Keý-Kowusyñ pähimlerinden
Keý-Kowusyñ pähimlerinden
● Bu dünýäde gowy adamlar şire meñzär, ýaman adamlar bolsa, it gylykly bolar. It tapan zadyny şol ýeriñ özünde iýer, şir bolsa awuny başga ýerlere äkidip iýer.
● Eý oglum, dünýäde bolan, bolmadyk ýa-da bolup biläýjek zatlaryñ ählisine adam ogly akyl ýetirip bilýändir. Ol diň Allatagalanyñ işlerine akyl ýetirip bilýän däldir. Başga zada akyl ýetirip bolar…
● Dünýäniñ bar keýpi-sapasy öñ görmedik zatlaryñy görmekde, öñ iýmedik zatlaryñy iýmekde, öñ tapmadyk zatlaryñy tapmakdadyr.
● Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz.
● Akyl bilen baýlyk toplap bolar, emma baýlyk bilen akyl toplap bolmaz.
● Kimdir biri bilen jedelleşjek bolsañ, ony dymmak bilen ýeñmelidir, çünki samsyklara berilip bilinjek iñ gowy jogap dymmakdyr.
● Nadan adamy adam saýmagyn, emelsiz alymy hem alym hasap etme.
● Gözden düşmejek bolsañ, çem gelen zada şaýatlyk etjek bolup ýörmegin.
● Her bir işde ortarakda bolgun.
● Syryñ başgalara äşgär bolmasyn diýseñ, başgalaryñ syryny açmagyn. Sözler