Kindiwanja kyssalar
Dil
Gelin ötgür dili bilen ýanýoldaşynyň göwnüne degenini bilip, dürli pikirleriň girdabyna çümdi. Pikirini düýbünden üýtgetdi. Öýke-kineleri ýadyndan çykardy.
Özüniň pikirini jemläp, «Gel, men ilki bagyşla, Merdan!» diýeýin. Çünki «bagyşla!» diýen bendäni Ýaradan hem söýüpdir» diýip, bir netijä geldi.
Gelin ýanýoldaşynyň iş ýerine jaň edip, ötünç sorady. Ýoldaşy ony bagyşlady. Bu ojakda ýene bagtyýar durmuş başlandy.
Ýogsa-da «Dil — bela, diş — gala» diýen nakyl hem ýöne ýerden döremändir ahyry.
Magnit hem özi bilen kybapdaş bolmasa, duş gelen jisimi özüne çekip duranok.
Zehin
Ol mekdep döwründe hiç kime goşulmazdy. Dogrusyny aýtsaň, dymmady. Her kim oňa «dymma» diýerdiler.
Ol wagt tapsa, öýüne tarap ýumlugardy.
Olar obanyň çetinde giň howluda ýaşaýardy. Kiçiräk öý suratkeşiň ussahanasyna öwrülipdi. Nepis çekilen suratlar gün-günden köpeldi gitdi.
Indi ol ussat suratkeş hökmünde bütin obasyna belli bolupdy.
Zehin yhlasa bagly bolýar. Bir ýerde bolmasa, bir ýerde daş ýaryp çykýar ekeni.
Ýagşy niýet
Türkmençilikde «Niýetiň düzüw bolsun!» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar.
Gudaçylyga gidilende, sadaka, toý berlende, ilki ýagşy niýet edilýär.
Ýagşy niýetli bolanyňda durmuşda islendik kynçylyklary çözüp bolýandygyny alymlar belleýärler.
Bähbit
Herki zadyň gapdalynda bähbidi bolýar. Durmuşda bir näsaz iş bolaýanda-da. «Gynanma, bu işleriň ýanynda bähbidi bardyr. Bähbitlisi boljakdyr» diýip, birek-birege goldaw berilýär.
Bagt
Bagtyň örüsi giň. Saglykda gezmek, ýagşy günüňe şükür etmeklik hem uly bagtdyr.
Adam ony hemişe duýup duraýanok.