Keýpsizlik
Keýpsizlik
Şu gün, näme üçindir, keýpim ýok meniň…
Sähel wagt tapynsam, böwrün gyjyklap,
Gününe goýmaýan kompýuterim,
Ýatyr hol gyrada sebäbin çaklap.
Göwünli-göwünsiz okuwa gidýän,
Hemişe şadyýan partadaşymyň
Degişmesi gulagyma ýakanok.
Düşünemok sebäbine bolşumyň.
Kitaphana barýan,
Okaýan gazet,
(Iň gowy güýmenjäm şudy hemişe).
Ýok, bolanok,
Gazetdenem haýyr ýok,
Gezip ýörün, meňzäp gümürtik düýşe.
Öýe gelýän.
“Kaka, geldiňmi?!” diýip,
Ylgap çykýar göwün mydarym – körpäm.
Şu gün azar berme kakaňa, köşek,
Hany seret, ejeň näm bişirýärkän?!
Agşamlyk edinýäs,
Diňe çemçeler
Gümra hemişeki “söhbeti” bilen.
Kä ýarymam sesi çykýar körpämiň,
Agzyna et salsak, sem bolýar olam.
“Belki, bir zat ýazyp bilerin” diýip,
Umyt bilen atlanýaryn stula.
Aýagy gyzmazak Bozduman ýaly,
Galamymam düşübermedi ýola…
Beýle-de bir agyr gün bor oguşýan,
Salgysyn kim berer bu göwni açmaň!.. Goşgular