Keýmir bilen Nedir şanyň gürrüňinden
Keýmir bilen Nedir şanyň gürrüňinden
Kim sen şanyň raýyn ýykara, Keýmir!
— Men türkmen peýkamnyň ujuna urlan —
Almazdan keýmir.
Men Keýmir.
— «Ýurdum» diýip sürüp oturma, Keýmir,
Gahrym gelse, ol sürenden giň däldir.
— Ýok, şahym, ol Aýa bir gijelik ýol
Güne bolsa tutuş bir günlük ýoldur.
Ol nije seň ýaly şalaň ýygynny,
Bir goolunyň aşagyna sygyrdy.
Nobatguly Rejepow. Goşgular