|

Kerem ýaly

Kerem ýaly

KEREM* ÝALY

Gurşun ýaly agyr bu ýerde howa,
Gygyrýan,
                  gygyrýan adamlara men:
"Geliñ kömek beriñ, geliñ goldawa,
Eredeliñ gurşuny biz güýç bilen!"
Eşidýärin men:
"Gowusy gygyrma;
Gowusy dym sen.
Ýanarsyñ,
                ýanarsyñ ýogsa özüñ hem,
Kerem ýaly,
                     küle dönersiñ şu dem!"
Derdiñi diýere adam ýok bärde,
Ýürekler doñupdyr bir daş mysaly.
Howa gurşundan-da agyr bu ýerde.
Bir wagt Keremiñ ýanyşy ýaly,
Hawa, şonuñ ýaly,
Şonuñ ýaly ýanmak isleýärin men!
Eger-de men ýanmasam,
Eger-de sen ýanmasañ,
Eger-de biz ýanmasak,
Kim gara tümi dargadar?!
Gara toprakdan-da agyr bu howa…
Ýene-de çagyrýan adamlary men:
"Geliñ, geliñ!.." — diýip ähliñ goldawa. —
Eredeliñ gurşuny biz güýç bilen!"

1930 ý.

Terjime eden: Ata ATAJANOW.

• KEREM ÝALY

Howa gurşun kimin agyr,
Azap bizi etdi ýagyr,
Dynman bar-bar bagyrýaryn,
Menem bu gün
                            sizi gurşun
                                            eretmäge çagyrýaryn.
Diýýär bir kes:
— Eý, ogul, bes,
                          aýñal, ogul,
                                             bolarsyñ kül,
Kerem ýaly ýana-ýana.
Biz keselli,
                   ýok teselli,
                                     igençli biz bu jahana.
Gulaklara ilmez gowur.
Howa gurşun kimin agyr.
Ýanyp janym,
                  diýýän: — Hanym,
                                        goý bir ogul
                                                           bolaýsyn kül,
Kerem ýaly ýana-ýana.
Sen ýanmasañ,
Men ýanmasam,
                              biz ýanmasak,
Onda kimler dözer jana?
Azatlyga,
                abatlyga
                               çykmaz nesil.
Çykmaz asyl.
Howa gurşun kimin agyr.
Azap etdi bizi ýagyr.
Dynman bar-bar bagyrýaryn.
Menem bu gün
                         sizi gurşun
                                          eretmäge çagyrýaryn.

Nazym HIKMET.
___________________________
*Kerem — gündogar ertekisinde söýgi zerarly ýanyp kül bolan perzonaž.

Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle