ahyry! Siziň hemmäňiz öz ugruňyzdan işlemeli-de, näme üçin men başga zat bilen meşgullanmaly?!» diýip, demini içine çekip şumjaryp başlardy.
Sagat onda Leý Le düşege geçdi. Wyn Siaonuan bolsa kompýuterde pişikler baradaky maglumaty okaýardy. Bu ýagdaý her gün gaýtalanýardy. Adamsy wagtynda ýatmak islärdi. Aýalam tersine agşam işlän bolar. Kitap okar, kino görer ýa-da interneti dörüp başlar. Leý Le onuň ýeňsesini görüp uklamaga, kompýuter düwmeleriniň sesine, koreý operasyna eýýäm öwrenişip gidipdi. Beýleki otag boş durardy. Olaryň ähli durmuşy şu ýatak jaýynda geçerdi.
— Gözüm ýumlup barýar! Gijäň rahat bolsun! Senem ýat indi!
— Bolýar, sen arkaýyn ýat. Ertir ir turmalysyň!
Şuňa meňzeş iki taraplaýyn berilýän maslahatlar deň däl wagtda ýaşaýan bu är-aýalyň arasynda her gije gaýtalanardy.
— Ýok, men pul gazanmaly! — birden ýatalga tarapdan ses geldi.
Wyn Siaonuan gije sagat üçüň ýarynda telewizor görýärdi. Yzyna öwrülip sereden-de, Leý Leniň şol bir sözleri samyrdap, ýassygynda başyny iki tarapa öwürýändigini gördi. Islemese-de ony turuzdy. Çünki, näme bolýandygyny bilesi gelýärdi. Birnäçe ýyl bäri bilediler. Ýöne onuň beýdip düýşürgäp gepleýşine birinji gezek şaýat bolupdy.
— Kesellesem bejergi üçin pulumyz ýok! Karzymyzy berip bilmän jaýymyzy aldyrýas… — diýip, Leý Le düýşüni gürrüň berdi. Maňlaýynda der damjalary görünýärdi. Ýarym ukuda bolsa-da, düýşi edil hakykat ýalydy.
— Duýguçyl bolupsyň! — diýip, aýaly adamsynyň ýüzüne seretdi. Leý Le:
— Maňa kesellemek bolanok. Seni, pişikleriňi eklemeli! — diýip, pikirlerini dilinde gaýtalady.
— Sen özüňe ýowuz daraýaň! — diýip, aýaly ýerinden turdy-da, kompýutere tarap ýöredi.
Adamsynyň düýşi hakyndaky bolgusyz gürrüňleriniň gyzygy ýokdy. Onuň üçin bu bimany gepdi. «Bolduň meniň başyma! Durmuşyň soňuna gelen ýaly, tukat aýdymjyk tapyndy. Gije aladanyň wagty däl, gije beýnä dynç bermeli!» diýip içini gepletdi. Ýöne kompýuteriň başyna geçende ünsüni jemläp bilmedi. Bu düýş aňyndan gitmän, ähli pikiri onuň daşynda aýlandy.
Penjireden aňry tüm garaňkylykdy. Edil şonuň ýaly maňlaýdaky binalarda hem ýekeje-de yşyk ýokdy. Ähli ýere çöken tümlük niredendir bir ýerden yşyk görmek umydyňy elden alypdy. Şäheriň gündogar çeti düýşler dünýäsine çümüpdi. Bu ýeriniň ilaty şäher merkezine işe gatnaýanlardy. Işe ir gidip, giç gelerdiler. Ähli güýçlerini şäherdäki işlerine sarp edip, soňra uzak ýoly geçip, bärde täzeden güýç toplardylar. Şonuň üçinem çyra ir öçürilerdi. Agşam sagat on boldugy, edil dilleşilen ýaly, her öýüň çyrasy yzly-yzyna sönerdi. On birden soňra bu ýerler ümsümligiň jümmüşine düşerdi. Ýeke-täk giç ýatýan adam Wyn Siaonuandy. Olam bu sessizlikde ýeke güýmenmäge öwrenişipdi. Oňa bu adamlar bilen deňäniňde, sagadyň näçe bolany bildirip duranokdy. Uzak gün bikär oturmak irizjege meňzänokdy. Eger, dogryňy aýtmaly bolsa, özgeler gerek hajatlary üçin göreşýärdiler, Wyn Siaonuan bolsa üpjün, rahatlygyň içinde ýaşaýardy. Sebäbi arkasynda düýşünde-de kesellemekden, gazançsyz galmakdan gorkýan adamsy durdy. Şonuň üçin görgi diýen zady bilenokdy. Şu wagt hem ol:
— Işsizem bolsam, seniň ganatlaryňy penalanýandygyma şükür edýärin! — diýip, süýji ukyda ýatan ýanýoldaşynyň gulagyna pyşyrdady.
Leý Le beýlesine öwrülende aýalynyň ýatmandygyny duýdy. Başyny zordan galdyryp, kompýuteriň başynda oturan aýalyna ýüzlendi:
— Ezizim, sen eýýäm oýanaýdyňmy?
— Ýok-la, men entek düşege-de geçemok — Kompýuterden ýüzüni aýyrmadyk Wyn Siaonuan jogap berdi. Soňra-da:
— Gel, muny gör-le! Owadanmy? — Ol barmagy bilen ekrany görkezip, birden gygyryp goýberdi.
Ekranda ýewropa biçüwinde tikilen täsin geýim durdy. Ol gat-gat bolup, juda gelşiksiz görünýärdi. Pagta we başga süýüm garylan matadan tikilip, bahasy dokuz ýuandy. Bu gaty arzandy. Näme zat bu, nähili biçüw? Leý Le ol asla, ýaramady. Aýalynyň uzyn gije internetde biderek zatlary dörüp oturyşyna düşünmedi.
— Sen işe gideňok. Muny gezelenje çykaňda geýjek bolýaňmy?
— Eger işe gitmeýän bolsam, diýmek, geýinmeli däl-dä, şeýlemi?! — diýen Wyn Siaonuan henizem kompýuterden gözüni aýryp bilmän otyrdy. Öz sözüni gara şaýa almany üçin adamsynyň keýpiniň bozulandygynam aňmandy.
— Munyň bolanok! Asla, ýatmansyň!
— Asyl, seniňki bolanok! Ýatan wagtyň samrap, meniň bar ukymy gaçyrdyň!
Wyn Siaonuan dogrudanam, onuň aýdanlaryny alada edip uklap bilmändi. Ýigidiň küý edinen gündelik aladalary düýşüne girip, aýaly alada goýupdy.
Onuň düýşi edil hakyky ýalydy. Düýşünde Leý Le hassahanada ýatyrdy. Horkuldap aglaýan Wyn Siaonuanyň gözýaşlary ýakasyna damýardy. Ähli ýerde ýara sargylary ýatyrdy. Bu bir zatlaryň alamatymyka, muny Leý Le öňünden duýup ýörmükä? Ol ýalňyz söweşýän serkerde ýalydy. Ol iki adamy we pişikleri eklemelidi.
Leý Le irden işe diýip, gapydan çykanda-da aýaly kompýuteriň öňünden turman otyrdy. Ukusy tutanokdy, adamsynyň bar-ýoklugy bir ýalydy. Onuň bar ünsüni gara şaýa degmez bir geýim alypdy. Leý Leniň ýüzüne seredesi gelenokdy. Seretse, gözýaşyny gizläp biljek däldi. Leý Le aýalynyň dykgatyny özüne çekmek üçin, ilki takyr-tukur edip gördi, mundan peýda bolmansoňam, işe gitdi.
5
Leý Le her gün irden gözlerini açanda, aýalyny kompýuteriň öňünde görýärdi. Bir gezek ol ýatan pişigi gujagyna alyp, ümsümlikde myhman jaýda üsti ýyrtyk örtükli diwanyň üstünde otyrdy. Onuň diwara düşýän kölegesi Leý Le otluçöp satýan gyzy ýatlatdy . ( K.Anderseniň «Otluçöp satýan gyz» atly ertekisiniň gahrymany)
Birki gün mundan ozal Lulunyň aljyraňňy ýagdaýda jaň edendigi ýadyna düşdi. Olar biri-birini diňe Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýmasalar, ýakyn jora däldiler. Lulu:
— Salam, aýalyňyzyň nirededigini bileňokmy? El telefony öçürilipdir — diýdi.
— Ýatandyr.
— Onda öýüňiziň telefon belgisini ber.
— Bizde öý telefony ýok.
— Men ony nädip tapmaly?
Ajy gülen Leý Le:
— Öýe baryp, gapyny urup-depip açdyraýmasaň — diýdi.
— Gowy habarym bardy…
Lulu oňa ses ýazgylaryna gatnaşyp görmegi teklip etjek ekeni. Edaradan biri işden gidipdir. Wyn Siaonuan ýadyna düşen Lulu, bu onuň üçin gowy mümkinçilik diýip pikir etdi. Ýöne şol gün giçlik studioda geçiriljek işe seçiş söhbetdeşligine ýetişmelidi. Leý Le hem işde bolany üçin, oňa gapyny aşdyryp biljek ýokdy.
Leý Le günortandan soň iş gözlemek boýunça meşhur internet programmasynda aýalynyň suratyny gördi. Ony Lulu goýupdy. Ýöne sagat öýlän dördi görkezýärdi. Wyn Siaonuan ýuwnup-geýnip öýden çykany bilen, ýol köp wagtyny alyp, sagat altydan ir baryp biljek däldi. Belki gijem däldir. Umyt bardyr diýip, Luluwa jaň etdi.
—Size haýran galýan! Wagta serediň! Eýýäm birini saýlandyrlar. Gowy iş ýeri häzir az. Dalaş edýänem köp. Wyn Siaonuanam ýatyp galyp, bu mümkinçiligini sypdyrdy. Men oňa myhman jaýyny abatlar ýaly pul gazansyn diýip, kömek etjek boldum. Nesibe däldir-dä…
Leý Le Lulunyň bu sözlerini göwnüne aldy. Okuwda Wyn Siaonuan ondan has gowy okaýardy. Ilki olaryň ikisinem ses ýazýan studio hödürlän özüdi. Ol ýerde Wyn Siaonuany saýlapdylar. Bu gyzy oňaýsyz ýagdaýa düşürdi. Luluwa aýtman teklipden ýüz öwürdi, jorasy öýkelär öýtdi. Ýöne geçmişi ýatlamagyň häzir hajaty ýok. Indi Lulu jemgyýetde ornuny tapyp, kär eýesi boldy. Onuň aýaly bolsa, özüni dört diwaryň içinde gömdi. Bikär öý hojalykçy bilen meşhur alypbaryjynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Olaryň birwagt bile okandygyny ýatlap, uludan dem alyp oňaýmalydy.
Gündizki bolan bu işleri habar bermek üçin, internet arkaly aýalyna habar ugratdy. Gynanyp ökünmegini isledi. Ýöne welin, onuň bu habary asman ýaly giňlik bilen kabul etjegine hiç garaşmandy. Wyn Siaonuan «Nesibe däldir» diýip jogap gaýtardy. Gaýtam, gündizki gören düýşünde biriniň oňa tort bişirmäni öwredendigini, ýöne ilki bilen sünnäläp sogan kesmek synagyndan geçmeli ekendigini ýazyp iberdi. Bu habary okan Leý Leniň gaşy çytyldy. Gaharyny gizläp bilmedi. «Tort bişirmek, sogan dogramak — bileni-biteni garny! Indi düýşem şol zatlar hakda boljak bolsa, işini tapypdyr! Şeýle gowy mümkinçiligi sypdyranlygy üçin gynanmaly ýaly, onuň bolsa, azaryna-da däl».
Ýene-de aýalyndan gelen hat açyldy. Görse, ýarganatyňky ýaly goltukly giň köýnegiň suraty. Ol asman reňkdedi, gyzyl nohut şekiller bilen nagyşlanyp, bahasy alty ýuandy.
— Örän owadan eken, halan bolsaň al! — Leý Le ony üns bilen synlaman, şeýle jogap iberdi.
Bu göze ilginç reňkler, eşigiň biçüwi onuň gaharyny getirdi. Wyn Siaonuanyň ondan gözüni aýryp bilmän, kompýutere seredip oturyşy göz öňüne geldi. «Görseň, ukudan doly oýananam däldir. Gözüni açalak-ýumalak edip, geçendir kompýuteriň öňüne».
— Satyn aljak bolamok. Ýöne görýän.
— Hä, şeýlemi! — Leý Le näme jogap berjegini bilmedi. Aýalynyň ähli ünsüni hiç görülmedik geýimler bilen pişikler, amerikan filmleri alýardy. Internediň içinde bolup geçýän bu ýakymly durmuş onuň ähli boş wagtyny iýýärdi. Ärine bolsa «häsini» bermekden başga hiç zat galanokdy. Aýaly şol bir wagtda hem ýürek gysgynç, hem şadyýan bolup bilýärdi. Ol onuň bu begenjini elinden alasy gelenokdy. «Asyl, oňa Wyn Siaonuanyň bu dünýäsinde orun bir barmy?!». Ine, bu welin, belli däldi.
— Bolýar, men ses bermäge barýaryn. Akyllyja bol-da, işiň bilen bol! — Leý Le şulary ýazyp ugratdy-da, tukat ýüzüni kompýuteriň ekranyna dikdi. Hakykatda bolsa, ol boş otyrdy. Şol wagtam oňa hat geldi:
— Leý Le, ertir agşam aýalyň bilen bile seni myhmançylyga çagyrandygymy ýatladýan, unutma! — Fen Ýua.
Muny ýazan bilen aralarynda birje germew bardy. Ol gepleşmäge ýaltanyp, ozal edilen şertleşigi ýazyp ýatlatdy.
Leý Le «Bolýar» diýip jogap berdi. Ýöne ondan öňki bolgusyz köýnek hakyndaky habar keýpini gaty bozany üçin, işdeşiniň habary gyzyklandyrmady. Wyn Siaonuanyň bahana tapjagyny öňünden duýdy. Myhmançylyga bir özi gitmeli boljakdy.
Şereketde diňe ýaşlar işleýärdi. Düşünişmezliker bolsa-da, agzybirligi saklaýardylar. Birek-biregiňkä myhmançylyga köp giderdiler. Üýşüp agşamlyk edinerdiler. Öňler beýle çakylyga Wyn Siaonuan begenerdi. Soňra öýde çöküp galyp muňa-da islegi gaçdy. Bir otagdan beýleki otaga geçmäge ýaltanyp, ähli zady ýatalgasynda oturan ýerinde ederdi.
Dogrudanam, Leý Le ertir myhmançylyga çagyrylandyklaryny aýdanda, Wyn Siaonuan gitmezlik üçin müň bahana gözläpdi. Onuň awtobusda aýak üstünde durup gidesi gelenokdy. Üstesine, tanamaýan adamlary bilen saçak başynda oturmak islänokdy.
— Men gitmäýin?
— Gözel göwnüň! — Wyn Siaonuan entek bahanasyny aýdyp-aýtmanka, Leý Leden nagt jogaby eşidip, gaty gördi:
— Ezizim, sen birhili, ýok diýenime begenen ýaly.
— Men saňa pul bereýin! — Leý Le adaty sahy atanyň edýänini edip, bu ýagdaýdan çykalga tapanyna begendi.
— Bir zatlar öwren, sow! Beýdip otursaň, bikärlikden dälirärsiň öýdüp gorkýaryn — diýdi.
— Sen indi meni halaňokmy? — aýaly lälik çagany ýatlatdy.
Leý Le:
— Boş oturmakdan ýadansyň — diýdi.
— Ýadamok.
— Bu gün bolmasa-da, ertir jemgyýete goşulmaly bolarsyň! Ýogsam, ýaş başyňa müň gowgany görene meňzäp barýaň. Wagt geçip, bu bolşuň ýalňyşdygyna düşüneňsoň, seni gulplap saklan ýaly, meni günäkärlärsiň.
— Ony wagty gelende göreris.
— Näme edesiň gelýär, şuny oýlan! Öwrenesiň gelen, göwnüňe makul işi gözle. Gurnaklara ýazyl. Belki, täze zatlara gyzyklanma dörär.
— Bolýar, pikirlenerin — diýen aýalynyň sesinde, göýä, merhemet görkezýän ýaly ulumsylyk duýuldy.
Leý Le onuň näz bilen zenanlygyny görkezişini halaýardy. Ýöne bu boluş ony ýadatdy.
Netijede, agşam üýşmeleňe ýeke gaýtdy. Içiň ýansyn diýlen ýaly, myhmançylykda diňe onuň aýaly ýokdy. Maşgala durmuşyndan iren ynsan ýaly, hemmäniň arasyndan saýlanyp otyrdy.
— Hany aýalyň? Näme üçin gelmedi? Ýene-de pişikleriň biri nähoşladymy? — öý eýesi çyny bilen gyzyklandy.
— Özi ýaramady — diýen Leý Le, edil iňňede oturan ýaly hiç rahat däldi.
— Aýalyňy altyn kapasadaky guş ýaly saklaýaň! Işlänok! Öýden çykanok! Sähel bir zat bolsa ýaranok! — Öý eýesiniň dili şerebelidi.
— Edil beýle-de däl! Geljekdi, ýöne birden nähoşlaýdy. Ýaramansoň, özüm öýde gal diýdim — Leý Le ýagdaýy ýumşatmak isledi. Ýöne içinden «Geçen gezek myhmançylyga gaýtmaga derek pişigi lukmana görkezmäge gitdik. Bir gün soň äkidilende näme bolardy? Biz olaryň däl-de, olar biziň eýämiz ýaly! Adamsyň, ile-de çykmak gerek! Bir köne öý onuň ýerdäki jennetine öwrüldi!» diýdi.
Wyn Siaonuan bolsa bu wagt ýekelikde islän rahatlygynyň keýpini görýärdi. Adamsy ýok bolsa, agşamlyk etmegem gerek däldi. Goýy süýt guýnup, şiresini sykan miwelerini öňüne çekdi welin, agşamlyk meselesi öz-özünden çözüldi duruberdi. Kompýuteriň öňüne geçip, halaýan köp bölümli çeper filmine tomaşa etdi. Leý Le öýde ýok bolansoň, daraklygyňa basyp ýöremek, kinonyň sesi daşyna çykmaz ýaly gulaklygy dakynmak gerek däldi.
6
Şunça sesini çykarmadyk Leý Leniň sabyr käsesi hasabyndan iki ýarym müň ýuanyň çekilip alnan güni doldy. Bu günortan çagy, Wyn Siaonuanyň onunjy düýşüni görüp ýatan wagty bolupdy. Bu onuň üçin ýöne-möne pul däldi. Diýmek, adamsynyň bank karty eline düşen aýaly, bu wagt ondaky pullary sowýan bolmaly. Näme bolanlygyny bilmek üçin telefon etjek boldy. Wyn Siaonuan zenan hökmünde tygşytly bolmagyň nämedigini bilmelidi. Ýöne, göwnüne geňeşip gördi-de, «Gysgançlyk etmäýin, ilki näme satyn alandygyny bileýin» diýdi. Pul sowmak üçin gazanylýar. Barybir, giçlik öýe baranda, ähli zat mälim boljakdy. Ýöne agşam işden gelende, Wyn Siaonuan öýde ýokdy. Agşamlyk naharam etmän gidipdir. Leý Le öňünden taýýar edilen gyzgynjak tagamlara öwrenişipdi. Öçük duran gazojaga, boş gazana ýigrenç bilen seretdi. Bu garaşylmadyk zatdy. Wyn Siaonuana jaň edeýin diýip oýlandy. Şol wagtam gapy açar bilen towlanyp açyldy.
— Ezizim, bagyşla gijä galdym. Ýol dyknyşyk. Beýle bolar öýtmändim — diýip, aýaly eli turpdur kelem ýaly bir giden zatly aşhana geçdi.
Ýere könelip giden gaty düşek ýazylany üçin, köwşüni çykarmady. Daşyndan ýetişibilmeýän öý bikesine meňzäp, getiren zatlaryny ýerleşdirmek bilen boldy.
— Dokuň açdan habary ýok diýleni. Sen nireden biljek bu wagt ýoluň dyknyşyk boljagyny. Işiň ýadawlygy gaýdyşyn ýolda bildirýär.
Leý Le birbada gyzsa-da, aýalynyň aşhanada elewräp ýörşüni görüp ýumşady.
— Näme üçin bu wagt öýden çykdyň? Hemmeleriň işden gelýän wagty bazarlamak gerekmi?
— Men seniň maslahatyňa eýerdim. «Bir zat öwren» diýeniňe! Seniň göwnüň üçin, jemgyýete goşulmak isledim.
— Diýmek, sen köçede gezim edip ýörmegi, öwrenmek hasaplaýaň-da?
— Bu gün Lulunyň boş güni. Ilki men okuwa ýazyldym, soň biz aýlaň-çaýlaň etdik!
Leý Le teklipleri beýle tiz netije berer öýtmändi. Wyn Siaonuan garaşylmadyk ýerden herekete geläýdi.
— Hasabymdan beýle köp puluň çekilenini geň gördüm welin, asyl, aýalym gözýetimini giňeltmek islän ekeni!
— Hawa! Ilki biderek çykdajy etmäýin diýip, synag üçin gatnaşyp gördüm.
— Meniň aýalym tygşytlydyr! — diýip, Leý Le ony gujaklady.
— Azajyk sabyr et, ilki gowy öwreneýin, soňra saňa garaly garylan süýji bişirip bererin.
Adamsyna gysmyljyran Wyn Siaonuan kelemi rendelemek bilen boldy.
— Näme diýip dursuň? — Leý Le ýalňyş eşidendirin öýtdi.
— Men gowy görýän zadyňy bişirmäni öwrenip, saňa bişirip berjek diýdim. Özem garalyly. Seniň iň halaýanyň! — Wyn Siaonuan jykyr-jykyr güldi.
— Sen nähili okuwa ýazyldyň?
— Süýji bişirmäni öwredýän okuwa.
— Iki ýarym müň ýuany şunuň üçin sowduňmy? Oýun edeňok gerek? — Leý Leniň ýeňse damary daş ýaly gatady.
— Hawa, men daşary ýurt süýjülerini bişirmegi öwredýän okuwa ýazyldym. Sen muny arzuw etmänmidiň? — diýip, aýaly turpy kesmäge başlady.
— Aklyňdan azaşdyňmy?! Seniň ugruňdan okanlaryň işsiz galany ýok! A sen bolsa okuwy gutaralyň bäri işläp hezil bermediň. Öýde oturyp, halys özüňi ýitirmegiňden gorkdum. Şonuň üçin ile çykyp, bir zatlar öwren diýdim. Seniň kelläň akyla derek ýonuşga bilen dolduryldymy! Bir zat öwrenmek diýip şuňa düşündiňmi! Iki ýarym müň ýuan meniň ýarym aýlygym. Men ony her aý jaýymyzyň tölegine geçirýän. Sen bolsa utanman, ony bir aşpeze goýup gaýtdyň! Saňa şunuň ýaly samsyklygy öwrenmek nämä gerek? Özüňi aňrybaş aşpez hasapladyňmy? Biziň ýaşaýşymyza bir seret! Sowuk öý, döwük diwan, edil gurluşyk meýdanynda ýaly. Aşhanada bolsa hemme zat bar — gazojak, pitiler, gury süýdi ezmek üçin restoranlarda ýok enjam. Seniň pikiriňçe, biz bala batyp, ýag iýip — ýüpek geýýärismi? Hiç hili alada ýok, hä?
Leý Le özüni ýitiripdi. Hatda Wyn Siaonuanyň gözlerindäki ýaşa-da ýüregi ýumşamady. Şol wagt onuň gözüne ol hiç zada düşünmeýän gülkünç ynsan bolup göründi. Diňe hamsykmany bilýär.
— Sen meniň aladamy ederin diýip söz beripdiň! Täze gyzyklanma gözle diýip özüň aýdypdyň! Hawa, men gowşak häsiýetli! Göreşip ýaşamaga islegim ýok! Ýaltalyk, ine, meniň halaýanym! Maňa galsa iýmek üçin işländen, aç oturanym gowy! Men durmuş guranymyzda hem şunuň ýalydym. Sen muny indi bildiňmi?
Gahary gelen Wyn Siaonuan äriniň aýagyna basyp çykyp gitdi.
Ujy ýiti ökjäniň awusy Leý Leniň süňňüne ýaýrady. Ol eplenip aýagyny tutdy. Bolýan zatlar bolgusyz düýş ýalydy. Onuň öňünde gaharjaň, işläp eklenç edenden aç oturmagy seçip-saýlan zenan durdy. Men diýen wagty ykbaly garry zenanyň ykbalyny ýatladýardy.
— Men aýlaň-çaýlaň edip geleýin — diýip, Leý Le çykyp gitdi.
Öýden çykan ýerindäki çişlikhana baryp, iýer ýaly zat buýurdy. Bu düşen ýagdaýynda onuň durmuşy paşmadyk ýaly görünýärdi. Isleýän zady bilen hakykat ýüzündäki deň gelenokdy. Lapykeçdi, jany ýanýardy, gahary gelýärdi. Göräýmäge, üýtgeşik bolan zat ýok ýalydy. Diňe aýaly öňküsi ýaly däldi. Ol durmuşyň depesine çykjak bolup, äriniň depesine çykypdy. Indi Leý Le haraba ýaly öýde, pişikleri janyndan gowy görýän aýal bilen ýaşap, ömrüni çüýredip barýar.
Şol wagt Wyn Siaonuandan «sms» geldi: «Giç boldy, gel indi. Heýgenek bişirip berjek». Aýaly uzak wagtlap kine saklap bilmeýärdi. Agzyna gelenini diýse-de tiz köşeşýärdi. Sowan pullarynyň turuzan gohuny iki ýumurtga çakyp berip basyp ýatyraryn öýtdi.
Leý Le şol keýpsiz gidişi ýaly, ýüzüni çytyp öýe dolandy. Aýalynyň bu hokgasyna geçirimlilik edip biljek däldi. Ýöne edip biljek zady-da ýokdy.
Öýde gerşi soýuk stoluň üstünde heýgenek durdy. Wyn Siaonuan bolsa hemişekisi ýaly kompýuteriň öňünde otyrdy. Pişiklerem biri-birinden galyp barýan ýaly bolup, öňlerine goýlan höregi symyşlaýardylar. Hemme zat öňki-öňkülikdi. Leý Le ýatalga özüni goýberdi. Daş-töwerekde bolýan zatlar oňa düýni ýatlatdy. Soňra ýuwaşlyk bilen ýorgany üstüne çekdi. Horja aýalynyň küýkerip oturan gerşini görende gözleri çyglandy. Belki, bu çyranyň ýiti ýagtysyndandyr. Başga sebäp bolup bilmez… Bu küýkerip duran arkanyň eýýäm birnäçe ýyl bäri onuň alnynda kakylan ýaly bolup duranyna öwrenişipdi. Onsoň gözýaşyňam şeýdip endige gireni bilen öwrenişibermelidir-dä!
7
Leý Le ir bilen ýene işine gitdi. Wyn Siaonuan öýde kir-kimirdir, nahar-şor bilen galyberdi. Ozalkydan bir tapawut — az gürleşerdiler. Aýaly günaşa ýazylan al kakmyş okuwyna giderdi. Adamsy oňlaman käýäni üçin ol ilki okuwa gatnamakdan ýüz öwrüp, geçirilen puly yzyna sorady. Ýöne bu doly mümkin bolmady. Diňe esasly sebäplere görä, ýetmiş göterimini yzyna berip biljekdiklerini aýtdylar. Galan otuz göterimi köýmesin diýip, Wyn Siaonuan Leý Le göwnemese-de, özüne zor salyp, ýewropa süýjülerini bişirmekligi öwrenmäge girişdi. Ilki sadaja kökeleri taýýarlamakdan başlady. Indi tygşytly bolaýyn diýip, aňrybaş süýjülikleriniň taýýarlanyşyna ýetilýänçä garaşdy. Ine, şonda adamsyny haýran galdyryp, diýseň oňat tagamy hödür edip biljekdi! Ýitiren ynamyny dikeltmäge ýardam eder. Saçagy lezzetli tagamlar bilen bezände, Leý Leniň garny doýup, ondan razy bolar.
Hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna günleri Leý Leni öňki ýaly ýazylgy saçak garşylanokdy. Wyn Siaonuan okuwdan gelensoň, gijä galan agşamlyklarynyň başyna geçerdiler. Adatça, ol aýalyndan ir gelerdi. Eýýäm haçandan bäri nahar bişirmäni üçin, Wyn Siaonuanyň nahar ederine öwrenişipdi. Öňki ýaşan ýerlerinde gazojagyň başynda durşuny, Wyn Siaonuanyň ony gapdaldan synlaýşyny ýadyna saldy. Aýaly hatda çaý demlemek üçin suw hem gaýnadyp bilenokdy. «Eger şulary ýatlap, ikisini deňemeli bolsa, ol häzir hakyky öý bikesine öwrüldi» diýip, özüçe gaharlansa-da, ölçerip-döken Leý Le netijä geldi. Häzir aýalynyň bişirýän tagamlaryna at dakar ýaly däldi. Häzirem bişirip getiren käşir tortuny işdämenlik bilen iýen Leý Le aýalynyň ýaňagyndan çekeläp minnetdarlygyny bildirdi. Ara düşen buzlar eräp başlady.
— Nähili görýäň! Eger şular ýaly torty bile okan topardaşlaryň duşuşygyna eltsek halarlarmy? — diýip, aýaly uly höwes bilen sorady.
— Duşuşygyň bardygyny sen nireden bilýäň? Men ony saňa aýtmandym — diýip, geň galan Leý Le tas düwnügipdi. Öňdäki dynç güni daşary döwlete giden topardaşynyň gaýdyp gelmegi mynasybetli üýşmelidiler. Ol aspirant bolup başga döwletde okaýardy. Diňe onuň üçinem däl, Leý Le beýleki topardaşlaryny hem köp wagtdan bäri görmändi.
— Sen gitjekmi! — diýen Leý Le aýalynyň «ýok» diýen sözüne garaşdy.
— Sen meniň gidenimi isläňokmy?
— Aý ýok-la… — diýip, Leý Le sägindi.
— Şular ýaly tort bişireýinmi? — diýip, Wyn Siaonuan onuň pikirleriniň çolaşandygyna üns bermän sorady.
— Bişir.
Şenbe güni irden Wyn Siaonuan ir turmajak bolup, sagadynyň jaňyny öçürdi. Ýöne üýşmeleňe taýýarlyk görmelidi.
Wyn Siaonuan käşirden tort bişirmäge girişdi.
— Ezizim, sen agşam geýjek lybasyňy saýlap-seçdiňmi? — diýip, Leý Le özüne hiç seretmeýän aýalynyň etsem-petsemi bilen gyzyklandy.
— Şu durşuma gitjek! — morta jogap beren Wyn Siaonuan öňündäki hamyry bilen boldy.
Aýagynda köneje jinsi balagy, egninde-de solup başlan gara köýnekçesi bardy.
Leý Le öňler geýnip, özüne timar berýändigini ýatlatdy. Talyp döwründe puly diňe eşige sowardy. Täze ädik satyn almak üçin bir aýlap agzyndan kesip, gaty-guty bilen oňňut ederdi.
Wyn Siaonuan:
— Bolýar, geýnerin. Leý Leni utanja goýup bilmerin — diýdi.
Leý Le geýimli yşgaby açdy. Gözlerine ynanmady. Onuň içinde birnäçe sadaja üstki geýim, könelip solup giden balaklar bardy. Olaryň hiç birini halamady.
— Bary şularmy?
— Men öýden çykamok. Ýatymlyk eşigim bolsa ýeterlik.
— Onda näme üçin internetdäki bolgusyz geýimler bilen gyzyklanýaň!
— Ýöne munuň üçin pul soranoklar-a.
— Eger gymmat bolmasa, göwnüňe ýaran köýnek gabat gelse al! Saňa eşik alara pulumyz bar.
— Maňa tapawudy ýok.
— Onda agşam näme geýjek?
— Geçen ýyl ejemiň alyp beren gymmat bahaly bir eşigi bolmaly.
Soňra ellerini ýuwup geldi-de, al reňkli geýimi yşgapdan çykardy. Ony geýip şadyýan ýylgyrdy. Bu gürrüň şeýdip jemlendi.
8
Şa Sýuetin şäheriň daşyndaky kaşaň jaýlaryň birinde ýaşaýardy. Soramanyňda-da ol jaýlaryň gymmatdygy öz-özünden düşnüklidi. Abatlaýyş işleri ýewropa nusgasynda edilendi. Nirä seretseň zynatdy. Agaç goş-golamlary aňrybaş agaçdan ýasalandy. Olaryň bezegleri gaty sünnädi. Öý bezegi däl-de, sungat eseri diýse-de boljakdy. Aýak basmaga dözeňokdyň. Birden döwäýmäýin diýip, ellemäge-de gorkýardyň. Ýa-da tersine, ählisini kül-uşak edip içiňi sowadyp, özüňi ýumşak diwana oklap goýberseň diýdirýärdi. Petikden asylan şahaçyra, diwardan endigan asylan çyralar diýseň kändi. Tümlügi kowmak üçin bu giň otaglara ýeke çyranyň güýji ýetjek däldi.
Egnine ýapynja atyp, myhmanlary garşylaýan Şa Sýuetin orta mekdepdäki okuw müdirini ýatladýardy. Leý Le kino düşýän ýaly özüni oňaýsyz duýdy. Hatda özüniň dem alşyny-da eşidýärdi. Aýaly hem daşyndan hondan bärsi görnüp, ynjyk aktrisany ýada salýardy.
Myhman otaga geçen oglanlar ondan-mundan gep açdylar. Şa Sýuetin gyzlar bilen aýlanyp, öýüň içini görkezdi. Soňra olaram myhman otaga geçdiler. Leý Le pikire çümdi. Aýaly bu öýi görüp, öz paýyna düşen sada durmuşyny näletlär öýtdi. Indi bu kaşaň öýüň eýesi bolup ýören gyz okuwyň birinji ýylynda çykyş edende: «Güller ýyllar geçse-de üýtgemez, adamlar bolsa ýaşy ulaldygyça üýtgär» ( Lýu Sin Tan dinastiýasy döwrüniň şahyrynyň goşgusyndan) diýipdi. Bu sözleri iki gezek gaýtalap, yzy ýadyna düşmäni üçin dymypdy.
Ýyllar geçse-de, bu gyz hem üýtgemändi. Şol agyr häsiýeti, şol bir äheňde geplemek, özüni magtamak ýaly häsiýetlerini saklapdy. Şu zatlary pikir eden Leý Leniň oňa azajygam bolsa hormaty artdy.
Naharlar bäş ýyldyzly myhmanhanadan getirilipdi. Olar altyn çaýylan gap-gaçlara salnypdy. Nagyş çekilen saçak ýazylan stolda goýlupdy. Şa Sýuetin gymmat bahaly ýapynjasyna örtünip, bişen ülje ýaly dodaklaryny öňe çömmeldip, hemmeleri nahara çagyrdy.
Süýjülikler hem restorandan buýrulyp getirilipdi. Olaryň arasynda Leý Leniň iň gowy görýän garalyly torty hem bardy. Wyn Siaonuanyň getiren käşirli tortuny hyzmatçy gyzyň äkidendigini Leý Le görüp galdy. Muňa gahary geldimikä diýip, aýalynyň ýüzüne seretdi. Ol bolsa başga zada üns bermän, her zatdan dadyp görýärdi. Birdenem duýdansyz ýerden oňa tarap öwrülip:
— Edil şulary bişirmäni öwrenesim gelýär! — diýdi.
— Bulary taýýarlamak aňsat däl. Men ony köp restoranda dadyp görüp saýladym — Şa Sýuetin gürrüňe goşuldy. Onuň sesinde äsgermezlik duýulýardy.
Wyn Siaonuan:
— Men häzir şeýle süýjülikleriň taýýarlanyşyny öwrenýärin.
— Biş-düş etmek kyn zat, ýöne ähli güýjüňi alýar. Seret, şu pisseli kökelerden dadyp gör! — diýip, Şa Sýuetin kiçijik kökeleri görkezdi.
— Bu restoranyň iň aňrybaş süýjüligi hasaplanýar.
— Doýdum. Mundan artyk iýip biljek däl.
— Azajygam bolsa, alaý! Çala dişläp, iň bolmanda, tagamyny gör. Agzyňda eräp gidýär. Men gaty ynjyk. Ýöne şu kökeden iýmän durup bilmedim — diýip Şa Sýuetin bir diýenini tutdy.
— Men pissäni halamok.
— Kökede onuň tagamy duýlanok, eger çynym. Tersine, gaýmagyň tagamy bar.
— Men düýbünden pisse diýen zady halamok. Halaýan bolsaň, özüň iýiber!
Leý Le aýalynyň näme üçin pisse bilen bagly derdiniň bardygyny aýtmandygyna hiç düşünip bilmedi. Gep pissäni halamazlykda däldi. Agzyna azajyk aldygy çişip, hatda özündenem gidip bilýärdi. Dogrudanam, Şa Sýuetiniň häsiýeti üýtgemändir. Adamlaryň edesi gelmeýän zadyny zor bilen etdirjek bolýardy. Ol Leý Lene Wyn Siaonuanyň daýzasyny ýatlatdy. Depesinde çogdamlanan saçy, ýüzüniň inçeligi, ýiti sesi — agynjak şonuň özüdi. Şa Sýuetin daş-töweregindäkiler bilen goşulyşýanam bolsa, göze ilip, saýlanyp durdy. Muny, elbetde, hemmeler duýdy. Wyn Siaonuan özüniň iň gymmat eşiginde hem onuň ýanynda ýönekeý görünýärdi. Ýöne onda sada adamyň mylaýymlygy bardy.
— Men siziň şäheriň çetinde ýaşaýandygyňyzy eşitdim, şol dogrumy? — diýip, Şa Sýuetin bilmediksiränden bolup sorady.
Elleri çemçeli myhmanlar doňup galdylar. Ýöne eşitmezlige saldylar. Bilgeşleýin edýändigine düşündiler.
— Hawa, ýöne ol diýýäniňden has aňyrda ýaşaýas — Wyn Siaonuanyň sesi adaty halyndady.
— Uzakda ýaşaýan ekeniňiz. Işe nädip gatnaýaňyz? — Şa Sýuetin gaýtmyşym ederli däldi.
— Ertirden agşama çenli durman işleýäs — diýip, başyny galdyran Wyn Siaonuan özünde hemmeleriň höwes edýän durmuşy bar ýaly edip aýtdy.
— Aňsat düşýän däldir — diýip, Şa Sýuetin başyny ýaýkap gynanç bildirdi. Gynanjynyň ýürekden däldigi ýüzüne çykyp durdy.
— Üýtgeşik pulumyz ýok. Ýöne entäk ýaş. Gujur-gaýratymyz ýerinde. Adamlar Şençenden Gonkonga işe gatnamaýarmy näme! Bulary pikir edemde, şu günümize şükür edýärin — diýip, Wyn Siaonuan süýjüligiň çetinden dişledi.
— Hawa, ol-a dogry! Ýogsa-da, men indiki aýda Gonkonga gitmekçi. Senem gitjekmi? — Hoşamaýlyga salyp, Şa Sýuetin teklip etdi.
— Şeýlemi! Men ol ýerini hiç görmändim. Özümi oňaýsyz duýaryn.
Şa Sýuetin muňa ýasama güldi. Leý Le onuň dişlerine şokolad çyrşalandygyny gördi. «Süýjülikli ýylgyryşy» ony hasam eýmenç görkezdi.
— Şa Sýuetin, seniň dişiňde bir zat bar.
Wyn Siaonuanyň bu sözlerini eşidenler onuň dişlerine seretdiler. Ol muny bilgeşleýin diýene meňzemedi. Leý Le ýylgyrdy. Aýaly mynasyp gaýtawul bermegi başardy. Şa Sýuetin bolsa onuň muny erbet niýet bilen ýa-da ýöne şeýle diýenine düşünmedi.
Şa Sýuetiniň talyp wagty nahara at dakmak endigi bardy. Hatda naharhanada üç ýuana düşýän günortanlyk çorbasynyň hem duzy ýuwan diýip goh turzardy. Şunuň ýaly sygyr etini haýsydyr bir restoranda ýedi minutda däl-de, bolmalysy ýaly edip, sekiz minutda gowurýarlar diýip bolgusyz gürrüň tapardy.
Bu wagt onuň öýündäki naharlar bäş ýyldyzly myhmanhanadan getirilipdi. Dürli-dümen iýse-de, Leý Le doýmandy. Sebäbi bu saçakdaky nygmatlardan öý bikesiniň söýgüsi gelenokdy. Ýa-da Leý Le bahana gözleýärmi?! Mümkin, beýle netije çykarmasy dogry däldir. Ýöne Wyn Siaonuanyň bişirýän naharyny küýsäni welin çynydy. «Bu meýlis sag-aman sowulsa, bizem öýümize gaýtsak» diýip sabyrsyz garaşýardy.
— Ezizim, sen nähili pikir edýäň? Edil şunuň ýaly tagamlary bişirip bilerinmi? — Wyn Siaonuanyň bu sözleri pikire batan Leý Leni özüne getirdi.
— Sen ondanam tagamly bişirersiň!
— Maňa ýaranjaňlyk edýäňmi?
— Men bir zat soraýyn-la…
— Diňleýän.
— Näme üçin saňa pisse iýmek bolmaýandygyny aýtmadyň?
— Men näme üçin oňa ony aýdaýyn. Kim ol meniň üçin? Näme üçin özümiň kemimi ýaýmaly? Ony bilip, maňa zyýan etsin diýipmi?
— Sende näme was-was keseli barmy?
— Mümkin şeýledir. Onuň gereginden aşa mylaýymlygyny duýmadyňmy?
— Senem aňdyňmy? Saňa özüni gorap bilmeýän ejiz diýýärler.
Leý Leniň keýpi göterildi:
— Ezizim, öýe bardygymyz garnymy doýursaň.
— Saçaga goýan naharlary diýseň tagamly ekeni. Meniň naharlaryma at dakmaň bardy. Bäş ýyldyzly myhmanhananyň naharlarynyň nämesini halamadyň?!
— Men-ä olarda tagam-tagsyr duýmadym.
— Munyň-a hä diýip bilmen. Eger naharlar tagamly bolsa, şony boýnuňa almaly.
— Şeýle boljagyny ýüregim syzdy. Käşirden torty äkitmeli däldiň. Men ony öýde iýerdim — Leý Le tortuň saçaga äberilmändigini ýatlady.
— Üns berdiňmi, Şa Sýuetin juda az iýdi, diňe tamşanyp goýdy. Myhmanlar gaýdansoň, meniň elten tortumy öňüne çekendir! Eger iýmäni halamaýan bolsa, beýle semiz bolmazdy. Ogrynça iýýänlerden ol!
Metronyň içi dyknyşykdy. Bu şäherde adam şeýle bir kändi welin, hatda dynç günlerem wagonlarda aýak basara ýer ýokdy.
Wyn Siaonuan:
— Öýüni nähili gördüň? — diýip sorady.
— Gaty uly eken. Bir girseň, yzyňy tapjak gümanyň ýok.
— Beýle uly öýi görüp, özümi oňaýsyz duýdum.
— Seniň arzuwçyllygyňa näme boldy?! Onuň öýi ulam bolsa, biziňki ýaly ýaşyl gapysy ýok ahyryn!
— Ýöne eşikleriniň ajaýyplygyna söz ýok! Edil meşhur adamlaryňky ýaly! Pulumyz köpelende, mende-de şeýle bolar!
— Eger beýle bolmasa?! — Leý Le sorady. Ol öňünden aýalynyň umydyny sowatmak isledi.
— Zyýany ýok. Ilki onuň üçin köp eşik edinmeli.
Onuň biperwaý beren jogaby, edil balygyň gylçygynyň bokurdagyňda galyşy ýaly, Leý Leniň aňynda galdy. Şa Sýuetiniň her gün dükanlara aýlanyşyny göz öňüňe getirseň, yşgaplaryny eşikden doldurmak aňsat düşen däldir.
Wyn Siaonuan işlemeýärdi. Çünki bäsdeşlik bolsa, talap bildirilse halamazdy. Pişikleri bilen öz guran dünýäsinde ýaşamagy saýlapdy. Biraz mundan öň onuň hiç zadyň alnyndan däldigine gahary gelen Leý Le, bu gün özüni onuň öňünde borçly duýdy. Wyn Siaonuan beýleki gyzlara meňzemeýärdi. Durmuşa gatnaşygy agyr, ýöne şol bir wagtda ýönekeýdi. Belki, wagtyny bikär geçirýär diýmezden ötri, otagy abatlap berip, soň ony häsiýetsizlikde aýyplamalydyr? Mümkin birnäçe günden onuň aşpezlik okuwyna hem jyny düşüp, ýigrenip başlar. Iş gözlemelidigini aýdar. Ýa-da kompýuteriň öňünde küýkerip oturyşyny görüp hyrçyny dişlär. Bu ertir bolar.
Ýöne bu gün welin, Leý Le onuň arkasynda akja ganatlar bar ýaly duýdy. Kalbynyň owadanlygynyň üsti açylyp, erkin ruhy howada gaýmalaýan ýalydy! Birnäçe ýyl mundan öň onuň ünsüni çekjek bolup çarp uranda hem, gyz şu wagtkysy ýalydy. Häzirem üýtgemändir.
Metro bekedinden öýlerine çenli ýene iki duralga galypdy. Leý Le pyýada gitmegi teklip etdi. Wyn Siaonuan baş atyp razylygyny bildirdi. Bu giň hem göni gara ýol hiç gutarmajak ýaly bolup göründi. Ýene az wagtdan olaryň mähriban külbesi görner. Goý, külbe bolsa bolubersin…
