|

Kepderiniñ nesihaty

Kepderiniñ nesihaty

KEPDERINIÑ NESIHATY
    
Günleriň birinde baýguş bilen kepderi pete-pet gelipdir.
– Ugur nirä? – diýip, kepderi sorapdyr.
– Başga oba barýan – diýip, baýguş jogap gaýtarypdyr.
 Näme üçin birden özge mekany saýladyň? – diýip, kepderi onuň ýakasyny goýbermändir.
– Goňşularym meniň sesimi halanoklar. Şu sebäpli gaýry biri ýere göçmegi karar etdim.
Kepderi başyny ýaýkap, şeýle diýipdir:
— Onuň ýaly bolsa, sesiňi üýtgetmeli ekeniň-dä. Sesiň şu bolsa, täze baran ýeriňde-de adamlar seni halarlar öýdemok.

■ Ýel bilen sazak

Gumda daş-töweregine gözellik paýlap, bir sazak ösüp oturanmyş. Ýeliň her gezek sazagy görende, oňa rehimi iner eken. Ahyry bir gün ol sazagyň ýanynda dil ýarypdyr.
Özüň bir görk-görmekli ösümlik, ýöne bu çölde tomsuna epgege bişip, gyşyna sowuga çydaman oturyşyňa geň galýan. Men bir ykmanda ýel, dagy-düzleri aýlanyp ýörýän. Isleseň, seni özüm bilen alyp gideýin… 
Sazak pürlerini yrapdyr: 
– Sylanyňa sag bol, ýöne men bu ýerden gitmäýin…
– Näme üçin?
— Men bu ýerde lezzet aljak bolup oturamok, şu çägelige görk berjek bolup otyryn…
 
Taýýarlan Mämmet ARAZALYÝEW, 
talyp.

Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle