Kiçijik şa gyzy (Hekaýa)

Kiçijik şa gyzy (Hekaýa)

Frensis Hodgson,
iňlis ýazyjysy

Birinji bap

Gyşyň sowuk günleriniň birinde Sara Kruw kakasy bilen Londona geldi. Ol ýedi ýaşyndady, onuň uzyn gara saçlary we gök gözleri bardy. Ol paýtunda kakasynyň gapdalynda oturyp, penjireden beýik jaýlara we garaňky asmana seredýärdi.

— Sara, gaty ümsüm otyrsyň welin, näme hakda pikir edýäň? — diýip, jenap Kruw elini gyzynyň egninde goýdy.

— Hindistandaky öýümiz, çogly Gün we gök asman hakda pikir edýän — diýip, Sara aýtdy.

— Kaka, Angliýany gaty halaryn öýdemok.

— Hawa, Hindistandan düýpgöter tapawutly — diýip, kakasy aýtdy. — Emma sen Londondaky mekdepde okamaly, men bolsa Hindistana gaýdyp barmaly.

— Hawa, bilýän. Ýöne men seniň ýanyňda bolmak isleýän. Haýyş edýän, meniň ýanymda gal!

Jenap Kruw ýylgyrýanam bolsa, ýüreginiň jümmüşinde gynanýardy, sebäbi kiçijik Sarany gaty gowy görýärdi we ondan aýra ýaşamak aňsat düşjek däldi. Saranyň ejesi ýogalypdy we ol Kruwyň ýekeje çagasydy. Kakasy we gyzy biri-birini gaty gowy görýärdi.

Olar hanym Minçiniň gyzlar mekdebine gelip, uly jaýa girdiler.

Hanym Minçin uzyn boýly aýaldy, onuň egninde gara köýnegi bardy. Ol Sara seredip ýylgyrdy. Soňra jenap Kruwe seredip:

— Nähili owadanja çaga! — diýdi.

Sara ýuwaşlyk bilen hanym Minçini synlady. Ol: «Näme üçin beýle diýýärkä? — diýip pikir etdi. — Men owadan däl ahyryn, näme üçin ol beýle diýýärkä?».

Sara owadan däldi, ýöne kakasy baýdy. Hanym Minçin bolsa baý kakaly gyzlary halaýardy, sebäbi bu mekdep üçin gowudy.

— Sara gowy gyz — diýip, jenap Kruw hanym Minçine aýtdy. — Ejesi fransuzdy, şonuň üçin fransuz dilini hem gowy bilýär, kitaplary gowy görýär we hemişe okaýar. Ýöne hökman beýleki gyzlar bilen oýnamaly we özüne täze jora tapynmaly.

— Elbetde — diýip, hanym Minçin ýene ýylgyrdy. — Jenap Kruw, Sara bu ýerde gaty bagtly bolar.

Jenap Kruw Londonda bir hepde galdy. Sara bilen dükanlara aýlandy, gyzy üçin köp owadan, gymmatbahaly köýnekler satyn aldy. Gyzynyň otagy üçin kitaplar, güller we owadan köýnekli ullakan gurjak satyn aldy.

Hanym Minçin ýylgyrdy, emma aýal dogany Amelýa seredip:

— Munça gymmat bahaly köýnekleriň ählisi ýedi ýaşly çaga üçin! Ol mekdep okuwçysy däl-de, kiçijik şa gyzyna meňzeýär!

Jenap Kruw Londondan gideninde gaty gynandy. Sara hem gynandy, ýöne aglamady. Ol otagynda oturyp, Hindistana gämili barýan kakasy hakda pikir etdi. Soňra ol täze gurjagyna:

— Kakam meniň bagtly bolmagymy isleýär. Men ony gaty gowy görýän we gowy gyz bolmak isleýän, şonuň üçinem men bagtly bolmaly — diýdi.

Gurjak gaty ullakan hem owadandy, ýöne, elbetde, gürläp bilenokdy.

Sara tiz wagtdan mekdepde täze dostlary tapdy. Käbir baý gyzlar gaty owadan däldi, ýöne pullary we gymmatbahaly zatlary köp bolany üçin özlerini has gerekli hasaplaýardylar. Emma Sara welin başgaçady. Ol owadan köýnekleri we gurjaklary gowy görýänem bolsa, onuň üçin adamlar, kitaplar we hekaýalar has gyzyklydy. Ol hekaýa aýdyp bermäge ökdedi, şonuň üçinem beýleki gyzlar ony diňlemegi halaýardylar. Hekaýalaryň hemmesi patyşalar, şa aýallary, şa gyzlary we deňziň aňyrsyndaky ajaýyp ýurtlar hakdady.

Iň gowy dosty Ermengarde:

— Sen bu zatlary nireden bilýäň? — diýip sorady.

Sara:

— Bu wakalaryň hemmesi ýadymda. Şonuň üçinem olar hakda gürrüň bermek maňa aňsat.

Ermengarde mekdepdäki sapaklarynyň hiç birini ýadynda saklap bilenokdy, şonuň üçinem hanym Minçiniň hemişe oňa gahary gelýärdi. Şu sebäpli Sara sapakda, köplenç, Ermengarde kömek edýärdi. Ol:

— Diňle, Ermi — diýip söze başlady. — Fransuz şasy Lui XVI-ny bilýäňmi? Bu hekaýa şol barada. 1792-nji ýylda, günlerde bir gün…

Şeýdip Ermengarde sapaklaryny Saranyň kömegi bilen öwrendi, şonuň üçinem ol jorasyny gaty gowy görýärdi. Emma hemmeler Sara beýle garamaýardy.

Lawinýa uly gyzdy. Sara gelmezinden ozal ol mekdebiň iň baý we iň tanymal gyzydy. Emma Saranyň kakasy Lawinýanyň kakasyndan baýdy. Şonuň üçin indi Sara Lawinýadan has öňe tutulýardy. Bu ýagdaý Lawinýa ýaramady.

Lawinýa her gezek: «Sara gaty akylly! Ol fransuz dilini gowy bilýär! Köýnekleri bolsa diýseň owadan, aýdymy hem gaty gowy aýdýar! Ol şeýle bir baý! Şonuň üçinem hanym Minçin ony has gowy görýär!» diýende, Sara onuň sözlerine jogap berjek bolup durmaýardy. Bular ýaly ýagdaý käwagtlar Sara aňsat düşmeýärdi, şeýle-de bolsa, ol sypaýy, mylaýym gyzdy, hiç kime gaharlanmagy halamaýardy.

Ikinji bap

Göwher känleri

Şeýdip aradan üç ýyl geçdi. Saranyň kakasy oňa ýygy-ýygydan hat ýazýardy, Sara bolsa yzyna uly höwes bilen jogap berýärdi.

Bir gün gaty tolgundyryjy hat geldi. Mekdepdäkiler bu hakda birnäçe gün gürrüň etdi.

«Meniň dostum Hindistanyň demirgazygynda magdan känleriniň bardygyny aýdýar. Bir aý öň işçiler ol ýerden göwher tapypdyrlar. Bu känlerde müňlerçe göwher bar, ýöne olary çykarmak aňsat däl. Ol uly çykdajyny talap edýär. Dostum kömege mätäç. Şeýlelikde, kiçijik hanym (bu jenap Kruwyň Sara üçin dakan aýratyn adydy), ähli pulumy dostumyň göwher känlerine goýdum. Günleriň birinde ikimiz gaty baý bolarys…».

Sarany pul, baýlyk gyzyklandyranokdy, ýöne Hindistanda göwher känleri baradaky hekaýa onuň üçin tolgundyryjydy. Muňa hemmeler begenenem bolsa, Lawinýa begenmedi. Ol:

— Wah! Ejemiň hem göwheri bar. Köp adamyň göwheri bar. Göwher känleriniň nämesi geň?

Ermengarde:

— Ýöne ol ýerde müňlerçesi bar. Belki, millionlarçadyr — diýdi.

Lawinýa güldi.

— Sara, ertirlik naharynda saçyňa göwher dakjakmy? Ýa-da indi sen «Şa gyzy Saramy?»

Saranyň ýüzi gyzardy. Ol Lawinýa gaharly seretse-de, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:

— Käbir adamlar maňa «şa gyzy» diýýär, muny bilýän. Emma şa gyzlary gaharlanmaýar ýa-da gödek sözler aýtmaýarlar, şonuň üçinem men saňa hiç zat diýjek däl, Lawinýa.

Ermengarde Sara garap:

— Meniň üçin sen elmydama-da şa gyzy. Sen owadan köýnekleriň içinde şa gyzyna meňzeýäň — diýdi.

Sarany şa gyzy hasaplaýanlaryň ýene biri Bekkidi. Bekki Minçiniň mekdebiniň hyzmatkäridi. Ol bary-ýogy on dört ýaşyndady, ýöne tutuş gün, käte ýary gijä çenli işlärdi. Ol zatlary ýokary ýa aşak daşaýardy, ýerleri arassalaýardy, ot ýakýardy, elmydama ýadaw, aç we üsti-başy hapady. Sara bilen Bekkiniň durmuşy biri-birinden düýpgöter tapawutly.

Bir gün Sara ýatylýan otaga girende, Bekki oturgyçda uklap ýatyrdy.

Sara:

— Wah neressejik! — diýip gynandy.

Bekki gözüni açyp, Sarany gördi. Ol derrew ýerinden turup:

— Hanym, bagyşlaň! Men birje minutlyk oturdym welin…

Sara:

— Gorkma — diýip, Bekkä ýylgyryp bakdy. — Sen ýadapsyň, şonuň üçinem uklapsyň, bolany.

— Muny… hanym Minçine aýdarsyňmy? — diýip, Bekki gapa tarap ýöneldi.

— Elbetde, ýok. Haýyş edýärin, gaçma, birje minut otur. Sen gaty ýadaw.

— Bolmaz, hanym. Siz gaty rehimdar, ýöne hanym Minçin…

— Haýyş edýän — diýip, Sara Bekkiniň elinden tutdy. — Senem meniň ýaly kiçijik gyz. Gel, dost bolaly?!

Şondan soň Bekki oturdy, tiz wagtdan Sara bilen dostlaşdy. Elbetde, bu barada hiç kim hiç zat bilenokdy. Hanym Minçiniň mekdebindäki baý gyzlar hyzmatkär gyzlar bilen dostlaşmaýardy. Şonuň üçin Sara bilen dostlaşmak Bekki üçin ajaýypdy. Olar her gün diýen ýaly Saranyň ýatylýan otagynda bäş-on minut duşuşardylar. Bekki hemişe açdy. Sara bolsa iýmek üçin, köplenç, gowy zatlar satyn alýardy. Olar oturyp gürrüň ederdiler, käwagt bolsa Sara hekaýa aýdyp berýärdi. Bekki muny gowy görýärdi. Ol:

— Hanym, sen olary gaty gyzykly gürrüň berýäň! Käwagt hekaýalaryňy iýilýän zatlardan has gowy görýän — diýdi.

Saranyň otagyndan gaýdanyndan soň, Bekki özüni hemişe gowy duýup, ne ýadawlygy ne-de açlygy bilýärdi. Birnäçe aýdan Saranyň doglan günüdi. Ol on bir ýaşaýardy. Sapaklar günortan bes edilip, mekdepdäki ähli gyzlar üçin uly oturylyşyk boldy.

Hanym Minçin aýal dogany Amelýa:

— Bu oturylyşyk biziň üçin gymmada düşse-de, mekdep üçin bähbitli bolar — diýdi.

Şol günüň ikinji ýarymynda mekdebe myhman geldi. Ol hanym Minçiniň aklawçysydy. Olar hanym Minçiniň iş otagyna girip, gapyny ýapdylar.

Gapdaldaky otagda oturylyşygyň şowhunly sesi eşidilýärdi. Ol ýerdäkiler diýseň şatlanýardylar, emma bu wagt iş otagyndaky hanym Minçin üçin tersine boldy. Ol aklawça gaharly seredip:

— Näme diýýäň? Jenap Kruwyň puly ýok? Ol göwher känleri näme?

Aklawçy:

— Ol ýerde göwher ýok eken — diýdi.

— Onda jenap Kruwyň ýegre dosty näme? — diýip, hanym Minçin sorady.

— Jenap Kruwyň dosty ähli puly alyp gaçypdyr. Ralf Kruw gyzzyrma bilen keselleýärdi we muny eşidip, hasam erbetleşdi. Bir hepde soň bolsa ýogaldy.

Hanym Minçin:

— Ýogaldy! — diýip gygyrdy. — Gyzy Sara näme? Bu gymmatbahaly doglan gün dabarasy näme?

Aklawçy:

— Sara Kruwyň puly ýok, hanym Minçin, onuň bu dünýede ýeke teňňesem ýok — diýdi.

Hanym Minçin gaharly:

— Ol derrew mekdebimi terk etmeli. Ol şu gün öýlän gitmeli! — diýdi.

Aklawçy:

— Ol nirä gitsin? Köçede galsynmy? Ol bary-ýogy on bir ýaşlyja gyz ahyry, hanym Minçin, bu habar siziň mekdebiňiziň abraýy üçin gaty gowy bolmaz — diýdi.

Hanym Minçiniň ýüzi gyzardy.

Aklawçy:

— Ony köçä taşlap bilmersiňiz — diýdi. Soňra ýerinden turup: — Belki, siz ony hyzmatçy edip ulanarsyňyz?

Aklawçy gidensoň hanym Minçin aýal dogany Amelýa jaň edip:

— Sara Kruwy derrew şu ýere getir — diýdi.

Iki minutdan soň, owadan gök köýneginde Sara hanym Minçiniň öňünde peýda boldy.

— Gara köýnegiň barmy, Sara? — diýip, hanym Minçin sorady.

Sara:

— Bar, hanym Minçin, ýöne gaty kiçi bolýar.

— Bar, derrew geý — diýip hanym Minçin aýtdy. — Kakaň ýogalypdyr. Ol ýerde göwher känleri ýok eken. Dosty ähli puly alyp gaçypdyr. Sizde hiç zat — bir teňňede galmandyr. Ýöne men saňa kömek etjek. Meniň öýümde gal, ýöne indi hyzmatkär hökmünde. Iýjek çöregiňi özüň gazanmaly bolarsyň. Sen Bekkiniň otagynyň gapdalynda bolaý — diýdi.

Üçünji bap

Täze hyzmatkär gyz

Şol gün agşam üçegiň kiçijik otagynda Sara köne gara köýneginde düşekde otyrdy. Aglamady, ýöne ýüzi duw-akdy, ol birnäçe sagatlap gymyldaman oturdy. Gijäniň içinde gapy ýuwaşlyk bilen açyldy we Bekki içeri girdi. Onuň aglamakdan ýaňa gözleri gyzarypdy. Ol:

— Hanym, hyzmatçylaryň hemmesi bu hakda gürrüň edýär, gaty gynandym — diýdi.

Ol Saranyň agaran ýüzüne seredip, ýene aglap başlady. Soň bolsa ylgady-da, Saranyň elini tutdy.

Ahyrsoňy Sara gymyldady. Ýuwaş-ýuwaşdan başyny öwrüp, Bekkä tarap seretdi. Ol diňe:

— Bekki — diýip bildi.

Üçekdäki ilkinji gije gaty uzyn boldy. Sara uklamady. Ol: «Kakam ýogaldy — diýip, gaýta-gaýta pyşyrdady. — Kakam ýogaldy. Men ony indi görmerin».

Ertesi gün irden Sara üçin täze durmuş başlandy. Ýerleri arassalamagy we ot ýakmagy öwrendi. Ol ýokarky gatdan aşaky gata, aşaky gatdan ýokarky gata ylgady, aşhanada işledi. Aşpez gaharly, gyzyl ýüzli ullakan aýaldy.

— Diýmek, göwher känleri bolan kiçijik baý gyz indi hyzmatkär-dä, şeýlemi? — diýip, ol Sara seretdi. — Häzir men ertirlik nahary üçin almaly süýji nan taýýarlajak. Dükana git-de, alma al. Çalt bol!

Sara dükana ylgady-da, almaly uly torbany öýe alyp geldi. Soň bolsa aşhananyň içlerini arassalady we ähli ýatylýan otaglara gyzgyn suw alyp gitdi. Ol her gün irden giç agşama çenli işleýärdi. Mekdebe-de kömek edýärdi.

Hanym Minçin:

— Sen fransuz dilini gowy bilýäň. Şoň üçinem kiçi çagalara fransuz dilini öwret, emma hyzmatçydygyňy ýatdan çykaraýma — diýýärdi.

Saranyň täze durmuşynyň ilkinji aýlary gaty kyn boldy. Ol elmydama ýadaw we açdy, ýöne hiç wagt aglamaýardy. Gije üçekdäki kiçijik otagynda Hindistanda ýogalan kakasy hakda oýlanyp, «Men güýçli bolmaly. Kakam mydama batyr bolmagymy isleýärdi. Meniň ýatjak düşegim bilen her günki iýjek zadym bar. Köp adamda bu-da ýok» diýýärdi.

Ilki-ilkiler Saranyň ýeke-täk dosty Bekkidi. Bekki her gün Saranyň otagyna gelýärdi. Mekdepdäki gyzlar Sara gynanýardy. Ol häzir hyzmatkär bolany üçin öňki ýaly gatnaşyp bilmeýärdiler. Elbetde, Lawinýa bu ýagdaýa begenýärdi. Ol joralaryna: «Men hiç haçan Sara Kruwy halamaýardym. Aýdyşym ýaly, göwherlerem ýok eken» diýdi. Onuň sözleri Ermengarde ýaramaýardy. Haçan-da, Sarany mekdepde görende, Sara onuň deňinden gürleşmän geçip gidýärdi. Ermengarde bolsa ony gowy görýärdi we dost bolmak isleýärdi.

Ol bir gün irden turan badyna ýuwaşlyk bilen basgançakdan üçege çykdy we Saranyň gapysyny açdy. Sara:

— Ermengarde, bu ýerde näme işleýäň? — diýdi.

Ermengarde aglap başlady.

— Sara, aýt? Näme boldy? Näme üçin indi meni halaňok?

Sara:

— Elbetde, men seni halaýan, ýöne indi hemme zat başgaça. Hanym Minçin gyzlar bilen gürleşmegimi islemeýär. Olaryň köpüsi meniň bilen gürleşmek islemeýär, sen hem islemeýärsiň öýtdüm…

Ermengarde:

— Ýöne men seniň dostuň ahyry! — diýip aglady. — Men elmydama seniň dostuň bolaryn we hiç kim meni saklap bilmez!

Sara Ermengardeniň elinden tutdy. Ol özüni birden gaty bagtly duýdy. Belki, ol azajyk aglan bolmagam mümkin. Kim bilýär?

Otagda ýeke oturgyç bolany üçin iki dost düşekde oturdy. Ermengarde üçege göz aýlady.

— Sara, bu otagda nädip ýaşap bilýäň? Bu ýeri gaty sowuk we hapa.

— Seret. Bu beýle erbet däl. Meniň köp dostum bar. Indiki otagda Bekki hem bar, ýör, gör — diýip, Sara oturgyjy penjiräniň aşagyna geçirdi, soň bolsa Ermengarde bilen onuň üstünde durup, penjireden jaýlaryň üçeklerini synladylar. Saranyň jübüsinde çörek ownuklary bardy. Ol çörekli elini penjireden çykaryp:

— Seret — diýdi.

Bir minutdan soň Saranyň eline goňur guş gondy we çörek ownuklaryny iýip başlady. Soň ikinji guş, üçünji we dördünji guş geldi.

Ermengarde:

— Olar nähili ajaýyp! — diýdi.

— Olar meniň dostdugymy bilýär, şonuň üçinem gorkmaýarlar. Käte otagyma-da girýärler.

Ermengarde üçegiň üstünden indiki üçegiň penjiresine seretdi.

— Şol öýde kim ýaşaýarka?

Sara gynanç bilen:

— Hiç kim — diýdi. Men hiç kimi görmedim. Bu ýerde diňe guşlar bilen gürleşip bilýän.

Iki-üç hepdeden soň, Bekki gije Saranyň otagyna geldi. Ol gaty tolgunýardy.

— Gapdaldaky öýe hindi jenaby göçüp gelýärmiş. Ol iňlis, ýöne Hindistanda birnäçe ýyl ýaşapdyr. Indi bolsa gapdaldaky öýde ýaşamakçy bolýarmyş. Ol örän baý, ýöne näme keseldigin-ä bilemok welin, ol gaty syrkawmyş.

Sara güldi.

— Bulary nireden bilýäň?

Bekki:

— Köçäniň aňyrsyndaky Karmikelleriň maşgalasyny bilýäňmi? Men olaryň aşhanasynda işleýän gyz bilen dost, hana şol aýtdy. Jenap Karmikel hindi jenabynyň aklawçysy, şonuň üçin ol hakda ähli zady bilýär.

Dördünji bap

Ram Dass we maýmyn

Sara her gün irden guşlara çörek berende, gapdalyndaky üçegiň penjiresine seredýärdi. Emma ony hiç kim açmaýardy. Hiç kim üçegiň aňyrsyndan Sara ýylgyryp: «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» diýip gygyrmaýardy. Ol hindi jenabyň hyzmatkärleriniň hemmesi aşakda ýatýandyr diýip pikir etdi. Häzir Sara gaty ýalňyzdy. Elbetde, Bekkini her gün görýärdi, ýöne gürleşmek üçin kän wagt tapmaýardy. Aşpez we beýleki hyzmatkärler bolsa, onuň bilen dost däldi. Kämahal Ermengarde Saranyň otagyna gelýärdi, ýöne oňa-da ýygy-ýygydan gelmek aňsat däldi.

Bir gün agşam üçekden bir ses eşidildi. Sara ýokaryk seretdi. Açyk penjirede kiçijik maýmyn durdy. Sara:

— Waý, munuň kiçijikdigini — diýip gygyrdy.

Maýmyn derrew içerik girip, otagda ylgap başlady. Sara güldi. Oturgyjyň üstünde durup, penjiresinden seredende, indiki penjirede bir hindi laskarynyň (Laskar — Hindistandan gaýdyp gelýän gämilerdäki işçi güýji. ) ýylgyrýan ýüzüni gördi.

Sara:

— Siziň maýmynyňyz barmy? Ol meniň otagymda — diýdi.

Laskaryň ady Ram Dass bolup, maýmyn onuňkydy. Ol Sara ýylgyryp:

— Bagyşlaň. Baryp alyp bilerinmi? — diýdi.

Sara:

— Hawa, haýyş edýän. — Meniň pikirimçe, ol menden gorkýar. Ol gaty çalt ylgaýar. Siz üçegiň üsti bilen gelip bilermisiňiz? — diýip sorady.

Ram Dass bir minutdan soň Saranyň otagyna geldi. Maýmyn şobada Ram Dassyň gujagyna bökdi we ol gaýta-gaýta minnetdarlyk bildirdi. Soň olar üçegiň aňyrsyndan gapdaldaky jaýa gitdiler.

Sara günde bäş-alty gezek dükana gidýärdi we gapdalyndaky jaýyň öňünden geçip barýarka, köplenç, hindi jenap hakda pikir edip, oňa gynanýardy. Onuň aýaly, maşgalasy ýokdy, her gün lukman öýüne gelýärdi.

Aklawçy jenap Karmikel hem ýygy-ýygydan baryp, ondan habar alýardy, käwagt Karmikeliň çagalary hem onuň bilen bile gelýärdi. Sara muňa begendi. Syrkaw wagtyň dostlaryň ýüzüni görmek gowy zat diýip pikir etdi.

Hindi jenap hem şeýle pikirdedi. Ol çagalary gaty gowy görýärdi, ýöne gaty bagtsyz adamdy. Jenap Karmikel onuň dostudy we onuň bilen köp gürleşerdi hemem olar diňe bir zat hakda gürleşerdiler.

Hindi jenap (onuň ady Karrisford):

— Men çagany tapmaly we oňa ideg etmeli. Emma ol nirede? Ine, bu göwher känlerinden gazanylan pullar. Bularyň ýarysy Ralf Kruwyň puly. Karmikel, näme üçin işler erbet wagty men dostumy taşlap gaçdym? Näme üçin?

— Sen erbet gyzdyranyň üçin gaçdyň. Bu kesel seni tasdan öldürýärdi, ýadyňdamy?

— Emma Ralf öldi. Men dosty bolanym üçin ol ähli puluny göwher känlerine harçlady. Emma başda göwher tapmadyk we Ralfyň ähli puly gitdi. Bu zatlary men oňa aýtmakdan gorkdum, şonuň üçinem gaçdym. Soň bolsa göwher tapanymyzda Ralf öldi — diýip, ol içi ýangynly güldi. — Men nähili wepaly dost!

— Hassa wagtyň mert bolmak aňsat däl — diýip, jenap Karmikel ýuwaşlyk bilen aýtdy.

Jenap Karrisford oda seretdi.

— Ram Dass maňa gapdaldaky kiçijik hyzmatkär gyz hakda aýtdy.

Maýmyn gaçypdyr we Ram Dass ony yzyna almak üçin üçegiň üstünden geçipdir. Biçäre çaga sowuk, hapa üçekde ýatýar eken we günde on alty sagat töweregi işleýär. Ralfyň gyzy hem şeýle ýaşaýarmyka? Bu hakda pikir etmegi bes edip bilemok.

— Biz ony bir gün taparys — diýip, jenap Karmikel aýtdy.

— Ýöne nädip? — diýip, jenap Karrisford sorady. Ol ellerini kellesinde goýup: — Men ony hiç haçan görmedim. Adyny bilemok. Ralf oňa hemişe «kiçijik hanym» diýip ýüzlenerdi. Biz hemişe magdanlar hakda gürleşýärdik. Ol maňa hiç wagt mekdebiň adyny aýtmandy. Onuň ejesi fransuzdy, şonuň üçin ol ony Fransiýadaky mekdebe äkitdimikä ýa-da Angliýadaky?

— Pariždäki bir mekdepde Karew ýa-da Kruw atly çaganyň bardygyny bilýän. Kakasy tarpa-taýyn ýogalypdyr, bir rus maşgalasy bolsa ony alyp gidipdir. Sebäbi ol gyzynyň dosty eken. Bu gyz Ralf Kruwyň çagasydyr. Geljek hepde ony gözlemek üçin Moskwa gitjek.

— Menem seň bilen gitmek isleýän, ýöne saglygym gowy däl. Men ony tapmaly, Karmikel, hökman tapmaly. Men her gije düýşümde Ralf Kruwyň ýüzüni görýän, ol: «Tom, meniň kiçijik hanymym nirede?» diýýär. Men oňa jogap berip bilemok. — Jenap Karrisford dostunyň elinden tutup: — Ony tapmaga kömek et. Maňa kömek et — diýdi.

Gyş gysga we garaňky günleri bilen geldi. Üçekdäki otaglar gaty sowukdy. Hyzmatkär gyzlar üçin ot ýakmak bolanokdy, köplenç, Sara we Bekki sowuk sebäpli uklap bilmeýärdi. Saranyň boýy ösdi, köne gara köýnegi indi oňa gaty gysga bolýardy. Aýakgaplary köne, sowukda geýer ýaly ýyly paltosy ýokdy. Ol has-da horlandy. Iýmäge zat tapmany üçin hemişe açdy. Ýagyşda we garda uly, agyr torbalary göterýärdi.

Bir gün ol garly ýerden alty teňňe tapdy we oňa gyzgyn täze çörek satyn aldy. Soň bolsa dükanyň gapysynda bir çaganyň aglap oturandygyny gördi. Çaganyň aýakgaby we paltosy ýokdy, inçejik ýüzi sowukdan ýaňa gögeripdir. Sara: «Ol menden hem aç» diýip, gyzgyn çöregini şol çaga berdi.

Mekdebe gaýdyp gelende, Hanym Minçin gaharlandy. Ol:

— Sara, aşpez saňa garaşýar. Näme üçin gijä galdyň? — diýip sorady.

Sara:

— Garda çalt ýöräp bilemok. Aýakgaplarym köne, hanym Minçin, aýaklarym gaty üşeýär — diýdi.

Hanym Minçin Saranyň sözlerini halamady.

— Meniň bilen beýle gürleşme. Saňa rehim edip jaý berdim, ýöne hiç haçan maňa sagbolsun aýtmadyň.

Sara oňa seredip, şeýle diýdi:

— Siz maňa rehim edeňzok. Munyňyz hem jaý däl.

Hanym Minçin oňa azgyryldy:

— Hany, sem bolda derrew otagyňa gir!

Basgançakda Sara Lawinýany gördi. Lawinýa oňa seredip, çalaja ýylgyryp:

— Ine, köne köýnekli we hapa aýakgaply şa gyzy Sara! — diýdi.

Sara stoluň başynda oturgyçda oturdy. Ol pyşyrdap: «Men mert bolmaly. Şa gyzy hemişe batyr, şonuň üçin menem şeýle bolmaly. Ýöne bu aňsat däl. Ol kellesini elleriniň arasynda goýdy-da: — Kaka, kiçijik hanymyň ýadyňdamy? Häzir meni görýäňmi?» diýdi.

Goňşy jaýda jenap Karrisford oduň başynda otyrdy. Moskwa Londondan uzakda, şonuň üçinem ol sabyr-takat edip garaşmalydy. Ýöne Ralf Kruwyň çagasy hakda her gün pikir edýärdi. Beýleki çagalar barada-da oýlanýardy.

— Ram Dass, goňşy öýdäki garyp hyzmatkär gyz nähili? Biz onuň üçin bir zat edip bilerismi? — diýdi.

Ram Dass:

— Men ony her gün ýagyşly, garly köçede görýän. Ol hor we aç görünýär, emma biz oňa kömek edip bileris. Men onuň üçekdäki penjiresinden aňsatlyk bilen girip biljek. Diňle… Olar birnäçe minut oturyp gürleşdiler.

Jenap Karrisford ýylgyrdy we Ram Dasa:

— Hawa, haladym. Şeýle edeli — diýdi.

Bäşinji bap

Jady

Bir hepdeden soň gije Ermengarde ýuwaşlyk bilen üçekden ýokarky gata çykdy. Sara ýokdy, şonuň üçin Ermengarde oturyp garaşdy. Sagat onda Sara ýuwaş-ýuwaşdan basgançakdan ýokary galyp, otaga girdi. Ermengarde oňa seredip:

— Sara, Sara! — diýip aglady. — Sen kesellediňmi? Ýüzüň ap-ak, gaty ýadaw görünýäň.

— Bu gün gaty kyn gün boldy, Ermi — diýip, ol geçip oturdy. — Hanym Minçin aşpeze gaharlandy. Olam gaharyny bizden çykardy. Bekki bilen ikimiz nahar iýmedik, çaýam içmedik.

— Bu ýygy-ýygydan bolýarmy? — diýip, Ermengarde gynanyp sorady. — Sen maňa hiç zat barada aýdaňok. Sen häzir açmy?

Sara oňa seredip:

— Hawa. Men häzir şu stolam, senem iýsem, doýjak däl — diýip pyşyrdady.

Ermengarde ýerinden böküp turdy-da:

— Şu gün öýden içi uly tortly guty geldi. Häzir getireýin. Bekki bilen hemmesini iýiň — diýdi.

Ermengarde derrew gaýdyp geldi. Üç bolup Saranyň düşeginde oturdylar. Ermengarde gutyny açyp torty çykaranynda, olar begenip ýylgyryşdy. Bekki:

— Sara, seret! — diýdi.

Sara:

— Sen şeýle rehimli, Ermi — diýdi.

Ermengarde ýylgyryp:

— Bilýäňizmi, bu bir jady. Erbetligiň soňy elmydama gowulyk bilen gutarýar. Ine, häzir hem şeýle, biz üýşmeleň edýäs.

Ermengarde Sara we Bekkä tort bölüp berdi, olar iýip başlady. Birdenem saklandylar. Basgançaklarda aýak sesleri eşidildi. Olar diňşirgendi. Bekki pyşyrdap:

— Hawa, bu Hanym Minçin! — diýdi.

— Hawa — diýip, Sara jogap berdi, onuň ýüzi ýene agardy.

Soňra gapy açyldy we hanym Minçin içeri girdi.

— Diýmek, Lawinýa dogry aýdypdyr. Şa gyzy Sara bilen çaý içýäňmi? Bekki derrew öz otagyňa git — diýip, ol gaharlandy.

Ermengarde:

— Haýyş edýän, hanym Minçin! Bu torty maňa öýden ugratdylar. Biz diňe oturylyşyk edýäs — diýip aglady.

Hanym Minçin:

— Otagyňa bar, Ermengarde, bu zatlaram ýanyň bilen äkit — diýip, soňra ol Sara seretdi-de: — Siz ertirlik, agşamlyk iýmersiňiz, size çaý hem ýok. Muny ýadyňyzdan çykarmaň! — diýdi.

Üçege ýene ümsümlik aralaşdy. Iki hyzmatkär gyz ýadaw we açdy. Emma birki sagatdan soň Sara gözüni açdy. Penjireden ses eşidilen ýaly boldy. Ol «Bir zada bar» diýip pyşyrdady. Ol düşeginden turdy-da, otagyna göz aýlady. Gaýta-gaýta seretdi we haýran galmakdan ýaňa gözlerini tegeledi. Otag üýtgäpdir, ot ýanyp durdy. Täzeje ýyly ýorgan we diwarlarda owadan suratlar bardy. Sara ýuwaş-ýuwaşdan düşeginden çykdy. «Bu düýşmikä? Bularyň hemmesi nireden geldikä? — Soňra elini oda tutdy-da: — Ýok, bu düýş däl. Ot gyzgyn, duýýan. Bu stoluň üstündäkilere sered-ä!» Stoluň üstünde gyzyl mata, käseler we tabaklar bardy. Gyzgyn çaý, iýmäge gyzgynjak etli gutaplar, tort, pyrtykal, alma bardy.

Sara Bekkiniň otagyna ylgady.

— Bekki. Çalt gel. Jady ýene geldi. Gel-de, seret — diýip pyşyrdady.

Bekki otagy görende, ilki gürläp bilmedi. Soňra bolsa:

— Bu näme? Bularyň hemmesi bu ýere nädip geldi? — diýip sorady.

— Bilmedim. Bu jady. Ilki bu düýşdür diýip pikir etdim, ýöne beýle däl eken. Seret, bu gutaplar gyzgyn. Gel, olary iýeli.

— Gutaplar süýji eken. Çaý we tort hem gowy. Jady diýlen zada düşünemok, ýöne haladym.

Sara otaga aýlandy.

— Bekki, seret! Bu ýerde birnäçe kitabam bar. Olary öň görmändim — diýdi we olary görmek üçin ylgady we ýokarky kitaby açdy.

— Bu ýerde käbir ýazgylaram bar! Diňle. «Üçekdäki gyzjagaza dostundan».

Sara kitaby ýapdy-da, seretdi:

— Meniň dostum bar eken. Kimdir biri meniň dostum bolupdyr — diýip, ýuwaşlyk bilen aýtdy.

Ertesi irden Bekki aşhanada Sara gabat geldi we pyşyrdap sorady:

— Jady irden hem bardymy ýa-da gije gidipmi?

Sara pyşyrdap:

— Ýok, henizem bar. Irden etli gutap iýdim. Ot henizem ýyly.

Bekki şadyýan ýylgyrdy.

Hanym Minçin hiç zada düşünmedi. Sara mekdep otagyna gireninde şadyýan we keýpikök görünýärdi. Hanym Minçin bolsa onuň ap-ak bolan ýüzüni we aglamakdan ýaňa gyzaran gözlerini görmek isleýärdi. Ol: «Şol çaga nädip ýylgyryp biler?» diýip gaharlandy. Elbetde, ol jady hakda bilenokdy.

Jady ýitirim bolmady. Sara her gün agşam ýatanda, üçekden täze zatlar tapýardy. Ol ýerde özi we Bekki üçin has ýyly ýorganlar bardy. Diwarlarda suratlar, kitaplar, täze aýakgap we palto hem bardy. Iň gowusy bolsa, elmydama ot ýanyp durdy we stoluň üstünde ajaýyp, gyzgynjak nahar taýýardy.

Bekki bir gije otagda otyrka:

— Bular nireden gelýär? Muny kim getirýär? — diýip sorady.

Sara:

— Dostum getirýär. Ol mähriban, ajaýyp dost. Ýöne ol öz adyny bilmegimizi islemeýär.

Olar täze kitaplary görüp başladylar, soň Bekki ýokaryk seredip:

— Penjirede bir zat bar. Bu näme? — diýip pyşyrdady.

Sara seretmek üçin ýerinden turdy.

— Goňşy öýdäki maýmyn.

Ol penjiräni açdy welin, maýmyn onuň gujagyna böküp düşdi. Sara:

— Waý, munuň kiçijikdigini. Sen gaty üşäpsiň — diýdi.

Bekki hem gaty gyzyklandy.

— Men öň maýmyn görmändim. Ýöne ol gaty owadan däl eken. Sen ony näme etjek?

— Häzir gaty giç. Ol şu gije otagymda galsyn, irden bolsa öýüne alyp giderin.

Altynjy bap

Tapylan ýitgi

Ertesi irden jenap Karmikel Russiýadan geldi. Emma öýe girende ýüzi gamgyndy. Jenap Karrisford onuň getiren jogabyny ýüzünden okady.

— Siz ony tapmadyňyzmy? — diýip sorady.

— Tapdym. Ýöne ol biziň gözleýän gyzymyz däl eken. Onuň ady Emili Karew we Ralf Kruwyň gyzyndan has kiçi. Men gaty gynanýan.

— Biz gözlegi dowam etmeli. Ýöne ol niredekä? Iki ýyl geçdi. Iki ýyl — diýip, jenap Karrisford gynanyp aýtdy.

— Hawa, ol Pariždäki mekdepde däl eken. Indi muny bilýäs. Geliň, indi Angliýadaky mekdeplerden gözläliň — diýip, jenap Karmikel aýtdy.

Jenap Karrisford:

— Bolýar — diýip razylaşdy.

— Hawa, Londondan başlalyň. Laýyk ýanymyzda mekdebem bar — diýip, jenap Karmikel jogap berdi.

Belki-de, bu ýene jadydyr, ýöne şol pursatda Ram Dass ýuwaşlyk bilen otaga girdi. Ol jenap Karrisforda:

— Üçekdäki kiçijik hyzmatkär gyz geldi. Ýanynda maýmynymam bar. Düýn agşam ol ýene onuň otagyna giripdir. Ony görmek isleýärsiňizmi? — diýip sorady.

Jenap Karrisford:

— Hawa, bärik getir — diýip jogap berdi.

Şeýdip Sara otaga girip, hindi jenabynyň öňünde durdy. Sara oňa ýylgyryp seretdi-de:

— Maýmyn geçen agşam otagymyza geldi, gaty üşäpdir. Şonuň üçin men ony ýanyma aldym — diýdi.

Jenap Karrisford onuň ýüzüni gyzyklanma bilen synlady-da: «Ol saňa meňzeýärdi» diýdi.

Sara gapynyň agzynda duran Ram Dasa seretdi-de:

— Laskara bereýinmi? — diýip sorady.

Jenap Karrisford:

— Onuň laskardygyny nädip bilýäň? — diýdi.

— Men Hindistanda doguldym.

Jenap Karrisford ýerinden laňňa galdy.

— Hindistanda? Ýöne sen gapdaldaky mekdepde hyzmatkär ahyry.

— Hawa, ýöne ilki hyzmatkär däldim.

Hindi jenap Karmikele, jenap Karmikel Sara seretdi.

— Nähili ilki hyzmatkär däldiň?

— Kakam meni ilkinji gezek mekdebe getireninde…

— Kakaň nirede?

— Ýogaldy — diýip, Sara ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Dosty onuň ähli puluny alyp gaçypdyr, şonuň üçinem indi mende pul ýok. Maňa ideg etjek adamam ýok. Şeýdip hanym Minçin meni üçekde galdyrdy we garnym üçin işlemelidigimi aýtdy.

Hindi jenap oturgyjyna geçdi. Ol:

— Kakaň ady näme? — diýip sorady.

Sara oňa gynançly seretdi.

— Ralf Kruw. Iki ýyl ozal Hindistanda gyzzyrma keselinden aradan çykdy.

Jenap Karrisfordyň ýüzi ap-ak boldy. Ol «Karmikel! — diýip pyşyrdady. — Bu şol çaga».

Bu gün köp adam üçin tolgundyryjy boldy, ýöne başda Sara hiç zada düşünmedi. Jenap Karmikel ýuwaşlyk bilen hemme zady — kakasynyň dosty we göwher känleri baradaky wakany, Ralf Kruwyň gyzyny iki ýyl bäri gözleýändiklerini aýdyp berdi. Sara oduň başynda oturan jenap Karrisforda:

— Siz hemişe gapdalymdaky öýde ekeniňiz — diýdi.

Tom Karrisford gyzjagazyň elinden tutup:

— Hawa. Sen indi ol ýere gaýdyp barmarsyň. Seniň öýüň meniň ýanymda bolar. Men Ralfyň kiçijik hanymyna hyzmat etmekçi — diýdi.

Sara begenip güldi.

— Siz meniň dostum ekeniňiz. Otagymdaky şol owadan zatlaryň hemmesini siz we Ram Dass getirýän eken. Bekki ikimiz muňa jadydyr öýtdük.

Hindi jenap ýylgyryp:

— Haçan-da, siz daşary çykanyňyzda, Ram Dass gaty çalt hereket edip, ähli zady üçegiň üstünden elterdi. Ralfyň gyzyny tapyp bilemokdym, ýöne birine kömek etmek isleýärdim. Soňra Ram Dass maňa gapdalymyzdaky üçekde ýaşaýan ýalňyz hyzmatkär gyz hakda gürrüň berdi — diýdi.

Şeýlelikde, hekaýa hemmeler üçin bagtyýar tamamlandy, ýöne hanym Minçin üçin beýle däldi. Sara häzir gaty baý bolansoň, hanym Minçin onuň mekdebe gaýdyp gelenini isledi. Ol jenap Karrisfordy görmäge geldi, ýöne jenap oňa gaty gaharly jogap berdi. Şeýdip hanym Minçin ýüzüni gyzardyp gitmeli boldy.

Bekki jenap Karrisfordyň öýüne ýaşamaga geldi. Ol Saranyň kömekçisi bolanyna gaty begenýärdi. Bekkä ýyly otag, owadan köýnekler we her gün iýmek üçin gowy zatlar berilýärdi. Ol Sarany gaty gowy görýärdi.

Ermengarde, köplenç, Sarany görmäge gelýärdi we Sara onuň sapaklaryna kömek edýärdi. Ermengarde gaty bir akylly däldi, ýöne hakyky dostdy. Şol gün, hindi jenabyň öýünde Sara oňa hat ýazdy we Ermengarde haty mekdebe alyp gitdi. Ol Lawinýa we beýleki gyzlara:

— Göwher känleri bar eken. O taýdan millionlarça göwher tapylypdyr we olaryň ýarysy Saranyňky. Bärde sowukda aç ýatýan wagtlary hem onuň göwherleri bar eken. Ol şol wagtam şa gyzydy, häzir hem şa gyzy!

Laskar — Hindistandan gaýdyp gelýän gämilerdäki işçi güýji.

Iňlis dilinden terjime eden Bägül WELKAKAÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle