Kim razy däl? / hekaýa
Kim razy däl? / hekaýa
— Gör, siziň naçalnigiňiz nähili rehimli adam. Işden ir goýberip, özi ertire çenli garawulyň ornuna galaýypdyr. Gör, nähili dözümsiz başlyk.
— Diýmek, onda sen maňa öýlenmegi ýüregiňe pugta düwüpsiň-dä?..
— Düwdüm.
— Sen hemmesini ölçerip-dökdüňmi?
— Hawa.
— Magazine, bazara baka bir ädimem ätmejegimi sen bilýäňmi?
— Şoňa menden ökde adam bolmaz.
— Men nahar bişirmäni başaramokdyryn.
— Sen başarmasaň, men başarýan.
— Men kirem ýuwup bilemok.
— Men kiri gowy ýuwýan ýeri bilýän.
— Men öl esgini, tozan sorýany elime-de alman.
— Meň iki elim bar-a.
— Men magnitofony soňky güýjüne çenli waňladaryn.
— Meň gulagymyň perdesi teletin ýalydyr.
— Seň ähli dostlaryňy öýden çykaryp kowaryn.
— Nirä gitseler, şoňa gitsinler.
— Men seň aýlygyňy bir köpügiňem goýman eliňden alaryn.
— Eger-de dostlarym bolmajak bolsa, puluň maňa derkary ýok.
— Men oýun edemok. Hemmesi aýdyşym ýaly bolar.
— Meňem gara çynym.
— Şu zatlara garamazdan, sen maňa öýlenmäge razy-da onda?
— Razy.
— Onda men razy däl. Öz mertebesini saklap bilmeýän äri men başyma ýapaýynmy?!
Malhaz SOTADZE,
Gruziýa SSR-i.
Terjime eden Rahman ÖWEZOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 29.10.1982 ý. Satiriki hekaýalar