|

Kerimi ýatlap

Kerimi ýatlap

KERIMI ÝATLAP

Gökdepe galasy. Geçsem sagyndan,
Ýollar-da Kerimi menden sorady.
Göýä kanal daşyp hana-çäginden,
Siller-de Kerimi menden sorady.

Göbek gany daman oba Ýylgynly,
Käriz ýok, oba ýok, göýä çöl indi.
Ýeke tut, ýylgynlar otyr solgunly,
Tallar-da Kerimi menden sorady.

Ýalňyz şahyr ogluň şahyr pederi,
Gumhanaly piliň bilnip gadyry,
Ýer depen, suw tutan kän döküp deri,
Peller-de Kerimi menden sorady.

Şahyra ölme ýok Ýeriň ýüzünde,
Çyn güle solma ýok Zemin ýüzünde,
Ummanlara guwwas deýin ýüzende,
Sallar-da Kerimi menden sorady.

Ilmyrat Nowaly, dek dört ýyl bäri,
Paýtagtda öriň daralan ýaly,
Köpetdagyň sergin, mahmal şemaly,
Ýeller-de Kerimi menden sorady.

1992 ýyl.

Ilmyrat PUDAKOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle