Kitap — mähriban dost
Kitap — mähriban dost
— Ylmy kitaplardan iň täzelerini, çeper kitaplardan bolsa has könelerini okaň! Nusgawy edebiýat hiç haçan könelýän däldir.
Eduard Bulwer-Litton, iňlis ýazyjysy.
* * *
Pikirlenmän okadygyňyzça, köp bilýändirin öýdýänsiňiz, pikirlenip okadygyňyzça bolsa, şonça-da az bilýän ýalysyňyz.
Fransua Wolter, fransuz filosofy.
* * *
— Okap düşünmezlik düýbünden okamazlyk bilen barabardyr.
Ýan Komenskiý, çeh pedagogy.
* * *
— Kitap muzd soramaýan mugallymdyr. Ol her pursatda saňa akyl-paýhas peşgeş berýär.
Alyşir Nowaýy, özbek şahyry we akyldary.
* * *
Kitap iň wepaly dostdur. Iň kyn pursatlarda-da onuň goldawyna bil baglamak bolar. Kitap hiç haçan biwepalyk etmez.
Alfons Dode, fransuz ýazyjysy.
* * *
Adamlar okamagy bes edenlerinde, pikir etmegi hem bes edýärler.
Deni Didro, fransuz filosofy.
* * *
Oňat kitaply bolmak, iň uly baýramçylykdyr.
Maksim Gorkiý, rus ýazyjysy.
* * *
Eline oňat kitap düşen adam hiç haçan ýalňyz däldir.
Karlo Goldoni, italýan dramaturgy.
* * *
Dünýäde kitapdan mähriban dost bolmaz.
Alyşir Nowaýy, özbek şahyry we akyldary.
* * *
Her kitaby okamagy başarmak gerek.
Blez Paskal, fransuz alymy we ýazyjysy.
* * *
Pikirlenmän okamak – iýýäniňi çeýnemän ýuwudup oturan ýalydyr.
Edmund Bork, iňlis syýasy işgäri.
* * *
Kitapsyz öý ýüreksiz göwre ýalydyr.
Mark Siseron, gadymy grek akyldary.
* * *
Toplan: Gülşat KULYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mugallymy. Sözler