| |

Kimiňki dogry?

Kimiňki dogry? KIMIŇKI DOGRY?

Iki sany danyşment bir uly mejlisde bile oturmaly bolupdyr. Olaryň biri takwalyk edip, dymmagy özüne endik edipdir. Beýlekisi bolsa, parasatly sözler bilen öwüt-ündew edip oturypdyr. Soralan zatlara bildiginden jogap beripdir. Mejlisiň ahyrynda dymyp oturan danyşment:

-Bir aryf gördüm. Agzy Köneürgenjiň bazarynyň derwezesi ýaly eken-diýipdir.

Gürrüňiň nirä kakdyrylýandygyny aňan beýleki danyşment hem:

-Maňa-da bir aryf sataşdy. Husytlygyndan ýaňa altynly sandygyň gulpuny açmanlar geçdi-diýip, onuňam bolşuny beýan edipdir.

«Geplemek dürs, geplemezlik dürs!» diýlip, halk pähiminde aýdylýar. Ýokarky hekaýatda takwalyk etjek bolup, bilýän zadyňy ile ýetirmän oturmagyň hem dogry däldigi nygtalýar. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle