Kim nirde… / mini-kyssajyk
Kim nirde… / mini-kyssajyk

Aýaly dogumly.
Çydamlam.
Ýöne, durmuş-da.
Arasynda sene-mene üçin bahana-da tapylaýýar.
Gorjabaşy kim boldy?
Bellisi ýok, ýöne, bir gün sözleri azaşdy.
Günäkärem, çaky çak bolsa, erkekçe dogrujasyndan gelmäge syrty çatsa-ha, erkek bolmaly. Ýöne, şeýle seretseň welin, durmuşda hemme zada, hemişe-de aýal günäkär-ä. Şo sebäpden, bu gezegem aýyp şoňa ýöňkeldi.
Nämüçin?
Owal-a, ýasalan süňk-saňk özeni egri.
Gapyrga.
Oňam çepinden.
Galyberse-de, şonuň şü hemişeki nemeligi bolmadyk bolsady, onda, şumat şumatlara çenlem, bi adamzat ähli, iýmän-içmän, hajathana gatnaman… garaz, hiç hili azar-bizarsyzja, hemme zat “oll onklýuziw” düzgündäki, ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyldyzly myhmanhanalara-da poh iýdirýän, ýaman erbet ýerde, agaýana döwran sürüp ýörmeli.
Garaz, gepiň kelte ýeri, erkek ýene erkekligini edip, gopan gohda, “ganym gadyrdanyny” günäledi.
Olam, hemiş-ä beýlebir neme-de däldi weli, şu sapar-a nämüçindir nemetmedi.
Halys degnasyna degdimi nämemi…
Onsoň, jala-jala edip, nemesleriň “maşinengewer” diýýän, okseçer “wunderwaflýasyndan”, çar ýana gülle paýradýan ýaly, ýitiden-ýiti sözleri, ýetişibildiginden suňşuryp-seçmäge başlady:
-Öldüm-u-u, öldüm-ä, men pahyr, şü tünegiň ojagyna odun, tamdyryna kesewi, unitazyna suw boly-y-y-ýp! Şunça ýyl, şu başyna ýumrulmyş hütdügi adam etjek boly-y-y-ýp, dowzahyň ýalnyna çirkizilýän dek, çawlana-çawlana ýaşapjyklar öldüm-ä…
Erkek, ilk-ä bir, manadüşmez mönlük bilen, göýä: “My:ňa nämmolup ýatyr-aý, bi pille?” diýýän dek, höwrüniň “walaleýlatasyny”, geňirgenip synlady. Soňam, birki sekuntlyk böwrüne diň salyp durdy-durdy-da, şondan ibaly gep tapmadymy nämemi, hüňürdedi:
-Bizem, sen dowzahda çirkizilip çawlanýarkaň, jennetde hüýr-perileriň müşki-anbar bark urýan goltugyny ysgap ýatamzok. Sen nirde bolsaň, şo taýdadyk…
…garaz, gepiň keltesi, her niçigem bolsa, assa-ýuwaş düşünişdiler.
Kim nirde boldy…
Kim häzir nirede…
Dogrudanam, kim nirdekä?! Hekaýalar