Kerkawy halaýan
Kerkawy halaýan
Olam agaç weli, kän täsin ýeri,
Gözüme şol köp agaçdan ileri.
Daglaryň gerşine görkdigi üçin,
Paltany tesdirýän berkligi üçin.
Kül däl-de çog bolup galýany üçin,
Mertligiň nyşany bolýany üçin.
Kök atsa gaýaň-da jaýrylýanam çyn,
Çog otundan uzak çoýdurýanam çyn.
Sowuk, yssy dannap durmaýaram, ol,
Gaýa, zawlarda-da ornaýaram, ol.
Dagam ony oňat göreni-de çyn,
Gerdeninden orun bereni-de çyn.
Geň-taň ýeri bardyr ýene sanasaň,
Halamajak neçün, kerkawy onsoň?!
1997 ý. Goşgular