|

Kinaýaly setirler

Kinaýaly setirler KINAÝALY SETIRLER

Tehnika şeýle bir kämilleşer, şonda adamyñ öz-özüne-de geregi bolmaz.

* * *

Bir şahyryñ beýleki şahyr baradaky aýdýanlaryny şahyr bolmanam aýdyp bolar.

* * *

Şeýle bir ejiz pýesalar bar, olaryñ asyl sahnadan düşmäge gurbaty ýok.

* * *

Adamzat demirden ýasalan. Şonuñ üçinem ol ellerindäki zynjyry üzenok.

* * *

Özüñiñ sypaýyçylyklydygyñy nygtamak üçin käwagtlar gödeklik gerek.

* * *

Eh, wagt, wagt! Durmuşy bir günde ýaşap gutarmak mümkin. Ýöne beýlekilerini nirä ýitirim etjek?

* * *

Bar zat adamyñ elinde. Şonuñ üçinem olary köpräk ýuwup durmaly.

* * *

Daşary ýurt dilini bilmezden, hiç haçan daşary ýurtlynyñ dymmasyna düşünip bilmersiñ.

* * *

Şuny ýatda sakla: adamyñ başga çykalgasy ýok — adamlygyna-da galmaly.

* * *

Ideýalar göreşinde adamlar heläk bolýar.

* * *

Dünýä açylan penjiräni gazet bilenem beklemek mümkin.

Stanislaw ÝEŽI LES,
(Polşa). Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle