|

Kesekiniñkide kireýine / hekaýa

Kesekiniñkide kireýine / hekaýa KESEKINIŇKIDE KIREÝINE

Ýanwardy. Sowukdy. Aýaz güýjeýärdi. Daşarda on bir günüň gary baslygyp ýatyrdy. Jaýlaryň üçeklerine juda golaý gelen bulutlaryň bu jelegaýlaryň asmanyny terk eden mahaly ýerde ýatan al-ýaşyl gar ýüzüňi kesim-kesim edip, gözüň ýagyny iýýärdi.
Adamlaryň agşamlyk naharyny edinip, ýatylýança oňa-muňa güýmenäýýän çaglary Näzik gelin ör turup, äpişgeden daşaryny synlaýardy. Köçe tarapdan çagalaryň jagyl-jugly eşidilip durdy. Olaryň häzir gar zyňyşyp oýnaýandyklary tüýs bir heňe geläýjek zatdy.
Ahyry gapy açylyp, Hekim geldi. Ony görüp, Nazik
gelniň haýýaty göçdi:
— Gyýw, näm boldy? Waý-ý!…
Hekimiň sag ýany boýdan başa palçykdy. Kä ýerlerinde entek eräp ýetişmedik gar ýokundylary
bardy. Ol eginlerini silkişdirip, eli bilen saçyny
daraklady-da, ähli zada perwaýsyz garaýan adamyň
äheňinde:
— Aý, ýaňy ho taýda çalarak ýykylan boldum-laý –
diýdi.
— Üst-başyň-a çalarak adamyňka meňzänok – diýip,
Näzik gelin äriniň daşyna aýlandy.
— Şu gün meni sorap, öýe hiç kim gelmedimi? –
diýip, Hekim daşky eşiklerini çykaryşdyryp durşuna
başga zadyň gürrüňini etdi.
— Ýok. Hä-ä, gelmelimidi biri?
— Gelmesin-ä gelmelidi welin, aý, zyýany ýok-laý.
Pul sorapdym-da birinden…
Hekim agyr penjegini gapyň agzyndaky asawaçdan
asdy-da, köwşüni çykaryp, töre çemlendi.
Äriniň haýal-ýagal hereketlerini sypdyrman synlap
duran Näzik gelin oňa gaty kyn sowal berdi:
— Jaý tapybilen dälsiň?
— Ýok – diýip, Hekim gysgajyk jogap berdi.
Ýaşaýan jaýlarynyň kireýini wagtynda
tölemeýändikleri (töläp bilmeýändikleri üçin diýseň
has dogry bolardy) sebäpli öýüň eýesi düýn gelip, üç
günüň içinde jaýy boşatmaklaryny Hekimden talap
edip gidipdi. Hekimiň bolsa şu gün gara daňdandan
kireýine ýaşar ýaly jaýyň idegine çykyp, şu wagt gelip durşudy. Gep salgysyndan mälim bolşy ýaly, ol
netijesiz dolanypdy.
— Indi näderkäk? – diýip, Näzik gelin howsala düşdi.
Hekim giňlige saldy:
— Ertir bir alajyny ederis-le.
Biraz oturyp, Nazik gelin:
— Sen açmyň? Iýjekmi bir zatlar? – diýip sorady.
— Sen nä?
— Men-ä dok.
— Meňem işdäm ýok.
Şunuň bilen bu gürrüňem gutardy.
Hekim pallap başlady.
Näzik gelin az-kem çekinibräk:
— Hekim! – diýdi.
— How?
— Hekim, men gorkýan.
Hekim geňirgenme gatyşykly bilesigelijilik bilen
Näzik gelne soragly bakdy.
— Nämeden gorkýaň?
— Biz köçede galarys.
Hekimiň göwnüne bolmasa, onuň ýüregini kimdir
biri kän mahallap suwda ýatan posly pyçak bilen dilimdilim
edýän ýaly bolup duýuldy. Ol ýasama açyklyk
bilen:
— Aý, seň-ä samsyk ekeniň-aý. Meni masgara etjegaý
halys. Şu gürrüňiňi dagyn biri eşidäýse, ile çykar
ýaly bolmaz – diýdi. Soň agraslandy:
— Biri birki aýlyk wagtlaýyn ýaşamaga jaýym ba
diýdi. Juda bolmasa, şonuňkuda nemedäýeris.
— Wagtlaýyn bolsa-da, bolýa-la – diýip, Näzik gelin
birneme ynjaldy.
Hekim diwara ýaplanyp oturan ýerinde uklap
ugrady.
— Gyýw, uklajak bolýaňmy? Tur, ýeriňi salyp
bereýin – diýip, Näzik gelin gapböwürde eplengi duran düşekleri düşeşdirip ugrady.
— Daş çykyp gelmeli welin ýaman ýaltanýan – diýip,
Hekim gözlerini süzdi. Birdenem laňňa ýerinden galdyda:
— Ýaltalykdan oýun bolmaz – diýip şohsurady.
Soň daş çykyp geldi. Ýerine geçip gyşardy. Gyşaran
dessine-de:
— Sen ýatjakgäm-ow? – diýip, Näzik gelne habar
gatdy.
— Ýatjak – diýen jogaby alansoňam:
— Çyrany özüň öçirsiň-dä onda – diýdi.
Hekim uklady. Näzik gelin şondan soňam esli mahal
äpişgäniň öňünde söýenip durdy. Soň çyrany öçürdi.
Onsoň derrew ýatybermedi-de, Hekimiň ýüzüne
seredip oturdy. Horoşaja-da bolsa, hiç kese kireý
tölenmeýän, kesekä dahylsyz, hususy bir jaýyň
arzuwyny etdi. Bolsady ekdi. Göz öňüne getirdi. Biraz gussa çaýylan ýakymly oýa çümdi. Şonda ol dymdyrslyk bilen ötüp duran pursatlaryň birinde uklap ýatan Hekimiň çala ýylgyrandygyny-da gördi. Gördi-de, Näzik gelniň özem biygtyýar ýylgyryp goýberdi.
Aýalynyň şu wagtjyk arzuw edip, göz öňüne getiren
garypja tünegini Hekim düýşünde görendir.
Bosagasyndan ätläp, içeri girendir. Nähilidir bir gudrat bilen ahyry aýratyn, öz adyna jaýly bolandygyna begenendir. Begenjine-de ýylgyrandyr. Şu çaklamanyň dogrulygyna Näzik gelin şübhe etmedi. Galamasynam ertir ir bilen Hekim ukudan oýanan wagty “Öten agşam düýşüňde näme gördüň?” diýip sorap göräýmeli. Gijelikde Hekimiň ýylgyrandygyny Näzik gelniñ nädip görenligi dogruda goşmaça sowal ýüze çykmaz ýaly ýene bir zady aýdaýyn. Daşarda on bir günüň gary baslygyp ýatyrdy. Ol garaňky öýe ýiti ýagtylyk berýärdi. Ähli zat ap-aýdyň saýgartmaýan-da bolsa, garaz, ýatan adamyň ýylgyrşyny onuň ýüzüne seredip oturan kişiniň görmegi üçin ýagtylyk ýeterlikdi. Şujagaz ýagtylyk Näzik gelniň ukusyna päsgel berip
bilermi?

Oktýabr, 1994. Aşgabat.

K.Ataýew Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи