Kimler kimler bilen bile!
Kimler kimler bilen bile!

Häzir ýurduñ ikisi öli, biri diri üç döwlet ýolbaşçysy bar. Bular Koreýa Halk Demokratik Respublikasyny 75 ýyl bäri dolandyryp gelýär.
Kim Çen Yn, Kim Çen Ir, Kim Ir Sen.
Kim Çen Yn 41 ýaşynda. 2011-nji ýylda kakasy ölenden soñ häkimiýet başyna geldi.
Kim Çen Ir 69 ýaşynda öldi. 1994-nji ýylda kakasy ölenden soñ häkimiýet başyna geldi.
Atasy, kakasy, ogly 75 ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelýär: atasy 46 ýyl, kakasy 17 ýyl, ogly häzirlikçe 12 ýyl…
* * *
Ýok, ýok, birden monarhiýamy näme bu diýäýmäñ.
Çünki bu ýurduñ «demokratik respublikadygyny» ýokarda ýazdym.
Ýurt baştutany saýlawlar esasynda saýlanýar.
Saýlawlar kommunistik partiýanyñ arasynda geçirilýär. Partiýanyñ ýuridiki ady Koreýanyñ Işçi partiýasy.
Üç Kimiñ diñe ýurduñ we partiýanyñ ýolbaşçysy bolmak bilen çäklenmän, «baş komandýuşiý», «general», «marşal», «generalissumus» ýaly ýokary çinleriñ we köp sanly döwlet sylaglary bilen orden-medallaryñ eýesidigini-de aýtman geçip bolmaz.
Şeýle-de, atasy we kakasy ölenlerinden soñ ýurduñ «müdimilik döwlet ýolbaşçysy» yglan edilipdi.
Ýagny, edil häzir KHDR-nyñ ikisi öli, biri diri üç sany döwlet ýolbaşçysy bar.

* * *
2011-nji ýylda Kim Çen Ir ölende Demirgazyk Koreýadan gelen habarlary ýada saldym. Döwlet telekanalynda ilkinji bolup spiker ýarym-ýaş halda şum habary beripdi.
Soñky günlerde ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşlysyna çenli Demirgazyk Koreýaly raýatlaryñ merhum ýolbaşçylarynyñ heýkeliniñ öñünde birnäçe günläp aglaýan görnüşleri berildi.
Eýle-beýle aglamagam däldi, öz-özlerini ýumruklap, ýaka ýyrtyp durman aglaýarlardy.
Çynmy-ýalanmy biljek däl, günäsi öz boýunlaryna welin, Günbatar mediýasy «aglamadyklaryñ türmä atylandygyny» habar beripdi.
Şuña meñzeş aglamalaryñ we türme basha-baslyklarynyñ 1994-nji ýylda Kim Ir Seniñ ýogalan wagtynda-da bolandygyny ýatladýardylar.
Halkyñ liderlerine bildirilen şeýlekin uç-gyraksyz söýgi we wepalylyk diñe metbugat organlarynda däl, ýurduñ her iki ädim ýerinde asylýan portretler, ýazgylar, ýadygärlikler bilenem sereşlenýärdi.

* * *
Kim atanyñ (Kim Ir Sen) doglan gününi baýramçylyga öwrüpdiler, adyna-da «Güneş güni» diýýärdiler. Oña «köpçülikleýin hormatyñy» görkezmek üçin «Milletiñ Güneşi» hem diýilýärdi.
Ol diñe «beýik lider» däl, eýsem «beýik kompozitor», «deñsiz-taýsyz filosof», «tapylgysyz edebiýat we kino tankytçysydy».
Hemmeler ýakasyna onuñ keşbi şekillendirilen znaçok dakyp gezmelidi.
Jaýlaryñ depesinden başlap otlularyñ wagonlaryna çenli hemme ýerde onuñ suratyny görüp bolýardy.
Çagalar bagynda kiçijik çagalar oña bolan çäksiz minnetdarlyklaryny beýan ederdiler.
Ony wasp edýän san-sajaksyz aýdymlar, kinofilmler, kitaplar, onuñ ady dakylan etraplar, köçeler bardy.
Ýurt ykdysady problemalaryñ batgasyna batanam bolsa, «Milletiñ Güneşi» bol-telki durmuşda döwran sürüp ýaşaýardy.
Soñky iki lider üçin-ä, bu hasam şeýle boldy.
Şahsy durmuşlary ýaşyrylýardy, bu barada «gereksiz habarlary taýýarlanlar» jezalandyrylýardy, öñbaşçynyñ ýarawsyzlygy hakda agzamak we birugsat surata düşürmek gadagandy.

* * *
Kim kakanyñ (Kim Çen Ir) «dört kanuny aýaly» we üç ogly bardy. Aýdylýanlara gulak gabartsañ-a, aslynda onuñ çagalary 17-ä ýetipdir.
Kim ogulyñ (Kim Çen Yn) bolsa aýal-gyzlar kän ugrunyñ ýokdugyny, garasöýmez gylyk-häsiýetli biridigi barada habarlar ýaýrady.
Ol bir döwür Demirgazyk Koreýanyñ döwlet ýolbaşçysynyñ ogludygyny gizläp, galp pasport we başga at-familiýa bilen Şweýsariýada okapdy.
Bir mahallar syýasat bilen gyzyklanmaýan, basketbol oýnamagy aşa gowy görýän, garasöýmez ýigit hökmünde tanalypdy.
Soñ süýjili diabetden we gan basyşynyñ oýnamagyndan (dawleniýe) ejir çekýändigi hem-de ölemen çilimkeşdigi hakda habarlar ýaýrady.
KHDR-niñ baştutanynyñ agramynyñ 130 kg, boýunyñ 1,70 sm-digi aýdylýar.
Şeýle-de, onuñ häkimiýet başyna gelenden soñ agasyny, ondan dört ýyl geçensoñam öz doganyny «dönüklikde» aýyplap öldürdendigi rowaýat edilýär.

* * *
Demirgazyk Koreýa özüni «sosialistik» ýurt hasaplaýar.
Şu günki gün düýpli ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtda birgiden gadagançylyklar bar.
Daşky dünýä doly ýapyk. Günbatar bilen ömür dawaly. Ýadro ýaragyna eýe az sanly döwletleriñ biri.
ABŞ näme hokga tapjagyny öñünden bilip bolmaýan bu döwlet ýolbaşçysynyñ ýadro urşuny turuzma ähtimallygyndan öler ýaly gorkýar.
Hytaý onuñ bilen çalamydar dil tapyşýar. Russiýa bolsa KHDR-a ws Kim Çen Yna «çakdanaşa mähirli» garaýar. Aýratynam Ukraina urşunyñ başlan wagtyndan bäri.
Kreml ýarag üpjünçiligini diñe öz zawodlary bilen doly kanagatlandyryp bilmejegini bilip, Eýranyñ uçarmansyz dolandyrylýan istrebitelleriniñem çäklidigine düşünenden soñ özüne ýakyn durýan ýurtlardan ýarag satyn almak isledi.
Günbataryñ eden basyşlary netijesinde Hytaý bu boýunça Russiýa kömek etmekden ýüz öwürdi.
Iñ soñky umyt Demirgazyk Koreýadady.

* * *
Köplenç gözden uzak ýaşaýan, habar beriş serişdeleri bilen arasy çäkli bolan we daşary ýurda kän çykmaýan Kim Çen Yn şu günler Russiýa gitdi.
Uçara münmek gorkusyny ýeñip bilmändigi üçin ýene bronirlenen otlusyny ulandy.
Ol Russiýanyñ Uzak Gündogarynda, Amurdaky kosmos bazasynda Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Näme hakda gürleşenlerini doly mälim etmediler. Ýöne söwda, ýarag önümçiligi we söwdasy, kosmos maksatnamalarynyñ üstünde has köp durlup geçilendigi çak edilýär.
ABŞ hemme ähtimallyga garşy Demirgazyk Koreýanyñ Russiýa ýarag bermäge razy bolan ýagdaýynda gerekli garşylyklaýyn ädimleri ätmek üçin «ikirjiñlenip durmajagyny» aýdyp, haýbat baryny atdy.
Koreýaly lideriñ «Prezident Putiniñ we Russiýa hökümetiniñ ähli kararlaryny goldap geldik we goldaýarys» diýmegi Günbataryñ paýtagtlaryny hopukdyrman durmady.
Kim Çen Yn «imperializme garşy göreşýän Russiýa bilen hemişe bilelikde hereket ederis» diýdi.

* * *
Iki lideriñ duşuşygy hakdaky habarlary mediýada kimleriñ nähili berendigine üns bilen synlamaga synanyşdym.
Şu «imperializme garşy göreşýän Russiýa bilen birlikde bolmak» meselesiniñ çep ganatyñ bir bölegini tolgundyrandygyny gördüm.
Bularyñ köpüsiniñ urşuñ millionlarça adama beren bimöçber zyýanyna onçakly ähmiýet bermezden «syýasy we ideologik taýdan» Ukrainanyñ we Günbataryñ ýeñilmegi üçin Putini goldaýandygy, iñ bolmanda oña simpatiýa bilen garaýandygy gizlin däl.
Ah, şu imperializm! Ah, şu ABŞ! Ah, şu amerikanlar!
Şularam bir başga ýurtlaryñ içerki işlerine burnuny sokmakdan el çekäýsediler…
Nähili ynjalyk tapardyk.
Hem… Kimiñ kimdigini has añsat bilerdik.
Hakan AKSAÝ.
«T24» internet gazeti, 16.09.2023 ý. Publisistika