Kemçiniñ ölümi
Kemçiniñ ölümi
▶ KEMÇINIŇ ÖLÜMI
Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara,
Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol?
Haram duýgymyza meý bere-bere,
Haýsy gujaklarda galgamady ol!
Biz perde edinip kasamdan, şertden,
Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp,
Syndyrdyk ynama meýilli erkin,
Al bile içinden-bagryndan geçip.
Kim oýlandy, kim aýlandy aklyna,
Gyzgyn lezzet alyp sowuk gujakda?
Söýgä däl,
bagta däl
hem durmuşa däl,
Ony nirä alyp barýanmyz hakda?
Ine ýene aldap özi-özümiz
Hem basalyk berip otly gussa-da,
Tabydy däl, elhenç günämizi biz
Egne alyp barýas mazarystana.
Bessir, ýol galmady buýtar-suýtara,
Boýun alalyň biz gynaman jany,
Ynam bile äkitdi ol gabryna
Biziň ak lezzetli gara wyždany.
* * *
Maňa ogşamany öwretdi aýal.
Dostlar öýkäni.
Wagtynda gadryny bilmedik atam
Ogly söýmäni,
Kynçylyk gülmäni,
Meýlis ölmäni…
Kän öwrendim, ýöne ony ýazmadym.
Maňa ogşaşmany öwretdi aýal.
Soň söýgä uçradym,
Nädip ýanmarsyn?! Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.