|

Kitaphananyñ howlusynda

Kitaphananyñ howlusynda Türkmen Döwlet kitaphanasynyñ Filosofik howlusynda

Eflatunmy, Aristotel, Faraby,
Ele alyp ýene ýelek galamy,
Maña gadymýetden ýazýarlar nama, —
Üstünden asyrlar geçende näme!

Diwaryñ ýüzünden bakyşyp ine,
Ýazyşyp otyrlar taglymatyny,
Çyny bilen düşündirjek bolýarlar
Ynsanyñ, dünýäniñ tebigatyny.

Materiýa, kosmos,
Ideýa hem añ…
Filosof, patyşa…
Bakylyk,
Ynsan…
Olaryñ agzaýan, gozgaýan zady
Iññän çylşyrymly,
Juda ullakan…

…Okyjydan doly stollañ daşy,
Kitaplara gümra, egipdir başy,
Himiýa, logika, taryh, diamat,
Fizika, etika, din, dil, syýasat,
Diñkesin dikipdir hersi bir zada,
Şondan başga häzir zat ýok dünýäde.

Ýöne ynha, ýada salyp ogryny
Bir çetinde filosofik howlynyñ,
Ýeñsesin öwürip akyldarlara,
Bir gyz bilen ýigit ogşaşyp otyr…

Öñlerinde meniñ kitabym ýatyr!

1978

Annaberdi AGABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи