|

Kerkukly türkmenleriñ aýtgylary

Kerkukly türkmenleriñ aýtgylary

Kerkukly Türkmenleriñ aýtgylary

✔   Ynsap gatylmadyk söz çüýrükdir.
✔   Syýañ ömri adamyñkydan uzyndyr.
✔   Ýabygorly bolsañam nadanlykdan 
gowydyr.
✔   Ozalam-a ýyndamdy weli, gamçam degäýdi.
✔   Altyn otda saplanar,
      Adam emgekde.
✔   Abraýly awça agsak keýik sataşar.
✔   Gireñde "agam"-dyñ,
      Çykañda agzam boldyñow.
✔   Bary ýogy bir ogul weli, sap süýdürenok.
✔   Akylyñ ýeten ýerinde ölüm ýok.
✔   Bir ömür ömre ulaşar, biri ajala.
✔   Halkyñ dilini, ruhuny saka edinmedik göwün suwaryp bilmez.
✔   Boýa bakma, haýa bak.
✔   Bagy bagban, sürini çopan iýer.
✔   Bir ýigit ýoksul bolsa el-aýak oña güler.
✔   Bir köýnegi bar gyrmyzy,
      Hem enesi geýermen hem gyzy.
✔   Baly bolana siñek Şamdan geler.
✔   Bir şahada bäş guş gonmasa bir daş atmaz.
✔   Bir dag ýykylmasa bir depe dolmaz.
✔   Daş gopsa daşy tutmaz.
✔   Suwdaky balyga bazar bolmaz.
✔   Boldy aşna galdy başyna.
✔   Bir ýerimden ýaralansam müñ ýerimden gan çykar.
✔   Beýigiñ gadyry özünde.
✔   Üzüm üzüme bakyp garalar.
✔   Üzümi iý-de bagbanyny sorama.
✔   Agaryp tenim görnenden gögerip ýamam görünsin.
✔   Gassabyñ minnetini iýenden öz budumyñ etini iýerin.
✔   Gurt bilen iýip, goýun bilen aglaşar.
✔   Edermene dünýä darlyk eder.
✔   Owal düşüniş soñra salyş.

Taýýarlan: Aşyr Salyh Ogly.

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle