Keminäniñ şorta sözleri
Keminäniñ şorta sözleri
■ Eşek bilen aram bir garyş
Kemine bir gün köpçüligiñ üýşen ýerinde gazal aýdyp otyr eken. Bir baý hem munuñ sal-sal eşiklerine gözi düşüp, oña göwni ýetmän, ýañsylap başlaýar.
— Ýeri, haw, molla Kemine, bu günler eşek bilen arañ neneñdir? — diýýär.
Kemune hem baý bilen arasyny garyşlaýar-da:
— Eşek bilen-ä aram bir garyş eken — diýýär.
■ Gömlen garyplyk
Kemine özüniñ şol gadymy içmeginiñ egne alarlygy galmansoñ, ahyrda ony Maryda Porsugala diýlen ýerde gömüpdir.
Ol soñ bir märekä gelip:
— Ahaw, adamlar, men ähli garyplygy Porsugalada gömendirin welin, şol ýerini Garaýusuplar agtaraýmasyn — diýip tabşyrypdyr.
■ Git-de içmegiñi ýamat
Kemjne gelne degişmek üçin «Zülpüñ» goşgusyndan:
— Saçyñ her taryna ýüz müñ tümen isteseñ,
Nagt bereýin pullaryñ, bir-birden sana zülpüñ —
diýipdir. Gelin hem oña:
— Beýle puluñ köp bolsa, git-de içmegiñi ýamat — diýip jogap beripdir.
■ Size atalyk goşandam barmydy?
Bir gün bir baý dünýäden ötüpdir. Onuñ hossarlary:
— Işan gelsin, zadyny tereke edip bersin — diýip, adam iberenler.
Işan ýoldaş bolmaga bir amatly adam bolmandygy üçin Keminä «Ýoldaş boluñ» diýýär. Kemine:
— Bolýar, tagsyr, ýoldaş bolarys — diýýär.
Olar baýyñ öýüne barýarlar. Ony jynaza okap; ugradýarlar, bar malyny tereke edip, paýlamaga oturýarlar. Zady paýlansoñ, piriñ özi hem ölen baýyñ oglanlarynyñ birine düşýän ýaly zady «paýlanyma derek düşýän hakym» diýip, almakçy bolýar. Şol wagt Kemine:
— Işan aga, bu baýyñ size atalyk goşandam barmydy?! — diýen.
■ Mollasynyñ toklusy ýok
Kemine bilen köneden tanyş, onuñ şahandazlygyna belet käbir adamlar käte onuñ bilen degişme sözleri aýdyşyp, ýomak aýdyşar ekenler. Ine, günleriñ birinde iki sany dost biri-birine:
— Gel, şu Kemine dostumyza salama gideli — diýip, şahyryñ ýanyna ugranlar. Olar Keminäniñ öýüne baran mahaly, iki sany adam molla Kemineden sapak alyp, ders okap oturan ekeni.
Saglyk-amanlykdan soñ, ýañky iki dost Keminäniñ şägirtlerine garap:
— Ýeri ýigitler, näme işläp otyrsyñyz? — diýip soranlar.
Olar:
— Keimeb halypadan ders alýarys — diýenler. Onda bu iki dost:
— Bu gurap oturan, kepäp duran köne arydanam bir ders çykarmy?! Munuñ endamynda öl bara meñzeş däl-le — diýenler.
Şahyryñ şägirtleri:
— Biz-ä şunuñ bilýän ylmyna eýe bolubilsek, müñ kerem razy diýenler. Iki dost ýene ýeñ bermän:
— Keminede ylym näme işlesin, asla «toklynyñ» mollasy bolmaz. Kemine-de «tokly däldirin» diýebilmez ahyry — diýipdirler.
Şägirtler Keminäniñ ýüzüne seredişipdirler. Şol wagt Kemine bulara:
— Hany, ylym öwrenjegiñiz çyn bolsa bularyñ jogabyny özüñiz beriñ — diýen. Onsoñ bular ýañky iki dosta garap:
— Ýok, siz bileñzok: toklynyñ mollasy bar-da, mollanyñ toklusy ýok — diýip, jogap berenler.
Degişme gürrüñçilige gelen iki dost bu söze näme diýjeklerini bilmän, kanagatlanyp, yzlaryna gaýdanlar.
■ Aşyñy aja ber
Günlerde bir gün Kemine özünin tanalmaýan bir obasyna baran eken. Şol obada biri toý edýär ekeni. Kemine-de: «Gel-aý, şu obanyñam toýuny göreýin-le» diýip, märekäniñ gyrasyndan barýar. Çanak çekilip başlanýar. Geýnüwli, ýüpek gyzyl donly adamlary öñürti naharlaýarlar. Gyrada oturan garyp-pukaralara onçakly üns berýänem ýok. Kemine hem şolaryñ arasynda ekeni.
Soñ Kemine ýuwaşlyk bilen turup, obanyñ başga bir çetine baryp, öý eýesinden gyrmyzy don alyp, geýnip, bezenip-beslenip, ýene ýañky toý ýere gelýär.
Hälki toý ýeri derrew munuñ eşegini tutup, dañşyp, özüni-de töre geçirýärler. Kemine hem donunyñ sag syýyny çanagyñ erñegine eltip: «Iý, donum, iý» diýýär.
Adamlaryñ birnäçesi onuñ bu bolşuna gülşüp:
— Bu ýaşuly nähili adamkan?! — diýişýärler. Soñra oña:
— Heý-de donam bir nahar iýerimi, seniñ akylyñ bir ýerindemi? — diýenler. Onda Kemine:
— Ýap-ýañy öz köne-küşül egin-eşigim bilen ho-ol garyp-gasarlaryñ arasynda oturdym welin, hiç kimiñ gözüne ilmedi. Ynha, gyzyl don geýip geldim welin, başga ýagdaý. Hawa, adamlar, bu nahary maña däl, egnimdäki dona getirdiler. Onsoñ iýmelem şol bolýar-da — diýip, ol ýene sözüni dowam eden. — Asla, iýdirilmeli zatlar garyp-pukaralara paýdyr. Garyp barka, baýa sadaka degişlem däldir. Hawa, adamlar, «Aşyñy aja ber, gyzyñy aşyga» diýleniniñ biri şüdür.
■ Jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn
Günleriñ bir gününde Kemine Hywadan göçüp gelýärkä, bir tanyş obasyna düşüpdir. Demini-dynjyny alansoñ, jüýjelerini iýmlemäge başlapdyr. Jüýjeler bolsa berlen iým-däneleriniñ üstünde urşup ugrapdyrlar. Kemine hem eline bir çybyk alyp, ýañky uruşýan jüýjeleri saýgylamaga başlapdyr. Ol wagt bu obanyñ mollasy gelip:
— A-a-ý, sakgaldaş! Jüýjeleriñ günäkärini tanap urgun — diýipdir.
Ozalam göç-gondan jany ýangynly Kemine:
— A molla kişi, size kim diýerler? — diýen.
Molla:
— Bize «molla behişdi» diýerler — diýip, jogap beripdir.
Onda Kemine:
— Eý, molla behuşdi, eger seni behiştde görsem, sesimi-üýnümi çykarmaryn, ýöne dowzahda görsem, geñ etmerin — diýen.
Bu söze ýañky mollanyñ girre gahaty gelip, Keminä topulypdyr. Adamlar muny tutup:
— Aý mollamyz, bu adama molla Kemine diýerler. Munuñ aýdan sözlerine ýylgyryp durmalydyr. Munuñky akyldyr. Bu adamynyñ sözi mähek daşy ýalydyr… — diýip, ony saklapdyrlar.
Kemine hem adamlara garap:
— Şol mollany saklap, görgi görip durmañ. Gaty gitse, jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn — diýipdir.
■ Dänäñi saçawergin, Kemine ata!
Alymlar üýşmeleñinde Kemineden:
— Aý, halypa, şahyrlarda kim ýiti, kim ökde? — diýip sorapdyrlar.
Onda Kemine:
— Magtymguly Pyragydyr — diýipdir.
— Hany, seniñ goşgularyñam-a oñat ýaly-la. Biziñ üçin-ä örän täsirli.
Kemine:
— Sözüñ oragyny Magtymguly orandyr. Biziñki onuñ hoşasyny çöplemekdir — diýen. Alymlar:
— Hoşañ dänesi niçik bolar? — diýenler.
Kemine:
— Hoşany çöpläp üýşürip bolsa, dänesi dok bolar, samany ugursyz bolar — diýen.
Onda olar:
— Torgaýy düwündirip duran däne seçip bilseñ, Kemine ata, seniñki hem oñat ýer tutar. Dänäñi saçawergin — diýipdirler. Degişmeler