|

Keýik

Keýik KEÝIK

Keýik

Çebşejikkä getirlipdi şu öýe,
Ynsandy gözüniň ilki göreni.
Ýadyrgady.
Tutundy soň eneke
Öýüň enesini çölüň jereni.

Ol ot iýdi oglanjygyň elinden,
Gyzjagazyň bedresinden suw içdi.
Bir gün bolsa geçip ynsan mährinden
Ganynda bar çöllerine gowuşdy.

Aýlar-günler geçdi. Bu jelegaýa
Gaýdyp garasyny salmady keýik.
Agtyklarna akyl berdi ol goja
«Görseň, şahyr Nepes mamladyr» diýip.

Üç ýyl geçip, ýetende üç ýaşyna
Gijäň tümlügini ýuwanda säher,
Ýaralanyp,
ýegşerip bir ýanyna
Ak çägeden oba indi janawer.

Tanyş itler garşy aldylar üýrmän,
Keýijek böwründen sarkdyryp ganyn,
Gelip aýagyna sessiz ýykyldy
Mähriban enäniň,
Tanyş gojanyň.

Iki öň aýagna kellesin goýup
Kynlyk bilen açanynda gözüni,
Balkyldaýan görejinde keýigiň
Oň naýynjar hoşallygy göründi.

Keýik endiredi ýel degen per dek,
Bozardy ýaş-jahyl,
Bozuldy garry.
…Öz öýüňe gelip, süýnüp jan bermek
Haýwana,
ynsana eziz bolarly.

Nobatguly REJEPOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle